16:54 Undulmajak duşuşyk / hekaýa | |
UNDULMAJAK DUŞUŞYK
Gyş paslynyň hökümini ýöredýän günleriniň birinde, Garabogaz şäherçesinde myhmançylykda bolup, deňiz kenaryna gezelenje çykdym. Şemal öwsenokdy. Daş-töwerek tutuksy görünýärdi. Düýnki bolan apy-tupandan soňra tolkunlar ilkibaşdaky kaddyna gelip bilenokdylar. Deňziň suwa düşülýän amatly kenarynyň depesinden birsydyrgyn aýlaw edip pel-pelleýän gajaryň hereketi meniň ünsümi özüne çekdi. Onuň giňden ýaýylan ganatlarynyň uclarynyň agymtyl reňki mese-mäkim görünýärdi. Ýyrtyjy guşuň awuny nyşana alandygyny, indi pidasyna hüjüm etmäge amatly pursat araýandygyny aňmak kyn däldi. Gajarlar- olara çöl garaguşlary hem diýilýär—sähralyklaryň, dag etekleriniň, derýa we deňiz boýlarynyň ýaşaýjylarydyr. Bu gün gajar ýalňyzlykda akguýruk bürgütleriň hökmirowanlyk edýän çägine aralaşmaga haýsy hyýal bilen, neneň het edip bildikä?! Belki-de garaguş düýnki möwç uran apy-tupanyň deňiz kenaryna çykaran uly bir balygyna nazar dikendir. Indi bolsa şol oljanyň hözürini görmek isleýändir?!.Men gajaryň hereketinden ünsümi sowman ony dykgat bilen yzarlaýardym. Gök asmanda, keltejik halkada aýlaw edýän garaguş barha pessaýlaýlap başlady. Teý-ahyry garamtyl-goňur ganatlaryny gödeksilik bilen galgadyp, çeňňelerini giňden açyp, kenara gondy. Äwmezlik bilen degresine garansoň, ak ganatlarynyň biri bilen çyrpynyp kenar ymtylýan gabaraly guşa tarap bökjekläp ugrady. Gözýetimdäki wakanyň şaýady bolamsoň elimi haýbatly bulaýlap zenzele turuzdym. Birbada diňşirgenensoň, gajar maňa gaharly nazaryny dikdi. Altynsöw çägäni peşäp çakganlyk bilen badalga alyp başlady. Soň egni agyr ýükli ýaly agraslyk bilen asmana göterildi. Ujyz gutulan awunyň astünden birnäçe gezek aýlaw edensoň ugruny çöllük zolaga tarap öwürdi. Ragbatsyz guwy tutmak meniň üçin kyn bolmady. Ähtibarlyk bilen ony suwdan çykaryp kümüşsöw çägäniň üstünde goýanymda ol umytsyz görünýärdi. Tebigatyň iň owadan guşlaryň biriniň şeýle hala düşmegine gaty gynanýardym. Häzir ol çala ýumulan naýynjar gözleri bilen dünýä biparh garaýan ýalydy. Uzyn we owadan boýnundan gulkuldap hyşşyldyly ses eşidilýärdi. Görgülini biçäre halda ýalňyz galdyrmak dürs karar däldi. Indi on kilogram çemesi agramly ýabany guşy bir ýarym-iki kilometr aralyga gujagymda göterip gitmelidim. Bu işe hötde gelmek üçin ýardamçylara garaşmaly boldy. Mal lukmany dermanhanaçy bilen guwy degişli barlagdan geçirensoňlar onuň tiz wagtda gutuljakdygyna güwä geçdiler. Aslyýetinde owadan guşuň aýaklarynyň derisi sypjyrylypdyr, ýagyrnysynda çuň bolmadyk ýara emele gelipdir, ganat we döş ýelekleriniň bir bölegi ütülensoň derisi gyzaryp görünýärdi. Guşuň döwülen-ýenjilen ýeriniň ýokdugyna şükür edip, çaga ýaly begendik. Synasynda başga ynjan ýeri bolaýmasyn diýen lukmanlar ony gaýtadan gözden geçirip medisina ýardamy berdiler. Düýnki deňiz gomunda guw şeýle ýagdaýa düşendir diýip biz öz ýanymyzdan çakladyk. Kenar ýakasynyň ilatynyň käbiri bu guşy hormatlap oňa gyzylçüňk guw diýip atlandyrýan eken. Olar behişdi guş barasynda täsin rowaýatlary döredipdirler. Awçylar bolsa guw awlamagyň ýaramaz pişedigi, oňa kast edeniň kişiniň betbagtlyga uçraýandygy barasynda gürrüň berýärler. ...Ertesi gün ak guw gaýratlanyp aýak üstüne galmak hyýalyna mündi, ýöne ol bu işe hötde gelerden ejizdinini bilensoň döşüni ýere goýdy. Goňşy öýleriň ýetginjekleri deňiz tolkunlarynyň kenara sürüp çykaran terje otlaryny, gurçuklaryny we leňňeçjiklerini çöpläp getirenlerinde hödür-keremden ak guw ýüz öwürip durmady. Işler ugrugyp, oňuna barýan bolsa-da, guzulçüňk erkinlikde ýaşardan ejizdi. Onuň güýç-kuwwatyna gelmegi üçin wagt zerurdy. Dynç alyş möhletim tamamlanda ýörite taýýarlanan demir gözenekde guwy Türkmenbaşy şäherine gaýtmaly boldym. Öýe gelenimde haýal etmän ornitolog dostuma til kakyp, täsin tapyndym barasynda gürrüň berdim. Ol ak guwy alyp gitmezinden ozal guşuň bäş ýaşlaryndadygyny çaklaýandygyny aýtdy. Garabogazda deňiz kenarynda guw bilen bolan şol günki duşuşykdan soňra gyş, ýaz, tomus pasyllary geçipdi, altyn güýz öz hökmini ýöredip başlapdy. Noýabr aýynyň başlarynda ornitolog doçtum maňa jaň edip, Türkmenbaşy etrabynyň gorag zolagyna gelmegimi soranda, bu ýerde özüme ýakymly bir sowgadyň garaşýandygyndan heniz bihabardym. Balkan aýlagynda guşlary halkalamak işleri doly güýjünde dowam edýärdi. Dostum meni balykçylaryň tory bilen gabalan kiçiräk bir ykgynyň ýanyna eltende, aýaklary ýalpyldawuk metallar bilen halkalanan guşlar iki ýana gezim edýärdiler. Ýaş çatynjalar ýaly ýanaşyk duran ak guw jübüti özgelerden tapawutly ýalydy. Dostum şol jübüde tarap ümläp, olary Garabogazda, deňiz kenarynda, meniň halas eden guwumyň tutulan ýerimde ele salandyklaryny gürrüň berdi. Seredip otursak, olaryň biri meniň köne tanşym bolsa nätjek?!. Ol on aý çemesi mundan ozal halkalanyp erkinlige göýberilen eken. Ýazda-tomusda sowuk ülkelerde bolansoň asuda mekana saýlap-seçen jübüti bilen gaýdyp gelipdir. Gürrüň halas eden guwum barasynda gidýärkä, guşlaryň biri diňşirgenip, bize golaýlaşdy. Göwnüme bolmasa, ol meni sesimden tanan ýalydy. Soň höwrüniň ýanyna bardy-da, dikgelip ganatlaryny batly galgadyp başlady. Häzir ol: “Görüň men nähili berk bedenli we ajaýyp guş!” -diýip bize buşlaýan ýalydy. Men oňa raýdaşlygymy bildirmek üçin golumy buýsanç bilen galgatdym. Jübütleşen guwlar erkinlige göýberilseler-de uçup gitmäge howlukmadylar. Deňiz suwunda hözirli ýüzüş edip, humardan çykdylar. Soň badalga alyp bulutsyz asmanda gözden ýitdiler. Gizläp oturmaýyn, şu ajaýyp pursaty başdan geçirýärkäm ýaňagymdan buýsanç gözýaşlary syrygýandygyny bilýärdim. Bu tebigatyň maňa jomartlyk bilen eçilen tapylgysyz sowgady ahyryn! Sahymerdan Sary Ogly. | |
|
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |