21:14 Gyrnak -10/ romanyñ soñy | |
15.
Romanlar
Pugta daýza Baýramala gelse-de, diýilýän ýerden Merdany tapyp bilmedi. Beýleki adamlary hatar-hatar edip, edil bir süri goýny edişleri ýaly, sanap-saýhallap howla goýberseler-de, olaryň arasyn- da Merdan ýokdy. Ol aglady, eňredi. Gören adamyna ýalbardy. Emma oňa hiç kim hossar çykmady. Iň soňunda ýene Roza atly şol gyzjagaz oňa dözmedi. Öýlänräk geldi-de: – Merdan çastnyý işleýär, daýza – diýdi. Pugta daýza üçin ol zatlaryň ähmiýeti ýokdy. Ol.Merdany görse boljakdy. – Wah, janym, o zatlar bilen işim ýok meniň. Gaýrat et-de meni şonuň ýanyna elt. Görýäň-ä, men bir maýyp. Gymyldap bilemok ahyryn. Roza bu garry aýala dözmedi. Ol işiň ahyrynda kimdir bir maşynly adamdan haýyş etdi-de, garryny Baýramaly şäheriniň günortasynda gurulýan täze posýologa alyp gaýtdy. Olar garabagyr bolup beton işläp ýören bäş-alty adamyň arasyndan Merdany tapdylar. Merdan Rozany, onuň ýanynda-da ejesini görüp, gözlerine ynanmajak boldy. Eliniň-aýagynyň palçygynam , ýuwman olara bakan ylgady. – Mam-maş! Roza!.. Pugta daýza ogluny gujaklady. Soňam titir-titir edip aglady. – Wah, seni ne güne düşürdiler, balam! Merdan dabaraly gürledi. – Mamaş, hemmesi normalny! Wo-oh! Ejesi geleni üçin Merdany bu günlükçe işden boşatdylar. Merdan gurlup ýörlen uly jaýyň bir otagyna ejesini alyp bardy. Otagyň içi düşeklidi. Burçda stol, stul, tumboçka bardy. Olar içeri girip, heniz saglyk-amanlyk soraşmankalar orta saçak, çaý-çörek geldi. Eneli-ogul biri-biriniň didaryndan doýmaýan ýaly bolşup çaý içdiler. Soň beýleki adamlar hem bu günki işlerini birýüzli edip, çaýa çykdylar. Eneli-ogluň bujagaz höziri ýene bozuldy. Pugta daýza ogluna içini döküp bilmedi. Diňe gijäniň bir mahaly, günuzyn sütünleri süýnüp ýadan adamlar iýip-içip, arakdan, tirekden keýplerini kökläp, hersi birýana dünderilip galanyndan soň, oňa derdini ogluna aýtmaga ýagdaý döräpdi. – Geldimi! – diýip, ejesi oglundan sorady. – Kim?! – Seni şu ýerlere ýok etdiren haram tula!... Merdan eliňi geleňsizlik bilen salgady. Ýöne sesini çykarmady. Oňa derek ejesi gürläp başlady. Gelniniň ady tutulandan ol jynssyz ses edip, zeýrençli eňredi. – Jan, balam, gelin almadym, ýalyn aldym. Men dowzaha düşdüm. Ol tula al-arwah bolup çykdy. Ärsek, oglanbaz bolup çykdy. Jahyllar şonuň yzyna düşüp, äpişgämizi, eýwanymyzyň aýnasyny daşlaý-daşlaý kül etdiler. Öýe gelip, onuň bilen basalaşyp-bogalaşyp, men «beýtmäň» diýsemem, tas urup öldüripdiler. Işikde biri bilen, podezimizde biri bilen gülban bolup gezýär. Utanjyma ile-güne. görnüp bilemok. Iki ýerden sud etjek diýip geldiler. Taňry gün berse, öýmüz miliseli. Taňry gün berse, gykylyk-galmagal. Öýi tozdurdy. «Olam owarram, oglum gelse bolýar», diýip dişimi gysyp ýörsem, maňa aýtman, bir loly heleý bilen Sarags diýen ýere ýok bolup gidipdir. Ol ýerdenem tirek alyp gaýdypdyrlar. Olaram ýolda milise tutupdyr. Şondan soň üstüm kürre-diwan. Günde-günaşa öýümi döküp, sorag üstüne sorag edip, başyma ala ýabylynyň gününi getirdi, ol loly, balam. Şonuň derdinden seniň ýanyňa gaçyp gaýtdym. Şol öýde bolsa, men baryp biljek. däl. Git diýseňem gidenok, kowsamam «Özüň git» diýýär. «Seniň özüňi, ogluňy öldürmän gitmerin» diýýär. «Jaý maňa galar, oýnaşlam bilen döwran sürerin» diýýär, loly... Pugta daýza derdi aýdany bilen dökülýän bolsa, aňry ýany bilen içini egisdi. Ogly ony diňledi, Dişlerini gyjap, ahmyr bilen başynam ýaýkady. – Mamaş, men ony öldürerin!.. Walla... Pugta daýza ýene-de eňredi. – Beý diýme, balam, ol seni öldürer. Ol oýnaşlarynyň üsti bilen seni şu ýerde öldürer. Ýene birki günden oňa sud bolýar. Görersiň, şondanam sypar. Onsoňam bir gör, biziň başymyza nähili oýunlar salýanyny. Oňa senem, menem gerek däl. Oňa Aşgabadyň ortasyndaky şaraňlap duran jaý gerek. Onuň päli ýaman, haram k... – Mamaş, men ony öldürerin!.. Pugta daýza ýene-de başyny ýaýkady. – Ah, oglum, oglum, sen agzyňda aş gatyklaýaň. Sen ony öldürýänçäň, ol ikimiziň ganymyza galar. Sen meni ahyr ýaşymda ne güne saldyň, çaga... Ol ogluna tutunyp aglaý-aglaý uklap galdy... Şeýdibem oglunyň humarly, geleňsiz aňyrsynda bihaýalyk doňuz ýatan gözleriniň ýanyp başlanyny görüp bilmedi... * * * Sud bolmaga üç gün galypdy... Işik ýene-de şykyrdan ýaly boldy. Ogulnyýaz tisginip turdy. Ol ýüregi ýarylyp barýan ýaly howsala bilen düşegine geçdi-de dik oturdy. – Eý, allam, daýzam bir çaltyrak gelsedi. – Suda çenli bir gelsedi... Daýzasynyň gidenine, bu gün üçünji gündi. Emma ondan derek ýokdy. Onuň ýoklugy Ogulnyýazyň depesinde ahyrzaman inderipdi. ...Düýn ol talona berilýän azyklary almak üçin dükana çykdy. Çatrykda bir maşynyň içinde Annasoltany gördi. Ol bu gelne ýumrugyny görkezdi. Soň ýanyndaky ýigide Ogulnyýazy görkezdi. Gelin oňa ünsem bermedi. Berlen zatlary aldy. Ýoldan geçdi. – A gyz! – Ol hälki maşynyň gapdalynda elini bykynyna urup duran daýaw pyýadany gördi. – Gürleşmek mümkinmi? – Ol soňam – Sen Gyrnak dälmi – diýdi. Ogulnyýaz başyny aşak salyp barşyna: – Gürrüňim galmandyr – diýdi. Daýaw pyýada bujagaz gepiňi ýüzüne alar ýaly däldi. Ol gelip Ogulnyýazyň toruna ýapyşdy. – Aýak çek! – Aýrylyň, han-a, öýde adamym, gaýnym seredip dur... – Eý, samsyk! – diýip, ol pyýada şaňňy sesi bilen haýbat urdy. – Alkaş äriň türmededigini, tireki gaýynyň onuň yzyndan gidenini, seniňem basym şolaryň yzyndan gitjegiňi uly il bilýär. Ol tory çekdi. – Dur, men saňa ýagşylyk etjek bolýan, sen düşünýäňmi. Ol adam, misli güni bilen ikiçäk bolan lezzetli duşuşykdan gaýdyp, ähli goşlarynam şu tora salyp, indem hersi onuň bir taýyndan tutup gelýän şadyýan jübütleriň biri ýaly, özüni şahandaz alyp barýardy. Ol ýene-de ýylgyryp gepledi. – Sen öz bagtyň ýatanyny bilýäňmi? Men oglanlar bilen gürleşip gördüm. Azyndan ýedi ýyl görünýär, saňa... Ogulnyýazyň eliniň ysgyny gaçdy. – Gaty giç! Üç gün galdy. Eger, sen, meniň, Annasoltana aýdan teklibime razy bolsaň, alyp galaýyn. Ogulnyýaz düýrükdi. – Hudaý saklasyn! Ol pyýada tory goýbermedi. – Zada zar etmäýin. Üstüňe «köşk ýaly jaý satyn alyp bereýin... Gelniň gözi ýaşmakly agzyny tutup duran, Çolman agalaryň üstünde ýaşaýan bazarçy aýala düşdi. Ol toruny näçe aljak bolsa-da beýleki pyýada goýberenokdy. – Häzir däl. Ýöne suddan soň razy bolsaňam bolýar... – Ogulnyýaz toruny silkdi. – A gyz – diýip, bazarçy daýza ýanyndan geçip giden Ogulnyýazy kimedir birine görkezip, özem eşidirip sözledi. – A gyz, Pugtaň bu gelni öň bir welsepitli bilen bulaşdy diýsek, indi «Wolgalyjasyny» tapypdyr-a. Ol aýal hikirdäp güldi. – Täzesini tapmasa, ol welsepitlisi – «gelnime söz atdy» diýip goňşusynyň ogluny atypmyşyn-a. – Ol Annasoltanyň sesini tanady – Jorasy şol Aýja künti bolsa, düzüg bolarmy... – Wiý, bagty ýatan! – Basypdyrlar-a. Ol oglan ölenmişin-e. Bu-da ýene iki günden gitmel-ä. Towşan gelin pahyram ýakda bu. Ogulnyýaz namys oduna boguldy. – Goýber tory. Alladan gork. Ol toruny, almaga zar, gelip işigini açdy-da içinden gulplady. – Gyrnak! Gyrnak jan. Sen razy bol, eşidýäňmi? Ogulnyýaz gözigirýan aglady. Özüniň ýalňyzlygyna, biçäreligine, ejizligine aglady. Her elini uzadanyň, dilini uzadanyň özüne degip, ömrüni çüýredýänine gynanyp aglady... ...Işik ýene-de şykyrdan ýaly boldy. Ýöne ol ony eşitmedi. Säheriň süňňüňi sökýän süýjüsi, bütin gijeläp biynjalyk bolmagy ony birden ukynyň girdabyna saldy. Ol agyr, synaňy parçalap, janyňy alyp barýan urga oýandy-da agyra çydaman iki büküldi. – Wa-aý! – Ol bu ýowuz agyryny janyna siňdirmänkä ikinji urgy öňküdenem beter ýowuz agyryny içine dökdi. Ol «Waý, waý! etdi-de gözüni açdy. Ol üstüne abanyp, ujundan gan damyp duran pyçagy depesinden aýlap duran Merdany gördi. – Ah, suka! – Merdan pyçagy her uranynda: – Ah, suka! – diýip, agzyndan ak köpük saçýardy. Ogulnyýazyň gözleri peträpdi. – Merd-dan! – Ol bir erbet düýrükdi. – Näd-dýäň, Merd-d-a-a-an! Merdan ony eşidenokdy. Ol gelniň bedeniniň henizem titräp duranyny görüp, epet botinkaly aýagy bilen ony depip başlaşy. – Me, mamaşy horlasaň! Me, küntüçilik etseň. Me, mamaşy horlasaň – diýip, ysgyny gaçýança depdi, Soň tireýän elleri bilen pyçagy ine boýuna böwründen sokdy-da, towlap çekip aldy. Gelniň ap-ak ýaňagyna düwme-düwme bolup gan syçyrady. Ogulnyýaz ýüregýnde agyr gemre-baş bolup giden ýowuz ynjylaryň teninden gaýnap çykýan gan bilen zygdyrylyp çykyp barýandygyny duýdy. Ol birhili ýylgyrjak boldy. – Meni bu azaplardan dyndyranyň, üçin, ömrüň uzak bolsun! – diýen pikiri başynda ýyldyrym çaltlygynda aýlasa-da, dodaklary ony diýip ýetişip bilmedi-de, çalaja terpendi... Emma ol sözleri eşiderden, oňa düşünerden Merdan daşdady. Ol ejesiniň ýarawsyz aňyna tutuş bir gijeläp guýan zäherinden «gelniň eýle, gelniň beýle» diýen sözleriniň bendiligine çydaman wokzala baryp, şol ýerdenem öýüne işigi döwüp girip, etjegini edensoňam, ýene yzyna garşy ýumlugyp barýardy. Ol ýolboýy: – Suka mamaşa degseň, küntüçilik etseň, me! – diýip, şol bir sözi gaýtalaýardy. ...Kejebe saklandy. Ogulnyýazy içeri alyp girdiler. Içerde onuň köne başlygy, Süleýman gap-gara penjekli, öt-elek bolup durdy. Ol Ogulnyzy görüp, tisgindi-de, öňünde duran stoly ýumruklady. – Bagty ýatanlar mukaddesligi, päkligi kabul etmediler. – Ol gözünden düwme-düwme ýaş goýberdi. – Indi gaýratym ýok, indi saklamaga, synamaga güýjüm ýetenok. Ogulnyýaz işigiň agzynda sary-sadylla bolup duran ýerinden çözgüde garaşdy. Onuň köne başlygy ýaşly, balkyldap duran biçäre gözlerini oňa dikdi-de iki elini döşüne goýdy. – Başarmadym, mähriban, kabul etmediler. – Ol gözýaşyny seçelendirip, «ugraberiň» diýip, yşarat etdi. Ogulnyýazy ýene-de kejebä mündirdiler-de, gelen yzyna bakan alyp gaýtdylar. Kejebede gelýänler: orlaşyp küşt depýärler: Daýym ogly ak derek, Sen meni alsaň gerek, Eger meni almasaň, Gaýgyňdan ölsem gerek... Şetdalynyň şänigi, Ajymyka Alla jan. Söwer ýaryň gujagy Süýjümikä Alla jan! Ah, dünýä, dünýä, dünýä, dünýä, Ah, dünýä, dünýä, dünýä, dünýä. Ogulnyýaz häzir ýekeje zada begenýärdi. – Enem-ä, gyzym är işini bitirdi. Kejebeli gitdem, kejebeli geldem – diýer. Ol birden düýrükdi. Nämüçindir: – Günämi ötüň! – diýip, tisgindi. Kejebäni alyp barýan adamlar bolsa orlaşyp, şo-ol küşt depip barýardylar. Soñy. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||||||
| ||||||||