MILLI ÝÖRELGEDE WATANÇYLYK TERBIÝÄNIÑ WASPY
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli-mirasymyz uly galkynyşa eýe boldy. Şeýle ýagdaý durmuşyň kanunyna laýyk ýagdaýdyr. Her bir adam ata Watana, ene topraga, onuň taryhyna, diline, milli däp-dessurlaryna, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýup, döwletiň ähli çäklerinde çäreler geçirilýär.
Türkmen halky ata-baba köklerine ýetmäge synanyşmak bilen, şol taryhy köklerde asyrlarboýy kämilleşen, baý medeni-mirasynyň gözbaşyny tapýar. Türkmen halkynyň medeni-mirasy düýpsüz ummandyr. Ony dogry we anyk öwrenmäge indi giň ýol açyldy. Dünýä medeniýetiniň ösüşinde çeper yz galdyran, türkmenleriň milli mirasy özüniň baýlygy, tämizligi bilen tapawutlanýar.
Türkmen halkynyň medeni-mirasyny, ahlak ýörelgelerini dünýä medeniýetine ýetiren täsirini we goşan goşandyny ýüze çykarmagyň, ylmy esasda öwrenmegiň ýoly ata-babalarymyzyň parasatly pähimlerinde ýatlanylýar. Watanymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandy Oguz handan, Gorkut atadan gaýdýan mirasymyz bilen tanalýandyr. Taryhda beýik eserleri döredip bilen ata-babalarymyz çeper dilimizi bize miras goýupdyrlar.
Türkmenm milli ruhy dünýäsi, ata-babalarymyzyň geçmişinde özüniň batyrlygy, mertligi we harby ussatlygy bilen tanalan halkdyr. Türkmeniň harby sungaty bu biziň geçmişimiziň öçmejek mirasydyr. Her bir türkmeniň kalbynda bu sungatyň öz orny bolupdyr. Oňa bolan söýgüni ýaşlykdan terbiýeläpdirler. Watana, ene-ata, mukaddes ojaga bolan söýgüni oýarypdyrlar. Harby sungatyň inçe syrlaryny öwrenen, ele alan ärler il-ýurt, halk üçin döş geren şahsyýetler hökmünde tanalypdyr. Aslynda taryhda şahsyýet bilen jemgyýetiň özara baglanyşygy bardyr.
Türkmeniň taryhynda jemgyýetiň ösüşine laýyk gelýän kämil ýaşlary taýýarlamak üçin ýörite harby taýýarlygy birkemsiz özleşdiren türkmen gerçeklerinden düzülen harby mekdeplerde bilimli, sowatly we başarjaň ýaşlar jemlenipdir. Doly harby taýýarlygy özleşdiren başarjaň ýaşlar dürli emeli kynçylyklardan synagdan geçiripdirler. Şol synaglaryň esasynda Watany daşky duşmandan goramak esasy ýerde durupdyr. Harby tälimleri özleşdiren kämil ýaşlar ýüze çykýan dürli kynçylyklardan dogry we doly baş alyp çykmany başarypdyrlar. Başarjaň harby tejribäni birkemsiz özleşdiren kämil ýaşlar tanymal harby serkerdelere, beýik şahsyýetlere öwrülipdirler. Türkmeniň harby sungatynyň kämilleşmegine we taryhda öçmejek yz galmagyna öz täsirini ýetiren beýik şahsyýetler sanardan köpdür. Olar Oguz han, Görogly beg, Seljuklar, Sebük tegin, soltan Mahmyt Gaznaly, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Mälik şa, soltan Jellaleddin ýaly taryhyň akabalarynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleri mysal getirmek bolýar.
Taryhda belli bolşy ýaly oguzlarda gowy ýaraglanan, tejribeli esgerlerden ýörite harby bölümleri döredipdirler. Ol harby bölümlerde gulluk edýän esgerlere söweşlerde görkezýän batyrlygy üçin «börüler» diýipdirler. Börüler diňe bir söweşlerde esasy orny eýelemän, duşmandan goramakda hem möhüm harby tabşyryklary ýerine ýetiripdirler. Olar mydama harby taýýarlykda durup, aýgytlaýjy pursatda söweşe girizilipdir. Harby esgerleriň «börüler» adyny almagynyň esasy sebäbi Oguznama eserinde şeýle teswirlenilýär: «.. .çal böri Oguz hana ýeňiş getirýär, bir gezek bolsa oňa howpdan gutulmaga ýol görkezýär. Oguzhan beglerine garap, böri ýaly mert, çydamly we wepaly bolmagy sargyt edýär» diýip aýdylýar. Oguz hanyň wesýetlerini külli türkmen nesli nesilden-nesle geçirip berjaý edýärler.
Türkmenleriň watançylyk terbiýesiniň esasy ýörelgeleri barada «Gorkut ata» eposynyň boýlarynyň üsti bilen doly aýdyň göz ýetirip bilýäris. Oguzlaryň aty mydama eýerlengi, gylyjy, sapany elinde bolupdyr. Oguzlaryň goşuny öýünde ýaşap, gerek wagty ýygnanypdyrlar. Serkerdeler gerek ýerinde biri-birini goldap, erkinligi gorapdyrlar.
Taryhda türkmen batyr gerçekleriniň harby gulluga alnyşlary barada Gaznaly türkmenleriniň taryhynda duş gelýäris. 1028-nji ýylda asly oguzlaryň kynyk taýpasyndan bolan seljuk türkmenleri Gaznalylaryň raýatyna göçüp gelýärler. Olar Ýagmyr atly serkerdäniň ýolbaşçylygynda Gaznaly goşunyna gulluga kabul edilýär. Ýagmyr ähli urugy bilen Reýdäki emir Masudyň garamagyndaky goşunda gullugyny ýerine ýetiripdir. Türkmen batyr gerçekleriniň diňe Gaznaly soltanynyň goşunynda harby gullugy ýerine getirmek bilen çäklenmändirler. Seljuklaryň öňünde goýulan esasy harby borçlaryň biri hem, Köpetdag eteginiň serhet ýakasyny daşky duşmandan goramak bolupdyr. Olar Köpetdagyň eteginde ýerleşen Paraw, Abiwerd (Kaka), Sarahs berkitme galalarynda asuda oturan ilaty üstüne abanýan çozuşlardan, howplardan gorapdyrlar.
Türkmenlerde edep-düzgünleriniň düýp esaslary Atabegleriň mekdebinde hem kadaly saklanylypdyr. Sebäbi bu kadalaryň dogry saklanylmagy geljekde türkmen ýaşlary diplomatiýada, kanunçylykda, döwletiň syýasy gurluşynda has täsirli bolupdyr. Şol Atabeglik mekdeplerinde söweş tilsimatlary, serkerdelik sungaty yhlas bilen öwredilipdir. Munuň özi türkmen ýigitleriniň arasyndan atly-abraýly serkerdeleriň ýüze çykmagyna mümkinçilik beripdir. Serkerde hökmünde harby ussatlyk görkezip, bütin dünýä owazasy dolan Ärsak şa, Mahmyt Gaznaly, Togrul beg, Alp Arslan, soltan Jelaleddin, Ärtogrul Gazy ýaly serkerdeler Atabeglik mekdebiniň terbiýesini alan şahsyýetler hökmünde tanalýar. Bu şahsyýetler türkmen halkynyň gahrymançylykly taryhynyň, geçmişiniň ebedi saklanyp galmagyna getiripdir.
Orazgeldi AŞYROW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň uly mugallymy.
Taryhy makalalar