23:04 Gündogdy han | |
"RUS SERKERDESI" GÜNDOGDY
Taryhy şahslar
Türkmenleriñ ata-babalary hasaplanylýan oguzlaryñ gadymy Rusuñ syýasy we etniki taryhynda görnükli orun eýeländigi köplere mälimdir. Bu barada ähli rus sene ýazgylarynda diýen ýaly agzalyp geçilýär. Ýöne sene ýazyjylarynyñ işlerinde oguz hanlarynyñ atlaryna gabat gelmek kyn. Munuñ hem sebäbi olary oguz hanlary däl-de hut rus serkerdeleri hasap edipdirler. Şeýle-de bolsa oguz serkerdeleriniñ biri barada sene ýazgylarynda has dolurak maglumat berilýär. Şol batyr bilen baglanyşykly wakalar bizi alyslara ~ XII asyryñ 90-njy ýyllaryna sary alyp gidýär. Şol döwürler Kiýew knýazlygyny iki knýaz ~ Swýatoslaw Wsewolodowiç bilen Rýurik Rostislawowiç dolandyrýar eken. Olaryñ ikisi hem beýik Kiýew knýazlary hökmünde tanalypdyr. Şol uçurlar oguz serlerdeleriniñ arasynda Gündogdy han (rus sene ýazgylarynda "Kюнтугды" diýlip atlandyrylýar) giñ meşhurlyga eýe bolup ugrapdyr. Ol Kiýew knýazlygynyñ öz duşmanlaryna garşy guraýan her bir ýörişine gatnaşypdyr. Onuñ abraýynyñ artyp, beýgelip barmagy bir baýara ýaramandyr. Ol töhmet atyp, serkerdäni knýaz Swýatoslawyñ ýanynda ýamanlapdyr. Knýaz ýalan gep-gürrüñe güpbe ynanyp, 1190-njy ýylda Gündogdyny tussg etmäge buýruk beripdir. Knýaz Rýurik Rostislawowiç köp garaşdyrman bu meselede özüniñem pikiriniñ bardygyny ýañzydyp, oguz hanynyñ tarapdary bolup çykyş edýär. Kiýew knýazlarynyñ arasyndaky gapma-garşylyk ýetjek derejesine ýetensoñ, ahyrsoñy Gündogsy azatlyga goýberilýär. "Ol gaharyna bäs gelebilmän polowesleriñkä gidipdir". Bu setirler, megerem, Rýurigiñ sene ýazyjysyna degişli bolsa gerek. Ol ýazgylarynda gönüden-göni Swýatoslawy günäkärlemese-de, ony öz günäsini boýun alan adam hökmünde suratlandyrypdyr. Akademik B.A.Rybakowyñ pikiriçe, sene ýazyjysy ~ "Oguzlaryñ uly dosty" hana duýgudaşlyk bildiripdir. Gündogdy bolsa öz wepadat nökerlerini yzyna tirkäp, gypjak (polowes) hany Toglynyñ huzuryna barypdyr. "Polowesler muña diýseñ begendiler" diýip, sene ýazyjysy habar berýär. "Olar Rusuñ haýsy künjegine ýöriş etmelidigi barada ýygy-ýygydan pikir alşyp başladylar". Gündogdy han Rus topragyna birnäçe çozuşlary amala aşyrýar. 1191-nji ýylyñ gyşynda ol gypjak hanlary Togly we Akguş bilen Kiýewe sary ýörişe ugrady. Ýolda ýesirlige alnan duşman esgeri olara Swýatoslawyñ öz goşuny bilen Kuldeýurewo şäheriniñ eteginde söweşe taýýar bolup durandygyny habar berdi. Muny eşiden Togly bilen Akguş yza döndüler. Gündogdy bolsa öz göwnüne degen knýazdan ar almak hyjuwy bilen barha öñe süýşýärdi. Haçanda onuñ ýygny Ros derýasyna ýetende aldym-berdimli söweş boldy. Güýçler deñ däldi. Hanyñ goşuny yza çekilip ugrady. Şol wagt derýanyñ doñy çözülip, gaty köp esger heläk boldy, köpüsi ýesir düşdi. Oguz hany az sanly nökeri bilen yzyna dolanmaly boldy. Gündogdy iki ýyllap diýen ýaly Kiýew knýazlygynyñ serhet ýakalaryna çozup, ýerli ilata gün bermedi. Knýazlygyñ goşuny 1192-nji ýylyñ arly tomsuny serhet ýakalaryny gorap geçirmäge mejbur boldy. Sabyr käsesi püre-pür bolan Rýurik ahyry gypjaklylaryñ üstüne ilçi ýollady. Gepleşik geçirmäge gypjak atlylaryny yzyna tirkäp, Gündogdy han geldi. Sene ýazyjyynyñ bellemegine görä, Rýurik gypjaklylara serpaý baryny ýapypdyr. Gündogda bolsa, öz ýanynda galmagy teklip edip, Ros derýasynyñ boýundaky galalaryñ birine hökümdar bellemegi wada beripdir. Bu barada "Gündogdy ajaýyp rus galasynyñ eýesi bolansoñ, gapma-garşylyk öz-özünden çözülipdir" diýip, S.A.Pletnýowa ýazýar. "Taryhy öwrenijiler oguz hanyna rus şäherini elde saklamak ýeñil düşmez diýip çak edipdirler" diýip, rus emigranty D.A.Rasowskiý ýazypdyr. "Ýöne gara örtüklileriñ (Rusda oguz birleşmesi), olaryñ hanlarynyñ Kiýew Rusynda tutýan orny, oýnaýan roly barada, olara men diýen knýazlaryñ hem sarpa goýmaly bolandyklary hakynda ýatlanynda, şübhelenere hiç hili esas galanok. Has soñra, XVI asyrda moskwaly hökümdarlaryñ rus şäherlerini goramagy tatar şazadalaryna ynanmaklarynyñ özi hem taryhy öwrenijileriñ nähak ýere alada galandyklaryny görkezýär". Iñ täsin ýeri, rus halky Gündogdy hakynda dürli-dürli görnüşlerde bolan wakalar döredipdir. B.A.Rybakowyñ pikirine görä, Suhan Odihmantýewiç (1192-nji ýyl diýlip bellenilýär) baradaky ýazgylarda hut Kiýew knýazy bilen oguz hanynyñ arasyndaky oñşuksyzlyk barada gürrüñ edilýär. Onuñ soñunda Rusuñ ody bilen girip, küli bilen çykan "Rus serkerdesi" Suhanyñ tussaglykdan boşansoñ göwün edip, ýaraly ýüregi bilen gypjaklylaryñka gidişi beýan edilýär. Hanyñ ar alyjylykly çozuşlary hakynda hiç zat agzalmaýar. B.A.Rybakow ýazgyda şeýle setirleriñ bardygyny ýatlaýar: "Ýene-de polowes çöllügine, Rusy döş gerip goraýan atly batyrlara gözüñ kaklyşýar. Olaryñ türki atlaryna geñ galyp oturasy iş ýok. Sebäbi XII asyryñ ikinji ýarymynda Rusy poloweslerden bu topragyñ günortasynda ~ Stugno we Ros aralygynda mekan tutunan torklar (oguzlar -Ö.G.) ýa-da "gara örtükliler" gorardylar. Gara örtükliler rus družinalary bilen garylyp-gatylyp gidipdi. Tork hanlary rus goşunlarynyń gullugynda durup, atly goşunlara serkerdelik ederdiler". Bolan wakada hanyñ üstünden şikaýat eden näkesiñ we Kiýew knýazynyñ hereketleri ýazgarylyp, oguz serkerdesiniñ gahrymançylygynyñ bolsa tarypy ýetirilýär. Oña göwün edip, Gypjak çöllügine gitmegine adalatsyzlygyñ garşysyna edilen hereket hökmünde garalýar. Rus halkynda öz topragyny goran gerçek barada, ine, şeýle ýakymly ýatlamalar galypdyr. Öwez GÜNDOGDYÝEW, taryhçy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |