20:53 Gyrnak -6/ romanyñ dowamy | |
10.
Romanlar
Awtobus Saragta onuň ýarynda ugrady. Towşan gelin hil bir gelnini çörege äkidýän kişi bolup, gabarylyp, onuň gapdalynda otyrdy. Ony garaýagyz, aýagyndaky balagy ýuwlup-ýuwlup, girip dyzynyň bäri ýanyna ýeten, kellesindäki ýenjim-ýenjim şlýapanyň eteklerinden kirjimek, hüjjük saçlary dökülip duran orta ýaşly adam ugratdy. Ol köne kostýumynyň kelte ýeňinden bir garyş artyp duran gara eli bilen oturgyjyň tutawajyndan ýapyşyp, beýleki eli bilen endamyna syrlaşyp ýatan balagynyň jübüsini sermedi. Ondan iki sany ellilik çykardy-da, Towşan gelne uzatdy. – Munam alaý. Ýolda çigit alarsyňyz. Towşan gelin ýüzüni-gözüni çytdy-da elini kelewletdi. – Ýoo-ok. Bar-a. Berdiň-ä, şol bolar. – Şol boljakmy, onsoň? – diýip, onuň üstüne abanyp duran adam aýtdy. – Bolýa-la, şol bolsa, artykmaçlyg-a etmez. Eýesiz, puldan dokam bar-ow. – Ol birhilije ýylgyryp, yzyna garady. Towşan gelin ony ugradyp bilse kaýyla döndi. – Boldy. Indi gidiber... – Bolýa-da – diýip, hälki pyýada birki ädim ädýp, işige bardy-da, ýene durdy. – Alaýsan-a bolmasa, agramy ýog-a. Towşan gelinem hötjetligine tutdy: – Ýo-ok, waý, masgara etdi, gyz. Gerek däl. Ol adamam gidäýmedi. – Çigit alnarsyňyz how, ýolda... Towşan gelniň ýüzi şugundyra döndi. – Ýok, be, git indi. Çigit derdim däl... – Bolýa-da – diýip, hälki pyýada awtobusdan düşüp, aýnanyň öňüne geldi-de, iki gözüni Ogulnyýaza dikdi. – Adamym! – diýip, Towşan gelin buýsanç bilen aýtdy-da: – Gaýdyber – diýip, daşarda duran adamsyna elini salgady. Adamsy «hiç zat eşidemok» diýen manyda gulaklaryna barmagyny dürtdi. Ol aýalynyň ýylgyrýanyny görüp, ýyrşardy. Soň ýüzüni bekedip, hälki pullary uzadyp, «alaýsan-a» diýen manyda ümledi. Towşan gelniň ýüzi ýene-de gamaşdy. Ol «Bar gaýt, gerek däl pul» diýen manyda ümledi. Oňa çenli awtobusam ugrady. – A gyz, gelin alyp barýaňmy? – diýip, awtobus ugrap-ugramanka bir döwüm çöregi eline alyp, gäwüşäp başlan oral aýal bilesigelijilik bilen sorady. Towşan gelniň göhi geldi. – Daýymyň gelni. Çörege çagyrdylar. Şoňa barýas. – Tejenemi? – Saragta! – Baý-buw. Aýallara güýmenje tapyldy. – Haçan edindiňiz, gyz, gelni?.. Towşan gelin özüne hödür edilen çörekden ep-esli döwüp aldy-da, galanyny yzyna gaýtardy. Soň agzyna bir bölek nan saldy. Onuň güýmenmesi ýöne ýere däldi. Ol bahana bilen ýol gözleýärdi. Aýy-güni hasap-hesip edýärdi. – Ýaňy gaýtaryp getirdik-dä, Kän wagt geçenok, edinenimize.. – Nireden edindiňiz? – diýip başga biri sorady. – Bäherdenden... Awtobusdakylaryň içinden Bäherdeniň gyzam çykdy. – Waý, biziň öz gyzymyz-a. A gyz, kimlerden? – Ol asyl bäri gelip, kimkä? – diýip, gelniň kürtesini galdyryp, ýüzüni açmaga-da ýaltanmajak bolup dur. Towşan gorkdy-da yzyny gömüp başlady. – Sen tanamarsyň. Olaryň asly Bäherdenli. Özleri häzir Aşgabatda. Mürrük diýýärler. Gurluşykda garawul... Oturanlardan ses çykmady. Ogulnyýaz özüni alyp barýan bu aýalyň ugurtapyjylygyna haýran galdy. «Näme üçin ýalan sözleýärkä?» diýip oýlandy. Kürtesiniň alyndaky ak seçekleri timarlap, özüni tanajak bolan aýaly synlady. Gören adamsy däldi. Ol töwerege garady. Kakanyň günbatar ýüzündäki sähralar tä daga çenli tep-tekiz bolup, erte-birigün gül-gülälege bürenjek bolup otyrdy. Howa ýüpek ýaly ýakymlydy. Asman tä düýbüne çenli arassady. Diňe ap-akja sümek ýaly bulutlar ine-gana sallanjyrap seýil edip ýördi. Ýoluň gyralary eýýäm maýsalapdy. Göklük gözüňi ýadadýardy-da, kalbyňa agyrlyk, rahatlyk salýardy. Häli «gelnejesiniň» özüni tanatmajak bolup «at oýnadýan» mahaly laplap gyzan ýüzi az-kem sowaşypdy. Ýöne bu ýakymly baharyň demi süňňüni ýeňletdigiçe, kürte ony basyp alyp barýardy. Ol beýle agyr kürtäniň bardygyny hiç wagtam oýuna getirmändi. Öň öýlerinde başyna bürelen kürte dagy munuň ýanynda ýelek ýalydy. Aknabat gelneje beýleki ýüzi suwly halatlary bilen onam sogrup alyp, eýesine eltipdi. – A gyz, kürtäň gowy eken, özüňiziňkimi? Ogulnyýaz geçirilen halatlaryny erbedem görmändi. Edil aňrybaş bolmasa-da ponbarhtyň birküç dürlüsi, han gyňaç, keýik suratly gyňaç bardy. Ýöne nämüçindir Aknabat gelnejesi olary kän bir elledenokdy. – Baransoň il-güne görkezmeli. Tikilmän şeýle goýuň. Aşgabadyň däbi şol, gowy matalary tikmän eltmeli – diýipdi. Oba adamlary «özüňize ýaranyny ediň» diýipdiler. Gyzyň ejesi, enesi bolsa zadyň ýüzüne gaňrylybam bakmadylar. Şeýdip Ogulnyýaz öýden öz eşikleri bilen çykdy. Gelensoň, gözi galyp höwes eden üç dürli ponbarhtyny, aňrybaş diýilýän ýaglyklary Aknabat gelneje sogrup aldy. – Iliň edýäni şol. Karz aldyk. Henizem bendeler getirenimiz üçin hak soranoklar. Ýöne, şonda-da olary boş goýmaly däl. Ol şol zatlaryň eýesine «taňry ýalkasyn» hökmünde gelniň öz bukjasyndaky gowy «gyraw» matany aldy. Ogulnyýaz bu aldaw-hilä haýran galsa-da, enesiniň «geýmäge janyň sag bolsun!» diýenini gaýym tutdy. Sesini çykarmady. Sesini çykaranda, arzyny kime aýtsyn. Aslynda ol dil ýaryp, diýip, urup-ýaryp hakyny aljak maşgala däldi. Enesi aýtmyşlaýyn: «Agyn ejesidi. Meni urany, hudaý ursundy...» Ogulnyýaz şonda beýleki matalara «owarram» diýse-de kürtesiniň başyndan sypyrylmagyny gaty görüpdi. Olaryň kadasy boýunça ýaňy öýe düşen gelin tä gaýtarylýança kürteden çykarylmaýardy. Il şonuň üçin olara «ýüzi açylmadyk maşgala» diýýärdi. Gelniň ýüzi gaýdyp gelenden soň açylýardy. Onuň gelinligi talaňa düşüpdi. Ýaňy gelenine on gün bolmanka işe salynmamy, sögülmemi, depilmemi, urulmamy, öýden kowulmamy, musurmana gelişmejek zatlar depesinden inipdi. Ine, şonuň üçinem häzir kimdir biri «kürte özüňiziňkimi?» diýende şaýlaryny şaňňyrdadyp, tisginip gitdi. Bu kürte-de onuňky däldi, – Hawa-la gyz, dagy kimiňki bolsun. Daýzam dagy pul baryny döküp, «bäş gelnime-de bolsun» diýip aldy. Şaýy zady bilen... – Bäş ogly barmy gyz! – Alty! – Tüweleme, her ýerde döwletli adamlar barow. Aýallar köp ogullylyk, olary öýermek, köp gelni oňuşdyryp, öýde saklamak baradaky gürrüňe kellelerini sokdular-da Ogulnyýazy başlaryndan aýlap urdular. Ogulnyýaz ýene-de öz-özi bilen galdy. Onuň ýadyna ýene-de Aýja düşdi. ...Aýja ikinji gün işe gelmändi. Emma üçünji gün hiç zat bolmadyk ýaly bolup, Ogulnyýazyň ýanyna geldi. Ýylgyran boldy. – A gyz, ol hudožnik söýgüliň ýatyr, gyz – diýdi. – A, gyz, onuň gözüni çykaraýypsyň-la, näme bilen urduň... Ogulnyýaz sesini çykarmady. Aýja hasam möwjedi. – Taňry Berdýewiçem myssaraýypdyr. Öň-ä ölüp-öçüp barýardy. Indi ýöne elini silkäýýär-ä. Sen olaryň baryny birden ürküzme, gyz. Erkegiňem gerek bolýan wagty bolýandyr... Ogulnyýaz çäýnekleri çaýkamaga daş çykdy. Ol içeri girende Aýjanyň çakyr sesini eşitdi. – Waý, özi ölüp barýan gelni yryp bilmeseň, sendenem erkek bolarmy? Özi aýt-da, «gowy görýän» diýip, öwlüýä kessin. – Ýok – diýip, Taňry Berdiýewiç mydyrdady. – Ol meniň diýýänim däl... Aýjanyň sesi giç çykdy. – Waý, gyýw, dagy onuň özi gelip, «men seni söýýän» diýsinmi?.. Telefon jyňňyrdady. Ony Aýja göterdi. – Alýo, waý, Allakuly, gyw, senmi? Çykdyňmy? Haçan çykýaň? Şeýlemi? – Onuň sesi çykmady. Ýok-leý, redaktor ony barybir «saklajak däl» diýýär-ä. Maňa «öýlerine-git, gaýyn enesini görüp gaýt» diýip otyr. Bütin şäher täze gelen gelin Allakuly Annany urup, gözüni çykarypdyr diýip gürrüň edýärmiş. Redaktor aýdýar-a «Men jaň edilmedenem irdim» diýýär – Aýjanyň sesi ýatdy. Ýöne ol trubkany goýanokdy. Razy bolar, indi başga diýeniňe-de razy bolar. Ýöne suda bermeseňem, milisiýa çagyrdyp, gowja gyssat. Bolýar, onda. Aýdaryn... Aýja ýene-de geldi. – A gyz, keselhanadaky meýit jaň edýär. Utançsyz, gyzy ýaly çaga: «meniň diýenimi etmese, suda bererin» diýýär. Ýer çeken, utanman... Ogulnyýazyň göwni nämüçindir Aýjanyň bolşy näçe gyzgyn, gaýnap duranam bolsa sowadyp, mylaýymlaşdyryp ýetişip bilýärdi, emma Annasoltanyň bolşy onuň ýüregine dag bolup basylýardy. Ol öten agşamam ogluny göterip gelipdi. – Sen gyz, özüňi asmandan asm-a. Olar henizem maňa hormat goýýarlar, sylaýarlar. Ýogsa seniň ýalyny köçede maşyna basyp, kanalyň boýuna taşlabam bilýär olar. Sen meni aldap ýörme... Ogulnyýaz öňki agşam onuň daýzasyna aýdan sözüne-de dünýä sygman ýördi. Indi ol haýbat atyp başlapdy. Asyl, garaw görmese, ol özüni süýräp, köçä taşlamadanam gaýtjak däldi. Bu bolşam depelemeden gowy däldi. Ogulnyýaz baryp işigi açdy. – Çyk! – Näm-me – Annasoltan ellerini bykynyna urdy. – Sen kim? – Ol sesini gataltdy. – Indi maňa haýbat atarça... – Çyk! – Näme üçin? – Depeleme. Bizi günümize goý, alladan gork... Annasoltan özüni sahnada «Harmandälide» oýnaýan jadygöý kempir däldirin öýdenokdy. – Sen meni tananog-ow. Tana, men ärime boýun egmän öýden kowan heleýdirin. Sen ýaly geçijik näme? Ogulnyýaz Myratjygy elinden tutdy-da, ejesine tarap alyp geldi. – Ogluňam al-da, bizi günümnze goý. Gaýdyp, şu işikden gelme! Men seniň hapa gepiňi mundan artyk çekip biljek däl. Annasoltanyň bolmajasy boldy. Ol işigi depip goýberdi. – Haram gyrnak! – Hawa, men gyrnak! – Tf-fuw, porsy, gedaý öýüňe it girsin. Ogulnyýaz sesini çykarmady. – Sen adyňa laýyk. Tüýs gyrnak. Gyrnaklygyňa-da haram ölersiň. Ogulnyýaz ýüzüni ýerden galdyrman ýuwaşja sözledi. – Men gyrnak, ýöne hudaýyň gyrnagy. Sen welin haram keýpiň gyrnagy! Annasoltan bu sözi eşidip, aýy kimin atylyp, Ogulnyýazy darap başlady. – Gyrnak! Gyrnak! Ogulnyýaz öýde geýýän köwşüni aldy-da, onuň ökje tarapy bilen saçyndan penjeläp, janyny alyp barýan aýalyň ýüzüne birki sapar janhowluna saýgylady. Annasoltan saçdan-beýlekiden geçdi-de, iki eli bilen ýüzüni tutup, girelgä gapgaryldy. Ogulnyýaz ýüregi ýarylara gelip aglaýan Myratjygy çykardy-da, işigi ýapdy. Şondan geçse iki sagat geçendir, olaryň eýwanlarynyň birki aýnasy pagşyldap gitdi. Kimdir biri: – Eý, Gyrnak, jelep, çyksan-eý – diýip gygyrdy. Sesiň yz ýany bilen ýene-de agyr daş penjirä degdi-de, aýnany kül etdi. – Haý, haram ganjyk. Ýala gelen ganjyk ýaly guýruk bulap, guýruk bulap, bar guduz köpekleri örüzdiň gerek. Haý seni... Hada bolsun... Ogulňyýaz sesini çykarmady Ýöne daýzasy halys goýman-soň: – Daýza, mende nä günä bar? Görýäň-ä depeläp durşuny. Hudaýyndan tapmyş... Senem haý diýäýeňok oňa... Daýzasy köşeşer ýaly däldi. – Goý, görup durun-a ol gelin bilen ýankalaşyp, ýolmalaşyp uranyňy. Milisä aýdyp, öýüňi dökdürse, niçiksi bir pul... Daýzasynyň diýeni boldy. Sagat onlarda kimdir biri işigi gaty-gaty urdy. – Açyň! – Kim? – Milisiýa! Ogulnyýazyň işigi açjak bolanam şoldy, daýzasy wägirip ony aklady. – Açma, kemçin? Ol hemişe dyzynyň aşagynda saklaýan düwünçegi ylgawyna aşhana eltip geldi. Hemişe oturyp, birden beýle ylgany üçin erbet daljygyp, gepläbem bilmedi. – Aş – diýip, elini salgady. Ogulnyýaz işigi açdy. Eli sübseli gelni görüp milisionýer günäkäri gözeleýän ýaly, ýadaw gözleri bilen içerini sermeledi. – Haýlyýewlermi? Gelin başyny içeri atdy. Milisioner yzyndaky goly gyzyl daňyly dört ýetginjegi girelgede goýup, köwşünem çykarman, içeri girdi. Ol iki elini ýüzüne tutup eňräp oturan aýaly görüp, onuň garşysynda dyz epdi. – Garry, näme bolýar? – Wah, ölýän oglum. Seniň ýaly bir garagöz, çynar ýaly oglum bardy. Ony eltepeden çykardylar. Indem, hanha, eýwany daşlap goýanoklar, goýanoklar, men aglaman kim aglasyn. Ýumruk ýaly gyrnak bilen otyryn, iki aýagymy göre sokup... Milisioner garry aýala, birem jeren owlagy ýalyjak eýjejik gelne garady-da, geň galdy. – Annasoltan Artykowany kim urup, masgaralap kowdy? – Ol dodagyny çöwürdi. – Ýüzi görer ýaly däl-ä onuň. Üstüne galtaman çopan ýaly. – Waý, balam, bagtym ýatd-eý. Işim gaýtd-eý! – Ol indi iki aýagyna urup, oturan ýerinde agy gatyşykly gykylygyna başlady. – Äkitmäň-eý, ony äkitmäň... Milisioner ýigit hem gaharlandy hem gülümsiredi. – Garry, goý sesiňi. Bolmasa seniň özüňi äkideris. Ogulnyýaz doňup otyrdy. Oglanlar Annasoltany alyp geldiler. Annasoltan içeri girmedi. Ýüzüni gyp gyzyl edip, dommarylyp daşky söýä ýaplanyp durşuna, içeri bakan agzyny towlap goýberdi. – Hany, giriň. Kowlan ýerime girip näme, men haram gyrnakmy? Milisioner ýigit planşetinden iki tagta ak kagyz çykardy-da, ony goýara ýer tapman, planşetini dyzynyň üstünde goýup, onam kagyz bilen ýapdy. – Näme boldy, aýdyň? Soň maňa gepiňiz gerek däl. Protokol düzüp, etraba geçirerin, goý, özleri çözsün... Annasoltan içeri girdi. – Bolan zat. – Ol elindäki ýaglygyny aýryp, barmagyny gözüne dürtdi. Göreňokmy? Iller näme diýer? Äri ýok, ýöne oýnaşy suwa salma ýenjipdir diýerler. Men gözümiň gögi bilen sahna nädip çykaýyn? Onsoňam, ärsiz çaga saklap oturan aýala, at gazanan artiste näme üçin el galdyrýarlar... Çagamda näme günä bar? Onam itip-itip çykaryp goýberdi. Milisioneriň dawanyň nämeden gaýdanyny anyklasy gelýärdi. Onuň müň derdi bardy. Şonuň üçin başaryp bilse, bulary ýaraşdyryp, gepi tamamlamalydy. – Ilki näme boldy? Ogulnyýaz sesini çykarmady. Pugta daýza bolsa dyzynyň üstünde doňup galan düwülgi ýumrugyny göterip bilmän, «näme bolarka?» diýen manyda gara, kürşük-kürşük ýüzüni ýere sallap otyrdy. Ýene Annasoltan gepläp başlady. – Ilki näme boldy diý, men Myratjany getirdim. – Myrat jan kim? Azajyk duruň... – Meniň oguljagaşym? – Ony näme maksat bilen getirdiň? Annasoltan gözüni tegeledi. – Ä – diýip, birdenem, çykalga tapana döndi. – Men oguljygymy bulara sakladýan. Aýyna alty ýüz manat berip... – Hawa! – Işe gidemde, özem diňe agşamyna goýup, işden gelenimde alýan. Bu günem oglumy getirdim... Ine, bolan zat. – Ol ýene gözüni görkezdi. Milisioner başyny ýaýkady. – Ol sen ýok, men ýok, alyp çekiç bilen urubermez-ä? – Näbileýin, urdy öz-ä! – Häzir meni uranog-a. Sen bir zat diýdikmi, ýa ol bir zat diýdimi? Uruşmak, gygyryşmak üçin gaharyny getirmeli. Nämä gaharyňyz geldi? Annasoltan sesini çykarmady. –– Aýdyň? Bolmasa etrapdan milisiýa çagyrjak... Bularyň bolup oturyşlary gepiň bu gije gutarjagyna meňzemeýärdi. Şonuň üçin Pugta daýza ara goşuldy. – Olar äriň dawasyny etdi. Olara nemesi bilek ýaly är gerek. – Nähili, äriň dawasy? Aýallaryň üçüsem dym-dyrsdy. – Bilemok! Ýa häzir ýaraşyň, ýa-da düşündirişiňizi ýazyň. Ol ruçka bilen kagyzy Annasoltana uzatdy. – Men öýümde ýazaýaýyn. – Ýok, şu ýerde. – Ol ýene bir kagyzy Ogulnyýazyň önünde toýdy. – Al, senem, näme bolan bolsa ýaz. Ogulnyýaz kagyza garady-da ýuwaşja: – Kakam naçalnik milisedir. Siz maňda azar bermäň. Ýanyna göni baraýaryn – diýdi. Milisioner ýigidiň gözlerli petredi... Ogulnyýaz häzir şol surnukdyryjy agşamdan uzakdalygyna begendi. Ýöne ol hiç zat ýazmandy. Milisioner eýýäm onuň bilen başgaça gepleşýärdi. Ol gijäniň bir mahaly olary eýtdi-beýtdi «ýaraşdyrdym» etdi. Eýwanyň, penjiräniň döwlen ýerlerini gördi. Sögündi. Daşlaryň biriniň daşyna ýaglygyny dolap aldy. Annasoltanam syrtyna sapan degen ýaly bolup gitdi. Daňdanky bolan waka hasam mojukdy. Işikde Abdy durdy. – Hä-ä! – diýip, ol girelgäniň agzyda awuna towusjak ýaly bolup durşuna samrady. – Gel. Ogulnyýaz salam berdi. Son. öz ugruna gitdi. Abdy, nämeüçindir oňa kömekleşmedi. Tigrinem çile ýanap goýup, edil bir garantgy goýlan ýaly, şol bir duran ýerinde durdy. Ogulnyýaz süplükleri döküp gelenden soň, Abdy gozgandy. – Dur – Näme, daýy! Abdy töweregine garanjaklady. – Gel, at oýnatmaly. Däliden dogry habar. Sen meniň bilen boljakmy, ýa-da ýok?.. Ogulnyýazyň depesinden gaýnag suw guýlana döndi. – Toba! Hudaý diýiň! Atyp gelýän danyň ak nury onuň köne ýüzüne düşüp gitdi. Bu adamyň essinde däldigini Ogulnyýaz aňdy. – Daýy, men sizin öz gyzynyz ýal-a. Siz mana gyzym diýdiňiz-ä... Abdy erbet titredi. – Ýok, meniň gyzym az däl, diýjek bolsam. Men size aşyk. Men sizi işe aldym, näçe gün kömekleşdim. Pulam bermediňiz, olam owarram. Indi haklaşaly... Ogulnyýaz sesini çykarman gidiberjek boldy. Abdy badyna gelip onuň elinden tutjak boldy. Emma Ogulnyýaz bu hyrsyz adamyň pälini aňdy. Ol uzyn sübsäni naýza ýaly tutdy. – Ýok boluň! Eger päliňizi düzüw tutmasaňyz kakam naçalnik milisedir. Ýanyna barar ählisini aýdaryn. Abdynyň elleri howada doňup galdy. – Men söýýän, söýýän, özüm, özüm... Ol patanaklap, tigrine bakan ugrady. Soň yzyna-da garaman, daňyň ak tümüne siňip gitdi. «Geldi jan, ömrüň uzak bolsun. Iki beladan-a alyp galdyň. Nesip bolsa, Saragtdan gelenimden soň, saňa gowy tahýa keşdeläp bererin...». Awtobus Tejene geldi. – Wah, Şäminiň beren puluny alaýmaly ekenik, pahyrjygym diýdem-le welin, etmedim-dä – diýip, Towşan gelin awtobus duralgasynyň ýanynda çigit satyp oturan daýzalary görüp tykyrap başlady. – Ownugymam ýokdur... Ogulnyýaz göwnüne hiç zat getirmän, gapjygyndan iki sany elli manat çykardy. – Gelneje, alyň! Towşan gelin sesini çykarman aldy-da, düşüp, çigit, sakgyç alyp geldi. – Waý, atalarynyň iki bahasy, gyz. Çigit dagy Tejende arzan bolmal-a. Aşgabadyňkyça bar... – Azaby deňdir – diýip, yzda oturan gulakçynly ýaşuly aýtdy. – Gaýta, şu ýerde gymmat bolmaly. Aşgabatlylar bärden arzan alyp, aňyrda bahaňy asmana çykarmaz ýaly... Ogulnyýazyň çigit bilen seri ýokdy. Ol bu ýolda özüniň ykbalyny saldarlamaga wagt tapypdy. Dogrusy, şu wagta çenli onuň oýlanmaga elem degenokdy. Diňe... Hawa, ol bu adamy indi ikinji gaýta düýşünde görýärdi. Özem şol bir boluşda. ...Gelnalyjy aňyrdan aýdym-saza beslenip gelýärdi-de, işikde saklanýardy. Gelni içeri salýarlar. Içeri onuň köne başlygynyň kabineti. Ol kabinetiň işiginde saklanýar-da kürtäniň bir ujuny galdyryp töre garaýar. Başlygy ýerinden turýar. – Geldiňmi? – Ogulnyýaz näme diýjegini bilenok. Ol şu daňdanam şol düýşi gördi. – Biz seniň ýanyňda. Hiç zady alada etme – diýdi. Özem, käbir kinolarda görkezilýän «demir adamlar» ýaly – hemmämiz daşyňda. Sen abraýyňy saklaber – diýdi. Soňundanam birhili gussaly. – Oýlan. Oýlan! – diýdi-de öýüne bakan gaýtdy. – Ogulnyýaz tisginip oýandy. Ol ukuly oýlandy. «Nämäni oýlanmalyka?». Ýene-de şol tanyş ses ýaňlýndy. «Nirä barýanyňy?», «Nirede duranyňy?», «Nireden-gelýäniňi?». Daşarda bolsa adamlar aldygyna küşt depýärdiler. – Aý, dünýä, dünýä, dünýä, dünýä, ah-ha. Wah, dünýä, dünýä, dünýä. Ol tisginip, töweregine garady. Kimdir biri onuň içindäki pikirlerini okap, oňa jogap beren ýaly boldy. Özem şol tanyş sesdi. Ogulnyýaz üýtgeşik adamam, oňa jogap berjek bolýanam görmedi. «Men nireden geldim?». Ol özüniň Aşgabada getirilişini, gaýnenesini, Merdany ýatlady. Emma eline ilen zat bolmady. Žurnalyň redaksiýasyny ýatlady. Redaktorynyň ýüzüniň ýarysyny äýnek bileş bekläp, hiç zady seljermän «tamam» diýip duran pyýada nebsi agyrdy. «Onuň bu edarada nebir sylagy, ne-de bir gadry bar. Ýöne başlyk ady bar, pahyryň. Onsoň kim näme diýse, şona ynanyp otyr...» «Aýja näme? Ol näme üçin oda-köze düşüp, erkek görse öňünde ýaýaplap, meni ýamanlap ýörkä? Ýa men erbet bolsam, özi gowy boljakmyka? Ikimizem aýal-a. Birek-biregiň abraýyny saklamaly dälmi? Birek-birege hemaýat etmel-ä. Biz agzybir bolsak, erkeklerem aýallaryň abraýyny saklar. Aýja meçew bermese, Taňry Berdiýew dagy heý zenana baş galdyrarmy? Aýja günäkär, Allakuly Annanyň meniň üstüme şir bolmagyna-da, Taňry Berdiýewiň «söýen» bolmagyna-da, Redaktoryň günäm ýok ýerinden meni dalap durmasyna-da. Aýja bilen gowy gürleşmeli...». Onuň göz öňüne Annasoltan geldi. Ogulnyýaz nirede oturanynam unudan ýaly, gaýra-gaýra çekilermen boldy. «Seniň joraň, sapak alýanyň Aýja künti bolsa, men saňa görkezerin...» «Annasoltan başga! Ol has ýowuz. Ondan hemme zada garaşaýmaly. Şondan daş bolmaly...». « – Seni maşyna basyp...» Ogulnyýazyň ini dyglady. «Bäri gaýdanym gowy boldy. Ol aýal dynç güni öýe erbet adamlary ibermekdenem gaýtmaz.. Ol bir topulan awuny almasa, namysyndan ölýän aýal bolmaly. Utanman, daýzama: «Gelniň pylany billen gezsin» diýip dur-a. Eý, hudaý! Şäher diýlen ýerde öýi-işi bilen, çagajyklary bilen, hudaý diýip berenine şükür edip ýören adam ýokmuka? Bularyň barysynyň dilinde şermendeligiň gürrüňi-le... Daýzam näme üçin dymdyka şonda? Ýa nas puly diýip gelnini her zada dözmäge razymyka, eý hudaý. Bar-a puly. Bütin ömründe nas atyp geçse-de, şol pullar ýetjeg-ä. Aýnalara tuty aljak puluma çenli alyp otyra. Öňki günümizden käň gowy ýaşaýas-a. Janym sag bolsa, nesip bolsa, men ony hor etjek däl-ä...». Awtobus ugrady. – Ýene yzymyzçarag-a ýöremeli – diýip, Towşan gelin jaýlaşykly oturdy. Elindäki ýarty gutabyny buzgaýmak tutýan ýaly tutup, gäwüşäp durşuna Ogulnyýazyň böwrüne hürsekledi. – Al, iý, gyz senem. Süýji eken, gökden özem. Tejeniň gögi süýji bolmaly... «Abdy aga näme gerek diýsen-e. Öz-ä namys barada gürrüň edýär. Özem kesekiniň namysyny depgilejek. Eý, allam, namys hemme üçinem bir dälmikä? Sen iliň gyzynyň, gelniniň namysyny goramasaň, il seniň gelniň, gyzyň namysyny gorarmy?» Ol derýadan geçip, günorta garşy şaglap barýan maşynyň hözirini görüp ýetişmedi. «Indi näme etmeli?» Ol ýumruk ýaly düwüldi. Bu gowgaly dünýäde ýalňyzlygyň, ejizligiň, naçarlygyň dagyndan ýaňa digdenekledi. «Näme etmeli?». «Işlemeli. Bendesine mätäç bolanyňdan öz janyňa dözmeli. Aýja-da, Annasoltana-da juda bolmasa, ýalbararyn. Olara gije ýatman ýaka keşdeläp bererin...». Onuň kalby ýagtylyp gitdi. «Näme üçin başda şu pikir kelläme gelmedikä? Aýja-da, Annasoltana-da gelniňe «gowuja ýaka tikip bereýin» diýsem, olaryň azary-bizary bolmazd-a. Wah, men guraýyn. Gerek bolsa Abdy aga-da tahýa tikip bererin. Şond-a olar maňa dözmezler...». Onuň göz öňüne enesi geldi. – Balam, gowy bolgun. Abraý bir guýruksyz geçidir. Sähel gowşak dursaň, sypar gider. Bir gidensoňam, eliňden tutjak gümanyň bolmaz. Daýzasy enesine gözüni alartdy. – Abraýyňa kim bir atym nas berýä? Sen, özüň-ä bir iýtme kör, çagalaryňa-da ters terbiýe beripsiň. «Abraý» diýen bolup, indi iliň işiginde saçyny sübse edip ýör, bu gyrnagyň... Enesi başyny ýaýkady. «Halaldan bir tylla, haramdan müň tylla» diýipdirler. Meniň çagalaryma beren terbiýäm erbet däldir. Olara bu dünýäde abraý, ahyretde-de iman diländirin. – Goý, goý, totamsyrama. Ogulnyýaz bu iki doganyň beýle-beýle bolaýyşlaryna haýran galdy. Enesi abraý diýip, bäş wagtyny sypdyrman, her ädimini Taňra sygnyp ädýär. Diliniň senasyz wagty ýok. Daýzasy welin... Onuň daýzasynyň bolşuny ýatlasam gelmedi. Garagumuň sazakly-seliňli depeleri, alalary ýaşyl öwüsýärdi. Ogulnyýaz aslynda öýden çykýan maşgala däldirem welin, ýöne kolhozyň ekinçiligine gyzlar bilen kän gidipdi. Şonda ol Garagumam görüpdi. Ýöne bu Garagum başgady. Owadandy, baýdy, gözeldi. Misli kürteli gelin ýalydy. Ol Garagum bolsa kinolarda gaýry ýurtlarda suwa düşýän gelinler ýalydy... Ol bu ýerleri görenine begendi. «Pylan wagt, Tejeni görüpdim, pylan wagt Saragty görüpdim» diýerin. – Han-a, Saragtam görnüp başlady – diýip, öňde oturanlaryň biri misli Ogulnyýaza aýdýan ýaly bolup dillendi. Ogulnyýaz öňe, Garagumuň bir künjüne garady. Alysda ak jaýlar elesläp görünýärdi. Ýolda awtobusy sakladylar. Ýanlary ullakan möjekitili esgerleriň ikisi awtobusyň içine girdi. – Pasportlaryňyzy taýýarlaň! Esger ýigitler beýle bir zabun däldi. Towşan gelin pasporty uzatsa-da, olar kürteli gelne tarap gözleriniň gytaklaryny buýsanç bilen aýlap: – Oturyberiň gelneje! – diýip, barlaman geçirdiler. – Ertirem şeýdäýsediler! – diýip, Towşan gelin bu ýagdaýy gowulyga ýordy-da, gelniň kürtesini düzedişdirdi. Awtobus Saragta gelip, etrap merkezindäki duralgada duran badyna, iki sany aýal içeri kürsäp urdy. – Towşan, aý Towşan, geldiňizmi? – Geldik! Olaryň barmaly ýeri duralgadan beýle bir uzak bolmany üçin, pyýada gidildi. Awtobusda garşylansa-da howluda yns-jyns ýoga meňzeýärdi. – A gyz, barladylarmy? – diýip, aýallaryň durugşany sorady. – Ýer çekenleriň eşek ýaly itlerem bardyr? Towşan gelin saçagyň başyna geçip, ullakan ýassyga gyşaryp ýatyşyna: – Ýok, barlamadylar! – diýdi. – Hudaý jan, ertirem şeýle bol awersind-ä... – Bolar, enşalla. Hudaý bizlikdir... Aýallar Ogulnyýazyň öňünde çaý-çörek goýdular. – Gelin, sen iýip-içip otur! – diýip, ýaşy durugşan aýal onuň başyndaky kürtäni aýyrdy. – Ýaglykly oturyber. Özli-özümiz-ä. Olar Towşan gelnem, kürtänem alyp beýleki otaga çykdylar. Ogulnyýazyň otagda bir özi galdy. Ol içerä syn saldy. Içeri gurply däldi. Törde ak şifoner, onuň gapdalyna-da ýük galdyrylypdyr. Ýüküň üstüne köneje ýapgy çekilipdir. Içeriniň düşegem meniňki bolsun diýer ýaly däldi. Birki sany keçe, köneräk fabrik halylary tertipsiz ýazylypdyr. Günbatar burçdaky diwanyň arkasyna, ýüzüne ýolbars çekilen ala-mula odeala asylypdyr. Onuň ýüzem çaňjaryp durdy. Köneje klýoňka – saçagyň üstüne getirilen çäýnekleriň jürnügi çeňklenendi. Naharly jama söýelgi duran çemçeleriň gyrasy gemrik-gemrikdi. Ogulnyýaz elini ýuwmak üçin daş çykdy. Howlynyň guran baglary, kesilmän kerep ýaly, örüm-örüm bolup giden üzüm dalbaryny göreniňde bu ýerde bir wagtlar gowy durmuşyň bolandygy, ol döwranyň hem sowlup gidendigini oýlanman aňsa boljakdy. Howlynyň ortasyndaky krandan suw akana meňzänokdy. Hajat üçin barylýan ýer hem ýykan-ýumrandy... Ogulnyýaz elini ýuwara suw tapman içeri girdi. Aýallar nämedir bir zadyň üstünde gaty-gaty gürleşip çekeleşýärdiler. Nämedir bir zada dürli baha kesýärdiler. Olaryň nämüçindir gelin bilen işleri ýokdy. Towşan gelin daş çykdy. – Waý, gyz, näme çaý içeňokmy? Ogulnyýaz suw sorady. Aýallaryň biri köneje saplawda suw getirdi-de, gelniň eline akytdy. – Gelniňiz-ä akja eken. Bagtam akja bolsun-da... Towşan gelin öňküsi ýaly açyk däldi. Onuň ýüzem gamaşyp durdy. Ol bu aýallardan-a däl, Ogulnyýazdan nämedir bir zady ýaşyrýan ýalydy. – Ýöri, çaý içeli. – Ol ýaşyrak aýala ýüzlendi. – Onuň ady näme, gyz? – Gulýa. Ol içeri gygyrdy. – Gulýa gel gyz, çaý içeliň, soň gepleşäýeris. Gulýanyň keýpi gowudy. – A gyz, gelniň ady näme? – Gyrnak! Gulýa hezil edip güldi. – A gyz, aý ýaly gelne Gyrnak diýip at goýan kim? Towşan gelin beletsirän boldy. – At dakylan-la gyz. Enesi pahyryň ady-da. Ogulnyýazyň ýüzi lap-lap ýandy. – Hawa-da – diýip, beýleki ýaşyrak gelinem alyp göterdi. – Meniň bir klasdaşym bardy. Ady – Kempir. Oturanlar gülüşdiler. – Hakytmy? – Waý, haw-wa, ýaş, owadan gyz. «A gyz, gelşenok-la adyň, aýyr ýok etsene» diýseň, «adym-da, nädeýin» diýýär. Bu pahyram şeýledird-ä. Ogulnyýaz «gyrnak» ady bilen öwrenişip barýardy. Bu ady daýzasy kiçijikkä dakypdy. Gutlamaga baranda «Gyrnagyňyz bolupdyr, ýaşy uzyn bolsun!» diýip, dünýä göwni ýetmän aýdypdyr. – Ulalsa, ýaka-dagy keşdeläp berer-dä. Togta eje şonda: – Gyrnak dagy däldir. Ogullaryň soltanydyr, han gyzydyr – diýipdi. Onuň bu ady Aşgabada gelin bolup düşenden soň hem ýörgünli boldy. Aslynda gelniň düşen ýerinde gyz adyny goýup, has owadan, söýgüli at dakagan bolýarlar. Onuň bir tanşy öň Ogulboldydy. Soň gelin boldy-da oba Güljemal adyny aldy geläýdi. Bir jorasynyň ady Bibidi. Oňa Güljan diýdiler. Ogulnyýaz üçin dünýäde öz adyndan owadan at bolmasa-da «Gyrnak» diýseler, özüne ýüzlenilýändigini bilýärdi. Gaýta, bu at seýrekdi. «Kimiň gyrnagy – hudaýyň gyrnagy». – Gulýa, agşam näme ederis? – diýip, ýaş gelin çäýnek-käseleri ýygnap durka sorady. Gulýa oýlanybrak: – Bolmasa Öwserlere gidäýeris – diýdi. – Öwser barmy, gyz, Öwseri Aşgabatda galgap ýör. Ondanam Türkiýä gidýän bolmaly. – Onda sizde oturybereli. – Ol ýaş gelin boýnuny göwünsiz burdy-da, närazylygyny duýdurdy. – Bizde bolardam welin, o meýit gelermikä diýýän. Ol bir ýer çeken-ä, gelse, bar kampaniýany bulaýar-a... Gulýa elini göterdi. – Ony özüm oňararyn. Ýöne galan zady senden. – A gy-z? – Malymy geçireýin, onsoň hasaplaşaryn. Azajyk garaş... Agşam ýagşy düşensoň Gulýa Ogulnyýaz bilen Towşan gelni yzyna tirkäp ugrady. – Meňlilere baraýlyň! Köçeler heniz garaňkydy. Ýöne oba oba bolýar. Ogulnyýaza ähli zat, obalaryny, öýlerini ýatladyp durdy. Ýöne bu obada bag ýokdy, olaryň obasy, howlusy baga bürenip otyrdy. Meňlileriň howlusyndan näme diýseňem durmuşyň ysy gelýärdi. Howlynyň içi depilip, pellere nämedir bir ekin ekilipdi. Dalbarlardaky üzüm çybyklary timarlanypdyr. Howlynyň ýaňyja syrylyp-süpürilip, suwlanandygy bildirip durdy. Işigiň agzynda ullakan çyra asylyp, tutuş howlyny ýagtylandyryp durdy. – Geliň! – diýip, Meňli köýneginiň üstünden geýen täzeje haladyny güjeňleýän ýaly, ýakasyny sypalap aýtdy. – Waý, gyz, halady kim getirdi? – Gulýanyň bu sözi Meňlini geňem galdyrmady. Ol muňa adaty sowal hökmünde jogap berdi. – Hytaýa gidenimde getirdim-le, gyz. – Onda, nä aýdaňok? – Geçiň, aýtdym-a... – Başga ýokmy? – Ýekeje-le, gyz! Aýallar törki tama geçdiler. Içeri baýdy, arassady. – Künti, baý sürýäň-ow, görýäňmi, içersiňi eýýäm düzedipdir. Gulýa oturmady. Beýleki otaglary barlap çykdy. – O ýer çeken diýse-de, içersin-ä düzedipdir. Onsoň näme, ölüm gerekmi? Gulýa megerem, bu içerä ilkinji sapar gelýärdi. Şondan bolsa gerek, ol bu gurulgy içerä öwrenişip bilenokdy. Öz basdaşlygyny gizlejegem bolup baranokdy. – Ýene, «er çekenem» diýen bolýa... Meňli saçak ýazdy. Soň Gulýanyň ýüzüne gorka garady. – A gyz, men-ä Jümminem çagyraýdym. Bir salym aýdym aýdyp ber diýdim... Gulýanyň gaşy çytyldy. – Beýlekiň gelse nätjek? – Bilenog-a. – Ol güldi. – Seniňkidir öýder-dä. Gulýa han aýalsyrap törde otyrdy. Ol Meňliniň her bir hereketinden çöp gözleýärdi. – Klýonkany giňiräk ýaz-da. Çüýşeleriňem getir-ä – diýýärdi. Meňli çörek, salat, soň akly-gyzylly çüýşeleri alyp geldi. Stakan goýuşdyrdy. – Kiçirägi ýokmy, gyz, onyň? Ogulnyýaz ilki kömekleşäýsemem bir diýdi. Emma soň çüýşeler ara düşensoň, ýerinden galasy gelmedi. Saçagy, onuň üstündäki zatlary Towşan gelin gozgaşdyran boldy. Onuňkynyňam göwünsizdigini görüp, Gulýa: – Otur, otur, özi eder! – diýensoň, iki elini dyzlaryndan geçirip, diwara arkasyny berdi. Nahar gijäniň bir wagty, Jümmi eli dutarly içeri girensoň çekildi. – Essalow – diýip, ol çilimini çeýnäp aýtdy. – Gulýa, niçik? Gulýa agzyny towlady. Gulýanyňky hemişe bir boluşdyr. – Maladis! Jümmi çilimini çeýnäp, onuň tütünündene bir gözüni ýumajakladyp goranmany endik edeni üçinmi, ýa-da halys alla gözi gypykmy, iki sany nätanyş zenana gympaý nazar bilen garady, – Delje myhmanynyz-a bar eken... Gulýa ýene-de agzyny towlady. – Siz näme, delje myhmany göräýýäňiz-de, özüňiziňkiniň ýüzüniň nury ýokdur... Jümmi myhmanlaryň ýanynda oba oglanlarynyň, hem gereginiň bardygyny mazamlaýan ýaly, döşüni gaýşardyp, ýeňsesini diwara degrip, buýsanç bilen ýylgyrdy. – Şäheriň gelinleri ýaman jalaý-ow, obanyňky birazyrak kolhoznigräk-dä. Olar gadryňy bilenok. Bileni-biteni zat, krhaborlaryň... Gulýa agzyny towlady. – Öňde-de bir pişik agzy ete ýetmän, pfuw, porsy diýenmişin... Özüň nireli diýsen-e, kolhoznik diýen bolup. Biz-ä şäheriň orta barmak ýaly ýerindendiris. Özüň kolhozniksiň-dä... Meňli nahar çekişdirdi. Saçagyň üstüne çorba, palaw, gök, bir banka pomidor. bilen tarelka salnan şor hyýar goýuşdyrdy. – Boldumy? Meňli gaşyny gerdi-de ellerini «näbileýin» diýen manyda oýnady... – Hany, geliň. Urşuň duruşy ýok. Ogulnyýaz öňem bir märeke gören däl, bu ýat adamlaryň, arasynda elini saçaga-da uzadyp bilmedi. Öýlerinde Towşan gelinden uýalyp ýören halyna, bu ýerde şol gaýynenesi ýaly boldy galdy. – Gel, gyz, çekinme! – Towşan gelin stakanlara, çüýşelere gultunyp garady-da, nahar aldy. – Öz öýüň ýaly boluber, ýogsa, aç galarsyň... Gulýa Jümmä çüýşeleri açdyrdy-da stakanlara konýagy özi guýdy. – Beý, han, siz kolhoziik diýdiň-ow? Adamyň ýüregindäkini bilip bolmaz eken. Öň-ä, kolhoznik däldik... Jümmi dabaraly guýlan stakany elinde oýnap durşuna, bu aýallaryň beýle haýal-ýagallygyna jany ýandy. – Onda näme, janyňyz sag bolsun! – Ol stakany ep-esli wagt agzyna tutup durdy-da, soň gözlerini edil temmäkiniň tütüni bürüp barýaň ýaly edip, dodagynam az-kem çommaldyp şor hyýara topuldy. Eline ilen bölegi burnunyň aşagyna gysdyrdy. – U-uf! Bu adamyň bolşuna stakany elinde saklap, ýüzüni kürşerdi oturan Gulýa başyny silkeledi. – Birimiz-ä dyndy! Bir gyranysdan geçeňsoň-a, hezille. Aýallar biri-birleriniň ýüzüne garap ýylgyryşdylar. – Hany, heleýler, gyranysdan geçeliň... – Waý, ýaman kän-le, gyz. – Towşan gelin stakanyny elinje alyp, näzirgän boldy. – Ýaman bolar... Meňli jys-jyň etdi. – Kän bolsa, gyranysdan geçseň, hezil edersiň... Aýallar göterdiler. – Woh, sen näme? – Gulýa Ogulnyýazyň bulguryndaky konýagy görüp haýran galdy. – Hany-hany, bolmaz... Ogulnyýaz ýüzüni aşak sallady. – Hudaý saklasyn... – O-h-oo! – Jummi agzyna elten çemçesini agzynda ýyrşardy. – O gelnem gepläp bilýän eken-ow. – Ol çemçäni iki dodagynyň arasyna düňderdi-de, gäwişäp durşuna, bir zatlar diýjek boldy-da, erbet üsgürdi. – Haý, gark bolup galan. Öňüňde, goýlany bir iý. Urkaçy görseň, diliňiz açylyberýär. Jümmi çygnyp, burça dönen ýüzüni süpürdi-de, bäş-alty gaýra bokurdagyny arçady. – Nätd-aý! Gulýa närazylyk bilen Ogulnyýaza garady. – Iç! – Ol eli bilen hyýaryň ýakymlyrak bölegini saýlap durşuna igençli gürledi. – «Hudaý saklasyn» diýip, näme içmen bizden artyk bolaryn diýýäňmi? Düşen ýoluň şu bolsa, bizçe ýa bolarsyn, ýa bolmarsyň. Az-kem arçalan bokurdagyny barlamak üçinmi ýa-da Gulýa meçew bermek üçinmi Jümmi henizem gyzyly öçmedik ýüzüni güldürdi. – Eýýäm, siziň ýaly bolupdyr-a!.. Gulýa gözleriniň alasy bilen Jümmini dalady. – O nähili biz ýaly... Jümmi gümmi-sümmä urdy. – Är göreň bolsa, heleý bolsa, Aşgabatdan gelip şular ýaly kampaniýada keýp çekýän bolsa... Gulýa höküm etdi. – Iç, gyz! Ogulnyýaz sesini çykarmady. Gulýa Meňlä höküm etdi. – Kiçiräk stakan getirä-ni... Jümmi oturyp bilmän öňe süýşdi-de, stakanlara konýak guýdy. – Başga konýagyň ýokmy? Munyň-a, ine, – ol boş çüýşäni Meňlä görkezdi. Meňli eli kiçeňräk stakanly gelşine, aljyraňňylyk tapdy. – Arak bar-a, tapawudy näme? – Ol Gulýa kiçeňräk stakany görkezdi. – Şu bolarmy? – Bolar, şol stakana guý, bol! Meňli onuň diýeninýa etdi-de, içi konýakly stakany Ogulnyýazyň eline berjek boldy. – Ogulnyýaz almady-da, ellerini daldaladyp gaýra çekildi. – Hudaý saklasyn! Gulýa gözüni alardyp, elindäki konýakly stakana garady. Ol humarly başyny yrady. – Içersiň! Towşan gelin Ogulnyýazyň böwrüne dürtdi. – Azajyk içäýsen-e. – Ýok, içersiň, köp içersiň! – diýip, Gulýa ýüzüni has gazaplandyrdy. – Sen ýaş gelinsiräp, şu saçagy, bizi sylaman, kim bolupsyň. Bizem bir wagt ýaş gelin bolduk. Sen... Jümmi ýene-de öňbaşçy boldy. – Gitdik! Gulýa gözüni sähelçe wagt ýumup durdy-da, serhoş ses bilen gürledi. – Gyr-ranys üçin. – Gitdik! Ol stakany başyna göterenson, Hasam ýeňledi. – Ady näme diýdiň? Kempir! – Gyrnak! Ol şor pomidory göwünsiz gemirdi-de, ýaryny saçagyň üstüne atyp goýberdi. Soň ýerinden turdy. – Özi gyrnak bolsa, özem heleý bolsa, içmän bilşine içmesin. Hudaý heleýi içmek hem-de erkekleň aşagynda ýatmak üçin ýaradypdyr. Beýleki zatlar sonky çykan... Ol Ogulnyýazyň ýanyna çökdi. Eline stakany aldy-da, onuň ýüzüne golaý tutdy. – Iç! Ogulnyýaz sesini çykarmady. Ol: – I-i-iç! – diýip, jynssyz gygyrdy. – Ii-iç! Bu sese diňe Ogulnyýaz däl, tutuş içeri sarsyp gitdi. – Ol aýal möwjedi. Içine çöken gözlerini ýylanyň dili ýaly ýalmandyrdy. – Şu heleý tutuş Daşhowzuň aýallar türmesini dyzyna çökeren. – Ol Towşan gelne barmagyny uzatdy. – Dyz-zyňa çök! – Towşan gelin edep taýagyny gören talyp ýaly bolup dyzyna çökdi. Ol aýal Meňlä barmagyny uzatdy. – Çök. Meňli zygyrdap durşuna, iki dyzynyň üstüne çökdi. – Gulýa ýüzüni garşydaşynyň üstüne eňen karatistiň ýüzüne dönderdi-de, ýumrugyny Jümmä tarap taşlap turdy-da, soň dyzynyň üstüne çökdi. – Ol aýal myrtar harlady. – Iç! Ogulnyýaz özüne çenelen stakany almady. – Ii-iç! – Gulýa elini batlandyryp, stakandakyny gelniň ýüzüne serpip goýberdi. – Ogulnyýaz «hih» edip tisginip gitdi. – Jel-ep! Gulýa yraň-daraň bolup ýerine geçdi. Emma köşeşer ýaly däldi. Ol bu gelinde ary bar ýaly seretdi. – Sen jelep, içmediňmi, men seni, zastawadan on oglan çagyrdyp, oçura goýduraryn, etmesem, tfuw, ýüzüme... Towşan gelinem, Meňlem jaýlaşykly oturdylar. Emma Jümmi doňup galypdy. Gulýa birden güldi. – Häzir tomaşa görýäs. – Ol saçagyň üstünde duran pyçagy aldy-da ony gelne uzatdy. – Ol jelebi ýalaňaçlap, soň niresiniň biziňkiden artykdygyny görýäs. Onsoň. – Ol pyçagyny bihaýalyk bilen oýnatdy. – Onsoň darrajyk ýerine pyçak sokýas, agzyna-da ýatyryp arak guýýas... Towşan gelin: – Gulýa jan! Näme, näme – diýjek boldy. – Gulýa has mojugyny tapdy. – Kim garşy bolsa şonuň özüni... Hiç kimden ses çykmady. Towşan gelin Ogulnyýaza ýalbaryp başlady. – Içäýsen-e. Ogulňyýaz ony gelin gözi bilen dalady. – Hudaý saklasyn! Towşan gelin byzbydyklady. – Ol diýeni etmeseň öldürer. Sen ony tanaňok. Ogulnyýaz ýere garady. – Elinem bir degrip görsün! Bu söz içeride top atylan ýaly bolup eşidildi. Gulýanyň öňem juda gorkunç gözleri peträre geldi. Ol Jümmä pyçagyny uzatdy. – Jümmi, tur! Jümminiň guty gurapdy. Ol saň gaty bolup ýerinden galdy. – Sypyr eşigini. – Ol Meňlini depdi. – Tur. – Eý, künti, senem... Aýallar ýerlerinden tursa-da, Ogulnyýaza hiç kim golaýlap bilmedi. Ogulnyýaz howpuň gaty golaýlanyny aňdy. Onuň ýadyna Geldijik düşdi. – Kakam naçalnik milisedir. Häzir poçta baryp jaň ederin. Öýüňi ýykaryn... Gulýa işigiň agzyna bardy-da, pyçagyny uzatdy. – Me, şuny çykarsyň, şu ýerden... Işik şakyrdady. Gulýanyň ýüzi ak-tam boldy. Ol pyçagyny saçagyň üstüne oklady. – Ki-im? Içeri soldat buşlatly, başy bedrejige gaş edilen ýaly papakly pyýada girdi. – Ur-ro-o! – Ol elindäki soldat goş haltasyny bulaýlady. – Wse normalnyý! Bu habar içeri täze şatlyk seçeledi. Gulýa baryp onuň boýnuna asyldy. Soň ony ogşap başlady. – Maladis, Antoşka, maladis! Antoşka iýýilýäni içerdäkilere göz aýlady-da, Gulýany itip goýberdi-de, bir beladan sypdym diýip, galpyldap oturan Ogulnyýaza pälwanyňky ýaly ýogyn bileginden çykyp duran gap-gara barmagy uzatdy. – Şol meniňki! – Ol hiç zady piňine alman, buşladyny egninden çykaryp, Jümminiň oturan ýerindäki, burça atyp goýberdi. – Guýuň! Gulýanyň gözi ýandy. – Antoşka, şol perizat seniňki. Ýöne ýaman titijedir. Aşgabadyň at gazanan kün... Şony bir top atylan ýaly et. Ony Aşgabatlylar-a doýrup bilmändir... – Arkaýyn bol! – Antoşka Ogulnyýazyň ýanyna çökdi-de, ony atagzy ýaly elleri bilen gysdy-da, özüne çekjek boldy. – Ogulnyýaz atylyp ýerindene turdy, dyzy bilen özüne ýakynlaşyp gelýän ýüze jalkyldadyp goýberdi. – Toba, degmäň maňa! Beýle-beýle ýagdaýa garaşmadyk Antoşka tarsa yza çekildi. – Weýt, bu näme? Gulýa Antoşka gyjyt berýän terzde gözüni ümledi. – Erkek bolaýşyňy. Antoşka elindäki stakany iki barmagy bilen tutup, beýleki sekiz barmagyny serip, elini gerdi. – Men hiç zat diýemog-a. Näme üçin beýdýär? Ogulnyýaz Towşan gelin bilen Meňliniň aralygynda arkasyny diwara berip oturdy. – Maňa degmäň. Gulýa agzyny towlady. – Hany, entek degmesene şoňa... Antoşka uly bulgury dolabara edip içdi-de, ýeňini ysgap, ep-esli oturdy. Soň dabara bileň başam barmagyny gaňyrdy. – Wo! – Ol ortada duran palowdan bir çemçäni. dolduryp agzyna eltdi, gäwüşäp durşuna-da gürläp başlady. – «Produkta» ýest, indi, – Ol iki barmagyna sürtdi: – Dawan... – Näçe? – Gulýa gözlerini jalaýja ýylgyrdyp, başyny näzlije ýaýkady. – Näçe! Antoşka iki elini dört sapar çakyşdyrdy. – Köpem däl, azam... Olar biri-birlerine ümleşip, beýleki otaga geçdiler. Towşan gelin hem ot basan ýaly bolup ýerinden turdy-da, çagyrylmagyna-da garaşman, daş çykdy. – Torbamy getir! Meňli hälki goşhaltany alyp, beýleki otaga ýumlukdy. Içerde Jümmi bilen Ogulnyýaz galdy. – Aşgabatdanmy? – diýip, Jümmi ketgen ýaly saçyny iki eli bilen gazaşdyryp oturşyna sorady. Nämüçindir Ogulnyýazyň oňa jogap beresi gelmedi. – Ýöri, bize gidäýeli diýip, Jümmi salyhatlysyrap aýtdy. – Ertir geläýeris. Ogulnyýaz ýadyna uky düşer ýaly däldi. Ol özüne degilmese gijäni aýak üstünde durup geçirmäge kaýyldy. Ýöne Jümmi hem ony girisine düşürmän goýmajaga meňzeýärdi. – Bu ýerde barybir seni goýmazlar. Bu ýere gelen boş gitmez. Sen biderek ýere azaba galýaň. Bulary sen bileňok. Häzir tirek bir çeksinler. Senem yrarlar. Özlerem, näçe erkek bolsa, şolaryň ählisi bilen ýatarsyň. Men bulara belet. Bize gitsek, diňe meniň bilen... Ogulnyýazyň gulaklary şaňlady. – «Eý, alla jaň, abraý ber, özüň gora. Men nirelere düşüp ýörün.» – «Nirededigiň barada oýlan!» Onuň gulagyna ýene-de öten agşamky owaz geldi. – Biz nirä geldik? – Onuň dili birden açyldy. Jümmi gelni yrmaga kömek eder niýeti bilen dutarynyň gabyny sypyryp başlady. – Sen, näme, nirä geleniňem bileňokmy? Ogulnyýaz gözlerini balkyldatdy. Jümmi Gulýanyň ýerini görkezdi. – Muňa Gulýa – çük kesen diýýärler. Öň şweýnide, tikin-fabriginde brigadir bolup işledi. Ärini bir gelin bilen güman edip, ýatyryp nemesini kesip, iki ýyl tutuldy. Soň gelen soňam tirýek satanda ele düşdi. Onda-da üç ýyl oturyp geldi. Ýene-de bir ýyl-a berdiler. Gelenine birküç aý bolandyr. Ol soňra Meňliniň oturan ýerini görkezdi. – Bu-da tirek bilen tutuldy. Gelenine ýaňy bir ýyl bolandyr-da. Goňşym bolansoň geläýdim. Aýalym öldi, sallah. Käte gelmeseňem bolanok. Ol çilm otlandy-da, tüssäniň burugsysyna çep gözüni gymyladyp, kirişlerini sazlady. – Aýdymy gowy görýänmi? Ogulnyýazyň ýadyna häzir aýdym düşer ýaly däldi. «Daýzam meni bu aýalyň yzyna näme üçin salyp goýberdikä?». Onuň ýadyna birwagt daýzasynyň «Pylan ýere barar gelersiň!» diýen sözi düşdi. Emma ol bu ýer däldigini aňyk bilýärdi. «Meni çörege kim çagyrdyka? Daýymyň garyndaşy kim? Men gelsin diýip ölüp-öçüp barýanlar kim? Bular düzüwli adamlar däl-ä. Gelnejem meni näme üçin alyp geldikä? Hany, başymdaky kürte? Ony näme üçin ol öýde goýup gaýtdylar...». Ol oýlandykça kelep ujuny ýitirýärdi. Soňabaka öz etini özi iýip başlady. «Indi nähili bolar? Ejem, kakam meniň şeýdip gelenimi eşitse, eý, waý «hudaý saklasyn...». Ol ylgap daş çykdy. – Gelneje – diýip, gygyrdy. Içerden hiç kim çykmady. – Gelneje! Daşky tamlaryň birinden Towşan gelin ýüzüni ýagjardyp çykdy. – Oturyber-dä, näme? – Ýeke özüm oturjak däl. – Ol Towşan gelin ýanyna gelensoň, onuň elinden pugta tutdy. – Meni näme üçin getirdiň şu ýere? Bu sowal Towşan gelniň eňter-pelegini öwürdi. – Çörege ça... – Ol Ogulnyýazyň ol sözlere ynanmajagy aňdy. Şonuň üçin tilki sapalagyny etdi. – Soň Aşgabada baramyzda aýdaryn. Bu wagt däl... Ogulnyýaz onuň elinden berk ýapyşdy. – Aýt, aýtmasaň ölerin-galaryn, milisiýa giderin, aýt! Towşan gelin işige garady. – Ýuwaş! Seni gaýnyň iberdi. – Näme üçin? Towşan gelin dodagynyň irik ýerini barmagy bilen ýapdy. – Sarahsa gidýän diýsem şu gelnem gezdirip gel diýdi. Başgasyny bilemok. Ogulnyýaz janykdy. – Özüň «çörege çagyrdylar» diýdiň-ä, gelneje. Özüň diýdiň-ä Hany, hany ol diýýän zatlaryň. – Gaýynyňdan sora, bu gyzy, halys etd-äý. Towşan gelin dodagynyň irik ýerini ýalady. Ogulnyýaz onuň ýene-de gitjek bolýandygyny aňdy. – Nirä gitseňem, meni özüňden goýma, gelneje. Towşan gelin çykyp gaýdan işigine garady. – Sen girme, men gelýän... Ol howlukmaç hälki işige girdi-de, gapyny ýapdy. Emma işik açykdy. – Şol gelin seňk-ow, seňki! Ol Gulýanyň sesidi. – Ýoo-ok, maňa beýle söwda gerek däl. Razy edip beriň. Özi razy bolsun! Gulýa haha-haýlap güldi. – Näme, hemme heleý Gulýadyr öýdýäňmi, mugt aşagyňa sokular ýaly. Göwnüni tap. Ber ýaňky alanlaryňdan, ataňa aş berjekmi? Antoşka sesini çykarmady. – Nähili adam ol, zaýa bolaýmasyn. Gulýa, megerem Towşan gelni gyssady. – Eý, ýirik, kim ol. Towşan gelniň sesi ýagjymak çykdy. – Garawsyz gelin. Äri türmede, enwalit gaýyny bar. «Şunam äkit, ýüzi açylar, hem gazanç etmäni öwrener» diýdi. Antoşka hikirdedi. – «Uçgur» meselesine nähili? Towşan gelinem hikirdedi. – A gyz, munuň diýýänini. Aýal erkegiň gyrnagydyr-da. Ugruny tapsaň, etmejek aýal barmy. – Maladis! Ogulnyýazyň aňyrsy bäri geldi. Ol iki sapar ögedi-de, ýene içeri, hälki oturan otagyna girdi. Jümminiň ýeke özi däli-porhan bolup aýdym aýdyp otyrdy. Dün-e bir loly heleýdir-eý, Dün-ýe bi-ir lo-oly hel-leýdir-eý, Bir gün biz-zem guç-çar gider-eý, ýeý. «Gör, men nirä düşüpdirin. Aşgabatda, öz öýümizde goýmadylar diýsem, ýagyşdan gaçyp bu ýat ilde damja uçrajak bolup durun...» Ol başyny ýaýkady. «Adamlar beýle azgynçylygy, taňçylygy nireden öwrenýär? Olar beýle-beýle haýasyzlyga neneň çydaýarlar? Olaryň özleri owarram diýseň, ogullary-gyzlary bardyr-a. Olar näme üçin kasadyň kyýamata galmaýandygyny bilenokkalar? Edenleri ogullarynda ýa gyzlarynda maňlaýlaryna gütläp deger-ä...» Ol iňledi. «Eý, allam, abraý ber. Abraýymy alanyňdan janymy al, allam. Ärimiň açmadyk ýüzüni görüm açsyn...» Aňyrdan Antoşka diýilýäni ýylgyryp girdi. Ol çalaja tyňňyrdadyp, dutaryny yralap, «haçan gezegim gelerkä» diýip, garaşyp oturan Jümminiň dyzyna depdi. – Eý, göteril şu ýerden! Jümmi günäsiniň üstünde tutulan çagajyk ýaly bolup, oturşynam üýtgetmän, gözüni depesine dikdi. – Men-ow, aýdym aýtmal-a. Olar meni ýörite çagyrdylar. – Bar-r, göteril, ýogsam... Jümmi dutaryny bir eline, onuň mahmal gabynam beýleki eline alyp işikden sumat boldy. Antoşka işigi ýapdy-da, bosaganyň sekisinde syrtyny goýdy. – Gyrnak gyz! – Ol misli, kiçijik bäbejigi aldap, onuň bilen degişýän ýaly, gözlerini gyrpyp, ýasama ýylgyrdy. – Eger mümkin bolsa, bäş agyz sözüm bar. | |
|
√ Janserek -8: romanyñ dowamy - 13.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -4: romanyň dowamy - 13.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -27: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Duman daganda: Aç garny doýrup bolar, aç gözi kim doýrar?! - 05.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |