10:15 Gündelikde galanlar -34/ dowamy | |
25.10.2021.
Ýatlamalar
Filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, stawropolly türkmen Şawanaly Jumaýew şu gün şeýle gürrüň berdi: – 11 ýaşymdakam, bizi obamyzdan Budýonowsk obasyna gezelenje äkitdiler. Bu oba bizde «garadagly» diýlip atlandyrylýar. Sebäbi bu ýerde ir döwürde Garadagdan göçüp gelen ärsarylar ýaşaýarlar. Şonda men suwsadym-da, bir jaýyň gapysyny kakyp, suw soradym. Gapyny açan ermeni aýaly «suw ýok» diýdi. Men şonda kellämi işledendirin-dä, jübimdäki 20 köpügimi çykaryp, oňa uzatdym. Ol maňa bir kürüşge suw berdi. Hezil edip içdim – diýdi. Men öz ýanymdan «bir aýalyň şol gelşiksiz hereketi» bir obanyň adyna şikes ýetiripdir” dlýdim. Muny Şawan aganyň 1952-nji ýylda bolup geçenligine garamazdan, henizem onuň ýadyndadygy hem güwä geçýär. 26.10.2021. Şu guje ejem düýşüme giripdir. Gaty gaharly. Aýat okadym. X X X Şu gün agşam radionyň «Miras» kanalynda men hakda gepleşik berdiler – 1 sagatlyk. Bu gepleşik ozal birki ýyl mundan öň radioda berlipdi. Bu gezegem gaýtalap beripdirler. Taýýarlan Şeker Hojanowa. Gowy gepleşik. Köp aýdymymy berdiler. 31.10.2021. Şawan aga düýn maňa jaň etdi. Diller institutyna baryp, meň üçin Hydyrdan (kafedra müdiri: familiýasy ýadyma düşenok) onuň öz ýazan, munazirler hakynda ýazan kitabyny sowgatlyk alandygyny aýtdy. Men ondan «Ýylysuwa baryp geldiňmi?» diýip soradym. Ýylysuw diýilýäni Bäherdende. “Bardym. Netije bolmady. Dokumentiň ýok. Munuň üçin bir ýarym müň töleg etmeli» diýdiler. (Bir ýarym müň – 5 million 500 manat). Yzyma gaýtdym” – diýdi. Şawwan aganyň aýagynda ekzema bar. Aýrylyp gidiberenok. Ol şo ýerde şypa taparyn diýip, Ýylysuwa gidişi. Aşgabatdan ýörite baran bir 80 ýaşly ýaşuly adamy sylap-hormatlap Ýylysuwa goýberse bolardy. Türkmende indi hormat-sylag ýitipdir diýdirýär. Şawan aga ýurdumyzda güýçli filosof alymlaryň biri. Ussat pedagog. Häzir ol biziň institutymyzyň halk döredijiligi bölüminde işleýär. Özem Milli golýazmalar instituty döredilende onuň ilkinji alym kätipleriniň biri. Özi stawropolly. 1960-njy ýyldan bärem Aşgabatda ýaşaýar. Häzir bir otagly jaýda ogly, gelni, özi – üç adam bolup ýaşaýarlar. 06.11.2021. Şu gün Melikäniň durmuş toýuny Baýjanyň daçasynda geçirdik. Toýa köp adam gatnaşdy. Ýaşlaryň bagtly ýaşamagyny, agzybir bolmaklaryny isledim. Aglap gelmese bolýar. 10.11.2021. Türkler türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň goşgularyny, proza eserlerini kitap edip çykarýarlar. Bu gezegem olar Maral Taganowadan haýyş edipdirler. Olam «Meň işim kän, ýetişip bilemok. Kömek edäý» diýensoň «bolýar» diýdim. 7-8 adamyň içinde meniň hem adym bar. Terjimehal bilen surat soraýarlar. O gün Bahargül Kerimowa jaň etdim, şu gün ol maglumaty we suratyny getiripdir. Birsalym gürrüňleşip durduk. Men ony, megerem, 20-25 ýyldan bäri gören däl bolmagym mümkin. «Gurbanýaz Daşgynowyň kordinatyny bileňokmy?» diýip soradym. Ol Gurbanýaz hakda birtopar zatlary gürrüň berdi. Bahargül ony aýaly bilen 2 aýlap öýünde saklapdyr. «Aşgabada propiskasy hem ýokdy» diýýär. “Ne aýaly (ady Orazgül), ne özi, sag bolsunam aýtmady” diýýär. - Bir gezek Kerim Gurbannepes bilen «Mydam taýýaryň» redaktory Saparmyrat Gurbanow öýe geldi. Şonda Kerim aga biziň Gurbanýaz bilen goňşudygymyzy bilýärdy. Oglum Kerime «Bar-da Gurbanýazy çagyr» diýdi. Gurbanýaz Kerim aganyň çakylygyna wagty bilen gelmänsoň, ol ýene-de ogluma «Atdaş, gel diýip aýtmadyňmy, hany ýene baryp gel» diýdi. Bu gezegem bada-bat gelmedi. Şonda Kerim aga Gurbanýaza «Näme öňki alan aýalym ýaly, wagtynda geleňok-la» diýdi. Olar gidensoň, ýoldaşym Döwlet Gurbanýazlara barsa, Gurbanýaz diwara iki elini berip, uly ili bilen möňňürip aglap duran eken. 19.11.2021. Institutyň alymlar geňeşi boldy. A.Ýazberdiýewiň neşire taýýarlan "Awesta" kitabynyň «Döwlere garşy göreş kanuny» atly bir böleginiň terjimesi we ylmy oçerkiniň hem gürrüňi edildi. Taryh ylymlarymyň doktory Ýazgylyç Orazgylyjow bilen men oňa aýry-aýrylykda syn berdik. Ýazgylyç aga neşir hakda az-kem gürrüň edip, Zaratuştra kitabyny Marguşda ýazypdyr diýen pikirini aýtdy. Men oňa dünýä ylmy entek kesgitli bir zat aýdyp bilenok dýip aýdanymam şol welin, Rejep Geldiýew diýen bir işgärimiz (öň ol türkmen- türk uniwersitetiniň rektory bolan) turup, Zaratuştra biziň territoriýamyzda ýaşan. Hatda onuň ýaşan ýerini – Goçantdygyny aýdýan alymlar bar diýip, ol zoroastrizmiň dörän ýerini, öz goňşy obasyndadygyny tekrarlady. Filologiýa yylymlarynyň doktory Ahmet Mämmedow "Awestany" türkmenleriň döredendigini aýtdy. Henize-bu güne çenli dünýä alymlarynyň kesgitläp bilmedik zatlaryny 2 minutda belli edip oturyberdiler. Rejep: «Öň elimizden gideren zatlarymyz az däl. Indi bermeli däl. "Awesta" biziňki” – diýip, uly hyjuw bilen öz pikirini aýan etdi-de, sözüniň soňunda: «Allaýar aga, ine, ýagdaý şeýle!» diýip aýtdy. Meňem kinaýa bilen «Seňki dogry?» diýip, jogap bermekden başga alajym galmady. 17.12.2021. Gije 2-den soň oýandym. Döşüm agyrýan ýaly. Nitrogrinolog, nitrogliserin ulandym. Peýdasy kän degmedi. Şoňa garamazdan, kompýuterde güýmendim. Daňa golaý ymyzganypdyryn. Beýle ýagdaý mende ozal bolmandy diýen ýaly. 22.12.2021. Serdarlarda otyrkam, Sona Ýazowa jaň etdi. «Sen hasa göteripdiň. Nähili bu keselden saplandyň? Nyýazow saňa bäsleşikde baýrak gowşuranda «Allaýar, saňa hasa götermek ir. Ýaramaýanyňy eşitdim» diýdi. Ol munuň ýaly zady her kime-her kime aýtmaýar. Çüriýewe aýtdy» diýip, il gürrüň etdi” diýdi. Men Sona bilen 1971-1973-nji ýyllar aralygynda «Ýaş kommunist» gazetinde bir kabinetde oturyp işleşipdik. Indem onuň ýanýoldaşy Rejep Ýazowyň oglan döwründäki ýarasy (oglan döwri – 7-nji klasdaka maşyndan ýykylýar, dyzyna zeper ýetýär) gozgapdyr. Bir aýagy hereket etmeýän eken. Häzir ol 82 ýaşynda). Men Sona «Şo wagtlar meniň aýagym agyranokdy, meniň keselim nerw bilen baglydy» diýdim. X X X Birki günlükde Gurbanjemal Ylýasowa özi bilen bagly bir gürrüň etdi. Ol şu aýyň 27-sinde agtygy Muhammediň durmuş toýunyň sadakasyny berýär. Toý etjek bolsaňam uly pul gerek. Olarda-da beýle zat ýok. Ol şeýle diýdi: – Men gelnim Çemen (ol telewideniýäniň «Miras» kanalynda redaktor bolup işleýär) bilen toýuň gürrüňini edip otyrdym. Nika suwuna gandyň gerekdigini aýdyp durkam, şo wagt gapymyz kakyldy. Ýokarky goňşymyz hudaýýoly diýip paçkada gant paýlaýan eken. Geň galdym. Soň gelniň elini una batyraňda kendirigiň hem gerekdigi hakda aýtdym. «Bir kendirik gyzym Gülşatda bar. Beýlekisini hem gözlemeli bolar-da» diýip durkam, Marydan jaň geldi. Çemeniň aýal dogany jaň edýär. Ol «Kendirik almaň, bizde bardyr» diýdi. Muňa-da geň galdym. Sadaka etjek bolsaň, çadyram gerek. Çadyra pulumyz ýetjek däl. Şo wagtam öýümiziň gapysy kakyldy. Oglum Annamyradyň işdeş ýoldaşy gelipdir-de, näçe wagtdan bäri üzüp bilmedik bergisini getirendigini aýtdy. Ol gidensoň Annamyrat: «Sadaka-da çadyrsyz bolarmy?» diýip, 2 müň manady öňümize oklady. Ine, saňa gerek bolsa! Bu ahwalata kim ynanjak? (Ynanmasalar ynanmasynlar, Gurbanjemal bu hakda ýalan sözlejek aýal däl). 24.12.2021. Agşam «Mir-24» telekanalynda artist Leonid Filatow hakynda gepleşik berildi. Ol 2003-nji ýylyň oktýabrynda öýken keselinden ýogalypdyr. 1969-njy ýylyň tomus aýlary meni – TDU-nyň türkmen filologiýasy fakultetiniň 3-nji kursunyň studentini «Bahar» radiostansiýasynyň starşiý redaktory Nargylyç Ataýew radioda işlemäge çagyrdy. Men o ýerde iki aýlap işledim. «Baharda» Baýram Rahmanow, Gurt Garýagdyýew, Akja Nyýazmyradowa ýaly žurnalistler bilen bile işleşmeli boldum. Režissýory Baýram Gurbanowdy. Juma Ýazmyradow bilen Ogulbagt Çaryýewa alyp barýardylar. «Baharyň» orus redaktory hem bardy. Ol orus gyzynyň ady ýadyma düşenok. Ine, şol günlerde men Moskwadan gelip, iş praktikasyny «Baharda» geçiren Leonid Filatow bilen tanyşdym. Ol aldygyna çilim çekýärdi. Çilimi gutarsa, ol maňa «Starik, hany bir çilim ber» diýýän gezekleri köp bolýardy. Nargylyjy «Mydam taýýar» gazetiniň redaktorlygyna bellediler. Kakabaý Ylýasowy hem «Bahara» geçirdiler. Soňam okuwyň daşyndan radioda işlemek üçin men Kakabaý Ylýasow, radionyň direktory Annagoç Nyýazmuhammedow dagy bilen gürleşdim. Soň ýaşuly agamyz Öwez Orazow bilen radiokomitetiň başlygy Nurjan Amanowyň ýanyna girdik. Olam «Redaksiýa garşy bolmasa, işläbersin» diýdi. Men okaýan ýerimden «Garşy däl» diýen hatam getirdim. Dekanymyz, ýalňyşmasam, Öde Abdyllaýewdi. Hata gol çekdi. Birdenem garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Kakabaý Ylýasow «Menden sorasalar, men seni goldaryn» diýen adam, indi garşy çykyp dur. Muny maňa Annagoç aga aýtdy. Şeýdibem men işimi dowam etdirip bilmedim. Sözüniň yzynda durup bilmeýän adamlaryň bardygyny men ilkinji gezek Kakabaý Ylýasyň mysalynda göz ýetirdim. 26.12.2021. 1989-damy ýa 1990-damy, ýadyma düşenok, telewideniýeden bir žurnalist oglan, megerem, Annaberdi Sylabowmy ýa Sylap Annaberdiýewmi, gelip, menden interwýu alyp gitdi. Interwýunyň esasy soragy: «Bize Kommunistik partiýa gerekmi?» diýen sowaldy. Men partiýanyň ähmiýeti hakynda aýtdym. Maşgalamyzyň kommunist maşgaladygyny gep ugruna aýdypdym. Kakam Çüri Çaryýewiň köne kommunistdigini hem aýdypdym. Partiýanyň halka, ýurdumyza örän gerekdigini hem çyn ýüregimden aýdypdym. Meniň interwýumy şo günmi ýa ertesimi «Iki pikir» diýen ýaly görnüşde berlipdir. Ikinji pikir Türkmenistanyň Komsomolynyň MK-synyň şol wagtky propaganda boýunça sekretary Habybulla Durdyýewiň pikiri. Ol Kompartiýany inkär edipdir. Kompartiýa komsomolyň lideri derejesine çenli göteren H.Durdyýew üçin Kompartiýa gerek däl bolupdyr. Hany, logika?! Soňy näme? Men – Allaýar Çüriýew öz ideýasyna ygrarly, ynsabyna ikilik edip bilmedik Allaýar Çüriýew, hudaýa şükür dünýäniň açyk howasyndan dem alyp ýörün. Ygrarsyz Habybulla, gynansak-da, türmede ýogaldy. Indi toprak astynda demini alman ýatyr. Telewizordaky şol çykyşymdan soň, men obamyza – Könekesire gidip, gaýdyşyn Nohuryň bäş kötele golaý çynaryň, çeşmäniň başynda biraz dynç alýarkak, bir nohurly ýaşuly hem ýanymyza gelip oturypdy. Tanyşdyk. Ol meniň Allaýar Çüriýewdigimi bilip, telewizordaky çykyşymy görüpdir. Ol «Uruş weteranlarynyň ählisiniň adyndan köp sag bol» aýdypdy. Bu waka, ýaňy ýadyma düşdi-de, gündelikde galsyn diýip, ýazga geçirmegi makul bildim. Kakam hakda onuň dosty polkownik Iwan Aleksandrowiç Woronin «Naşa granisa» (Wolgograd, 2008, 158-159 sah.) «Moýa granisa» (Wolgograd, 2005, Stanisa – 2 neşirýaty; «O moýem druge Çury Çaryýew”, 226 – 334 sah.). «Žizn prožit» (stihi 2001 – 2007 g., Bolgograd, 2008 g.) kitaplarynda gyzykly gürrüň berýär. 30.12.2021. Şawan aga, Baýram Sähet üçimiz bolup edebiýatçy alym Gurbandurdy Geldiýewi iň soňky ýoluna ugratmaga bardyk. Ol öten agşam ýogalypdyr. Düýnem onuň doglan güni ekeni. Ol 1942-nji ýylyň oglany bolmaly. Annagurban Aşyrow hem baran eken. «Iniň ýogalypdyr, yzy ýarasyn» diýdim. «Soňky döwürde edebiýatçy köp ölýär» diýdi. 03.01.2022. Täze ýylyny gutlap, Tirkiş Jumageldiýewe jaň etdim (31.12.2021). Birküç gün mundan öň Atajan Tagan jaň edip, meni Täze ýyl bilen gutlady. Şu gün Şawan aga bilen gürrüňdeş boldum. Men ondan Penji Agalyýewi soradym. Çünki ol Penji agany gören adam. Öýlerine barýan eken. Onuň öýi Hitrowkadaky keselhanadan gündogarda ýerleşýän eken. «Penji aga oba ýerlerinden gelýän adamlara arap hatyny öwredýärdi. Bir gün ol maňa: «Guda, seniň öwrenesiň gelenokmy?» diýdi. Men o wagtlar kandidatlyk dissertasiýany bilen bu zatlardan daşdadym. Ýöne öwrenäýmeli eken. Zyýan-a degmezdi» diýip, Şawwan aga aýtdy. Penji aganyň 2 ogly, üç gyzy bardy. Ogullarynyň ulusy Ryzaguly, kiçisi Orazguly. Gyzlary Äşe, Emine, o gyzynyň ady ýadyma düşmedi. O gyz täjik oglana durmuşa çykan bolmaly. Orazgulynyň aýaly Selime Orazowa. Ol stawropolly gyz. Şawwan aganyň aýalynyň doganoglany. O gyz medinstitutda okapdyr. Esenguluda praktika geçende iş bilen komandirowka baran Orazguly bilen tanyşýarlar. Orazguly «Türkmenpotrebsoýuzda» KRU-da işläpdir. Bular durmuş gurýarlar. Bulardan Ýakup, Ýusup diýen oglanlar bolupdyr. Ryzaguly öýlerinde küşt oýnap durka, ýoldaşy bilen gepi azaşýar, küştdeş ýoldaşy öýlerinden (goňşy ekenler) tüpeň getirip, Ryzagulyny atyp öldüripdir. Diller institutynda Penji aganyň bir agtygy – Oguljennet iňlis dilinden sapak berýär. Başga bir agtygy Gunça Mämmedowa medeniýet ministri hem boldy. Häzir ol Bagtlylar öýüniň başlygy. (ZAGS). Ikisem gaty owadan maşgalalar. Penji aganyň öýüne barýan wagtym onuň aýalyny görmedim. Ol ýogalan bolmaly. Onuň kürt gyzy bolmagy hem ahmal. Oguljennet bilen Gunçanyň owadanlygy hem şondan bolmagy mümkin. Olar Penji aganyň gyzlarynyň birinden bolmaly – diýip, Şawan aga aýtdy. Penji aganyň özi Tejenden bolmaly. Ol görnükli folklorçy. Bertels işleriniň birinde (Nowaýy) Agalyýewiň işine hem salgylanypdyr. X X X Gije 2-niň ýarlarynda gaty derledim. Gan basyşym ýokary, 160, pulsum 100-denem geçýän bolmaly. Serdary çagyrdym. Geldi. Gelmäke nifedepinden birini, korwaloldan içdim, anaprilin, nitrogliserin ulandym. Soň köşeşdi. 09.01.2022. 4-ne pensiýamy aldym. 30-40 sany pensioneri üýşürip, aýyň 2-sine pensiýa berýärdi. Bu gezek 3-ne-de bermedi. 4-ne barsam, pensiýa paýlanýan ýerde adamlar üýşüp durlar. Howa sowuk. Men maşynly bolamsoň, birküç gezek gelip gitdim. Soňky gelemde pensiýa paýlaýan Pena atly ýigit «Allaýar aga, kim nägile bolýar?» diýip, gaharly sorady. Men mundan öň birnäçe gezek jaň edenimden soň, onuň nämüçin bizi sowukda garaşdyrýandygyny, adamlar nägile bolýar» diýipdim. Ol bir sagatdan soň gelip, özünde günä ýok hasaplap, adamlary äsgermezçilik edenine gaharym gelmedi. Duranlaryň ýekejesem oňa nägilelik bildirmän durlar. Içinde biri, megerem, ol öň polisiýada işlän bolmaly, «Bize şu bolýar. Biz öýden çykamyzda gümür-ýamyr etjek bolup çykýas» diýdi. Men haýran galyp, pensiýamy alyp gaýtdym. Ertesi raýsobese baryp, pensiýamy karta geçirtdim. Adamlar hil-hil bolýar. Men şol adamyň bolşuna gaharym geldi. 11.01.2022. Düýn işde irden filologiýa ylymlarynyň kandidaty Aman Nurmuhammedow bilen salamlaşdym. «Daňdan sagat 4-de turup çörek nobatynda durdum. Köp garaşmaly boldy. Howa sowuk bolansoň, sowuk geçdi» diýdi. Onuň aýaly geçen ýyl ýogaldy. «Ýeke ýaşasaň gowy eken. Agtygym gelni bilen bile ýanymda bolýar. Göwünlerine ýetmek kyn. Sen berekella. Ýeke ýaşap oňarýaň. Saňa gahrymanlyk bermeli» diýdi. Ol soň iş kabinetime gelip, «Rossiatskaýa týurkologiýa» žurnalynda özi hakynda ýazylan makalany görkezdi. Ol 85 ýaşady. Makalany ýazan Maral Taganowa. Ol biziň işdeş ýoldaşymyz. 13.01.2022. Serdar şu gün 49 ýaşady. 16.01.2022. Düýnden başlap ýurduň köp ýerlerinde karantin yglan edilipdir. 19.01.2022. Çary bilen Ahmet Mämmediň öýüne baryp, ony sorap gaýtdyk. Sakgaly ösgün, ap-ak. «Tatarlaň mollasyna meňzeýäň» diýdim. Öýdäkiler gülüşdiler. 28.01.2022. Öten agşam Serdar bilen Baýjanlara görme-görşe baranymyzda ol ýok ýerden «Siziň hemmäňiz boş çykdyňyz» diýdi. Men jedelleşmedim-de, «Aýdanyň dogry» diýip oňaýdym. Jedelleşsem, bir-biregiň göwnüne gaty degmeli boljakdygyny bilýän... 03.02.2022. Çary Kuly, Baýram Sähet üçimiz Ahmet Mämmediň öýüne bardyk. Ýaraman ýatyr. «Kellesinde çiş bar» diýýärler. Birsalym degişdik, gülüşdik. Surata düşürdim. 7-nji fewralda 80 ýaşy dolýar. 05.02.2022. Irden 10-larda koronowirusyň garşysyna 3-nji gezek sanjym aldym. Öňküleri geçen ýylyň mart-aprel aýlarynda alypdym. Hytaý sanjymlarydy. Bu gezekki Orsyýediň sanjymy. Sanjymdan soň wraç Jeren Guwanjowna Kerimi gan basyşymy ölçedi – 130-da 80. «Pulsuň hem gowy» diýdi. Sanjymdan soň, döşüm agyrýan ýaly. Howadan hem bolmagy ahmal. Öýe gelip, bir tabletka parasetomol içdim. Gyzgynlyk – 3608. (12 sag.05). Soň agyry ýürege geçdi. Dilimiň aşagynda walidol goýdum, soň korwalol içdim. Şumat sagat öýlän 4-üň ýary, agyry aýrylanok. 16.02.2022. Ýaňyja Çary Kuly, Durdy bilen Ahmet Mämmedi sorap geldik. Öňki gezek baranymyzda onuň ýanynda birki sany aýal oturan eken. Ahmet aganyň aýaly Jumagül «Şo gezek geleniňizde, eneli-gyz biziň gudamyz sizdigiňizi bilip: «Kitaplaryny köp okadyk. Hudaýa şükür, özünem görmek nesip etdi» diýip, aýtdy diýdi. 18.02.2022. Garaşsyzlygyň öňüsyrasynda akademiýada ýygnak geçirilipdir. Şonda akademik Pygam Azymow hem alymlaryň meseleleri hakynda çykyş edipdir. Ol TSSR Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bolup birnäçe wagtlap işlän adam. Ol Soýuzymyzyň görnükli alymlary bilen iş salşan adam. Bertels, Žirmunskiý, Gordlewskiý, Masson, Kononow we beýlekiler. Ol alymlaryň hem oňa hormat-sylagy uly. Çykyş edip otyrka prezidiumdan oňa “Otur» diýlipdir. Pygam aga hem «Oturjak däl. Pikirimi soňuna çenli aýtjak» diýipdir. Şunda men Gorbaçýowyň tribunada çykyş edip duran akademik Saharowa «Çykyşyňy bes et. Otur» diýeni ýadyma düşdi. Saharow birki gündenem ýogaldy. Pygam Azymow hem şol putsatdan ara kän wagt salman bu dünýä bilen hoşlaşypdy. Ol Kakanyň ýolunda ogly bilen maşynly barýarkamy ýa-da gelýärkämi awariýa heläkçiligine uçrapdyr. X X X Imran şu gün Bilim ministrliginiň halkara bölüminde işe başlady. Işiň rowaç! * * * Atajan Tagan arada (5-10 günlükde) jaň edip özi hakynda «Türkmenistan» gazetinde makala çykandygyny aýdyp, okap görmegimi sorady. «Edebiýat we sungat» meni gadagan edýär. Türkmenistanyň baş gazeti bolsa men hakda makala çap edýär» diýdi. X X X 25-nji martda alymlar geňeşinde «Türkmen edebiýatyny öwrenijiler» (Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna» atly monografiýamy neşir etmek hakdaky meselä seredildi. Bu monografiýadan başga-da filologiýa ylymlarynyň doktorlary Gurbandurdy Geldiýew bilen Ahmet Mämmedowyň monografiýalary hem neşire hödürlenildi. Düýn Çary bilen Ahmet Mämmediň öýüne baryp, ony sorap gaýtdyk. Çary elindäki kagyzy Ahmede görkezdi. Kagyzdaky onuň ýazan neşir edilen kitaplarynyň sanawy bardy. «Galan-gaçan bolaýmasyn» diýen niýet bilen Çary munuň Ahmet Mämmedi Magtymguly baýragyna hödürleýändigi üçin gerekdigini maňa aýtdy. Ozalam ony bir gezek hödürläpdirler, geçmändir. Indem bu gezegem hödürleýärler, aýtsak kesel ýatan adamyň gaharyny getirmäýin diýip, Çary muny özüne aýtmady. Ony baýraga institut hödürlejek bolýar. 02.03.2022. Obadaşymyz, il ýaşulysy Aşyr Gurban ýogalypdyr diýip habar geldi. Men ýaramok. Bir gowşaklyk bar, bokurdagym gijedi. Irden Merjeni çagyrdym, iki sany ukol edip gitdi. Serdar dagy irden Aşyr Gurbanyň patasyna ugrady. Arada Merjenem meňki ýaly syrkawlady. Häzirem ol özüne gelip bilenok. Şäherde «grip bar» diýýärler. Ýaňy «Ýagdaýyň nähili?» diýip Azat Rahman sorap jaň etdi. Öten agşam jaňlaşanymyzda oňa «ýaramok» diýip aýdypdym. Ol menden 3 ýaş dagy uly. 1946-njy ýylda doglan. Öten agşam ol «Şu gün «Nesil» goşgularymy çap edipdir» diýip begenip aýtdy. Şumat penjiräniň öňünde oturyp daşaryny synlaýan. Garşymyzdaky duran zibilhana gaplaryny bir erkek adam dörjeläp dur. Özüne gerekli zat tapmanam gitdi. Zibil dörüp, gün görüp eklenýänler barha köpelýär. Işden galjagymy irden Çara jaň edip aýtdym. Bölümde Gurbanjemala-da duýdurdym. Ertir institutda 8-nji mart baýramçylyk çäresinde goşgy okap bermelidim. Ýarasam gatnaşaryn. X X X O gün Turan Serdaryň garnyny görüp: «Ata, haçan sen meniň gardaşymy çykarjak?» diýip, geň sorapdyr. X X X Şu gün Sähetmyrat jaň edip, hal-ahwal soraşyp durka, Aşyr Gurbanyň patasyna giden Serdar elime jaň etdi. Men oňa «Jaňam-a gelýär» diýsem, «Allaýar aga, on minutdan jaň edäýerin» diýdi. Öýlänler «Bä-ä, Sähetmyrat 5 minutdan jaň ederin» diýipdi, 3-4 sagadam geçdi weli, näme bolduka, jaň etmedi?» diýip, öz-özüm bilen gepleşip durkam, jaň geldi. Ine, saňa gerek bolsa, Sähetmyrat jaň edýär!!! Men muny oňa aýtsam «Mende-de şeýle bolýar» diýdi. Mende şuň ýaly zatlar ýygy-ýygydan bolýar, Serdar ýa Azat, Merjen dagy bilen kän gezek şeýle boldy. X X X Ýene bir geň galmaly zat. «Serdar obadan geldimikä?» diýip, 22 sag. 58 min. eline jaň etdim. Ol «Edil şumat gapydan girip durşum» diýdi. Öýe gelip girenini gören ýaly, meniň jaň edişim geň. Resul ýegen olary Mürçede alyp galyp, çaý-suw beripdir. Şopuram berip, Serdaryň maşynyny sürdüripdir. Özem Aşgabada Serdary getirip, taksi tutubam Mürçä gidipdir. 04.03.2022. Şu gün leçeniýe almak üçin poliklinikada köp analizimi tabşyrdym. Soň Baýjana jaň edip Kowidiň mazogyny laboratoriýalarynda almagy haýyş etdim. Bölüm müdiri Gunçanyň özi burnumdan, bokurdagymdan mazok aldy. Birnäçe wagtdan soň Baýjana «Allaýar aganyň gany položitel çykdy» diýipdir. Leçeniýäni birki gün mundan öň alyp başlapdym. Merjen sanjym edýär. Indi sifizalin sanjymyny 3 gün däl-de, 5 gün alyň diýip, Rahat ýegenem, Aýgülem aýtdy. Başga üýtgeşik ukollar gerek däl – diýdiler. Öýkene geçmeýän eken. Bolsa-da ertir irden poliklinika baryp öýkeni rentgenden geçirtjek. Diksimetazoldanam 6 kubik sanjym etdi. Ol indi gerek däl diýdiler. Serdar «Gaty arkaýyn bol» diýip köşeşdirdi. 06.03.2022. Öten agşam atam Çary Baly bilen obadaş ýaşuly Allanazar Towy düýşüme giripdir. Atam 1986-njy ýylyň 31-nji maýynda ýogalypdy. O ýaşulynyň ýogalanyna 30 ýyl dagy geçendir. O ýaşuly «ýör» diýse-de galdym öýdýän. Gowy ýadyma düşenok. O gün kowid üçin mazok beripdim. Ýaňy başlan eken – 20-ni görkezýär – diýip, mazok alan gyzymyz Gunça aýdypdyr. Şu agşam 5-nji gün sanjymy alýan. Şol ýeterlik - diýip, Rahat ýegenem, Aýgülem Serdara aýtdylar. Merjen sanjym etdi. Sanjymyň ady sifizalin, alty kubigem diksimetazon ukoly sanjyldy. Orazgül düýşüme giripdir. 07.03.2022. Agşam ymyzganypdyryn. Agşam sagat 9-yň ýarynda hopugyp oýanypdyryn. Aşyrdöwlet düýşüme giripdir. 12.03.2022. Gije garry enem düýşüme giripdir. Şyhattarda. X X X Şu gün ýurtda Prezident saýlanýar. 9 kandidat bar. Şolaryň biri hem Serdar Berdimuhamedow. 40 ýaşynda. Beýlekileri öz obalarynda tanaýmasalar, tanaýan adam ýok. Elbetde, Prezidentiň ogly Serdar Prezident saýlanar. 15.03.2022. 13-nden leçeniýe başladym. Şu gün irden ýagyş ýagyp başlady. Ýaz ýagyşy. Gülnar irden öýüme geldi. 16.03.2022. Şu gün çowlugym Turanyň doglan güni. Gutlamaly. X X X Irden, işe diýip çykjak wagtym Öwez awamyň Balyş Öweze aýdany ýadyma düşdi. Öwez Nuryýewiç Orazow biziň agamyzdy. Ol 20-nji ýyllarda okuw diýip Aşgabada gelip okapdyr. Kakasy Oraz ýetim 1924-nji ýylda obamyzda kolhoz gurlanda onuň ilkinji başlygy. Şo ýyl hasyl bolmansoň, «Seni basarlar» diýseler Eýrana, maşgalasyny alyp geçipdir. Öwez Aşgabatda galýar. Otuzynjy ýyllaryň başlarynda «Turkmenskaýa iskra» gazetinde (ýyly, aýy ýadyma düşenok, belläp almandyryn) Öwez agam bu hakda çykyş eden eken. Men ony okadym. Soň ol hökümetde birküç ministrlikde ministr bolup işläpdir. 1958-nji ýylda «Suhan Babaýewiň adamlary» diýip, ony hem işden çykarypdyrlar. Ilki Jumadurdy Garaýew, soň Suhan Babaýew tarapyndan Sowet Ministriň başlygy wezipesinden boşadylan Balyş Öwez (alkogolizm sebäpli) TKP MK-nyň birinji sekretary bolýar. Ol döwründe Öwez aga garşylyga sezewar bolýar. Soň 1969-njy ýylda Balyş Öwez işden boşadyldy (bu gezegem arak sebäp bolýar). Bir gezek Öwez aga keselhanada ýatyrka, Balyş Öwezem bejergi üçin gelipdir. Şonda Öwez aga oňa: «Balyş, senem bu ýere gelmejek ýalydyň?» – diýdim diýýärdi. 17.03.2022. Işdeş ýoldaşymyz Täzegül Täçmämmedowa öz enesi Aýjemal hakda gürrüň berdi. Aýjemal ilki Bekmyrat baýyň aýaly eken. Baý ikinji gezek Eýrandan getirilen gyrnak gyza öýlenipdir. Aýjemal gahar edip, öz atasy öýüne Garaman obasyna gelipdir.. Hiçisindenem çaga önmändir. Ol 1980-nji ýylda 80 ýaşlarynda ýogalypdyr. Ol gaty owadan aýal eken. Saçlary dyzyna ýetip duran eken. «Ýogalmazyndan öň men özüm seretdim» diýip aýtdy. Agtygy Jymagüle aýratyn seredýän eken, ýöne ýaramaýan wagty ol kän bir habar almandyr. Şonuň üçin ol «Dilimiň aşagynda paýyňy goýýardym» diýýän ekeni. Çaga dogurmanlygy üçin «Topugyma gan degmedi-dä» diýýän eken. «Enem ýatjak bolanda, ýorgana girmänkä käsedäki çaý bilen arassa matany ölläp, aýagynyň barmaklarynyň arasyny süpürýärdi» diýip, Täzegül aýtdy. Onuň soňky adamsynyň ady Aky». X X X Gijesi bilen ýaz ýagyşy ýagdy. 06:55. Häzirem ýagmagyny dowam edýär. X X X Norweg ýazyjysy Arne Garberg (1851–1924) şeýle ýazypdyr: «Puluň bolsa hemme zady satyn alyp bolýar» diýýärler. Bu beýle däl. Puluňa iýmit satyn alyp bolar, ýöne işdäni satyn alyp bilmersiň: dermanam şeýle, ýöne saglyk satylmaýar; bilimliligiňi satyn alyp bolar, ýöne weli pähim-paýhas satyn alyp bilmersiň; puluňa bezenip-beslenip bilersiň, ýöne owadanlygy gazanyp bilmersiň; özüňe güýmenje taparsyň, ýöne kalbyňa şatlygy salyp bilmersiň. Tanyş gazanarsyň, dostlugy gazanyp bilmersiň, hyzmatkär tapylar, ýöne wepalylygy pula satyn alyp bilmersiň; erkinlik taparsyň, ýöne rahatlyk tapmarsyň; dünýäde näçe gabyk bolsa satyn alyp bolar, ýöne onuň özenini weli eýeläp bilmersiň. X X X 12:20. Ýaz ýagşy dynman ýagyp otyr. 18.03.2022. «Ahmet Mämmet seni sorap geldi» diýip, Gurbanjemal Ylýasowa aýtdy. Sorap barsam giden eken. Jaň etdim, Dawudyň (institutyň direktory) ýanynda eken. Barsam, ol Şirinjemal Geldiýewanyň ýanynda. Dawut liftiň ýanynda meni görüp, «Babajan düýn toý etdi. Şolara görünjek. Ýör gideli» diýdi. Men ýaraman, bejergi alyp ýörenim üçin oňa «Men gitmäýin. Ýaramok» diýdim. Ahmet aga bilen görüşdik. Indi ol birnäçe aýdan bäri öýünde. Işe birinji gezek gelşi. Men oňa «Öýüňe maşynly äkideýin» diýdim. Aşakda Ýazgylyç aga bilen görüşdiler. Gelni «Döwlet maşynly gelipdir» diýse, ol ogly bilen öýüne gitdi. Ahmet aganyň kellesinde çiş bar diýdiler. 19.03.2022. Ukrainada indi 25-nji fewraldan bäri uruş gidýär. Ukrain milletçileri faşistlerdenem zabun hereket edýärler. Rus halky beýik halk. Degmedige degmeýär. Degseler weli almytyny alýar. Taryh muňa şaýat. Şwed koroly XII, imperator Napoleon az sanlyja adam bilen rus topragyndan gaçyp gitdiler. Stalin ganhor Gitleri we onuň oýnatgy goşunyny çym-pytrak etdi. Ganhorlar, milletçiler taryhdan sapak almaýarlar. Dünýäniň habar beriş serişdeleri ukrain wakalaryny öz halkyna habar berýär. Men 1973-75-nji ýyllarda Moskwada, Ýokary komsomol mekdebinde žurnalistika ugrundan okamda, häzirki söweşiň gidýän ýerleri Luganskide – öňki Woroşilowgradda syýahatda bolupdym. Mariopol – öňki Ždanow şäheri bile Moskwada okan ýoldaşym we dostum Iwan Ýurýewiç Awramowyň şäheri. Iwan häzir Kiýewde ýaşaýar. Ol birnäçe romanyň, birnäçe kitabyň awtory. Ukrainada tanalýan ýazyjy. Onuň bilen 1994-nji ýyldan bäri hat alyşmadym. Ýöne muny men internetden bilýän. 20.03.2022. Olimpiýa şäherjiginiň garşysynda ýaşaýan ýoldaşym «Irden howluda duran maşynlary aýyryň» diýip, sekiz sany poliseý goh edip, maşynlary aýyrtdylar. Zähräm ýaryldy. Gorkup aýnamy ýapdym» diýip jaň etdi. 24. 03. 2022. Öýlän 4-üň ýarlarynda «Ylym» neşirýatynyň işgäri Jora «Täçmämmet Jürdekow ýogalypdyr. Sagat 5-de öz obasyna, Gökdepä ugradýarlar» diýdi. Baýram, Jora üçimiz Täçmämmedi ugradyp gaýtdyk. Şo ýerde Sapargeldi Hana duşdum. Ony selhozyň ýanynda düşürdim. Şu agşam Gülnar Meňliýewanyň iň soňky anna agşamy eken. Ýolugra birini işiniňň ýanynda düşüremizden soň, Sapargeldi özüniň «Ýaş kommuniste» baş redaktor bellenende, ýaňkam orunbasar eken. «Indiki işlerimiziň planyny çekeliň» diýse, ol «Sen baş redaktor, özüň çekiber. Meň şumat kelläm agyrýar» diýipdir. «Bolýar. Gaýt, dynjyňy al. Şofýor öýüňize äkider» diýen. Sapargeldi on günläp maşynyny hem, şofýoryny hem görmändir. Orunbasaram işde ýok. Soň şofýordan sorasa, «Orunbasaryň «Sen meniň ygtyýarymda» diýdi» diýipdir. 26.03.2022. Düýn Ýazgylyç Orazgylyjow bilen onuň kabinetinde birsalym gürrüňdeş bolduk. Öz obasynyň – Baýramaly etrabynyň Lesnoz diýlip atlandyrylýan obasynyň adamlaryny ýatlady. Bu obada ýaşaýanlar 15-20 hojalyk bolmaly. Köpüsi bularyň ärsarylar eken. Gara däli diýip bir ýaşulynyň gürrüňini etdi. Babamyň ýekeje ogly bar eken. Şony frontdan yzyna getirmek üçin Gara aga babasyny alyp raýon merkezine 5-6 gezek äkidip getiripdir. Ýöne netijesiz hem bolsa Gara aganyň ýaşuly adama hemaýat etmegi gowy. - Bir gün 7-8 adam bolup otyrys öýde. Gara aga-da bar, Çary diýip bir mekdep ýoldaşymyz hem otyr, birden Gara aga ýerinden ýyldyrym çakan ýaly bolup, Çarynyň üstüne böküp mündi. Ýakasyny goýberenok. Bizem aňk-taňk. Çary: «Gara aga, bu seniň çynyňmy?» diýdi. – Hawa, çynym. Çary-da aldy-da Gara agany aşagyna saldy. Indi Gara aga näme diýýär: – Çary, men saňa näwagt berseňem bolýa ¬– diýdim-ä! Çary Gara agadan pul karzyna alypdyr-da, wagtynda bermändir. Birküç gezegem ol Çaryň ýanyna «Bergiňi ber» dýip baran eken. - Otyrys öýde. Pylan aga (ady ýadymdan çykypdyr – A.Ç.) ýekeje oglunyň jüllügini görkezjek bolýar. Ol oglanyň eýýäm murty-zadam çykan oglan-la. Oturanlaryň biri: – Aý, pylany, ellejek bolsaň, meňkini elläýsene! – diýdi. Wakyrdy boldy. - Agşam öýde üýşüp otyrys. Elektrik çyra zat ýok. Pelteli çyranyň daşynda. Ejem birden geldi-de, «Agyla ogry giripdir» diýdi. Bizem hasanaklap agyla barsak, dogrudanam garaňkyda goýunlaryň ýanynda bir gara zat sömelip dur. Pylan aga näme diýýär-ä. – Tanalýansyň, bilinýänsiň, hany çyk bol! Görüp otursak, ol kürre eken. Sowuk görüpdir-dä, agyla giräýen eken. Ertesi üýşmeleňde ýok adam (ady ýatdan çykypdyr – A.Ç.) «Düýn agyla ogry giren eken. Men tüpeňi alyp, ogryny ele saldym» diýip gürrüň edýä-dä! - Orazmyrat aga diýip birimiz bar. Salamlaşanda-da çalajan. Otyrys. Olam geldi-de, ýuwaşlyk bilen geçip oturdy. Birdenem saklap bilen däldir-dä, osurak ses çykdy. Hiç kimden ses çykanok weli, onuň özi: – Meňk-ä ýöne-le – diýdi. Oturanlardan biri: – Seňki näme pully bolmalymydy? – diýip aýdyp goýberdi. Muňa-da gülüşdik. - Obamyzda Anna aga diýip daýhan adam bardy. Magtymgulyny, «Göroglyny» ýatdan bilýärdi. - Gara aga toý etdi-de, menem toýuň bagşysy bolmaly. 6-7-nji klasda okaýardym. Ýogsam obada güýçli saz çalýanam, aýdym aýdýan bagşam bar. Olaram gelipdirler. Olaram aýdym aýtjak, saz çaljak. Gara aganyň gahary geldi-de: – Meniň bagşym aýtmajak bolsa – diýip, öňündäki saçagyň üstündäki zatlary elleri bilen ýykyşdyrdy. Obamyz ulam däl weli adamlar agzybirdi. Ýeter-ýetmezlik, ýöne şähdaçyk adamlardy – diýip, Ýazgylyç aga (ýaşy onuň 80-den geçen bolmaly) aýtdy. – Galanyny hem soň gürrüň ederis – diýip, hoşlaşdyk. – Bir gezek işleýän ýerimiz Taryh institutyndan çykyp, Sowminiň öňünden geçip barýardyk. Akademik Şamyrat Täşli, Muhammet Moşyýew, men. Şonda Muhammet: – Ozallar delräk zat görsegem keýpimiz hoş bolýardy. Indi içimiz ýörese-de keýpimiz hoş bolýar - diýenden, Şamyrat aga iki elini galdyryp bir gülendir weli, hoşuňa gelsin. Ol ömür agras adamdy. Köçede -zatda munuň ýaly hereket edýän adam däldi. Ýaňky Muhammediň gürrüňi özi bilenem baglanyşykly bolandyr-da, ýüregine jüňk bolaýdy öýdýän. 29.03.2022. Şu gün öýlän işde Şawanaly aga bilen birsalym gürleşip oturdyk. Ol filosof Izrail Lwowiç Sosonkiniň doktorlyk dissertasiýasyny näme sebäpden gorap bilmändigi hakda, muny ol ozalam maňa gürrüň beripdi, bu hakda men gündeligimiň bir ýerlerinde bellik edipdim. Akademik Geldi Orazowiç Çaryýew bilen Sosonkin oňuşmandyr. Bir ýygnakda ol Geldi Çaryýewiçe «Seniň maňa redaktorlygyň hem, maslahatyň hem gerek däl» diýip, gaharly aýdypdyr. Şonda Geldi Orazowiç «Bolýa. Meniň saňa bir soragym bar. Sen türkmen dilini bilýäňmi?» diýip sorapdyr. Olam «Ýok, bilemok» diýipdir. Mesele hem çözlüpdir. Şondan soň Geldi Orazowiç öz filosof dostlaryna sagat 2-3-den soň jaň edip başlaýar. Ilki Daşkende, akademik Haýrullaýewe «Sosonkin barsa, öňünden gapyňy ýap» diýýär. Soň Moskwa Teodor Iliç Ouzermana, olam Geldi Orazowiç bilen bile Moskwada işlän. Özem görnükli filosof. «Sosonkin barsa, öňünden gapyňy ýap!» Soň Bakuwa, filosof Koçerli Feritdin Kasym ogluna: «Sosonkin barsa, öňünden gapyňy ýap». Şeýdip Sosonkin pahyr gorap bilmedi. Garyn içege keselinden öldi. Olam ragyň bir görnüşi. - Anna Pawlowna Woýniç «Agitator bloknota» žurnalynda işleýärdi. Ol bir gezek ýanyna baramda, Moskwa gidýänligimi eşidip, jorasyna sowgadyny gowşurmagymy haýyş etdi. Moskwa birinji sapar gidişim – 1968-nji ýyldy. Boýniçiň jorasy meni öýüne çagyryp, çaý, kömelek bilen iýip-içirdi. - Täşli Hydyrow bölüm müdiridi. Ol Moskwa gidemde Tagan Baýarowyň kandidatlyk dissertasiýasynyň nähili ýagdaýdadygyny bilmegi menden haýyş etdi. Taganyň işini okamaga Klimowiçe berlen eken. Men oňa jaň etdim. Klimowiç özüniň ýakynda dynç almaga gidýändigini, Baýarowyň işini şo ýerde okajakdygyny aýtdy. - Men Moskwada iş sapary bilen bolanymda Lenin kitaphanasynda işledim. Şonda biz garrap giden Molotowy görýärdik. Gözi äýnekli. Özem gelende Leniniň oturan stulynda oturyp işleýärdi. Ýarym sagat, bir sagat oturyp işleýärdi – diýip, Şawwanaly aga aýtdy. - Mikoýan hakda ol «Ot Iliça do Iliça, bez paraliça» diýip aýdýardylar diýdi. 06.04.2022. Şu gün Wladimir Wolfowiç Žirinowskiý ýogalypdyr. Ol Russiýanyň liberal partiýasynyň başlygydy. 09.04.2022. Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Aşgabatda ulag sürmek çäklendirildi. X X X 3-nji aprelde «Miras» radio kanalynda men hakda gepleşik goýberildi. Sagat 14:00-da. Gepleşigi taýýarlan Şeker Hojanowa. Soň bu gepleşik 5-nji aprelde sagat 1900-da, 7-sine sagat 11-de gaýtalandy. Düýn Şeker jaň edip, 2-nji gepleşigiň hem şu tertipde 10-njy aprelde sagat 14:00-dan başlanjakdygyny habar berdi. 19.04.2022. Goňşymyz týote Şura ýogaldy. Ol 84-85 ýaşady. Adamsy dýadýa Wadim näsag. Olam şo ýaşda. Indi näçe wagtdan bäri öýünden çykanok. Olaryň çagasy ýok. Wadima indi kimiň seretjegi belli däl. Ine, saňa kyýamat! 22.04.2022. Timuryň ogly Soltaniýa şäherinde oturyp, tas Eýrana, Kawkaza patyşalyk eden Miranşah taryhçy alym Reşideddiniň jesedini – süňklerini çykaryp, ony ýewreýleriň gonamçylygynda jaýlamaly edipdir. Ýogsam Reşideddin ýüz ýyl mundan öň ýogalan. Muny men Gleb Golubewiň «Ulugbek» atly kitabyndan okadym. (Moskwa, «Molodaýa gwardiýa», 1960, «Žizn zameçatelnyh lýudeý», 11 sah., Mawerannahr – Zareçýe). 24.04.2022. Ýazyjy Rahym Esenowyň ýogalandygyny ýaňy Has Türkmen jaň edip aýtdy. Döwlete jaň etsem, «Şu gün Rahym Eseni jaýlapdyrlar» diýdi. Ol 1927-nji ýylda doglan. Ýöne onuň doglan ýyly, belki, 1923-24-nji ýyllar bolmagam ahmal. Muny Aşyrguly Baýryýew öz 60 ýaşyny bellände, Rahym Magtymowiçden soranda, ýaňky ýaly aýdypdyr. Muny maňa gürrüň beren Döwlet Ýazguly. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Rahym Magtymowiç! X X X Agşam dawleniýem galdy. 180-de 90 boldy. Nefedepin dilimiň aşagynda goýdum. Derledýär. 12-den soň Imran geldi. Ýanymda ýatjak. Peselen ýaly boldy, soň ýene derletdi, ölçesem 150-de 80. 28.04.2022. Düýn Maral Annagulyýewanyň «Kitaby Dädem Gorkudyň» pedagogik ahlak esaslary» atly temadan ýazan dissertasion işiniň seminar mejlisine gatnaşdym. Her döwür bir döwür-dä. Geçen asyryň ellinji-altmyşynjy, hatda segseninji ýyllarynda-da Gorkut ata alymlarymyzyň zähresini ýarýardy. Bu gün indi türkmen zenany Gorkut ata eseri hakda ylmy iş ýazdy. Berekella, Maral! X X X Seminardan soň Serdar bilen Orazgülüň, Mekan ýegeniň üstüne baryp aýat okadyk. X X X Beýik rus ýazyjysy Turgenew Gogolyň ölümine bagyşlap ýazan makalasynda «Beýik» diýip atlandyrany üçin Nikolaý I Turgenewi tussag edipdir. Türmeden çykansoňam, 3 ýyl öz mülkünde hiç ýere çykmasyz ýaşamaly edilipdir. Dünýäde geň galarlyk ýagdaý ýok eken?! X X X Agşam akademik Myratgeldi Söýegowyň aýalynyň ýylyna göründik. Hezret Durdyýew, Aman Nurmuhammet, Rahman Godarow, men. «Bägül» kafesinde geçirildi. 29.04.2022. Şu gün irden goňşymyz Toýlyň aýalyny gördüm. Düýn goňşymyz dýada Wadimiň ýogalandygyny aýtdy. Aýaly 5-6 günlükde ýogalypdy. Çaga-çugalary ýokdy. Ýatan ýeriňiz ýagty bolsun! Garrylyk hakdaky goşgularymyň birini Wadime bagyşlap ýazypdym. Ol 3-nji etaždaky jaýyndan äpişgäni açyp açyk howadan dem alýardy. Aýagy döwülenden soň daş çykyp bilenokdy. 01.05.2022. Öten agşam öýe Serdar bilen onuň dosty Akmyrat gelip bir käse çaýyň başynda birsalym gürrüň etdik. Akmyrat ykdysady ylymlaryň kandidaty. Moskwada gorapdyr. Ol Serdar bilen Almaata, Daşkende, Amerika saparlary hakynda-da bir topar zatlary aýtdy. Nýu-Ýorkda bir pars söwdagärinden 300 dollarlyk kostýumy 50 dollara alyşlary, Daşkentde Serdaryň «professor» lakamyny alyşy we ş.m. gülküli zatlar hakynda-da aýdyp berdi. Men oňa «Galkynan göwün» atly kitabymy sowgat berdim. Akmyrat ýene bir zat gürrüň berdi: – Men studentdim. Mugallymymyz Sähet Kakaýew bir gezek meniň ýanymda aýalynyň berýän hupbatlaryna çydaman aglady. O mugallym şumadam politehniki institutda işleýän bolmaly. «Ýogaldy» habaryny eşidemok. Onuň aýaly tatarkady. Aýalyň beti bet bolýar! 03.05.2022. Akademik Wasiliý Wladimirowiç Bartold (1869, 3 noýabr – 1930, 19 awgust) Bartoldyň aýaly Mariýa Alekseýewna, gyz familiýasy Žukowskaýa, belli parsşynas alym, professor Walentin Alekseýewiç Žukowskiniň (1858-1918), kiçi aýal dogany. Başga bir aýal dogany Aleksandra Alekseýewna akademik Nikolaý Ýakowlewiç Marryň (1864-1934) aýaly, belli sowet parsşynas alym, professor Ýuriý Nikolaýewiç Marryň (1892-1935) ejesidi. A.A.Marr 1939-njy ýylda ýogalýar. Bartoldyň aýaly Mariýa Alekseýewna bolsa 1928-nji ýylda ýogalýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |