16:33 Gurbanmämmet serdar -5/ romanyň dowamy | |
4.
Taryhy proza
Hojabaý Jüneýidiň öýi bu geň waka baradaky habary eşiden goňşy-golamdan, obadaşlardan, garyndaş-doganlardan ýaňa börek atylan gazana meňzeýärdi. Gapyda goşa gazanda nahar gaýnap durdy. Daşarda ýakylan belent oda goýlan tüňçeleriň biri gitse, biri gelýärdi. – Henizem gelenokmaý, oglanlar, baryň ýola serediň. – Men-ow ýoldan gelýän gara-çyra ýok. – Yzyndan gidäýmeli ekeniňiz. – Gitdiler. Azajyk sabyr ediň. Adamlar ýene mesawy gürrüňe tutdular. – Erejep hanyň altmyş sygryny sürüpdirler. Köpüsem saglyk eken. – diýip, Garaporsaňly ýigit aýtdy. – Özem hyk-çok edip otyr. Onsaň bizem daýyrdaşyp gidip, ugruna çykmadyk. – Näçe galtaman çozan – diýip, ak sakally goja käsesini elinden düşürmän sorady. – Dört sany daýaw atly adam. Ellerinde suw ýamy tüpeň. Edil bir guduzlan arslanyň bar-da. – Biziň mallarymyzy bäş galtaman sürüpmi? – Şolaryň bary şol bir adamlarmyş. Tejen kelmiş, ýöne soňky dördüň arasynda ol ýokmuş. – Atyny Gurbanmät jan alyp gaçsa, ol gelip bilmez-ä. – Şol dört atly Gurbanmädi kowalap Şorköl öleňe çenli gelenmiş. Ýöne mazaly maly ogurlananlar dadyna ýetişenmiş... Işikde sygyrlar molaşdy. – Al, geldi-how. Geldi. Bir salymdan horjunyny, tüpeňini egninden asyp, ýumruk ýaly oglanjyk içeri girdi. Ol ýadaw ýüzüni galdyryp: – Salawmaleýkim – diýdi. Adamlar ör turup, ýeke-ýekeden Gurbanmät bilen salamlaşdylar. – Berekella, köşek, iş bitiripsiň. – Ýaşyň uzyn bolsun! – Alla öz penasynda saklasyn! Gurbanmät adamlaryň aýagujynda oturdy. Şol wagt Ene daýza girdi-de, ogluny bagryna basdy. – Oglum, özüň sagmyň? – Sag eje, sag. – Özüň sag bolsaň bor oglum. Mal-hal tapdyrar durar. Obaň başyna inen beladan seniň habaryň ýokdur. – Ene daýza gözüne ýaş aýlady – Gurban daýyň, Aky balaň gyzyny, Ahmet agaň, Çary ýalaňajyň, Kakyş agaň, goňşymyz Altybaýyň ogluny Hywa hanynyň nökerleri salgyt salyp alyp gitdi. Ýanlarynda meýdi ýanmyş Erejep han bolansoň, il-günem näme etsin. Hiç kim uzanyp bilenok. Her bende Hudaýa tutunyp otyr. Men seni gaýgy etdim. Herne, başyň aman bolanyna, şükür. Ene daýza horjuny göterip daş çykdy. Mesawy gürrüňiň örüsi üýtgedi. – Bu Hywa hany başymyzdan inen towky boldy. Ogul gitdi, ogul. Kime arz edeli. – Hawa-da, öňem bir biz ýaly jany ýanan «Aýalyňy zorlan kazy bolsa, arzyňy kime aýtjak» diýipdir. Biziňkem şol boldy. Arzyňy aýtjagyň Erejep han dälmi? Onuň özi ili çapawullap ýör-ä... Nahar çekildi. Soň adamlar kem-kemden dargady. Hojabaý aga aýaguçda özüni bilmän ýatan ogluny yralady. – Geç, ýeriňe. Gurbanmät şondan soň telim günläp öýden çykmady. Soňam okuwyny dowam etdirmäge Akym mollanyň medresesine gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |