21:02 Gyrnak -8/ romanyñ dowamy | |
12.
Romanlar
Gün dogansoň Pugta daýzanyň keýpi duýdansyz kökeldi. Işigi Çommak aga açyp. – Dir-ras-ti! – diýeli bäri, onuň süňňündäki agyry, ýüregindäki agyr daş el bilen aýrylana döndi. – Dil-lasti, dil-lasty, – Ol näzik gepledi. – Sen çal, daşym çolardygy, ymsynypjyk geläýmäň bar. Özüň-ä ýaman beg görünýäň... – Çommak aga mys-mys güldi. Bo-oz, ýigitkäm bet işlerden habarym bardy. Şuwadam, bolmasa synap göräýeli... Pugta daýza eli bilen düşegi urdy. – Gara bagtyň. Bu wagt söýüşibersek, «garry oýnady, gaý turdy» bolaýmaly. Biri geläýse nätjek. Oňa, onsoň suw ýylytmaly... Ýaşuly elini salgady. – Ýeri, bolýa-da, ýogsam-a gark edäýjekdim welin. Ertir gägirseňem, meniň ysym geler durar ýaly edäýmäm-ä bardy... – Ýeri, bolýa, bolýa, dil bir öl ýere biten zat-da. Diýiber, diýiber... Çommak aga aýbogdaşyny gurup oturdy-da gürrüňdeşiniň ýüzüne garady. – Gidenlerden näme habar? Pugta daýza ýaňy otlan çiliminden demine soran tüssesini sozluk bilen goýberip durşuna, elini salgady. – Günortana gelmeli, olar... Çommak aga ýüzüni sallady. – Biziňkilerem-ä gelmelidir. Görerisd-ä. Poýuzdan düşendirler-ä... Pugta daýza begençli: – Biziňkiler-ä awtobuslydyrlar. Ýöne gelewersinler. Poýuz gaty erbetmiş. Tutsalar bar zadyňdan el üzmeli bolarsyň. Çommak aga ýere giräýjek-gireýjek boldy. – Ol-a ol, yzam bar. Kim iberdi, düýbüň niredesi bükgüldedýä, ýüregi. Harjy owarram. Meniň kiçi agtgym, hol uniwersitet okaýan agtygym gidipdi, dört-bäş gyz bilen. Pugta daýza geň galdy. – Dört-bäşisi nämä gerek oňa? – Aý, olaryň başyna kürte atyp, hem özi gazanjak, hem olar bir bäş şaýy gazansyn diýdimd-ä... Pugta daýza çilimini öçürdi-de täzesini eline aldy. – Bagty ýatan, Çommak! Heý, beýderlermi? Seniň päliň göçüpdir. Hany, ynsabyň, iliň çagasyny beýdip. Çommak aganyň haly harapdy. Ol gözlerini hasrata batyrdy. – Aý, öň şeýdip, birki sapar gönenýädim-dä. «Şirpik berseň gurda ýüwrüp geler ýurda» diýmänmidirler. Gelerler-dä. Pugta daýza gaýşaryldy. Biziňk-ä poýuza münmez. Häzir gelerler. Ol şu sözleri diýmäge mähetdel, içeri Towşan gelin, yzyna garantga ýaly bir erkek adamy tirkäp girdi. Ol salamam bermän, yzyndan ýagy kowup gelýän ýaly bolup Pugta daýzanyň garşysyna gelip çökdi. – Gelmedimi? Gyrnak, neme, gelmedimi? Pugta daýza hiç zada düşünmedi. – A ol, seniň bilen... Towşan gelin iki elini ýüzüne tutdy-da, aglap başlady. – Bagtymyz ýatdy. Bary gutardy, waý-eý. Onuň sesine yzynda oturan erkek adamyň hem dodaklary kemiş-kemiş etdi. Bu ýagdaý Pugta daýza-da täsir edip başlady. Onuň aňyna gelen: «Ol gyrnak öz başyny iýendir» diýen pikir boldy. «Owarram, gaýta başymyza geleni sowupdyr». – Nähili boldy, bolşy-bolşy ýaly aýt. Men onuň hossarlaryna jogap okamaly... Bu aýalyň beýle sowukganlylygy Towşan gelne-de täsir etdi. Ol özüni az-kem dürsedi. Ýoldaşyna garady. – Gowy bardyk. Gije ýükümiz-ýanymyz bilen Mara getirdiler. Poýyza mündürdiler. – Poýuza? Towşan gelin agyr ýuwdundy-da, dodagynyň dilik ýeriniň gapdallarynyň tirpildeýändigine-de üns bermän, gürrüň berip başlady. – Poýyza! Awtobusy erbet barlaýamyşlar, it salýamyşlar. Eşigiňem çykardýamyşlar. – Haý, ot alsyn olary! – Onsoň baran ýerimiz, «bagtyňyz ýatar, otla münüň» diýdi. Bir gowy oglan getirip – Ol ýalan sözledi – Ýerleşdirip gitdi. Niçikmi-dir, otly ol, neme, Şatlygyň ýany bar-a, şol ysgansiýadan wah, ady guran, hawa, Garybatadan geçdem welin, ýüregim bir zat syzdy-da daş çykasym geldi. Hajathana geçeýin diýsem ol meýdi ýanan, prowodnik hakyt, milisionerlere: «Şol kürgeli gelinde tirek bar» diýdi biri – diýip dur. Ýüregim ýaryldy. Ylgadym, emma olar meni-de kowalap başladylar. Zordan gaçyp sypdym... Pugta daýzanyň gözleri hanasyndan çykdy. – Tutdumy ony? – Hawa – Towşan gelin başyny atdy. Gyrnagyň ýanyna baranlaryny gördüm. Ýöne soň näme bolanyny görmedim... – Hakyt, ol tentegi milise tutdumy! – Ol ondanam beter zarlady. – Ol malyňam şondamy? Towşan gelip gorky bilen baş atdy. – Waý! – Pugta daýza ilki eglip ýeri, soň iki eliň bilen kükregini ýumruklamaga başlady. – Bagtymyz ýatd-eý, bary gitd-eý! Towşan gelniň ýanyndaky adam Pugta daýzasynyň çorlan gözlerine, köpürjikläp duran dodagyna ýigrenç bilen garady. Soňra aýalnyň gorkudan uçuklap köwşe dönen, dilikleri böwrek ýaly, gyzaryp, terpenip duran dodagyna seretdi. – Beýdip oturmaň! – Ol düwlen ýumruklaryny öňe uzadyp, kimedir birine çenäp, uruşmaga taýýar görnüş berdi. – Hereket etmeli. Iş häzir Tejende bolmaly. Düýbi Maryda. Mara geçirilmän alyp çykmaly... Pugta daýza iki eli bilen gulaklaryny tutup eňredi. – Bagty-ym ýatdy-y! Günüm ýaşdy-y! Sataşman geçen-eý, gyrnak, sataşmanlar geçen... Çommak aga-da gozgalana düşüp, ahyr soňunda batyrlyk edip sorady. – Başga-da el garanlary boldumy? Towşan gelin agzyny ýumrugy bilen tutdy. – Tejende bir ýerde kürteli gelin bolsa baryny düşürdiler... Indi iliň kürteli gelnine el garyp başladylar! – Eý, hudaý-eý, garagyň gapykmy? Sen diňe meni gördüň-de. Men saňa näme etdim, eý, düýbi deşik pelek! Pugta daýzanyň eňremesinden peýdalanyp, Çommak aga Towşan gelne ýene-de sowal berdi. – Biziň Jumaşkamyz-a gören dälsiň? Towşan gelin Pugta daýzanyň ýüzüne seretdi. – Wah, Jumaşka gursun! Ýetiş şol gyzy halas et, milisionerler bilen gepleş diýsem: «Özümiňkileri nädip halas etjegimi bilemok» diýýär. Ol Kakada düşüp galdy. «Şondan maşyn tutup yzyma gitmesem, menem gapjarlar diýip gorkýan» diýdi... Çommak aga ýerinden ysgynsyz turdy. – Öýüň otlandy, Pugta! Öl indi ölýän bolsaň, bary upbat boldy. – Ol duýdansyz geldi-de Towşan gelniň buduna depdi – Seniň bir ýelniňe... – Ol sakalyny ütüp, edil bir ot içinde galan garry aýa döndi. Saňa kim poýuzly gel diýdi. – Ol iki eli bilen butlarynyň sepleşýän ýerini gysymlady – Munymy... poýuza münýäň. Apdabuzda seni... Seniň bir ýelniňe... Towşan gelniň adamsy: – Hereket etmeli! – diýjek boldy. Emma Çommak aga ony gepletmedi. – Sen otur, süpük balaňys... Sen düzüw bolsaň, şu ganjyk beýdermidi. – Ol baryp işigi gazap bilen depdi. – Eşidiň – Ol tutuş içeri azm urdy. – Men hiç zadyňyzy bilemok. Milisäňem, Gyrnagyňam, berenje pulumam, şaý-sepimem getiriň. Getirmeseňiz hemmäňiziň öýüňizi otlaryň. Ol işigi batly ýapyp, çykyp gitdi. * * * – Suwsasaň şol termosda çaý bardyr – diýip, Ýazow Tejen şäherinden çykylansoň yzyna gaňrylyp aýtdy. – Ogulnyýaz sesini çykarmady. – Täzeje «Moskwiç» Aşgabada bakan alňasap barýardy. Töwerek-daşda torgaýlar ajaýyp nagma kakyp, Ogulnyýazy azatlyga çykmagy bilen mübärekleýäne çalym edýärdi. – Sud haçan boljak – diýdi? Ogulnyýaz başyny ýaýkady. – Işi suda geçirdiler öýdýän. Ýazow iki gözüni ýoldan aýyrman, başyny ýaýkady. – Aý, ýegen, gaýgy etme. «Müň gaýgy bir iş bitirmez» diýipdirler. Ýöne olar sud etmän-ä goýmazlar. Sudda-da kim bilýär, näme boljagyny? Şondan soň olaryň hiç birinden ses çykmady. Ogulnyýaz gözlerini ýumdy. Hakydasy ony ýene-de şol elhenç gijelere getirdi. ...Ony Tejende düşürip, nirädir bir ýerlere eltensoňlar, ýene sorag, ýene protokol, ýene-de gykylyk-galmagal başlandy. Ahyr soňunda, gün öýle boluberende ony haýsydyr bir jaýyň işigine getirip, maşyndan düşürdiler. Öňünde bir milisioner, yzynda biri, getirip saklawly jaýlaryň birine saldylar-da uzyn koridor bilen äkidip, içine garap ýören milisionere: – Altynja! – diýdiler. – Ýer ýog-a. Ozalam altysy bar! – Altynja! Ýaşulyrak milisioner närazylyk bilen hüňürdäp, ýüzüne ak reňk bilen gyşyk-çaýşyk «6» ýazylan gap-gara demir işigi açdy. – Gir! – Soňra, ol, göýä içindäkiler häzirbosuşyp çykaýjak ýaly, şobada işigi şarkyldadyp, demir gulpy şakyrdadyp ýapdy. Soňra demir gapynyň kiçijik gözeneginden içeri garady. Ogulnyýazyň guty gurap, süňňi yranyp durdy. Bu günki, düýnki ýadawlyk, tutuş gijeläp elenip geçmegi, depesinden inen bu çekip çydardan çökder masgaraçylyk, her dürli töhmetçilikli soraglar, kemsidilme, ynamsyzlyk ony halys gagşadypdy. Onuň üçin ömrüň-hä däl, indi ölümiňem jinnek ýaly awusy ýokdy. Iki oturgyjyň hersinde bir gyz düňderilip ýatyrdy. Galanlaram olara gysmyljyraşyp, tirseklerini dyzlaryna direşip, «bu gelen kimkä» diýýän görnüşde, gözlerini işige dikip otyrdylar. – Turaýsan-a a gyz – diýip, gyzlaryň biri düňderlip ýatany çekeledi. Emma ýatan gymyldaýynam diýenokdy. Bir gyrada oturan gyzjagaz bolsa aglap, özüni öldüräýjek bolýardy. Tutynyň aňyrsyndan aňkaýan porsynyň ysy alyp gelýärdi. – Anýa, turaýsan-a! – diýip, dözümli çekeleýän gyz ýerinden turdy. Baryp demir dişigi işigi kakdy – Porsyňyzy bir ýok ediň. Porsusy almyşlar... Ogulnyýaz söýenere ýer gözledi. Şoňa-da ýer ýokdy. Oturaýyn diýse, ýeriň – beton poluň ýüzi suwdanmy, çygdan ýaňa aýagyň asty şilpildäp durdy. Aglap oturan gyz ýüzüni tutdy-da ýerinden turdy. – Geliň, oturyň! Ogulnyýazyň sypaýçylyk edere ýagdaýy ýokdy. Ol baryp dyz epdi. Hiç kimden ses çykanokdy. Daşary garaňkyrapdy. Gyzlar biri-birleriniň gujagyna girip, başlaryny beýlekiniň dyzyna goýup irkilişip otyrdylar. Anýa dik oturdy. – Haramylar! Mundan-a şol näletsiňen otlynyň wagonam gowy eken. – «Jennet» diýsen-e. Hälki işigi kakan gyz hikirdedi. – Hä – diýdi. Oturanlar gülüşdiler. Geliň, Jenneti äre bereliň! – diýip, bu gyz hikirdedi. – Häzir Jenneti bir şişkarýogyň ogluna äre berýäs. Onuň iki jaýy bar. Özem ýekeje ogly. Oglunyň maşyny, uly firmasy bar. Ady-da Gaplaň! Gyzlar gülüşdiler. – Ýok, Gaplaň däl, Peleň! – Ýok, Dowzah, Ol-a Jennet, olam Dowzah. Anýa barmaklary bilen saçyny yzyna gaňtaryp, darap durşun elini galdyrdy. – Goýsan-a a gyz, Oguş gowja at tapaýyň-da. – Goý, Baýram, Baýraşka bolsun! Oguş razy boldy. Ol elini mikrofon ýaly edip agzyna golaý getirdi. – Gadyrly we eziz tussaglar, ýok, sud ediljekler! – Jennet elini ýüzüne tutup horkuldap başlady – Şu gün, Tejen şäherin türmesinde zamanamyzyň iň güýçli tirek daşaýjysy Jennet Annaşowa bilen şişkarýogyň fraýer ogly Baýraşka toý tutýar. Şol toýy alyp barmagy institutyň dördünji kursundan kowlan... – Belli aferistka! – diýip, Anýa-da üstüne goşdy. Oguş dowam etdi. – Bolýa, institutyň dördünji kursundan kowlan, belli aferiska, aldaw ýoly bilen tirek daşamaga çekilen, ýedi ýyl türmä garaşýan Oguş – Ogulkeýik Jemşidowa ynanýarys. – Ol agzy bilen dabara, toý sazyny çaldy. – Indi bolsa ýaş çatynjalary toýumyzyň törüne geçireliň. Hemmäňiz ýeriňizden turuň, ýoldaşlar «sud idýot!» wiý, çatynjalar gelýär. Ol ýene-de owadan edip toý sazyny çaldy-da, gyzlary çekeläp başlady. – Turuň, turuň, ýaşlar gelýär. – Ol baryp Jennetiň goltugyndan tutup öz döşüni gaýşartdy – Synlaň, biziň Jennet gyzymyz masgaraçylykda uly-uly rekordlara dalaş edýär. Ol ýedi sapar suda düşüp, hemmesiňden aman sypdy. Emma ol bu sapar sypyp bilmez! Berekella, Jennet jan! Jennet ýüzüni galdyryp bilmedi. Oguş welin möwç alýardy. – Ýoldaşlar, ýaşlary toýumyzyň töründe oturdalyň, el çarpyşyň. – Onuň özem Anýa-da el çarpdy. – Indi, toýumyzyň hormatly ogrusy, wiý myhmany, Jennetiň jan ýaly jorasy Anýa söz berýäris. Ol ýumrugyny Anýanyň agzyna tutdy. – Hany Anýa jan! Anýa ilki bir ýaýdandam-da, soň elini silkdi. – Men, ýoldaşlar – Ol sesini ýognaldyp, aýnap gürledi. – Baýraşkanyň Jennet jany gowja nemetmegi üçin – Ol elini öňe-yza helkilletdi – içýärin. Goý, Baýraşkanyň atan puşkalary nyşanany kül-peýekun etsin Ur-row! – Sag bol, Anýa jan, agzyňdan al-arwah eşitsin... – Indi bolsa sözi zamanamyzyň iň uly jelebi, ogry we türmeçi Hurmajemala berýäris. Eziz Hurmajemal, ýaşlara ýagşy dilegler edip beriň. Hurmajemal gündogara goýlan oturgyjyň töründe oturyp, Oguşyň bu tomaşasyna ýylgyryp seredip otyrdy. Ol Oguşyň «mikrofonyna» gepläp başlady-da güldi. – A gyz, utançsyz-da sen – diýdi. – Oguş janam, äre barman geçsin, Bizi nemetmedik milisionere. – Gadyrly toýa gelen eziz myhmanlar, zaklýuçýonnylyga ilkinji kandidatymyz küntüje gözelimiziň bu sözlerini geň görmäň. Onuň moral we durmuş obrazy şeýle. Siz oňa düşüniň. Ol şu gün özüňi ele salan milisioner ýumşajyk postele çagyranda, oňa hormat bilen razy bolan jenandyr. Hurmajemal gözüni ýumjykladyp, ýüzüni kürşerden boldy-da: – Şeýlem-i? – diýdi. – Getir mikrofony – Ol «mikrofonada garaşman, «öz mikrofonynda» gürläp başlady. – Gadyrly toýa gelen myhmanlar. Menem öz gezegimde joram Jennetiň baý oglana heleý bolmagy bilen gutlaýaryn, oňa ýigrimi bäş ýyl, wiý – Ol hezil edip güldi – ýigrim bäş çaga dogurmagy arzuw edýärin. Ol «Mikrofonyny» agzyna has tolaý tutdy-da Oguşa garady. – Oguş janam, äre barman geçsin, Bizi nemetmedik milisioneriň meýdi çüýresin, içeliň! Hiç kimden ses çykmady. Oguş mikrofonyny unutdy. – A gyz, dawaý, milisioneriň gürrüňini bersene... – Waý, aýtsana a gyz! – diýip, Hurmajemalyň bärsinde oturan Heselem jyňňyldady. Hurmajemal ýerine geçip oturdyda siltenjiredi. – Müň saparam bir aýtma bolarmy gyz, häli aýtdym-a... Gyzlar «aýtsan-a» boldup duransoňlar Hurmajemalyň gözüniň yşgalaňy artdy. – A gyz, o meýdi ýanan meni tutup getirdi-de küpä gabady. Soň gyz protokol ýazdy. Şaýatlardan soran boldy. Ahyry olary çykaryp goýberdi-de: – Bir maslahat bar – diýdi. – Boýnuňa al – diýdi. Menem: – Aňyrda gez – diýdim. – Ýatan kürte, gyzlar bilen degşen bolup, başyma atan boldum. Meniňki däl, ýok bolsun – diýdim. – Han-a ýoldaşlarym, size-de gyzlarmyka diýip, ýüzümi çümren boldum – diýdim. Ol ýene ullakan gujagyny çaýkap siltenjiredi. – Dogru-da gyz, eşitse enem-atam, rektorymyz näme diýer – diýdim. – Ol ýer çeken birden: – Sen, özüň kimiň maşgalasy – diýdi. – Menem pahanyň adyny aýtdym welin, ýüregi ýaryldy. – Taтaýan, ile baş bolup ýören abraýly adam – diýdi. – Onsoň gyz, ýaňky ýer çeken. – Bir zat edeli – diýdi – Men beýle goýbermäýin – diýdi. – Han-a postel, ine-de protokol – diýdi. – Ol-a bäş minut bu-da. Bäş ýyl, saýla – diýdi. – Wah, men çyndyr öýdüpdirin. – Eşigimi çykaryp başladym welin, ol ýer çekmiş pälini üýtgedäýdi, nejis, nemesi turmady öýdýän, he-leý ýaly bolup... Oguş haha-haýlap güldi. – Menem şeýtdi, haram doňuz, eşigimi çykardymam welin, «oýun edýän» diýen bolýar. Nejis – diýsän-i. Anýa el çarpdy. – Gyzlar, siz Jennetiň näme üçin aglaýanyny bilýäňizmi? – Namys eden bolýa? – Pf-u-uw! – Ýok – Anýa, ýerinden turdy, – Ol käbir ýerjagazlaryny häli, küpede topa tutduryp, indi Baýraşkanyň özüni taşlaryndan gorkýar. Gyzlar gülüşdiler. – Aglama, Jennet jan, biziň zamanamyzda ärsiz galmarsyň... Jennet horkuldap aglap durşuna: – Ýüzugara boldum, meýdiň ýansyn Juma, aldap, instituta näme diýerin, enem-atamyň ýüzüne nädip serederin... – Seretme! – diýip, Oguş oňa herreldi. – Goý, olar seretsin, saňa. – Ol güldi – Saňa indi hökümet «hossar» bolar. Özleri äkider, getirer, bäş-alty ýylda ýüzüň şeýle bir süýjär, eneň-ataň nädersiň, ýüzüňi görüp aglaşyberse... Demir işik kakyldy-da, onuň kiçijik gözenegi açyldy. – Ýuw-waş, näme şagal mesligini edýäňiz, toýa gelen ýaly, ümsüm oturyň! – Paşýol-laý! Oguş ýerinden turdy. – Eý, nemesi döwükler, aç gyrdyňyz-a. Nahar getiriň, ýogsa naçalnikleriňize arz ederis... – Bu gürrüňleri eşidip Ogulnyýazyň ýadawlygy-ha däl, haýaty uçdy. Özi ýaly gyzlaryň beýle ýüzi ýyrtyklygyna haýran galdy. Oguş baryp işigi kakyp başlady. Soňra Anýa-da oňa goşuldy. – Açyň! – Açyň! Demir gözenek ýene-de açyldy. – Gohuňyz näme? Oguş şowhunly gygyrdy. – Heý, daýyşka, o gyz «balagyma siýip barýan» diýýär. Şony äkidip gel. Daşardaky içýakgyç gürledi. – Balagyňyz bolan bolsa, bu ýerde oturmazdyňyz! Ol gözenegi şakyrdadyp ýapdy. Gyzlar ala-goh bolup sögüşdiler. Gijäniň bir mahaly olary ýeke-ekeden çagyryp başladylar... – Daýzamam-a gelendir! Ogulnyýaz ziňk edip gitdi. Ol ilki özüniň niredediginem aňyna getirip bilmedi. Türme, garaňky, çygly, hapa, bir topar başyna goýberilen gyz, ine-de sähel pursatdan hem ýazyň möwç urýan sonarly sährasy. Daýysy, öýe alyp barýan rahat maşyn... Ol daýysynyň ýüzüne seretdi. Ýazow muny aňdy. – Daýzamam-a gelmelidir? Ogulnyýaz alasarmyk oýlardan henizem özüňe gelip bilmän, sowal bereninem duýmady. – Haýsy daýzaň? – Eneň, öz eneň! Ogulnyýazyň ýüregindäki agyr, utanç, namys daşy ýene-de ýüreginiň düýbüne çökdi. Ol begenere hiç zat tapmady. Iň bärkisi şu jennete çalym edýän sährada, şirinligi janyňy üwreýän bahar howasynda hem özüne degişli zat tapmady. Indi ol enäni hem özüne çönlemedi. «Men indi ol mukaddes enäniň gyzy bolup bilmerin. Beýdip, it masgarasy bolup, kakamyň abraýyna şek ýetirip, olara «men siziň gyzyňyz» diýip bolmaz. Allanyň öňünde ýazygym ýokdur, ýöne ile ony nädip düşündirersiň?! Aýak astyna salnyp depelenensoň, iliň biabraýçylygyň öýi diýilýän ýerine girip çykansoň, «men arassa» diýeniň bilen il saňa ynanmaz. ...Ertesi agşam, gijäniň birmahaly demir işik şakyrdap açyldy. Garry milisioner Ogulnyýazyň atasynyň adyny tutdy. – Koridora! – Bu bajyşkanyňam gezegi geld-ow – diýip, Anýa kineli sesi bilen kakdyryp aýtdy. – Göreli häli, hudaýyň seni saklarmyka? Tfu, künti... Ogulnyýaz oňa üns bermedi. Anýanyň oňa dişini çalmagynyň öz sebäbi bardy. Ol Jennete ynamsyzlyk edýärdi. – Sataýsaňyz, türmede çüýrärsiňiz! – diýýärdi. Irden Jenneti alyp gidip, iki sagada golaý saklap getirenlerinden soň, Jennet köşeşen ýaly bolupdy. – Näme diýdiň? – Boýnuma aldym! – Jelep! – diýip, Anýa zemzen ýaly çişip ýerinden turdy. – Satdyňmy! – Ol birden atyldy-da, baryp, bir eli bilen onuň saçyndan beýleki eli bilenem göwsünden tutup, ýere ýykdy. Soňam aldygyna depip başlady. Emma Jennetden ýagşydan, ýamandan, iň bärkisi hykgyldam çykanokdy. Ogulnyýaz garap durup bilmedi. – Aýryl! Ol Anýany itip goýberdi, Anýa, nämüçindir, beýle garşylyga garaşmadyk bolarly. Ol birden kürtdürip durdy-da: – Eý, bajişka, sen s... goşulýaňmy? – diýip, horaz ýaly, petekesini gaýşartdy. Ogulnyýaz ýygrylyp, bir çugdam bolup, ýere ýazylyp ýatan Jenneti galdyrjak bolup egilenden, Anýa onuň yzyndan güýçli depip goýberdi. Ogulnyýaz duýdansyz urga atylyp gitdi-de, ýere ýazyldy, oturtgyjyň aşagyna süýndi. Onuň ýüzi çygly, beton poluň ýüzi bilen sürpelip, kellesi diwara degdi. Ol galjak bolanda, urgy ýene-ýene gaýtalandy. Ol dyzanyp turdy-da Jennete topuldy. Ony ýerinden galdyrdy-da, arkasyny Anýa öwrüp, bu gyzy goraglady. Anýa köşeşenokdy. – Ýene gerekmi, ganjyk! – «Alla» diý! – diýip. Ogulnyýaz bokurdagyna gelen bagyr-öýkenini yzyna eltip bilmän, daljygyp aýtdy. – Hudaýdan gork! – Paş-ýol-laý sen! – Anýa Jennete ýene haýbat atdy. – Ýöne sen, jelep, men seni s... Eşitdim-eşitmedim diýme... Ol ýene köşeşmedi. Ogulnyýazyň alyna geldi, Onda hälki ýeňşinden meçewlenme bardy. Şu kamerada özünden özge döşüne urup bilýäniň ýokdugyna buýsanma bardy. – Eýe-ý, bajyşka, senem bilip goý, men seniň damagyňy çalaryn. Sen meni tananok, düşündiňmi? Ogulnyýaz Jenneti goraglap oturşyna: – Şeýt – diýdi. – Meniň damagymy çalyp, şu namysdan dyndarsaň, «jan doganam» diýeýin... Anýa onuň bu sözüniň manysyna düşünmedi. Ol gyzaran gözlerini jikgertdi. – Näme diýen bolýar-aý! – Ol Ogulnyýazyň ýüzüni titräp duran eli bilen galdyrdy-da, oňa tüýkürdi, soňam agyr ýumrugy bilen ýelmäp goýberdi. Twar! Ogulnyýaz bu horluga çydaman, silkinip aglady-da ýüzüni Jennetiň egnine berdi. Anýa onam kän gördi. Jennetiň iki örüm ýogyn, tämiz saçyndan ebşitläp tutdy-da özüne çekdi. Jennet iňledi-de saçynyň-nogtasynyň yzyna düşüp başlady. Ogulnyýaz başyny galdyrdy. Ol Anýanyň bir-ä Jennetiň ýüzüne ýetip barýan şarpygyny gördi, birem onuň gorkudan, ejizlikden eňräp iňleýän sesini eşitdi. Ol ýerinden laňňa galdy-da, eglip köwşüni alanyňam, ony Anýadan salanynam duýman galdy. Bir diýeni: – Goýber! – boldy. – Gaýdyp, oňa el galdyr, göreýin. – Waý, ganjyk. Wa-aý, wa-aý. Anýa waý-waýlap, şerraý sesi bilen kamerany elendirip, dyzyna çökdi-de öküz bögüren ýaly edip aglady. Onuň agzyndan çykýan sözler-ä gulak eşider ýaly däldi. Ine, şodan soň Anýanyň demi birneme düşüşip, gözüniň gögüni aýasy bilen ýapyp otyrdy, Häzirem ol bu gelniň milisioneriň ýanynda zat diýip bilmejegini duýup, dilini salaja goýberýändigini gyzlar aňyp durdular. Ogulnyýaz ala yşyk ýanyp duran koridora çykdy. Garawul ony öňüne salyp, bu koridordan çykaryp, daşarda bişen kerpiçden gurlan tipli jaýa alyp bardy. Daşary salkyndy. Asmanda ýyldyzlar petreşip dur. Olar sönjek-sönjek bolup, iň soňky güýjüne köreýän köze çalym edýärdi. Ýaşuly milisioner işigi kakdy. Işigiň içki zülpesini egni ýeňsiz köýnekli, daýanyklydan gelşikli adam açdy. – Şolmy? – Şol! – Sen onda ýeriňe bar. – Ol geleni işikden içeri goýberip, kellesini daşary çykardy – Gerek-ýarak zadyň barmy? Aňyrdan ses çykmady. Ol ýene daşary gygyrdy. – Dur, gel! – Ol içeri girdi-de eli bir çüýşe arakly çykdy. – Me, hor bolma, içiň gyssa olaň birini äkit, on üç boşdur-a! – Ýaşuly milisioner boýnusunyjylyk bilen ýylgyrjaklap gitdi. – Sag bol! Ol adam Ogulnyýazy içeri çagyrdy. Otag tämizdi. Gyrada diwan, ortada uly, owadan stol durdy. Stoluň üstünde agzy açylan iki sany balyk konserw bankasy, tamdyr çöregi, gök sogan, bir çüýşe limonad durdy. – Pozdrawlýaýu – diýip, ol adam Ogulnyýaza elini uzatdy. Ogulnyýaz elini bermedi. – Şu wagt prokuraturadan jaň etdiler. Seniň günäň ýok, nemedlenne boşatmaly – diýdiler. Ol stakanlara arak guýdy – Men seni häzirem boşadyp biljek welin birinjiden-ä, gaty giç, seniň bu garaňkyda ýene bir belanyň üstünden baraýmagyň ähtimal. Garaşanyň gowy. Ikinjidenem, birki sany dokumente gol çekmeli, oňa gol çekmeli adam bolsa, garyndaşy ýogalyp, Duşaga gidipdir. Onsoň, aý, bir begendireýin diýdim. Ol Ogulnyýaza ýer görkezdi. Ogulnyýazyň süňňi gowşady. «Eý, hudaý jan, gudratyňa döneýin. Öz gyrnagyňy munça bolanyna göra, bu biabraýçylykdanam bir alyp çyk!» – Şonuň üçin, nätjek, azajyk garaşmaly boljak. – Ol çep elindäki stakany Ogulnyýaza uzatdy. Ogulnyýaz ol stakany eline aldy. – Şu şatlykly habar üçin. – Ol elindäki stakany başyna çekdi-de, çörek döwüp, bir eli bişen balykly konserwe batyryp, ikinji eli bilenem gök soganyň uluragyny alyp, agzyna dykyp ugrady. – Birdenem, bu owadan gelniň henizem içmänini görüp, oňa ümledi. – Alsan-a! Ogulnyýaz elindäki stakana garady. – Men muny näme edeýin! – Iç! – Näme bu? – Azajyk arak! Ogulnyýaz stakany, edil gysymyndaky ýylany taşlan ýaly edip taşlady. – Al, al! – Ýok. Ol adam öz stakanyna ýene epeslije aragy guýdy-da, stakansyz eli bilen gelniň eline çörek tutdurdy, Ogulnyýaz çöregiňem duzuny datmady. – Wop-şe, bu ýere adam getirmek bolanok. Men saňa ýagşylyk edesim gelýär, şonuň üçin getirdim, howwamy! Şonuň üçin, näme gep gelse, men özüm üstüme alýan, ýene, sen, iýmeli, içmelem, howwamy! Ogulnyýaz içinden begendi. Özüniň aklananyna, gep-gürrüňden dynjagyna, iň esasam, şol dar «dowzahdan» dynjagyna begendi. Ol şol begenjiniň gujagynda tutulan guş ýaljak bolup otyrdy. Ol adam iýip-içip boldy. Soň stoluň üstüni ýygnaşdyrdy. – Çaý içjekmi? Ogulnyýaz başyny ýaýkady. – Soň içeris. – Ol işini bir ýüzli etdim hasap edip, diwana geçdi. Uzyn, ak elini Ogulnyýaza golaýjak edip, seçek ýaly inçe barmaklaryny ýazdy. – Adyň näme? – Gyrnak! – Ogulnyýaz çyn «adym şu ýerlerde galmasyn» diýip, bilgeşleýin lakamyny aýtdy. – Dokumentd-ä başgady, howwamy? Ogulnyýaz başyny galdyrmady. – Wopşe, bizde bir düzgün bar. Şoňa hemmeler boýun. Kim bu beladan sag-aman dynanyny aýtsa, şonuň islendik dilegini, bitirmeli, howwamy? Men saňa şeýle uly habary buşladym, indi şu gije sen meniňki bolmaly, howwamy!.. Ogulnyýazyň injikleri saňňyldady. Ol laňňa ýerinden galdy-da işige bakan ýöneldi. – Meni öňki ýerime äkidiň! Ol adam ýylgyrdy. Baryp, Ogulnyýazy ýa saklajak boldy, ýa-da ony gujaklajak boldy, oňa elini uzatdy. – Aýryň eliňizi, Äkidiň meni! Ol adamyň azaryna däldi. – Otur, men seni kän eglemen. Birki sapar nemederis, soň özüm Aşgabada eltip gaýdaryn. Ogulnyýaz gaşlaryny gaharly gerdi. – Açyň. Kakam milisiýanyň naçalnigidir. Häzir, «azar berýärler» diýip jaň ederin. Ol adam bu sözi ilki bir geň galjagam boldy. Emma bu ýerlerden ol gyzyň adam ogluna habar ýetirip bilmejegini derrew aňyna getirdi-de işige bakan dyzady. – Otur! – diýip, ýene-de gelne elini uzatdy. Ogulnyýaz heniz eneden bolup erkek adam kowmuna elinden tutduran maşgala däldi. Ol häzirki ýagdaýynam hapa görüp, jany çykyp barýardy. Onuň üstesi- ne, garaňky gijäniň içinde bu syrly ýerlerde nätanyş, içgili adam bilen, onda-da özüniň matlabyny bassyr-ýussursyz yglan eden adam bilen galmalydygy baradaky pikire onuň bir ýüregi ýarylmady. – Açyň! Jan doganym. Buşlugyňyza tahýa tikip bereýin! Aýalyňyza ýaka keşdeläp bereýin. Gören haýran galar. Ýöne, öňküje ýerime goýberiň! Ol adam Ogulnyýaz bilen çekeleşibem, oňa ýalbarybam durmady-da, nähilidir bir emek bilen öňe dyzaýan gelniň ýeňsesine, bir agyrly ýerine depdi. Ogulnyýaz atylyp gitdi-de, poluň üstüne agyp düşdi. Bir salym damagy çalnan ene mal ýaly titir-titir etdi-de ýene galjak boldy. Ýene bir agyr urgynyň zarby gelni ymykly ýere ýazdy. Ol adam gelniň köýnegini ökdelik bilen galdyrdy-da aýak geýmini aşak çekip başlady. Soňam öz eşiklerini gabat gelen ýere taşlaşdyryp, çykaryp başlady. Geliň bu bihaýaçylygy görüp ýatsa-da ysgyn-mydar galmadyk göwresini göterip bilenokdy. Birden onuň gözi özüniň ýalaňaç tenine düşdi-de, oklukirli ýaly düýrükdi. Onuň birden dälilik hetdine ýeten gözi hälki çüýşäni gözledi. Çüýşe onuň eliniň ýanynda, köne tumboçkanyň sag taýynda durdy. Ol çommalan ýaly etdi-de aýak geýimini düzetdi, Köýnegini aşak çekdi. Oňa çenlem beýleki adam geldi-de onuň üstüne atlanjak boldy. Ýöne gelniň taýýar däldigini gördi-de, täzeden onuň içine çöwüp depmek üçin aýagyny galdyrdy. Ogulnyýaz buruldy. Batly aýak onuň içine däl-de syrtyna degip, daş ýüzüne taýyp gitdi. Aýak ýene-de galdy. Oňa çenli gelin elindäki çüýşe bilen ol adamyň topugyna janynda baryny edip ýelmedi. – Wu-f, wu-uf! – diýp, ol adam şol ýalaňaçlygyna birki sapar pyrlandy-da süňküniň awusyny almak üçin oturgyja çökdi. Ogulnyýaz ýerinden turdy-da, işige bakan okduryldy. – Dur, diýýän! Bu sözi ol daşky gapynyň zülpesini açyp durka eşitdi. Ol garaňky gijäniň içine sümüldi-de, türmäniň daşky işigini kakyp başlady... Daýzam nähilikä? – diýip, ol indi özüni birneme dürsäp, sorady. – Men şu geçen ýedi günde şony gaýgy edip geçirdim. Ýazow ilk-ä sesini çykarmady. Soňam maşynyň badyny peseltdi-de ony saklady. – Gel, ýegenim gapdaljygyma geç. Çaý içeli. Ogulnyýaz daýysynyň ýanyna geçdi. Onuň termosdan guýup beren gök çaýyny gapagyny eline aldy. Häzir ol daýysyndan daýzasynyň ýagdaýlaryny, bu wakalar barada onuň pikirlerini bilesi gelýärdi. Daýysy sumkasyndan somsa çykardy-da bir agyz salym dişledi-de, gowy çeýnedi. Soňra bu owadan sähranyň aňry serhedini görjek bolýan ýaly, alyslara garady. Elindäki kirli käsesinden bir owurtlady-da, gyzgyn çaýdan ýaňa çalaja tisgindi. Soňra: – Sen – diýip, ýene alysa garady. – Daýzaňy gaýgy etme, Onuň köpi gidip, azy galypdyr. Sen özüňi gaýgy et. Sud bolsa, kim bilýär näme diýiljegini. Iş agyr. Bu işiň derňewi gaty berk. Kollektiwleýin jenaýatmyşyn. Studentleriň arasyna gidýän neşe ýoluny, ony guraýanlary tapyp bilmän ýören ekenler. On bäş gyz diýýär, üç günde wagonlardan tutulan. Özlerem, hemmesiniň başy kürtelimişin. Sizem üstesine... Ol birneme sowaşan çaýyny gorka owurtlady, soňra ony depesine çekdi-de täzeden gyzgynjagyny guýdy. – Indi seniň başga çykalgaň ýok. Daýzamam diýme, goňşymam bolan zady dogruja aýt. Kürte seniň başynda bolsa-da, sen bileňog-a. Şeýle dälmi? Ogulnyýaz ýandy. – Wah, bilsem, başymdan aýlap atjag-a. Nireden bileýin... Ol şol elhenç gijäni ýatlajak boldy. Emma bolup geçen eýmençden eýmenç wakalardan eli titredi. Çaýly kesesi çaýkandy. Ony gören Ýazowyň gözleri peträre geldi. – Sen ýaş gelinsiň, gorkaýma. Diňe özüňi gaýgy et. Aslynda, sen daýzam diýme-de, sud bolýança eneň ýanynda bol. Ýa-da Merdanyň ýanyna Baýramala äkideýin... Ogulnyýazyň depesinde goşa ýyldyrym çakdy. Onuň hor, akja, owadan ýüzüne gülälek ýapragy ýapylan ýaly boldy. – Daýy – diýdi. – Jan daýy, meni alyp git – diýip özelendi- de, birdenem ýüreginde indi telim gün bäri bent alyp duran sili saklamaga gurbaty çatman, çaýly käsesini üstüne seçelendirip goýberdi. – Gurbanyň gideýin, daýy. Enemler diýme, kakamyň gül ýüzüni solduranym azmy, onuň derdini bir täzeläp durmaýyn. Enemler diýme! Äkit meni. Ýazow çaýyny çalt-çalt içdi-de, käsesini ýygnady. – Hany, göreli! | |
|
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |