20:53 Gyrnak -7/ romanyñ dowamy | |
Ogulnyýaz onuň ýüzüne-de garamady. Indi garady, garamady, Antoşka üçin parhy ýokdy. Onuň ýekeje maksady bardy. Niýeti şony düşündirmekdi.
Romanlar
– Men, ýetim. Özümem Aşgabatdan, detdomdan. Öýlenen, iki çagam bar. Şu zastawada işleýän. Günüm hoş. Pulum weşeň. Adymam Anna. Ýöne çagalar öýünde «Antoşka» aýdymyny aýdanym üçin Antoşka boldum. Özümem gör, nähili owadan, syratly. Şu wagta çenli ýeke awumam sypdyramok. Ine, şu gije nesibämden sen çykdyň. Eýläk ýatsaňam, beýläk ýatsaňam... Ogulnyýaz: – Toba! – diýdi. – Hudaý saklasyn! Antoşka gaty ynamly gürledi. – Hudaý saklasa-da, saklamasa-da... Ogulnyýaz misli bu adam üstüne zyňaýjak ýaly, ýerinden turdy. Antoşka «otur-sanaý» diýen manyda elini geleňsiz salgady. – Ýene gepleşeli. Üç ýol bar, biri gowulyk bilen söýüşýäs, ikinjisi, näçe baha kesseň, men razy. Üçünjisi, içiňe bir depýän, etjegimi edip çykyp gidýän. Ana, asman paýyňy çekiber... Haýsysyny isleýäň. Birinjisi, ýok! – Ol jübisinden iki paçka bäş ýüzlük çykardy. Birini Ogulnyýazyň aýagynyň aşagyna zyňyp goýberdi. – Elli müň! Ogulnyýaz oňa gaňrylybam garamady. – Onda men seniň bilen başgaça gürleşýän. Ol çyrany öçürdi. Ogulnyýaz howludan içerä düşýän öçügsi yşyga bu adamyň eşiklerini çykaryp, gapynyň içki zülpesini ötürenini gördi. – Bäri gel! Ogulnyýaz egildi, emma eline ilen zat bolmansoň burça garşy çekildi. – Dogan, maňa azar bermäň! Emma häzir Antoşkanyň gulagy gapylypdy. Ol çyp-ýalaňaç halyna, aýlanyp geçmänem kyn görüp, saçagyň üstünden nygmatlary depeleşdirip, burçda garalyp duran gelne bakan äpet ellerini uzadyp aýtdy. Şol gelşine-de şadyýan, häzir çekilmeli keýpiň hözirini öňüden görüp hikirdedi. – Däd-deňe nada! Ýola gel, men seni, jan-nym... Ogulnyýaz bu garadan gaýtmaz pyýadanyň düzüw däldigini, ony häzir bu haram pälinden gaýtaryp biljek adamyň ýokdugyny, binamyslyk bilen, hapaçylyk bilen aralykda pyçak arkada germewiň ýokdugyny dubdy. Şu wagta çenli adam ogly elinden tutmadyk halyna, şeýle sähel pursatdan asman inip, ýer çöwrülip boljak haramçylygyň önünde zehresi ýarylara geldi. Onuň kalby lerzana geldi. Gözüniň öňünden enesiniň perişde ýaly päkligi, ejesiniň çörek ýaly halallygy, kakasynyň pygamber sypgat nuranalygy, jigileriniň jennetiň akja guşy ýaly tämiz didary, Ýazow daýysy, daýzasy, Merdan, Bike eje, Geldijik... bary edil bir kino lentasyndaky ýaly, belki ondanam çalt, ýyldyrym çakandaky ýaly bolup geçdi. Olaryň ählisem asmandan bir bela inendäki ýaly, ýok ýer yrananda jaýyň içinde oturan, ýeriň sarsgynyny duýan adamlaryňky ýaly gorky bilen Ogulnyýaza garap durlar... Gap-gara eliň bady geldi. Ýöne Ogulnyýaz ony özüne degresi gelmedi. Ol janynda baryny edip, iki eli bilen bu gara belany itip goýberdi. Emma onuň munusy keýik owlajygynyň oýun edip, özüni gujaklajak bolýan adamy süsen bolşy ýaly bir zatdy. Antoşkanyň aýagynyň aşagyndaky çüýşeler ýykyldy. – Haýyn, çekil! Bu şakyrdy Ogulnyýazda egilip çüýşeleriň birini almak hyjuwyny oýardy. Emma çüýşe bilen bu belanyň aralygy indi juda daşdy. Antoşkanyň bedeniniň gelin «söýmäge» doly taýýardygy ol daşarynyň yşygyny hasam daraldyp, içerä akdyrýan penjiräniň öňünden geçende hasam gowy göründi. Ol özüniň bu kaddyny güjeňleýäne meňzeýärdi. Şonuň üçiň uly buýsanç bilen gelýärdi. – Aýrylyň! «Eý hudaý, ýeriňde, ýurduňda bar bolsaň, meni haramyň eline berme. Abraýymy alanyňdan, şu jaýy düňder üstüme, janymy al. Abraýyma degme, jan allam!». Gara pyýada her elini bir burça urdyda, dulda tora düşen bedene ýaly bolupjyk duran gelni gujaklajak boldy. Antoşkanyň hyýaly gelni göterip, bir eli bilen agzyny tutup, töre geçirmekçidi. Şonuň üçin bu çepiksije gelni ilki bagryna basmak isledi. – Azgyn! Ogulnyýaz onuň düňderlip duran gujagyna girmän, aşak eglip işige bakan süýşdi. Edil şol pursadam onuň eline içi arakly çüýşe ildi. Gujagyna hiç zat ilmedik Antoşka hasyrdan egildi-de, gelniň egnine elini goýdy. Şol pursat onuň beýnisiniň çuňlugynda äpet ýyldyrym çakdy-da, onuň awuly sarsgyny ýüregine döküldi. Içgiden, neşeden läliksirän ýürek ol gazaply ynja çydap bilmedi. 11. Gelni bilen Towşan gelni «argyşa» ugradan Pugta daýzanyň keýpi kökdi. Ol gelniniň demläp giden çaýyny içip, düşegini ýygnady. – Hany, göreli-äni, näme iş bitirýärler. Hudaýym, ýamanlygy ile bolsun, ýagşylygy mana bolsun, tüf, tüf, öl içine tüýkürdi. – Men-ä gidiň diýemok. Özleri gitdiler, özlerem gamyny iýsin... Ol agşama çenli, «olaram ind-ä barandyr-ow»diýlen çaka çenli ýatdy. Oýananda çilime güýmendi, nämüçindnr, bu gün göwni nas küýsemedi. Ikindinara gelniniň taýýarlap giden içine uwaşy atylan towukly çorbasyny gyzdyrdy. Birdenem ýüregine howsala uran ýaly boldy. «Ol tentek gyz, dodagy it çeýnän ýaly porsy heleýiň hažyk-hužugyna öteýtmese-de ýagşy. Ol heleýden her zat çykar. Men guraýyn, gör-ä, aýtmandyrynd-a, az paýjagazyňy aýry al diýip. Ol heleý Aşgabada gelse-de ilki öz gider. Ol tentek gelne «bar gidiber» diýip. Öýüne baryp näme etse edip, içjagazyny üzübem, itiň önüňe süňk atan ýaly edip atar...» Pugta daýza häzir bal ýaly çorbanyň mazasyny biler ýaly däldi. Ol çeýnelip öleniň diýjek gepini bilýän: – Bu sapar oňly zat bolmady. Ýollaram, hyz-haramyçylyk. Hälki bir ät galmasyn diýdim – diýer. – Ýok, men ony etdirmen. – Ol öňünde Towşan gelin oturan ýaly, elindäki çemçäni saçagyň üstüne düňküldetdi. – Heleý, hany, kepiňi köpeltme. – «Hasaply gardaş uzak gider» diýipdirler. Näçe getiren bolsaň, deň pölüş... Ol Towşan gelniň ýaýaplaýanyny gördi. – Senjagaz Saragtam bir daş ýer däl, giderinem, görerinem, düýp teýkaryna-da ýeterin.. Onsoň seni edişime seret. Häzir, ýaryny orta goý. Towşan gelin dazgarçylyk etjek boldy. – Waý, kürte-de, şaýam, puluň agdygam meniňk-ä. Men ýarta razy bolmaryn... Pugta daýza ýer ýumruklady. – Seniň kürtäňi, şaýyňy, puluňy äkiden, malyňy alyp gelen men dälmi? Men bolmasam seniň jakyrdyň gözenegiň aňyrsyndan çykardy. Henizem bir pille. Ýogsa, ajyňy başyňa dikerin, ynsapsyz ganjyk... Towşan gelin ýaýaplady-da: – Ol bolmaz-a! – diýdi. – Baýam bolar. Getir bäri ýaryny. Bujagazyňy äkit-de, ataňa aş ber. – Pugta daýza elini gazap bilen silkip: eliňdäki düwünçigi iki eli bilen Towşan gelniň üstüne tozatdy... Onuň öňündäki çorbaly jam saçagyň üstüne düňderildi. Agaç galamy bolsa atylyp honda düşdi. Pugta daýza ýüzüňiň şol gazaply myrtaryny düzetmän gan guýma bolan gympykdan dumanly gözlerini saçagyň üstüne aýlady. Ol häzir ýanynda Towşan gelniň ýokdugyny, onuň diňe kölegesini kötekleýändigini hakydasyna getirdi-de, ýer ýumruklady. – Akmak heleý, sen bir gel bakaly. Şol wagt işik kakyldy. Ol aljyrady-da, saçagy tabagy, çöregi dökülip ýatan unaşysy bilen suwuny akdyryp göterdi-de, äkidip wanna taşlady. Palasyň öljerip duran ýerine ýaplanyp oturan ýassyklarynyň birine goýdy-da, düwünçekleriniň ýassygynyň aşagyna dykdy. Işik ýene kakyldy. Ol hysyrdanyp turdy-da, işige baryp, söýän elini goýup diň saldy. – Kem? – Gyrnaklarmy? – Işigiň daşyndan aýal adamyň sesi eşidildi. Ýöne häzir kimem bolsa, onuň adam ogluny içeri goýberesi gelmedi. Şonuň üçinem: – Gyrnak ýok – diýip, öňürtiledi. Daşardaky aýalam gaýdarly däldi. – Daýza, men Gyrnagyň işinden. Bir iş bar, başlyklar iberdi. «Başlyk» sözi ony ünjä goýdy-da, elini zülpä ýetirdi. Içeri kyrkyň pellesine ýeten, saçy depesine boglan, reňk bilen şeýle görmegeý görünýän zenan müşki-anbary bilen girdi-de ýylgyrdy. – Salam! Pugta daýza-da ýerine geçdi. – Çaý içseň-ä, bar, goý. – Onuň ýadyna klýonkaly, jamly beýlekili wanna düşdi-de diýen sözüniň aýagyny duşaklady. – Howluksaňam, gel, aýagyňy bir ep. Aýja içerä göz aýlap, tas essinden gidipdi. Nasyňmy, temmäkiniň ysy, bişen ýüňuň hem-de ajan naharyň bugy bilen garyşyp, demligiňi gabaýardy. Perdesiz, tutusyz penjireler, ýokardan armyt ýaly bolup saplanyp duran ýetimje çyra, kirläp giden potolok, sürlüp, sypjyrylyp garalyp ýatan oboýlar, ýerdäki sürçegi çykan palas, ýüzi açylmadyk fabrik halylary, köne ýassyk, bu kirli aýal oňa üýtgeşik ýere düşen ýaly göründi. «Ol gelin-ä, özüni görene güjeňlän bolup, köşkde ýaşamaýandyryn öýdenokdy...» – Daýza, hany gelniň? – diýip, Aýja oturmaga ýer gözledi. Ol ahyry ýerde syçrap ýatan unaş sapaklaryny eli bilen syrdy-da, gyra çekilip, ýygnanyp oturdy. – Gidendir-da, ýok! Aýja bu jogaba haýran galdy. – Men redaksiýada işleýän, daýza. Gyrnak bilen. – Ol sumkasyny açyp, sermenen boldy-da, kagyza dolangy zady garra bakan süýşürdi. – Somsa bişirdim. Elim boş gelmäýin diýdim. – Hä. Aýja gepi başlamanyň ugruny tapmady. Bu ülhi aýalyň «gelnini öweýin» diýs-ä, birden ýalňyşaýmagy mümkindi, gele-gelmäne işdeş ýoldaşynyň depesinden «daş» ýagdyryberse-de, bu aýal halajakmy, dälmi, onam bilmedi. Aralyk gepem nireden başlajagyny bilmän, başdan gaýtdy. – Gelin edinipsiňiz, aýagy düşsün... Pugta daýza ýagy daşyna çykyp duran gazeti gözleri bilen elleşdirip oturşyna, çilim otlandy-da, gyrykdan ýognas: – Ow-wa – diýdi. Aýja öz salysyny, özi süýremese, bu aýaldan oňa «hä-hüm» bolmajagyny bildi. – Ýaşlar nädýä, agzybirje ýaşaşyp ýörmi? Garry sesini çykarmady. Oňa diýýämişiňem diýimedi. Ol ahyry, çydaman dolangy gazete elini uzatdy. – Somsamy, gökdenmi? – Ýok, elinje etden... Garry kagyzy açdy-da, somsalaryň biriniň böwrüni ýardy. – Gökdenem-ä süýji bolýandyr. O ýyllar teke bazarynda satylardy. Çal, aýran bolardy. Birki sanysyny alyp, bir benke çal bilen iýseň, derman bolar? – Ol böwrüni deşen somsasyny kirli eli bilen böldi-de, ýarysyny Aýja uzatdy. – Al, iý. Garry ýagly gutaby symyşlap boldy-da, eliniň ýagyny dyzlaryna çaldy. Soň gaşyny gerip, içini çekdi. – Ýaşlar dälmi meni şu güne salan. Ol körjümek gözlerini eliniň ugry bilen içerä aýlady. – Gör, bu içerini, heý, ministriň içerisine meňzeýärmi?! Hemmesini syryp-süpürip berdim, şu gyrnak üçin. Oglumyň diýenini etmedim. Oglum ýüzümden geçip bilmän. – Ol eňräp başlady. – Ýeke çagam däli-diwana boldy. Araga-şeraba ýüz urdy. Nijeme wagt bäri Baýramalynyň eltepesinde çüýräp ýatyr. Ony görýänem ýok, ideýänem. Halydan habar alýanam, nedir halyň diýýänem ýok. – Gelin wäme? Pugta daýza şol yranyp oturşyny togtatdy-da, ýassygy galdyrdy. Soň ýene-de. – Ine, gelin – diýdi. Aýja palasdaky köljerip duran öle, ýassykdaky kirli ýoklara geň galyp garady... – Ol dars daban, guraýak gyrnak meniň döwletimi çaýkady. Aýja oturyp bilmedi. – Onuň işde tertibem gawy däl. Redaktorymyz şony size ýetir diýip iberdi. Hälki aýdanlarynyzam ýetirerin oňa... Pugta daýzanyň hydyr diýeni hyrs çykdy. Ol Aýja garşy emedeklejek ýalam etdi, emma ýassygyňyň, dyzynyň, düşeginiň, astyndaky düwünçekleri açylar öýdüp, ýene-de sokudaşy ýaly dikeldi. – Hakyt gaýynym erbet, onusy eýle munusy beýle diýip aýdýamy? – Ol Aýjanyň agzyndan kah-kah urup, üýtgeşik guş çykjak ýaly, gözüni gyrpman, agzyny açyp seretdi. – Ýok, eý-ä diýenok! – Ärim erbet, alkaş – diýýämi? Aýja başyny ýaýkady. Ol garrynyň ýüki ýeňledi gitdi. – Içerisi garyp eken diýändir. Diýip ölsün. Iýmäge zady ýok diýýändir, diýip geçsin. Ondan şondan gowy söz çykmaz... – Beýem diýenok! – Nämesi erbet onda? – Ol erbet bolsa başga nähili bolýandygyny küýüne getirjek boldy. – Ýene näme diýýär? Aýja fabrik halysynyň solgun ýüzüni bir barmagy bilen darady. – Daýza – diýdi. Soň at oýnatdy. – Meniňem edil seniň ýaljak gowja, – ol «owadanja» diýjek boldy, emma dili aýlanmady. Enem bar. Biz-ä şonuň abraýy diýip ýer ýaly bolup ýörüs... – Ene garrymy? – Hawa. – Neşejigem edýämi? – Ýog-eý, hudaý saklasyn. Bäş... Ol Aýjanyň sözüni agzyndan kakyp aldy. – Onda nas, çilim bilen oňýadyr-da... Aýjanyň ýüzi boz-ýaz boldy. – Hudaý saklasyn. Bäş wagtyny yrman okaýar. – Bäş wagtyna... – Bäş wagtyny okaýar. Namaz, namaz... Şonuň abrany diýip hiç zat edemizok. – Pugta daýza ýylgyrdy. – Edibererler. Gowuja ekeniň. Ýene birki ýyldan ýüzüne erkek seretmez. Halparyp başlapsyň. Bu erkeklermi. – Ol dyzyny urdy. Aýja-da kem galmady. – Edýäs-le. Ýöne başga zat aýtjak bolum. – Bizinkem edýämi. – Şony aýtjak bolýan. Pugta daýza bir gulakdan düzüldi-de, doňup galdy. – Ol Annasoltan bilen jora. Ol aýal gaty erbet heleý. Erkekbaz. Gelniň şondan sapak alýa. Şonuň bilen tirkeşmesin... Bu myhman gelniň agzyndan özüne gerek sözleri alyp bilmän iki jahan owarrasy bolup oturan garry ýene-de anyklady. – O kemçiň işine-de barýarmy? – Ýok, öýe gelýär, joram – diýip, özi aýtdy. – Işine baranok. Garry elini galdyrdy. – Ýene nämesi erbet? Aýja şu sowala edil eňeşak gaýdan ýalyly ýeňledi. ________________________________________________ – Bir erkegi urup, gözüni çykarypdyr. Ol erkek bolnysda ýatyr. – Suda berjek gelniňi diýýär. – Ol eder – diýip, garry ýene-de özüniňkini sürüp başlady. – Ol goňşy gelnem urdy. – Ol adyny tapman ellerini titretdi. – Ýaňky erbet diýýäniňizmi? – Annasoltanymy? – Hawa, ol gelin degşip: «Bir erkek seni halaýar, özem baý, seni eklejek diýýä, gezseň» – diýse, köwşüni aldy-da ýaňkynyň hakyt gözjagazyny çykaryp, eline beräýdi-dä. Öz gözümiň alynda. Gözüni eline alyp gitdi-de, olam milisse getirdi. Milisse-de olary ýaraşdyrdy. Hakyt, gözümiň alyn-da. Munuň şol häsiýeti bar, häsiýeti guranyň. Gep eşitmedikd-ä, daş duruň, siziňem gözüňizi çykarar bu, her zada garaşaýmalydyr... Aýja gorkdy. Gelni ýamanlamaga ýene-de delil gözledi. – Erkekler bilen degşip ýörüs. Olaram «söýýän» diýen bolýar. Gowy erkeklerimiz bar. On-a hemmämize-de diýýär... – Söýýän bolsa söýýän diýer. Erkek başga näme diýsin. Onuň ýekeje päli bolar, söýýän diýip, aldap-ogşap ýatyrar-da, işini bitirer. Olarda başga söz bolmaz... Olara görä bolmasaňam «erbet gezýä» diýip gybatyňy eder. – How-wa – diýip, Aýja-da gürrüňdeşligiň tutuş dowamynda ilkinji sapar ýoldaşynyň gürrüňi ýüregine jüňk boldy. – Nejisler, aýdyşyň ýaly – Ýöne olara-da düşünmeli-dä. Siz düşünip otyrsyňyz-a. A gelniňiz bolsa düşünenok. Atasy ýaly adamlara... – Olary-da urupmy? – Urmasa-da uran ýaly edipdir. Olaram redaktoryň ýanyna baryp: «şuny ýok et» diýipdirler. Işde-de ähli erkek şunuň ýanynda. Redaktoryňam gahary gelýär... Özem işlänok, ilem işledenok diýip... Kimdir biri işigi açdy-da, soň ýene ýapyp gitdi. – Kim? Pugta daýza häliden bäri Çommak agaň gelerine garaşýardy. Onuň hasaby boýunça gelen Çommak aga bolmalydy... – Bar, seret kim-ä? Aýja bilesigelijilik bilen işigi açdy-da girelgä boýnuny uzatdy, soňam kerk gören ýaly bolup boýnuny çekip aldy. Aýjanyň ýüzüniň ruhy uçdy. – Kim? – Bilmedim. Pugta daýzanyň özi ýerinden turaýjak-turaýjak boldy. – Erkekmi, urkaçy? – Aýal. Ol elini salgady. – Onsoň näme? Aýja sumkasyny gapdalyna çekdi. Ol garra «men-ä turjak» diýen yşarat bolup göründi. – Daýza, gelniňize gowja käýýäň, beýdip ýörmesin. Meniň-ä diýjegim... Pugta daýza sesini çykarmady. Ol Aýjany ugratjagam bolmady. Aýja şu öýden ugrandan soň üstündäki dag aýrylan ýaly bolup, yzynada garaman, girelgeden çykdy. Ol duralga çenli başyny ýaýkap gitdi. Diňe duralgada: – Bagty ýatan, Gyrnak – diýip hüňürdäninem duýmady. Pugta daýza bu del myhmany ugradyp, çilimine gümra bolup oturşyna: – Gelmän geçen – diýip, işige gaharly garady. – Baryňyz bir, tohum dälmi siziň. Hudaýym, gyzymyň ýoklugyna-da şükür. Şolar ýaly gyzyň bolandan, bolmany gowy. Işik jarka açyldy. Pugta eje tütüniň arasyndan hiç kimi saý garmaly. – Çommak! – Men! – Bel-la! Ýene geldiňmi! Ol hälki gelin ýene öwrülip gelendir öýtdi. «Nämesini galdyrdyka?» diýip, hälkiniň oturan ýerini gözi bilen sermeledi. Öňündäki somsadan başga zady görmedi. Içeri Annasoltan girdi. Ol bejerilen saçyny guratmak üçin oran ak, kirli ýaglygyny hüýpüpigiň çokuly ýaly taýzarlyp, kellesini» hilelije ýaýkady. – Men öň gelemog-a, daýzaşka. – Gelmeseňem bela! – Pugta daýza gözüni gelşiksiz jüýjertdi. – Senem düzüwlilige gelen dälsiň. Aý, şu garrynyň dişi ýokdur, unaşyjyk elteýin, şuňa bir nas puly bolsun, bäş manat bolsun diýesiň ýok. Gep gözläp gelýäň. – Bildiň – diýip, Annasoltan matlabyny gizläbem durmady. – Daýzaşka, men saňa bir zat aýdaýyn. – Ol işigi ýapdy. – Ýaňky kemçin gaty erbet gezýän aýal. Özem, ýaş gelinleri çekýär. Erkekler bilen tanyşdyryp, olardan pul alýar. – Annasoltan gözlerini çerreldip, kellesini endik yrap, edil sahnada bolşy ýaly, obraza girdi. – Ynan, duz bar, meniň bir tanşym, şol aýjyn bilen tirkeşeni üçin öz aýalynyň saçyny syryp, öýünden kowupdyr. Onsoň biliber onuň kimdigini. Sen bilmeseňem, il bilýär. Ony tanaýanlar, ol heleý bilen bir trolleýbusy münmäge haýa edýärler. Olmy, sen bolsa ony bileňok, gelniň bilen jora, ol, öýüňe gelip ýör. Gördüňmi, ol aýjyny bäş gün işe baryp, ondan sapak alandan soň, at gazanan artistkany edäýşini. Pugta daýza ýassyga gyşardy. – Aý, şol gursun-da, ylaýym. Gepli-gürrüňl-ä bolduk-da... Annasoltan nämedir bir zat ýadyna düşen ýaly, elini çarpdy. – Hä, gyz, wiý, gelenimiň sebäbi, hol Çommak aganyň ýokarsyndaky heleý bar-a, jygyllykçy, şol aýdýar-a. – Çarşenbe güni bazara barýarkam, toba, diýip ýakasyna-da tüýkürýär – Girelgäň agzynda hümürdi bar – diýýär. – Görsem – diýýär – Pugtanyň gelini hakyt bir welsepitli ýaşuly bilen gujaklaşyp, ogşaşyp dur diýýär. – Meni görübem, ol utançsyz-a girelgä sümüldi. Ol ýaşulam tigrine münüp, gündogarlygyna gitdi – diýýär. Ol aýal ýalan sözlejek aýal däl. Hakyt, gulagym bilen eşitdim, Ýalan sözlesem, ýeke oglumdan bolaýyn... – Haýsy aýal? – Pugta daýzanyň sesi ysgynsyz çykdy. – Hol, jygyllykçy-da... Pugta daýza bokurdagyny arçady. – Şol aýaly getirip bilermiň? Annasoltan ýalmana döndi. – Näme getirmän. – Getir onda, şony. Annasoltan ýalançy bolmajak bolup, girelgä sümüldi. Kän salym geçmänkä-de ol şol diýilýän aýal bilen tirkeşip geldi. – Şol çynmy? – diýip, Pugta daýza demi-demine ýetmeýän ýaly bolup, her harpy hetjikläp sorady. Ol aýal uz ýaşyndy. – Ýalan sözlemäýin. Hudaýdan ýaşyrmadygymy, senden ýaşyryp, bir zat diýmäýin. Ol ýere garady. – Şol welsepitli bilen gelniň düzüw däl. Diňe men däl, başga-da gören bar. Men olary şu girelgäniň işiginde, bogalaşyp durka gördüm. Soňam aladaňdan ikisi ýoluň gyrasynda gürleşip duran eken. – Welsepitlimi? – Welsepitli! Adynam bildik, Abdymyşyn. Köçe süpürýänleň birgady. Pugta daýza iki büküldi-de maňlaýyna urdy. – Waý, gara bagtym! Aýallar biri-birlerine gözlerini ümleşip, çykyp gitdiler. Garaňky gowy garyşypdy, ol gündizi, gijäni saýgarar ýaly däldi. «Haram, ganjyk, sen bir dur bakaly. Men seni öz ellem bilen, dur bakaly, senjagazy, o-wf...» Ol alaçsyzlykdan, «namysynyň» depelenmeginden tütäp-tütäp eňredi. – Men saňa näme etdim, eý Taňry? Sen meni näme üçin aýak asty etdiň? Ol ganjygy getirip saljak bolsaň başga içeri tapmadyňmy?.. Ol eňreý-eňreý, işiginem gulplaman, gijäniň bir wagty oturan ýerinde uklap galdy. Otly ugrady. Öň maşyn bilen awtobusdan özge ulaga münüp görmedik Ogulnyýaz üçin bu aljyraňňylykda yranjyrap, şakyrdap barýan, içi gatbar-gatly uzyn otag hem täsindi hemem gorkunçdy. Ol otly silkinenden Towşan geliniň elinden ýapyşdy-da töweregine uly howsala bilen garady. Bu ýerde oturanlardan otly ugradymy, ugramadymy, oňa ähmiýet berýän ýekeje adamam ýokdy. Ählisi irkilişip otyrdy. Diňe başy açyk, ýeňsiz gögümtil köýnekli ýetginjek aljyraňňy görünýärdi. Ol elindäki papkasyny gowuşgynsyz tutup, nätanyşrak adamlary hasaba alýardy. Ol ahyr soňunda Ogulnyýazyň gaşynda sallandy. – Marydan mündiňizmi? Ogulnyýazam tördäki kiçijik stoljygyň çetinden gaýym ýapyşyp durşuňa, Towşan gelne ümledi. – Gelnejem bilmese... Sülgün gelin titredi. – Waý, alla jan, hawa, jigim. Bize pastyl bereweri. – Aşgabadamy? – Hawa! – Iki?! – Hawa... – Heriňiz ýüz manat beriň! Towşan gelin aljyrady. – Jan jigi, bizden göz-gulak bol. Puluň gürrüňi bolmaz. – Ol Ogulnyýaza garady. – Kürtäňi aýraý. – Ol ýene-de ýolbelede garady – Jigi, häzir beräýeli puluňy. – Häzir. Ol ýakasyny açyp, ondan gökje haltajyk çykaryp, ýolbelet bilen hasaplaşdy. – Pastil, jigi, pastil! Ýolbelediň aňyrlardan bir ýerlerden «häzir, häzir» diýip sesi geldi. Ol birwagtdan soň iki sany prostyň bilen köneje odeal getirip, eýýäm gyşarmaga ýetişen Towşan gelniň aýagujuna tabşyrdy. Towşan gelin janlanan ýaly boldy. – Enşalla, irdenjik Aşgabada bararys. – Ol çök düşdi-de bir zatlar samrady. – Özüň gora Ysmamyt ata jan... Ol oturybam, ýatybam bilenokdy. Iki gözi girelgededi. Milisioner ýa-da ýörite eşigini geýen ýolbelet gelýän bolsa-da: – Waý, alla jan, özüň goraweri – diýip, Ogulnyýazyň kürtesinden ýapyşyp ýatýardy. Olar geçip gidenden soň, elini gowşadýardy. – Awtobusly giden bolsak gowy bolardy... Awtobus diýende Ogulnyýazyň ýüregi sarsyp gitdi. Onuň göz öňünde ýene-de şol gara bela geldi. «Hudaýjan, el-ä batyrtmadym, herne, alla jan kömek etdi...» ...Ol eglip çüýşäni alyp, eýe ýaly bolup gelýäniň depesinden eňterişini, ikinji gaýta onuň maňlaýyňa ýelmeýşini, ol adamyň saçagyň üstüne ýykylyşyny, şondan soň ylgap baryp, işigi zordan açyp: «Gelneje» diýip elewräp giren işiginde aýallaryň üç pelteli kerogazy ortalaryna alyp, gyşaryşyp ýatyşlaryny, Towşan gelniň: «Hiç kime aýdaýmagyn» diýip elewreýşini, aýallaryň aždarha gören ýaly bolup örüşini, olaryň Antynkanyň bolup ýatyşyna ýakalaryny towlap, ýürekleri ýarylan ýaly bolup waýkyryşlaryny göz öňüne getirdi. – Gaýdaly, gelneje! Gulýa çyrany ýakandan soň, Meňli ýene-de waýkyryp başlady. – Bagtyň ýatdy. Men ýokduryn. Meni ara goşaýsaň, gaty görme... Ol özüni Antynkanyň üstüne oklady. Onuň demini barlady, Soňam birneme arkaýynlandy-da, iki aýagyndan süýräp, düýrlenen klýoka-beýleki bilen töre çekdi. – Durmaň! – Ol Meňlä komanda berdi, – Bar, Jümmä aýt, maşynyny alyp gelsin. – Ol Towşan gelni gyssady. – Senem, hälkileri kürtäňe dyk. Mara ugraň, otla ýetişersiňiz. Bu meýt, diri galan bolsa sizi Saragt ýolundan geçirtmez. Içinden getirendir. Ol Ogulnyýaza dişini gyjady. – Sen, jelep, öýümiz-ä ýykdyň. Sen entejik dur bakaly... Ogulnyýaz edil bir gurduň demine düşen owlajyk ýaly titreýärdi. Herne, Jümmi köp eglenmedi. – Benzinim azrak, ýöne Mara ýeter. Gulýa hökümli gürledi. – Gönüläp git, gumuň içi bilen, Garybata elt. – Ol birden kürtdürdi. – Ýoo-ok, Mara, göni Mara elt. Işi çig etme. Gijäniň ýarynda iki sany ýaş heleý, ýamman şübhel-ä. Ýollar zabun saklanýar.... Towşan gelin hälki gül öwsüp durandan nam-nyşan galmadyk, ýöne ondanam agyrrak kürtäni getirip Ogulnyýazyň depesine atdy. – Dabaý, dabaý, ugraň! – Näçä diýýäň? – diýip, Jümmi paçak aljak oglanjyk ýaly, tamakinçilik bilen elini owkalady. Gulýa söwdany nese etmedi. – Müň! Jümmi razylyk bilen baş atdy. Gulýa Towşan gelniň egnine elini goýdy. – Haý, heleý, Saragtdan çykdyň, biz seni tanamyzok, senem bizi. Saragtdan bolsa, alla ýol berse çykararys. Düşündiňmi? – Düşündim. Ol aýal içeri girip pul alyp çykardy-da, Jümmä hakyny uzatdy, – Me, bul-a, ýaňky hakyň. – Ol Jümminiň eline ýene-de pul tutdurdy – Bu-da diliň üçin. Diliň eýesi bolmalysyň... Jümminiň ýüzi açyldy. Ol razylyk bilen baş atdy. – Bor, bor, ýöne çaltyrak ugralyň... Maşyn gumuň içindäki selin-sazaklygyň içine sümülip, zowwamdan ýeňiljek yşygy bilen kä garaňkynyň bir çüňküni ýokary göterip, käte garaňkyny basgylap, maşynyň edil tigirleriniň öňüne düşüräýjek bolup eňip barýar. Ogulnyýazyň süňňündäki galpyldy henizem aýrylanokdy. Jümmi ukuly, serhoş gözlerini süzüp, ruldan berk ýapyşyp otyrdy. Köneje «Moskwiç» misli gije azara goýlanyna gahary gelýän ýaly, kä ýerde oturanlary göterip-göterip jygyldap duran oturgyjyna pylçap urýardy-da bir salym içi sowan ýaly bolup, garaňky bilen süsüşip başlaýardy. – Siz ýalňyşdyňyz! – diýip, Jümmi başyny az-kem gaňyrdy-da göwni bir ýaly bolup gürledi. – Hä, näme? – diýip, ýüregi bükgüldilidigi daşyndan kän bir saýgartmaýan Towşan gelin jyňňyldawyk sesi bilen sorady. Jümmi aýdan sözüniň agramyny ölçeýän ýaly, ep-esli ýere çenli sesini çykarmady. – O näm üçin diýseň, haram iş edýäňiz. Oňam haram bilen ýuwaňyzok... Towşan gelin Ogulnyýazyň kürtesiniň bir çetini hürsekledi. – O näme diýdig-i-iň? – Men bilýän-ä näme üçin geleniňizi Antynyň näme getirenini Onuň näme mes bolup, meni öýden kowýanyny bilýän-ä. Nätjek ony gizläp. Men samsyk däl-ä. Towşan gelin has wajybrak zat bilerin öýdüpdi. Bujagaz pelsepe onuň pinegini bozanyna degmedik bolara çemeli. Ol elini, «aý, bolupdyr, otur-a» diýen manyna ýumdy. – Sizi satarlar. Soňam gapjadarlar... Puluňyzam, malyňyzam gider. Özüňizem – ol özüni raslady. – Bu wagt hökümet neşäni nähili berk tutýanyňy gowy bilýäňiz. Azyndan ýedi ýyl. Ol ýumjuk gözlerini öňe tutdy. – Ýalňyşdyňyz siz. Towşan gelin oturyp bilmedi. Ol «agzyňy haýyr aç» diýen ýaly bir söz aýtjagam boldy, ýöne syr bildirmediksiredi. – Hudaý saklasyn. Onuň ýaly gorkunç zadymyz ýok. Ýöne, şu gelin elden-aýakdan çykyp duransoň gaýdyberdik. Jümmi kellesini egniniň üstünde maşynyň badyna saga-sola çaýkady. – Men nämedigini gaty gowy bilýän. Häzir sizi göni milisiýä äkidibem bilýän. Goý, barlasynlar. Goý, hiç zat çykmasyn, zato, diýerler, Jümmi arassa, wah! Ol öňündäki çekerini açdy-da ony manysyz sermeläp, ýene ýapdy. – Sizi şu çölde taşlap gidibem bilýän. Sebäbi, siz döwlete garşy iş edýäňiz. Men güman etdim, äkidip biljek däl. Men gorkýan. Kim maňa näme diýer, Emma sizi alyp gitsem, sizem ele düşseňiz «Jümmi getirdi» diýersiňiz. Şonda men agzyma ýaňky aýjynyň beren müň iki ýüz manadyny gysdyryp oturmaly bolaryn. Özem gözenek... Emma sizi şu ýerde goýup, yzyma gitsem, sag bolsun aýdarlar. Ol maşynyň ruluna patladyp urdy. – Häzir maşyny saklap, motor köýdi diýsem, oturarsyňyz-da... Siz ýalňyşdyňyz... Towşan gelniň serhoşlykdan çala açylan adamyň agzyndan çykýan sözleri eşidip aňkasy aşdy. «Şipiýonymyz-a öz ýanymyzda eken» diýip, ol Jümmüniň raýyna ýol agtardy. – Sen bizi sag-aman Mara düşür-de poýuza mündir. Şonça kireýiň menem bererin. Näçe? – Müň iki ýüz! – Pü-üwf! – Jümmi dodagyny çöwürdi. – O puluňa Mary bazarynda iki kilo gowurga-da düşenok. – Onda näme?!.. Jümmi gözüni töweregine aýlady. – Aýdaýynmy? – Diý. Jümmi ýene-de serhoş gözlerini ýumjakladyp, öňden gaçyp barýan yşygy towalady. – Men, ýöne – Ol yzyna ýagşy gaňryldy. – Men bir aýdamsoň, o-da bitmese, ýaman öýkeleýändirin. Şony aýdaýyn... – Aýt. Jümmi ýygryldy. Ol başam barmagyny yzyna gaňyrdy. – Şu gelin meniň bilen bolsun! – Toba! – Bu Ogulnyýazyň sesidi. – Allam abraý, bersin. Jümmi gulaga öwrüldi. – Ýeri, näme? Towşan gelin sesini çykarmady. – Alladan gorkuň! Jümmi ýüzüni «goý-aýt» diýen manyda çytdy. – Sallah men. Bir sapar boldy, bes. Soň men sizi Aşgabada äkideýin... Towşan geliniň demi garnynyň düýbünden çykdy. – Bu bir ýaş gelin-ow. Heniz ýüzi açylmadyk. Jümmi burnuny çekdi. – Ýaňky bilen bold-a, meni kowan bar-a. – Hudaýjan-eý... – Goýaweri... Jümmi bir salym sesini çykarmady. – Men, ýöne ýaman öýkelärin. Zorlugam etmen, gyk-wakda, heleý kän. Ýöne men öýkelesem, ony hemme kişi bilýändir. Ol maşyny saklady. Soň yzyna öwrüldi. – Hany boluň! – Towşan gelin Ogulnyýazyň elinden tutup, ony gyssady. – Bolmasa... Ogulnyýaz elini silkip aldy. Ýöne sesini çykarmady. – Görýäň-ä, gowulyk bilen bolmasa ol... Ogulnyýaz hudaýa sygyndy. – Hudaý bizlikdir... Jümmi işigi şakyrdadyp açdy. – Men garaňkyda garaşýan. Görüň, otly size gaýraşyp durmaz... Ol maşyndan çykdy-dä garaňka siňdi. Ogulnyýazyň gara gaýgysy, ol adam saga aýlanyp, özi tarapdaky işigi açmagy mümkindi. «Gelse, maňlaýyňy deşerin – diýip, ol köwşüniň sag taýyny ätiýaç üçin eline aldy. Alla jan, özüň gora, abraý ber gyzyňa, beýik eýäm...» Towşan gelin assaja hikirdedi. – Öz-ä ýaman oglan däl, hä. Bolmasa men gidäýeýin... Ogulnyýaz haýran galmakdan ýaňa galdyrady. – Otur! Towşan gelin humarly, bulanyk gözlerini köpmanyly ýylgyrdyp, garaňkyda oturan ýoldaşyny sermeledi, – Heýlemi, ýa özüň... Bor... Men soň... Ogulnyýaz onuň egninden basdy. – Gitmenem, ibermenem! Ol şu sözi bilenem Towşan gelni özüne getirip bilmedi. – Gowj-a. Etmeseň etmez. Men bilýän... Ol Ogulnyýazyň «dur» diýmesine-de bakman, maşynyň işigini sermenip, itinip açdy-da, daş çykdy. Daşary jennet ýalydy. Pendi çölünde akýan tenekar şemal älem-jahany yşk ody bilen ýugrup, kalbyňy ersdirip, janyňy alyp barýardy. Ýumşak çäge, uç-gyragy asmanyň çuňlugyna çenli uzalyp gidýän sähra, ýaňy jana gelen selin, sazak, gandym, mymyjak ýüpek oty öňem humary ýetik Towşan gelni aňyrlarda bir ýerde ýaly bolup görünýän gara tarap ýaýdanç, emma uly tamakinçilik bilen gaýyp gitdi. Asman şol iki garany bitewileşdirip, üstlerine ýyldyz baryny seçelendirip goýberdi... ...Ogulnyýaz aglady. Ömründe ilkinji sapar, uly horluk astynda galanyna, özüniň aýal bolup doglanyna, bu dünýäde mukaddes hasaplanyljak hiç zadyň ýoklugyna aglady... Maşyn ugrady. – Gatyrak sür, indi. Ýogsa gijä galarys. Ýa özüň maşynly äkidäý, Aşgabada. Öýde bolarsyň, soň gaýdyber... Jümmi tä Marynyň demir ýol wokzalyna çenli sesini çykarmady. – Otlyňyz gelipdir, ylgaň!.. * * * ...Gelnalyjy ýene-de gelip saklandy. Ony golundan tutup, saz-söhbet bilen içeri alyp girdiler. Ol ýene-de köne başlygynyň kaşaňja kabinetiniň agzynda dur. – Näme üçin beýle? Sen oýlandyňmy? Seni kabul ederlermi? Biz seniň yzyňda ser-sepil. Seni kabul etdirjek bolýas. – Ol ýüzüni eleşen eňşetdi-de, juda naýynjar görnüşde ýalbardy. – Beýtme, beýtme, iň soňky synag, iň soňky. Men mundan artyk saklap bilemok. Han-a, garaşyp durlar. Ogulnyýaz hiç zada düşünmedi. – Seni sorap gelipdirler. «Kejebeli geldi, kejebelem gaýtman» diýip durlar. Bir gideňsoň gelme ýokdur. Sen howlukma. Adamlara goşul. Ýaşa. Hakyň buýrugy şeýle. Soň ah çekersiň..» Ony, megerem, kejebeli gelenleriň biri bolsa gerek, yralady. – Hany, geliň! – Ogulnyýaz öňki başlygynyň ýüzünden gorkup, yza bakan tesdi-de, eli bir agyr zada degip tisginip oýandy. – Ýatan bolýar! – Oýadarys. Ol gözüni ýalpa açyp, töweregine garady. Hälki agaç tekjede ýeke özi iki dyzyny ýassanyp, üstüne abanyp duran milisioner bilen hälki ýigidiň alynda otyrdy. Ol bu adamlary görübem tisgindi. – Tur, ýöri! Milisioner azm bilen aýtdy. – Beýleki wagona! – Näme üçin? – Barlaga! Ogulnyýaz näme üçin barlanjagyny aňyna ýetirip bilmedi. Ol elindäki kiçijik gaýyş sumkasyny agtardy. Onuňam Gulýanyň öýünde galanyny indi bilip galdy. Ol gorky bilen töweregine garady. – Gelnejem hany? Milisioner ýolbelediň ýüzüne seretdi. – Gelnejeň şol ýerde, saňa garaşyp otyr. Gelsin – diýdi. Gelin başyndaky kürtäni ýüzüne çekdi-de. Keremara ýöräp ugrady. Milisioner «sypaýmasyn» diýen manyda onuň elinden tutjak boldy. – Maňa degmäň! – Ol elini silkip aldy. Milisioner gelni tutaklap barşyna: – Bar – aç! – diýip, ýeňsiz köýnekli ýigide ümledi. – Eý, allam, ýetişeweri! – Ogulnyýaz ýuwaşja pyşyrdady. Onuň häzir Towşan gelni göresi geldi. Emma görünýän ýokdy. Ýolbelet işigi açdy. – Sowul! Milisioner Ogulnyýazy beýleki wagona geçirdi-de, tördäki küpeleriň birine salyp-salman, onuň başyndaky kürtäni sypyrdy. Soň ýolbelede ümledi. – Şundamy? Ýolbelet baş atdy. – Şeýle bolmaly! Milisioner ýolbeledem içeri saldy-da küpäniň işigini jarkyldadyp gulplady, Ogulnyýaz oýaly-ukuly halyna bu adamlaryň matlabyna düşünmänsoň, olar başyndaky ýaglygyna çenli sypyrarlar öýdüp, başyny eli bilen tutdy. – Bu näme etdigiňiz? Milisioner kürtäniň tikilen ýeňlerine iç ýüzünden elini sokdy-da, ondan bişen kerpijiň ululygyndaky düwünçegi, beýleki ýeňindenem ýarty çörek salnan ýalyrak düwünçegi çykardy-da, kürtäni çöwrüp täzeden dörüp ugrady. Soň hiç zat tapmansoň ol kürtäni gelniň oturan tekdiriniň törüne taşlap goýberdi. Ol düwünçegi çözdi. Temmekiniň hem-de narpyzyň bozgunç ysy küpe doldy. Ogulnyýaz başyny galdyrdy. Uly düwünçende iküç, kiçi düwünçekde-de bir kilä golaýrak gap-gara «palçyk» sellofan haltanyň içinde bulanyp ýatyrdy. Ýolbelent sygyrdy. – Beý-bä! Milisioner ýolbelede ýer görkezdi. – Kürte özüňkimi? Ogulnyýaz başyny atdy. – Daýzamyňky. Milisioner elindäki portfelini açdy-da, ondan birküç tagta ak kagyz çykardy-da birini ýolbelede, birini gyzyň öňünde goýdy, Beýlekisini portfeliniň üstünde goýup, çykaran ruçkasy bilen ýapyrylyp, ýazyp başlady. – Şu gün 199... ýylyň aprel aýynyň ýigrimi ýedisine. – Ol daşyndan pyşyrdap, gara kagyz goýulansoň ýuwaşja şybyrdaýan kagyzyna ýazyp başlady. Çärjew – Aşgabat otlusynyň sekizinji wagonyndan saklanan, ýanyndan iki bölek, bir böleginde takmynan, – Ol düwünçekdäki sellofon haltajygy ýokary göterdi. – Takmynan üç kil-ä bar. – Ol şeýle diýibem ýazdy. – takmynan üç kil-ä bar. – Ol şeýle diýibem ýazdy, – takmynan üç kilä ýakyn, beýlekisinde – Beýleki düwünçegi ol göteribem durmady – bir kilä ýakyn tirýek bilen saklanan, – Ol dikeldi-de papagyny maňlaýyndan galdyrdy. – familiýaň näme? – Ol sag elindeki ruçkasyny barmaklarynyň ujunda, ýazmaga taýýar görnüşde oýnatdy – Bol, saklama. Iş kän... Ýolbelet munça bolanyna görä ýene-de bir kömek edip, öz adyny protokola goýdurmazlyk pikiri bilen: – Ýoldaş naçalnik, ölçär ýaly gural terezi getireýinmi? – diýdi. – Ýaz, ýaz! Milisioner: – Bol, bol! – diýip, sesini ýene-de gataltdy-da, gyssady. – Wagt gidip dur. Tejende düşürmeli seni... Ogulnyýaz kakasynyň, heniz durmuşa çykyp üýtgedilmedik familiýasyny aýtdy. – Ataýewa! – Adyň? – Ogulnyýaz. – Ýaşaýan ýeriň? – Aşgabat, Hudaýberdiýew – 15. Milisioner ýene-de sowala tutdy. – Doglan ýeriň, ýylyň, aýyň... Ogulnyýaz olara-da jogap berdi. – Saklanandygyň barada, şu otlynyň sekizinji wagonynyň prowodnigi – Ol ýolbelede başyny atdy – Adyň, familiýaň, doglan ýylyň – Emma ýolbelet ýerinden turup, iki elini döşüne goýdy... – Ýoldaş naçalnik, meni goşmaň. Bor – diýiň, agini, men kadryňyzy bilaman. Walla, maňa köp azar bererler. Haýyş edýän. Milisioner onuň sözüni alga almady. – Bol, bol, adyň, familiýaň? – Ýolbelediň boýny sallandy. Ol ysgynsyz: – Ýoldaş naçalnik – diýdi. Milisioner ruçkasyny gelne garşy uzatdy. – We saklanylan Ataýewanyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň döwlet demir ýolunyň starşiý inspektory, milisiýanyň uly leýtenanty ýoldaş Berdiýew tarapyndan düzülen protokol! Ol «protokol» sözüniň aşagyna ilki bir, soňra ýene bir çyzyk çyzdy. Ol ýapyrylyp, kä daşyndan samrap, kätä içinden pyşyrdap, käte-de dodaklaryny müňküldedip bolan wakany kagyz ýüzünde beýan etdi-de. – Günäsiniň üstünde tutulan O. Ataýewanyň sözi – diýip nokady goýdy. Soň Ogulnyýazyň ýaşajyk, perişdäniňki ýaly bigünä ýüzüne, ömründe aýal maşgala görmedik ýaly bolup garady. Soň jübisinden çilim çykardy. – Bah, bagyşlaň! – Ol çilim otlandy. Soň Ogulnyýazyň ýüzüne çynlakaý sypat bilen garady. – Jigi – diýdi. – Çilim çeksem bolarmy? Ogulnyýaz sesini çykarmady. Milisioner çilimini iki sapar demine güýçli dartdy-da penjireden gap-garaňky dünýä garady. Otly dünýäni tersine çöwrüp gidip barýar. – Sen, ýüzüňe seretseň-ä perişde ýaly. Bu hapa zatlar nirä, sen nire? Ogulnyýaz ýere garady. – Meniňki däl bular. Milisioner geň galdy. – Onda kimiňki? – Gelnejem bilmese. Milisioner ýene-de haýran galyp seretdi. «Öz-ä on sekizden uly däl. Erbetçilikden habary bara meňzänok. Onda, näme, ýalan sözleýärmi? Ýa-da gara çynymy? Beýleki wagondakylar-a beýle däldi. Munuň gözi oýnanok. Bigünä gözleri bar. Ol özünem aklajak bolanok. Hany, görelän-i...» Milisioner dözümli darady. – Sen, aýal dogan, gawja bol! At oýnatma! Eden oýnuň-a bilýäň! Hany, dogrujandan gel. Indi saňa sypma ýok... Ogulnyýazyň ýüregi giňäp gitdi. – «Aýal dogan diýse, hudaýyň ýüregine rehim saldygydyr. Jan allam, elini uzatmasa, namysyma kast etmese bolýar. Öz gyrnagyňy depeletme, jan allam!» Ogulnyýaz ýüzüni az-kem açdy. Ol indi bu belanyň ýöne-möne gutarmajagyny duýdy. Çünki arada-da, öýlerinde bahana bolanda ýarym kilogram tirek bilen tutulanlaram, telewizorda görkezipdirler. Özlerinem türmäniň gözeneginiň aňyrsynda Onuň garnynyň ýüzünde ojak goýlan ýaly boldy. «Menem görkezmekleri mümkin. Onuň göz öňüne, igini dyzynyň üstünde goýup, bir eli bilen sümegini tutup duran enesi, ýüzüni ýerden götermän, mylaýymlyk bilen käsesini sypalap oturan kakasy, gara ýer ýaly agrasdan mährem ejesi, Ogulla geldi. – Eý, allam! – Ol gözüni balkyldatdy-da milisionere garady – Agam. – Ol bozlady. – Sen maňa «aýal doganym» diýdiň. Meni uýaň hökmünde kabul etseň, ynan, men bu zatlary bilemok. – Kürte seniňkimi? – Hawa, ýok, başyma atdylar. Aşgabatdan başyma atylgy geldim. Meni «çörege çagyrýas» diýip alyp geldiler... Beýle-beýle... Milisionerli gaşlary gerildi. – Hany, hany, dur, «çörege çagyrýas» diýdiler... – Hawa. – Milisioner ruçkasyny kagyzyň üstünde goýdy, papagynam çykaryp gapdalyna taşlady. Ýakasyny gowşatdy. – Haňy, gowja gürrüň ber... – Ogulnyýaz hemmesini başdan gürrüň berdi. – Baran öýňüziň kimlerdigini bilýäňmi? – Gulýa – diýdiler. – Gelnejeň ady kim? – Gelnejem! – Daýzaň ady? – Daýza diýäýýän. – Düşünemok – Ol papagyny eline aldy-da ony ýassygyň üstüne pylçap urdy. – Heý, bu türkmene näme boldy. Şu sostawda seniň ýaly dört gelin tutuldy. Dördüsiniňem başyndaky kürtesi tirekden göjelen. Şeýle mukaddes zady haram keýpi, düşjek bäş şaýy bilen hapalaýanlardanam türkmen bolarmy? Biz nähili zaýalanypdyrys, biz nähili çüýräpdiris. – Ol elewredi. – Men seni näme edeýin? Boşadyp biljek däl, äkitsemem seni – Ol maňlaýyny tutdy – Eý, allam... Ol ýene-de şatyrdadyp ýazyp başlady. Ýazyp oturşyna-da ýene oýlandy. «Belki gözüme çöp atjak bolýandyr, Belki, şeýtgin» diýendirler. Synamaly. Ol ýazyp boldy-da, portfelinden sellofan halta çykardy. Kürtäni, beýleki düwünçegi içine salyp, agzyny berk dandy-da kilitledi. Soň papagyny eline alyp oýnady. Şeýle – diýip, garşysyndaky oturan alma ýaly akja, ýüzünden nur damyp duran, gözleri mukaddesligiň çeşmesi bolup balkyldap duran maral gelniň ýüzüne ýylgyran bolup garady. Onuň ýylgyranyny görüp, ýolbeledem ýylgyrdy. Ol ýolbelede ümledi. – Bar, aňyrda, daşynda garaş! Ýolbelet gollaryny döşüne goýup, sumat boldy. Milisioner işigi kiltledi-de penjireniň öňüne bardy. Her elini penjiräniň bir tarapyna goýup, daşary garap ep-esli durdy. Soň sag eli bilen çyranyň gaňyrçagyny oýnady, Çyrany birki gaýta öçürip ýakdy. Soň bärsine öwrüldi. – Seniň işiň bitdi. Aýagyňy sallap on ýyl gidersiň. Saçjagazyňy syrarlar. Aýallar türmesinde çüýrärsiň. Uly, juda uly masgaraçylyk. Eneň-ataň äriň, gaýynlaryň, obaň, iliň biler. Onsoň, haýhat, seniň gününe... Ogulnyýaz titredi. Milisionerler protokoly aldy. – Ine-de protokol, soň ol gözüni ýokary dikdi, – Ine-de düşek. Eger bir sapar meniň bilen ýatyp tursaň... Ogulnyýaz ýerinden laňňa galdy. – Hudaý saklasyn. Bigünä bolsamam, goý, meni atsynlar, ýöne maňa beý diýme, dogan. Özüň «aýal dogan» diýdiň-ä. Allam abraýymy alandan, janymy alsyn. Wah, diýmen... Milisioner çynyrgatdy. – Bäş minut! Eliňe protokolyňy berýän. Ol penjiräni, ellerini diräp, aşak çekip açdy. Bu haltanam şu ýerde daşary zyňyp goýberýän. – Hudaý saklasyn. Goý, türmede öz abraýym bilen bile çüýräýin. Öler giderin. Abraýymy depeletmen... Milisioner gözüni güldürdi. – Bäş minit nire, on ýyl nire? Özüňem hezil edersiň... Ogulnyýaz titredi. – Ýüz ýyl bolsun, emma abraýym diýip ölerin. Arkaýyn iberiň türmä. Şu görýän günlerimden erbet bolmaz... Milisioner penjiräni ýapdy. – Otur. Ogulnyýaz oturmady. Milisioner çalt-çalt gürledi. – Men seni Tejende düşürmeli boljak. – Ol howsala bilen daşary garady. – Biziň işimiz şeýle. – Ýöne aýt, Aşgabatda saňa hossarlyk edip biläýjek kimiň bar? Ogulnyýaz başyny ýaýkady. Soň birden kürtdirdi. – Ýazow daýym-a bar. – Telefonyny aýt. – Milisioner ýazyp aldy-da – işigi açdy. Oňa işikde ýene-de iki sany milisioner, ýolbelet garaşyp durdy. Ol beýleki ýaşyrak milisionerden: – Olar taýýarmy? – diýip sorady. – Taýýar. – Tejende düşürmäge taýýarlaň. – Ýest! – Otly badyny gowşadyp başlady. Gapdaldan Tejeniň jaýlary, binalary, adamlaryň başyny alyp duran günä-sogaplary kimin, zymdyrylyp geçip başlady. | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |