ALAN ÝAGŞYDYR
Adam ogly, bu dünýäden ötünçäň,
at bilen abyraý alan ýagşydyr,
gulatynyň saýasynda ýatynçaň,
bürgüt penjesinde ölen ýagşydyr.
Binamaz elinden tagam iýmäňler,
islenmegen ýerde güftar açmaňlar,
hergiz namart köprüsinden geçmäňler,
gark bolup, derýada galan ýagşydyr.
hataryň görküdir maýalar, nerler,
ilimiň kuwwaty merdana ärler,
ýalançy Alla`nyň duşmany diýrler,
emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyr.
magtymguly, diýer sözüm dag aşmaz,
namart adam ýoldaşyna garaşmaz,
ýas hana ýerinde gülmek ýaraşmaz,
toýuň meýlisinde gülen ýagşydyr.
■ ZOR BOLAR
Ýagşylykda ile özün tanadan-
alkyş alyp, derejesi zor bolar,
ýaman bolup, ýagşylygy unudan-
öz yzzatyn gidir, itden hor bolar.
muňly bolar myradyna ýetmeýen,
müýnli bolar hak emrini tutmaýan,
öz ryzkyna hiç kanagat etmeýen,
gözün diker, kişi aşyna zar bolar.
her kim ýamanlasa deňi-duşyny,
özi müşgül eder asan işini,
kim dargatsa akyl bilen huşyny,
eden işin bilmez, sermisar bolar.
zehini keç bolar bady ýaňylan,
biygtyýar bolar goly daňylan,
göreşde ýykylan, jeňde ýeňilen,
içi doly namys bilen ar bolar.
gaýraty kem bolar gahyry azyň,
depgini pes bolar matamda sazyň,
öýüne barsaňyz, bir binyýazyň,
göwresi gysylar, köňli dar bolar.
kim belany satyn alsa başyna,
reşk edip, rakyplar geçer daşyna,
tokuş etse kim başarmaz işine,
söwdasyndan gelebilse är bolar.
soňun toba etmez ýaňyşyp ýazan,
ot ýaksaň gaýnamaz bir gury gazan,
pähm ediň, her ýerde bir päli azan,
ýowuz musallata sezewar bolar.
hazana dönüpdir ömrüm ter güli,
nazaryn pes tutar ilden, bergili,
biykbal, ýazykly, ýaman görgüli,
uçraş gelse, bir ýamana ýar bolar.
öňde yzda görseň her kes gulamyň,
ondan aýamagyn taňry salamyn,
kim okyp unutsa hakyň kelamyn,
kyýamat gün iki gözi kör bolar.
haly müşgil bolar köýüp-ýananyň,
imany şikest tapar haram iýeniň,
kastdan roza, namazyny goýanyň,
özi kapyr, biliň, jaýy dar bolar.
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
taraşlap, şaglatgyn köňle geleniň,
senden soňkylara ýadygär bolar!
Goşgular