12:21 Güýz gijesi | |
GÜÝZ GIJESI
Goşgular
Çigreklije güýz gijesi, Oýardyň ýarymdan agyp, Gaçyrdyň şirin ukymy, Birenaýy sazyň çalyp. Diňläp otyryn owazyň, Ak süýt ýaly çyra bakyp, Tümlügiňe garaýaryn, Töweregme nazar dikip. Penjireden baksam daşa, Gizläpsiň sen Aý jemalyn, Garaňkyň içinde ýeke, Niçiksi geçýär ahwalyň. Meni ukydan oýaryp, Özüňe taý tutjakmydyň, Halyňa şygyr ýazdyryp Sazyňa söz etjekmidiň. Ýaşlygymy ýada sal-da, Uçrat ýene yşga meni, Şol kürteli gelnem al-da, Äkit söýgi-köşge meni. Ýetirseň jahyl döwrüme, Her gije ýoldaş bolaýyn, Baş goýup şol ak bilege, Islän şygryňy ýazaýyn. | |
|
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Altymyrada bagyşlanan goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Galasym gelýär / Goşgular - 13.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |