GYMMATLY HAZYNANYŇ BIR ÜLÜŞI
Dana, pähim-paýhasly pederlerimizden miras galan, gymmatyny hiç bir zada deňäp bolmajak, aňyrsy-bärsi görünmeýän ummany ýatladýan genji-hazynanyň – halky eserleriň arasynda «Iň gadymy döwürlerde dörändir» diýlip çaklanylýany hem halk ynançlarynyň esasynda dörän yrymlardyr.
Türkmenistan ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolmazyndan ozal halky eserleriň içinde «bagty açylmadyk» görnüşlerden biri hem yrymlardy. Beýik Türkmenbaşy zamanasynda perzent terbiýesinde uly ähmiýeti bolan, türkme-niň edep mekdebi hasaplanylýan yrymlar giňişleýin öwrenilip başlanyldy. Çünki Beýik Serdarymyz: «Biz halkymyzyň oňat däp-dessurlaryny dikeltmelidiris, ruhy baýlygyny artdyrmalydyrys... Biz geçmişdäki unudylan ruhy baýlyklarymyzy dikeltmeli» diýip, ýörite belläp geçdi. Ol bu meselä ýygy-ýygydan ünsi çekip, geçmiş mirasymyzy öwrenmekligi esasy meseleleriň biri hökmünde öňe çykardy. Gözellikleri, ajaýyplyklary döretmegiň her bir döwürde-de ussatlyk bilen hötdesinden gelen, ümmülmez ruhy baýlygyň eýesi bolan pähim-paýhasly halkymyzdan miras galan ruhy gymmatlyklar, aýratyn hem, yrym-ynançlar öwrenilip, olaryň terbiýe meselesinde uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.
Sowetler döwründe yrymlar dini nusgalardan hasaplanylýardy. Yrymlar barada söhbet açýan ýek-tük kitaplarda hem «Ähli dini düşünjeler yrymdyr», «Yrym könäniň galyndysydyr» diýlen nätakyk netijeler çykarylýardy . Şonuň bilen birlikde, yrymlar adamzadyň tebigaty azda-kände üýt¬getmek, oňa täsir etmek niýeti bilen ýa-da tebigy hady¬salardan gorkmak netijesinde döreden halky eserleri hasaplanylýardy. Dogry, bu belli bir ýagdaýda şeýle. Ilkidurmuş adamlary ir döwürlerde otdan gorkupdyrlar, oduň durmuşda tutýan ornuna olar kem-kemden düşünip başlap¬dyrlar.
Tebigy hadysalardan gorkmak her hili ynançlaryň döremegine sebäp bolupdyr. Ynançlar hem dürli yrymlaryň döremegine getiripdir. Aslyýetinde, yrymlaryň örän köp sanlysy adamzadyň haýsydyr bir ynanjynyň esasynda dö-räp¬dir. Adamzat ýaşaýşynyň has irki döwürlerinde, adamlar köpçülikleýin ýaşap ýören heňňamlarynda awa giden wagt¬lary ok-ýaýdyr tüpeňlerini gazanyň içine aýlap awlarynyň şowly bolmagyny, gazanynyň etden dolmagyny arzuwlapdyrlar. Şeýle edilip gidilse, «Aw şowly bolar» diýen ynanja gulluk edipdirler. Soňra bu ynançlar kem-kemden köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, yryma öwrülipdir. Awa ugradýanlar hem «Aw ganly bolsun!» diýip, ýagşy dilegler bilen ugradypdyrlar. Olar hem ýagşy niýetleri özlerine hemra edinip, awa ugrapdyrlar weli, işleri oňuna bo¬lupdyr.
Asman jisimlerinden gorkmak netijesinde hem birtopar yrymlar döräpdir. Adamlar ir bilen turup Güne salam beripdirler, daş çykanlarynda Aýa, Güne bakyp oturmandyrlar. Olara janly zatlar hökmünde garapdyrlar. Bu barada Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasynda şeýle setirler gabat gelýär: «Gadym zamanlar adam ýele, ýagyş-ýagmyra, ýyldyryma, Aýa, Güne, Asma¬na, «Hudaý» diýip uýup, ahy¬ry Hudaýyň ýalňyzdygyna ynandy» .
Aýa, Güne, ýyldyza, suwa, oda, ösümliklere salam bermeklik, olar bilen gepleşmeklik, sözleşmeklik, olara janly zatlar hökmünde garamaklyk, üstüňe gün dogdurmazlyk ýaly yrym-ynançlar bilen adamlar gadymy geçmiş¬den häzirki günlere çenli arkama-arka umytly gelip ýetipdirler. Yrym-ynançlar halk aňynyň, paýhasynyň önümidir, «ýedi ölçelip, bir kesilip» biziň döwrümize gelip ýeten ruhy gymmatlyklardyr.
Yrymlaryň ählisiniň birbada döremänligini olaryň many-mazmunyndan aňlap oturmaly.
Pähim-paýhasyň eýesi döredijilerimiz:
Hakgaý-hakgaý Telimbaý,
Ýeneki aýlara, ýeneki günlere,
Baş esen, bagry bitin,
Özüň ýetir, Hudaýym. Omyn!
diýip, täze aý doganda, iki ellerini birikdirip, maňlaýlaryna sylyp, ýagşy dilegler bilen oňa sežde edipdirler, soňra «Ýörüň, Käbä gideliň!» diýip, öňe tarap 5-6 ädim ädip, soňra «Yza gaýdyp, azyk-suwlugymyzy alaly» diýip, özlerini ynandyrypdyrlar, göýäki, Käbä gidip gelen ýaly duýgyny başdan ge¬çi-rip¬dirler, öz göwünlerine teselli beripdirler. Aýyň dik dogmagy hem adamlary ruhlandyrypdyr. «Aýym-dik, bendäm-ýatyk» (diý¬mek rahat), «Aýym-ýatyk, bendäm-dik» (diýmek aladaly) diýen pikire uýupdyrlar. Soňra üstlerine Gün dogdurman, Biribardan ýagşy dilegler edip, öz ynançlaryna uýup, adaty işlerine başlapdyrlar.
Dürli wagtlarda dörän yrymlaryň many-mazmunlary hem dürli-dürli, sanawaç bendi kimin bentler hem yrymlaryň arasynda kän gabat gelýär. Şygyr görnüşine salnyp, gitdigiçe çeperleşip, agyzdan-agza, dilden-dile geçip biziň döwürlerimize gelip ýeten sanawaç setirleri ynsanyň kalbyny ynjaldýar, «umyt atyna» atarýar. Baryp-ha otparazlyk dini döwründe dörän sanawaç setirlerini hem halk hakydasy şu günlere ýetirip¬dir, ol bentler taryhyň gatlaryny ýaňlandyryp, halkyň ýürek gür¬süldisini beýan edipdir. Agyr aý hasaplanylsa, täze aý do¬ganda obada uly ot ýakyp, adamlar günälerini dökmek üçin üç gezek otdan eýlek-beýläk böküp, sanawaç setirlerini sanap¬dyrlar. Ol setirler otparazlyk dini döwürlerinden habar berýär, oda Hudaý hökmünde ýüzlenilýär, yslamyň ýokundysy hem duýulýar, günä etmeklik hakda söhbet açylýar. Ine, ol setirler:
Şaman ot,
Boldum şat,
Parlap üstüňden bökdüm,
Za:rlap günämi dökdüm,
Sygyndym saňa zarlap,
Goýmagyn meni harlap,
Uzak ýaşat ýaşymy,
Ýetir rysgal aşymy,
Haýyr kyl sen, işimi...
Yrymlaryň örüsi örän giň, durmuşyň ähli babatlarynda döredilen yrymlar sanardan kändir. Ol yrym-ynançlar adamzatda pähim-paýhas, parasatlylyk, ynsaplylyk, ynsansöýüjilik, mukaddeslik, päklik, jomartlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýeläp, ýaramaz gylyk-häsiýetlerden daşlaşmaga kömek berýär. Gowy häsiýetleri özüňde jemlemäge ymtylyş döredýär, her bir adam¬da ýaşlykdan şineläp barýan belent adamkärçilik sypatlaryny ösdürýär, öňküden hem belende göterýär.
Yrymlar ynsanlarda birek-birege hormat goýmagy, Hak nury bilen ýaradylan ähli zatlara söýgi bilen garamagy, ösümlikleri, haýwanlary, zemindäki janly-jandarlary ynjytmazlygy öw¬redýär.
Saparmyrat Türkmenbaşy: «Adalat, hakykat ýoluna ymykly düşmek üçin bolsa ýaşlykdan kalbyňy tämiz ahlagyň nurlary bilen doldurmaly. Ine, şeýtseňiz, ýüregiňiz ata Watanymyza – Garaşsyz Türkmenistana maýyl bolar» diýip, ýaşlara sargyt etdi.
Tämiz ahlagyň nurlary bilen kalbyňy doldurmakda esasy orun milli mirasymyzyň esasy şahasy bolan halk döredijiligine degişlidir. Halkyň yrym-ynançlaryny, däbini-dessuryny bilýän¬ler tämiz ahlakly adamlar bolup ýetişerler.
Elbetde, tämiz ahlakly adamlar janly-jandary, ösümlikleri, Allatagalanyň ýaradan ähli zatlaryny sylapdyrlar, muny biziň döwürlerimize gelip ýeten sanawaç setirleri hem tassyklaýar:
– Essalawmaleýkim, suw aga!
Elimi-ýüzümi ýuw aga,
Öýüme myhman geldi,
Täret suwy ber aga!
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynanjynda suwy keramatly hasaplapdyrlar, ýaşaýşyň gözbaşy, «Allatagalanyň jemalyny gören suwuň eýesi barmyş, gije derýadan, ýapdan suw almaly däl» diýen ýaly ynançlara eýeren adamlar öz ynançlarynyň üsti bilen çagalaryny hem terbiýeläpdirler, çünki gije garaňkyda suw almaga barsaň, birden ýykylmagyň, mör-möjegiň üstünden basmagyň ahmal. Şeýle sanawaç setirleri bolsa yrymlaryň halk arasynda has berk ornaşmagyna sebäp bolupdyr.
Ýüzärlik (derman ot) ýygylanda aýdylýan sanawaç hem halk arasynda saklanyp galypdyr:
– Essalawmaleýkim, adraspan ,
Meni iberdi Omar-Osman,
Derdime derman bol,
Dertlime şypa!
Döwük-ýenjik üçin mumyýa dagdan atylyp alnanda aýdylýan sanawaç hem özboluşlydyr.
Mumyýa aga senmisiň?
Döwüge-synyga emmisiň?
Döwük-synyga em bolmasaň,
Merwerit ibärin yzyňdan.
«Eline ýa-da başga bir ýerine siňňil çykan adam täze dogan aýa siňňilini gijeňläp, şeýle sanawajy sanamalymyş» diýen yrym hem halk arasynda gabat gelýär:
– Aýym, seni hoş gördüm,
Siňňil düýbün boş gördüm,
Aýym, seniň ýoluňa,
Ýedi bugdaý aş berdim.
Şu hili yrymlar ýerine ýetirilende, öz peýdaly netijesini hem beripdir, adamlaryň ynamyny berkidip, köpçülikleýin ýaýrap gidipdir. Adamlar «sähet we bisähet» günleri oýlap tapypdyrlar, kimdir biri ýamanlyga uçrasa, şol gün «bisähet» gün hasap¬lanylyp, şol günlerden adamlar howpurgap, çekinip, ýyldyzyň ýoluna köke, çörek aýdypdyrlar, ugraýan ýollaryna iňňe oklapdyrlar. «Bisähet» güni Myrryh ýyldyzy bilen baglanyşdyrypdyrlar.
Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Ruhnamasynda sähetli gün barada uly pir Mäne babanyň sözleri berlipdir . Şondan bäri ynsanlaryň sähetli güne garaýyşlary belli bir derejede üýtgedi.
Oguz han atamyzyň döwürlerinde hem halk arasynda bolan ynançlaryň ençemesiniň yryma öwrülip gidendigini tassyklaýan maglumatlar biziň döwürlerimize gelip ýetipdir. «Oguz hanyň alty ogluna üç-üçden bölüp üçok we bozyk lakamy dakylandan soň, Oguz hanyň Urýangy-Kent Ärkyl Hoja atly maslahatçysy (soňra Gün hanyň maslahatçysy) oglanlaryň her biriniň wezipesini, urug adyny, alamat hem tamgalaryny bel¬ledi. «Bu, goý, olaryň ongony bolsun» diýdi. Bu söz «ink» sö¬zün¬den gelip çykandyr. «Ink» sözi türkiçe «gutly» diýmekdir. Şeýlelik bilen, «ink bolsun!» diýýärler, ýagny «Gutly bolsun!». Bir kabyla bir haýwan ongon hökmünde bellenen mahalynda, ol ongon ýagşy niýet bilen yrym edilip bellenilýär. Ongon hökmünde bellenilen haýwan öldürilmeýär we onuň eti-de iýilmeýär .
Hut häzirki günlerde-de türkmenlerde at eti iýilmeýär. Daşoguz welaýatynyň käbir ýerlerinde düýe etini iýmekden saklanýarlar. Olar özleriniň ynançlaryny nakyl bilen berkidip, täsin nakyllary döredipdirler: «At eti – atam eti», «Düýe eti – dünýäm eti». Käbir ýerlerde bolsa, tersine, «Baýtal eti – bal eti» diýen ýaly nakyllar hem döräpdir. Bular ýaly nakyllar halk arasynda ýörgünli ulanylypdyr. Bu bolsa käbir ýerlerde bu mallaryň etiniň iýlendigine güwä geçýär.
Diýmek, yrymlaryň ençemesi has ir döwürlerde adamlaryň aňynyň kämilleşip, gitdigiçe ösüp başlan döwürlerinde döräp, soňabaka örüsi giňäp, Oguz han atamyzyň zamanasynda halk arasyna has hem ornaşypdyr, köpçülikleýin häsiýete geçipdir. Elbetde, Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasynda ýygy-ýygydan ýatlanylyp geçilişi ýaly, türkmenler yslamy öz yrym-ynançlary bilen baglanyşdyryp, özleriçe ulanypdyrlar. Türkmen öz yrym-ynançlaryna uýan halk.
Halk ynançlarynyň iňňän gadymy döwürlerden kök alyp gaýdýanlygyna biz geçmiş danalarymyzyň eserleri bilen tanyş bolan wagtymyzda has hem anyk göz ýetirýäris. Olaryň eserlerine-de köpsanly yrymlar, yrymlara garaýyşlar siňipdir.
Yrymlar ýaşaýyşda ýol-ýörelge, ynsanyň ahlak ýörelgesi, umuman, durmuşda özüňi alyp barmagyň çelgisi. Halk döredijiliginiň bu nusgasy ýaşaýyş durmuşynda örän giňden ulanylypdyr, halkyň nesil terbiýesiniň mekdebine öwrülip gidipdir. Dana gojalarymyz, mährem ejelerimiz öz dowamatlary bolan perzentlerini halal ojakly, arassa ahlakly, päk kalply, ynsaply, ygrarly, lebzi halal, mert, edermen, jomart, pähim-paýhasly ynsanlar edip terbiýelemek maksady bilen uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan yrymlary döredipdirler. Olar öz dowamatlaryny özleriniň eýerip gelýän yrym-ynançlarynyň, däp-dessurlarynyň, ahlak ýörelgeleriniň mysalynda terbiýeläpdirler. Şeýlelikde, özboluşly terbiýeleýiş usullary – türkmen halkynyň ahlak ýörelgeleri emele gelipdir.
Her bir adam özüçe, öz ynanjyna eýerip, bir işiň başyny tutanda: «Be-e, muny şeýtdim weli, işim şowly bolaýdyow!» diýip pikirlenýär-de, biriniň ýanynda aýdýar weli, soňra köp¬çülikleýin häsiýete geçip, yryma öwrülýär. Giň halk köpçüligi, yrymlara ynanmagy unaýar. «Yrymsyzyň yrzy (ynsaby) ýok», «Yrymly yrylmaz» diýen ýaly nakyllar, «yry¬myna ýagşy», «yrym-yrym,ýom-ýom» ýaly aýdylýan sözleriň döremegi muňa doly şaýatlyk edýär. Elbetde, yrymlara käbir ynanmaýanlar hem gabat gelýär.
Yrymlar halkyň geljege bolan umytly garaýyşlary, arzuw-islegi, ýagşylyklara bolan ymtylyşlary netijesinde döräpdir. Köpsanly ýagşy niýetlere ýugrulan yrymlar bilen bir hatarda ýaramaz manyly yrymlar hem ýüze çykypdyr. Bular käbir adamlaryň bir işiň başyny tutanda şowsuzlyk ýüze çyksa: «Hä-ä, men pylan hili iş etdim weli, şu ýaramaz iş boldy» diýip, yrym etmekleri netijesinde döräpdir. Adamlar ýaramaz manyly yrymlara gabat gelmekden çekinipdirler, ýagşy niýetlere ýugrulan yrymlardan ugur almaga çalşypdyrlar.
Ýaşaýyş durmuşynda ýüze çykan yrymlaryň köpüsini adamlaryň özleri saýlap, seljerip, sünnäläp, syntgylap, kämilleşdirip, öz mysallarynda barlap görüp, paýhas eleginden geçiripdirler. Yrymlara ynanmalymy, ynanmaly dälmi?. Elbet¬de, muny adamlaryň özleri saýlap, seljerip, özüçe kabul edip alýar. Her bir adam haýsydyr bir yrymy özünde barlap görse, ynanmalymy ýa-da ynanmalydygyny däldigini saýlap biler.
Ýagşy niýetli yrymlar adamynyň kalbyna, ruhuna siňmeli, şonda niýetler, arzuwlar hakykata öwrüler. Ýaşaýşa ýagşy niýetli garaýyşlar şowlulygy ýakynlaşdyrýar. «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýip, halk aýdypdyr. «Halk aýtsa, galp aýd¬ýan» däldir.
Ýagşy niýetli adamlar tarapyndan döredilen, ýagşylyklara ýugrulan yrymlar adamzady diňe gowulyklara çagyrýar. Her bir türkmen nahardan soň okaýan töwir-dogasynda: «Ýagşylara ýanaşdyr, ýamanlardan azaşdyr», «Ýamandan daş et, ýagşa duş et», «Ýagşylara ýaran et, ýamanlardan goran et», «Azdyrmasyn, azana duçar etmesin», «Ýamanyň şerinden gorap saklaweri, beýik Taňrym!» diýip, Allatagala sygynyp, ýagşy dilegler edýändir. Ýagşy işler etmekligi niýet edinen adamynyň, türk¬meniň yrym-ynanjyna görä, Biribara ýalbaryp, ýamanlardan daşlaşyp, ýagşylara ulaşyp, şeýtanyň şerini başa bardyrman, diňe ýagşylyklar etmelidigi yrymlarda öwran-öwran ýatlanyl-ýar. Yrymlary döretmek bilen türkmen halky bu dünýäde ýagşylyk etseň, ýalkaw, ýamanlyk etseň, zowal bardygyna ünsi çekipdir. Halkymyzyň şular ýaly ahlak ýörelgelerini kalbyna siňdiren adam bolsa özüne ýaman häsiýetleri golaýlaşdyrmaz.
Merkezi Aziýada dowam eden otparazlyk dini araplaryň Merkezi Aziýany basyp almagy bilen öz ornuny yslam dinine berdi. Emma bu ýagdaý ýuwaş-ýuwaşdan bolup geçdi. Halk paýhasy, halk aňy hem çylşyrymly ösüş ýoluny geçdi, täze dini uzak wagtlaryň dowamynda kabul etdi, hatda häzirki wagtlara çenli ulanylyp ýören yrymlarymyzda, nakyllarymyzda otparaz¬lyk dininiň galyndylary saklanyp galypdyr. Beýik Serdarymyz bu barada şeýle ýatlaýar: «Merhumy jaýlamak adatynda türk¬menleriň özboluşly däp-dessurlary bar. Ýasda erkek adamlaryň telpek geýmek däbi otparazlar döwründen bäri dowam edip gelýär. Ol «başymda gam bar» diýen manyny aňladýar. Ýasda aýallar bürenjek atynýar. Ölen adamyň hossarlary kyrk gün geçýänçä, aýdym-saz diňlemeýärler, belli günleri geçýänçä toý-tutmaýarlar» .
Otparazlyk dini adamzat medeniýetine uly täsir eden din, bu dini biziň ata-babalarymyzyň döredendigi has buýsançly. Bu dini esaslandyran Zaratustra b.e. öň II müň ýyllykda Margianada ýaşap geçipdir.
Otparazlyk dini bilen baglanyşykly dörän «Ot astynda bela durmaz», «Ot – oraz» kimin nakyllara, «Oda tüýkürseň, günä bolýar», «Ösüp oturan agajy otlamak günä», «Näsagy oduň töwereginden aýlasaň, kesel gaçyp gidermiş», «Mal öldürilen ýerde, damak ganyň dökülen ýerinde ot ýakylýar, şeýle edil-mese, arwah-jyn gelermiş» diýen ýaly yrymlara häzirki döwürde hem uýulmagy şol döwürlerden habar berýär.
Paýhasly halkymyzyň dana wekilleri nämedir bir zatdan çekinilmese, bir ynanja gulluk edilmese edep-terbiýäniň bozuljakdygyna, her hili ýaramazlyklaryň ýüze çykmagynyň ähtimaldygyna, nesil terbiýesinde bärden gaýtmalaryň bolup biljekdigine göz ýetirip, yslam dininiň täsiri bilen hem yrymlaryň ençemesini döredipdir. Olar yslam dinini ak ýürek bilen kabul edipdirler. Bu barada Beýik Serdarymyz Ruhnamasynda şeýle ýazýar:
«Gorkut ata zamanynda diri baýlygy ýeriň üstüne, öli baýlygy ýeriň astyna sygmaýan, güýjüne baýrynyp, ýurduna buýsanyp ýören türkmenleriň kämil aňy oglanjygyň köýnek-balagyndan çykyşy ýaly, türkmenleriň kämil ruhy otparazlygyň hem, taňryparazlygyň hem çyg-ryndan çykypdyr. Yslam dininiň käbir gowy pikirleri türkmenleriň agtaryp tap¬man ýören pikiri bolupdyr. Şonuň üçinem türkmenler yslamy kabul edýärler. Merwiň hö¬kümdarynyň goşun dartyp gelen ys¬lamçylara şäheriň der¬wezelerini açmaklary hem şu zatlar üçin bolmaly».
Beýik Serdarymyzyň belleýşi ýaly, täze pikirleri, garaýyşlary agtaryp ýören türkmenler yslam dinine uýdular. Şondan soňra olaryň ahlak ýörelgeleri hem yslam dinine uýgunlaşdy.
Ata-enelerimiz Allatagalanyň öňünde günä etmegiň howp¬ludygyny öz perzentlerine ýatladyp, «Eýle etseň, günä bolar, bu uly günä, bu bolsa kiçi günä, günä gazanmak örän agyrdyr. Biribaryň öňünde jogap bermeli bolar» diýen ýaly düşünjeleri çagalykdan perzentleriniň aňyna guýupdyrlar. Öz döreden yrym¬laryny «günä» bilen baglanyşdyrypdyr, öz çagalaryny «gü¬näden gorkuzmak» arkaly terbiýelemäge çalşypdyrlar: «Çöregi bassaň, ýere taşlasaň günä bolar, gözüňem kör bolarmyş», «Paýyş sözleri agzyna alsaň, günä bolar», «Ýola kir suw dökmeklik külli günä. Günä etmekligi bolsa Beýik Biribar gowy görmeýär». Bular ýaly yrymlaryň aňyrsynda türkmeniň ata-babalardan galan, uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan ahlak ýörelgeleriniň, halkyň köneden gelýän edim-gylymlarynyň ýatanlygyny görmek kyn däl. Yslam dini kök urdugyça, has hem özboluşly türkmen ahlagy, soňabaka has kämil ýörelgeleri döräpdir.
Serwerimiz Muhammet pygamberiň hadyslarynda «Her kim şükür etmese Allatagala, Allatagala şükür etmez bende¬sine» diýilýär. Musulmançylygy ýüregi bilen kabul edip, yslam dinine uýan halkymyz şükür etmek, Allanyň beren ryzk-döwletine kanagat etmek, gara nebsiňi şaglatmazlyk ýaly düşünjelere, halallyga gulluk etmek ýaly ynançlara eýerip başlady. Halk «nebis» diýen zady öz ugruna goýberseň, adamzat isle¬gi¬niň soňy gutarmaýar, «Kanagata – bereket» diýen ýörel¬geden ugur alýar, şony gündelik durmuşda özüne ýol-ýörelge edin¬ýär. Şu pikirleriň bary halk ynanjyny esas edinip dörän yrymlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Halkyň gündelik durmuşynda ulanylyp gelen sähet-bisähet, takdyr, kysmat, ýazgyt, nesibe, ykbal, täleý, rysgal-kemrysgal, halal-haram baradaky gürrüňler halk arasynda has giňden ýaý¬radygyça, yryma öwrülipdir. Allatagalanyň öňünde günä et¬me¬giň howpludygyny ýatladýan yrymlaryň sany kem-kemden artypdyr. Şükürlilik-kanagatlylyk türkmen halkynyň baky hemrasy, ony halkyň tereň derýa kimin halky eserlerinden aňlap oturmaly.
Oguz nesillerine mahsus bolan edim-gylymlar, däp-dessur¬lar, ahlak ýörelgeler, urp-adatlar yrymlaryň içine siňdirilip, hal¬kyň aňyna tenekär ýaly damdyrylmaga synanyşylypdyr. Türk¬men halkynyň dürli taryhy zamanlardaky durmuş tejribeleri, geçen ýollary, ýaşaýyş şertleri yrymlarda beýanyny tapypdyr. Ynsanlar yrymlar arkaly gowy ýaşaýşyň, bol-telkilikde, jan saglykda uzak ýaşamagyň açaryny ele aljak bolup çalşypdyrlar.
Yrymlaryň ençemesi maşgala däp-dessurlary bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr. Adamzat ýaşaýşy döräli bäri nikalaşmak, öýli-işikli bolmak, perzent öndürmek, ony ösdürip ýetişdirip, durmuş ummanyna goşmak, adamyny iň soňky ýoluna ugrat¬mak bilen bagly ýüze çykan yrymlaryň sany gitdigiçe köpel¬mek bilen bolupdyr. Olaryň many-mazmuny ähli durmuş haky¬katyny özüne siňdirip, ugrukdyryjy, maslahat beriji äheňlere ýugrulypdyr. Ol yrymlaryň ençemesi bolsa gitdigiçe halk dur¬mu¬şyna berk ornaşyp, hökmany ýerine ýetirilmeli däp-dessur¬lara öwrülip gidipdir.
Türkmen durmuşynda yrymlar diňe maşgala bilen baglylykda däl, eýsem ähli babatda döräpdir. Olary ýörite toparlara bölmek zerurlygy ýüze çykýar:
1. Tagam, çörek, bereket, rysgal-döwlet bilen bagly dörän yrymlar.
2. Toý däbi bilen baglanyşykly dörän yrymlar.
3. Çaga dogulmagy bilen bagly dörän yrymlar.
4. Edep-ekram bilen baglanyşykly yrymlar.
5. Adam bedeni bilen baglanyşykly yrymlar.
6. Zähmet endikleri we ekerançylyk bilen bagly yrymlar.
7. Tebipçilik bilen bagly yrym-ynançlar. Em-ýomlar.
8. Tebigat hadysalary we howa ýagdaýlary bilen bagly yrymlar.
9. Nowruz yrymlary.
10. Düýş ýorgutlary.
11. Haýwanlar, guşlar hakyndaky yrymlar.
12. Dürli ynançlar bilen bagly dörän yrymlar.
13. Otparazlyk dini bilen bagly yrymlar.
14. Gymmatbaha daşlar bilen baglanyşykly dörän yrymlar.
15. Sanawaçly yrymlar.
16. Dürli mazmunly yrymlar.
17. Ýas däbi bilen bagly dörän yrymlar.
Dürli babatlarda dörän yrymlaryň ählisiniň diýen ýaly uly terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan yrymlaryň aňyrsynda giň, umman ýaly many-mazmun, türkmen ahlagy ýatyr. Muňa diňe uzak wagtlap öwrenilmekden üzňeleşdirilen yrymlary öwrenmäge mümkinçilik alan Garaşsyzlyk zamanamyzda – Saparmyrat Türk-menbaşy zamanasynda göz ýetirildi. Maşgala bilen bagly yrymlaryň köpüsi nika toýy bilen bagly döräpdir. Mysal üçin, gudaçylyga, gelnalyja gidilende, gelin getirilende her hili yrymlara eýerilýär. Bular hem uzak wagtlaryň dowamynda köpçülikleýin häsiýete eýe bolupdyr. Gyzly öýe sawçylyga gidilende «duz-çöregimiz garylsyn, gyz bize ýazylan bolsun» diýlip, gizlinlik bilen gyzyň öýünden çörek bölejigi alnyp gaýdylýar. Şonuň bilen birlikde, gyzly öýe gudaçylyga gidilende düwünçek äkidilýär, eger guda bolmakçy bolsalar, düwünçege derek düwünçek salynýar. Gudaçylyga gelen tarapyň sözüni almak niýetleri bolmasa, käbir ýagdaýlarda düwünçekleri açylman, yzyna gaýtarylýar. Gudaçylyk bilen bagly yrymlar hem köpçülige ýaýrap, uzak asyrlary aşyp, biziň döwrümize gelip ýetipdir. Halkyň öz döreden yrymlaryna ynançlary gitdigiçe berkäpdir. Hut şu günlerde hem geçip barýan gelnalyjyny ýüzüne sylyp: «Bize-de Hudaý ýetirsin!» diýişýän aýallary kän görmek bolýar. Yrym-ynançlar hem edil däp-dessurlar ýaly üýtgeşmelere sezewar bolup, kem-kemden berkäp, halkyň aňyna ornaşyp gelipdir.
Gyz tarapda her hili yrym-ynançlar ýerine ýetirilip, gyz alnyp gaýdylansoň, ýene-de birtopar däbe öwrülen yrymlar berjaý edilýär. Gelin gelende gaýyn tarapda gözden-dilden goramak niýeti bilen ýüzärlik tütedilýär, gelniň bir eli ýaga, beýleki eli bala batyrylýar, bu «Gelen ýeri bilen bal bilen ýag ýaly garyşsyn» diýlip edilse, ak una barmaklaryny batyrmak, maňlaýyna un çalmak, öňüniň aklyk bolmagyny arzuwlap ýerine ýetirilýän yrymlardyr. Täze gelen gelin sag aýagy bilen ätläp jaýa girmeli, eger sag aýagyny ätläp girmese, şol maşgalada betbagtçylyk ýüze çyksa, näsaglyk, keselçilik, ölüm-ýitim bolaýsa, bar, onsoň, «Gelniň aýagy düşmedi» diýen gürrüň ýüze çykýar, käbir ýerlerde bolsa: «Çep aýagy bilen ätläp girip, gaýynlary bilen çepleşip ýör» diýilýär. «Il bilen gelen toýdur baýram» diýlen, ähli adamlara mahsus bolan ahlak ýörelgäni ýöredýän paýhasly halkymyz ähli iliň oňlan yrym-ynançlaryny asyrlardan aşyryp, gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir.
Yrym-ynançlaryň ençemesi maşgalada çaganyň dogulmagy bilen bagly ýüze çykypdyr. Bu yrymlaryň köpüsiniň aňyrsynda edep, terbiýe ýatyr. Türkmen halky özüniň gündelik durmuşyn¬da gabat gelýän ýörelgeler bilen baglylykda, ähli umumy oň¬lanyljak bir netijä gelip, terbiýeçilik ähmiýeti bolan, öz halkyna geljekde-de peýda getirip biljek täsin yrymlary döredipdir. «Hamyla gelin aş saýlaýan döwründe gök önümleri, miweleri köp iýse, doglan çaga näzik, görmegeý, sypaýy bolarmyş», «Toýly gelin agzybimaza döwründe ak zatlary köpräk iýse, çaga-da ak bolup doglarmyş, eger gara zatlary köp iýse, garaýagyz çaga doglarmyş» diýen ýaly ynançlara eýerip, ony yryma öwrüpdirler, hemmeler şoňa ynanyp, şeýle etmäge çalşypdyrlar. «Doguljak çaga ogul bolsa, goý, ol batyr, eder¬men, mert ýigit bolup ýetişsin» diýip, toýly gelne ýekegapanyň we ş.m. garadangaýtmaz, batyr haýwanlaryň ýüregini, «Eger-de gyz bolsa, görmegeý, owadan, näzik bolsun» diýip, owadan guşlaryň, keýgiň etini, gök, ak önümleri iýdiripdirler. Mundan çykýan netije «Göwrelilik döwründe ýaş gelne ýokumly iý¬mitleri iýdirmek gerek » diýildigir. Ak we gök önümler bolsa ähli ýokumly maddalary özünde köp saklaýar, ýeňil, siňňitli. Şoňa göz ýetiren doga sowatly türkmen halky şeýle täsin yrymlaryň halkyň arasyna ýaýramagyny gazanypdyr.
Türkmen halky öz dowamaty bolan nesilleriniň işeňňir, zäh¬metsöýer, batyr, maşgalanyň namysyny goraýjy bolup ýetiş¬megini, gyzlarynyň bolsa eli çeper, asylly, saýhally bol¬ma¬gyny arzuwlap, öz ynançlarynyň esasynda birtopar yrymlary döredipdir. «Täze dünýä inen çagajygyň göbegini bosaganyň daş ýüzünde ýa-da öýüň gapdalynda, gyzjagazyň göbegini bolsa öýüň töründe gömmelimiş», eger şeýle edilse, gyzja¬gazyň öýdeçi, eli çeper, törüň bezegi, oglanjygyň bolsa ulalyp, öýüň goragçysy, maşgala namysyny goraýjy bolup ýetişjekdigine ynanypdyrlar, bu ynanç hem köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, yryma öwrülipdir.
Täze doglan çaga at dakmaklyk bilen bagly bolan yrymlar hem türkmen halkynyň arasynda ýörgünli ulanylýar. Ene-atanyň ilkinji borjy çaga göwnelaýyk at dakmak. Ir zamanlarda çaga ulalyp, 15–16 ýaşa baranda, nähilidir bir iş bitirse, şonda hakyky at dakylýar ekeni. Türkmeniň gadymy şadessany «Gorkut atada» biz bu ýagdaýa gabat gelýäris. «Bugaç han Derse han oglunyň boýy» diýen bölümde Derse hanyň 15 ýaşly ogly bugany (öküzi) öldürende, iş bitiren hökmünde Bugaç at goýýarlar. Emma uzak taryhy döwürleriň dowamynda yrym-ynançlaryň hem üýtgeşmelere sezewar bolýandygyny inkär etmek bolmaz. Häzirki döwürde çaga doglanda at tiz dakylsa gowy görülýär. «Çaga wagtynda at dakylmasa, ol ýaramaz, adam bolup ýetişer» diýen ynanç halk aňyna ornaşypdyr-da, yryma öwrülipdir. «Çaga çydamly, batyr bolsun» diýip oglan¬jyklara berk zatlaryň, ösümlikleriň, güýçli haýwanlaryň atlary dakylýar. Ojar, Sazak, Gandym, Çerkez, Arslan, Ýolbars, Böri, Gurt we ş.m. Oglanlara berk daşlaryň hem atlary (Almaz, Polat) dakylýar.
Gyz maşgala bolsa owadan, näzik, sypaýy haýwanlaryň, guşlaryň, ajaýyp ösümlikleriň, süýji närseleriň atlary dakylýar. Keýik, Towşan, Maral, Jeren, Sülgün, Tawus, Toty, Bilbil, Gül, Nary, Alma, Maýsa, Miwe, Şirin, Şeker şular ýaly atlardandyr, olaryň sanyny näçe artdyrsaň, artdyryp oturmaly. Şaý-sepleriň, gymmatly daşlaryň atlary Altyn, Kümüş, Göwher, Zümerret, Dürdäne, Merjen, Ýakut hem gyz çagalara dakylýan¬dyr. Paýhasly halkymyz öz çagalaryna beýle atlary ýagşy arzuw-niýetler, umytlar bilen dakypdyrlar.
Eger maşgalada diňe gyz çagalar bolup, ogullary ýok bolsa, ogul çaga dünýä inen halatynda Allatagaladan (gaýypdan) gelen peşgeş hökmünde, käbir halatlarda bolsa «Guşuň ýelejigi kimin gaýyp düşdi» diýip, Gaýyp dakypdyrlar. Çagasy durma¬ýan eneler çagasynyň durmagyny, uzak ýaşamagyny Biribar¬dan dileg edip, oňa göz degmezligini arzuwlap hem her hili atlary (Italmaz, Tagan, Tagangül we ş.m.) dakypdyrlar.
Türkmenlerde yslam dinine eýerilip, Beýik Allatagalanyň hem-de din wekilleriniň atlaryny hormatlap dakmaklyk bilen baglanyşykly yrymlar hem biziň Beýik Saparmyrat Türk¬men¬başy zamanamyza hem ençeme taryhy asyrlardan aşyp gelipdir. Halk arasynda «Allatagalanyň müň bir ady bar» diýen ynanç ýaşap gelýär. Ol giň halk köpçüliginiň arasyna ýaýrap, adam¬lar, hut, häzirki günlerde hem ogul perzentleriniň adyna şol atlardan bilýänlerini dakýarlar. Şeýle atlardan birnäçesini mysal almak ýerliklidir: Kadyr, Möwlam, Sylap, Ýalkap, Rah¬man, Rahym, Jepbar, Jelil, Gapbar. Allatagalanyň adyny göni tutmakdan çekinip, yzyna goşmaça «berdi» sözüni hem goşup, Hudaýberdi, Taňryberdi, Sylapberdi, Ýalkapberdi ýaly görnüşde tutupdyrlar.
Din wekilleriniň hem ählisiniň diýen ýaly atlaryny dakmak türkmen halkynyň arasynda ýörgünlidir. Muhammet, Omar, Osman, Aly, Isa, Mäti, Musa, Ýakup, Ýunus, Ýusup we ş.m. atlary dakmak bilen paýhasly halkymyz öz perzentleriniň şular ýaly arassa ahlakly, päk wyždanly, Beýik Taňrynyň söýen bendeleri bolup ýetişmeklerini arzuwlapdyrlar. Halk arasynda «Şeýle atlar hem-de galan at (ýogalan merhumlaryň atlary) dakylan perzentleri urmak, olara sögmek bolmaz» diýen yrym-ynanç hem gadym zamanlardan bäri türkmenleriň arasynda kök urupdyr.
Türkmenleriň arasynda iň giň ýaýran at dakmagyň görnüşi hem ölüp-ýitip giden merhumlaryň hormatyna olaryň atlaryny dakmaklykdyr. «Iň ýakyn adamlarymyzyň atlary ýerde ýat¬ma¬syn» diýen yryma eýerilipdir. «Ine, pylanyjan geläýdi» diýip, onuň göni adyny tutmakdan saklanyp, «Atajan, Kakajan, Enejan, Mamajan» diýip, uly hormat-sylag bilen ýüzlenýärler.
Hudaý ýoluna sadaka berlip, merhuma aýat okadylyp, onsoň ady dakylýar. Eger şeýle edilmese, «Merhum adyny bermäge razy bolmazmyş» diýen yrym-ynanç şu günlerde hem ýörgünli ulanylýar.
Türkmen halkynyň arasynda şu günlerde hem ruhy sütünlerimiz bolan Myraly, Magtymguly, Mollanepes, Kemine, Azady ýalylaryň, batyr serkerdelerimizden Görogly, Keýmir ýaly edermenleriň atlaryny dakmaklyk uly sylag-hormat bilen amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Serdar, Saparmyrat diýlip, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň, Gurbansoltan ejäniň, Atamyrat aganyň adyny dakmaklyk hem ýörgünli. Bu-da täze yrym-ynançlardandyr.
Maşgalada dünýä inen çaganyň ilkinji eşidýän owazy mukaddes azan, halk arasynda azan aýtdyrylanda «Çaganyň gulaklary açylarmyş» diýen yrym-ynanç ýaşap gelýär. Azan aýdyjy çaganyň adyny hem aýtmaly, bu ynanç yslam dini bilen baglanyşykly dörändir. Azan aýdylyp, çaganyň ady belli bolandan soňra çagany, enäni goramak maksady bilen dürli yrymlar amala aşyrylýar. Şeýle yrymlardan biri-de uzak ýyllaryň dowamynda halkyň duýgy-duşünjesinde, kalbynda, bütin süňňünde, ruhunda ýaşap gelýän çiledir. Halkyň düşünjesine görä, «Çile, esasan, ýaş gelne (atasy öýüne gaýtarylmadyk), täze doglan çaga düşýär» diýlen pikir halkyň janyna-ganyna siňip gidipdir. Ýaş gelin bilen ýaş çaga biziň halkymyzyň ata Watan derejesinde ähli pähim-paýhasy bilen goraýan mukaddesligi. Bu mukaddeslikler ähli bela-beter¬ler¬den, howp-hatarlardan goralmaga çalşylýar.
Çile döwrüniň esasy maksady ýaş çagany, ýaş gelni gorap saklamak. Bir öýde ýaş çaga bar bolsa (doglanyna kyrk gün bolmadyk), şol öýe başga bir täze doglan çaga getirilmeli däl, ýaş gelin hem edil çaga ýaly. Yryma görä, öýdäki çaga ýa-da ýaş gelin daşary çykarylýar. Üstüne gelen gelin ýa-da çaga öýe girensoň, ol öýe girýär. Şeýle etmek bilen halk öz ynanjyny goraýar, kalbyny ynjaldýar. Halk şuny etmese, ynjalmaz, çünki bütin durky bilen şu ynanja eýlenipdir.
Aradan çykan merhumy jaýlamaga giden gölegçiler gaýdyp gelenlerinde ýaş gelin, ýaş çaga öýden daşary çykarylmaly, öýe girenlerinden soňra olar girmeli.
Türkmen halky duza uly sarpa goýýar. Eger iki maşgala gelin edinse, ýa-da çagasy bolsa, ýa-da biri gelin edinip, birinde çaga bolsa, şol iki maşgala tizlikde duz alyşmaly. «Eger şeýle edilse, çile düşmez» diýen ynam adamlaryň, aýratyn hem yrymlara tüýs ýürek bilen eýerýän aýal maşgalalaryň ýüregine rahatlyk aralaşdyrypdyr. Her hili iýmit önümlerinden hem çile düşmez ýaly, ýaş çagaly, ýaş gelinli öýe getirilmesi gadagan edilen iýmitler bar. Bu bolsa türkmen halkynyň ähli zady sel¬jerip, oýlanyp, bir işiň başyny tutýan doga sowatly halk bolanlygyndan habar berýär. Ýumurtga, et şeýle gadagan edilen iýmitleriň hataryna girýär. Şol önümler ýaş gelinli, ýaş çagaly öýe getirilse, ol önümleri daşarda goýup, gelni, çagany daşary çykarmaly, soňra ol iýmitleri öýe salyp, soňra olary girizmeli. Elbetde, bu halkyň köneden gelýän yrym-ynanjy, emma şeýle edilse, nähilidir bir kalbyňy rahatlandyrýar. Bu barada Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy hem öz çykyşlarynda belläp, yrym-ynançlara uly baha berip, şeýle diýdi:
«Geçmişde türkmenler örän medeniýetli halk bolup¬dyr. Çaga doglanda hökmany ýerine ýetirmeli däplerimiz bolupdyr. Indi biz olary ýatdan çykarypdyrys. Çaga dünýä inendäki kyrk çiläni alyp görüň.
Ol çaga gigiýenasynyň iň ýokary nusgasydyr».
Dogrudan hem, çile türkmen halkynyň çaga, gelin bilen bagly bolan arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmesidir. Halk arasynda «Çile düşen çaga eýikmez, boýnuny wagtynda tutup bilmez, eger-de etiň, ýumurtganyň çilesi düşse, uşak, iri örgün örer» diýen ynanç ata-babalardan bäri dowam edip gelipdir. Türkmen halky näzik ýaş gelnini, ýaş çagasyny apalap, ähli bela-beterden goramaga çalşypdyr. Ýaş gelinler ikigat wag¬tynda özüni örän gowy saklap, özünden talap edilýän düzgünleri dogry berjaý etmelidirler. Çaga doglanda ýedi gün iň howply günlerden hasaplanylýar. Şondan soň çaga-da, ýaş ene-de arassalanmaly, çileden çykmaly. Çagany ýa-da gelni düşürjek suwuňa ýedi sany bugdaý ýa-da tüwi (rysgal-döwletliligiň alamaty), kümüş teňňe atyp, içine ýedi çemçe suwy hem goşmaly. Soňra edil şunuň ýaly ýagdaý kyrk günden soň hem gaýtalanýar, kyrk däne, kyrk çemçe suw garylýar. Ine, şu pursatdan soňra hem doly sagatlyk döwri başlanýar. «Çaga çileli döwründe, çileden çykýança, aýry ýerde ýatyrylmaly, çagaly jaýa köp adam girmese gowy», «Çileli çaganyň ýassygynyň aşagynda jöwher pyçak, duz, çörek goýsaň, çagany arwah-jyndan goraýarmyş», «Ýaş çaga bosaganyň üstünde oýnasa, kesellegiç bolarmyş». Bular kimin yrym-ynançlaryň aňyrsynda uly terbiýe mekdebi ýatyr. Ýaş çaga, ýaş gelin çileli döwründe olaryň bedeni gowşak bolýar, goranyş ukyby bolma¬dyk bedene her hili keselleriň ýokuşmagy ahmal, şonuň üçin hem pähim-paýhasly pederlerimiz yrym-ynançlarynyň üsti bilen öz nesillerini her hili bela-beterlerden goramaklygy niýet edinipdirler.
Türkmenlerde ýaş çaganyň galpagy ilkinji gezek syrylanda, ilkinji dişi çykanda hem dürli yrym-ynançlar amala aşyrylypdyr. Garaşsyzlyk türkmen halkyna ýitip giden yrym-ynançlaryny, däp-dessurlaryny gaýdyp berdi, ýatdan çykarylmak derejesine ýetirilen ahlak ýörelgelerimiz durmuşa ornaşyp başlady. Yrym-ynançlaryň birtopary ösüp, kämilleşip, köpçülikleýin häsiýete geçip, hökmany ýerine ýetirmeli däp-dessura öwrülip gidipdir. Şolaryň iň esasylary galpak toýy we diş toýy bilen baglanyşyklydyr. Bu toýlar bilen baglanyşykly hem yrym-ynançlar ýerine ýetirilipdir.
Kähalatlarda çaga dişli dünýä inipdir, şeýle ýagdaýda gyzjagaz bolsa Sadap at goýupdyrlar. Sadap daşyndan şaý-sep, monjuk dakar ekenler. Ilkinji diş çaganyň bir ýaşyna çenli dürli wagtlarda çykypdyr, 6-7 aýlykda diş çykmagy kadaly hasap¬lanylypdyr. Çaganyň ilkinji dişini gören adama serpaý berlipdir. Diş çykmagyny çaganyň ösüşinde ilkinji basgançak hasaplapdyrlar, çaganyň üstünden toý pişmesi seçilipdir, içinde hökman patrak bolmaly eken. Çagany haly, palasyň üstünde oturdyp, patrak seçmekleri onuň dişleriniň patrak ýaly patrap çykmagyny dileg edendiklerini aňladýar.
Çaganyň çile galpagynyň syrylmagy hem uly wakalardan biri bolupdyr. Munuň bilen baglanyşykly hem yrym-ynançlar dowam edip gelipdir. Çile galpagy çaganyň doglandaky saçydyr, ol mymyk, ýumşak, ýüpek ýaly näzikdir. Çile galpagy agyr hasaplanylypdyr. Halk «Ony götermek kyn bolýar» diýen ynanja eýeripdir. Çaga bir ýaşyna baranda çile galpagy syrylýar, yryma görä, ony daýysy syrmaly bolupdyr, juda bolmasa başlap bermeli ekeni. Eger başga kişi syrmaly bolsa «Meniň elim däl, daýysynyň eli» diýip başlamaly, daýysyna hökman serpaý etmeli. «Çile saçy adama bagt getirýär» diýip, şol saçlary ýygnap goýupdyrlar, gyzlar öz el bukjalaryna çugdamlapjyk tikipdirler.
Çaganyň galpagy syrylanda toý tutulypdyr, häzirki wagtda hem dabaraly bellenilip geçilýär. Çaga bilen bagly bolan yrym-ynançlar sanardan kän. Şular ýaly köpsanly yrym-ynançlaryň üsti bilen türkmen öz çagasyna akylly-başly bolmagy, päkizeligi, halallygy, kalby päkligi, mukaddes zatlaryň sarpasyny sak¬lamagy öwredipdir.
Umuman, öz nesillerini gözüniň göreji ýaly gorap saklap, oňa iň asylly gylyk-häsiýetleri öwretmäge çalşan halkymyzyň pähim-paýhasly wekilleri çaganyň dogulmagy, onuň terbiýesi bilen bagly bolan yrymlaryň ençemesini döredip, öz aňlary hem hakydalary arkaly biziň döwrümize ýetirmegiň hötde-sinden gelipdirler. Olaryň pähim-paýhasa eýlenenleri şu günki günlerde hem ýaş nesillere ýol görkezip gelýär. Ýaş çaga dil çykarýan wagtynda malyň dilini, aýratyn hem diliniň ujuny iýdirmek halk arasynda ýörgünli ulanylýar. Hakykatdan hem dil iýen çaga dillije bolýar. «Ýaş çagany sebäpsiz ýerden urmak-sögmek gowy dälmiş, gaýdyp çaga ýüzüň düşmezligi ahmal», «Çaga oňat at daksaň, ulalanda bagtly bolarmyş», «Dagdan agajy, göz monjugy, alaja ýaly zatlar göz degmekden goraýar» diýen ýaly ynançlar uzak asyrlaryň üstünden aşyp bize gelip ýetipdir.
Maşgalada adam ölümi, onuň iň soňky ýoluna ugradylyşy bilen bagly hem ençeme yrym-ynanç döräpdir. Çünki türkmen ahlagy «yrymly yrylmaz» diýen ýörelgeden ugur alypdyr, «Il oňlasa, atyňy soý» diýen nakyly döreden paýhasly halkymyz iliň oňlan işini kemini goýman dowam etdiripdir. Ýas däbi bilen bagly dörän yrymlaryň sany-sajagy ýok. «Aradan çykan adamy (merhumy) ýatyranlarynda başyny aşak goýup ýatyrmalymyş». Halk arasynda «Öli başy aşak, diri başy – ýokary» diýlen pähim uzak asyrlaryň dowamynda ýoda-ýörelgä, nysaga öwrülip, biziň döwrümize gelip ýetipdir, hut, häzirki günlerde hem şeýle edilýär. Çünki ata-babalarymyzyň ahlak ýörelge¬le¬rine eýermek türkmeniň däbi. Adam aradan çykanda, öýleden soň ýogalsa, ertire çenli myhman alynýar. Merhumyň ýanynda oturanlar gepleşmeli däl, eger gepleşilse-de, diňe merhum bara¬da gepleşilmeli, uklamak hem bolmaýar. Uzyn gije merhumyň ýanynda oturyp, ony her hili mör-möjeklerden gorap saklamaly, merhumy diňe ýagşylykda ýatlamaly. Adamzadyň ýas däbi bilen baglanyşykly bolan ynançlary däp-dessura öwrülip, kök urup gidipdir.
Goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly üns beren türkmen halky goňşy bilen gowy aragatnaşykda bolup, birek-biregiň toýuna, ýasyna ýarapdyrlar. Başyna ýas düşen maşgalada hiç hili bişir-düşür edilmeýär, goňşy-golamlar uly sylag-hormat bilen, duýgudaşlyk bildirip, nahary käbir ýerde üçi geçýänçä, käbir ýer-lerde ýedisi geçýänçä, öýlerinde taýýarlap getiripdirler. Bu yrym däbe öwrülip gidipdir, häzir hem dowam edip gelýär. «Merhumyň ýedisine çenli şol öýde nahar bişirilse, al-arwahlar nahary zäherlärmiş» diýen yryma eýeren halk ýas wagtynda birek-birege dik durup hyzmat edipdir. Şonuň üçin hem türk¬men halkynda «Kyýamat güni – goňşudan» diýen nakyl döräp¬dir. Kyýamat gününde merhumyň eden haýyr işleri hem, ýara¬maz işleri hem öňi bilen goňşusyndan soralarmyş.
Yrymlaryň käbirleri halk döredijiliginiň başga bir görnüş¬leriniň (rowaýat, nakyl, sanawaç) döremegine hem sebäp bo¬lup¬dyr.
Ähli babatlarda bolşy ýaly, ýas däbi bilen baglanyşykly her hili terbiýeçilik ähmiýetli yrym-ynançlar türkmen halkynda kän gabat gelýär. Bu hili yrymlar merhuma sylag-hormaty, her hili ýagşy niýetleri kalbyňa ornaşdyrýar. «Ölümiň yzy kesilsin, ýoly sowulsyn!» diýlen ýagşy niýet bilen ölümde nan bişirilen¬de, dürtgiýç gyradan dürtülip başlap, ortada gutarmalymyş, «ha¬myr alyp, çişip, köpelmesin, ölüm hem köpelmesin!» diýlen ýagşy niýet bilen ýasda petir çörek bişirilipdir, häzir hem şeýle. Merhumlary sylamak esasy borç bolup, şu hili yrymlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. «Her gezek nahar iýlende, merhumlaryňy ýatlap, aýat okamalymyş». «Öli aýatdan doýmaz, diri – hezzetden» diýen ýaly nakyldyr yrymlar hem halkyň şu hili ynançlary bilen bagly döredilipdir. Adam iň soňky ýoluna gönügende, ahyr deminde «Ýanynda öz ýakyn hossarlary bolsa, merhum razy bolarmyş, bu agyr pursat ýeňillik bilen geçermiş». Şonuň üçin hem türkmeniň ahlak ýörelgesinde «Ada¬mynyň iň soňky deminde ýakyn hossarlary ýanynda bol¬maly» diýen ynanç ornaşypdyr, bu ynanç häzirki günlerde hem dowam edip gelýär. Türkmen halky bolsa öz yrym-ynanjyny, din-diýanatyny, umuman, ähli ahlak ýörelgelerini gözüniň göreji ýaly gorap gelen halk.
Türkmeniň ahlak ýörelgesinde daňdan säher çaglaryna aýratyn umyt bilen garalypdyr. «Ir bilen gün dogmanka, Allatagalanyň dergähleri (gapylary) açylarmyş, ýagşy dilegler onuň huzurynda kabul bolarmyş», «Rysgal-döwlet ir säher çaglary paýlanarmyş» diýen ýaly dini ynançlar halk arasynda ýörgünli ulanylypdyr. Adamlar üstlerine gün dogdurmazlyga çalşypdyrlar. «Ir bilen säher çagy turup, «Aýy-güni döreden, ýeri-gögi ýaradan Beýik Taňrym, işlerimiz şowly bolsun!» diýip, ýagşy dilegler bilen tutumlarynyň başyny başlapdyrlar. Türkmeniň dana şahyry Beýik Magtymguly ýagşy işler etmekligi niýet edinen adamynyň türkmeniň yrym-ynanjyna görä, ir turup, üstüne gün dogdurman, Biribara ýalbaryp, ýamanlardan daşlaşyp, ýagşylara ulaşyp, şeýtanyň şerini başa bardyrman, diňe ýagşylyk etmelidigini öwran-öwran ýatladýar:
Säher tur, Hudaýa ýalbar,
Yslam öýüň abat galsyn!
Ýamany goý, ýagşa ýol ber,
Şeýtan işi berbat galsyn!
Şahyr halkyň yrym-ynançlaryna tüýs ýüregi bilen uýup:
Säher wagty gapyl bolmaň, ýaranlar,
Dergahlar açylar çagdyr, bu çaglar.
Rahmete duş geldi bu wagt erenler,
Hak nury saçylar çagdyr bu çaglar.
diýen ýaly pikirlerini şygra salypdyr.
Şahyryň özi hem säher çagyndan umytly bolupdyr, iliniň hem şu yrym-ynanja eýermegini isläpdir.
Dana ata-babalarymyz saçak, tamdyr, ojak, duz-çörek, öwlüýä deňelýän ýol, köpri ýaly mukaddeslikleri harlamazlygy özleriniň yrym-ynançlarynyň üsti bilen perzentleriniň kalbyna siňdirmäge çalşypdyrlar, uly manyly yrymlary döredipdirler. Ene-mamalarymyzyň, ata-babalarymyzyň döreden «Nahardan öň we soň eliňi ýuwmasaň, öýüňe bereket ýagmazmyş», «Agzy-dili ýok diýip, haýwany urmaly dälmiş», «Ir bilen turup, işigi açyp goýsaň, şol günki rysgal paýyň öýe girermiş», «Öýde kerep emele gelse, şony aýyrmasaň, garyplyga çekermiş», «Irden turup başyny daran gyz bagtly bolarmyş, onuň saçyny perişdeler darap berermiş». «Ýetim çaganyň göwnüni awlamak Käbä zyýarata gidip gelen bilen deňmiş», «Juda ajygan, suwsan adamyny doýurmak, suwdan gandyrmak hem haja gidip gelmek bilen deň hasaplanylarmyş» diýen ýaly yrym-ynançlar terbiýäniň gönezligidir. «Bir ajy doýurmak haçdyr, ýaranlar» diýip, Magtymguly Pyragy hem aýdyp geçipdir. Şu hili yrymlaryň many-maňzyna diň salsaň, diňe ýagşy gylyklar, gowulyklar ündelýär. Bularyň barysy ynsanlarda arassaçylyk, päkizelik düzgünlerini berjaý etmekligi, edep-ekramlylygy terbiýeleýär.
Yrym-ynançlaryň örän köpsanlysy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen bagly döräpdir. Çünki asly nurdan bolan türkmen örän arassaçyl halk bolupdyr. Bir yrymy mysal alalyň: adamynyň synasyndan bölünip aýrylýan üç zady – saçy, dyrnagy, gaçan dişi gömmelidigini ata-babalarymyzdan galan yrym-ynançlar bize ýatladýar. Çünki bu zatlar dargaşyp ýatsa, hapysalygyň alamaty hasaplanylypdyr. «Düşen we syrylan saçyň böleklerini guş alyp gitse, garaguşagyry keselli bolarsyň» diýen yrymy döreden halk perzentleriniň kalbyna gorky aralaşdyrypdyr. «Çaganyň düşen dişini atyň ýatagynda gömseň, atyň dişi ýaly sagdyn diş çykarmyş, goýun-guzyň ýatagynda gömseň, guzyň dişi ýaly owadan diş çykarmyş» diýen ýaly yrymlara uýan ata-babalarymyzyň ynançlary nesilleriň hem aňyna ornaşypdyr.
Dyrnak iň hapa zat hasaplanylypdyr, dyrnak alnanda üýşürip, daşrakda gömülipdir. Ýöne belent adamkärçilik sypat¬laryny özünde jemlän ata-babalarymyz «Hatda iň hapa zat bolsa-da, dyrnagy hem agyratmaly-ynjytmaly däl» diýen pikiri aşakdaky sanawaja siňdiripdirler, barmaklarynyň ujuny ýere sürtäp, «Goýnum müňe ýetende, düýäm ýüze ýetende, altyna gaplap dakynaýaryn» diýen sanawajy sanap, dyrnagy gömüpdirler. Paýhasly gelin-gyzlarymyz bolsa düşen saçlary üçin ýörite bukja tikipdirler, her ýyl Gurban aýynda saçy gömmeklik sogap hasaplanylypdyr.
Umuman, ata-babalarymyz yrym-ynançlaryna özleriniň iň päkize, halal niýetlerini, käbir wagtlarda bolsa halamaýan zatlaryna bolan garaýyşlaryny hem siňdiripdirler.
Türkmen halkynyň arasynda edep kadalaryny, ahlak ýörelgelerini durmuşa berk ornaşdyrmak üçin ulanylyp gelýän ýagşy niýetli yrymlaryň örän köpüsi şu günlerde hem adamlara diňe ýagşylyklary ündäp, halk arasynda ýaşap gelýär. Olar adamlary, ylaýta-da ýaşlary dogry ýola ugrukdyrmakda gym¬matly serişdedir. «Agşam gap-gaçlary ýuwup, arassalap goý¬saň, ertire çenli rysgaldan dolup durarmyş», «Öýüň töweregine kir suwy, kül dökmek bolmaýar, arwah-jyn geler¬miş», «Gelneje bilen baldyz biri-biriniň eşigini geýse, gelnejesi bilen agasynyň nikasyna tow düşermiş», «Duz we duz goşulan zatlary harlamaly däl, duz depelän gönenmez». Bular ýaly yrymlary bilýänleriň ýaramazlyklary etmekden saklanjakdygy hem¬mä mälim hakykat.
Türkmenistan ýurdumyz baryp sekiz asyrlap garaşylan özbaşdaklygyna eýe bolandan soň, Saparmyrat Türkmenbaşynyň ilkinji üns beren zady hem ozal gadagan edilen ruhy gymmatlyklar boldy. Esasy maksat halkymyzyň gadagan edilen gymmatlyklaryny ýokary galdyrmaklyga gönükdirildi. Halkymyz hem köneden gelýän yrym-ynançlaryna dolandy. Ruhnamasynyň ikinji kitabynda Beýik Serdarymyz türkmen halkynyň köneden gelýän yrym-ynançlaryna, däp-des¬surlaryna, ahlak ýörelgelerine aýratyn üns berýär.
Yrymlaryň ählisiniň many-mazmuny halal ahlakly ynsany terbiýeläp ýetişdirmeklige, jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmeklige syrykdyrylandyr. Yrymlaryň köpüsi edep-ekram öwredijidir, ýagşy arzuw-niýetlere ýugrulandyr, adamzadyň göwnüne teselli berijidir. Has hem köne döwürlerden bäri dowam edip gelýän yrymlarymyz şeýle häsiýetlere eýedir. Emma yrymlaryň arasynda birtopar ýasama, ýüzleý döredilenleri hem soňky wagtlarda duş gelip başlady. Bular, biziň pikirimizçe, paýhasly ata-babalarymyzdan galan yrymlar däl. Olar soň¬ky wagtlarda oýlanylman döredilen yrymlardyr. Olarda hiç hili many hem ýok, mazmun hem. Mysal üçin, «Kebzäň gijese, ölüm habary gelermiş» we şulara meňzeş birtopar ýerliksiz yrymlar ata-babalarymyzyň döredip, bize miras goýan täsin yrymlaryna meňzeş däldir. Olar adamlaryň ýüreklerine teselli bermege derek, wehim salýar, howp döredýär. «Şeýle bolaýarmyka?» diýen gorky kalbyňa aralaşýar. Bular ýaly yrymlaryň halk arasyna ýaýramagynyň öňüni almaly.
Hakyky manysyndaky, täsirli, irki dörän yrymlary öwrenmeklik ähmiýetlidir.
Yrymlara halk döredijiliginiň goja taryh bilen ýaşytdaş bir görnüşi hökmünde garalsa ýerlikli bolar. Yrymlar arkaly geçmişde adamlaryň aw awlaýyşlaryna, oda, Aýa, Güne, ýyl¬dyz¬lara, tebigat hadysalaryna garaýyşlaryna, ekerançylyk bilen meşgullanyşlaryna, arassaçylyk düzgünlerini berjaý edişlerine, tebipçilik bilen meşgullanyşlaryna belli bir derejede göz ýetirip bilýäris.
Ähli babatda alanymyzda-da yrymlaryň ähmiýeti çäksizdir, olaryň giňişleýin öwrenilmegi zerurdyr. Olar halk aňynyň, paýhasynyň önümi bolan milli mirasymyza uly goşantdyr.
Türkmen halk yrym-ynançlary çapa taýýarlanylanda, halkyň ynançlarynyň esasynda dörändigini nazarda tutup, düýş ýorgutlaryndan hem-de her hili em-ýomlardan käbir nusgalary goşmagy makul bildik.
Yrym-ynançlaryň köpüsi halkyň içinden toplanylyp, Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli Golýazmalar institutynyň hazynasyna tabşyrylan bukjalardan, şeýle hem metbugat sahypalarynda çap edilen yrymlaryň göwnemakul hasaplanylanlarynyň içinden saýlanylyp işe goşuldy. Ençeme yrymdyr ynançlary çapa taýýarlaýjynyň özi halk içinden (Daşoguz, Lebap, Mary, Ahal, Balkan welaýatlary) ýygnady, yrym-ynançlar örän kän gabat gelýär, toplamak işi dowam etdirilse, geljekde ýene-de terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan yrym-ynançlaryň üsti doldurylar.
Gurbanjemal YLÝASOWA,
dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty.
Edebi makalalar