10:52 Gurbanmämmet serdar -6/ romanyň dowamy | |
5.
Taryhy proza
Tomsuň ortaky aýy gazap yssy geldi. Bugdaý, arpa ir ýetişdi. Ýöne jöwen, bakja tebsiräp otyrdy. Suw adamyň janyna dönüpdi. Hojabaý Jüneýidiň ekin ýeri ummasyzdy. Ol günlükçi tutup, arpasyny, bugdaýyny ordurýardy. Bedirkent obasynyň adamlarynyň köpüsi Hojabaý Jüneýidiň ekin ýerinde işleýärdi. Şonda-da el ýetenokdy. – Sen, ogul Mütürik aganyň ýanynda bol. Suw gezegimiz geldi. Ir guşlukdan, öýle guşluga çenli suw biziňki bolar. Men jöwene, gawun-garpyza suw tutjak adamlary belledim. Sen ýöne bende gözegçilik et-de gez. Adamlara ynam galan däldir – diýip, çaý başynda ogluna tabşyryk berdi. Gurbanmät çaý-çöregini iýip, çokaýyny geýdi-de, köneje kepjesini egnine atyp, obanyň gündogaryndan dikaşak akýan Tersýaba bakan ugrady. Ýabyň ady, Şabatdan ilki günorta, soň günbatara, soňam demirgazyga akýany üçin dakylypdy. Onuň niresiniň ters, niresiniň gönüligini oglan bilmeýärdi. Onuň bar pikiri medrese baradady. Ol Akym mollany biçak sylaýardy. Şeýle halalhon, pes päl, ýumşak adam onuň ömründe gabat gelmändi. – Okaň, balalar, okaň. Kim okamasa garaňky jaýda oturan ýalydyr. Kim okasa çyra ýakylan jaýda oturan ýalydyr. Ýaşlykda okaň, okanyňyz özüňiziňki bolar. Soň okanyň amanatdyr – diýerdi. Ol Gurbanmädi aýratyn gowy görýärdi. Onuň bir sebäbi garakçylaryň sürüp, Gurbanmädiň yzyna alyp gelen mallarynyň arasynda onuňam bir sygry bar eken. Şonuň üçin ol Gurbanmäde: – Sen köpräk oka. Okuw ejize-de gerekdir welin, güýçlä has gerek. Şerigat gyldan inçedir, gylyçdan ýitidir. Erte il hossary bolsaň, nämäň şerigata sygyp, nämäniň oňa töhmetdigini bilen ýagşy. Sen iliň hany bolarsyň. Özüňem adalatly han bolarsyň. Şonuň üçin okuw saňa gerek – diýerdi. Ol medrese ýapylanda mollasynyň ýanyna bardy. – Görüşmesek, razy bol, oglum. Menem garradym. Indi garry watana aşsam diýýän, Alla ýol berse. – Ol nirde, mollam. – Şu çölleň arkasynda Garrygoşa diýen bir ýurt bardyr. Bu il çörekli, döwletli il, ýamanlyk görmedim. Ýagşylyk, sylag-hormat gördüm. Ýöne bu ilde ýaşan döwrümde näçe gezek dem alan bolsam, her demim «Watan, Watan!» diýip geçendir. Besdir, men gideýin, razy boluň! Gurbanmät mollasynyň ýüzüne bir sapar seretdi-de, damagynyň dolanyny bildirmejek bolup, hyrra yzyna dolanyp gaýtdy. – Ol molla-da bolsa adamdy. Ýüzüniň adamçylyk perdesi bozulmadykdy. Biz şolar ýalyny görmesek, şolara meňzejek bolmasak, nireden adamçylykly bolaly. Men kime meňzäp gowy adam bolaýyn. Dädememi? Dädeme baýlyk gerek. Ýeke ogluna bir ýaby alyp berip bilenok. Bileni-biteni zat, zat, zat. Ýa Erejep hana meňzäp adam bolaýynmy? Olam zat üçin öz körpe gyzyny Bahadur hanyň aşagyna dykjak. Ýa-da Hojamyrat dädeme meňzäýinmi: Haram tapsa, halalyň ýüzüne tüýkürip ýör-ä... Şu ilde ýekeje begenip, buýsanyp ýörenim mollam, olam bizi orta ýolda taşlap gidýär. Gurbanmädiň öz kakasyndan göwni suw içip baranokdy. Hojabaý Jüneýit bir obanyň tüçjar baýy bolsa-da, malyna ygtyýary ýetýän bende däldi. Ol şol giden baýlygy urbalaryna basyp ýatyrdy. Hiç çykymy ýokdy. Öz öýünde-de aýaly, çagalary iýip, içip, geýip, baýyň maşgalasy ýaly gün görüp bilenokdy. Her kimiňki azapdy. Azabyň agramam ejesi bilen Gurbanmädiň egnini kertýärdi. – Suwy özüň tutarsyň – diýip, ol ýeke oglunyň üstüne giden meýdanyň garamatyny atjak bolup dur. Ýöne oglunyň dadyna ejesi ýetişdi. – Şol ýeriňi tapbat ursa-da şol oglan oňa suw tutmaz. Näme, ýygnap-ýygnap gabryňa äkitjekmi? Tut günlükçi. Adamlar gazanç tapman ýör. Hojabaý şondan soň aklyna aýlanyp, günlükçi tutup başlady. Ýöne ol oglunam sypdyranokdy. – Şu öýden çörek iýýär-ä. Çöregi işläp, alyn deriň bilen gazanyp iýmeli. Bikär entäp ýörse, adam bolmaz. Ene daýza sesini çykarmady. Ýöne onuň içi gepden doludy. Gurbanmädiň araky alamançylardan alyp gelen horjunynda Hojabaý Jüneýidiň bäş ýylky gazanjyna barabar baýlyk bardy. Iliň el ýuwan malyny yzyna dolap getiren ogly, ondan beter nähili adam etmeli? Ata bilen ogul başdan bir gazanda mäş bişirenokdy. Oňa Hojabaý Jüneýit Enäni günäkärläp, ol bigünä aýaly telim gaýta gamçy bilen çawlapdy. Ol «Ejemogly» diýip, oglunamsylap goýanokdy. Onam käte gamçy bilen çawlap almasy bardy. – Maňa olar ýaly atadan Akym molla müň paý ýakyn. Ol Tersýabyň boýuny syryp barşyna, eşegini dikirdedip, bende bakan barýan Mütürik agany gördi. Mütürik aga Garaporsaňlydy. Ol her gün irden gelip, käte agşamlaryna öýüne gaýdýardy. Köplenç bendiň başynda ýatýardy. Tagta ilinde Hojabaý Jüneýit ýaly, ummasyz ýeri bar adamlar kändi. Olara gezek gelende, ýabyň suwuny olaryň özi sazlaýardy. Olaryň suw gezegi iki-üç güne ýetýärdi. Şeýle günlerde ol öýüne gaýdardy. Sebäbi mirapçylygy ol baýlaryň öz wekilleri alyp barardy. Suwuň günäsem, sogabam olaryň boýnunady. Bu gün guşlukdan, öýle guşluga çenli suw gezegi Hojabaý Jüneýidiňkidi. Ýeriniň köpüsini arpa, bugdaý tutup, olam oraga geleni üçin bu günler agyr baýlar suwy az alýardylar. Iki guşluk arasy olaryň ýerine kekirdekden bolýardy. – Şonda-da, gör maňa ynanman, ogluny iberşini, munuň – diýip, Mütürik aga närazy boldy. Eşegini bendiň başyndaky kümäniň ýanynda daňdy-da, köneje horjunyny süýräp, kümä saldy. – Salawmaleýkim – diýip, Gurbanmät ýaşuly bilen iki elleşip salamlaşdy. – Waleýkim guzym, geldiňmi? – Geldim, men näme etmeli bolsa aýdyber. Ýaşuly ýylgyrdy. – Häzir ikimiz bir çaý içeli. Gün guşluk bolýança wagt kän. Öýden ertir çaýyny içmän gaýtdym. Gurbanmät kümäniň gapdalynda üýşüp duran odunlardan bir gujagyny ojagyň başyna getirip taşlady. Ot ýakdy. – Hany, tüňçäň? Ýaşuly horjunynyň gözlerini dörüşdirip, ýumruk ýaly mis tüňçäni çykardy. – Häzir meniň özüm! Gurbanmät tüňçä elini uzatdy. – Getir, getir, men gowy çaýkaryn. Ýaşuly oňa ynamsyz garady. – Köşegim, üç sapar çaýkagyn. Ilki özüň eliňi, ýüzüňi ýuw. Gurbanmät bende inip elini ýuwdy. Ýap mesdi. Dury suw bendi ýykaýyn-ýykaýyn diýýärdi. Ol ýaşulynyň tüňçesiniň içini-daşyny ýuwdy. Soň üç sapar çaýkady-da suwdan doldurdy. Getirip oda goýdy. – Mütürik aga, çaýkandyryn! Ýaşuly razy bolup gürledi. – Kemini goýmadyň, ogul, görüp durun. – Ol gapdaldaky tekizjek ýere köneje şal taşlady. – Geçäý şol ýere. Gurbanmät ejesiniň ýaglyga düwüp beren azygyny orta goýdy. Çaý haý diýmän gaýnansoň, ony ýaşulynyň özi çaý atyp, orta getirdi. – Hany, geç. – Ol elini düşege salgady. – Meniňem bir çaýymy içip gör. Ol ýene içeri girdi. Azykly düwünçegini, käsesini getirdi. Soň güýzüň hökümi ýagşy ýörän meýdanlara çöňňelen göreçlerini aýlady. Çaýyny gaýtaryp durşuna: – Wah, ýetginjeklik döwri bir gowy zat-da – diýdi. O döwürde ine, şu owadan meýdanlaryň özi saňa hurş-da. Gözüň bilen seredip, ruhuňy doýuryp ýörmeli. Ol ýabyň aňyrlaryna, soň gözýetime çenli garady-da, käsesine çaý guýundy. – Garrylyk gursun. Näçe owadan zada seretseňem, gözüň işigine girmeýär, daşynda galýar, daşynda. Ynjaldýan, ruhuňy gandyrýan ýerine ýetmeýär. Ol ýerleri, sebäp, betgümanlyk eýeländir. Garrylyk-betgümanlyk. Betgümanlyk. Şeýtan parasadydyr. Garrylyk şeýtanlaryň oýnagydyr. Şeýtandan sorapdyrlar «Ýatak jaýyň nirede?», «Garrylaryň göwnünde» diýipdir. Gurbanmät ýaşulynyň bu pelsepeli sözüne, onuň ujunyň nirä degýänine düşünmedi. Ýöne ýaşulynyň geňje hereketlerini aňkarlyp synlady. Ol jübüsinden gyzylja düwünçek bilen barmak ýaljak çakgy çykardy. Soň düwünçegini açyp gara kişmiş ýaly hamyrdan çakgynyň ujunda bölüp aldy-da, käsäň düýbündäki çaýa goşdy. Soň çakgysyny dili bilen çalt-çalt ýalady-da, käsäni başyna çekdi. Tüňçeden käsä ýene birki owurt çaý guýup, gyzgynlygyna owurtlady. Soň düwünçegini, çakgyjygyny ýygnady. – Araky atyňdan habaryň barmy? – diýip, ýaş oglana seretmän gürledi. Gurbanmät ýaşulynyň çaganyň eliniň aýasy ýaljak ýüzüne, barmagynyň ujy ýaly bolup, çömmelip duran burnuna, döwlüp, töňňesi galan dişlerine, gyzzyrmanyň deşigi ýaljak gözüne, bir çogdum sakalyna haýran galyp seretdi. Köneje telpegi bilen sakalyny aýyrsaň, onuň kellesi ýumrukdan uly däldi. – Ýok, habar tutasymam gelenok – diýip, oglan ejesiniň beren düwünçegini çözüp durşuna aýtdy. – Ol at Erejebiň işiginde dur. Gurbanmät ýarty çörek bilen onuň üstünde goýlan ýumruk ýaly gowurmany ýaşulynyň öňüne süýşürdi. – At dagam däl. Oglan ýaşulynyň ýüzüne seretdi. – Giden mallardan derek ýokmy? – Gürüm-jürüm. Gürüm-jürüm? Şol bada atlan-ha-atlan bolan boldylar. Gumuň eteginde entäbem, iki ellerini burunlaryna sokup, dolanyp geldiler. – Indi olaryň bu aty maňa halal boldy – diýen bolýar, ol baýguş göz, haramzada. – Giden biri, getiren biri, ol saňa nähili halal bolýar – diýsem – Meniň altmyş sygrym gitdi. Şony gaýtaryp bersinler, atyny beräýerin – diýýär, imansyz. Çaý degdimi, ýa neşe süňňini ýumşatdymy, ýaşuly dogumlanan ýaly boldy. – Ilerde Ahal ili, gaýrada Hywa hany halys depä çykdy. – Ol käsesini saçagyň üstünde goýup gurbatlanan göwresini galkyndyryp goýberdi. – Heý, il-bendäniň işiginde göz dikip oturan malyna kast edip bolarmy? Ol bir görülmedik zulum ahyryn. Bahadur hanyňky ondanam zulum, gyzyň göze görnüp, ogluň ese-boýa geldigi titräp ugramaly. Sen ýok, men ýok, atyň öňüne basyp alyp gidibermeli. Heý, mundanam bir düzgün bolarmy? Heý mundanam gün bolarmy? Ýaşulynyň bu gürrüňleri Gurbanmäde, özüne arz edilýän ýaly boldy. Ol dogumlandy. Ýüreginiň astyndan bir keramat diline geçdi. – Agam, günüň dogup gelýän çagy saňa wada berýän. Nesip bolup, Alla jan ömür berse, men öz ilimde şeýle zuluma ýol bermerin. Ýaşuly çaýynyň soňuny başyna çekdi. – Sendenem oglum, göwnüm geçdi. – O näme üçin. – O nämesi, şol demir gyry nirelerden janyňy orta goýup getirip, onam bir haramzadanyň eline berip goýberdiň. Gurbanmät sesini çykarmady. – Al, gowurdagyňy, çöregiňi, dola... – Iý-dä, Mütürik aga... – Ýaşuly iki elini daldallatdy. – Ýok, ýok, duzuna döneýin. Men Hojabaýyň çöregini iýmen. Arassa göremok, oglum. Hapa görýän. Gurbanmät öýle guşluga çenli çaýam içmedi, çöregem iýmedi. Öýle guşluk işanlaryň wekili gelip, suw gezeklerini aldylar. Yz ýany bilen iki suwçyny yzyna tirkäp, Hojabaý aga-da geldi. – Näme, suwa seretmediňmi? Ýa şol tersokanyň müdi-müdi gürrüňine aldanyp otyrmyň? Gurbanmädiň keçje damary tutdy. – Däde, gaýta esli dem köpem gitdi seniň suwuň. Öýle guşluk mazaly bolansoň kesildi suwy. – Näme, ýene bir salym akanda ölýäňmi? Näme, ejeň ganymy? Görýän, saňa bol diýýän barmy, döremän geçen. – Däde, hiç kim görmese-de Alla görüp dur. Sen Allany aldap bilmersiň. Hojabaý aga kepjesini galdyryp, ogluny kerçärli göründi. Emma suwçular ony saklady. Gurbanmät sarsmady. – Agşam öýe bir bar, seniň diliň ýaman uzapdyr. Diliňi gömeýiniňden sograryn. ...Ol agşam öýe gelende öňünde ogly ýokdy. – Hany, ogluň? Ene daýza elewredi. – Bile çykdyňyz-a, daňdanda. Näme ony görmediňmi? Ýaşuly dişini çalyp gepledi. – Hany, tükezzibana tutma-da, saçak ýaz. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |