16:28 Gurbanmämmet serdar -4/ romanyň dowamy | |
3.
Taryhy proza
– Tur-aýt, näme, beýle-de bir ýatmak bolarmy? Kimdir biri oglany gaty-gaty yralady. Gurbanmät gözdürtme garaňkyda hiç kimi saýgarmady. Ol häzir öýlerinde ýatandyryn öýtdi. Özüni yralany kakasyna meňzetdi. Häzir ol elhenç düýş görüp, gorkup turup, bu bolup geçen zatlaryň düýşüdigine çaksyz begenýän ýalydy. Şol begenç bilenem: – Däde! – diýip, samrady. – Hany, çyk, daşary. Ol bu azmly sesiň dädesiniňki däldigini aňdy. Çapynyp ýerinden turdy-da, çertekden çykdy. Çertegiň işiginde demirgyryň gapdalynda iki sany eýerlengi at durdy. Gün dik depä çykypdy. Ol çertegiň gapdalyndaky öý ýaly ýylgynyň kölgesinde üýşüp duran adamlary görüp, az-kem sägindi. – Salawmaleýkim! Özüni yralap oýadan adamy tanady. Ol Hywa hanynyň Tagta boýunça dikmesi Erejep handy. Ol gelip Gurbanmät bilen elleşdi. Ony görüp ýylgynyň kölgesinde oturanlaram gelip, Gurbanmät bilen salamlaşdylar. Erejep han hyrsyz ýüzüni, käse ýaly gözlerini oglana dikdi. – Kim bolarsyň? Kimiň ogly sen. Gurbanmät sakyndy. – Men. Neme. Hojabaýyň. – Haýsy Hojabaý? – Bedirkentli Jüneýit Hojabaýyň. – Sen bu taýlarda näme işläp ýörsüň? – Men obamyzyň sygyr çopany. Şu ýerde kyrk sany ýoz sygyr bakýan. Erejep han töweregindäki adamlara garady. – Ertirki mallary nireden sürüp geldiň? Aty, tüpeňi kimden ogurlap aldyň? – Garakçylardan. Olar düýn öýlän meniň bakyp ýören mallarymy Ahala tarap zor bilen sürüp, alyp gitdiler... – Dur! – diýip, Erejep han dözümli gürledi. – Sen dur. Seniň mallaryňy galtamanlaryň sürenine şaýadyň barmy? Gurbanmät bir döwürde üýşüp duran düýnki deň-duş oglanlaryna baş atdy. – Diňe meniň malym däl, ine, şolaryň ählisiniňem malyny sürdüler. Duran adamlaryň arasyndan Garaporsaňly kiçijik ýaşuly orta çykdy. – Men şaýat, Erejep. Men eşekli geçip barýardym. Gözüm bilen gördüm. Görenimi aýdaýyn. Erejep han gamçysy bilen «Sen otur» diýen manyda ümledi. – Öz agzyndan eşideli-le – diýip, duranlaryň biri aýtdy. – Özüň aýt, köşek. Gurbanmät duranlara bolan wakany gürrüň berdi. Olar agyzlaryny açyp galdy. – Ynanar ýaly däl! – diýip, şol kiçijik ýaşuly janykdy. – Berekella, guzym, är işini bitirdiň. Indi Erejep han käse ýaly gözlerini mölterdip durşuna, gaňtarylgy duran ata seretdi. – Indi bu at kimiňki bolmaly? – diýip, geň sowaly orta atdy. Hiç kimden ses çykmady. – Atmy, at seniň iliňi talap, malyňy sürüp giden galtamanlardan kim bu aty, malyny gaňryp alyp gaýdan bolsa, at şonuňky bolar. – Ol bolmaz – diýip, han bu aty ýumruk ýaly çaga dözmeýändigini aňdyrdy. – Beýle baş-başdaklyk bolmaly däl, Mütürik. Bu olja. Oljany il kethudasy çözmelidir. Bu ata-babadan gelýän adatdyr. Mütürik aga bu hanyň iliň içinde «Bes et» diýip özüni adam sanyna almany üçinmi, ýa-da Allanyň emini bolmak niýeti bilenmi, hanyň agzyna kese girdi. – Hany, ol kethudalar galdymy? – han diýdi. – Hany ol iline-gününe hossar çykan är ogullar. Han içiniň gyzylyny ýüzüne çykardy. – Sen, äýt, näme diýiberýäň, hä, men bar-a, men ölemog-a. Men şu iliň hany. Näme meni hasap etmejek bolýaňmy? Ýa-da... Hiç kimden ses çykmady. – Sen han, ýagy gaýdansoň batyr köpeler etme. – Näme? Bes et! – Hanyň sesi öleňde gohlady. – Tapdyň agzy gowşak adamyňy. Şu sözüň üçin dykaryn seni Hywanyň zyndanyna, ýat porsa-da, päheý-de, welin... Mütürik aga ýerinden turdy-da iki ädim yza çekildi. – Han, düýn agşam mallary galtaman sürdi diýip, Garaporsaňly Weli aga, Sapa ker bilen öýüňe bardyg-a. Beýle hossar bolsaň, şol ýagynyň yzyndan basyp gitmeli ekeniň. Olja-da, malam seňki bolardy. Etmediň-ä, gaýta: «Hany, ertire bir çykaly» diýmediňmi?! Bu bala jany orta goýup, mallary yzyna alyp geldi. Gaýta sen onuň atyny elinden aljak bolýaň. Hakyna seretseň, diňe ät däl, şol mallar hem tutuşlygyna şol oglanyňky bolmaly. Han hem ýerinden turdy. Ol gazabyna titredi-de, agzyndan köpük saçdy. – Bu ýer. Hywa hanynyň mülki. Bu ýerleriň öz eýesi bar. Biz şol hanyň hyzmatkäri. Atam, malam şonuňky. Goý, bu oglanyň özi aty Hywa hanyna eltip bersin. Şonda Bahadur han aty oglana berse, meniň garşylygym ýok. Malyňyz özüňize nesip etsin... Gurbanmät durup bilmedi. Ol aljyraňňydy. – Men aty hiç kime bermen. Eger dawa etseňiz, aty agşam ýatman eýesine elter gaýdaryn – diýdi. Soňam – Galtamanlar meniň gyzyl gaçarymy soýup iýdi. Men şol gaçarymy satyp, ýaby aljakdym. At şoňa derek... Han bu aty aňsat girisine salyp bilmejegini aňdy-da, gürrüňi jemledi. – Gepi uzaltmaýyn, aty men alyp gideýin. Tagtanyň kazysy çözsün bu dawany. Maňa atam, gepem gerek däl. Adamlardan ses çykmady. Diňe Mütürik aga janykdy. – Bu nähili bolýar il-gün. Beýle-de bir adalatsyzlyk bolarmy. Hojabaý Işan, Hojamyrat eşitse näme diýer. Olar ganojag-a. Onsoňam, pikir ediň, şeýle hudaýsyzlygyňyzy gören adam gaýdyp size hossaram çykmaz, beýdip janyny orta goýup, malyňyzy bir topar galtamandan gaňryp almaz... Şol wagt ýadyňa-oýuňa düşmejek bir ýagdaý boldy. Aňyrdan atyny aldygyna sürüp gelýän ýetginjek bu märekä ýetmän zähresi ýarylan ýaly gygyrdy. – Adamlar, ýetişiň. Garaporsaňyň bar malyny galtamanlar guma tarap sürdüler. Hiç kimden ses çykmady. – Han aga sürlen mallaryň köpüsi siziň sygyrlaryňyz. Han birden üýtgedi. Onuň garnyna ot basylan ýaly, käse ýaly gözlerine gan indi. – Gurrumsaklar. Ol gamçysy bilen lowurdap duran ädigine uranda başyndaky silkme telpeginiň burmalary titredi. Ol bilinden gara saply pyçagyny çykaryp, gulaklaryny üşerdip, bir galagoplugyň bardygyny duýup duran ahalteke atynyň tanapyny kesdi-de, baryp öz ýomut atynyň eýerine baglady. Özi atyna eýere ýapyşyp, üzeňňidäki aýagyna agram berip mündi. Onuň yzyna dört-bäş adam eýerdi. Olaram hanyň nökerleridi. Adamlar ýomut atlarynyň arasynda üýtgeşik keramat bolup barýan ahalteke atyny demlerini alman synladylar. Gurbanmät ýere çökdi. Ýöne sesini çykarmady. Ol bir gije-gündiziň içinde başga birleriniň tutuş ömründe görmedik azabyny hile-batyrlygyny, adalatsyzlygyny gördi. Mütürik aga-da onuň ýanyna gelip ýere çökdi. – Gynanma, köşegim. Enşalla, bu mertligiň, bu parasadyň, bu şir ýüregiň bilen ähli at özüňki bolar. Bu gün sen görülip-eşidilmedik abraý-mertebä eýe bolduň. Ol müň süri atdan artykdyr. Saňa kast eden, pes bolar. Malyny aldyryp, soň oňa ýene gözi düşen adamlar Gurbanmädiň daşyna üýşdiler. – Taňry ýalkasyn, ogul. – Ýaşyň uzyn bolsun! – Alla myradyňa ýetirsin. Gurbanmät gün Üstýurt daglaryndan aňry aýaklaryny sallanda, horjunyny, eýerini ýuwaşrak sygyrlaryň biriniň arkasyna ýükläp, tüpeňini arkasyna alyp, mallaryny öňüne salyp oba bakan ugrady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |