21:14 "Syýasatnama" hakynda söhbet | |
«SYÝASATNAMA» HAKYNDA SÖHBET
Taryhy makalalar
XI asyrda döwleti dolandyrmagyň inçe syrlaryny öz içine alýan esasy eserleriň biri «Syýasatnama» kitaby hasaplanylýar. «Syýasatnama» kitaby döwleti dolandyrmagyň esasy düzgünnamasy hökmünde meşhurlyga eýe bolup, Seljuklar döwletiniň soltany Mälik şanyň (1072-1092) ýörite tabşyrygy bilen 1091-1092-nji ýyllarda ýazylypdyr. Eserde gadymy we orta asyrlarda ýaşap geçen meşhur filosoflaryň, syýasatçylaryň, danalaryň ajaýyp pikirleri, wesýetleri dogrusynda hem beýan edilýär. Olaryň arasynda Platon, Aristotel, Al Faraby, ibn Sina ýaly meşhur alymlaryň işleri abraýly orny eýeleýär. Beýik şahsyýetlere degişli taryhy wakalaryň üsti bilen ynsanyň ýokary ahlak aýratynlyklary açylyp görkezilýär. «Syýasatnama» eserinde beýan edilýän taryhy wakalary öwrenenimizde, Gündogar halklarynyň ýaşaýyş-durmuşynyň hukuk kadalarynyň berjaý edişlerine aýdyň göz ýetirýäris. «Syýasatnama» eseri Seljuklar döwletiniň taryhynyň bir ülşi bolup, döwlet dolandyryş ulgamynyň tertibini öwrenmekde gymmatly çeşmedir. Bu eser Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň meşhur eserleriniň biri hökmünde tanalýar. Onuň awtory Seljuklar döwletiniň baş weziri Kawamuddin Abuali Hasan ibn Ali ibn Ishak Nyzamylmülk bolupdyr. Ol döwleti-imperiýany tertibe, düzgüne salyjy, ýurduň parahatçylygyny saklaýan baş wezir hökmünde tanalypdyr. Nyzamylmülk «Döwletiň tertip-düzgüni» diýen atly-abraýly derejäni göteripdir. Bu döwlet derejesi orta asyr Gündogarynyň taryhynyň dolandyryş ulgamynda ýokary abraýly nyşan hasaplanylýar. «Syýasatnama» kitabyny ýazmakda Nyzamylmülke Omar Haýýam ýakyndan ýardamçy bolupdyr. Nyzamylmülk Omar Haýýamyň maslahatyna eýerip, «Syýasatnama» eseriniň her babyny rowaýatlar we hekaýatlar bilen baýlaşdyrypdyr. Bu bolsa eserde beýan edilýän wakalaryň taryhy hakykata dogry gelýänligi üçin, okyjynyň ünsüni özüne çekipdir. «Syýasatnama» eseriniň aýry-aýry bölümlerinde Seljuklar döwletiniň döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmekde soltanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň wajyp meselelerine uly üns berlipdir. Nyzamylmülk Seljuklar döwletinde soltanyň döwleti dolandyrmakda berk tertip-düzgüniň kanuny esasda talap edilmegini ündäpdir. Şol kanunlar öz döwrüniň esasy kanunlary hökmünde kabul edilipdir. Eserde beýan edilýän wakalarda hökümdaryň döwleti dolandyrmakdaky artykmaçlygynyň Hakdan berlendigi ündelýär. Keremlilik pygamberler adaty. Zyýadadyr ähli gylyk-zatdan ol. O dünýe, bu dünýe keremliniňki Bolup bilseň, sowar suwdan-otdan ol. Nyzamylmülkiň öňe sürýän, ündeýän pikirlerinde döwletiň soltanynyň hökmürowanlygy kanunlaryň-düzgünleriň dogry we doly ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekden başlanýar diýip belleýär. Soltanlaryň akyl-paýhaslylygy Hakdan berlip, halkyň halan adamkärçilik sypatlaryna eýedirler. Bu ýokary ahlak sypatlary soltanlaryň ýörelgesi bolup, akyl-paýhaslylygyň ýokary kämil derejesine ýeten nusgasyny özünde jemleýändigini ündeýär. «Syýasatnama» eserindäki rowaýatlarda we taryhy wakalarda Orta Gündogara yslam dininiň aralaşan döwründen öňki hökümdarlaryň asylly, mertebeli häsiýetlerini açyp görkezýän taryhy wakalar hem bar. Hökümdarlar bilen baglanyşykly bu wakalarda ynsan mertebesini beýgeldýän we halkyň içinde uly abraýly mertebä eýe bolan türkmen soltanlarynyň taryhy açylyp görkezilýär. Taryhda öçmejek yz galdyran soltanlaryň ynsanperwer, hoşgylaw we adyl hereketleri özünde jemleýän mertebeli häsiýetleri raýatlaryň uly söýgüsini gazanypdyr. Türkmen soltanynyň beýik mertebeli häsiýetleri barada kitapda şeýle bellenilýär: «Soltan Mahmyt Gaznaly Orta Gündogarda ilkinji soltan diýen derejäni alan hökümdar bolupdyr. Şondan soň bu adaty hökmürowanlyk nyşanyna eýe bolupdyr. Ol ylmy gowy görüpdir, ygtykatly, edermen kişi bolupdyr». 1993-nji ýylda «Syýasatnama» eseri Daňatar Berdiýew tarapyndan rus dilinden türkmençä terjime edilýär. Bu kitap orta asyr taryhy golýazma ýadygärligi hökmünde, Gündogary öwrenijiler tarapyndan kabul edilýär. «Syýasatnama» eseri 51 bapdan ybarat bolup, 175 sany rowaýaty, hekaýaty öz içine alýar. «Mülkiň hasabatly bolmagyna gözegçilik etmek, onuň düzgüni we usuly hakynda» diýen 51-nji bapda rowaýatdyr hekaýatlardan başga-da, soltan häkimiýetiniň salgytlarynyň hasaby, girdeji-çykdajylaryň zerurlygy barada teswirlenilýär. Teswir edilýän beýanlarda hökümdara we döwlet emeldaryna ündew-nesihatlar berilýär. Şol ündewlerde: «Işleriň gowusy ortalykdyr», ýagny «Işleriň iň gowusy aramlykdyr» diýip, pygamberden miras galan dana sözler öňe sürülýär. Gündogary öwreniji alymlar B.N.Zahoderiň, Ş.Şeferiň pikirlerine görä, «Syýasatnama» eseri ilki 39 bapdan ybarat bolupdyr. Soltan Mälikşa eseri okap görenden soň, Nyzamylmülk baplary täzeden işläpdir we 11 sany baby ýazyp, esere goşupdyr. Gündogary öwreniji alymlaryň käbiri «Syýasatnama» eseriniň aýry-aýry baplary Nyzamylmülk aradan çykandan soň ýazylypdyr diýen pikiri hem öňe sürýärler. Gündogary öwreniji alymlar «Syýasatnama» eserini ylmy esasda öwrenip, taryhy wakalar boýunça döwürleýin seljerme geçiripdirler. Şol geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, «Syýasatnama» eseri Gündogar ýurtlarynyň taryhyny öz içine alýan gymmatly taryhy çeşme diýip bellenilýär. «Syýasatnama» eserindäki taryhy maglumatlary beýan etmekde Tabariniň işlerinden ýerlikli peýdalanylypdyr. Eserde beýan edilýän aýry-aýry rowaýatlar «Mazdaknama», «Babeknama» we «Yspyhanyň taryhy» atly kitaplarda hem öz beýanyny tapýar. Orazgeldi AŞYROW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |