09:39 Gündogar tymsallary | |
GÜNDOGAR TYMSALLARY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
■ Haýsy kär wajyp? Bir gezek bir gaýykçy il içinde hormatlanylýan bir gojany derýanyň o kenaryndan bu kenara geçirmeli bolupdyr. Derýanyň ortasyna ýetiberenlerinde, goja ätiýaçlygy elden berip, gaýygyň gyrasyndan eglip, aşak suwa seredende ýykylýar we gark bolup başlaýar. Muny gören gaýykçy bada-bat özüni suwa oklap, gojany halas edýär. Goja şonda: – Eger sen ýetişmedik bolsaň, onda men suwda gark bolardym. Bu kömegiň üçin men saňa minnetdar – diýip, oňa öz hoşallygyny bildiripdir. Gaýykçy gojanyň nirä barýanlygy bilen gyzyklanypdyr. – Men pylan hanyň ýanyna barýan – diýip, goja jojap berýär. Gaýykçynyň bilesigelijiligi has artyp, oňa ýene sowal berýär: – Näme üçin siz hanyň ýanyna barýaňyz? – Han bir meselede menden maslahat soramakçy. Şonuň üçinem onuň ýanyna barýan. Bu jogaby eşiden gaýykçy öz ýanyndan kemsinip: – Haý, bu dünýäniň gurluşyny diýsene. Adalat hiç wagt boljak däl-ow. Siz hana maslahat berer ýaly, suwda-da bir ýüzüp bileňzog-a. Men bolsa suwda balyk ýaly ýüzýän. Näme üçin han menden däl-de, sizden maslahat soramaly – diýipdir. Gojanyň muňa gahary gelmändir. Ol muňa şeýle diýipdir: – Siziň käriňiz gaýykçy. Şonuň üçinem siz esasy iş suwda ýüzmekdir diýip düşünýäňiz. Daýhan bugdaý ekmegi, awçy wagşy haýwanlardan üstün çykmagy, mergen bolsa dogry nyşana almagy esasy iş diýip düşünýär. Hakykatda bolsa, beýle däldir. Elbetde, adamlaryň bir topary suwda gowy ýüzmegi başarmalydyr, daýhan bugdaý ýetişdirmelidir, awçy awçylygyny, mergen mergenligini etmelidir. Şeýle bolanda her obanyň, her ýurduň kuwwaty egsilmez. Sen bolsa şu hakykata doly göz ýetirip bileňok. Şoň üçinem sen – gaýykçy. Men gartaşyp, ýaşym bir çene baran goja-da bolsam, suwda ýüzüp bilmesemem, hanyň maslahatçysy. Göwnemakul maslahaty hemme kişi berip bilmez – diýip, goja düşündiripdir. ■ Ynsan ogly dagdan güýçli Uly dagyň eteginde ýerleşýän küren obanyň adamlary hemişe zeýrenipdirler. Çünki, goňşy obalar bilen gatnaşyk saklamaga bu uly dag päsgelçilik beripdir. Aýda-ýylda baryş-geliş edeýin diýse-de, ýa o dagyň daşyndan aýlanyp geçmeli ýa-da janyňa howp salyp daga dyrmaşyp, üstünden aşmaly bolupdyrlar. Aý, garaz, gaty kyn-da! Nätmeli? Obanyň kethudasy öz daşyna obadaşlaryny ýygnap: – Bu dag biziň ýaşamagymyza päsgel berýär. Geliň, nähili kynam bolsa, ony başga ýere göçüreliň – diýip sala salýar. Adamlaram: «Bolýa-da, bolýa» diýşip bu döwletli maslahaty goldap, işe başlaýarlar. Kimiň elinde kätmen, kimiň elinde kerki, kimsiniň elinde sebet... Şondan bir ýyl geçýär. Dag egsiler ýaly däl. Şol öňki durşy ýaly diýýär. Şonda kethuda gojanyň bir sakgaldaşy gülüp: – Saňa akyly çaşan garry diýerler. Ýaşyňam togsandan geçen. Dagy göçürmek-hä beýlede dursun, bir oty ýerden çekip çykarmaga-da güýjüň ýetenog-a. Goja ýüzüniň derini syryp: – Seň aýdanyň dogry bolmagam ähtimal. Indi meniň bilimden kuwwatym gaçdy. Ýöne muňa garamazdan men bu dagdan özümi güýçli hasaplaýan – diýipdir. – O nähili güýçli? – Sebäbi dag diýeniň toprak, daşdandyr. Eger meniň çagalarym, meniň neberelerim, meniň bütin neslim günde hiç bolmanda bir sebet toprak göçürseler, ir-u-giç dagy göçürerler. Ine, şonda maňa, meniň çagalaryma, meniň neberäme hemmeler taňryýalkasyn aýdarlar. Şoňa görä-de men gojalygyma garamazdan, zähmet çekýärin. Indem sen bu çylkasyz gürrüňiňiň bilen bize päsgel berme. Goja şeýle diýip, toprakdan doly sebedini ýerden galdyrypdyr. «Edebiýat we sungat» gazeti, 26.09.2003 ý. ■ «KYÝAMAT GÜNI GOŇŞUDAN» Bir gezek Tsy atly han Lu hana şeýle diýipdir: – Biz ikimizem goňşy. «Kyýamat güni goňşudan» diýip, bir pähim bar. Gel, ikimizem bir-birege kömek edip ýaşaly. Eger siziň topragyňyza ýagy çozsa, onda men haý diýmän kömege geleýin. Eger-de biziň üstümize ýagy çozsa, siz kömege ýetişiň. Lu han bu gürrüňe ähmiýet bermändir-de, şeýle diýipdir: – Her kim öz deňini tapsa ýagşy. Maňa kömek eder ýaly siziň özüňizem uly bir zat däl-ä. Çynyň günbatarsynda Tin atly han ýaşaýar. Tüýkürse tüýküligi ýere gaçanok. Güýçli han. Ine, men şonuň bilen gatnaşyk etjek – diýipdir. Tsy: – Onuň soraýan hanlygy näçe günlük ýol bolmaly? – diýip sorapdyr. – Ýyndam ata münüp gitseň ýigrimi günlük ýol. Tsy şonda şeýle diýýär: – Eger siz biziň ilimize gelip derýa gark bolsaňyz, şonda Tiniň iň ökde ýüzüjileri gelip sizi halas etmäge ýetişermi? Elbetde, olar gelýänçä siziň boljagyňyz bolar. Eger-de siziň saraýyňyza ot düşse, adamlar ony söndürmek üçin suwa ylgarlar. Şonda adamlar suw diýip, dagyň arkasyndaky ýerleşýän deňze tarap ylgarlarmy ýa-da iki ädimdäki ýalpak kölçelere? Elbetde, deňziň suwy boldur, ýöne ondan suw getirýänçäň ýanýan saraýyňdan nam-nyşan galmaz. Muny diňlän Lu han: – Siz akylly söz aýtdyňyz – diýip, söhbetdeşi bilen razylaşypdyr. – Kimde-kim öz goňşusy bilen süýjülikde gatnaşyk etmese, birek-biregiň kömegine bil baglamasa, onda uzaklarda ýaşaýan dostundanam oňly haýyr ýokdur – diýip, Tsy han sözüniň üstüni ýetiripdir. ■ DIRÄ KÖMEK BER Alim Çžuantszy ýeňi ýoluk garypdy. Bir gün ir bilen oýanyp görse, saçagynda iýmäge bir döwüm nan hem galmandyr. Ol gaýgy-gama batyp, öz mülkdar goňşusynyň ýanyna gelip bir ýuan kümüş pul sorapdyr. Mülkdar goňşy gysganç eken. Garyba karzyna pul bermek islemändir. Ony başyndan sowmak üçin bahana gözläpdir. – Bir ýuan pul bilen siz dok bolmarsyňyz. Şonuň üçinem ýene bir aýdan gelseňiz, men size otuz ýuan bereýin. Siz bu pul bilen birnäçe wagtlap horlanman ýaşap bilersiňiz. Görýäňizmi, men nähili jomart adam, siz bir ýuan soraýaňyz, men bolsa otuz ýuan bermäge razy. Çžuantszy onuň gürrüňini diňläp, oňa şeýle jogap beripdir: – Men siziň ýanyňyza gelýärkäm ýolda gurap galan bir ýapjagazda iki ýana çyrpynýan balyga duş geldim. Ol janhowluna özüni halas etmegi menden haýyş etdi. Menem oňa ýüregim awap iki-üç bedre suw alyp, onuň üstüne dökdüm. Soňam balyga şeýle diýdim: – Saňa iki-üç bedre suw näme bolar. Bir hepde garaş, meni mirap saýlajaklar, ine, şonda bu ýapdan hemişe suw akar ýaly ederin – diýdim. Balyk dil açyp, maňa şeýle diýdi: – Häzir meni seniň iki-üç bedre suwuň halas etdi. Bir hepdeden meni bir deňziň suwy hem halas edip bilmez! Mülkdar: – Muny sen näme üçin aýdýaň? – diýip soraýar. Alim: – Wah, goňşy jan, siz bir gepe düşünýän adam. Kömege öli däl, diri mätäç, diri – diýipdir. ■ «ÝAGŞYLYK» Gadym zamanlarda Çynma-Çynda guşlary gowy görýän bir imperator ýaşap geçipdir. Ol çagalaryň gögerçinleri daş atyp, öldürýändiklerini bilip: – Kimde-kim saraýa bir diri guş tutup getirse, onuň bir owuç pul sylagy bar – diýip, öz raýatyndakylara mälim edipdir. Muny eşidip, çagalar gögerçinlere daş zyňmagy bes edipdirler. Tor gurup, olary diri tutup başlapdyrlar. Tutulan guşlardan ýaňa ullakan saraýda ýer ýokmuş. Bir ýola imperatoryň ýurduna goňşy ilden dana bir goja sapara gelipdir. Imperator oňa gögerçinden doly saraýyny görkezipdir. Goja muny synlap: – Munça guş size nämä gerek? – diýip sorapdyr. – Ýüregim dözümsiz bolany üçin çagalardan guşlary goramak isledim – diýip, bolan wakany goja gürrüň beripdir: – Munyň gowy, ýöne guşlaryň çagalaryna indi kim sereder, kim iýmläp, kim suw berer? – diýip, goja sorapdyr. Imperator: – Haýsy guş çagalaryny? – diýip, düşünmän soraga sorag bilen jogap beripdir. – Saraýdaky guşlaryň yzlarynda çagalary galandyr-a. Olary kim iýmlemeli-dä? – Bu hakda weli oýlanmandyryn – diýip, imperator boýnuna alypdyr. Goja sözüni dowam edipdir: – Siziň elbetde, ýüregiňiz ýukadyr. Siz guşlary gowy görýäňiz. Şondan soň hiç kim guşlaryň ömrüne howpam salmandyr. Ýöne indi diri guşlardan öli guşlar köpelendir. Eger siz bäş ýüz guşy halas eden bolsaňyz, şondan bäş esse guşuňam ömrüne zyýan edipsiňiz. Gama batan imperator: – Bä, ýagşylyk etmek çetin iş eken-ow – diýip, uludan dem alypdyr. ■ KIM GADYRLY Talyp öz mugallymyndan sorapdyr: – Köp gepleýän adam gadyrlymy ýa-da az gepleýän? Mugallym jogap beripdir: – Gurbagalar ir säherden giç agşama çenli saz edýärler. Hiç kes olara ähmiýet hem berýän däldir. Horaz weli daň saz berende gygyranda ukuda ýatan adamlar turmak bilen bolýandyr, aýaga galyp, işlemek bilen bolýandyrlar. ■ KIMIŇ SÖÝGÜSI GÜÝÇLI Hökümdar Çžounyň Çu we Şe atly iki sany weziri bardy. Bir gezek hökümdar Çeýe garap: – Seniň maňa sarpa goýşuň bolanok – diýipdir. – Siz näme üçin beýle diýýäňiz. Meniň size sarpam uly, hormat-sylagym ýürekden – diýip, Çe aýdypdyr. Hökümdar aýdypdyr: – Şeniň maňa goýýan gadyr-gymmaty seňkiden artyk. – Muny näme üçin beýle diýýäňiz – diýip, Çe ýene ondan sorapdyr. – Çünki Şe hiç wagt meniň nogsanlyklarym hakynda aýdanok. Sen bolsa meniň nogsanlygymy ýüzüme aýdýaň. Eger sen meni sarpalaýan bolsaň, meniň nogsanlyklaryma hiç hili ähmiýet bermezdiň. Çu oňa şeýle jogap beripdir: – Kim öz dostunyň kemçiligini görüp, ony oňa aýtmasa, onda öz dostunyň kemçiliginiň artmagyna hemaýat berer. Kim öz dostunyň kemçiligini ýüzüne aýtsa, onda ol kemçilikleriň bolmazlygyna sebäp bolar. Eý, hökümdar, indi özüňiz pikir edip görüň, size gadyr goýýan menmi ýa-da Şe? Toplan: Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |