22:02 Gyrnak -2/ romanyñ dowamy | |
Ogulnyýaz bu sözleri eşitse-de, onuň manysyny tirmäge akly ýetenokdy. Ýaş ýigidiň, onda-da ýaňyja öýlenen ýigidiň ähli zady taşlap, aragyň ugruna gitjegini ol aňyna sygdyryp bilenokdy.
Romanlar
– Nirä gidýäkän? – Ol gözi alty-bäşe gelip durka, başga näme diýjeginem bilmedi. Aknabat «biri girip, meniň ýamanlanymy eşidäýmesin» diýen manyda işige gorkuly garap, gep çigitläp ugrady. – Seniň bagtyňy ýatyrypdyrlar, aýtman. Ol oglan alkaş, düşünýäňmi? Üýşülip piwo içilýän ýerde agyzdan galan piwolary içip hapysa ýerde ýatyp-turup ýör. Ýazow ony öýe telim gaýta getirdi. Gelse-de zadyňy ogurlap gidýär. Seret, ýüzügiň, halkaň barmy? Ol äkidip piwo çalşyp içýär. Aňy giden. Ýogsa, şeýdermi? Ogulnyýaza bary aýan boldy. Ýöne sesini çykarmady. Aglamak, ýanmak barada pikirem etmedi. – Ýeke özümi? – diýip, ol öz nikaly adamsy barada iň soňky sapar sorady. – Wah, ýeke bolarmy? Häli barsaň, piwohananyň agzynda bäş-alty sanysy, batga giren doňuz ýaly bolup oturandyr. Ol ýeke däldigini bilip, hasam ynjaldy. «Adam bar bolsa bolýar, ýanynda. Ahyry gazygyna aýlanar. Ýöne jany sag bolsa bolýar...». Toýdan üç-dört gün geçenden soň Ýazow ony ýene-de alyp geldi. Indi Ogulnyýaz kürtä duwlanyp oturanokdy. «Toý» sowlup, il dargansoň, öý çalam-çaş bolup ýatyrdy. Pugta daýza-ha «maýypdyryn» diýip, çilimini kükedip, hil bir, ogul öýerin, toý eden adam bolup gabarylyp otyrdy. Goňşularam käwagt «bu gep-gürrüňiň yzy nähili boldukan?» diýen ýaly niýet bilen baş çekip gidýärdiler. Içeriniň ähli keşigi täze «gelne» galypdy. Ýöne içeri diýer ýaly içeri ýokdy. Toý sowlansoň düşekleriň, gap-gaçlaryň hersini bir goňşy «meniňkidi» diýip göterip gidýärdi. Ýük galdyrylýan jaýda köne-sana ýorgan-düşek bardy. Soňam uly otagyň garşysyndaky tamda gaty kilim bilen bir ýelim palas bardy. Şonda-da Ogulnyýaz «pylan zat bar, ýok» diýmedi. Baryny ýuwdy, artdy. Kakdy, silkdi. Içerileri ýuwdy. Toýdan galan etleri holodilnige saldy, sygmadygyny gowurdy, nahar bişirdi. – Gyrnak, ha gyz Gyrnak, çaýa seret! – Daýzarynyň sesi birneme azmlanan ýaly bolsa-da, ol Ogulnyýaza birhili gaýrat berýärdi. Ony çuslandyrýardy. Ol tä irden turup, gije ýerine geçýänçä gydyrdanyp çykýardy. Soňam, Merdanyň suratyny bagryna basyp uka gidýärdi... Merdanyň nämüçindir öýe giresi gelmedi. – Hany, gir, buýtar-suýtar etseň boýnuňy sogryn!.. Merdan edil bir geçegçi myhman ýaly, ejesiniň ýanynda ýüzüni sallap otyrdy. Ejesi aldygyna çilim kükedýärdi. Ýazow maşynyna göz-gulak bolmak üçin daş çykanda, ol ogluny hoşamaýlap boldy. – Urdammy? – Aýrylsan-aý, seneňki näme? Bary senden. Pugta daýza gapa garap hüňürdedi. – Eli kesilmiş, bu çaganyň ýüzüni-gözüni nädäýipdir... Seniň eliň gurasyn, hudaýym... Ogulnyýaz çaý getirdi. Soň toýdan galan ter otdan, göklerden saçakda goýdy. – Nahar getireýinmi? – Barmy? – Bar. – Näme? – Et gowurdym. Merdan jaýlaşykly oturdy. – Getir. Ogulnyýazyň aýagy ýeňledi. Ol guş bolup uçup, aşhana bilen aralykda gatnady. Ýazow gözlerine ynanmajak boldy. Merdan ýassyga gyşaryp, ýazylyp nahar iýip otyrdy. – Molodes, bratişka. Indi sen öýlenen ýigide meňzeýäň. Onuň özem saçagyň başyna geçdi. – Hany, indi içmäge-de zat ýokmy? – Merdanyň naýynjardan närazy sesi içerä ýakymsyzlyk çaýdy. Ýazow Pugta daýzanyň ýüzüne garady. – Içsin, ýöne azajyk. Ogulnyýaz ýene aşhana ýüwürdi. – Sen-ow, bu gije gyzyň ýanyna girmel-ä. Içme... Ýazow gyz gelmänkä ýigidiň ýoluna böwet goýdy. – Içmesem bolmaz. Baryp bilmen, içmesem, barybir, önki ýaly bolar... Ýazow sesini çykarmady. – Bolmaýan bolsa şampan içäýsin. – Maňa serowna... Içsem bolýar. Süýji nahar, rahat ýerde oturyp iýip-içmek Merdanyň başyny aýlady. – Gül ýalak bolar. Men taşlaryn. Baryny taşlaryn. Adam bolaryn, eje. Pugta daýza-da açyldy. – Diliňe döneýin, ýeke bala. Başyň dik bolsa bolar. Bu dagy näme, her süňňüňe bir gyrnak alar, meniň balam. Kakasy ýaly ministr bolar, meniň oglum. Uly işde işläp, ejesini dyndarar, meniň balam... Ýazow daýzasyna «Ýaş gyzyň ýanynda beý diýip oturma» diýse-de, daýzasy jokurdap, sözüne dyngy berenokdy. – Ministr bolar, meniň balam. Oňa göz degdi, dil degdi. Enşalla, bir açylsyn. Ili aňk eder. Ogulnyýazyň oturasy gelenokdy. Onuň hyzmat edesi, özüniň bardygyny duýdurasy gelýärdi. Daýzasynyň sözi, gaýta, oňa hoş ýakýardy. – Belki, hudaýym, düzelip, adam bolup, ile goşulyp, il höwes edip, on iki däl, on bäş aýal alsyn... «Wiý, Ogulnyýazyň barany şolmy?» diýdirmese bolýar, jan allam. Merdan iýip-içenden soň hasam açyldy. Ýazowa «gaýdyber» diýdi. Emma Ýazow gaýtmady. – Ýok, ertirem başlyk öýde boluber diýdi. Tam kän, birine geçer ýataryn. Ol öz diýeninem etdi. Oglan bilen gyzyň jaýyna suw, iýer-içer ýaly zatlary, şampan, çakyrynyň galanyny eltdi. Soň Merdany ýene azysynyň astyna alyp başlady. – Il näme diýer. Öýlendiň, emma näçe gün bäri gyzyň ýanyna baraňok? Sen erkek dälmi? Gaty aýyp zat. Goňşular gelip sorap durlar-a, gyzyň ýanyna bardymy diýip. Utanç bolar. Merdan sypajaklap başlady. – Däde Ýazow, sen arkaýyn gaýdyber. Men özüm bir zat ederin. Men bu gün görmeli däl-ä gyzy. Opytym bar, sen gaýdyber öýüňe. Ýazowyň myrryhy atlandy. – Men hiç ýere-de gitjek däl. Şu ýeri meniň öýüm dälmi? Özüňem kepiňi köpeltme, diýleni et... Merdan burnuny sallady. – Eý, bože moý. Özüňiz-ä öýlendirýäňiz, özüňizem ynam edeňizok. Pugta daýza-da oturyp bilmedi. – Oglum, däde Ýazow, dogry aýdýar... Merdanyň bäş deşigi bir ýere gelip, ýüzüňiň öňem ganjaryp duran ýaralary besse-besse bolup başlady. – Kançaý mam. Sen nämä sokulýaň?! Otur. Men senden gowy bilýän. – Ol .ýüzüni hasam kürşerdip, ellerini silkip goýberdi. – Woobşe, şol arwah, ýaly zat maňa nämä gerek? Häzir poşýol diýjek. Maňa degmäň. Maňa gerek däl. Saňa gerek bolsa, özüň baryber... Ogulnyýaz sesini çykarman gap-gaçlary ýygnap ýörşüne, ýigidiň bolşuny geň gördi. Ondanam beter, ony ýerli-ýerde bir sykaja galyp horlap oturyşlaryny geň gördi. – Hany, gapyl! – diýip, Ýazow azm bilen gözlerini alartdy. – Diýleni et. Ýazowyň janyny ýakmasy ýöňe ýere däldi. Merdaňyň bolşy onuň etinden ötüp, süňňüne ýetipdi. Dogrusy, Haýlyýewleriň Haýlyýew wagty ol bu öýüň golaýyna-da goýberilmeýärdi. Aga Haýlyýewiç söwda ministriniň orunbasaryka onuň dostam, «doganam» kändi. Şenbe, ýekşenbe günleri bu töwereklerden geçseň, kim semiz janly soýup oturandyr, kim böwregi içýagna dolap çişlik bişirýändir. Kim buzly gaplara salyp piwo sowadýandyr, kimem, gök-sök arassalaýandyr. Olaryň keýpiňiň bir ujy Pöwrizä, bir ujam Moskwa ýetýändir. – Aga daýyň Meskwä piwo içmäge gitdi – diýip, daýzasam pile sarara gelen monty gurçuk ýaly, zordan agyp-dönüp, bagtlylykdan ýaňa ýarylaýyn diýip aýnap aýdardy. Ýazow olaryň bolşuna hiç düşünip bilmezdi. – Piwe içjek bolsalar, Aşgabatda ýokmy? – diýer. – Ah-eý, Aşgabadyňam bir idili zady bolarmy? Meskewä, Meskewä bolar-da. – Merdan jan hany? Merdan jany nänkesiniň öňünki äkideni. – Ertir getirer... Ýazow oňa-da düşünmezdi. – Daýza, özüň işläňok, öýde, näme üçin ýaş çagany enekä berýäň? Daýzasy ýegeniniň beýle tüntewligine haýran galardy. – Ah-heý, çaga, görýäň-ä, uly adamlaryň bary şeýdýä. Şeýtseň, çaga adam bolar. Edep görer. Öýde ol meniň diýenimi edýämi? Bir saparam Ýazowy daýzasy gyssagly çagyrypdy. Ýazowyň armiýadan ýaňrak gelen mahalydy. Ol DOSAAF-yň bir kursuna gatnap şofýorçylykda okaýardy. Ekzamen döwri gelipdi. Ol teoriýadan tabşyrdy. Emma sürmeden mugallym hiç geçirenokdy. Barany çykýardy. Ýazow hem iki gaýta ýykylypdy. «Üçünjiden geçmeseňem, täzeden okamaly» diýip gorkuzýardylar. Onsoň her kim tanşyny getirýärdi. Ýazowyň bar umydy Aga daýysydy. Ine, şol günlerem daýzasy çagyrypdy. – Daýyň gyssagly Meskewä gitdi. Köşiniň gaýrasynda jaý saldyrýarys. Ýazow ussalaryň ýanynda bolaýsa – diýdi. – Haçan geljek? – Üç-dört günden... Ýazow Aga daýysynyň geläýjek günlerini hasaplady. Ol ekzamen döwrüne gabat gelýärdi. Ol «aý, şonda aýdaryn, barybir elim boş» diýip, Köşä gitdi. Aga Haýlyýewiň bu salýany jaý däldi-de, köşkdi. Ol ýyllaryň gözi bilen garanyňda, beýle hususy jaý Aşgabatda ýokdy. Diňe kerpiç örmäniň özünde on bäş usa işleýärdi. Suwag garýan, suwaýan, kömek berýän adamyň özi ellä ýetýärdi. Naharhanalar trestiniň aşpezleri nahar-bişirýärdi. Her dürli suw, arak-şerap, nahar, näçe iýseň-içseň egsiler ýaly däldi. Aşagy podwally, öňi eýwanly bu köşgüň on alty otagy bolmaly diýýärdiler. Gyzgyn, sowuk suwy, howzuň hammamy içinde bolmalydy. Gurluşyk materiallary, agaç, gapy, polluk tagtalar, şifer, sement dag ýaly bolup, üýşüp ýatyrdy. Ýük maşynlarynyň biri gitse, biri gelýärdi. Ýazowa alyp barýan işem ýokdy. Ol esasan, hojaýynyň wekili hökmünde ol işe, bul işe urnan bolup ýördi. Agşamam iki garawul bu gurluşygyň üstünden guş uçurman goraýardy. Olar Ýazowa-da bu ýerde galmagy maslahat bermediler. – Ertirem işlärler, hojaýyn gelýänçä boýuny ýetirmeli... Ýazow işiň ýagdaýyny habar bereýin diýip, daýzasynyňka gitdi. Barsa, gapy ýapykdy. Ol häli ýolda gelýärkä eýwanyňam, içeriniňem çyralarynyň ýanykdygyny gördi. Şonuň üçin ol işigiň jaňyny däl-de özüni batlyja kakdy. – Kimsiň? – Ol daýzasynyň ýuwaş, emma howsalaly sesini eşitdi. – Men daýza, gorkma, Ýazow men! Aňyrdan gelýän ses indi emeli çykdy. – Kim Ýazow?! – Ýegeniň. Işden gelýän. Habarymy aýdaýyn diýdim. Daýzasynyň sesi indi batly çykdy. – Men seni tanamok. Ertir gel. Ýazow diň salyp durdy. – Kim ol? – Ol erkek adamyň howsalaly sesini eşitdi. Daýzasy ony köşeşdirdi. – Ýetimçe, ýegenimle gyz. Tentek meýit, ýüregim-ä ýardy. Erkek adam azmly gürledi. – Seniň indi ýegeniňem tapyldymy? – Ah-heý, garyndaş ýetimçe-le, öýdeniçer ýaly, gurluşykda işleýär-le... Sesler kiparlady. Ýazow daýzasynyň näme üçin ýeke çagasyny hepdeläp enekä berýäniný indi aňdy. Indi oňuň öýe gaýdasy gelmeýärdi. Pugta Ýazowa garyndaş, ýetimçe diýse-de, ol onuň jan ýaly daýzasydy. Ýazowyň ejesine Bessir diýerdiler. Olam Bagyrly Işanberdi işanyň uly gyzydy. Işanberdi işany kulak diýip sürgün edensoňlar, Bessir iki sany aýal dogany bilen işiklerinde işläp ýören daýhanlarynyň elinde galypdy. Ol iki uýasyny kemala getirip, durmuşa ýollap, özi soň durmuşa çykypdy. Ýazow bäş-alty ýaşyndaka-da dünýesini täzeläpdi. Ýazow kakasy Ylýas aga bilen bolýardy. Ýazowyň bu öýe tiňkesini dikmeginiň ýene bir sebäbem bardy. Ol armydan gelensoň, daýzasynyňka gezmäge gelipdi. Şonda bu öýde Täzegül atly bir gowja gyzam, edil ýelgamak ýaljak bolup ýüwrüp ýördi. Täzegül Ýazowy ýylgyrypjyk garşy aldy. – Daýza ýatyr! A sen kim? Ýazowyň ýüzi çigildemiň ýaňagyna döndi. – Men, ýegeni! Täzegül alçakdy. Ol sözlemänkäň içiňi bilipjik durdy. – Hä, sen Ýazowmyň? – Hawa. – Soldatlykdadyň-a? – Gutaryp geldim. – Wa-a, gözüň aýdyň! – Sag bol? – Men ond-a, daýza buşlaýyn... Ol saçagyň üstünde çaý-çörek goýdy. Özem gelip, Ýazow bilen bir käse çaý içdi. Ýazowyň ýüzi lap-lap gyzýardy. Ol ömründe diýen ýaly türkmen maşgalasy bilen beýle ýakyn oturyp, gürleşip görmändi. – Özüň kim? Täzegül enaýyja ýylgyrdy. – Men-ä Täzegul. Studentka. Özümem Sakarçägeden. – Sakarçäge nire bolýar-aý? Täzegül ýene-de ýylgyrdy. – Wiý, şonam bileňokmy? Ol-a biziň raýonymyz. – Haýsy oblastda. Hä, indi bildim, Gyzylarbadyň aňyrsyndamy? Täzegül hezil edip güldi. – Waý, bul oglan-a içim ýakaýdy. Ona çenli daýzasy oýandy. – Haý, seniň gülkiň gursun, gülküsi guran. Ir bilen «ýatan barmy, turan barmy» diýmän, gülkiňe suw sepilsin. Seniň gümüňi çekmesem boljak däl. Senmi?! Ýazow ýerinden turdy. – Kim gyz, by?! – Salowmaleýkim, daýza! Daýzasy gözüni-gaşyny çekdi. – Ba-a, Ýazow hanmy gyz, by. Tüweleme, eýýäm gyz aldara ýarapsyň-ow, hanym? Daýzasy oturdy. – Gurgunmyň? Togtalara gitdiňmi? Ýazow täzeje halynyň ýüzüni dyrmady. – Ilki seniň bilen salamlaşaýyn diýdim. Olara-da barjak. Daýzasy ýene-de gözüni-gaşyny çekdi. – Şol haçan gelerkä diýip, ýürek üzüp, günüňi sanap oturandyr. Ol aşhana tarap gygyrdy. – Ha-gyz, gyrnak, agşamky nahardan bolsa getir. Täzegül ylgap geldi. – Men-ä ýumurtga bilen et buglaýdym. Daýzasy ýüzüni-gözüni turşudyp, gägiren boldy. – Agşamky naharam bolardy-da, bal ýaly nahar-a. Näme etjek ony zaýalap? Täzegül ogurlykda tutulan ýaly boldy. – Ony itiňize berdim. Ýazow daýzasynyň bolşuny halamady. Ol öňki daýza meňzemeýärdi. – Bir gyrnak aldyk, janym dynar öýtdüm. Gaýta, beter boldy. Harmansyz. Onuň üstesine-de ýeňil, agramy ýok. Görýäňmi, ýaňy gören adamsynyň üstüne zyňjak bolup dur, bihaýa... Ýazowyň bolsa ýüregine başga bir joşgun. guýlupdy. Ol Täzegüli halapdy. Onuň ýylgyryşyna maýyldy. Bu enaýyja gyz bilen gürruňleşip näçe oturmalam bolsa, ol taýyndy. – Häýt, gyrnak, gyrnag-a, ýatyberdiň-le?! Getir gyz, näme bişiren bolsaň! Täzegül indi öňki Täzegül däldi. Onuň gözünde utançmy, kemsinmeklikmi, bir hasrat bardy. Onuň saçaga goýan tarelkasyndaky nahar hem juda akjyl görünýärdi. – Näme, oňa ýag atmadyňmy, pomidor-sogan dogramadyňmy? Naharyň ýüzi asyň ýüzi ýaly-la, bihaýa?! Täzegülüň ýüzem bir agardy, birem gyzardy. – Ýagy ellesem, käýýärsiňiz öýtdüm... Daýzasynyň doludan owadan ýüzi lap-lap gyzdy. – Bihaýa, gyrnak. Sen meni şu burny sümükliniň ýanynda masgara etjek bolýaňmy? Gümüňi tap, şu öýden... Ýazow oturyp bilmedi. Ol ýerinden tarsa turup, gapyny gazap bilen ýapyp gitdi. Barybam, şu oturan ýerinde tä gijäniň birwagty bolup, Täzegül daş çykýança garaşdy. Täzegülüň haly harapdy. Onuň Ýazow bilen gürleşesi gelmedi. – Bagyşlaň, men çaltrak ýatakhana ýeteýin. Kelläm çatlap barýar... – Ugradaýyn? – Sag boluň. Ýazow aýak diräp durmany birhiliräk gördi-de öýe gaýtdy. Ol Täzegüle soň ýene bir gün daýzalarynda gabat geldi. Bu gyzyň özüne beýle bir maýyl däldigini, daýzalarynda ilki görenindäki ýaly alçagam däldigini duýdy. Ýöne ýüregi welin şol gyzda galypdy. Indem, halanmasa-da, ýüregi daýzasynyňky diýip atygsap durdy. Ýöne soňky wagtlar Täzegül, ýokdy. – Ol gyz görnenok-la? – diýip, ol usullyk bilen, daýzasy ýekellilikden zeýrenende sorapdy. Megerem, soramasa gowy boljakdy. – Gezip ýören salatydyr-da. Bular, näme, belli birine guýruk tutdurýamy? Ekzamen diýdi, praktika diýdi, ýok bolup gitdi. Ýazowyň umydy ýene-de timisgendi. Ol Täzegülüň gaýdyp gelerine umydyň bardygyny aňdy. – Daýza, şonuň özi nirede okaýar-a? Daýzasy ot aldy. – Haram gyrnak owarra gitsiň. Şonuň nirede okaýanyny soramakdan başga işim ýokdur. Senem, jik-jik edip, gaty soranjaň bolupsyň. Seret, şolar ýaly salatylaryň kerebine çolaşyp, bagtyňy ýatyraýma... Ýazow günde-günaşa baş çekip gidýärdi. Emma Täzegülden habar ýokdy. Wagt bolsa geçip durdy. Daýzasy oňy çagyryp, gurluşykdan ýene olara dolanyp gelen gijesem, ol şol gyzy görerin diýip tamasynypdy. Emma... Ýazow şo-ol Täzegüle garaşan ýerinde gijäniň birwagtyna çenli oturdy. Sagat on ikiden işlände daýzasy ýuwaşlyk bilen işigi açdy. Işikden çykan pyýada çilimini kükedip gapdalyndan geçiberende, Ýazow oňa tarap ugrady. – Çilimiňiz ýokmy? – Me! – Ýüzi ak-tam bolan adam gözlerini alty-bäşe getirip, Ýazowa çilim uzatdy. Ýazow çilimi almady. Gataňsy barmagyny ol pyýadaň böwrüne dürtdi. – Gaýdyp şu öýe geläýseň, damagyňy çalaryn, haramzada!.. Ol bu pyýadany tanady. Ol Aga, Haýlyýewiçiň söwer dostlarynyň biri, lomaý söwda bazasynyň başlygy Açjan Durdyýewdi. Ol Aga Haýlyýewiň janyny ýeke-täk ynanýanlarynyň biridi. Olaryň iýenleri aýry gidenokdy. – Ýeke gardaşym bar, dünýäniň ýüzünde, olam Açjan! diýip, Aga daýysy Ýazowyň, ýanynda-da telim gaýta aýdypdy. – Ölsem öleýin, yzymda oglum bilen gardaşym Açjan bar. Abraýymy saýlarlar, diýýärdi. «Ölensoň-a däl, ol diri wagty, gözüne çöp atyp, bu bedibagtyň abraýyna parçalap ýör-ä. Haramzada, öldürmelidim...». Ýazow şol gazabyna ikinji gata çykdy. Işigi kakdy. Emma ne ses bardy, ne-de habar alýan adak... Ol soňky gelende daýzasýnyň ýüzüni-gözüni öňküdenem beter asyp ýörmesinden, onuňam bolan wakadan habarynyň bardygyny aňdy... Aga Haýlyýewiç gelenden soň, oňdan şofýorçylyk üçin şahadatnama almaga kömek etmegini sorady. – Sürmekden hiç goýanok. Ähli kişi tanşyny äkidýär. Maňada bir kömek etmeseň boljak däl, daýy. Aga Haýlyýewnçiň gahary depesine urdy. – Tiý, sluşaý, sen sürmeden geçmän nädip şopur boljak? Bolmaz, menden kömek ýok. Öýe goýberýän, bal iýip-içip ýörsüň, şol saňa kömek dälmi? Meniň arkamdan ýaşap ýörsüňiz, meniň adym bilen iş bitirýärsiňiz, pylan ýerde ministr daýym bar diýip, şol kömek dälmi?! – Ol Ýazowy it alan sanaja denderdi. – Sluşaý, tiý, onsoňam, diliň eýesi bol. Pylan-beýleki diýip, baltaýt edäýseň, dilini ýeňsänden çekerin... Ýazow olardan gara dere batyp çykdy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, şol wagtam öňünden Täzegül çykypdy. – Salam! – Salam. Ol gaharyna bu gyzyň salamynam düzüwli almandy. Şeýdibem onuň bu öý bilen arasy ýagşy üzülipdi. Aradan geçse üç-dört aý geçipdi. Täze ýylyň öň ýanydy. Ýazow «tiz kömek» maşynyny sürýärdi. Gije nobatçy wraç bilen uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň birine çakylyga bardylar. Wraç gaty tiz dolandy. – Merdiwany alyň, tizräk! – Wraç aýal adam bolansoň, Ýazow sanitar ýigide kömek berip, salatanyň bir tarapyndan tutup, üçünji gata ýüwürdi. Ol otaga girende gözlerine ynanmajak boldy. Ulili bilen uwlap, burlup ýatan Täzegüldi. Ol Ýazowy tanamady. Ýazow şonda bu gyzyň uniwersitetiň taryh fakultetiniň üçünji kursunda okaýandygyny bilip galdy. – Näme bolýar? – diýip, ol wraç gelinden sorady. – Çagasy boljak bolýar, ýöne indi giç bolaýmasa? – Näme? – Ýazowyň ýüregi ýarylara geldi. – Çydapdyr, aýtmandyr, çaga içinde ynjana meňzeýär. Ýazow sakawlady. – Ol, ol heniz dur.., durmuşa, nemä barmadyg-a? – Temboliý! – diýip, wraç gelin, «tiz kömegiň» içki aýna penjiresinden salatanyň üstünde iňläp, urunýan hassa garap aýtdy. – Kim beýt diýýär? Ine, ýaşlarymyzyň moraly... Şondan üç gün geçenden soň Täzegül dünýäsini täzeledi. Ony operasiýa edensoňlar, Ýazow wraçlara ýalbar-ýakar edip, Täzegülüň ýanyna giripdi. Täzegül baharda hyruç eýläp güllän erik gülleriniň arasyna düşen kebelek ýaly bolup ýatyrdy. Täzegül gözlerine ynanmady. Ysgynsyz aýasy bilen gözüni süpürdi. Halsyzlyk, agyr dert ony juda sap, näzik görkezýärdi. Çünki ol bu dünýäden gitmäge goşlaryny düwüpdi. Onda garşylyk, syr saklamak duýgusy ýokdy. Ol özüni ajalyň eline beripdi. Muny wraç aýal Ýazowa duýdurypdy. Ol ýylgyrdy. – Sakarçäge Gyzylarbadyň aňyrsynda diýdiňmi? Ol elini Ýazowyň eline goýdy. – Ýazow, men ölýän, razy bol. Ýazowyň öňem ýüregi eleme-deşikdi. – Sen ölseň, sen, sensiz nädip ýaşaryn men?.. Täzegül tisgindi. – Seniň ysgamaly gülüňi başgalar parçalady, arkadagy... Täzegülüň gözüne ýaş aýlandy. Ýazow özüni saklap bilmän silkinip, silkinip eňredi. – Kim? – Şolar, Ýazow. Olar gaty erbet adamlar. Ägä bol, olardan her zada garaşgyn. Daýyňam, daýzaňam. Olar... – Ak halatly aýal Ýazowyň golundan silkeledi. – Köp gepleşmek bolanok. Çykyň... Ýazow Täzegülüň gözlerine garady. Ol özüniň ýaňy açylan gülüniň soluşyny gördi. Ol özüniň parlak bagtynyň gaýyp bolşuny gördi. Ol ýene-de silkinip-silkinip aglady. Täzegül welin, aglanokdy. Ol ýene-de ýylgyrdy. – Sakarçäge Gyzylarbadyň aňyrsynda diýsene .. Ýazow ýüzüni tutdy. Son yzyna öwrüldi. – Ýazow! – Ol hyrra yzyna öwrüldi. – Jan! – Ýazow meni ýekeje sapar ogşasana. Meni parçalasalar-da, göwnüm seniňki. Sen meni. Ýazow dyzyna çökdi-de, garaýanyk bolan dodaklaryny Täzegülüň eline soňam ýaňagyna iň soňunda-da onuň edil bir pisse ýalja bolup çyzylyp duran dodagyna degirdi, – Ine, men seniňki boldum... Ýazowy zorlap diýen ýaly daşary çykardylar. Ol sonam Täzegülüň ýanyna barjak boldy. Emma goýbermändiler. – Sen çykanyňdan soň ol dilden galdy – diýip, onuň bilen bir palatada bolan aýal aýtdy. – Sana bir zat aýtjak boldy. «Ýazow!» diýdi. Şol sözem soňky sözi boldy, görgüliniň. Täzegül hiç kime syr bildirmese-de ol ýogalandan soň, ýowuz ýagy onuň depesinden inipdi. «Ýazow» diýip biri bilen ham-çamdy?» diýip daýzasy ahlibelany Ýazowyň üstüne atypdy. Şol söz üçinem ony telim gün gözenegiň aňyrsynda ýatyrypdylar. Ýöne, näme diýseňem, kimdir biri onuň keselhanada: «Şolar, olar gaty erbet adamlar. Ägä bol, olardan her zada garaşgyn...», «Seniň ysgamaly gülüňi başgalar parçaladylar...» diýen sözleri ony az-kem halas edipdi. Ýöne, ýene-de Ata Haýlyýewiň golaýyna baryp bilmeýänleri üçin, Olar Ýazowy çekeläpdiler. Kim şol «erbet adamlar»? Kim şol «parçalanlar»? Ýazow bu sowala jogap berip bilmedi. Daýzasam, onuň adamsam bir ýol bilen jezadan sypypdy. Ýöne ähli hasrat Ýazowyň depesinden inipdi. Ol ep-esli ýyllap daýzasynyň ýüzüni görmändi. Ýöne olaryňam najarap gezmeýänini eşidipdi. Ata Haýlyýewi söwdada uly eden-etdiligi üçin on ýyl türmä iberipdiler. Oňuň täze guraň köşgüni, goşy-golamy bilen konfiskasiýa edipdiler. Daýzasyna bolsa mikroraýondan üç otagly jaý beripdiler. Ýazow onda-da olary idemedi. Emma şu ýylyň başynda, oňdan bäri ýedi-sekiz, ýyldanam köpräk ýyl geçenden soň, Togta daýzasy öýüne gelipdi. – Sen bir erkek adam ýegen. Onuň bilen deň bolma. Kasas kyýamata galmady, Äri beýle boldy, özünem birküç ýyllykda türmede öldüripdirler. Oglam Moskwadan geleli bäri öýüne köwlenenokmyşyn. Sen olara hossarlyk et – diýip, zeýrendi oturdy. Ýazow näme diýsin. Geçeni geçdi bilmese-de, ýene adamçylyk etdi. Çagalarynyň agzyndan kesip hemaýat etdi. Ogluna haý-küş etdi. Ine, şol haramylyklaryň, meslikleriň ýülügi bilen eklenen ogul bilen garry aýal ýene-de Ýazowyň gerdenine düşüpdi. Il Pugta daýzadanam, Merdandanam hiç zady myzaýyk edenokdy. Olar üçinem bu zatlaryň hiç hili ajysy, süýjüsi ýokdy. Emma Ýazow namys edip ölüp barýardy. Şonuň üçin ol öýüne gaýdyp biljegem däldi. Ogulnyýaz bu zatlarynyň gözüne gül salmasa-da, ýagdaýa az-kem düşünýärdi. * * * Ol agşamam Ogulnyýaz üçin çekip-çydardan agyr gijeleriň biri bolupdy. – Ço, sen dewkamy? – diýip, Merdan ýene-de öňkuje duran ýerinde durup, onuň üstünden gülýän ýaly, elindäki şampanly fužerini oýnap sorady. – Näme? – diýip, ol adamsyna garap, hem gorkuly hem uýaljaň sorady. Ol başga näme diýsin, bu ýigdiň näme sorajak bolýanyna ýa näme diýjek bolýanyna düşünmese. Aslynd-a, Ogulnyýaz üçin Merdan nähili bolsa-da, nähili durasy gelse durup, ýatsyn, tursun, şu içerden gitmese bolanydy. Ogulnyýaz özüni hijem göz öňünde tutanokdy. «Aýal göwni kepek, erkek göwni ýüpek» diýleni üçinem däldi. Onuň ýüregi Merdany isleýärdi. «Maňa näme bolsa, owarram, şuňa gowy bolsa bolýar, jan hudaýym. Şuňa gowusyny et. Merdan çüýşedäki çakyry içdi. Emma düşege geçmedi. Ol iç işige arkasyny berip, iki dyzyna başyny goýup, yrandy oturdy. – Düşege geçiň! – Merdan gan guýma gyzyl gözleri bilen Ogulnyýaza gorkuly garady. Misli, kimdir biri ony zor bilen düşege taşlajak bolýan ýaly, soň-a, tä daňdana çenli dyzynam epmedi. Daňyň düýbi çyzylan badyna, ol dazyrdap işigi açdy-da, daşky otaga çykdy. – Turduňmy? – diýip, Ýazowyň sesi içerini sarsdyrdy. – Men derrew geljek! Ýazowyň sesi has gazaply çykdy. – Görüň gazylmandyr. Otur, gömül-de. – Ýok, men daşary çykjak, derrew geljek. Ýazowyň çynydy. Ol ýan berer ýaly däldi. – Seniň şu içeriňem daşarydan enaýy däl. Hana, iýseň-içseň, hana-da hajatyň üçin gitseň, ýer. Şu öýden bir aýlap bir adamam çykmaz. Daýzasy çilimiň tüssesine boglup oturan ýerinden burnuna salyp hüňürdedi. – Ýene-de iş bitirmänmi? Ýazow janagyrly sögünjiredi. – Haramzada, düşege geçmese näme? Bu bizi masgara etjek. Bu bizi ile metgi etjek. – Ol gahar bilen ýerinden turdy. – Haramzada, sen ýa meniň diýenimi edersiň, ýa-da men seni öz elim bilen öldürerin. Ol işigiň agzynda ikigöwünli bolup, dommarlyp, sähel ýagdaý tapylsa gaçyp gitmäge taýýar bolup duran Merdanyň gulagynyň düýbüne ýelmäp goýberdi. Ýelek ýassyk ýaly, honda atylyp giden ýigidiň yzyndan ýetibem, syrtyna birki gaýta depdi. – Hany, git, göreýin... Merdan edil bir dalanan güjüjek ýaly, burça dykylyp, iki elini öňüne tutup, ne öli, ne diri halda otyrdy. – Haýt, ony gorra edersiň, depip-depip. Haý, aýagyň başyňy iýsin. Ýazow çydap bilmedi. – Daýza, bes et şunuň arkasyny tutmaňy. Şeýde-şeýde sen ýoldan çykardyň ony. Utanman, nebir çagany enekä beren bolup, alynmaýan bakja beren bolup, internata beren bolup. Aslynda şu taýaklar saňa degmeli... Pugta daýza gözleriniň alasyny Ýazowdan aýlap, gyňyr ýüzi bilen Ogulnyýazly içerä garady. – Gelmän geçen dars daban, gele-gelmäne içerime gan-a çaýkap başlandyr. Alynmadyk şol gyrnagyň gyzlygy dälmi? Alynman galsyn-la. Beýdip, ýeke balamy azara goýup. Gaharym gelse, söwdany yzyna gaýtaryp, ertip taşlar gaýdaryn. Alajagüzeniň çagasy ýaly bolup, meni öldir by, näme üçin aldym şu gyrnagy... Ýazow işige golaýrak otyrdy. Ol sesini çykarmady. Ýöne daýzasynyň henizem toba gelmändigine göz ýetirdi. Päliňi düzüw tut. Ol çagada näme ýazyk bar? Gül ýaly çaga perişde ýaly. Oňa yssy-uwam etdiňmi? Gyzym, gelnim diýip, daşyndan hozanak bolup aýlandyňmy? Ýeri, näme azap etdiň? Iň bärkisi, gelenine bir hepde bolup barýar, şonda-da bu dogman geçeniň ýanyna baryp bilenog-a? Sen ony näme üçin gelin edinip aldyň. Pugta daýza ýene-de çilim otlandy. – Gyz bolan ärä barar. Menden däl-de, şol, öýündäki aňy giden Togta tentekden görsün. Men heniz howlukjak däldim. Günüme goýmady. Elimdäkini syryp-süpürip aldy. Indem, beýdip, kişňäp oglumyň üstüne dyzap, ony depejekläp dur, utançsyz, dars daban... Ogulnyýaz bu sözleri eşidip oturyp bilmedi. Ol turup, elini ýuwdy-da çaý goýdy. Düşekleri galdyryşdyrdy. Gyzyň içeri girmegi bilen edilip durlan gep-gürrüňe suw sepilen ýaly boldy. Öýläne golaý Merdan az-kem açylyşdy.Ýazow onuň saçyny deňläp berdi. Dyrnaklaryny aldy. Soň bedrede suw gyzdyryp gatyk bilen onuň saçyny ýuwdy. Oglan misli daşynyň hapasy ýuwulan alma ýaly, al öwsüp gitdi. Emma ýüzüniň gara ýanygy aýrylmady. Onda-da düýnki Merdandan on esse gowudy. – Sen, inim, özüni bejert – diýip, Ýazow çaýyň başynda mylaýymlyk bilen aýtdy – Nebir ýigit sen. Hudaý görk-görmek beripdir. Seniňki ýaly akyl, seniňki ýaly hünär Türkmenistanda gaty az. Sen diňe içeriňi däl, ähli garyndaş-doganyňy ekläp ýörmel-ä. Ýöne, içme. Baryna şol günäkär. Merdanam gaýta-gaýta aýna garap, özüniň az-kem açylyşýan didaryny synlap durşuna, oňa raýkeş gürledi. – Bir açylsam bolýar. Soň içjek däl. Arak adamy zaýalaýar. – Ol birdenem kellesini tutdy. – Kelläm ýarylyp gelýär. Ýa azajyk içäýeýinmi? Ýazow ona içmegi düýbünden gadagan etdi. – Ýeke owurdam içme. Sen öz işiňi bir bitir, soň bileje Ýuwarys... Merdanyň paltasy halys daşa degdi. Gideýin diýse, Ýazow işigiň agzynda arslan ýaly bolup güberilip ýatyr, içeýin diýse, eline ilýäni bir limonad bilen çaý. Ol näme-de bolsa öňki pälinden birneme düşüşdi. – Kart oýnalymy? – diýip, ol güýmenje tapman, oturan Ýazowa gowy teklip etdi. Ýazow oýaly-ukuly gözlerini süpürip dikeldi. – Getir. Ýazow Merdanyň kellelidigine haýran galýardy. Ol seretmezden ähli kartlaryň haýsy sandygyny aýdyp otyrdy. – Dur – diýip, ol kart çeken Ýazowy saklady. – Eliňde häzir alty kart bar. Meniň elimde-de alty kart bar. Gel, seretmän oýnaly. – Nädip? – San bilen! – Nädip san bilen oýnajak? Merdan kartlaryny ýapdy. – Meniň elimde iki sany altylyk, bir tuz, bir walet alma, iki sany korol bar! Seniň eliňde-de dört dokuzlyk, bir tuz, birem ýedilik bar. Iki sanam kozeriň bar. Şeýlemi?! – Şeýle-aýt! – Sen ýatdan, kartyňy zyňman göç. Menem, kartymy zyňman uraýyn. Ýazow aljyrady. – Aý, ýok, men ony oňarman. – Oňararsyň, ýöne kelläňde sistema düz. – Aý, sistemaňy näbileýin-äý, gowsy öz oýnumyzy oýnaly-la. Göçer menden, me, ýedilik göçýän. – Alty kozyr. Ýapylly. Şeýle dälmi? Men saňa korol alma berýän, sen ony dokuzlyk bilen urýaň, men saňa ýene bir korol berýän, sen ony tuz kozeriň bilen urýaň. Men saňa tuz berýän sen ony göterýäň. Ýazow närazy boldy. – Mundan oýun bolmaz. Kart paýlan bolup, ähli karty görüp çykypsyň. Ol namartlyk bolýar. – Karty Ýazow paýlady. Merdan öz alty kartyny açybam görmedi. Ol gapdala garap, Ýazowyň elindäki kartlary aýtdy. Soň ýerde, ters ýüzüne bakdyryp goýan öz kartlaryny aýtdy. Ýazow onuň dogrudygny görüp haýran galdy. Merdan ýene-de ýatdan oýnap, Ýazowy utdy. – Küşt oýalymy? – Barmy? – Bolmaly! Olar küşdüň başyna geçdiler. Ýazow kaka, gel, men seni ýatdan oýnap utup bereýin. Sen häzir, ine, şuny göçersiň. Men şu pyýadany. Soň sen atyňy çykarýaň... Ýazow garşysynda oturan adama haýran galdy. – Sen-ow, jadygöýmüň? Merdan begençli göterildi. – Otluçöpüň barmy? – Bar. – Şondan bir gysymyny al-da ýokary zyň. Ýazow düşünmese-de gapdan bir gysym çöp aldy-da ýokary zyňdy. – Otuz üç! Ýazow begenjine aşhanadan ýene-de iki, sany otluçöp getirip, üç otluçöpüň dänesini goşup, asmana, has ýokarrak zyňdy. – Dört ýüz on iki! – Näçe?! – Sana-da göräý. Ýazow iş edinip sanady. – Dört ýüz on bir! – Ýok, dört ýüz on iki. Bu oýna hezil edip tomaşa edip oturan Ogulnyýaz pola düşelen palasyň gatyndan bir çöpi alyp berdi. – Sen gaplara sal, şol çöpleri, her gapda näçe çöpüň bardygyny aýdyp bereýin. Ýazow hiç kime görkezmän, çöpleri gaba saldy. – Al eliňe. – Aldym. Merdanyň kellesi saňňyldap gitdi. – Nätdiň-aý! – Hä? Onyň-da ýekeje çöp bar! – Aý, nätdiň-aý. – Ol ýene-de bir gaby eline aldy. – Munda?! – Ýetmiş iki! – Munda? – Ýüz on. Keçäniň aşagynda iki ýüz altmyş ýedi. Ýany ýokary dört ýüz onki çöp zyňanyňda-da, gapdalda otuz sekiz çöp galdyrdyň. – Bäý, bä? – Bir, stakanda suw al! – Näme etjek? – Al, al! Bu oýna Ogulnyýazam goşuldy. Ol bir stakan suw alyp geldi. – Şunda iki ýüz ýigrimi üç damja suw bar. Çemçä bölseň togsan dört kiçi çemçe, uly çemçede elli bir çemçe suw bar. Bir bedrede! – Üç ýüz ýedi müň on iki damja. Bir bokalda iki ýüz on alty damja piwo bar. Merdan Ogulnyýaza kagyz, galam getirtdi. Soň ony Ýazowa berdi. – Islän sanyňy drob görnüşinde ýaz, men şonuň köküni çykaryp bereýin. Islendik meseläňi ýaz, men şonuň netijesini aýdaýyn. – Ýa allam! – Ýazowyň gözleri çaşardy. Sen jadygöýmüň? Sen, sen, bu kelläň bilen, bu wagta akademik bolmal-a, aý saňsar... Merdan özüne göwnüýetijilik bilen ýylgyrdy-da, birhilije mähre çaýyp Ogulnyýaza göz gypdy. – Bu dagy näme? Ýazow Ogulnyýaz turup, aşhana giden badyna öz niýetini hasam berkitdi. – Molodes, bratişka? Şu gün gelnimiziňem göwnüni awlap bilseň, hakyky bratişkam bolýaň... Nahardan soň Merdanyň özi törki jaýa geçdi. Ogulnyýaz gap-gaçlary ýuwuşdyryp ýördi. Ýazow ýegeniniň ýanyna ýüwürdi. – Bar, senem, ýegen. Hoşamaýla. Ömrüne ene, uýa mährini görmedik çagadyr. Belki, yhlasyň ony pälinden gaýtaraýdy-da... Ogulnyýaz elini ýuwup, Merdanyň ýanyna girdi. 4. – Haý, gyrnak! – diýip, Pugta daýza edil bir jazy ýanyp barýan ýaly bolup gygyrdy. – Gyrnag-a! Ogulnyýazyň kellesi ýarylaýyn diýýärdi. Ol daýzasynyň hanjar kimin kesim-kesim edip alyp barýan iňirdilerini, igençlerini ömrüniň ahyryna çenli çekmäge taýýardy, emma, onuň şu çilim çekmesi bilen welin hiç öwrenişip bilmeýärdi. Onuň üstesine-de, daýzasynyň Çommak aga bilen dilleşmesinden gaty erbet gorkýardy. Ogulnyýaz olaryň sözüniň baryny eşidipdi. Çommak aganyň «Oňa-da tirek öwret» diýmesini-de, «Soň seni eklär» diýmesini-de, «Olary tutsalaram, küpä bir salyp, soň çykaryp, zat diýmän goýberýärler» diýmesini-de, garyndaş gelni baradaky tymsalynyda, «basylsa olar basylýar, sen gönener galarsyň» diýmesini-de eşidipdi. Ýöne ol ýaşlary bir çene baryp, il ýüzüne sylamaly kişileriň agzyndan çykýaň sözi ýüregine sygdyryp bilenokdy. Onuň göwnüne bolmasa, dilleşik eýýäm, çilimden başlanana dönüpdi. Ol adamyň, «hazyna öýüňde» diýmesi nämekä? Başym aýlanyp, kelläm agyrýar welin, şol çilimiň tüssesinde bir bela bolaýmas-a... Ol öz pikirine güldi. «Men näme, beýle başagaýlap ýörkäm?» Ogulnyýaz daýzasynyň gygyrýanyny eşitdi. – Gyrnag-a, haý gulagyna garakeçeler dykylmyş! Beýle işli boldy, meniň başyma Gyrnag-a! Daýzasynyň «gyrnak» diýmesine ol indi öwrenişip barýardy. «Barybir, men hudaýyň gyrnag-a. Onsoňam, okan okuwym ýok, belli bir hünärim ýok, bolubilsem gyrnak bolaryn-da, onam allajan miýesser etse»... – Gyrnag-a Ol gaýap oturan gaýmasyny ýygnady-da, daşky otaga çykdy. – Daýza! – Bela! Görüň gazyldymy, gulagyň gapyldymy? Çaý goý! Ogulnyýaz çaý getirdi. Başga-da tapan-tupan zadyny saçaga goýdy. Dogrusy, indi saçaga goýaýar ýaly beýlebir üýşüp ýatan zadam ýokdy. – Nahar etmediňmi? – Edäýerin! – Ogulnyýaz öýde etiň ýokdugyny aýdyp bilmedi. – Nahar etjek bolsaň, bu wagta çen nirede bolduň, yşnyksyz ataňanälet? Sizem bir gyz-da, siziň terbiýäňiz gursun, terbiýesi guramyşlar. Bu bir köýnek et bolşup, gyran degenler haçan çaý gaýnadyp, haçan nahar bişirmelidigini bilmedikdenem bir gyz bolarmy? Getiren, çaýyňy özüňe içirsediň. Gury çaý alyp ber!.. Ogulnyýaz daýzasymyň az-kem ýuwaşaryna garaşdy. Daýzasy gyzza-gyzza gelen pille, içýän çaýyny gelninden gabandy öýdýän, çäýnegini birki gaýta gaýtaransoň, gelnini ýene dalady. – Owarra bol, üstüme kölege boljak ýaly bolup durman... Ol Çommak aganyň beren düwünçegini eşrepisi bar ýaly edip açdy. Ondan nohudyň gabarasy ýalysyny bölüp aldy. Onam ikä bölüp, bir bölegini öz käsesine, bir böleginem çäýnegine atdy. Käsesini ýagşy bulan, oňa birküç owurt çaý guýdy-da, onam gyzgyny bilen gaýta-gaýta owurtlap, ep-esli tamşandy. Soň çaýyny gaýtardy-da, çilim otlandy. Çilimini howlukman çekenden soňam, ýene-de käsesine ýapyşdy. Şireli çaý oňa der getirdi. Demi düşüşip, geçisi örä ýaýransoň, ol ýene-de gelnini çagyrmaga durdy. – Gyrnag-a, ha-gyz, gel bäri... Ogulnyýaz daýzasynyň keýpiniň kökelip başlandygyny aňyp, onuň ýanyna geçdi. – Şu wagt çaýyma degmeseň-ä gowy görjek. Ýöne, onda-da gymazymsyň-da. Me, bir käse çaý bereýin... – Ol Ogulnyýazyň uzadan käsesini kirli gyňajynyň ujy bilen süpüren boldy. – Me. – Içiber, daýza, men ýaňja içdim-ä. Içesim gelse, ýene-de demläýerin, gaýnap dur-a. Pugta daýza däli öküziňki ýaly möleden hyrsyz gözlerini gelnine mährewsiz aýlady. – Näme, içmän, meniň çaýymyň atişegi barmy? Al iç! – Ol sesine näçe zor berse-de, gelniň bir ýandan içmänine begendi. Çaý özüne galjakdy. Beýleki tarapdan bolsa, gelniniň nämä gyzygyp, özüne gazanç getirerini, güzeran aladasyndan tizräk dyndararyny isleýärdi. Ogulnyýaz käsedäki çaýyň reňkini halamady. Ol käsesini alyp, ýerinden galanda, daýzasam onuň bilen boýdaş boldy. – Goý, çaýa degme. Ogulnyýaz şondan soň onuň «belalyja» çaýdygyna magat göz ýetirdi. – Otur – diýip, Pugta daýza aly ýöremänine içi ýangynly aýtdy. – Sen, otur, özüňem, pugta gulak salyp otur! – Bor! – Ogulnyýazyň demi içine giden ýaly sesi daş çykmady. Onuň häzir aýaklary saňňyl-saňňyl edýärdi. Ol daýzasyndan oňlulyga garaşmaýardy. «Hudaý jan, özüň sowaweri, jan allam, öňki ýaly, «öýden çyk» diýip dyzap durmasa-da biridir, jan allam. Özüň kömek et, seniň öňüňde çigit ýaly günäm ýokdur. Kowmasa bolýar, men bar zada razy...». Daýzasy gözüniň alasyny oňa, aýlady. – Bi, güzeran-a togtady. Iýmäge-içmäge zadyň ýokdugyndan habaryň bir barmy? Ogulnylzyň derisi giňäp gitdi. «Alla jan, daýzamyň ýüregine rehim salaweri, kowmasa bolýar, şu ýerden, gije-gündiz diýmäýin, ardym-ýadadym diýmäýin. Geregi iş bilen gazanç bolsun». – Bar, daýza! – Baş bar! Diliňi-başyňy çeýneýäň. Habaryň bar bolsa, näme, gymyldaňok. Indi, maýyp halyma, men süýreneýinmi? Hudaýa şükür, döwlet pensiýe berýär. Jaýym mugt, gazym, suwum, swedim, mugt. Çöregim, dermanym, duzum mugt. Şol pensiýe maňa bes bolar. Maňa agyr ýeri sen. Sen meniň başyma gara daş bolup indiň. Sen meňiň bagtymy kör etdiň. Indem, berseň iýjek, bermeseň ýatjak diýip otyrsyň. Seniň bir namysyň-aryň ýokmy? Janyň sag, iki eliň iki aýagyň gurat. Alla jan seniň saglygyňy maňa bersedi... Ogulnyýazyň al ýaňaklarynda alawlar gaýnady. Onuň badam gabaklaryndan başlap, eňeginiň çukurjygyna çenli bişen naryň suwy pürkülene döndi. – Daýza! – Onuň sesi gyryljak çykdy. – Bela, daýza, näme?! Ogulnyýaz agyr ýuwdundy. Ol guran bokurdagyny öllemän, agyr hesretini ýuwudana döndi. – Ýazow daýym meni işe ýerlese, işläýin. Iş dannamaýyn... – Hä-ä. – Daýzasynyň humarly gözleri çerrelip, garry göwre silkinende öňem ideg edilmedik çal saçlaryň bogusy açylyp, ýere bakan ýakymsyz tolkundy. – Hä-ä, Ýazow daýyň öňem işe ýerleşdirende, işläp hezil beripdiň sen. Iki gün gidip, meni iki ýyllyk gepe goýduň... Ogulnyýaz köne palasyň ýüzüni dyrmady. – Indi işlärin. – Näme işlejek! Seniň ol işiňde näme nep bar?I Özüne az-kem yş açylandyr öýden Ogulnyýaz hem ýatyp galmady. – Jan daýza, sen bor diý. Men seňem, Merdanam hor etmäýin. Pugta daýza neşäniň güýji gaçyp, ýene titräp başlan eli bilen dübünde iki owurt yzgar galan käsäni eline aldy. – Näme işlejek sen?! – Ses hem hemleli, hem hökümli hem göwnüýetmezçilik ýokundyly çykdy. – Irden, daň bilen köçe süpüreýin. Gündiz haýsy edara bolsun, näme iş bolsun işäýin. Agşam Annasoltanyň oguljygyny saklaýyn. Ýazow daýym öýmüzden tikin maşynymy getirip berse, gijeler ýatman ýaka tikeýin. Hemem, saňa seredeýin... Daýzasy içini hümletdi. – Ýok – diýip, ol agzyny gyşardyp aýtdy. – Etjek bolsaň! Başga iş bar. Ýoldaş tap-da Tagtabazara git. Ýük getir. Iş şol saňa... Ogutlnyýaz gürrüňi beýle çig goýasy gelmedi. – Sen meniň şol diýenimi etdir. Tagtabazara iş arasynda gidip geleýin. Özem haçan git diýseň... Ýöne Ýazow daýym tikin maşynym bilen... Daýzasy saňňyldaýan elindäki käsäni gaçyryp gygyrdy: –Tutma şonuň adyny... Şol dälmi öýümi ýykan. Şol oglanam şol haram ýezit ibertdi, eltepä. «Goý, özüni bejertsin» diýip. Ylahym, bejerilmez bolsun! Öňem seni işe ýerleşdirip gönendirdi meni... | |
|
√ Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -27: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Duman daganda: Dumanlar, gümanlar... - 11.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |