21:22 Nesil terbiýesiniñ taryhy kökleri | |
NESIL TERBIÝESINIÑ TARYHY KÖKLERI
Pedagogika we edep-terbiýe
Türkmenlerde adaty we milli däp-dessurlarymyzda ata-baba gelýän bir ýörelge bar. Ol hem halkymyzyň süňňüne siňip, şu günlerimize ýeten sargytlardyr wesýetlere uýmak ýörelgesidir. Ol sargytlar, wesýetler daşa ýazylan kibi kalbymyzda, ýörelgämizde ebedi saklanylýar. Olaryň içinde milli ýörelgä öwrülen wesýetleriň biri hem biziň dünýägaraýşymyzda baky orun alan: «Türkmen halkynyň göwün-maksadynda ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýöreden hoşniýetli edep ýörelgelerinde türkmençilik «adatynyň» saklanylýandygyny bellemek hökmanydyr. Adat — türkmen halkynyň birnäçe müňýyllyk taryhy ösüşiniň dowamynda döräp, barha kämilleşip, adamlaryň aňyna durmuşyň mizemez kanuny hökmünde ornaşypdyr. Adat uzak döwürleriň dowamynda türkmen halkynyň ahlak we durmuş ýörelgelerini, ynam ygtykatyny, tertip-düzgünini, edep-ekramyny, birek-birege bolan gatnaşyklaryny kesgitläp gelipdir» diýip bellenilýär. Geçmiş taryhymyzda türkmen jemgyýetiniň ösüşine laýyk gelýän kämil ýaşlary taýýarlamak üçin ýörite Atabeglik mekdeplerini açypdyrlar. Ol mekdeplerde bilimli, sowatly we başarjaň ýaşlary ýetişdiripdirler. Doly taýýarlygy öz eline almagy başaran ýaşlary dürli emeli kynçylyklardan synagdan geçiripdirler. Şol synaglaryň esasynda ahlak sypatlary hem göz öňünde tutulypdyr. Atabeglik mekdeplerinde ýetişdirilen kämil ýaşlar ýüze çykýan dürli kynçylyklardan dogry we doly baş alyp çykarmagy başarypdyrlar. Muňa garamazdan Atabeglik mekdebinden-de ýokarda durýan uly mekdep ata-ene mekdebidir. Bu mekdebiň terbiýesi atadan ogla, oguldan nesle geçýän terbiýedir. Terbiýäniň esasynda dogruçyllyk, sabyrlylyk, adalatlyk, ybadatlyk durýar. Her bir ata-ene öz perzendiniň başarnygyna doly göz ýetirmelidir we geljekde jemgyýetde başaryp biläýjek işlerine ugrukdyrmagy başarmalydyr. Oguz türkmenlerinde iň zerur ahlak ýörelgesi gahrymançylyk hasaplanypdyr. Gahrymançylyk görkezip, ilde saýlanan adama sylag-hormat edilipdir. Bitiren işine mynasyp at-dereje berlipdir. Oguz türkmenleri gahrymançylyga, batyrlyga, mertlige çagalary ýaşlykdan taýýarlapdyrlar. Olaryň öňlerinde dürli hili emeli we tebigy kynçylyklar döredipdirler. Ol kynçylyklary çagalaryň özleri ýeňip geçmeli bolupdyr. Hatda, at almak ýaly wajyp meselelerde hem ýaş ýetginjekler öz gaýratlaryna, ugurtapyjylygyna we gylyjynyň güýjüne daýanmaly bolupdyrlar. «Gorkut ata» eserinde halkyň medeniýeti, däp-dessury, ynançlary, milli häsiýetleri şöhlelendirilen hem bolsa, watançylyk terbiýe mukaddes orunda durupdyr. Muňa mysal edip, oguz ilini daşky duşmandan gorap, serhedi goramaly bolanda, hiç kim göwnemeýär. Baýandyr han: — «Sen ne diýr sen — diýip Bekile ýüzlenende, ol sesini çykarman razy bolýar, galkýar, ýeri öpýär» diýip teswirlenýär. Türkmen gerçeginiň şeýle batyr hereketiniň esasynda islendik ýumşy bitirmäge mydama taýýardygyny görmek bolýar. Taryhda goňşy döwletleriň hökümdarlary, soltanlary türkmen batyrlaryndan düzülen harby bölümleri özleriniň garamagyndaky goşunynda saklamaklygy uly mertebe bilipdirler. Sebäbi türkmen batyrlarynda gulluk etmegiň esasy maksady wepadarlykdan ybarat bolupdyr. Bu ýörelge nesilden-nesle geçip, ebedi süňňüne ornaşypdyr. Türkmen batyrlaryndan düzülen goşunlaryň esasy ýerine ýetirmeli wezipesi, soltany we onuň köşgüni harby howpdan goramaly bolupdyrlar. Taryhy çeşmelerde türkmenleriň bu harby bölümleri barada ýatlanylanda, olar Bagdat halyfynyň, Hywa hanynyň, Buhara emiriniň gullugynda bolup, birkemsiz harby gullugy ýerine ýetiripdirler. Türkmenlerden düzülen bu harby bölümler harby hereketleriň gidýän döwründe söweş tuguny, goşunyň harby serkerdeleriniň goragynda bolup, janpenalar hökmünde tanalypdyrlar. Bu bolsa türkmen batyr gerçekleriniň oguz kowumynyň şan-şöhratyny arşa çykarandygyny görkezýär. Türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Gaznaly türkmenleriniň döwletinde her bir ýokary derejedäki döwlet emeldarlarynyň, han-begleriň özüniň garamagynda ýaragly nökerleri bolupdyr. Bu nökerler wepaly esgerlerden düzülipdir. Döwlet emeldarlarynyň nökerleriniň sany ýüz atlydan geçipdir. Olar gylyçlar, naýzalar, sowutlar we galkanlar bilen ýaraglanypdyrlar. Döwlet emeldarlaryň garamagyndaky bu nökerleriň esasy wezipesi serhetýaka obalary daşky duşmanyň çapawulçylyklaryndan gorapdyrlar. Türkmenlerde atalar sözüniň, danalaryň pähimleriniň we milli däp-dessurlaryň döreýşi, onuň biziň şu günki durmuşymyzdaky ähmiýeti barada has çuň oýlanmagy mejbur edýär. Biz şonda bir hakykata anyk göz ýetirýäris. Adatlarymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň manysyny halkymyzyň, esasan, ýaş nesliň bilmegi üçin, il-güne ýetirmegiň zerurlygy aýdyň ýüze çykýar. Türkmenlerde adaty terbiýe mekdebiniň pähimli-parasatly ýörelgesi binýady berkden tutulandygyna doly göz ýetirýärsiň. Bu barada türkmeniň taryhy akabalaryndan biziň şu günlerimize miras galan pähimler mysal bolup durýar. Taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdan milli-mirasymyzyň ýoly ata-babalarymyzyň parasatly pähimlerinde ýatlanylýar. Türkmen milleti özüniň müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhynyň dowamynda ata Watana, ene topraga söýgüsi bilen ýaşady we dowamaty nesillere şol ýörelgäni saklamagy ündäpdirler. Şol ýörelge türkmen halkynyň süňňüne siňip, Oguz han türkmeniň, Gorkut ata türkmeniň, türkmen Görogly begiň adyny gursagyna siňdirdi. Türkmen halkyna giň, parasatly, myhmansöýer, asudalygy — parahatçylygy söýýän halk diýip ýöne ýere aýdylanok. Türkmen halkyna berlen şol ýokary bahany ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly türkmen ýaşlary dowamatyny dowam etdirmelidirler. Orazgeldi AŞYROW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň Dünýä taryhy kafedrasynyň uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |