15:17 Gurgeniň | |
GÜRGENIÑ
Goşgular
Öňünde belent dag, serinde duman, Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň; Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara, Akar boz bulanyp sili Gürgeniň. Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly, Gözelleri bardyr altyn-kümüşli, Boz güsbent, gyr ýylky, gara gäwmişli, Argaly gäw bolar maly Gürgeniň. Hatarlanyp duran iner, maýalar, Agyr bezirgenler, tuçjar eýeler, Seňrikläp, abanyp duran gaýalar, Öňi-ardy sagy-soly Gürgeniň. Ýigitler tirme-şal guşar biline, Ýorga münüp, tarlaň alar eline, Ak göwsün biýr jeren deňiz ýeline, Mäleýir maraly çöli Gürgeniň. Magtymguly ilden-ile aralar, Hijran tygy bilen bagryn paralar, Golun sallap maral gabak periler, Iner olumyndan däli Gurgeniň. Magtymguly PYRAGY. | |
|
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Wagtydyr / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |