16:11 Guýy gazmak sogap iş | |
GUÝY GAZMAK SOGAP IŞ
Hekaýalar
Ýagyş-ýagmyr az ýagan ýyllary çeşmeleriň suwy kemelip, örülerde ot-çöp gytçylygy başlaýar. Gurakçylyk ýnsany-haýwany deň derejede köseýär. Obanyň ilaty dag çeşmesiniň süýji suwyny içýärdi. Ir zamanlardan bäri şol suw käriz arkaly oba akdyrylyardy. Ýyl ygally gelende ilat suwdan kösençlik çekmezdi. Çeşmäniň suwy mal-garany gandyrmak, ekerançylyk üçin hem ýeterlikdi. Tebigy taýdan oýulan ýere oba ilaty köpçülik bolup ýagyş-ýagmyryň suwuny ýygnardylar we düme ekinlerini ekerdiler. Zemine jan girip, baglar pyntyk ýaryp başlady. Owlak-guzylaryň naşyja sesleriniň eşidilip başlady. Şol günleriniň birinde käriziň guýularynyň biri gorp atyp ötükden suwuň geçmesi kynlaşyp başlady. Derwaýys karara gelinmese suwsuzlyk hemmeleri deň derejede kösejekdi. Şonda kärizgen Muhammet ýagdaýy içgin öwrendi webu işiň keşigini öz üstüne almaly boldy. Obadaky gujurly ýigitleriň üçüsiniň başyny jemläp, käriz suwunyň akdyrylmaly gözleg guýysynyň gazyljak ýerini anyklady. Kärizgenler bellenen ýerde täze guýyny gazmaga girişdiler. Dag baýyrlygybolansoň guýyny gazmak kyndy. Ýöne kärizgenleriň ruhy belentdi. Guýy gazylýarka onuň orta gürpünden gabaraly bir daşyň çykmagy kärizgenleriň keýpine sogan dogrady. Ol daş üç-dört adam bolup ýökary çykarardan çökderdi. Bu işi oňyn çözmegiň özge bir alajyny tapmalydy. Meseläniň çözgüdini tapman duran kärizgenleriň biri: - Bu gara daş dördimize eýgertmez. Käriziň guýysyny başga ýerden gazsak bolmazmy- diýip, nägile halda ýolbaşçysyna ýüzlendi. - Ýigitler, biz bäşdiris, Beýik Taňry biziň bilendir – diýdi. Nyşana degen bu jümleden soňra kärizgenleri has-da ruhlanyp täzeden işe girişdiler. Kerkidir-tokmak gara daşa galtaşanda ownukly-irili uçgunlar çar tarapa pytrap gidýärdi. Zarbaly urgulara döz gelmedik gara daş ownuk böleklere bölünip daşary çykaryldy. Guýylaryň ötükleri bir-birleri bilen sepleşdirilende kärizden suw şirrildäp akyp başlady. Oba ilatynyň alkyşlary, hoşamaý şözleri kärizgenlere bu günki argynlygy tiz unutdyrdy. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |