21:06 Gyrnak -9/ romanyñ dowamy | |
13.
Romanlar
Ogulnyýaz otly diýseler öňem-ä bir tanapyna towsup duran däldir welin, araky başagaýlyk ony otly diýen zatdan hasam berçikdirdi. Ol tutuş ömrüne ýeke sapar aýagyny degrip görmedik zadyna bir hepdäniň başynda bir, aýagynda bir münmeli boldy duruberdi. Ýöne onuň häzirki münen otlusy rahatdy. Küpede diňe daýysy ikisi otyrdy. Daýysynyň ilkagşam, otly ugran badyna düşegine geçişidi. Ol çalarak hor çekip, yranjyrap süýji ukuda ýatyrdy. Bu otly Ogulnyýazam şu derdi-balalardan, gepden-gybatdan alyp gaçyp barýan ýalydy. Merdanyň didary gelniň gözünden uçupdy. Ol surat bilen ýaşaýardy. Adamsynyň, ýekeje sagat ýaşaşan adamsynyň suraty onuň gije-gündiz gözüniň öňündedi. Emma özi welin, gözden uçupdy. Ol Merdan bilen duşuşjagyna begense-de, bu ahwalatlar ýadyna düşende gyýylyp gitdi. Obadaky biderek gürrüňler çişe-çişe, ýarylara gelipdi. Ýöne sudly mesele-de onuň böwrüni az müňküldedenokdy. Dertler biri-birinden agyrdy, haýsyny niräňe goýsaň, ýöne ýakyp barýardy. Ol öň hemişe enesiniň öňünde hasabat okardy. Enem käýýäýmesin diýerdi. Öz ýanyndan enesine hemişe düşündirer ýörerdi. Bir ýere gitse-de, gelse-de, sähel gijä galsa-da ýagdaýyny, günä jezasyny enesini ölçegi bilen ölçärdi. Durmuşa çykandan soň daýzasy onuň ölçeg agajy boldy. «...Daýzam eýle diýäýmesin, daýzam käýýäýmesin» diýdi. Emma düýnki gykylykdan soň arada diňe Merdan galdy. Ol bolan ýagdaýlary, gep-gürrüňleri, miliseli meseläni Merdana aýdasy gelýärdi. Ol içindäki derdini bir azat etsin, soň Merdan ony çapym-çapym etse-de «wah» diýjek däldi. Emma daýzasynyň niýeti başgady. Ol gelniniň ýüzünem göresi gelenokdy! Ine, ol derdem Ogulnyýazy ýakyp barýardy. ...Ýazow Ogulnyýazy maşyndan düşürip, özi içerem girmän, işe görünjek diýip budur gitdi. Ogulnyýaz, misli, ýat ýorgana barýan ýaly, namys oduna ýanyp, ynsabynyň a1a,bagyna çolaşyp, girelgeden ýokary çykdy. Işik açykdy. Ol ýerden mähriban sesleriň, näçe gün bäri gulagy zar bolan sesleriň gelýänini eşitdi. Daýzasynyňam, enesiniňem sesini tanady. Olaryň üstüne girmäge ejap etdi-de, işikde birsalym durdy. Ýöne zenan ýüregi çydam edip bilmedi. Içeri girdi. Baryp, bir dula çökdi-de, misli iň ýakyn adamsynyň ýerine gelen ýaly, eňräp başlady. Ol ynsabyny parçalap gaýdandyryn öýtdi. Iki dogan Ogulnyýazyň geleninem, gireninem görseler-de seslerini çykarmadylar. – Nirä gel-diň! – diýip, Pugta daýza ýaryldy. – Bihaýa, salaty! At ýitiren, tentek! Gelme, git şu öýden. Ol diýjegini diýip bilmeýärdi. Togta ejäniň barlygy ony ýakýardy. Ýüreginiň howruny, içiniň ýangyjyny pasyrdadyp daşary uçurjak sözleriň ganaty gyrlyp-gyrlyp galýardy, Ol onda-da sesini goýarly däldi. Asyl, heniz gyzanokdam. Ogulnyýaz welin şol sözlere-de daýzasynyň uraryna-da garaşýardy. – Tentek! Nähili abraýym bardy, meni peçan etdi, ile. Ile çykarlygym galmady, ylaýym, bagtyň ýatsyň, gara bagt! Togta eje oturyp bilmedi. – Goý, gyz – diýdi-de, doganynyň badyny aldy – onuň bagtynyň ýatdygy, kimiň bagtynyň ýatdygy. Hany, gowy gürleşeli. Pugta daýzanyň «gowy» gürleşesi gelenokdy. Ol ertirden bäri ähli «hapany» gelniniň üstünden eňterip otyrdy. Özi bu zatlary bilmeýänden bolýardy. Eger häzir «gowy» gürleşiläýse, onuň aýby açyljakdy. – Han-ha, agtygyň! – diýip, ol öňünden gaçyp ugrady – Şermende çykdy, bedasyl çykdy! – Näme bolanmyş? – Näme bolarmy? – Işinden bir heleý: «biri bilen gezýä» diýip üstüme geldi. Ýene birini urup, gözüni çykaryp, suda çekilipdir. Köçede galmyş, iki gün köçe süpürende, atasy ýaly adam bilen dalaş gurap, ähli goňşy ýüzüme basyp otyr. Ine, bu – masgaraçylygam hemmesiniň üstesine... Ol sesini az-kem peselden ýaly boldy. Işik açyldy, Içeri ýüzi-gözi garaört bolan adam girdi. – Salowmal... Oňa ýüz beren bolmady. – Merdanlarmy? – Ow-wa! – Pugta daýza, oglunyň ady tutulandan, ähli pikirini başyndan uçuryp, myhmana öwşerildi. – Men Baýramalydan geldim! Pugta daýza tarsa ýerinden galdy. – Näm boldy! Gelen adam töre geçdi. – Salam aýtdy. Öýe baryp, görüp gaýt diýdi. Sargyt etdi. Bu habara Togta eje-de ýerinden turdy-da geldi. – Hany, geç, otur, jigi! – diýdi – Çaý iç. – Ol aşhana bakan ýöneldi. Myhman, nämüçindir, arkaýyndy. Ol jaýlaşykly oturdy. Ogulnyýaz ýerinden galmady. Ol heniz, ýagşy çeýnelmän, ýerinden galyp biljek däldi. Ol ýerinden turup, ylgap, işläberende-de onuň bolşy sülä geljekmi, ony daýzasy makullajakmy, olam belli däldi. Onsoňam, ol süňňüni, eşiklerini tämizlemese, gap-gaja urnup biljek däldi. Ogulnyýaz içerä göz aýlady. Öýüň içi sölite çopanyň goşuna meňzeýärdi. Goş-golam, göçüp gitjek syganlaryňky ýaly, dökän-saçandy. Klenkanyň üstünde içi pilisläp giden käseler, söndürilen çilim galyndylary, otluçöpüň däneleri, ownuk-uşak, syr-süplük ýüzi syrylyp-süpürilmänden soň hasam köne görünýän palasyň üstüne ýaýrap ýatyrdy. Daşy kirlän ýassyklar, düşek, ýorgan bulaşyp, gözgyny halda içerini hasam garyplaşdyrýardy. Emma Pugta daýzanyň oturşy, kemi olara meňzänokdy. Ol öňem temmäkiniňmi, nasyňmy derdinden, gumy dökülmäni üçin ynjap giden nas tüýkürilýän hapa bankanyňmy ysyndan gurruk guýynyň demi ýaly, ajap giden howany çilimiň burum-burum tütüni bilen üwräp otyrdy. – Näme diýdi? – diýip, ol temmäkiniň ajysyna ýagşy mäzleşip çorlap giden çep gözüni gyrpakladyp sorady. Myhman ilki bir kellesini saňňyldatdy-da, olam gözlerini gyrpaklatdy. Soň burnuny çekip birki gaýta agyr ýuwdundy. – Gowy, tüweleme, gül ýaly! – Şeýledir-le! Pugta daýza çaý getiriljek tarapa gözlerini agdardy. – Onsoň, sargyt etdi. – Ol agzyny çommaltdy-da, ýanan dodaklaryny ýalady. Birinjisi, – Bäşim jan – diýdi – Mamaşa aýt – diýdi. – Swidaniýa gelsinler – diýdi. Göresim gelýär – diýdi. – «Mamaş» diýdimi?! – Hä-ä! «Mamaş» diýdi. Men onuň diýmedik zadyny «aýtdy» diýip bilmän-ä. Ýalan sözlesem, ertir onuň bilen ýene duşuşmal-a men. Onuň «Mamaş» diýeni dogry. – Häý, doňuz ogly, indi düzelipdir, gör, öýden aýrylsa düzeläýär. – Pugta daýza ýylgyran ýalam etdi-de, töweregine bir garady. Gözi çugtdyryp, bu dünýäniň adamsy däl, ýaly bolup oturan gelnine düşdide, ýene myrryhy aglanyp, ýüzüni öňki keşbine getirdi. – Işleýämi? – Işleýä! Gowy iş. Çastnyý iş. Bir baý, aý, men saňa diýsem, gurply oglan öz ýanyna aldy, Şoňkuda, ol. Güni – Ol elini bokurdagyna ýetirdi – Wo-oh, geçýär. – Ikinji sargydy näme? Pul ibermedimi? – Bu sowal Bäşimi aljyratdy. Onuň aýtjak bolýan sözi agzynda pytrap gitdi. – Ikinjisi, birnemejik pul bolsa diýdi. – Näçe? – Ol dyzynyň aşagyny köýneginiň etegi bilen ýapyşdyrdy. – Aý, näme, tapdygyňyzdan... – Näçe? – Otuz-kyrk müň? – Nä-äm-me-e-e? Pugta daýza açyk agzyny ýumaýynam diýmedi. Şol durşuna eňräp ugrady. – Ýer çeksin ony. «Mamaş» diýse, gaty begendim. Onça puly näme etjek eken. Ejesine aş berjek bolýamy? Men nireden alaýyn, ona puly. Özümi sataýyn diýsemem-ä, ine, bolup oturşym – diýdi-de özüni görkezdi. Soň gözi bilen gelnini görkzedi. – Han-ha özüni satyp, weşeň-weşeň pul ýygnap ýöreni bar. Iberibersin. Myhman ýaş gelne garady. – Ol kim? – Pugta daýzanyň demi hažžyldap çykdy. – Kim bolar, ak daban, başymyza ýeten. Gelin almadyk, bela aldyk. – Ol aglamjyran bolup, gelniniň ýoldan çykanlygy barada hälki aýdan sözlerini ondanam edrenjiräk edip sanady – Ýurt ýykan küntüsini başyma atyp gitdi. Indi üç ýerden süýt etjek diýip gelip durlar. Indi onuňky näme? Myhman titräp, gulagynyň eşidýän sözlerini arryk, halsyz kükregine sygdyryp bilmän, närazy halda turup gitdi. Togta eje-de aýal doganynyň bu wejera sözlerine çydap bilmedi. Ol agtygynyň garşysyna geçdi. – Sud bolýança, seň öýe gaýt! Bu ýerde ölersiň. Ogulnyýaz ýere seredip oturdy-da ýuwaşjadan, kömre dönen dodaklaryny gymyldatdy. – Kejebe bilen geldim, ene, kejebe bilenem bararyn. Enesi gorkdy. – Aklyňdan azaşma. Hudaýyň salanydyr. – Ogulnyýazyň çöken, garalan gabaklarynyň arasyndan gaýdan monjuk çyranyň ýagtysyna lowurdap gitdi. – Ene, Allanyň öňünde-de, kakamyň öňünde-de, seniň öňüňde zerraň bölegi ýalam günem ýokdur. Şuny bilip goýuň. Indem bolmaz. Etegimi elletmeg-ä däl, iliň gepinem janyma ýokduran däldirin... Pugta daýza oturyp bilmedi. – Akja kepderisiň-ow, perişdesiň-ow, il, näme, oýnamaga aýdýamy? Ogulnyýaz enesine garady. – Il diýibersin, men öz ýakamyň bagyjygyny bilýän daýza. – Daýza diýme, maňa şerraý, k... Ol agzyna gelen sözi aýdyp bilmedi. – Ýok bolup gitmäň näme, ýedi günläp gazamatda ýatmaň näme, şol ýerden düzüg çykarandyrlar öýdýäňmi? – Daýza! – Ogulnyýazyň ýadyna Aknabat gelnejesiniň, şol gelnaljy gelen agşamsy aýdan: «Sähel ýerde biabraý bolunýan ýeridir gaty pugta bolgun!» diýen sözi düşdi, Häzir ýüpüň syrygyp toýnak, geçýän ýeridi, bu ýerde gelinsiräp dymdygyň, ömürlik ýüzüň garaltmaly boldugyňdy. Onsoňam ol daýzasyny sylap bilipdi. Häzir bolsa onuň ýanynda enesi bardy. Şonuň üçin ol ömründe etmedigini etdi. – Men seniň ýeke sözüňi ýykmajak bolup gitdim. Pugta daýza ör-gökden geldi. – Ana, ana, gördüň dälmi? – Ol Ogulnyýaza ýumrugyny çenedi. – Köpbilmiş k... Senden her zat çykar. Men seni näme üçin iberýin! Tapdyň bir özüň ýaly sypany... Ogulnyýaz indi özüni saklap bilmedi. – Daýyň garyndaşlary çörege çagyryp goýanoklar – diýdiň. – Men ol aýaly tanamog-a. Kürtäm barmy meniň, şaýym barmy men Ählisi seniňki ahyryn! – Oh-oh, howul bela, howul bela. Bu ganjykdan her haýsy çykar. Ol aýal doganyna tutundy. – Ýok, et, beýle gelnem gerek däl, ýalynam. Meni ile peçan edip. Ýeke günem goýma. Togta eje indi köşeşdi. Ol agtygynda aýbyň ýokdugyny, ön ýüregi syzyp dursa-da, indi pugta düşündi. Ol ynjalykly gepledi. – Hany, tükediň. – Ol aýal doganyna garap başyny ýaýkady. – Sen, Pugta, agzyňy aja uralyň bäri ynsabyňy ýuwutdyň. Heý, beýdäýme bolarmy? Dilsiz-agyzsyz çagada näme kastyň bardy. Al, indi oda gorsa-da iý. Saçyny syryp, gözenegiň astyna dyksynlar. Ýeriň giňelsin seniň. – Ol agtygyna elini bulady. – Tur, ýer çekeň, ýyg goşuňy. Kejebe diýen bolup... Ogulnyýaz sesini çykarmady. Togta daýza howlukdy. – Bol, bahym. Gün gitdi! – Ýok, ene, men daýzamy ýeke goýmaýyn. Görýäň-ä bu içerini,. Sen meni ýazgarma, gidip biljek däl... Togta ejäniň ömründe beýle haýran galan ýeri ýokdur. «Depesinden urup, agzyna gelneni pürkülip durka-da beýip oturyşy nämekä? Ýa o haýran munam ýaman öwredäýdimikä, toba». – Ol hoşlaşman çykyp gidipdi... Ýöne şol gije turan gowgany ýatlanda, ýüregi tüýdülere geldi. Agşam Bäşim diýilýän adam ýene-de gelipdi. Onuň ýanynda-da iki sany daýaw pyýada bardy. – Daý-za! – diýip, ol adam öňki Bäşime, düýbünden meňzemän aýtdy. – Nätdi, puly tapyp goýduňyzmy? Pugta daýza pul diýilse jany çykara geldi. – Pul nirede, mende. Puluň bolsa maňa ber, bir atym nasym ýok. Bäşimiň ýüzi garört boldy. Ol dodagyny gazap bilen dişleýädi. – Garry – diýdi. – Dawaý, men howlukýan, Ýaňy aýtmadym, sebäbi ogluň kart oýnap otuz müň manat utdurdy. Onam menden aldy, ejem berer – diýdi. Adresiňizi berdi. Ine, geldim, hana-da şaýatarym. Daýaw pyýadalar dok, agyr ýüzlerini däl-de, gaşlaryny galdyran bolup durdylar. Olaryň iki gözem Ogulnyýazdady. Pugta daýza-da kem galmady. – Mend-ä pul ýok. Sen beren bolsaň, alan adam beribersin. Işim ýok... Bäşim ahyr bolmajagyna tutdy. Eý, garry, indi meniň sabyr käsäm doldy! Berseň-ä puly ber, bolmasa-da diňle. – Ol Ogulnyýaza baş atdy – Ýa-ha gelniňi üç bolup oçura goýarys, ýa-da baryp ogluňy öldürip gaýdarys. Garrynyň müň tüýünden birem gymyldamady. Gaýta, içýakgyç gürledi. – Bar, öldür. Saňa özüni öldürtjek bolup duran ogul bardyr, gurumsak. Çyk, owarra bol-a! Bäşim işigi içinden ýapdy-da, ylgap baryp, gelniň ýeňsesine atan goşa örüm saçynyň düýbünden tutdy. Jübüsindenem iki ýüzli gama çykaryp, gelniň boýnuna diredi. Ogulnyýaz saçynyň awusyna gözüni ýumup uwlady-da, elleri bilen ýer sermedi. – Aýryl! – diýip, edil sesi ýeriň teýinden çykýan ýaly, boguk owaz bilen gygyrdy. Pugta daýza edil bir kino seredýän ýaly, arkaýyndy. Iň bärkisi, «degmäň» hem diýenokdy. Gaýtam: – Pul-a ýok, şol aýaly şeýdeniňiz bilen ynjalýan bolsaňyz, gowruň-da iýäýiň. Bäşimiň ýüzi üýtgedi. – Gowrup iýmeris. Ony häzir seniň gözüň alynda ýeke-ýekeden... Oglanlaryň daýawragy, «eger nobata durmaly bolsa, gijä galmaýyn» diýen terzde Bäşimiň ýanyna ylgady. Bäşim Ogulnyýazy süýräp başlady. Saçynyň agyrysyna gelin çabalanyp, ýer sermäp ýatmadan başga zady bilenokdy. – Aýrylyň, nejisler, ýok boluň. Hudaýdan gorkuň. Alla jan, özüň ýetiş... Gelniň agyly sesi adaty sese däl-de boýny ýüpüne dolaşan bag çebşiň sesine meňzeýärdi. – Aý-ýrr-yl! Oglanlaryň üçünjisi durup bilmedi. Ol Bäşimi itip goýberdi. – Beýtmesen-e! Bäşim bu sözlere aýňalar ýaly däldi. Ol ýigit daýaw pyýadany gyssady. – Gurban, näme dursuň. Goýbersin! Bäşim yzyna gaňryldy. – Sen-o, gowja bol, şuny böwrüňden geçirýän. Ol ýigit ilki bir ejizläp durjak ýalam etdi. Emma köýnegini aýal geýiminiň ýaryna çenli sergi edip ýatan biçäre maşgala dözmedi. – Onda näme günä bar. Görýäň-ä ony öldürseňem hiç kimiň azaryna däl. Ejize ganym bolma. Ol oglan çalaja ýylgyrdy. – Bäşim, gowulyk bilen goýber-eý ony. Bolmasa... Bäşim goýbererdi däldi. Ol oglan. ahyr bolmajagyny bildi-de, baryp Bäşimi gapdala itip goýberdi. Bäşim gelniň üstüne ýykyldy. Ol oglan bolsa Bäşimiň aýagyndan tutup, işige bakan çekip ugrady. – Aýryl! Goýber! Indi Bäşimiň özi gygyryp başlady. Ol elini gelinden goýberse-de ýerinden galyp bilmedi. Işik kakyldy. Kimdir bir erkek adam, megerem Ýazowyň sesi eşidildi. Ol oglan Bäşimiň aýagyny goýberdi-de, gyra çekildi. Bäşimem ýerinden turdy. Ol gaharyna özüni ýykan ýigidi agtardy. Oňa çenli ol ýigit işigiň zülpesini açyp, çykalga bakan haýdady. Ýazow içerden güsürdeşip çykyp barýanlara aňka-taňka bolup garady. – Näm-ow bu? – Hiç zat, agasy, bary gül ýaly – diýip, hälki daýaw pyýada hem howsala, hem gorky gatyşykly aýtdy-da, her basgançakdan bir böküp, aşak eňip gitdi. – Bu näme? – diýip, Ýazow bulaşyp ýatan içerini görüp işikden etläp badyna aýtdy. Ogulnyýaz ýalaňaç başyny tutup, özüni ýygnap bilmän oturşyna eňreýärdi. – Bu näme diýýän? – Daýzasy çorly gözlerini jüýjerdip, gelnine elini uzatdy. – Öýüňde ärsiz heleý saklasaň buça-buça görjegiň kän bolar. Ýazowyň zähresi ýaryldy. Ol işikden zymdyrylyp çykdy-da çykalga bakan atylyp gitdi. Bar salymdan ahmyr bilen dolanyp geldi-de, işigiň söýesine ýaplanyp, dyz epdi. – Wenezzynalar! Ol demi-demine ýetmän ep-esli oturdy. So-oň birneme demini dürsäp: – Sud ikinji gün boljak! – diýip, ahmyrly aýtdy. – Ýegen bilen Baýramala, Merdanyň yzyndan gidip geleli, erte agşam... Ol ýene bir salym içini hümledip oturdy. – Ýaňkylar kimler? – diýip, gaýtadan sorady. Ogulnyýaz ol gürrüňi daýzasynyň sözi bilen galdyrasy gelmedi. Daýysyny namys astynda goýasy gelmedi. – Eltepedenmiş. – Merdan üçin otuz müň manat soraýalar. «Ýok» diýseňem... Ýazoz indi birneme sowaşdy. – Ertir taýýar bol, ýegen işiňe-de aýlan! Ogulnyýaz daýysynyň ýeňünde namys ýassygy bolup galmanyna begendi. Ýazow gidip barýarka başyny ýaýkady. – Iş ýaman. Ol aýallar-a ýygnapdyrlar.. Towşan diýdimi, powşan – diýdimi. Gaty berk tutýarlar-ow, hudaý bardyr-da... Otly ähli hasratlary depeläp, gelni mundan sähelçe gün hasrat bilen gelen ýolundan begenç bilen äkidip barýardy. Ol şonda gaýdyp bu ýollardan ýene ýörärin diýmändi. Tejeniň goraghanasyndan aman çykaryn hem öýtmändi, Soýa «yzyňdan daýyň geldi, çykmaly» diýilse-de garaňky, çygly burça gysylyp, titredi oturdy. – Yzymdan geljek daýym ýok – diýip. – Asyl, soň gerüp otursa: «Buşluk, siziň günäňiz ýok, häzir jaň etdiler» diýip, olar nebir gyzlaryň başyny aýlap ýören bolsalar nätjek. Muny soň oňa gyzlaryň özleri gürrüň beripdiler. Asyl Anýa: – Gözüň aýdyň, boşapmyşyň-a. Buşluk hakyňy berdiňmi! – diýip hikirdände bilip galdy. – Wah, meýdi ýanmyş, aldap! – diýip, Oguş hem puşmanly hemem namys oduna tütäp aýtdy. – Menem ynanyp, meýdiň ýansyn... – Bizem şeýtdiler-ä – diýip, kakasynyň gelip, boşadaryna garaşyp oturan Keýkerem aýtdy. – Utançsyzlar, kakam bir gelsin... Ogulnyýaz başyny! ýaýkady. Ol içini hümledip oturşyna, sähelçe aýş içinde gören görgülerini göz öňüne getirjek boldy. Bolmady. Onuň ýaşyndaky ýaş, ýaňy öýe düşen gelin üçin başgalar-a däl, diňe şu gün ertirki wakalaram aklyňdan azaşmak üçin ýeterlikdi. Ol işine bardy. Ýolda oňa Aýja duşdy. – Geldiňmi, gyz! – edip, ol, şatlygyny içine sygdyryp bilmeýän ýaly, ýyrşardy – Gaýynyň aýtdymy, gelip-gitdi diýip. Ogulnyýaz sesini çykarmady. – Gowy gaýynyň, bar eken-le gyz. Olar ýoly kesip geçdiler-de redaksiýa tarap ýüwrüldiler. Aýja aňyrsyna bakyp duran erkek adama elini uzatdy. Soň Ogulnyýaza: «Sen gidiber» diýdi-de, özi oňa garşy sowuldy. Ogulnyýaz öňki ýerine baryp oturdy. Ýöne ol bu ýerde iň soňky sapar oturýan ýaly, sowuk duýgyny başdan geçirdi. Kabinetem, redaksiýa-da sop-sowukdy, Ýüreginde-de bu ýere bolan zerre ýylylygam ýokdy. Iş başlany. Diňe Taňry Berdiýewiç bir boýnuny uzatdy-da, soňam öz kabinetine girip gitdi. Sagat onlarda ony redaktor çagyrdy. Redaktoryň kabinetinde işgärleriň ählisi diýen ýaly otyrdy. – Tamam! – diýip, redaktor ýüzüniň deň ýaryny äýneginden çykaryp, galan böleginem çykarmaga dözmeýän ýaly bolup töweregine garady. Hemmäňiz ýygnandyňyz. – Ol ýerinden turdy. Mesele bir. Näme etmeli? – Ol Ogulnyýaza barmagyny uzatdy. – Gelin diýsem gyz ýaly, gyz diýsem ýaňy gelinlige ýetişen... Emma... Özüň düşünýänsiň! Oturanlardan biri pyňkyrdy. – Başlyk, ýaman kankretniý aýdýaň-aý! – How-wa-laý! – diýip, Aýja jak-jaklap güldi. – Başlyk bolsaň ähli dannyny bilmeli bolar-daý! – diýip, başga birem gorjap goýberdi. – Näme diýdiň – diýip, Taňry Berdiýewiç gulagyny elledi. Oturanlar oňa-da gülüşdiler. – Tamam! Tamam! – Redaktor gepi kän uzaltmady. – Ap-agym, men-ä seniň bilen beýdip işleşip biljek däl. – Ol iň ahyrky delili hökmünde haýsydyr bir kagyzy depesinde pyrlady. – Wot, belli hudožnigiň arzasy. Gözüni çykarypdyrlar. Yzy näme boljak onuň, alla bilsin. Aýja oturyp bilmedi. Ýerinden turdy. – Başlyk, neme, pahyrjyk, gözünem daňyp, ullakan adam. – Ol gözüni süpürdi. – Ýaňy duşdy, ýaman nebsim agyrdy. Heý, şeýtme bolarmy? Seniň üçin. – Ol Ogulnyýaza elini serdi – Ne bir erkek adam maýyp. Biz kim? Erkek adam bolmasa, biz kime gerek. Ýewropada bäş aýala bir nastoýaşiý erkek düşýär. Bizem, samsyklyk edip, biriniň gözüni çykarsak, biriniň gulagyny goparsak, on aýala-da bir erkek düşmez. Erkekdir-däreý. – Ol Taňry Berdiýewiçe garady. – Işini bitirseň, mes bolup gider-dä. Näme göwni bar. Şeýle dälmi? – Näme diýdiň? – Bela diýdim! – Hä, düşündüm, düşündim! Oturanlar gülüşdiler. – Erkek, Aýja! – Ähli aýal sen ýaly jomart bolsa, biz gözümizi çykardyp ýörmeli däl-ä. – Howwa-laý! – Tamam! – Redaktor ýaňja ýerine geçen Aýja bakyp ýüzüni kürşertdi – Özüňem aýt-da. – Aýja ýene-de ýerinden turdy. – Men, hormatly işdeşler, Gyrnak işe geldi welin, bir begendim, bir begedim. «Men şunuň bilen ömürlik jora bolaryn» diýip, özüme söz berdim. Nähili owadan, nähili ýaşajyk, nähili arassaja. Ähli erkeklerimiz şol diýip öldüler. Emma azajyk wagt işleşdim-de «Toba» diýdim. Ol şol döwürde kimiň gözüni çykardy. Kimiň tas gulagyny toparypdy, kimiň ýüzüni aldy. – Ol iň esasy deliline geçdi – Men size bir zat aýtsam, ögärsiňiz. Redaktor meni onuň öýüne iberdi. – Aýja, ýüregi bulanýan ýaly, ýüzüni çytyp, howsalaly ýuwdundy. – Uf, onuň öýüni, hapa, kir, süňkler, saçagyň üstüne nahar dökülip, oňa-da siňek üýşüp, uf, ýassygy galdyrsaňam, aşagy dökülen nahar, klenkanyň aşagam dökülen nahar, olam ajap, porsap dur, uf. Gowja gaýyny bar, dillije, olam ýanyp, aglap, otyr. Bu-da bir erbet aýal goňşusy bar, Annasoltan diýip, ýurt ýykan, şonuň bilen toýa gidipdir. Wah, haýyp, Bike daýza pahyr. Çagam diýip muňa günde gyzgyn çörek iberýä. Biz nädip ýörüs... Aýja başyny armanly ýaýkady. – Nädip, toýa gidip bilýäň, uf, ýandym. Sen bizi sylamasaňam, ejeň ýaly adamy, Bike daýzany syl-a. Ol seni nähili görýä. Yzyňdan gitjek bolup telim geldi. Ol turdy. Redaktor ýüzüniň perdesini syran ýaly edip, äýnegini aýyrdy. – Näme etmeli! Hiç kimden ses çykmady. Ogulnyýaz ýerinden turdy-da gamly gözleri bilen Bike ejäniň yhlas edip süpüren poluny yzarlap işige bardy. – Sag boluň! – diýdi. Azara galmaň, günämi ötüň – diýdi. Soň öz kabinetine bardy. Ondanam sumkasyny alyp, bazara bakan ugrady... – Eý, allam – diýip, ol otlynyň indi diňe bir gulagy däl tutuş süňňi öwrenişen sesine goşup aýtdy. – Beýle bolar ýaly, meniň näme günäm barka? – Ol Bike ejäniň mähriban didaryny göz öňüne getirdi-de oňa özüni taşlady. – Bah, men bar bolaýyn, daýza, gara maňlaý boldum-da. – Kimi soraýar? – diýip, arassaja koridorda akja haladynyň synyny galkyndyryp ýören uzyn boýly, sap-sary saçy akja, näzik ýüzüne gelşip duran owadan gyzjagaz nämedir bir zatlar diýip wadyrdaýan hojalykçy aýaldan sorady. – Kakoý-to Aýlyýewa! Ýazow täzeden düşündirdi. – Haýlyýew! Haýlyýew! Merdan! Hojalykçy aýal ojagaz gyzyň ýüzüne garady. – Roza, bizde Haýlyýew barmy? Roza diýilýän gyzjagaz jogap bermän, ylgap geldi. Ol arassa türkmençeläp: – Size Merdan gerekmi? Siz onuň doganlarymy – diýdi. Ol geler. – Ol hojalykçy aýalyň yzyndan ylgady. – Anna Stepanowna, bir ýüz kyrk bäşiň açaryny beriň! – Ýok – diýip, hojalykçy aýal onuň ýüzüni aldy. – Tolko çerez naçalstwo! Roza oňa bir zatlar düşündirjek boldy. Emma ol aýal diňlemegem islemedi. Roza olaryň ýanyna gaýdyp geldi. – Merdan gowy, ol işde – diýdi. Soň sagadyna garady. – Ýene bir sagatdan gelmeli. Ýazow sumkalary göterip çykalga tarap ugrady. – Daşarda garaşaýarys. Baýramaly şäheriniň gündogarynda, demir ýoluň bolsa ýüz elli ädim ilersindeki daşy belent howluly, uly desgalar arak içýänleri bejerilýän ýere däl-de, abraýly ministrlikleriň birine çalym edip durdy. Daş-töweregini önümçilik üçin salnan tipli jaýlar tutup duran bu edara girmegem aňsat däldi. Olar daň ertirki gelenlerinden, nobata durup, onuň-munuň ýanyna baryp, hat düzedip, gün eňegini ýere berenden soň, içeri giripdiler. Sen, ýaşuly, çykmaly bolarsyň. Propuskada bir adamyň ady bar – diýip, gyňyr esger ýüzüni çytyp aýtdy! – Bize rugsat berenoklar. Ýazow ol ýaş ýigidiň jübüsine nämedir bir zat gysdyrdy. – Men bir görsem, ýerleşdirip gaýtjak, inim. Bir görsem bolýar. Howlynyň içine girilensoň olardan hasap soran ýokdy. Şonuň üçin olar barak tipli jaýlar bilen aralykdaky baglaryň astyndaky oturgyja geldiler. – Otyrmysyňyz – diýip, Roza-da ähli işini taşlap geldi. Ýazow bu gülýaka ýaljak kemsiz owadan gyzy synlap, süňňündäki ýadawlyk el bilen aýrylana dändi. Ony ýanyndan goýberesi gelmänmi ýa-da, çynlakaý bilesigeljilikmi, oňa sowal berip başlady. – Sen kim bolup işleýäň, bärde? – Medsestra – Roza owadanja ýylgyrdy. – Näme iş edýäňiz? – Bolnoýlary bejerýäs. Ýazowyň özem käte içäýmejigi bolansoň onuň ýaşlykdan bile tirkeşýän ýoldaşlarynyň käbiriniň özüni araga halys aldyryp, «özüňi bejertmeli» diýlen gep gulagynda galansoň, ol çynlakaý gyzygyp ugrady. – Nähili bejerýäňiz? – Roza ýene ýylgyrdy. – Iş bilenem bejerýäs. Işe äkidip. Soň derman bilenem. Ýazowyň içi byjyklady. – Işe äkidilýäni, düşnükli, ýadadyp, derledip alkogoly çykarmaly. A derman bilen nähili bejerýäňiz! Roza garaja, ak pamyk ýaly ýüzüne gelşip duran gaşlaryny gerdi. – Olar işden gelende ýarym litr ýyly suw içirýäs. – Onsoň? – Soň Apomorfin bilen ukol edýäs. Ýa-da antabus berýäs. Azajyk wagt geçenden soňam, stakana azajyk spirt guýup, şony ysgadýas. Olar ögäp-ögäp onsoň spirtli içgä ýigrenç döreýär... Ýazow kanagatlanmady. – Sizde iligem tikýärlermi? Roza Ogulnyýazyň ýüzüne garap ýylgyrdy. – Ilik däl, ol derman, apomorfiniň uly dozasy, ýumşak ýeriňe, et bilen deriniň arasynda goýulýar. Ol hemişelik ýigrenç döredýär, endamyňa siňip... Ýazow: – Hlomorfin! – diýdiňmi – diýdi. – Şony goýsaň içenokmy? – Içse, ölýär-ä. Ýazow başyny ýaýkady. Çünki, ol şu ýerden baranlaryň gaýta, beter içip ýörenlerinem bilýärdi. Ol Merdanyňam düzelip gidiberjegine ynamy azdy. – Siz Merdanyň nämesi? – diýip, Roza ýylgyrypjyk sorady. Ýazow Ogulnyýazy görkezdi. – Gelni, meňem daýysy... Rozanyň akja ýüzi tamdyr çawlanan ýaly boldy. Ol ellerini owkalady-da, düşnüksiz halda, baraklaryň birine girip gitdi. – Gowja maşgala eken! – diýip, Ýazow heziller edip aýtdy. – Bular ýaly maşgalany bu ýerlerde işletmeli däl-ä. Derrew bozular. Ogulnyýazyň hem bu maşgala göwni ýetipdi. – Alçak eken – diýdi. – Öz-ä, türkmen-ä däl, ýöne türkmençäni gowy bilýär. Olar howlynyň daşarsynda maşynlaryň sesini, haýbatly nyzam, komanda seslerini eşidip, ýerlerinden turdular. – Gelýärler öýdýän! «Keselliler», edil bir goýun sürüsi suwa inen ýaly bolşup, howla girdiler. Ählisi gap-gara eşikdäki adamlaryň hersi bir keşpdedi. Garrysam, ýaşam, boýnuny howutlabermeli daýawam, arrygam bardy. Ýöne, her geçen bularyň deňine gelip, ýagşy synlap, salam berip geçýärdi. – Haýlyýew gelmedimi? – diýip, Ýazow ýüzi ýazgynrak, özüni erkin alyp barýan bir ýaşuludan sorady. Ol adam «bilemok» diýip baş atdy-da baraklara tarap gitdi. Gün ýaşyp, garaňky gatlyşyp barýardy, emma Merdan ýokdy. Rozanyň olaryň deňinden keýpsiz, hälki alçak, owadan gyza düýbünden meňzemän geçip gitmegi olary hasam iňkise goýdy. Hälki ýaşuly birsalymdan dolanyp geldi. – «Men aýtdy» – diýme. Ol gowy oglan, ýöne ony hususy hojalyga iberýärler. Baý adamlara gul-gyrnak edip berýerler, naçalnikler pul üçin. Olar öňküdenem beter pozulýar. Arak däl, olar neme-de öwrenýärler. Ýöne men aýtdy diýme. Hossary bolsaň, bozulmanka alyp gitmäniň alajyny ediň... Ýazow sesini çykarmady-da, oturgyjyň gyrajygynda, uçjak guş ýaly bolup oturdy. – Eý, hudaý! – diýdi. – U-uf – etdi. Merdan sagat sekizlerde geldi. Ol içgilidi. – O-o, däde Ýaz-zow, zdrawstwuý! – diýip, ol sag elini uzatdy, Ýazow ony gujaklady. – Kak, bratişka! Merdan ýylgyrdy, Soň ýerinden turup, garsa gujaklamaga taýýar Ogulnyýaza elini uzatdy. – Priwet! Ogulnyýaz Merdany görüp gaty begendi. Ýaşly gözlerini balkyldadyp, Merdanyň dikelen ýaly bolan boýuna, birneme agaryp, adam halyna gelen tegelek ýüzüne doýmaz-dolmaz nazar bilen garady. Administratiw korpusyň bir burçundaky iki etažly jaýyň öňünde Ýazow olar bilen hoşlaşdy. – Ertir irden gelerin. * * * Ogulnyýaz Merdanyň bolşuny örän täsin gördi. Ol öýden getiren iýer-içer ýaly zatlary saçagyň üstüne çykardy. Çaý demledi. Emma Merdan saçagyň başyna geçmedi. Ol iki sany krowatyň birine geçip, süýnüp ýatan ýerinden: – Men häli pelmen iýdim – diýip, göwnübir ýaly gürledi. – Iýesiň gelse, özüň iý! Ogulnyýazyň bokurdagyndan hiç zat geçmedi. – Daýzam köp salam aýtdy – diýip, Ogulnyýaz ony gepe çekjek boldy. Merdan argyn, humarly gözlerini süzüp ýatyşyna: – A-aa, mamaş! – diýdi. – Spasibo, neneň ol. Ogulnyýaz oňa öýüň ýagdaýyny gürrüň berdi. Emma Merdan ol gürrüňleri diňlemedem. – Ýygnaýaýynmy? – Kak hoçeş! Ogulnyýaz saçagy ýygnady-da Merdanyň krowatyna geçip, onuň aýagujynda oturdy. Onuň hor, uzyn barmaklaryny eliniň aýasyna aldy. Ol Merdandan gelýän ysy halamady. Ondan edil Saragtda Gulýanyň üstünden gelýän ýaly, juda ýakymsyz ys gelýärdi. Merdan tirsegine galdy. – Sluşaý, – diýdi. – Sen Roza «Men onuň aýaly» diýdiňmi? Ogulnyýaz aňynyň bir ýerlerinden Rozaly wakany tapyp, oňa näme diýilenini seljerýänçä, bir giden pursat geçen ýaly boldy. – Ýok ony daýym aýtdy. – Merdan uludan demini aldy. – Diýmeli däl ekeniň. «Dogany» diýäýmeli ekeniň. Gelin hiç zada düşünmedi. Merdan aňyrsyna döndi-de edil guzy ýaly bolup, şol bada uka gitdi, Ogulnyýaz onuň saçyny, ýüzüni sypajak boldy. Merdan onuň elini itdi. – Ninado! Ertir irdenem ol alňasap turdy. – Mamaşa aýt, meniň ýagdaýym gow Doswidaniýa! Onuň bar aýdany şol boldy. * * * – Gowumy, ýegen! – diýip, işikde duran Ýazow Ogulnyýazyň sumkalaryny görüp haýran galmasyny gizläp aýtdy. – Bular neme? Ol ýegeniniň sesini çykarmazlygyndan nähilidir bir näsazlygyň bolandygyny aňjak boldy. Emma ýegeni syr bildirenokdy. – Gaýdaly, daýy, – diýdi. – Gördük, görüşdik. Ýazow kireýine tutan ýeňil maşynynyň öňki oturgyjynda oýa batdy oturdy. «Ikinji gün Maryda sud bolsa, bu günem üçünji gün, ýene gelmeli boljag-ow». – Gaýdaly! Adamsynyň özüne bolaň sowuklygy Ogulnyýazy şunça oýlandyrsa-da, nämüçindir ol Merdany ýazgarmady? Ol Merdanyň şol sözüni welin undup bilmedi. « – Sluşaý! Sen Roza «men onuň aýaly» diýdiňmi? Diýmeli däl ekeniň, «dogany!» diýäýmeli ekeniň!» «Eý, allam, ol oglan näme üçin beý diýdikä? Ýa şol gowja gyzy söýýärmikä? Öz-ä gowy, alçajyk gyz eken. Ol menden ýakyn-da oňa. Onsoň...» Ol öýe gelensoňam şu pikirinden aýňalyp bilmedi. Daýzasy gözünde oky bolsa atmakçy bolýan ýaly, oňa gözüni edrenç yşnyk bilen alartdy. – Geldik, daýza, Oogluň köp salam aýtdy. Ýagdaýym gowy, meni alada etmäň diýdi. Pugta daýza agzyny towlady. – Azaryň meniň oglum däldir-le. Bar gaýgyň gyzgynyňy ýatyrmakdyr. Indi, gidip geldiň, diliňem süýjär, aýagyňam ýeňlär seniň, utançsyz... Ogulnyýaz başyny göterdi. – Daýza! – Onuň sesi zarply çykdy. Ol sese daýzasynyň ini düýrügip gitdi. – Hä-ä, indi boldy. Ölen, ülhit garry gorkuzaryn, şerraýlyk ederin diýýänsiň. Ony oňarmarsyň. Ülhidem bolsam, awumy seniň ýaly kelpesejiklere bermen awumy! – Ol elini dyzyna urdy. Şol oglanyň ýanyna özümem bir baryp gaýdaýyn. Geçi ýaly, käbir ýerleriňi oýkap, ony ýumşadandyryn öýtme. Seniň talagyňy alyp gaýtmasam, atamyň gyzam däldirin... Ogulnyýaz demini çykaryp bilmedi. | |
|
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |