ŞIR KEBIR – MAŞAT ATA METJIDINIÑ GÖZELLIGI
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Şir Kebir, ýagny Maşat ata ýadygärligi barada: «Onuň seýrek gabat gelýän täsin gözelligi bolup, dürli ýurtlaryň şu babatda barlag işlerini amala aşyran alymlary biragyzdan ony orta asyr sungatynyň gaýtalanmajak nusgasy hasap edýärler» diýip beýan edýär. Aslynda, bu metjit şäheriň binagärçilik toplumyna giripdir. Häzirki döwürde şol toplumdan diňe metjidiň binasy saklanyp galypdyr. Asyrlaryň dowamynda onuň düzüminde birnäçe üýtgedip gurmalar amala aşyrylypdyr.
Ýerli ilat tarapyndan Maşat ata diýlip atlandyrylýan taryhy ýadygärlik «Maşat, Maşad» diýen söz toplumyndan emele gelip, keramatly diýen manyny aňladýar. Bu taryhy ýadygärlik Dehistanda – Misserianda orta asyrlarda ýaşaýyş durmuşyň gülläp ösen döwründe emele gelipdir. Biziň günlerimize çenli şeýle taryhy ýadygärlikleriň bäş sanysy saklanyp galypdyr. Geçen asyryň ortalarynda G.A.Pugaçenkowanyň geçiren barlag işleriniň netijesinde Maşat ata metjidine meňzeş ýadygärlikleriň ýedi sanysy bolupdyr. Üsti gümmezli sekizgran binagärçilik gurluşly ýadygärlikler bir topluma birleşip, käbirleriniň diwarlary şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Olaryň hemmesi bişen kerpiçden bina edilipdir.
Dehistanda – Misserianda Maşat ata diýip atlandyrylýan ýadygärligiň binagärçilik gurluşygy has täsinligi bilen tapawutlanýar. Bu taryhy ýadygärlik ilkibaşda çig kerpiçden bina edilip, metjit üçin niýetlenipdir. Sebäbi onuň kybladaky diwarynda metjit häsiýetli mährap tekjesi ýerleşýär. Mährap namaza durlanda kyblany-Käbe tarapyny saýgarmak üçin niýetlenipdir. Maşat ata metjid-taryhy ýadygärliginiň mähraby täsin haşamlanypdyr. Orta asyr binagärçilik gurluşygynda şeýle haşamlanan nusgalar gaty seýrek duş gelýär. Geçirilen barlag işleriň netijesinde bu ýadygärlik IX-X asyrlara degişli edilip, ýurdumyzyň yslam medeniýetiniň binagärçilik gurluşygynyň ilkinjileriniň biri hökmünde kabul edildi. Wagtyň geçmegi bilen, Maşat ata ýadygärligi birnäçe gezek timarlanypdyr. Sebäbi onuň çig kerpiçden bina edilen diwarlarynyň daşyndan bişen kerpiç örülip, daşyna iki gat diwar örülen ýaly derejede gurlupdyr.
Maşat ata metjidi – ýadygärligi özüniň ösen binagärlik aýratynlygy bilen ünsüňi çekýär. Binagärçilik sungatynyň ajaýyp nusgasy bilen bezelen mährabyň owadan bezegleri alymlar tarapyndan içgin öwrenildi. Metjidiň bezegindäki nagyşlar täsin nagyşlardan ybaratdyr. Şir Kebir – Maşat ata ýadygärliginiň içinde sekiz burçly ýyldyz şekili suratlandyrylypdyr. Ýurdumyzda ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň köpüsiniň diwarlarynda şeýle sekiz burçly ýyldyzyň şekili şekillendirilipdir. Sekiz burçly ýyldyzyň şekili Muhammet ibn Zeýt ýadygärliginiň öň tarapynda, Soltan Sanjaryň, Törebeg hanymyň ýadygärlikleriniň içindäki bezeglerde ulanylypdyr. Nejmeddin Kubranyň aramgähiniň ýüzünde şekillendirilen sekizburçlugyň şekili bezeg nyşany hökmünde kabul edilýär. Aslynda, alymlaryň ylmy derňewlerinde ol: «Gündogaryň yslam binagärçilik gurluşygynda sekizburçlugyň şekili öz döwrüniň mukaddeslikleriniň biri bolmak bilen, behiştiň nyşany bolandygyny belleýärler» diýip beýan edilýär. Gündogary öwreniji alymlaryň teswirlerinde Nejmeddin Kubranyň aramgähindäki sekizburçluk gök hem ak reňkler bilen haşamlanypdyr. Sekizburçlukdaky gök reňk behişdi, jenneti häsiýetlendirýän reňk bolup, ondaky ak reňk asudalygy, parahatçylygy, hoşniýetliligi we ýagşy niýetliligi aňlatmak üçin ulanypdyrlar diýilýär. Orta asyr binagärçilik sungatynda sekizburçluk şekili behiştiň şekili hökmünde suratlandyrylýar. Yslam dininiň Orta Aziýa ýaýramagy bilen, adaty däp-dessurlar, yrymlar we ynançlar yslamlaşdyrylýar. Yslam dininiň häkimligi türkmen halkynyň nesilden-nesle geçen ynançlaryny, yrymlaryny doly ýok edip bilmändir. Türkmenler yslam dinini, Gurhanyň sürelerini ýoýmazdan kabul eden hem bolsalar, ata-baba gelýän ynançlaryna ynanmaklaryny dowam edipdirler. Halkyň hakydasynda ol ynançlar mukaddesleşdirilip, nesilden-nesle geçirilipdir. Orta asyrlarda bu yrym-ynançlar türkmen halkynyň medeniýetine we sungatyna siňipdir. Türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşynda oguz elipbiýi ýitirilen hem bolsa, sekizburçluk nyşanyny ýitirmezlik maksady bilen, ony keramatlaşdyrypdyrlar. Sekizburçluk keramatly nyşan hökmünde Abu Leýs Samarkandyň «Jennetiň we dowzahyň syrlary» atly kitabynda duş gelýär.
X asyrda ýaşap geçen yslam dünýäsiniň uly piri Abu Leýs Samarkandy Orta Aziýa halklarynyň sekizburçluk nyşany hakynda şeýle diýýär: «Jennetiň sekiz derwezesi bolup, hemmesi tylla we jöwher bilen bezelendir. Jennetiň derwezeleriniň öz atlary bardyr». Abu Leýs Samarkandynyň teswirlän sözlerinden ugur alsak, sekizburçluk diňe bir mukaddeslik derejesine ýetirilmän, keramatly sekizburçluk diýip teswirlenýär.
Gündogary öwreniji alymlaryň ylmy derňewlerine esaslansak, onda orta asyrlarda Türkmenistanyň ýerlerinde sekizburçluk ata-babalarymyzdan galan mukaddes nyşan hökmünde halkyň ýaşaýyş durmuşda saklanandygyna göz ýetirýäris. Sekizburçluk nyşany orta asyrlarda jennetiň nyşany hökmünde häsiýetlendirilen hem bolsa, halkyň aňynda, ýaşaýyş-durmuş ýörelgesinde rysgal-berekediň, parahatçylygyň, asudalygyň, ähli gowulyklaryň nyşany hökmünde kabul edilipdir.
Taryhy ýadygärlikleriň binagärçilik gurluşy boýunça hünärmen-alym M.A.Annaýew Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň rejeleýiş işlerini geçirende özüniň ylmy-barlag işlerinde şeýle beýan edýär: «Türkmenleriň durmuşynda, ymaratlary bezemekde sekizburçlugyň nyşany agdyklyk edip, ýörgünli şekil hökmünde kabul edilipdir. Binalarda şekillendirilen sekizburçlugyň şekili şahsyýetiň mertebeli bolandygyny aňladypdyr». Diýmek, metjitleriň diwarlarynyň ýüzünde, aramgähleriň gümmezinde şekillendirilen sekizburçluk şol ýerde jaýlanan şahsyýetiň mertebeli bolandygyny aňladýan şekil hökmünde kabul edilýär.
Şir Kebir – Maşat ata ýadygärliginiň-metjidiniň mähraby günorta tarapdan ýerleşip, musulman binagärçiligine mahsus hatdatlyk sungatynyň kufy ýazgylary ýazylypdyr. Mährapda ýazylan irki arap sözleri ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Mährabyň baý, haşam bezegi nepisligi bilen ünsüňi çekýär. Geometriki nagyşlar, ösümlik nagyşlary, epigrafiki nagyşlar sazlaşykly ýerleşdirilipdir. Metjidiň mährabynyň ýokarysy tegelegiň içinde goşa aýlawly, gaňyrçak goçak nagşy bilen bezelipdir. Türkmenleriň yrym-ynanjynda goçak nagşy güýç-kuwwatyň nyşany hasaplanýar.
Orta asyrlarda sekizburçluk nyşanyny diňe bir nesilden-nesle geçen beýik sungatlylyk derejesine ýetirilen nyşan bolmak bilen çäklenmän, eýsem matematikanyň, astronomiýanyň, trigonometriýanyň we takyk ylymlaryň esasynda hem öwrenilipdir.
Türkmenistanyň binagärçilik gurluşygynda Şir Kebir – Maşat ata metjidi-ýadygärligi özüniň ajaýyp gurluşyk tilsimleri bilen hemmäni haýrana goýýar. Alymlar tarapyndan geçirilýän arheologik barlag işleri bu ýadygärlik barada ylymda mälim bolmadyk maglumatlary toplamaga uly mümkinçilikleri döretdi.
Orazgeldi AŞYROW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Taryhy ýerler