23:22 Gündelikde galanlar -35/ dowamy | |
04.05.2022.
Ýatlamalar
Bir tanşym gürrüň berdi: – Burjak tiresi biziň goňşy obamyzda ýaşaýarlar. Olar keseden gelip obada ýolbaşçylyk edýän adamlary öldürmekdenem gaçmaýarlar. Biziň obamyzdan birini şo ýerik baş buhgalter edip iberdiler. Bir gün olar myhmançylyk guraýarlar. Nahar çekilmezinden öň ýaňky adam buşukmak üçin daş çykanda olaryň «Naharyny üýtgetmäň» ýaly sözlerini eşidip, ýüregi ýarylara gelip, öz obasyna gaçyp gelýär. Soň ol yzyna dolanmaýar. Raýkom oňa näçe käýese-de boýun bolmandan soň, ony öz obamyzda brigadir edip goýdular. Obamyza golaý başga obada ýene bir taýpa ýaşaýar. Olar kese ýere gyz çykarmaýarlar. Biri şol oba bir gelniň öýüne gatnaýan eken. Ertesi ol oglany obamyzda ýalaňaç, öýüniň derwezesiniň ýanynda maşyndan tapypdyrlar. Ony näme edenleri belli däl. Şol oglan uzak ýaşamady. Ýaňky burjaklar özleri awy ýasaýan eken. Ýüzärlik ýaňy güllejek bolanda onuň üstüni jam bilen ýapýarlar. Şondan çykan zäherli maddalar jamyň ýüzüne ýaýraýan eken. Şonam naharyna goşsaň, adam üç günden soň zäherlenip ölýär diýýär. 08.05.2022. Ýaňy Azat Rahman bilen jaňlaşdym. «Ýaňyja saňa bagyşlan goşgymy ýazyp gutardym. Garalama. Häzir okap bereýin» diýip A.Çüriýewe bagyşlan goşgusyny okap berdi. Meniň oňa jaň edişim, onuň hem men hakda ýazan goşgusyny tamamlap durşy hem geň ýagdaý. Goşgy gowy. Ýöne metbugatda çap ediljekmi, çap edilmejekmi başga gep! Çap edilmegi hökman däl. Şahyryň şahyr hakda ýüreginden çykan sözleri, ine, esasy zat! 12.05.2022. Gije 1-e 10-15 minut galanda oýansam, gaty güýçli ýagyş ýagýan eken. Aýnalar açyk. Köçe tarapdaky aýnadan ýagyş girdi. Çyra söndi. Soň ýene ýandy. Munuň ýaly ýagyşy men bu golaýlarda göremok. Edarada podwallara suw giripdir. Işden soňam ýagyş dowam etdi. 13.05.2022. «Oçerki oz istorii turkmenskogo maroda i Turkmenistana», A., 1954, str. 254. 1743-nji ýylda Nedir şa Kaspi boýlarynda iş alyp baran iňlis söwda kompaniýasynyň wekili Wudrufdan Kaspiniň günorta-gündogar çetlerinde ýerleşýän pars galalaryny goramak üçin berkitmäniň ýerini kesgitlemegi haýyş edýär. Munuň türkmenlerden goranmak üçin gerekdigini aýdypdyr. Ýöne Wudruf şeýle ýeri tapmandygyny ýazýar. Ol «Ýurt şeýle bir çöllük we ýabany weli, bu ýerde muňa öwrenişen türkmenler ýaşap biler» diýip belläp geçipdir. Nediriň 1744-nji ýylda türklere garşy göreşinde türkmenler hem gatnaşypdyrlar. Nediriň goşunynyň düzüminde Abiwerdiň, Nusaýyň, Durunyň, Çäçäniň, Mänäniň, Merwiň, Saragtyň we beýleki obalaryň adamlary bolupdyr. *** Şu günki howa Kislowodskini ýatladýar. Gün çykmady. Irden ýagyş ýagdy. Soň diňdi. Üýtgeşik howasy bar. *** Şu gün edara irden Myrat (murt) geldi. «Magtymgulynyň düşündirişli sözlügini» (elektron görnüşini) berdim. X X X Işde bir aýalyň sesini eşitsem-de ýüregim bulanýar. Gaty hilegär aýal. Adamsynyň hem başyna ýeten şol bolmaly. Döwletmyrat Ýazgulyýew uniwersitetde mugallym bolup işlän döwründe, bir gezek ol aýalyndan zeýrenip, aglap diýen ýaly gürrüň etdi diýýär. Aýallar žurnalynda işlände žurnalyň redaktory Abadan Baýlyýewna Seýitgulyýewa ony tanapdyr, işde uzak saklamandyr. Döwlet hem özüniň «Aýallar žurnalynda siziň bilen bile işledim» diýse, «Ýok, seniň bilen işlemedim» diýip, göz-görtele ýalan sözläp bildi. Indem «ýaramok» bahanasy bilen bir ýyldan bäri ýarym-ýalta işe gelýär. Bir gün gelse, hepdeläp gelmeýär. Gelende-de sagat 10-dan soň gelip, arakesme wagtynda-da gaýdýar. Kabinetinde doly oturan wagtyna gabat gelemok. Işi düşen adama göz-görtele ýaranjaňlyk edip bilýär. Ýasama. Şol adamlara para-peşgeş berip bilýär. Gaty ugursyz. Tanamasaň gowy adam diýip ýörmeli. «Äriniň adyny tutup, “her gün işe gidende, işden gelende meni öpýärdi» diýip bilýän utançsyz heleý. Iki gardaşyň arasyna çöp atan aýal. Gyzymyň durmuş toýuna men adamsynyň hatyrasyna aýalyny toýa çagyrdym. Toýa adamsynyň kiçi dogany hem geldi. Şonda ol aýaly görüpdir. Toýdan gidipdir. Şondan soň ol meni görse-de, deňimden salamymy alman geçip gidip başlady. Men näme üçindigine düşünmeýärdim. Birküç ýyl geçenden soň, men onuň näme sebäpden salam alman geçip gidýändigini soradym. Ol «Sen toýuňa şo .... çagyrypsyň» diýdi. Ol ony gowy tanaýardy. Bilmese, aýtmaly däl. Onsoňam ol jorasynyň aýtmagyna görä, uniwersitetde okap ýören döwürleri göwreli bolupdyr. Çtudent oglany, orusça aýdaňda, «pered faktom» goýupdyr. Şeýdibem ol öýlenmeli bolupdyr. 19.05.2022. (dördünji gün) Şu gün irden işdeş ýoldaşymyz filologiýa ylymlarynyň doktory, şahyr Ahmet Mämmedow 81 ýaşynyň içinde (fewralda 80 ýaşy doldy) aradan çykdy. Ilki kellesinde çiş bar diýdiler, soňam wannada ýykylyp çüýjügini döwdüripdir. Gipsde düşekde ýatmaly boldy. Birküç gezek sorap gaýtdyk. Soňky gezek arada «Garagum» žurnalynda ol hakda ýubileý makalasy çap edildi. Şol mynasybetli SMS iberipdim. Çarynyň ýazan SMS-ine «Meniň inim Allaýar nähili? Ikiňizem meniň dostum…» diýip ýazan ekeni. Ýatan ýeriň jennetden bolsun, Ahmet aga! 30.05.2022. Işdäki kabinetimi çalyşdym. Indi Baýram Sähet bilen bile oturýas. Ozal Ahmet Mämmet oturýardy. Pahyr arada ýogaldy. 04.06.2022. Öň uniwersitetiň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri bolup işlän bir tanşym 3-4 günlükde şu zady gürrüň berdi: – Uniwersitetde nemes klassyk şahyry Gýotäniň ýubileýi mynasybetli, uniwersitetde çäre geçirildi. Muňa nemes ilçihanasynyň hem işgärleri gatnaşdylar. Çäre ilçihananyň işgärleriniň tagallasy bilen guralypdyr. Şonda edebiýatçy alym Nazar Gullaýew hem çykyş edipdir. Ol çykyşynyň bir ýerinde nemesleriň aslynyň türkmenlerdigini aýdypdyr. Ilçihananyň işgärleri şonda hiç zat diýmän, çykyp gidipdirler. 05.06.2022. Dostumyz Mele Badaýew 2015-nji ýylyň 15-nji dekabrynda tarpa-taýyn ýogalypdy. Ol 1948-nji ýylyň 21-nji dekabrynda doglandy. Doglan gününe 6 gün galanda öz öýünde ýogaldy. Şu gije Mele meniň düýşüme (ýogalandan soň birinji gezek) giripdir. Öýde uzalyp ýatan eken. Menem «Peýnir aldym, şondan dadyp gör» diýýän. Soňy ýadyma düşenok. 06.06.2022. Öten agşam Pöwrize bilen Nöker geldi. Edebiýat, taryh hakda gürrüň etdik. Pöwrize edebiýatdan gowy baş çykarýar. Magtymgulynyň, Kerim aganyň köp goşgularyny ýatdan bilýär. X X X Gije ugursyz düýş görüpdirin. Adamlar menden gaçýamyşyn. Obadaşymyz Baýgeldi hem barmyşyn diýýän (ol birki ýyllykda ýogalan adam). Şolam meni tanamadyk ýaly bolup dur. X X X Şu gün «Owaz» kanalynyň haýyşy bilen Magtymguly Pyragynyň öwrenilişi hakynda ýazgy etmeli. Gülaýym diýen bir gyz redaktor haýyş etdi. X X X Köçelerde adamlar maskasyz. Şu günden maska aýrylan bolmaga çemeli. Radioda, telewizorda aýdylan zat ýok. 07.06.2022. Azat Rahman «Goşgularyň bir ýygyndylyk bolupdyr. Neşirýata tabşyr» diýensoň, men çagalar üçin goşgularymy «Magaryf» neşirýatyna tabşyrdym – diýip, golaýda biziň institutymyza işe gelen Ýaýlymdurdy Garaýew gürrüň berdi. Bu ýygyndy iki ýyl dagy neşirýatda ýatdy. Hasaba-da alynmandyr. Ýogsam kakam (dilçi alym Nazar Garaýew – A.Ç.) «Men Nury Baýrama beren kömegim kändir. Bile baraly» diýip, neşirýatyň şo wagtky baş redaktorynyň ýanyna barypdyk. Ol bizi gadyrly garşylapdy. Şondan soňam golýazma iki ýyl hasaba alynman neşirýatda ýatypdyr. Ýygyndymyň ykbaly bilen gyzyklanyp redaktoryň ýanyna baramda, ol «Goşgular gowşak, kitaba ýaranok» diýdi. Meniň gaharym geldi. Öýe gelip, men onuň ogurlyk şygyrlary hakynda dokuz kagyz makala ýazdym-da, öz işleýän «Oktýabryň ýalkymy» gazetinde orunbasar bolup işleýän Allaguly Nursähedowa okamaga berdim. Ol okap, «Makalanyň aşagynda meniňem familiýamy goý» diýdi. Neşirýata baryp, ýaňky redaktora makalany okamaga berdim. «Men daşarda boljak» diýip, daş çykdym. Ol birsalymdan daş çykyp, «Gel, ikimiz dost bolaly» diýdi. Çünki onuň ogurlan goşgularyny (orus şahyrlaryndan hem) anyk görkezipdim. Şondan soň kitap neşir edildi. Kakam Gurbandurdy Gurbansähedowa (neşirýatyň baş redaktoryka) «Sen 18-19 asyrda ölüp gitmeli adam» diýipdir. X X X Şu gün men döwlet arhiwine baryp, arhiwe tabşyran golýazmalarymyň göçürmesini alyp gaýtdym. Jahan Gylyjowna Berdiýewa, Jennet Hally gyzyna minnetdarlyk bildirip, arhiw hakdaky goşgymy ýadygärlik berdim. X X X 10-15 günlükde konserwatoriýadan Sapar Saparow diýen bir işgäri Gara Seýitliýew hakda gepleşik edýändiklerini, onda şahyryň çykyşynyň ýokdugyny, muňa özüniň gatnaşmagy haýyş edensoň razylyk berdim. Maňa haýyş etmezden öň, ol Orazguly Annaýew, Döwlet Annamyrat ýaly halk ýazyjylaryna haýyş edendigini, olaryň Gara Seýitliýewiň döredijiligine belet däldikleri üçin boýun towlandyklaryny hem aýtdy. Ýazgy etdiler. Sapara jaň edip bu hakda sorasam, ol gepleşigiň öten agşam gidendigini, ýöne meniň çykyşymyň ýokdugyny aýtdy. Nämemişin, ýazgy edilende batareýiň zarýady ýok eken. Gepleşik ýazylmandyr. «Aldamaga oglan ýagşy...» diýleni. Bu meniň üçin täzelik däl. Munuň ýaly hapa zada öwrenişip gitdim. «Gara Seýitli» diýensoňlar şol ussat üçin çykyş edipdim. (TW. «Miras» kanaly). 10.06.2022. Düýn işde Çary gürrüň berdi. Oňa-da öňki işgärimiz ýaş oglan Juma gürrüň beripdir. – Agasy Öwezdurdy Nepesiň «Zyýarat» kitabyny satyn alyp gelipdir. Muny kakasy bilip. ogluna «Şu kitaby okajak bolsaň öýden git» diýipdir. - Baýram kabinete gelen oglana, sen ýok, men ýok, «Sen şu kabinete gelme, men seni halamaýan» diýip, soňam «haramzada» diýdi. Yzyndanam «bagyşla» diýdi. Ol oglan şondan soň, bölüm müdirimiziň öýüne agşam baryp, boljak zatlary gürrüň beripdir. «Baýram toba etsin» diýipdir. Ertesi sagat 3-de kabinete ýygnanyşdyk. Mundan öňünçä men Baýrama «Ötünç sora sen, ýalňyşdyň» diýip, ol oglanyň hiç kime ýamanlygynyň ýokdugyny, sowatly işgärdigini düşündirdim. «Bolýa, seň aýdyşyň ýaly ederin» diýipdi. Toba etdi, elini uzatdy. Şeýdip olary ylalaşdyrdyk. 10.06.2022. «Türkmen dili» gazetiniň öňki redaktory Sapar Garahanow şu zady gürrüň berdi: – 90-njy ýyllarda men Dil-edebiýat institutynda işleýärdim. Bir gün Täçgeldi Gutlyýew diýip bir tanşym gelip, «Men «Esger» gazetiniň redaktorlygyna bellendim. Gazete «geçäýseň» diýip göwnetdi. Menem nirede işlejegimi görmek üçin redaksiýanyň ýerleşýän ýerine -- Oba hojalyk ministrliginiň podwalyna bardym. menden başga-da ýene bir oglan oturan eken. Täçgeldi redaktoryň kürsüsinde otyr. Gapydan biri girdi. Ol gele-gelmäne «Täçgeldi, kim meniň ýerimde oturmaga rugsat berdi. Men redaktor» diýdi. Täçgeldi «Men redaktor» diýdi. Başlandy garpyşyk. Geleniň elindäki stulam, Täçgeldiniň elindäki stulam gökde galgaýar. Olary aralamak maňa ýeňil düşmedi. Ine, şeýle wakany gördüm – diýip, Sapar Garahan gürrüň berdi. Bu Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarydy. Gürrüňe Baýram hem goşuldy. – Goranmak ministrliginde Soltanow meni ýanyna çagyryp, «Seni «Esger» gazetine redaktor bellejek bolduk. Maýor çinini hem berjek. Ýör, ministriň ýanyna gireli» (Ministr Köpekow – A.Ç.) – diýdi. Girdik. Ministr käýinip otyr. – «Kakamyrat Ballyýew diýip biri bar. Seniň kandidaturaňy goldanok, başga birini hödürleýär» diýdi. Men «Zyýany ýok. Men redaktorlyga höwes edemok» diýdim. *** Taryh ylymlarynyň doktory Ýazgylyç Orazgylyjow bilen gürrüňdeş bolduk. Ol Baýramalynyň Leshoz diýilýän obasyndan. Onuň obasy iki gektar ýeri tutup duran, ýöne 15-20 hojalyk ýaşaýan sowhozyň uçastogy. Ol oglanlyk döwrüniň ýatlamalaryndan gürrüň berdi. Onuň obadaşlary Anna işan, Berdi Aýdogdy, Nurmyrat, başlyk Myrat, Annagül («Hajy aga gowy adam eken. Meni Myrat bilen görse-de hiç ýerde gürrüň etmedi»), Hajy aga, onuň aýaly Täjigül, Annagülüň adamsy Jyga, Jyga tök hem diýýän ekenler. Çary, ol geçen ýyl aradan çykypdyr. Ýazgylyç aganyň dosty. Obalaryndaky suwly howzuň ýanynda ýerleşýän sowhozyň kiçiräk kontorasy, bir gezegem bir obadaşynyň şol howza girişi, soňam gark bolup barýarka «Gara heleýe habar ediň, meni halas etsin» diýip janhowluna gygyryşy – gara heleý diýýäni öz aýaly, goňşy ärsary obasynyň adamlary, olaryň hemmesi öz-özleri, ýaşululary Geldi we ş.m. hakdaky gürrüňleri, her gezek ýanyna barsam ýatlaýar. Taryhçy alym Öwlüýä Kulyýew hakda-da aýtdy. Ellinji ýyllaryň ortalarynda işden gyrahladylan professor döwlet arhiwinde işläpdir. Şo ýerde tatar gelni Kelasowa bilen bolupdyr. Aýaly bilen aýrylyşan bolmaly. Kelasowa onuň üsti bilen köp zat edipdir. Öwlüýä Kulyýewe soň özbaşyna jaý berdiler. Ölende Kelasowa onuň jaýyna eýe boldy. Öwlüýä Kulyýew ýogalanda ol aýal bize – taryh institutyna jaň edip, «Geliň, men gorkýan» diýip jaň etdi. Barsak, ol aýal onuň üstünem ýapmandyr. Merhuma ogullary eýe çykdylar. Ony öz öýlerine äkitdiler. Şo ýerde-de belli günlerini geçirdiler. Öwlüýä Kulyýew (1954 – 55) türkmen taryhyny ýazmagy guramakda, ol şo wagtlar taryh institutynyň direktorydy, köp işleri etdi – diýip, Ýazgylyç aga aýtdy. – Atabal Saparowyň, ylymlaryň doktory, onuňam aýaly tatarkady. Atabal aganyň puly kändi. Şo döwürde alymlara işlemese-de 330 manat hak tölenýärdi. Bu işiniň daşyndan. 1 manada bolsa naharhanada gerk-gäbe doýup bolýardy. Akademik Tagan Berdiniň hem aýaly tatarkady. 20.06.2022. Şu gün irden, Moskwa, haramzada Burbulis diýilýäniniň 70 näçe ýaşynda ýogalandygyny habar berdi. Çubaýs, Burbulis – bular SSSR-i ýykanlar. 25.06.2022. Şu gün agamyz Allaýar Çary oglunyň ýogalan güni. Ol 1925-nji ýylda doglan bolmaly. 1943-nji ýylda fronta gidýär. 1944-nji ýylyň 25-nji iýunynda-da Witebsk oblastynyň Orşa raýonynyň Wydrisa obasynda jaýlanan. № 1 doganlyk mazary. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, jan agam! 01.07.2022. Şu gije kakam, Orazgül düýşüme giripdir. 03.07.2022. Atajan Tagan jaň etdi. «Begmyrat Ussany ýatladym-da, saňa jaň edäýdim» diýdi. Biriniň adyny tutup, ugursyz adamdygy hakda gürrüň berdi. «Käwagt agaňy ýatlap, jaň edewer» diýdi. Moskwadaky çykjak türkmen ýazyjylarynyň kitaby bilen gyzyklandy. «Adresimi sorapdyrlar. Meniň öý adresim Murgap, öz obamyz». Heniz-ä o ýerik hat-habar barmandyr» diýdi. Ol 90-njy ýyllardan bäri özüniň 3 gezek gadagan edilendigini hem aýtdy. 05.07.2022. Öten agşam Turanyň ýogalan gününe ys çykarypdyk. Ogly bilen geleniň biri, gapydan girip-girmän: «Munuň ýaly ýerde-de ýaşap ýören bar-ow!» diýen ýaly bir söz tapdy. Diýjek zadyň ýok! Turanyň ýogalan güni 5-nji iýul, 2016-njy ýyl. 6-syna-da Magtymguly kolhozynyň gonamçylygynda jaýladyk. 06.07.2022. Düýn öýlän işde Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa bilen salamlaşdyk. «Obaňyzda bolduk, öýüňizi gördük» diýdi. Men ony görmänime 30 ýyl geçdi. 1993-nji ýylda Dempartiýa Köýtendagda seminar geçirdi. Şonda onuň bilen görşüpdik. X X X Şu gün taryhçy alymlaryň biri şu zady aýtdy: – 1993-nji ýylda Nury Baýramsähedi, Myrat Annanepesi, Kakajan Muhammetberdiýewi we Ýazgylyç Orazgylyjowy S.Nyýazow kabul edipdir. Şonda ol Myrat Annanepese «Seň kitabyň bilen tanyşdym. Nämüçin türkmeni gelmişek edip görkezýäň?» diýipdir. Şo sözem M.Annanepesiň «Türkmen halkynyň taryhy. Ykbalnama» atly 40 awtorlyk çap listden ybarat kitabynyň çap edilmezligine sebäp bolupdyr. O kitabyň ykbaly nähili? Bilýän adam ýok. 07.07.2022. Bir ýoldaşymyň aýaly süýji keselinden ýogalypdyr. Soňky gezek Nyýazowyň adyny göterýän keselhanada ýatypdyr. Oňa sereden gyzylarbatly wraç oglan eken. Keselhanadan çykaryp, ol oglanyň öýde seretmegini sorapdyr. Ol oglandan: «Näçe gün galdy?» diýip sorapdyr. Öýde seredeni üçin şo döwrüň puly bilen 1 million berýän ekeni. Olam «2 gün» diýipdir. Ol şondan soňam million manat beripdir. «Ol şo puly aldy» diýýär. Bir gezek şol keselhanada işlän bir wraçdan şol oglany sorapdyr. «Ol operasiýa edip duran wagty ýogaldy» diýip aýdypdyr. X X X Şu gün Babajan Mollaekäýew bilen Möwlamyň toýuny gutlap gaýtdyk. Nohurly Eke Ýunusyň körpe ogly Muhammet bilen gürrüňdeş bolduk. Eke Ýunus 3 ýyl mundan öň ýogalypdyr. – Nohura äkitdim. O ýerde dawleniýesi 40-a düşdi. O ýerde iki gün bolup şähere geldik. Leçeniýe başladyk. Leçeniýe gutaran günem ýogaldy. 94 ýaşady – diýip, ogly Muhammet aýtdy. Enesi ondan 2 ýyl öň ýogalypdyr. Eke Ýunusyň özi arbaplardan. 30.07.2022. Şu gün irden 6-da aýlanmaga çykdym. Howa bulutly. Ýagyş damjalady. 05.08.2022. Düýn irden stadionda aýlanyp ýörkäm, Döwlet atly bir ýigit bilen gürrüňdeş boldum. Ol 30 ýyllap prowodnik bolup işläpdir. – Rahym aga (ýazyjy Rahym Esenow) öýüniň ikinji gatyna çykylýan basgançagyň aşagynda odun örüp goýan eken. Goňşurak ýaşamsoň, geçip barýarkam ondan bu odunlaryň kimiňkidigini soradym. Ol: – Bu meňkidi. Indi seniňki – diýdi. Onuň ýaşaýan jaýy ýykyldy. Odunlary öýe çekdim. 15.08.2022. Büzmeýinde ýaşaýan Döwlet (gargylyly Oraz aganyň ogly) tanyşmak üçin öýe gelip gitdi. Oraz çakan häzir Gargyly obasynda ýaşaýar. «Kakam 96 ýaşynda. Ejem ýogalandan soň 300 gezek öýlendi. Häzir Baýramalydan bir aýal (60 ýaşynda) bilen ýaşaýar. Ol aýalam onuň gulagyna münüpdir öýdýän. Bankda 150 mln. manady bardy. Şony hem bankdan alypdyr» diýdi. Suratymy alyp gitdi. «Ulaldyp getirjek» diýdi. X X X Birki günlükde Orazgül düýşüme girdi. Ol mahal-mahal gelip-gidýär. 17-sine dynç alyş zähmet rugsady gutarýar. Şu ýylyňam tomsy gaty yssy boldy. 29.08.2022. 26-28-nji awgustda obada bolup geldik. Şyhattara baranymyzda daýnaly Gurbanberdi (Şyhy Çarynyň ogly) bilen tanyşdyk. Meniň gepleşikdäki Şyhattar hakyndaky gürrüňimi diňläpdir. Men oňa beýik adam hakda maglumat iberjekdigimi aýtdym. Klasdaşym Işan Meläýewiň pata ýerine bardyk. Gülbahara aýat okadyk. Oba abanyp duran beýik daga çykdyk. Dere tarapa gidip gördük. Basseýne ýetman yzyma gaýtdym. 31.08.2022 (üçünji gün) Irden sagat 7:00-da Moskwa Gorbaçýowyň aradan çykanlygyny habar berdi. Ol Mýunhende ýaşaýardy. Gitleriň ýaşan ýeri (!). Onuň meýdini Moskwa getirjekler, Nowodewiçýe gonamçylygynda, heleýi Raisa Maksimownanyň (familiýasy Titarenkomykan diýýän) ýanynda jaýlajaklar. 92 ýaşynda, 1931-2022 ý.ý., ýogalan güni 30-nji awgust. Habarda Wladimir Putin “Gluboko sobolezuýet w swýazi konçinoý Gorbaçýowa” diýlip ýazyldy. R.S. 1989-njy ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň şol wagtky ýolbaşçysy Saparmyrat Nyýazow biziň işleýän «Edebiýat we sungat» gazetimize duýdansyz ýagdaýda gelipdi. Men bu hakda ozal gündeligimiň bir ýerinde ýazanym ýadymda. Şonda Nyýazow biziň bilen 2 sagada golaý söhbetdeş bolupdy. Şonda ol: «Men Mihail Sergeýewiçe (Gorbaçýow – A.Ç.) «Ýelsini maňa ber» diýip aýtdym» diýdi. Ýelsiniň Türkmenistana gelensoň näme boljagyny men gaty gowy bilýärdim. 05.09.2022. Öýlän diwanyň üstünde gyşaryp, ymyzganan ýaly edipdirin. Düýşem däl ýaly, Orazgül otyr. Nägile görnüşde kellesini ýaýkady. Birdenem ukudan açylan ýaly boldum. Agşamara Ymran bilen gürleşdim. O gün dawleniýesi 160-da 110 bolupdyr. Häzir ol bolniçnide. «Işiňden çyk. Ajyndan öleniň mazary ýok» diýdim. Ertir Döwlete jaň edip, arzasyna serediň – diýjek. Şu gün jaň etjekdim, Imran ertir edäý» diýdi. Orazgül, belki, şunuň üçinem görnüp giden bolmagy ahmal. Agtygynyň horlanýanyna dözýän bolmaly däl. 09.09.2022. Garyndaşymyz Batyryň anna agşamynda olaryň duldeşir goňşusy bilen gürrüňdeş boldum. Ol köp gyzykly zatlary gürrüň berdi. Bäherdeniň häkimi bolup gidende häkimiň maşynyny zaprawka etmek üçin puly ýok. Ony başga bir edaranyň hasabyna zaprawka edýän ekenler. Münýän maşyny pagta arassalaýyş zawodyna degişli. Remontyny başga bir edara edýän eken. Öň ol Gossnabda, biržada, Maliýe ministrliginde, gaz-nebit edarasyna ýolbaşçylyk eden eken. Ýurtda 3 günlük un galan wagty, Nyýazow Marynyň häkimi Gurban Orazowa jaň edipdir. Şondan öň ol oňa «Bizde un ýeterlik» diýen eken. Jaň edýär, häkim «Bagyşla, Sapar Ataýewiç, meni aldapdyrlar» diýýär. Şonda Nyýazow ähli ýolbaşçylaryň telefonda diňläp oturan wagty «Sen kimi aldaýaň» diýip, paýyş sögünipdir. Söhbetdeşim şo wagt birža ýolbaşçylyk edýän eken. Klinig boýunça Rostowa baryp galla getiripdirler. Soň Eýranyň Prezidenti Rafsanjanydan haýyş edilipdir. Ol Sapar Nuryýewiň hem eli egriligi hakdaky wakalary bilýär. Gazaklara tok berip, o ýerden başga-başga zatlaryny alýanlygynyň üstüni hem gürrüňdeşim biržanyň başlygynyň orunbasary bolup işleýän wagty üstüni açypdyr. Şonda Sapar Nury, «Taňryýalkasyn» ederler» duýse, ol «Elden gerek däl, dilden taňryýalkasyn aýdaýyň» diýipdir. «Sapar Nurynyň ogluny ministr wagtymda maňa orunbasar etdiler. Onuň sag wagty ýokdy. Içegen. Onuň üstesine-de ...... bilen keselländigini aýtdylar. Men ony kabinetime goýbermedim. Bir aý işledi. Soň çykardylar» diýip, ol aýtdy. 16.09.2022. 19:15 Serdar jaň etdi. Şo wagt şeýle rubagyny ýazyp gutaryp, telefonda Azada okap beripdim. Eý Nowaýy gözledigiň, Aýyňy Ýa-da senem tapmadyňmy taýyňy? Bolsaň-da sen yşk mülküniň serweri, Ykbal bermiş ýalňyzlykdan paýyňy. 1837. 23.09.2022. Bir tanşymyň gürrüňi (wakalar ir döwürde bolup geçen): - Garýagdy kel äri. Bilbilem onuň aýaly. Adamsy işe gidende öýünde erkekleri kabul edýän ekeni. Girip-çykyp durlar. Her gezegem balagyny bolandan soň geýýän ekeni. Öýüň daşynda garawul goýlan heleý: «Her gezek geýip çykarandan, geýme-de» diýse, «Meň özümem şeýle pikir edýän. Ýöne ilden utanýan-da» diýipdir. Garýagdy soň aýalynyň şeýledigine göz ýetirenden soň aýrylyşypdyr. Soň Garýagdy molla boldy. Aýrylyşandan soň bazarda aýalyny görüp, «Bilbilim, köke alyp bereýinmi?» diýipdir. Bilbil gaty owadan, «üzümiň suwy ýaly eken», 24.09.2022. Edarada 13:00-dan 18:00-a çenli nobatçylyk etdim. Sagat 12-lerde Ýazgylyç aga Orazgylyjow bilen Salyh Jumalyýewiň edýän sadakasyna bardyk. Şo ýerde Agajan Babaýew bilen söhbetdeş bolduk. «Allaýar, seniň ýagdaýlaryň nähili?» diýip sorady. «Öňkä garanda az çykyş edýäň» diýdi. Çary Baýryýewiç hakda ýazan oçerkimi ýatlady. Oçerkde Çary Baýryýew özüniň çlen-korrlukdan çykarylman galanlygyny şo wagtky akademiýanyň prezidenti Agajan Geldiýewiçiň sebäp bolandygyny ýatlapdy. Häzir akademik 90-dan geçen. Ýatkeşligi gowy. «Agajan Geldiýewiçi gördük, gaty gowy boldy» diýip, Ýazgylyç aga aýtdy. 06.10.2022. Azady adyndaky diller institutynda bolan duşuşyga (05.10.2022) Çary Kulyýew, Oraz Mämmetjumaýew dagymyz gatnaşdyk. «Göbegene, «Gylyç Müllä», «Dädem Gorkut», «Ýetmiş ýaşyň oýlanmasy» atly goşgularymy okap berdim. Maňa berlen sowalda Magtymgulynyň ady bilen bagly bäş bellik hakda soradylar. Muny Çary Kulyýew men hakda ýazan makalalarynyň birinde ýazypdy. Men «Muny gowusy Çarynyň özi aýtsyn» diýdim. Magtymguly etraby, “Magtymguly” sowhozy, Magtymguly uniwersiteti, Magtymguly instituty, ýaşaýan ýeri hem Magtymguly şaýoly. 10.10.2022. Obadaşymyz Işanmyrat Handöwletow düýn ýogalypdyr. Öýünde ýeke özi, toýdan gelen eken. Şu gün ony sagat 10-da iň soňky ýoluna ugratdyk. Inisi Kakajan hem ýarawsyz. Aşgazanyny operasiýa eden ekenler. 20.10.2022. Ýaşuly söhbetdeşim şeýle diýdi: – Obadaşymyz Anna işan şeýle diýýärdi: – Lenin, seniň tutan ýoluň dogrudyr, Iş başynda goýanlaryň ogrudyr. Ýene-de bir zat diýýärdi: – Dünýäde bir musulman halk bardyr, olam orus halkydyr – diýýärdi. Ýene bir zat diýýärdi: –Adamlaryň köpüsinde ynsap ýokdur. Ygtyýar berseň gözüňi çykarar. Ol marksizm-leninizm institutynda 10 ýyl işläpdir: Sapa Baýry, Bagşy Jürmenek, Allaýar Hydyr, Ata Rejep, Amanmyrat Annanurow we başgalar. Institutyň howlusynda ullakan semowarda suw gaýnap dur. Ýörite adam oňa seredýär. Çaý içjek bolup çäýnegimizi ýuwup otyrkam, Sapa Baýryýewiç «Ýazgylyç, senem meniň ýaly agzy boş. Ikimiziň biri agentdir – diýdi. Ol maňa muny «Ägä bol» diýip aýtdygydy. Onuň özi ir döwürlerde Ýylanlyda KGB-niň başlygy hem bolan ekeni. Partarhiwiň direktory Annaguly Artykow: «Gyşda aýal maşgalany işe aljak däl. Bular gyşda geýip bilen zatlaryny geýýärler. Bilmän işe alsaňam 2-3 aýdan dekrete çykýarlar» diýýärdi. - Beki Seýtäkow Hudaýberdi Diwangulyýewe naharhanadan özüne nahar getirmegi haýyş edýärdi. Hemişe-de ol «üstünde ýumurtgalysyny (bifşteks) getir» diýýärdi. Bir gezegem Hudaýberdi «Beki aga, aşagy ýumurtgalysyny getirsem bolmazmy?» diýdi. - Hudaýberdiň gyzy boldy-da, ol «Oglum bolsa sizi öýe çagyryp oturylyşyk etjek» diýip, dostlary Hojanepes Meläýewe, Hudaýberdi Meläýewe aýdýan eken. Oglam bolupdyr. Bularam onuň aýdan zadyny ýatladypdyrlar. Işleýän ýerimizden daşda däl podwalda et dükany bardy. Bular et satyn aljak bolup şoňa barýarlar. Etçi «doňuz eti bar» diýýär. Hudaýberdi «Iýjeklerem doňuzdan gowy däl» diýip, yzyndakylary görkezipdir. - Obadaşlarymyz Nurýagdy bilen Garýagdy obadan 12 km. daşlykda ýerleşýän haraza gitmeli bolupdyrlar. Nurýagdy obada belli osurakdy. Bular jedel edýärler kim köp osuryp bilýär. Haraza çenli osuryp gitmeli-dä. Şonda Garýagdy Nurýagdydan üstün çykypdyr. Haraza barýança her ädim ädende osuryp gidipdir. Garýagdy «Muň üçin maňa dört sany jyýk-jyky» gerek boldy» diýipdir. Dört sany jyk-jyky iýen ekeni. - Beki Seýtek sögende «doganyňy gömeýin» diýip sögýärdi. - Beki Seýtäkowyň ýanynda oturan bir adam «Kelläm agyrýar» diýipdir. Şonda Beki aga «Kelläň agyrsa begen-dä» diýipdir. Onda kellagyryly adam «Näme üçin?» diýip soranda, Beki aga «Diýmek, kelläň bar» diýip jogap beripdir. 21.10.2022. Arada Annameret (Meýlis Hasar) jaň edip, «Häzir saňa bir soragym bar. Şoňa jogap ber. Soň men saňa jaň etmerin» diýdi. Aradan birnäçe wagt geçensoň hem jaň etdi-de, «Arada biri maňa: «Nohurlylar işi düşmese gatnaşyk saklaýan däldir» diýip aýtdy» diýip trubkany goýdy. Şo gün bir dost oglana jaň edip, «Allaýar ikiňiz hem biderek adamlar» diýipdir. Men şol adama ýagşylykdan başga eden zadym ýok. Megerem, kellesi üýtgeýän bolarly. 23.10.2022. (ýekşenbe) Melikäniň ogly boldy. 29.10.2022. Şu gije ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew düýşüme giripdir. Medpunkt, ukol etdirmek üçin gelen ekeni. X X X Annaberdi Agabaýew ömrüniň ahyrlarynda horlandy. Ogly ýogaldy. Annaberdini men işden (Metbugat merkezinden) öýüne barýan wagtlary daşyndan görüp, gaty haýpym gelipdi. Ol zordan ýöreýärdi. Iş bilen öýüniň arasy daşdy. 04.11.2022. Orazgül düýşüme giripdir. X X X Şu gün Kerimiň durmuş toýy. Görnüp gaýtdym. 09.11.2022. Geň ýagdaý: geçen ýylyň 8-nji noýabrynda ylmy kitaphabadan Magtymguly Myşyýewiň «Aknuruň agtygy» (T 26638–) atly kitabyny alypdyryn. Radionyň «Owaz» kanaly «Şahyr hakda gepleşik edýäs, şonda Myşyýew hakda aýtsaňyz» diýensoňlar men bu kitaby alan ekenim. Gepleşik geçdi. Arada radionyň «Miras» kanalyndan Şeker Hojanowa hem jaň edip, «Magtymguly Myşyýew hakda gürläp beräýseň» diýip haýyş edensoň men düýn ylmy kitaphana baryp ýaňky ady agzalan kitaby we onuň «Men sährany söýýärin» diýen kitabyny haýyş edip, bir günlük öýe alyp gaýtdym. Şu gün irden kitabyň formulýaryna seretsem, bu gezegem «Aknuruň agtygyny», 08.11.2022 ý. alypdyryn. Gös-göni 1 ýyl arasyna salyp, kitaba ýene-de ýüzlenipdirin. Gaty geň. Şu gün ýazgy edilmeli, ýöne Şeker «özüniň dümewländigini, baryp bilmesem, ýagdaýymy aýdaýyn diýdim» diýip, agşam jaň etdi. 11.11.2022. Söhbetdeşimiň gürrüňinden: – Han Aky kakamyň birinji aýalynyň jigisi. Kakam 1952-nji ýylda, men 12 ýaşymdaka ýogaldy. Onuň aýalynyň ady Ogulnäzik eken. Han aga oglan wagty kakamlarda ýaşapdyr. Dutar çalmany oňa kakam öwredipdir. Ogulnäzik ýogalansoň ol meniň ejeme öýlenýär. Onuň ýerligi Tejenden. Ady Kiçiş. Ýöne kakam ejemiň adyny Ogulnäzik diýip tutýardy. Gulbabanyň ady hem başga. Ýöne oňa soň Gulbaba diýýärler. 10 ýaşynda ýogalýar. Han aga Aşgabada gelse, öýe gelýärdi. Bir gije ol öz ýazan «Babagammar» dessanyny aýdyp berdi. Baýram Gurban diýip Mary teatrynyň ýolbaşçysynyň hem adyny awtor hökmünde goşmaly bolanyna ökünýärdi. 12.11.2022. Şu gije garyndaşlarymyz, bu dünýäden 30-40 ýyl mundan öň ötenler Orazmämmet Öwezow (mugallym), Annamuhammet Seýitmyradow (kolhoz başlygy), ýanyndaky ogly Baýmuhammetmi ýa Halmuhammet, anyk ýadymda däl, depäniň üstünde ýerleşen öýümize görme-görşe gelen ekenler. Gürleşipdiris. Şo wagtlaram awtobus gelipdir. Awtobus gapysyny ýapyp, ugrajak bolanda ogly gapyny kakýar, gapy açylýar. Olar awtobusa münýärler. Men olara çaýam mürähet etmändirin. *** Meni 1984-nji ýylda SSSR Ýazyjylar soýuzyna kabul etdiler. SSSR Ýazyjylar soýuzynyň agzalygyna giremde, maňa berlen rekomendasiýalar: Ýaş şahyr Allaýar Çüriýewe SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň 1960-njy ýyldan bäri çleni NURY Baýramowdan R E K O M E N D A S I Ý A Her şahyryň edebaiýat meýdanyna gelşiniň öz aýratynlygy bolýar. Ýöne Allaýar Çüriýewiň biziň ýaş edebiýatymyza aýak basyşy has-da özboluşly. Ol çeper edebiýatyň iň kyn, iň hysyrdyly pudagy bolan aýdym žanrynyň üsti bilen okyjylaryň kalbyna tarap ýol saldy. Aýdym saz bilen ýaşaýar. Käte «sazy jüpüne düşse, erbet goşgy hem aýdym bolaýýar» diýilýär. Ýöne, hakykatynda welin, beýle däl. Aýdymyň hakyky aýdym bolmagy üçin, onuň sözüniň hem, sazynyň hem utgaşykly gelmegi, çeper bolmagy zerur. Allaýar Çüriýewiň ilkinji aýdymy, baryp, 1969-njy ýylda TSS-iň at gazanan artisti M.Sadykowyň ýerine ýetirmeginde Ýaşlaryň we studentleriň Sofiýada geçirilen IX Bütindünýä festiwalynda ýaňlanypdy. Şu güne çenli ýaşlaryň repertuaryndan düşmän gelýän bu aýdymyň ady «Gel, obamyň lälesi». Allaýar Çüriýew – lirik şahyr. Onuň goşgularynyň aýdym-saza gelip durany hem şonuň üçin bolsa gerek. Onuň «Dagly gyz», «Läläm gideliň bäri», «Damjalar» ýaly aýdymlary çeper goşgy hökmünde-de gyzyklydyr. A.Çüriýewiň goşgulary «Täze öwüsgin», «Garagumuň gülleri» atly umumy ýygyndyda hem çap edildi. Ol çeper terjime bilen hem içgin gyzyklanyp, okyjylaryň göwnüni awlamagy başarýar. A.Çüriýew F.Týutçewden, A.Bartodan, S.Marşakdan eden terjimeleri çeperçiligi taýyndan tapawutlanýarlar. Umuman alanyňda, A.Çüriýew biziň şu günki poeziýamyzda öz ýüzüni görkezen şahyr. Şonuň üçin men ony SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň çlenligine götermäge mynasyp hasap edýärin. Nury BAÝRAMOW, 1960-njy ýyldan SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň çleni, Çlenlik bileti № 6165. *** Ýaş şahyr Allaýar Çüriýewe SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň 1950-nji ýyldan bäri çleni Mämmet Seýidowdan R E K O M E N D A S I Ý A Ýaş şahyr Allaýar Çüriýew ilkinji goşgusy bilen «Mydam taýýar» gazetinde 1964-nji ýylda çykyş etdi. Şeýdibem ol ýyl-ýyldan basgançakma-basgançak galyp başlady. Guwandyryjy goşgular bilen respublikan gazet-žurnallaryň sahypalarynda dury owazly saýrap ugrady. Onuň goşgulary bada-bat türkmen kompozitorlarynyň ünsüni özüne çekdi. «Gel, obamyň lälesi» atly goşgusy gazet sahypasynda çykan badyna saz bilen sepleşdi. Bu aýdym 1969-njy ýylda Sofiýada geçirilen Bütindünýä IX festiwalynda aýdylyp, festiwalyň diplomyna mynasyp boldy. Allaýaryň kalbynda hyjuw hyjuwa ulaşyp, dilinde goşgy goşga ulaşýar. «Watan çagyrýar», «Bagtyýar nesil», «Gözel Aşgabat», «Milisionerleriň aýdymy» atly käbir aýdymlary respublikan konkurslarynda baýrak alan ýaş şahyr indi segsenden köpräk aýdymyň sözleriniň awtory. «Täze öwüsgin», «Garagumuň gülleri», «Sowgat» atly ýaşlaryň ýygyndylarynda Çüriýewiň goşgulary özüne mynasyp orny tutýar. 1982-nji ýylda bolsa «Sumbar aýdymlary», «Çynar» atly goşgular ýygyndysy ýaş şahyryň mänriban Watana, dostluga, döredijilikli zähmete, sap söýgä, dürdäne duýga ýugurlan iň gowy goşgularyny özünde jemleýän eserleri özbaşyna kitap bolup çykýar. Allaýar Çüriýew galamdaşlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar, bilenini öwredýär, bilmedigini öwrenýär. Ol geljege uly umyt bildirýän şahyr. Şoňa görä-de, Allaýar Çüriýew SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň çlenligine doly mynasyp diýip hasap edýärin. Meniň çlenlik biletimiň № 1930I M.SEÝIDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||