GÜL GADYRY
Baýramçylygyň öňki günüdi. Soňky sapaga girsek-de, hemişekiler ýaly süňňümizde argynlyk duýamzokdyk. Baýramçylyk keýpi studentleriňem, mugallymlaryňam kalbyny gaplap alypdy. Mundan öňki sapaklarda mugallymlarymyzy starostamyz Sülgün biziň adymyzdan mugallymlar güni bilen gutlap, el çarpyşmalarymyz astynda olara sowgat üçin alan gülümizi gowşurypdy. Şonda mugallymlarymyzyň minnetdarlyk sözlerini eşitmek biziň üçin nähili ýakymly bolandygyny bilsediňiz…
Men Sülgüniň partasynyň üstündäki häzir sapaga girjek mugallymymyz üçin niýetlenen gülümize seredip, oý-pikire berlip oturyşyma jaňyň bolanlygyny hem duýmandyryn. Entek jaňyň sesi kesilmänkä, endigi boýunça mugallym auditoriýa girdi. Öňki açyk işigi ýapyp, ýerine ýönelenden «tyrk-tyrk» işik kakyldy. Yz ýanyndanam:
− Girmek mümkinmi, ýoldaş mugallym?! – diýip, çalaja açylan gapydan kursumyzyň studentleriniň biriniň sesi eşidildi. Mugallym yzyna öwrülip:
− Mümkin däl, arakesme azlyk edýän bolsa, meniň sapagymdanam boş, bar, dynjyňy alyber! – diýeninden, bu mugallymyň häsiýetine belet kursdaşymyz gapyny aňyrsyndan ýapdy.
Bu mugallymyň häsiýeti biziň üçin täsindi, düşnüksizdi. Ellä ser uran, selçeňleşen çal saçlary yza gaýtarylgy, orta boýly, göze dolmuş bu mugallym öň köp wagtlap ýokary edaralarda işläp, bir-iki ýyllykda şu ýere gelipdir. Ony sapakdan daşary wagt hem äýneksiz görmersiň. Ýukarak papkasyny goltugynda şeýle bir jaý, gelşikli edip tutýar welin, edil bile biten ýaly. Arakesmede-beýlekide onuň mugallymlar ýa-da gaýry adamlar bilen içgin gürleşip duranyny görmersiň. Studentler bilen-ä bu mugallymyň arasynda, aýdyşlary ýaly, «Hytaý diwary» bar. Ile goşulman hemişe özi bilen özi bolup, içini hümledip ýörensoň, käbir ýeserräk studentler oňa «Çehowyň çeholly adamy» diýip, özleriçe at hem şapladan ekenler.
Mydam ýüzünden gar ýagyp duran bu mugallym özüniň işine jürlügini görkezjek bolýarmy, bilemok, jaňyň sesi eşidilenden auditoriýa girer. Saý-sebäp bilen sapaga gijä galdyňmy, rugsat sorap sapaga girerin diýen tamaň bolmasyn. Studentleriň gatnaşygyny ilkä nobatçydan sorap, soňam ynanmazçylyk edip, žurnaldan familiýalary birme-bir okap barlar. Familiýaň okalanda «men» diýip ýetişmediňmi ýa-da ýuwaş ses bilen aýtdyňmy, şolbada žurnaldaky familiýaň deňine düzelmejek «gelmedi» belligi düşer. Munuň berýän leksiýasyny diňlemegem, belläp almagam biziň üçin güzap. Münbere ýaplanyp, leksiýany howlukmaçlyk bilen okap duran mugallymyň aýdanlaryndan ne suwytly zat düşünip bolýar, ne-de diňläp. Leksiýa wagtynda ruçkaň ýazman ýa-da şuňa meňzeş zerurlyklar ýüze çykyp, mugallymyň gözüne düşäýseň, seni ýeriňden turzup käýýär. Goýar ýerde goýman, leksiýany hem ýatdan çykarar. Onuň şeýle käýinçleri, ahlak, terbiýe barada gürrüňleri ilki-ilkiler ünsümizi çekse-de, soň gaýtalanyp-gaýtalanyp lenji çykansoň, biziň üçin, birhili, manysy gaçan ýaly boldy. Ol ilki sapaga giren günem özüniň berk talapkärdigini, öz sözi bilen aýtsak, «prinsipialdygyny» öwran-öwran gaýtalady. Soň-soňlaram bize käýinmäge bir sebäpjik tapsa, özüniň köp kişilerden halallyk, dogruçyllyk babatda ýokardalygyny ýaňzydyp, adamlary, hatda bizem galplykda, gözboýagçylykda aýyplardy. Haýran galmaly ýeri, mugallym haýsy ugurdan gürrüňe başlasa-da, ahyryny hökman ekzamen meselesine syrykdyrardy. Ekzamen, baha meselesinde özüniň beýleki mugallymlar ýaly dözümsiz däldigini, «tanyşlyk», «ýüz görmek» keselinden halasdygyny aýdardy. Kursumyzyň içinde ýokary okuw jaýyna hakyky ýol bilen däl-de, galp ýol bilen, tötänden gelenleriň köplügini, ynha, öňümizdäki sessiýada özüniň okadýan predmeti boýunça «harpygy çäçden saýlajakdygy» barada bize ýat, düşnüksiz bolan, emma gorkuly gürrüňler bilen haýbat atardy.
Mahlasy, bu mugallymyň sapagy biziň üçin örän dartgynly geçerdi. Her kim onuň özüne üns berdiresi gelenokdy.
Bu gezegem mugallym işikde görnenden auditoriýadaky şowhun kesildi. Ol gijä galan student bilen gürleşip ýerine geçýänçä, ýerimizden turup durduk. Mugallym kimiň ýerinden turman galanyny biljek bolýan ýaly, auditoriýa dowamly göz aýlady. «Salam, oturyň!» diýip, özem oturdy-da, žurnaly alyp, bellik etmäge başlady. Familiýalarymyzy okap başlady.
Men yzda oturan ýerimden Sülgüniň töweregine garanjaklaýşyndan mugallymy gutlamak üçin ýerinden turmaga ýaýdanýanlygyny aňdym.
− Ta…k, onda öňki leksiýamyzyň dowamy – diýip, mugallym kagyzlaryny alyp, münbere ýönelenden, Sülgün çekinjeňlik bilen ýerinden turdy.
− Bagyşlaň, ýoldaş mugallym, sizi kursumyzyň adyndan professional baýramyňyz bilen gutlamaga rugsat ediň! – diýip, edil öňki mugallymlary gutlanda aýdan sözlerini gaýtalady-da, güli oňa uzatdy. Biziň el çarpyşmalarymyz galansoň, mugallym güli stoluň üstünde goýup, bize ýüzlendi:
− Ýoldaşlar, (ol bize hemişe şeýle ýüzlenerdi) gutlagyňyz üçin sag boluň. Ýöne men öň size telim gezek aýdan bolsam gerek, men prinsipial adam diýip…
Biz onuň näme diýjek bolýanyna düşünmän aňk-taňk bolduk. Gürrüňiň yzyny diňlemek üçin durşumyz bilen gulaga öwrüldik. Mugallym eýläk-beýläk kelteräk gezim etdi-de, münbere baryp ýaplandy. Ellerini howada galgadyp, joşup gürläp başlady.
− Her hili adamlar bolýar, olar her bir zatdan özlerine bähbitli tarapy gözleýärler. Her bir pursaty aňsat-aňsat sypdyrman, ony öz peýdasyna öwürýärler. «Kişmiş iýseň çöpi bar». Biri saňa ýagşylyk etdimi, şobada onuň özüňden näme hantamadygyny barada oýlan. Gaça durmaly şeýle adamlardan. Olar seni satyn aljak bolýarlar. Biri içginsiräp öýüne çagyrar, biri restorana. Sowgatjyk goltuklap öýüňe barar we ýene-ýeneler…
Biz bu gürrüňlere agzymyzy öweldip galdyk. Mugallym näme diýjek bolýarka? Biziň gutlagymyzyň bu gürrüňlere gepbaşy bolmagyna näme dahyly barka? Bu soraglaryň jogaby üçin uzak kelle döwmeli bolmady.
− Hatda, ynha, sizem ertirki baýramçylygy öz bähbidiňize ulanyp, bujagaz gül bilen meni – ol stoluň üstündäki güle ümläp goýberdi − satyn aljak bolýarsyňyz. Hawa, hawa, men hut şeýle pikir edýärin.
Ana, saňa gerek bolsa! Mugallymyň «mus-musly» gürrüňiniň «mustapasy» ahyr belli boldy. Gözümiň astyndan ýoldaşlaryma garanymda, olaryň hemmesiniň misli göwnüne deglen çaga ýaly, bir gysyma dönüp, başlaryny aşak salyp oturanlaryny gördüm. Sülgün görgülä maňlaýyny parta degräýjek bolýar, özem ruçkasy bilen bir zada dümtünýärmikä diýýän.
− Beýle-beýle zatlar köp geçendir başdan, bujagaz pirimlere düşünmezçe däl men. Meni gutlap, sowgat etmäniňizde-de ekzameniňizde adalatly baha goýaryn. Şonuň üçin beýdip azara galmasaňyz boljak ekeni – diýip, mugallym soňky sözlerini aşak bakyp oturan Sülgüne garap aýtdy-da, güli alyp onuň partasynda goýdy.
Ýüzümize şarpyk çalnyp, indem oňa gaýtargy bermäge çäresiz ýaly başymyzy aşak salyp oturyşymyza birbada mugallymyň:
− Ýeri, bolýa, wagtymyz hem gitdi, leksiýa başlalyň – diýenden soň hem ýaňky gürrüňleriň hopukdyryjy täsirinden aýňalybilmedik.
Takatymyzy ala-ala ahyry jaň boldy. Hemişe mugallym çykandan, auditoriýanyň içini ilk-ä ýeňiljek, soňam barha güýjeýän gowur gaplap alardy. Bu gezek bolsa sapagyň gutararyna bisabyrlyk bilen garaşsak-da, edil dilleşilen ýaly, birimizden hem ses çykmady. Kem-kemden studentler ýerinden gozganyşyp, depderlerini ýygnap başladylar. Sülgün depderlerini sumkasyna saljak bolup bäri öwrülende, men onuň az-kem çişen gabaklaryndan, çygly gözlerinden aglanlygyny aňdym. Hemişe ýoldaşlary, joralary bilen degşip-gülşip, ala-ýaz bolup ýören bu gyz häzir töwereginde hiç kim ýok ýaly, sumkasyny aldy-da, partasynyň üstünde galan güle birjigem üns bermän, öýkeli görnüşde işige ýöneldi.
Hiç kim biri-birine gep gataýyn diýenokdy. Hemmeler yssy kalbymyza sowuklyk çaýan häzirki bu tukat pursatda sähel yza galaýsa, nähak aýplawa duçar bolaýjak ýaly howlukýardylar. Sülgüniň partasynda galan güle serediberseler ýa-da oňa el degräýseler, mugallymyň gürrüňlerindäki gabahatlyklar, hamala, özlerine ýapyşaýjak ýaly, oňa birhili gorky bilen nazar aýlap geçýärdiler.
Göwnüme, tebigatyň hemişe arzylanmaly edip ýaradan güli şu pursat partanyň üstünde naýynjar halda ýatan ýerinden deňinden geçýänlere: «Ne beýle meniň gadyrymy gaçyrdyňyz, günäm näme? Menem siziň göwnüňizde jinnek ýaly-da garalygyň bolmaýşy ýaly, päk ahyry» diýip, solup ugran ýapraklaryny çalaja gozgap, pyşyrdaýan ýaly boldy.
Nury SEÝIDOW.
Hekaýalar