02:59 Guşuñ süýdi / satiriki hekaýa | |
GUŞUÑ SÜÝDI
Satiriki hekaýalar
Ýekşenbe günüdi, başga-da güýmenje tapman, jygyllyk bazaryna bardym. Baý-ba-a! Halal saña! Bu-ýa jygyllyk däl-de durşuna mygyllyk, how! Märekeden ýaña başyñ-gözüñ aýlanýar. Kim satýa, kim alýa, biler ýaly däl. Gökli gutap iýýän-de bar, agarana çörek batyrynyp symyşlap oturan-da kän. Esasy bir bellemeli zat, guwandyryjy hadysa olam jygyllyga baranladyñ togsan prosentiniñ zenan maşgalalardygy. Dogrudanam, bu erbet däl. Gadym zamanda bazara aýal baryp bilmez ekeni. Haýsydyr bir harydyñ bahasy bazaryñ göterjeginden ýokary galyberse, "Haýt, serediñ, haw, bazar jaýyñ golaýynda aýal-ebtat bar bolaýmasyn" diýşip, kazy-kelanlar gan damýan gamçysyny bulap, gahar atyna atlanyberer ekenler. A indi beýle zatlar gümüne gitdi. Ertekä öwrüldi. Biz-ä ol zatlary aýtmaga-da ýaýdanýas, sebäbi il güljek. Hawa, men jygylluga bardym. Märekäniñ sili meni dagyñ daşyny togalan ýaly südürläp, göni zenanlaryñ gür ýerine eltip sokdy. Gelin-gyzlar menden utanýandyrlar öýdüp, uýalyp, gaýnadylan leññeç ýaly, dym-gyzyl boldum. Gyzyl-çyzyl geýimler başymy aýlady. Aýallardan biri: - Wa-ýeý, bu bendäniñ öýünde bazarçysy ýokmuka?! - diýip, ýanyndaky bir aýala ýüzlendi. - Wah, ýokdur-la. Bolsa bu bende beýdip görgä galyp ýörmezdi-le - diýip, beýleki aýal jogap berdi. - Özem utanýa, gyz. Burç ýaly gyzardy bende. - Bu epeý göwresi bilen zad-a satybiljege meñzänok, gyz?! - Satmak nämişlesin, aljakdyr. Menem şol wagt gidere mümkinçilik tapman, oduk-buduk gören boluberdim. Bahasynu soraşdyrýan. Arzanrak dilän bolýan. Öt-geç diýýän. Garaz, dek duramok. Bir görsem, ýañky iki aýal ýuwaşlyk bilen golaýyma gelýärler. - Aýu, adam, näme aljak? - Be, näme al diýildikä, huşumam ýok - diýip, mañlaýyma elimi eltdim. - Belki, seretseñ ýadyña düşer - diýip, aýallardan biri goltugundaky matalary görkezmäge durdy. - Agam, mende-de üýtgeşik mata-marlak bar - diýip, beýleki aýal begres çabydyñ iki ýanyny arkanlygyna serpdi. Bir aýdan zadym: - Baý-ba, bu ýerde guşuñ süýdünden başga zat bar-ow - diýdim. - Weý, agam, bar zadyñ bir üstüni gömme. Jygyllykda guşuñ süýdem tapylýar - diýip, aýallardan biri arkaýyn aýtdy. - Hawa, hawa, guşuñ süýdi näçe diýseñ bar - diýip, beýleki aýal onuñ sözüni tassyklady. - Ýýak, garyndaşlam, nädäýdiñiz muny, heý, guşuñ süýdem bazarda satylarmy?! Guş diýlen zady sygyrdyr öýdýäñizmi?! Ony höwlüm-höwlüm diýip sagup bolmaz ahyry - diýip, zenanlaryñ howalasyny basmak isledim. - Weý, agam, puluñdan gaçmasañ, guşuñ süýdi mende bar - diýip, aýallardan biri korzinkasyna ýapyşdy. - Getir alaýyn. Bir tonna-da bolsa, bahasyna bakman, nyrhyndan gorkman tutup götereýin - diýip, urdum haýbaty. - Ine, agam, muña guşuñ süýdi diýerler - diýip, bir aýal esli şokolady elime berdi. Görsem, ýañky şokoladyñ adyna "Guş süýdi" diýilýän ekeni. Özem daşary ýurduñ önümi bolsa nätjek. Öz bahasy esli bar weli, jygyllygyñ nyrham özüñe belli, şony eşidip, depe saçym itden gorkan pişigiñ tüýi ýaly syh-syh boldy. Men aljyrap, nätjegimi bilmän, gepimi çaşyryp başladym. - Maña sprawka gerekdi. Ol-a sizden tapylmasa gerek?! - diýdim. - Weý, agam geregiñ sprawka bolsa tapaýarys - diýip, ýañky aýallaryñ biri ynamly gürledi. - Men çagalarym üçin ýardam pul alýadym. Şoña öý uprawleniýesinden sprawka gerekdi - diýdim. - Ine, sprawka. Ştampy, peçaty bar. Özem ýörite blanka ýazylan. Sen şu ýere özüñe gerek öý uprawleniýäñ nomuryny goýaý. Inen bu boş ýere-de çagalaryñyñ adyny ýaz. Haýsy ýeriñ buhgalteriýasyna eltmeli bolsañ, ine, aşakda boş ýer bar. Otur-da öýüñde dolduraý - diýip, aýallardan biri maña sprawka satjak boldy. "Tumşugyna kakylmaýan peýdakeşleriñ, añsat eklenjiñ höküm sürýän jygyllygynda her zat bolar" diýip, howpurgap gaýdyberendirin. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |