23:36 Gurbanmämmet serdar -7/ romanyň dowamy | |
6.
Taryhy proza
Gurbanmät bentden göni Garaporsaňa ugrady. «Mütürik aga dogry aýdýar. Demir gyry ölsemem hana bermerin...» Ol gün öýlä aganda Garaporsaňa, hanyňka bardy. – Salam, ýeňňe. Hany Han aga – diýip, daşarda ojagyň başynda biş-düş edip ýören ýaş gelinden sorady. – Han agaň nökerleri bilen ýaňy gitdi. Nämä gerek ol. Gurbanmät gelniň ýüzüne seretdi. – Han aga gelse aýt. Hojabaý Jüneýdiň ogly Gurbanmämmet gelip, atyny alyp gitdi – diý. Eger at diýip baraýsa, kellesinden dynar. Eşitdim, eşitmedim diýmesin. Ol başga zat diýmedi-de, at ýataga geçdi. Gazykda öňüne dökülen körpäni göwünli-göwünsiz iýip duran demirgyryň ýüpüni gazykdan çözdi-de, haýata ýanap mündi. Uly pelde ýorunja ýygyp ýören iki ýetginjek ylgap gelip, onuň öňünden boldular. Olar iki ýandan gykylyklaşyp: – Goý, aty-da, düş atdan – boluşdylar. Emma Gurbanmät elindäki ýüpi bilen aty saýgylap, hanyň howlusyndan zymdyrylyp çykyp gaýtdy. Şu geçen günlerde perewi ýagşy ýetirilen at özüni tutupdy. Ol bir bölek tylla ýaly lowurdap, günüň batyp barýan çaglary şuglasy bilen gözüňi gamaşdyrýardy. Oglan bir salym atyň aýagynyň hözirini gördi. Demirgyr uçaýyn diýýärdi. Güýzüň salkyn şemaly, ýaşyl öleňlerden gaýdýan üýtgeşik hoştap ys, ýörite at çapylsa diýen ýaly, kirşeni ýatyp, agşam çygy ornap başlan ak ýollar diňe bir demirgyryň däl, Gurbanmädiň hem janyny alyp barýardy. Ol hä diýmän Bedirkende ýetdi-de, öýleriniň işigine baryp, atdan düşdi. Aty üçin boş meýdana täze gazyk kakdy. Oňa atyny baglap, ata ot-suw berdi. Öýde näme kändi, arpa kändi. Ol ýaýbaň jamlaryň birini arpadan dolabarabar edip atyň öňüne goýdy. Atynyň arpa işdämen ýapyşyşyny görübem içeri girdi. Öýüň töründe, düşegiň üstünde süýnüp ýatan kakasyna seretdi. – Atymy alyp geldim. – Aý, goý, oglan, sen haýsy atyňy alyp geldiň? Gurbanmät ejesine dikanlap seretdi. – Eje, sen azajyk tagapyl et. – Nämäň aty? – diýip, argyn Hojabaý aga süňklerini jagyrdadyp ogluna tarap öwrüldi. Gurbanmät onuň gaşyna çökdi. – Arada galtamanlar malymyzy sürende, şolaryň bir atyny alyp gaýtdym. Ol at meniňki bolmaly diýip, Erejep han ony elimden zor bilen alyp gitdi. Ýogsa men «ol at gyzyl gaçaryma gerek» diýip şunça düşündirdimem, adamlar hem oňa töwella-da etdiler. Ol töwellanam almady. «Öz halal malym» diýip, gapysynda saklap ýör. Onsoň ep-esli gün garaşdym. Ýerine bir ýaby berse-de oňjakdym. – Sen ot bilen oýun etme. Olar ganojak halkdyr. At nämäňe gerek. Kakasynyň bu sözi oglanyň gulagynyň düýbüne şarpyk çalnan ýaly etdi. Ol dym gyzyl ýüzüni sypjyklady. – Ýok, däde, ol ot bilen oýun edýär. Ölerin, bermen. Allanyň özüme beren paýyny kişä bermen. – Sen kim, haram göt boky. Sen at-pat diýip meniň üstüme ýagy getirme. Seniň bu oýnuňdan ölümiň ysy gelýär. – Ölerin, ýöne bermerin. Bilip goýuň. Namysa galyp bir gün ýaşaman. Hana at, kim alsa, ýeke ok paýy bar. Ol ylgap bardy-da, goýan ýerinden bäşataryny çykardy. Oňa hatardan sogrup bäş sany ok saldy. Soň ony dula söýedi. – Eje maňa çaý-çöregi daşarda ber. Men atymyň ýanynda ýatjak. Ol daş çykdy. Aý dogupdy. Onuň töweregi durşuna ýyldyzdy. Ol ýyldyzlar kirpigiňi gyrpmasaň gözüňe gaçjaga meňzeýärdi. Ejesi daşary keçe oklady. Bir tabak mäşewe bilen ýarty çörek alyp geldi. Gurbanmät ölen ýaly ajygypdy. Ol jamy boşadyp, omyn etdi-de, keçäniň üstüne süýndi. Demirgyr arpa gütürdedýärdi. Özem mahal-mahal gulaklaryny keýerdip, nirädir bir ýere seredýärdi. Gurbanmät indi itiň guýrugyny dişläpdi. Onuň kellesinde ýekeje pikir bardy. – Ölüşerin, emma aty bermerin. Gan çaýkaryn. Dädemem, agalarymam, obany, ilem bilmen. Ölsem, ölüp geçeýin. Olar şu gün tanarlar Gurbanmät Jüneýidiň kimdigini. Geliň. Gelsinler. Ýöne içiňi ýakaýyn diýen ýaly, gelýän-gidýän ýokdy. Gurbanmät irkildi. Kimdir biri onuň üstüne ýorgan ýapypdyr. Obanyň horazlary goh turzup, gygyryp başlanda, at erbet hokurganyp ürkdi. Ol laňňa ýerinden galdy. – Kim bar? Kimdir biri garaňka siňip gitdi. Şondan köp wagt geçmänkä at aýagynyň güpürdisi gelip başlady. Gurbanmät atyň ýanyna baryp bir çöküne düşüp oturdy. Onuň garaşyşy ýaly boldy. Dört atly aňyrdan güpürdeşip gelişine, jaýyň işiginde saklandylar. – Bar, çagyr – diýip, atlylaryň biri azgyrylyp aýtdy. Gurbanmät ony Erejep handyr öýdüp çaklady. Işik açyldy. – Hojabaý! Hojabaý! – Içerden ukyly aýal sesi çykdy – Daş çyk. Ýaşuly güýmendi. Içerde çyra ýandy. – Sen içerde çaga gullaýaňmy, çyk diýilende çyk-da, haramzada. Ýaşuly işige mündi. – Geliň. Hälki ses azmly çykdy. – Hany, at? Hojabaý bada-bat jogap berdi. – Hana, at. Ony getirenem, görenem oglum Gurbanmät. Ol daşary gygyrdy. – Gurbanmät, eýt Gurbanmät, gel munda. Gel, özüň jogap ber. – Ol ýuwaş ses bilen – Men goşulamok. Meniň işim ýok – diýdi. Gurbanmät garaňkynyň bir gyrasyny galdyryp, atlylaryň ýanyna geldi. Ol salam bermedi. – Meni nädersiňiz? Erejep han atynyň üstünden oglana gamçysyny çawlady. – Itiň güjügi. Aty näme diýip alyp gaýtdyň. Gamçy Gurbanmädiň ýüzüni çawlap geçdi. Ol öňki gazabynyň üstüne, guduzlana döndi. – Ol aty men galtamanlaryň golundan alyp gaýtdym. Seniň ýaly namarda berer ýaly atym ýok. Eger ataň siýdigi bolsaň, bar, altmyş sygryňy, üstüne bir atam alyp gaýt. Emma men öz atymy bermen. Ol elini garaňka uzatdy. – Hana at, şol baýrak bolsun. Golaýyna barsaňyz aldygyňyz hasap. Han ýene-de gamçysyny salgady. Emma bu sapar oglan ahmal däldi. – Seniň bir eneňi dula bakdyraýyn, ganjygyň süýdüni emen. Ol ýanyndakylara buýruk berdi. – Baryň, aty alyp gaýdyň. Iki adam atdan syrylyp düşdi-de, täze ýataga bakan ugrady. Gurbanmät atylyp içeri girdi-de, göz açyp-ýumasy salymda bäşatary alyp çykdy. Olam ýataga bakan ugrady. – Duruň! Atarryn! Ol asmana garşy atyp goýberdi. Ömründe beýle pöwhe sesi eşitmedik atlar çarpaýa galdy. Erejep hanyň aty gaty gorkdy. Ol hany edil ýassyk ýaly edip, asmana zyňdy-da, yzyna bakan eňterildi. Erejep han hykylap, gaty ýere pökläp gaýtdy. – Ýok boluň, bagryňyzdan otlaryn. Güm boluň. Eýeleri garaňka sümülip giden atlaram çarpaýa galyp, ýola bakan ýazzyny berdiler. At almaga gidenler aljyraşyp geldiler-de, atlarynyň yzyndan eňdiler. Gurbanmät bäşatary çäşerilip ýatan hanyň garnyna diredi. – Ýene at diýip bäri baksaň, ikinji ok seniňkidir. Tohumyňa gan çaýkaryn. Ol ýene iki sapar asmana atdy. – Güm boluň, haramzadalar! Han ýerinden emedekläp, ep-esli ýere baransoň turdy-da, löňk-löňk edip gözden ýitdi. Oňa çenli oba-goňşular ylgaşyp geldiler. – Näme boldy? – Bu gümp-gümp näme? Köpden bäri beýle sesi eşitmedik obanyň ýüregine gozgalaň düşdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |