16:11 Gurbanmämmet serdar -2/ romanyň dowamy | |
BIRINJI BÖLÜM
Taryhy proza
1. Güýz Daşoguz welaýatynyň seleň källerine, ýaşyl öleňlerine ertekilerde agyz suwardylýan şaýly gelin bolup düşüpdi. Gara baglar, äpet-äpet güjümler, saýasynda süri-süri mal sonarlabermeli erikler üstüne süri-süri sülgün gonup, älemgoşar ýaly ganatlaryny ýaýan ýalydy. Giden sährany tutup ýatan baglara bir bakanyň gözi doýmaýardy. Adyny tutan reňkiň parlap bark urup durdy. Ene baglar indi ir-imişiniň öwezine müň öwüşgünli reňk satýardy. Ýaplaryň, boýundaky bossançylyklaryň gyrasyndaky çal duman ýaly bolup ýatan beýik igde agaçlary hurmaýy miwelerinden uýalýa ýaly, miwelerini güjeňläp, başlaryny aşak salyp otyrdy. Ýaplaryň suwy boldy. Özem çüýşe ýaly lowurdap, buldurap akyp ýatyrdy. Ýaşyl öleňlere owadan ýaşyl seçeklini pasyrdadyp, asman çöken ýalydy. Basym eňňere bolmaly ekinleriň ruhunda asudalyk bardy. Källerde, öleňlerde, bakjalarda adam-gara görünmeýärdi. Ýollar gözýetime çenli uzalyp gitse-de, onda kän bir gelýän-gidýän görünmeýärdi. Diňe Garaporsaň bilen Akgumyň aralygyndaky Gumdan tä Şabada çenli ýaýylyp gidýän Şorköl öleňiň içiniň ibirt-de zibirdi etikdi. Tutuş welaýat goh-galmagalyny şu öleňde getirip, gapgarana meňzeýärdi. Bu öleňiň ortasynda ýap-ýaşyl bolup ýatan kölüň suwy şor bolmasa-da mallar ondan geregini alýardylar. Ýoluň gyrasy at gaýtarym meýdan durşuna sonar otdy. Kölüň boýy gyşyn-ýazyn maýsalanyp duran hyşa-gamyş bolansoň, obalaryň mallarynyň özüni atýan ýeri bolup galypdy. Tagta, Ýylanly, Köneürgenç obalary ýiten, tazygan mallaryny şu ýerlerden tapýardylar. Güýzüň şu günleri bu ýerler obalaryň ýaş ýetginjekleriniň mesgenidi. Ollar mallaryny bahanalap, bu ýere oýnamaga gelýärdiler. Häzirem olarň gkylygy asmana çykýardy. – E-eý, – diýip, oglanlaryň ekabyrragy, kellesi ardylan garyn ýaly akjaryp duran ýetginjek turbadan çykýan ýaly ýogyn sesi bilen top oýnap ýörenleň ünsüni sowdy. – Geliň çörekden oragatdy oýnaýas. – Nädip? – Orak atýas. Kim ýeňilse öz çöregini utana bermeli. Bu teklip oglanlaryň ýadyna çöregi düşürdi. Her kimiň içi eljuk diýip durdy. – Geliň-eý, hany, her kim öz çöregini orta goýsun! Oglanlaryň kimsi haltasynyň, kimsi donunyň jübüsini agtaryp, döwüm-dişlem çörek tapyp, orta goýdy. Orta üýşen çörek beýle bir kän däldi, onda-da oglanlaryň ählisiniň gözi tötenden, arpa unundan, bugdaýdan bişen her dürli çörek bölejigindedi. – Onda ilki bije atalyň-eý. Bijäni kellesi şatyr kel bolup duran oglan öz telpegine atdy. Ol telpege her kim bir zat taşlady, kim gamyş bölejigini, kim iňňebagjygyny, kim bir düwür daş. – Eý, Şammy, näme, Gurbanmät oýnanok, iň kän çörek şonda bar-a. Kel oglanjyk oňa ünsem bermedi. – Ol-ow, jüneýitleň iň husyd-a. Göreňokmy, il oýnanda-da ot ýygyp ýör, nebis diýip öljeg-ä how. – Gel-eý, Jüneýit, çörekden oragatdy oýnaýas. Hyşalykda körsenip ýören oglanjyk olara gygyrýarsyňyzam diýmedi. Çörekli «oragatdy» oýny gyzyşdy. Oglanlaryň gülküsi, sene-meneli gohy asmana çykdy. «Ýol soňy ýagyş, oýun soňy uruş» diýenleri çyn boldy. Çörek paýlanyşykda oglanjyklaryň gyzyl ýumruga gireni köp boldy. Ýöne Şammy olardan rüstem çykdy. – Geliň-eý, göreş tutalyň. Şammy oglanlaryň ählisi bilen göreş tutdy. Kim ýykdy, kim ýykyldy. Emma Şammy olaryň ählisinden rüstemdi. Onuň boýam iliňkiden beýle bir üýtgeşik uzyn däldi. Daýawlygam ýokdy. Emma gamçy ýaly bolup daşyňa bir dolandygy, edil gapanyň bar-da. Bu öleňde Şammynyň demine düşmedik şol hyşşanyň içinde kösenip ýören Gurbanmätdi. Gurbanmät bu ýerden ep-esli alyslykda ýerleşýän Bedirkent obasynyň sygyr çopanydy. Onuň padasynda 40-50 ýoz, sagylmaýan sygyr bardy. Oba ep-esli uzakda bolany üçin oglanjyk şu ýerde guran çerteginde ýatyp-turup, mallara göz-gulak bolup ýördi. Onuň çertegi üýtgeşikdi. Oglan ilki söwüt, igde, petde şahalaryndan berkje çertek gurdy. Soň bu çertegiň daş-töweregine, depesine ýandak, ýanbaş, hoşa, çaýyr basdy. Indem, her günde ep-eslije ot ýygyp, çerteginiň üstüni ýetirýärdi. Asyl, indi görseň, ol çertek däl-de äpet ot küdesi bolup gidipdi. Şol küdäniň içi agşamlaryna ýyly, gündizlerine salkyn öýdi. Bu äpet ot küdesi bu ýerleriň gazaply gyşyna mal-gara bol ot boljakdy. Häzirem Gurbanmät desse-desse ot ýygyp, bir ýere üýşürip ýördi. Oglanlar Gurbanmädi känbir halap baranokdylar. Onuň sebäbi bu oglanda çaga, oglana mahsus höwes, howaýylyk ýokdy. Durşuna nebisdi. Iliň çagasy oýun oýnasa, ol ot ýygyp ýörendir. Çagalar dynç alsa ol odun çöpläp ýörendir. Çagalar ýadap, çertege sümülip süýnse, ol mallaryny gaýtaryp ýörendir. Il bar-ýok zagarasyny suwa batyryp, iýse, ol ýygan otuny çertegiň üstüne basyp ýörendir. Ýakyn obalaryň çagalary öýli-öýüne gaýtsa, Gurbanmät mallaryny tükelläp ýörendir. Bu oglanyň gara nebisligi Şammynyň jynyny atlandyrýardy. Ähli oglany ýykyp, göwni üýtgeşik ruh bilen galkynan Şammy dişini gyjady. – Tap, seniň doganyňy... Men şol husyt Jüneýit bilen bellisini edeýin-le, hyşşalykda. Ol äpet ýylgynlaryň düýbündäki terje maýsalary oragy bilen orup ýören oglanyň ýanyna geldi. – Eý, Jüneýit, bes et, ýöri, men seniň bilen göreşjek. Gurbanmät aňka-taňka boldy. – Göreşjek?! – Hawa, ýör. Men oglanlaryň baryny ýeňdim, bir sen galdyň. – Ýok, men göreşjek däl. Şammy bir eli orakly, bir eli bir petde gök çaýyrly oglana topuldy. Ony gujaklap göterdi-de, oglanlaryň göreşýän ýerine alyp geldi. Soň has-has edip durşuna: – Hany, oragyňy taşla. Bol, göreşeli, ýyksaň, men on günläp seniň eşegiň bolaryn, ýykylsaň, sen on günläp meniň eşegim bolarsyň. Gurbanmät gyra çekildi. – Ýok, men göreşjek däl. – Eý, ol namard-a. – Heheý, heheý, gorkak. – Züwwetdin! – Ýok, how, heleýçe ýok, ol. Bu sözler eli orakly oglanjygyň ýüregini mynçgylady. Ol elindäki oragyny, otuny gyra oklady. Başyndaky kiçijik telpegini çykaryp, ýylgyndan asdy. Soň üst-başyny düzetdi. Oglanlaryň göreşip-göreşip torç eden ýeri ýumşakdy. Ýöne Gurbanmädiň özüne göwni ýetýärdi. Ýykylmak pikiri-hä onuň kellesine-de gelenokdy. Şammy ur-tut bilinden tutdy-da, ony başyndan aşyryp düňderip goýberdi. Ol ýerde çäşerip ýatyşyna ak buludy galňan göge, Üstýurda tarap dazlap barýan Güne bir garady-da ýerinden turdy. Ala-wakyrdy bolup gülüşýän oglanlar, Şamma meçew berdi. – Üç sapar ýykmaly. Ýene tut, ýene tut... Şammy Gurbanmäde garşy ýöneldi. – Ýok, göreşjek däl. Sen namart göreşýäň. Şammy onuň ýakasyndan tutdy. – Diliňi çeýneme, agzyňy gan ýalan ganjygyňky ýaly ederin. – Näme, ýalanmy? Duran adamy alyp ýykmak namartlyk dälmi? Şammy kel gyzdy. – Me, gel, men durýan, nähili tutsaň tut, beýle mert bolsaň. Gurbanmät göreş tilsiminden habarsyzdy. Ýöne «güýç bilen alaryn» öýdýärdi. Şonuň üçin oglan namysjaňlygy bilen gyzmalyk etdi-de, garşydaşynyň bilinden tutdy. Şonda ol Şammynyň tuduň kötügi ýaly berkligine göz ýetirdi. – Bolduňmy? – Boldum! Şammy ony ýene-de bilinden ýeňiljek tutup, düňderip goýberdi, soňam ýer bagyrtlap, çäşerlip ýatan oglanyň bilinden jagyrdadyp basdy. – Indi boýun alýaňmy ýeňileniňi? Sen meniň eşegim, boýun al. – Boýun alamok. Ýene bir sapar... Gurbanmät ýadapdy. Şonda-da ol ýene-de tutluşdy. Şammy bu sapar çopan badagyny saldy. Gurbanmät badakdan boşamagy başardy. – Tap, seniň doganyňy – Şammy ony erbet silkeledi. Gurbanmät Şammynyň güýjüni duýdy. Ol ösüp oturan syrdaň güjümi gujaklaýan ýalydy. Oňa hiç güýç kär edip biljek däldi. Şammy ony ýene-de biline çenli göterip, pyrlanyp ugrady. Başy pyr-pyr aýlanan Gurbanmät honda guma bulaşyp ýatanyny duýup galdy. – Ýeňildim! Şammy gyra çykyp oturdy. – Eý, ol indi seniň eşegiň – diýip oglanlaryň biri gygyrdy. – Äý, ondanam bir eşek bolarmaý, ol maçy eşeg-ä. Ony nemetmeli. Şammynyň bu sözi öňem jany ýanyp oturan Gurbanmädiň ýüregine ot bolup basyldy. Ol otuň ýanynda duran oragyny alyp, gandaryny gören ýaly bolup Şamma topuldy. Şammy ýerinden turmaga zordan ýetişdi-de, Gurbanmädiň ýüzüne ýumrugy bilen ýelmedi. Gurbanmät ömründe beýle agyr zarbaly urgyny görmändi. Onuň goşa gözünden uçgun çykyp, ýüzi tersine dönen ýaly boldy. Oňa çenli Şammy ony ýene urdy. Onuň bişen kerpiç ýaly gaty, agyr ýumruklary Gurbanmädi lagşatdy. Ol ýere ýykylyp ýatyşyna töweregine ysgynsyz, naýynjar garady. Şammy ony gazap bilen iki sapar depdi. – Gel, ýene deg, seniň doganyňy bir... Gurbanmät süýrenip hyşalyga baka çekildi. Birsalym ýatyp, özüni dürsedi. – Eý, Hudaý, bu nähili oglan. Eý, Alla, meni goraweri. Gurbanmät özi bilen ýatyp, özi bilen boýdaş, özi ýaly çepiksije oglanjykda beýle gazaply güýjüň barlygyna haýran galdy. – Onuň ýüregi daşdandyr. Ol döw çagasy. Ondan daşda durmaly. Ol özüni dürsedi-de, mesawy gürrüňe gyzan oglanlaryň oturan ýerine baryp, telpegini, oragyny alyp, çertegine girdi. Gün Üstýurt daglarynyň üstüne çykypdy. Günüň eňek atýanyny aňan mallar toplanyşyp ugrapdylar. Gör ýaly garaňky çertek Gurbanmädi gysyp-gowrup barýardy. Çagalyk utanjy, öň hiç wagt duýulmadyk çagalyk namysy ony köz ýaly gamçy bolup daglady. – Sen entek duruber, senden arymy alaryn, kel doňuz – diýip, ol dişleriniň arasyna awuly sözleri salyp samrady – Sen, sen meni uranyňa puşman edersiň. Ol şu gün özüniň ölen goýnuň porsy maslygyndan enaýy däldigine düşündi. – Meni kim çeýnese, kim çekelese çekeläbermeli, mendenem bir erkek kişi bolarmy? Meni öz çertegimiň işiginde şeýdip masgaralajak bolsalar, özümi gorap bilmesem, tüf ýüzüme. Ol özüne buýruk berdi: «Bar seniň mertebäňi masgaralanyň bokurdagyny orak bilen kerçip goýber». Ol gazap bilen ýerinden turup, garaňky çertekden çykdy. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |