AMUL — GÜRGENÇ KERWEN ÝOLUNYÑ UGRUNDAKY ŞÄHERLER
Milli Liderimiz taryhy-medeni maglumatlary öz içine alýan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji we ikinji kitaplaryny türkmen halkyna gowşurdy. Bu kitaplarda gadymy türkmen topragynyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, söwda kerwenleriniň geçen ýerinde, medeni merkezli şäherler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Kerwen geçen ýoluň ugrunda bina edilen şäherler özüniň täsin binagärçilik nusgalary bilen uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Ynsan hakydasynda ebedi saklanan, orta asyr şäherleriniň içinde ady belli Amul, Dargan, Jigirbent, Sadwar we Gürgenç şäherleri bellidir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Amul şäherinden Gürgenje gidýän söwda kerwenleriniň ýolundaky şäherler — kerwen düşelgeleri we geçelgeler dogrusynda orta asyr syýahatçylardan, ýazarlardan biziň şu günlerimize çenli gelip ýeten taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Taryhy maglumatlarda Amul şäherinden Horezm ülkesine gidýän söwda kerwen ýoly birnäçe şahalara bölünip, ugrunda abadanlaşdyrylan şäherler we düşelgeleriň bolandygy beýan edilýär.
Amul şäheri Garagumuň içi bilen Aral deňzine akýan Amyderýanyň orta akymynda ýerleşip, Horasan welaýatynyň meşhur söwda merkezli şäherleriniň biri bolupdyr. Amul şäheriniň günorta-günbatary Garagum çöli bilen gurşalyp, demirgazyk-gündogary 12 kilometr aralygy Amyderýanyň kenarýakasyny öz içine alypdyr. Amul şäheri Horasan bilen Mawerannahryň çatrygynda ýerleşip, müňlerçe ýyllaryň dowamynda kemala gelipdir. Bu şäheriň ýerleri biziň eramyzdan öň I müňýyllykda ekerançylyk bilen meşgullanýan ilatyň ýaşan mekany hasaplanypdyr. Ilkinji ilatyň ýaşan medeni merkezi häzirki Türkmenabat şäheriniň 30 km demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Ödeý depe şäherjigi hasaplanypdyr. Bu şäheriň tutýan meýdany 6-7 gektara deň bolup, arheologik barlaglar netijesinde ýönekeý usulda ýasalan küýze önümleriniň bölekleri tapyldy. Alymlaryň geçiren arheologik barlaglarynyň netijesinde gadymy Amulyň ýerleri medeni merkezlere bölündi. Ol medeni merkezler Amyderýanyň orta akymyndaky ýerleri eýeläp, «Oks—Jeýhun» ylmy-barlag ady bilen bellige alyndy. Bu ýerler ekerançylyk bilen meşgullanýan ilatyň gür ýaşan ýerleri bolup, olar Amul (demirgazyk), Garabekewül (merkezi) we Kerki (günorta) toparlara bölünipdir.
Amul şäheri welaýatyň söwda merkezi hökmünde meşhurlyga eýe bolmak bilen çäklenmän, kämil çäk dolandyryş ulgamyna eýe bolan medeni merkezli şäherleriň biri hökmünde-de meşhurlyk gazanýar. Amul şäheriniň çäk dolandyryş ulgamynda, orta Amyderýa kenarlarynda Kelif, Zemm, Kerkuh (Kerki), Firabr (Farap) atly dört sany amatly geçelgeleri bolupdyr. Bu geçelgeler barada orta asyr taryhy çeşmelerde aýdyň maglumatlar beýan edilýär. Şol taryhy çeşmelerde Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän Zemm (Kerki) kerwen düşelgesinden gaýdýan kerwenler Amul şäheriniň üstünden geçip, Merw şäherine ugrapdyrlar.
Taryhçylar Amul adynyň taryhy çeşmelerde VII asyrdan başlap ýatlanylyp başlanandygy barada maglumat berýärler. XV asyrdan başlap, Amyderýanyň orta akymynyň merkezi şäheriniň Amul ady, Çaharjub, Çaharjuý, ýagny «dört akym» ady bilen atlandyrylyp başlanypdyr. Bu adyň ýüze çykmagy Amul adyny dolanyşykdan gysyp çykarýar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde «Köne Çärjew» ady bilen belli bolan bu şäheriň ýerleşýän ýeriniň üsti açyldy. Ol ýerde gadymy goranyş desgalarynyň bardygy anyklanyldy. Bu desgalar toplumy 50 gektar ýeri tutup, töwerekdäki meýdandan 30 metr çemesi beýikde ýerleşipdir. Desganyň ýedi sany diňi bolup, inedördül görnüşinde salnan gala hasaplanylýar.
Amul-Gürgenç söwda kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherleriň we kerwensaraýlaryň üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi Mawerennahrda, Horasanda we Horezmde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we haryt-pul dolanyşygynyň ýokary derejede ösmegine getirýär. Kerwen ýolunyň ugrunda özara bähbitli söwdanyň ýaýbaňlanmagy, Sebitde halkara syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine oňyn täsir edipdir. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi netijesinde Amul we Gürgenç şäherleri ösen söwda merkezlerine öwrülýärler. Bu bolsa Amul şäheriniň binagärçilik gurluşynyň özgermegine hem öz täsirini ýetirýär. Taryhy nukdaýnazardan seredenimizde, bu döwür Köneürgenç türkmenleriniň (1071-1231) Anuşteginler nesliniň esaslandyran Horezmşalar döwletiniň imperiýa derejesine ýeten wagtyna gabat gelýär.
XII asyryň ahyrlarynda XIII asyryň başlarynda Amul şäheri özüniň ululygy boýunça syýahatçylarda we söwdagärlerde örän täsin duýgulary galdyrypdyr. Horezmşalar döwründe Amul şäheri özüniň ululygy boýunça 175 gektara deň bolup, içki we daşky galalar bilen berkidilipdir. Daşky gala pahsadan bolup, derwezesi bişen kerpiçden örülipdir. Içki galanyň binýady bişen kerpiçden bolup, diwary pahsadan gurlupdyr. Amul şäheriniň şähristany kiçiräk geçelgelerden ybarat bolup, üç sany derwezesi bilen şöhratlanypdyr. Olar demirgazyk, gündogar we günorta derwezeleri diýlip atlandyrylypdyr. Şäheriň içinde senetçilik we söwda bilen meşgullanýan ilat ýaşapdyr. Amul şäherinde söwdanyň gyzgalaňly alnyp barylmagy bilen kümüş pul birliginiň zikgehanasy bolupdyr. Bu zikgehanada yzygiderlikde zekgelenýän pul birligi haryt-pul dolanyşygynda çökgünligiň ýüze çykmagynyň öňüni alypdyr.
Amul — Gürgenç kerwen ýolunyň ugry boýunça Mawerennahrdan (Amyderýa — Syrderýa aralygyndaky ýerler), Buharadan ugran kerwenler Gürgenç şäherine ýetmek üçin, Gyzylgumuň içi bilen gaýtman, Amyderýanyň orta akymynda ýerleşýän Firabr (Farap) geçelgesinden geçip, Horezm ülkesine ugrapdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň bu ugry Amul — Gürgenç kerwen ýoly diýlip atlandyrylypdyr. Amuldan Gürgenje gaýdýan kerwen ýolunyň ugrunda Üçkak, Dänew, Isentgala, Gabakly, Üçkersen, Daýhatyn, Dargan, Jigirbent, Sadwar we Hazarasp ýaly şäherler hem-de gala berkitmeleri ýerleşipdir. Bu şäherleriň deňinde söwda kerwenleri üçin amatly kerwensaraýlardyr geçelgeler bolupdyr.
Amul şäherinden gaýdan kerwenler Amyderýanyň çep kenaryndaky derýanyň gür tokaýly ýakasyndan, käbir ýerlerde çäge syran kert kenarlary bilen Gürgenç şäherine ýetipdirler. Gürgenç şäherine barýan kerwen ýolunyň ýene-de bir ugry Merwden Horezm ülkesine gidýän ýol bolupdyr. Bu söwda kerwen ýoly Amul — Gürgenç söwda kerwen ýolundan düýpli tapawutlanyp, söwdagärler üçin amatly hasaplanypdyr. Gürgenje barýan bu söwda kerwen ýoly has ýakyn ýol hasaplanypdyr. Bu kerwen ýoly Merwiň çägindäki Hurmuzfarra şäherinden başlap, gös-göni demirgazyga, ürgün çägeli Garagumuň jümmüşine aralaşypdyr. Garagum çölüniň içi bilen uzap giden kerwen ýoly Horezm welaýatynyň çägindäki çöllük alaňlyklarynyň arasyndaky Saýfine düşelgesine barypdyr. Saýfine kerwen düşelgesi Dargan şäheriniň golaýynda ýerleşipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Dargan şäheri ähli amatlyklary bolan kerwen düşelgesi hasaplanypdyr. Kerwenler Amuldan Dargan şäherine çenli aralygy alty günde geçipdirler. Daýhatyn kerwensaraýyndan Dargan şäherine çenli iki günlük ýol bolupdyr. Al-Makdisi öz işlerinde Dargan şäheriniň söwda kerwenleriniň düşläp geçmegi üçin amatly düşelgeleriň biri bolandygyny ýerlikli beýan edýär. Gündogary öwreniji alymlar Dargan şäheriniň Horezm ülkesinde Gürgençden soňky iň uly şäher bolandygyny belleýärler. Dargan şäheri Amyderýanyň 4-5 kilometr günorta-gündogar tarapyndaky tekiz gyryň üstünde ýerleşýär. Şäheriň merkezi Könegala hasaplanýar. Onuň töweregi on metre çenli ýokary galdyrylan diňli gala diwary aýlanypdyr. Dargan şäheriniň düýbüniň tutulan döwri doly anyk däl. Geçirilen ylmy arheologik barlag işleriň netijesinde bu ýerden VI-Х asyrlara degişli tapyndylar tapyldy. Dargan şäheriniň çäginde orta asyr binagärçilik gurluşygyna degişli mawzoleý bar. Bu mawzoleý şäheriň iň iri binagärçilik ýadygärligi hasaplanýar. Mawzoleýiň girelgesi binagärçilik taýdan kämil nusgada bezelipdir. Mawzoleýiň iki gümmezi bolup, bişen kerpiçden owadan örümler bilen bina edilipdir. Onuň owadan nagyşlanan agaç gapysy bolup, jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekipdir. Dargan şäheriniň çäginde ýerleşýän iň owadan binalaryň ýene-de biri gymmatbahaly daşlar bilen bezelen, nagyşlaryna tylla çaýylan baş metjit hasaplanypdyr. Horezmşalar döwründe (XI-XIII asyrlarda) «ähli demirgazyk etraplarda bu metjit bilen deňeşip biljek» başga metjit bolmandyr. Şäher etekleriniň derýa ýakyn pes ýerlerinde gür baglyk we ekerançylyk bolupdyr. Şäheriň iň owadan ýeri üzümçilik meýdany hasaplanypdyr. Olar uzaboýuna Amyderýanyň kenarynda hatarlaýyn ekilip, 10-12 kilometre çenli uzalyp gidipdir. Dargan şäherinde üzümiň şeýle köp ösdürilip ýetişdirilmeginiň esasy sebäbi, kişmiş görnüşinde daşary söwda bazarlaryna çykarylanlygy bilen häsiýetlendirilýär. Şäheriň deňinden Amyderýanyň üstünden Mawerennahr ýerlerine geçelge bolupdyr. Bu geçelge arkaly Amyderýanyň sag kenaryndaky Kät şäheriniň söwda bazarlaryna barmaga mümkinçilik bolupdyr.
Amyderýanyň aşak akymynda ýerleşýän Dargan şäheriniň täjirleri Gürgenç şäheriniň üstünden geçip, Gündogar Ýewropa gidýän söwda kerwen ýolunyň ugry boýunça üstaşyr söwda gatnaşygyny amala aşyrypdyrlar. Dargan şäheriniň täjirleri Gürgenç şäheriniň çäginde birnäçe söwda merkezini açypdyrlar. Olar Gündogar Ýewropa uzaýan halkara Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda kerwensaraýlaryň bina edilmeginde hem işeňňirlik görkezipdirler.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Jigirbent şäheri Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşip, Amul — Gürgenç kerwen ýolunyň ugrundaky medeni merkezli düşelge we ähli amatlyklary bolan derýadan geçelge ýeri bolup hyzmat edipdir. Jigirbent bilen Dargan şäheriniň arasy 38 kilometre deň bolupdyr. Istahriniň berýän maglumatlaryna görä, Jigirbent şäheri örän çylşyrymly ada eýe bolup, «orta bent», «merkezi bent» diýen manyny aňladýar. Jigirbent şäherinde ýaşaýyş durmuşyň ilkinji başlanan döwürleri III-VII asyrlaryň aralygyny öz içine alýar. Şäheriň umumy tutýan meýdany 1,44 gektara deň bolup, ortasyny göni ýol kesip geçipdir. Diwarlaryndan ok atmak üçin amatlyklary bolan, kuwwatly goranyş galasy bolupdyr. Geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde tapylan tapyndylaryň subutnamasy netijesinde Jigirbent Kuşanlar (I-IV asyrlar), Eftalylar (V-VI asyrlar) döwrüne degişli şäher hasaplanylýar. Jigirbent şäheriniň orta asyr taryhy barada X asyrda ýaşap geçen arap syýahatçysy Al-Makdisiniň maglumatlarynda şeýle ýatlanylýar: «Jigirbent şäheri Amyderýanyň kenarynda ýerleşýär. Ol Hywa meňzeş giň, abadan şäher bolup, ilaty bolelin abadan durmuşda ýaşaýar. Jigirbent şäheri köpsanly miweli baglara bürenipdir. Şäheriň içinde haryda baý ýaýbaň uly bazar ýerleşýär. Galanyň merkezinde töweregi ymaratlar bilen gurşalan metjidi bar» diýip beýan edipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Jigirbent şäherinden Garagumuň jümmüşine aralaşýan kerwen ýoly bolupdyr. Bu kerwen ýoly Garagumuň içi bilen geçip, Merwe barypdyr. Gürgençden Merwe tarap gaýdýan kerwenler hem Jigirbent şäheriniň üstünden geçipdirler. Bu kerwen ýoluň ugrunda onlarça süýji suwly guýular we kaklar bolup, agyz suw meselesi çözülipdir.
Garagumuň içinden Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi mynasybetli takyrlarda ygal ýagmagy netijesinde döreýän kaklar we süýji suwly guýular giňden peýdalanylypdyr. Kerwen ýolunyň ugrunda guýulary gurmakda ýerli gurluşyk çig mallary giňden ulanylypdyr. Çöllerde guýularyň diwaryny sözen agajy bilen, daşlyk ýerlerde bolsa daş bilen bekedipdirler.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Jigirbent şäheri X—XI asyrlarda söwda ýollarynyň janlanmagy bilen ykdysady babatda uly ösüşe eýe bolýar. Jigirbent şäherinde geçirilen arheologik barlag işleriň netijesinde X—XI asyra degişli gurlan binalar we 300-den gowrak gap-gaçlaryň toplumy tapyldy. Arheolog alymlar Jigirbent galasynda geçiren ylmy barlag işleriniň netijesinde, şäheriň biziň eramyzdan öňki IV-III asyrlarda düýbi tutulandygy baradaky maglumaty hem öňe sürýärler. Taryhy çeşmelerden ugur alsak, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Jigirbent şäheri mongollaryň çozuşlaryna çenli (XIII asyr) ýaşamagyny dowam edipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Jigirbent şäherinden çykan kerwenler Amyderýanyň iň çalt akýan sag kenarynda ýerleşen, Sadwar şäherinde düşläpdirler. Kerwenler Sadwar şäherine ýetmek üçin, Duldulatlagan (Düldülätlän) deresiniň deňindäki Dehanişir (Danişor, Danaşir) atly geçelgeden geçipdirler. Sadwar şäherinde düşlän kerwenleriň ugry Kät şäherine çenli baryp ýetipdir. Amuldan Sadwar şäherine çenli aralyk 300 kilometre deň bolupdyr. Sadwar şäherine Jigirbent we Dargan şäherleriniň deňinden geçilýän geçelgeden geçip barmak hem amatly hasaplanylypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Sadwar şäheri giň rabatly, uly howluly kerwensaraýly şäher bolupdyr. Şäheriň ýaşaýyş durmuşy biziň eramyzdan öňki IV-III asyrlarda başlapdyr. IX-XII asyrlarda Sadwar şäheriniň iň şüweleňli oturymly ýaşaýyş durmuşy bolupdyr. XI asyryň ahyrlarynda Sadwar şäheri gür ilatly, eşretli ýaşaýyş durmuşly we ilatyň suw bilen doly üpjün edilendigi barada taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Şol döwürde Sadwar şäherinde birnäçe bazar bolupdyr. Owadan mülkler şäheriň eteginde ýerleşip, şäher etekleriniň görki hasaplanypdyr. Şäheriň içinde jemagaty suw bilen üpjün etmek üçin ýörite guýular gazylypdyr. Şäher eteklerinde gazylan guýularyň sany köp bolupdyr. Sadwar şäheri Amyderýanyň kenaryna ýakyn ýerleşendigi üçin guýular çuň gazylmandyr. Ol guýular ilat tarapyndan tiz-tizden arassalanylyp durlupdyr. Sadwar şäheriniň eteginde ösdürilip ýetişdirilen üzüm özüniň süýji tagamy bilen hemmäni geň galdyrypdyr.
XII asyryň ahyrlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň Sadwar şäheriniň üstünden geçýän böleginiň gysgalmagy netijesinde, bu ýerde ilat seýrekleşýär.
Amul — Gürgenç kerwen ýolunyň ugry Jigirbent şäherinden soň, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän Hazarasp şäheriniň üstünden düşýär. Bu şäher Özbegistan Respublikasynyň çäginde ýerleşip, Orta asyr Günorta Horezm ülkesiniň ösen söwda merkezli şäherleriniň biri hasaplanylýar. Hazarasp şäherinden soňky kerwen düşelgesi Gürgenç şäheri bolupdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gürgenç şäheri Merkezi Aziýanyň ýerlerinde adamzat siwilizasiýasynyň ösüş taryhynda täsirli yz galdyran medeni merkezli şäherleriň biri hasaplanylýar. Gürgenç şäheri Türkmenistanyň demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşip, syýahatçylarda we taryhy öwrenijilerde uly gyzyklanma döredýär. Sebäbi şäheriň binagärçilik gurluşy öz durkuny, taryhy geçmişini biziň günlerimize çenli saklap gelipdir. Gündogary öwreniji alymlar W.W.Bartold we A.Ý.Ýakubowskiý hytaý ýazuw ýadygärliklerini öwrenip, Gürgenç şäheriniň biziň eramyzdan öň II asyrda düýbüniň tutulandygyny ýüze çykardylar. Taryhy çeşmelerde Gürgenç şäheriniň ady Ürgenç, Köneürgenç atlary bilen beýan edilýär.
Gürgenç galasy häzirki Köneürgenç şäheriniň günortasynda ýerleşýär. Şäheriň meýdany 640 gektar ýeri tutup, Amyderýanyň öňki akan hanasyna eltýär. Onuň gadymy diwarlary wagtyň geçmegi bilen ýumrulan hem bolsa, galanyň diwarlarynyň köp bölegi saklanyp galypdyr. Şäheriň gündogar bölegini dünýä belli arhitektura ýadygärlikleri tutýar. Bu arhitektura ymaratlary taryhy geçmişi ebedileşdirýär. Olaryň arasynda Törebeghanym mawzoleýi, Nejmeddin Kubranyň, horezmşalar Il Arslanyň (1156—1171), Tekeşiň (1172—1200) mawzoleýleri, Akgala ýaly ymaratlar şu günlere çenli öz durkuny saklapdyr. Bu şäherde al-Horezmi, al-Biruni, al-Hammar, Ibn Sina ýaly dünýä belli alymlar ýaşap, ylymda uly açyşlar edipdirler.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gürgenç şäherinde söwda merkeziniň döremegi bilen, halkara söwda gatnaşyklarynda, senetçilik harytlarynyň, ýokary sungat derejesine ýetirilen keramika we zergärçilik önümleriniň, ýokary hasyllylygy, tagamlylygy bilen meşhurlyga eýe bolan ekerançylygyň gülläp ösmegine getiripdir. Köpsanly söwda şäherlerini özüne birleşdirýän Gürgenç şäheri Hindistan, Eýran, Hytaý bilen halkara söwda gatnaşygynda uly orun eýeläpdir. Gürgenç şäheriniň üstünden Hazar hanlygyna, Bulgar hanlygyna we rus knýazlyklaryna söwda kerwen ýollary geçipdir. Gürgenç şäheri Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen gyzgalaňly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak bilen, haryt-pul gatnaşygynyň ösmegine ýardam edipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gürgenç şäheriniň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň esasy ösüş aýratynlygy ýokary hilli senetçilik önümleri bilen uly meşhurlyga eýe bolup, ýokary ösüşe eýe bolupdyr. Gürgenç şäheriniň keramikasy berkligi we nepisligi bilen şöhratlanypdyr. Syrçalanan nagyşlar we fantastik häsiýetdäki suratlar bilen bezelen Gürgenç şäheriniň keramikasy Gündogar sungatynyň iň oňat nusgasy hökmünde tanalypdyr.
Gürgenç şäheriniň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşenligi sebäpli, mes toprakly ýerler agdyklyk edipdir. Oba hojalygynda suwaryş desgalarynyň giňden ulanylmagy ýerleri işläp bejermekde uly mümkinçilik döredipdir. Ýerleriň uly böleginden ekerançylyk üçin peýdalanylypdyr we ýerden ýokary hasyl alnypdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gürgenç şäheri Amyderýa kenarýakasynyň söwda we senetçilik merkezi hökmünde tanalyp, haryt-pul gatnaşygynda uly ösüşlere eýe bolupdyr. Söwda gatnaşyklarynda gazanylan tejribeler uly girdejiler getiripdir. Bu bolsa Gürgenç şäheriniň ykdysady we syýasy taýdan güýçlenmegine getiripdir.
Gürgenç şäheri söwda-ykdysady gatnaşyklarda ajaýyp yz galdyran medeni merkez hökmünde tanalyp, adamzadyň ýaşaýyş durmuşynda ebedi taryha girdi. Horezmiň ýerlerine syýahat eden görnükli geograf Ýakut özüniň ýatlamalarynda: «Men şeýle gülläp oturan welaýaty hiç ýerde görmändim. Horezmiň düzlüginde hiç hili abadançylyga öwrüp bolmajak ýerlerde köp sanly şäherleriň düýbi tutulyp, berk diwarlarynyň daşy tut we söwüt agaçlary bilen örtülipdir. Tut agaçlarynyň şeýle köplügi ýüpekçiligiň giň gerim bilen ösendigini görkezýär. Bazarlary giň meýdany tutýar. Ol şowhunly bazary görmek örän gyzykly we hemmäni geň galdyrýar» diýip belleýär. Gürgenç şäherinde küýzegärçilik bilen meşgullanýan senetçileriň ýörite oturymly ýerleri bolup, ajaýyp ussahanalary bilen meşhurlyga eýe bolupdyr. Gürgenjiň senetçileri aýna ýasamakda baý tejribe gazanylypdyr. Zergärler dürli-dürli bezeg şaý-seplerini, ýaraglary şäher we oba ilatyna satypdyrlar. Oba ýerlerinde ýüpekçilik uly ösüşe eýe bolupdyr. Gürgenç şäherinde içerki öndüriji güýçleriň artmagy bilen, bazarlaryň sanynyň artmagy, haryt-pul gatnaşygyna oba ilatynyň köpçülikleýin çekilip ugramagy üçin şertler ýüze çykypdyr. Gürgenç şäherinde bazar gatnaşyklarynyň ösmegi netijesinde, ýylda iki-üç gezek altyn dinarlaryň, kümüş teňňeleriň bir wagtyň özünde uly möçberde göýberilişiniň bolmagyna getiripdir. Bu bolsa Gürgenç şäherinde döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanylýan zikgehananyň bolandygyny görkezýär.
Gürgenç şäherinde söwda işleri bilen meşgullanýan senetçiler «uly täjirlere» we «kiçi dükançylara» bölünipdirler. Kiçi dükançylara—söwdagärlere şäher ilatynyň köp sanly senetçileri we olaryň şägirtleri degişli bolupdyr. Gürgenç şäheriniň söwda gatnaşyklaryna sähraýy taýpalar hem goşulypdyrlar. Olaryň arasynda azat we doly hukukly ownuk senetçiler bolupdyr. Ol senetçiler söwda bilen berk ysnyşykly baglanyşykda bolupdyrlar. Sähraýy senetçiler öz önümlerini şäher we oba ilatyna satypdyrlar. Gürgenç şäheriniň çet gyralarynda ýerleşýän obalarda giň bazarlar bolupdyr. Bu bolsa oba ilatynyň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň haryt-pul dolanyşygyna ýakyndan çekilendigini görkezýär. Çarwa taýpalar bilen söwda alyş-çalyş usulynda alnyp barlypdyr. Şäher ilaty senetçilik önümlerini, ýaraglaryň käbir görnüşlerini (ok-ýaýlary), gawun kaklaryny çarwa taýpalaryň hojalyk dolanyşygynda ulanýan önümler bilen çalşypdyrlar. Gürgenç şäheriniň öňündäki giň meýdançada çarwa ilat üçin niýetlenilen uly bazar ýerleşipdir. Sähraýy halk bu bazarda deriden we ýüňden edilen önümlerini satypdyrlar.
Gürgenç şäherinde içerki söwdadan başga-da halkara daşary söwda hem ösüpdir. Gürgençli söwdagärler Horezm ülkesiniň günbatarynda ýerleşýän, Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen söwda aragatnaşygyny ýola goýupdyrlar. Bu halkara söwda gatnaşygy haryt-pul dolanyşygynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Gürgenç şäheriniň täjirleri söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň gerimini has giňeltmek bilen, Hazar deňziniň we Wolga derýasynyň üsti bilen Rus knýazlyklary bilen söwda gatnaşygyny ýola goýupdyrlar. Bu halkara söwda gatnaşyklary Horezm ülkesiniň ykdysady taýdan uly ösüşlere eýe bolmagyna öz täsirini ýetiripdir. Gürgençli täjirleriň uzak ýurtlar bilen ýola goýan halkara söwda gatnaşyklary, haryt-pul söwda işlerinde tejribeleriniň ýokarlanmagyna, ussatlaşmagyna getiripdir. Gürgenç şäheriniň täjirleri Wolga derýasynyň ýokary akymlaryna çenli söwda gatnaşyklaryny ýola goýupdyrlar. Täjirler ol ýerden belkalaryň, aýylaryň derilerini getiripdirler. Rus söwdagärleri hem Horezm ülkesiniň merkezi Gürgenç şäheri bilen ýakyndan söwda gatnaşygyny ýola goýupdyrlar. Gürgenç şäheriniň üstünden Gündogar Ýewropa söwda kerwen ýoly gidýänligi üçin Amyderýanyň aşak akymyndaky Tahiriýa, Jigirbent, Dargan, Sedwer, Hazarasp şäherçeleri gurluşy boýunça uly bolmadyk şäherlerde uly bazarlaryň açylmagyna getiripdir. Bu şäherleriň täjirleri Gürgenç şäheriniň täjirleri bilen halkara söwda gatnaşygyna goşulypdyrlar. Amyderýanyň aşak akymynda ýerleşen bu şäherler halkara söwda gatnaşyklarynda üstaşar söwdany amala aşyrylypdyrlar. Gürgenç şäheriniň üstaşyr söwdasynyň amala aşyrylyşy barada Gündogary öwreniji alym A.Ý.Ýakubowskiý şeýle belleýär: «Söwda kerwenleri birnäçe ýüzden birnäçe müňe çenli adamdan we düýelerden ybarat bolupdyr. Kerwenleri hakyna tutma nökerler gorapdyrlar. Sebäbi ýollar köplenç howply bolupdyr. Kerwenler hepdeläp we aýlap ýol ýöräpdirler. Bularyň hemmesi kerwenleriň azyk, geýim-gejim we ýarag bilen oňat üpjün bolmagyny talap edipdir». Gürgenç şäheriniň täjirleri Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň täjirleri bilen lomaý söwda gatnaşyklaryny ýola goýupdyrlar. Horezm ülkesinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi netijesinde, Amyderýanyň aşak akymynyň ugrundaky şäherlerde we kerwen ýollarynyň gidýän ugurlarynda kerwen düşelgelerini we kiçiräk kerwensaraýlary bina edipdirler.
Gürgenç şäherinden Horasana ýetmek üçin, has ýakyn söwda kerwen ýoly ulanylypdyr. Bu söwda kerwen ýoly Gürgenç şäherinden gös-göni günorta tarapa gidipdir. Kerwenler Horasanyň etraplaryna çenli ýaýlyp gidýän Garagumuň içinden geçipdirler. Gürgenç şäheriniň söwdagärleri Amyderýa we Hazar deňzi boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklary hem amala aşyrypdyrlar. Derýa we deňiz üsti bilen amala aşyrylan söwda-ykdysady gatnaşyklar Gürgenç şäheriniň halkara söwda gatnaşyklarynda abraýly ornunyň bolandygyny açyk aýdyň görkezýär.
XXI asyrda Beýik Ýüpek ýolunyň çägindäki Amul — Gürgenç kerwen ýolunyň ugurlary yklymlary söwda we medeni gatnaşyklar arkaly birleşdirýän ýola öwrüldi. Bu ýol doganlygyň, dostlugyň, ruhy birligiň ýoly bolup, ynsanperwer gatnaşyklaryň köprüsini emele getirdi. Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň ugry sebitiň ykdysady bähbitlerine hyzmat edýär. Diýarymyz bilen sebitiň halklarynyň söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary taryhyň täze döwrüniň sahypasyny açdy. Milli Liderimiziň başda durmagy döwletara, özara bähbitli gatnaşyklaryň ilerlemegine, sebitdäki goňşy ýurtlaryň ykdysady ösüşleriniň rowaçlanmagyna oňyn täsir edýär.
Orazgeldi AŞYROW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Taryhy ýerler