GÜWÄNAMA
Täze ýazan romanymyñ golýazmasyny goltuklap neşirýata bardym. Bölümiñ redaktory meni görüp señrigini ýygyrdy. Wah, şu hantamaçylyk gursun, bilmediksirän boldum.
- O-ho-how, inibatyr, gurawmysyñ. Döredijilik nädýä, döredijilik? - diýip, men gaýtam alçaksyradym. Gözümiñ gyýtagy bilen onuñ iş stolunyñ üstünde dagaşyp ýatan kagyzlara seretdim.
Aý, o-da bir tüýs içinden ýalyn geçen eken. Mekirlik bilen ýylgyrdy-da:
- Aga Hezilowiç, sowgatlyja geldiñizmi, bi, eliñizdäki näme? - diýip, geñirgenen boldy.
Näme, ol meniñ elimdäkiñ nämedigini bilmän soraýandyr öýdýäñizmi? Ýo-ýok, köpbilmişlik edýä, baryp ýatan melgun ol. Sowgatlyja geldiñmi diýen bolýa welin, ýa işigaýdan bir zat hantamamyka? Belañ sapyny alarsyñ, özümiz ölüden köpün soýjak bolup ýörüs. Gönüläp aýdaýmasa düşünmediksirän bolaýaýyn-la.
- Inibatyr, bi, neme, şo öñki "Jan gerekmi, pyçak?" diýen romanymyñ ikinji kitaby. Üçünjisinem ýazyp gutaryp barýan. Onsoñ...
Redaktoryñ gözi hanasyndan çykaýjak boldy. Zöwwe ýerinden galdy. Otagyñ içinde iki ýana gezmeläp özbaşyna hüñürdedi.
- Eý, Hudaý! Gadym döwürlerdäki ýaly hat-petiñ daşyñ ýüzüne ýazylmaýanam bir gowy zat. Ýogsam dagy ýazyjylarymyzyñ bu harsurşyna başy gök diräp duran mähnet-mähnet daglaryñ gara daşlatam parajak däl...
Men eşitmediksirän bolup golýazmamy dörjeleşdirdim. Ol ýanyma dykylyp geldi-de, elimdäki galyñ papkany aldy. Ony saldarlap gördi.
- Bäý-bä-ä, munyñ bäş-alty kilerägä bar öýdýän?!
Men içimdäki gopýan gaý-harasaty daşyma çykarmajak bolup dilimi dişledim. Onuñ özi bilen deñ bolsañ, häzir ýakasyndan ebşitläp tutaga-da ýazzy mañlaýyny edil çilik ýaly galdyraýmaly. Aý, bolýa-da, susagyñ sapy elindekä sürsün-dä döwrany. Ol şu wagt hekgermän haçan hekgersin.
- Muñ agramymy? - diýip, men sözüme dyngy berdim. Ol ýene-de bir zatlar aýdar öýtdüm. Edol agzyna suw alan ýaly, gürlemedi, zaññar. Ýylgyryp baş atdy.
- Mazmuny boýunça hasap etseñ-ä, bäş-alty tonna-da bardyr - diýip, men sözümiñ üstüni ýetirdim.
Redaktor aýtjak bolýan zadyma bada-bat düşündi öýdýän. Gürrüñi başga ýana sowdy.
- Aga Hezilowiç, belli bolşy ýaly her bir eser ýazyjynyñ ýüreginden joşup çykmaly. Dogrumy?
- Dogry - diýip, men onuñ aýdanlaryny iki elim bilen goldadym. Neden indiki aýtjaklaryñam dogry diýipdim. Onýança ol gürrüñini dowam etdirdi.
- Dogry bolsa, ýürekden dömüp çykýan her bir esere biz öz perzendimiz hökmünde garamaly.
- Dogry. Gaty dogry. Gyzyla gaplaýmaly pikiriñiz bar.
Gürrüñdeşimiñ guşy uçdy. Ol ýyljyraklap bijesi çykana döndi.
- Gaty dogry bolsa, onda, neme, Aga Hezilowiç. Bi, kitap magazinlerindäki çañ basyp ýatan "çagalaryñyzyñ" käte-käte halyndan habar alyp duraweriñ. Perzent diýilýän närsäni dogrup, ony köçä taşlaýmaly däl ahyryn. Jylawyny başyna orap kowup goýberýäñiz. Bi çykýan kitaplaryñ dil-agzynyñ ýoklugyna şükür ediñ. Olaryñ janly çaga däldigem bir gowy zat, ýogsam dagy köpimiz ýöne aliment töläp ýörmeli bolardyk...
Ah, men akmak, goýun kelle, ýogyn burun! Gürrüñiñ nirä syrykdyryljak bolýanyny añmandyryn. Asyl ol meniñ ho-ol beýlämden öwrülip ýören bolsa nätjek. Eşitdiñiz dälmi, bi, nejisiñ edýän gürrüñini. Okyjylar kitap diýilýän zadyñ ýüzüne seretmeseler, ony okamasalar näme, oña men günäkärmi?! Ýok, munuñ dişinde et galdyrmaly däl.
- Neme, inim, kitaplaryñ dükanlarda näme üçin beýdip baslygyp ýatýandygyny seljerseñ, onuñ sebäbi kän. Ilkinji nobatda neşirýatçylañ özi günäkär. Kitaplary owadanja edip çykaryp bilseñ, öñýeten ony bezeg üçinem aljak. Dogry-da walla, bi alynýan kitaplañ haýsy biri okalýandyr öýdýäñ. Hawa, neşirçilerem bize edip bilen ýamanlygyny edýäler. Olaryñ kagyzlaram ýedi ýyl hassa ýatan syrkawyñ ýüzi ýaly jyrk sary, jiltlenşem juda ýaramaz, elleseñ bölek-bölek bolşup eliñe gelip dur. Galyberse-de, kitap satyjylaryñ özlerinde-de derek ýok, okyjylaryñ içki dünýäsine aralaşmany başaranoklar. Eýsem, çörek satandan arak satanyny kem görmeýän söwda işgärleri gytmy bizde?! Has dogrusy, olar ruhy baýlykdan beýleki baýlygy gowy görýärler...
Redaktor kim bilen iş salyşýandygyny añdy öýdýän. Dagy näme, men bir topar kitabyñ awtory bolup şular ýalyjak mahlukdan gep çekerinmi?! Düýeden uly pil bar, juda bolmasa üstünden arz ederin, ýokarky başlyklara. Gaýtam, olara-da iş tapylar, öñi-soñy näme işlejeklerini bilmän, dyrnaklaryny alşyp otyrlar, edarada. Has dogrusy, işlejeklere-de gün berenoklar. Umuman, men gidişerin, bular ýalyjaklar bilen. Hany, kitabymy çykarmajagam bir bolup görsünler.
Ol ýöwselläp başlady. Meniñ hezil bermejegimi añdy öýdýän. Dili diýseñ süýjedi.
- Hormatly Aga Hezilowiç! Siziñ aýdýanlaryñyzyñ hemmesiniñem jany ýok däl. Bu ýerde kitaby ýazýanlaryñ, ýagny ýazyjylaryñ özünden başga hemme kişi günäkär. Söwda işgärlerem, neşirýatçylardyr neşirçilerem, hatda okyjylaram. "Biziñ halkymyz dünýäde iñ köp okaýan halkdyr" diýip adamlary halys başymyza çykardyk. Hawa, diñe ýazyjylaryñ özünde ýazyk ýok...
- Dogry, ine, şol adamlaryñ jylawyndan çekmeli - diýip, men redaktory ompa oturdanyma monça bolup ýyrşardym.
Redaktor stolunyñ tahylyny çekdi-de, ondan bir kagyzy çykarup ony maña tarap uzatdy.
- Ynha, okap görüñ. Täze düzgünnamamyz bilen tanyş boluñ.
- O nämäniñ düzgünnamasymyşyn? - diýip, men göwünli-göwünsiz onuñ elindäki kagyzy aldym.
Ol janyndan syzdyryp ýagdaýy düşündirdi.
- Bizem öz işimizi üýtgedip gurýas, ýaşuly. Kitabyny çykartjak her bir awtor edeni tankytçylaryñ üçüsinden, dürli hünärdäki okyjylaryñ bolsa onusyndan täze ýazan eseriniñ nä jüredigi hakynda güwänama getirmeli hem-de...
Men onuñ soñky aýdan sözlerini diñlemedim. Wah, nädip ony diñlejek. Bular biziñ jürümizi dikipdirler-ä. Eý, aman! Nätsemkäm? Tankytçylaryñ-a ýarasy ýeñil-le, olary yrsa bolar. Ýöne, ynha, şu okyjylar burnuñdan ikli gan getir. Aç-açanlyk, aýanlyk, demokratiýa diýen bolşup indi olara gep düşündirer ýaly bolmady. Agyzlaryna gelenini aýdyşyp ýörler how. Okyjylardan güwänama alanyñdan-a ýene-de bir eser ýazanyñ añsatmykan öýdýän...
- Hawa, ýaşuly, umuman ile ýarar ýaly eser döretmeli - diýip, bölümiñ redaktory elimi gysdy.
Mesele aýdyñ. Biz okyjylaryñ guly bolmaly.
- Ah-ow, gadyrdan redaktor jan, biz - ýazyjylar, size näme ýamanlyk etdik?! Ýa beren çöregiñizi iýmedikmi? - diýip, men şo ýerden göni tanyş okyjylarymyñ üstüne ugradym.
Hawa, yzyny diñläñ dostlarym! Ýeñsämden iterilen ýaly bolup çykyp gaýdyşyma içimi gürledip barýardym. Öñümden tanyşlarymyñ biri çykan eken. Görmändirinem.
- Aga Hezilowiç, salawmaleýkim!
Men başymy galdyryp, garşymda ýyljyraklap duran ýigidiñ elini gysdym. Dogrymy aýtsam, onuñ adynyñ kimdigi kes-kelläm ýadyma düşenokdy. Aý, ol hiç-le.
Be, "Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna" diýenleri bolaýjak ýaly-la. Belki, meniñ golýazmama güwänama ýazyp berjekleriñ biri, ine, hut şu oglandyr. Öz-ä polady ýumşak bolarly, gülümsiräp dur. Sypdyrmaly däl muny.
- O-ho-how, dost jan, keýpler niçik? Bi soñky döwürde görneñok-la, gardaş. Täze puluñ ýüzlügin-ä döndüñ - diýip, men onuñ ýumşak damaryndan tutup başladym.
Ol, näme üçindir, meniñ sowalyma jogap bermedi-de, gaýtam özüme sorag bilen ýüzlendi.
- Aga Hezilowiç, bi, näme, özbaşyñyza gürläp gelýäñiz, ýa döredijilik işgärlerimiñ hemmesem şeýle bolýamy?
Akgañlarda gürrüñ gytmy. Nagt jogabyny berdim.
- Wah, dost jan, men akylly adamlar bilen gürleşmäni halaýan, onsoñam buwatlar öz-özüñ bilen gürleşäýmeseñ adama gep aýdar ýaly bolmady...
Ol hezil edinip güldi. Ä-hä, derrewjek daşyna tor aýlamaly.
- Bagyşlañ welin, siz edebiýaty gaty söýýän adama meñzeýäñiz. Dogrumy?
- Dogry. Ýazylýan zatlary, garaz, başarsam, sypdyrman okajak bolýan - diýip, ol ýene-de nämedir bir zatlar aýtjak boldy.
Men ony kän gürletmedim.
- Ynha, şu sag ýüzümizde, bagyñ içinde kooperatiwçileriñ täze açan "Böwenjik" atly garbanyşhanasy bar. Belki, gürrüñimizi şol ýerde dowam etdireris, hä?!
Ol sagadyna seretdi. Elini owkalaşdyryp ýaýdanjyrady. Sähel iki göwünli bolsa men ony ömür sypdyrýanmy. Mümkin, neresse, pul çykarmalt bolaryn öýdýändir.
- Hany, ýör, ýazyjy ýanyñdaka hiç zady gaýgy etme. Bu duşuşygy ýuwmasak bolmaz...
Ahyry yrdym-aý, ýañkyny. Tirkeşip garbanyşhana bardyk. Walla, lap edip aýtdygym däl, bizi işigiñ agzynda garşylan perizadyñ ýüzünden nur ýagýar, dilindenem bal. Beýleki döwlet naharhanalarynyñ hyzmatkärleri ýaly jabjynşyp duranoklar.
- Hoş geldiñiz, hormatly myhmanlar. Oturyñ. Biziñ kooperatiwimiz siziñ hyzmatyñyzda. Ynha, tanşyñ - diýdi-de, ýañky zenan içi menýuly gyzyl papkany öñümizde goýdy.
Dogrusyby dogry aýtjak, men menýudan öñürti ol gyzyñ öz ýüzüne seretdim. Onuñ gözel keşbi, gülüp duran gözleri süññümi lagşatdy.
- O-o, aperin!
Men gygyranymy özümem duýmandyryn. Ol hernä gaty görüp durmady. Bijaý bälçik gyz eken.
- Bagyşlañ, biz olar ýaly tagam taýýarlamyzok.
Üçimiziñem gülkimiz birden çykdy. Tüweleme, ýetişiklije eken, sähel salymyñ içinde stolumyzyñ üstüni dürli naz-nygmatdan doldurdy. Biz ýañky ýigit bilen birinji badany duşuşygymyz üçin göterdik. Ýöne men bagrym agyrýa bahanasy bilen ýanymdakydan ötünç sorap, elimdäki bulgury öñkülijigine ýerinde goýdum. Elbetde, gürrüñ birbada gyzyşybermedi. Ýok, howlukmaly däl, towşany araba bilen tutmaly. Onsoñam ýuwudýanyñ şu zährimar bolsa, baý, bilbil ýaly saýrarsyñ-a. Hawa, mäşäni atymyna gelende gysmaly.
Ikinji bulguryñ ýokary göterilenem şoldy welin, ýeserje gözlerini oýnakladyp, bir oglan ýanymdaka salam berdi. Olar şapba-şupba görüşdiler.
- Tanyş boluñ, ýazyjy Aga Hezilowiç - diýip, söhbetdeşim maña tarap elini uzatdy.
Men baş atyp, onuñ salamyny aldym. Ol biziñ ýanymyzdan giderli däldi. Mürähede ýakyn eken, gapdalymyzda joñkardy.
Görýän welin, şu gün men tarhandökerlik etmeli boljak öýdýän. Häzir bularyñ başyny-gözüni aýlap, ikisindenem güwänama alaryn. Hälki zenany ur-tut ýanyma çagyrdym. Buýrup bilen zadymy buýurdym.
Yzly-yzyna göterilen badalar olaryñ kellesini mis ýaly gyzdyrdy öýdýän. Bu zatlaryñ yzy gaty bulaşaýmaka tabaksaşlarymyñ taryna kakyp göreýin.
- Ýogsa-da, ýigitler, nähili, bi ýazyjylarymyzyñ ýazýan zatlary göwnüñizden turýarmy?!
Olar bu soraga öñden garaşyp oturan ýaly eken. Biri-birinden öñürtjek bolşup, ikisem birden gürledi.
- Bagyşlañ welin...
- Wah, göwnüñden turar ýaly zat bolsa...
Soñky gelen aşa batyrlyk etdi. Sesini gataldybrak gürledi.
- Aga Hezilowiç, bagyşlañ welin, ýazyjylarymyzyñ käbir eserleriniñ hiç duzy ýok. Asyl okasyñ gelenok. Arada bir daýza awtobusyñ üstünde uly ili bilen gygyryp gürrüñ edýä. Kerpiç ýaly galyñ kitaplaryñ käbirini çigitdir nas dolamak üçin alaýmasañ, okar ýaly däl...
Bu gürrüñe gapdalymdaky hem goşuldy.
- Şol daýzañ diýýäniniñ jany ýok däl how! Mysaly daş ýerden gözläp oturmalyñ. Häzir aç-açanlyk döwri, pikirlerñ plýuralizmine giñ ýol açyldy. Hormatly ýazyjymyz Aga Hezilowiçem gaty görüp durasy ýok-la. Ynha, siziñ "Jan gerekmi, pyçak?" diýen romanyñyzyñ birinji kitabynda zawodyñ direktory Sähet Sapaýewiç şeýle bir ynsanperwer edilip görkezilipdir welin, oña hiç ynanasyñ gelenok. Zawodyñ işgärlerinden biri odunsyz kösenýär. Ýañky zawodyñ direktory Sähet Sapaýewiç öz öýündäki kömüri äkidip, işçiniñ gapysyna dökdürýär. Ýok, beýle häsiýetler başlyklara mahsus däl, onda-da häzirki döwürde. Öz işgäri hakynda beýle alada edýän ýolbaşçyny gündiz eliñ çyraly gözläñde-de tapmarsyñ. Edebiýat durmuşy dogry görkezmelidir. Wakalar kileñ ýasama, toslanyp tapylana meñzeýär. Eger-de romanyñ ikinji kitabyny ýazmakçy bolsañyz...
O-ho-how, Hydyr diýenim hyrs bolup çykaýdy öýdýän. Bi betnyşanlardan gowy zada garaşmaly däl. Agzynyñ diýenini gulagy eşitmeýän alkaş-laý bular, bir topar.
Hernä, bi iýlen-içilen zatlaryñ bahasyny tölemänkäm içleriniñ garasyny daşyna çykardylar. Duruberiń bakaly, men häzir size şeýle bir oýun görkezerin welin, hi hoşuñyza gelsin. Nädersiñiz ýöne, öwrülip ýazyjy göreniñizde titreşip dursañyz. Ötünç soran bolip bir minutlyjak daş çykdym. Gapyda duran taksofondan 02-ni aýlap, haýsydyr bir iki sany alkaşyñ ýazyja azar berýändigini aýtdym. Aý, garaz olaryñ üstünden guýup bilen hapamy guýdum.
Ine, haý diýmän hasanaklaşyp gelen milisionerler ala-wagyrdy bolşup oturan tabakdaşlarymyñ alymyny-salymyny bermän dykdylar maşynlaryna. Iş salyşýanyñ ýazyjy bolsa gözüñiz entek nämäni görýärkä?!
Näme, güwänamanam Weli bermese Welje berer-dä, romanymy täzeden işlemejegim-ä çynym. Dogry-da walla!
Täçmämmet JÜRDEKOW.
Satiriki hekaýalar