07:36 Gysgajyk goşgular | |
GYSGAJYK GOŞGULAR
Goşgular
Ne senden, ejeňden, durmuşdan närza, Käbäň bagtyň islär, sen bolsa meni. Ykbal hem söýgini bermez-ä karza, Bagtyň üçin özüň etmeseň jeňi. *** Ikimiziň ýaşymyzam orta ýaş, Onda gep däl, başga zada bogulýan. Allam seni alyslarda ýaratdy, Gör-ä ykbal, men şu ýerde dogulýan. ■ Söýgi Söýgi - sabyrlylyk, synagdyr, sylag, Söýgi - sahabatdyr, sylaşyk, sarpa. Öňlerem, häzirem, geljekde ýene, Baş egip ýaşarlar bäş sany harpa. *** Maýyl eden ol bendiwan ýylgyrşyň, Görmek üçin hiç hatardan gaýtmandym. Emma, gelip, şol jadyly keşbiňi, Görenimde, gynanaryn öytmändim. ■ Ýatlaýan Ykbal işýär, maý berenok çözüme, Seniň keşbiň ýene siňýär gözüme, Gark bolýan-da, soňra gelip özüme, Ilk-ä seni ýüregimde otlaýan. Külüň sowrup, soňra ýene ýatlaýan. *** Elmydama hasaply däl bu durmuş, Näme diýse diýibersin başgalar. Bil, ezizim, ikimizi jemlesek, Iki däl-de, bolarys bir maşgala. ■ Söýgi Çykylmasyz belentlik, Söýgi - hasrat oguşýa. Ýetilmedik arzuwlar, Diňe düýşde gowuşýar. *** Bilbilde bar ýürek gargada-da bar, Deň çykar owazy, kakaylaýsa tar. *** Ynan. Bir gün alnyňda bagtly daň atar, Bilseň, şol bagtyň maňa-da ýeter. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||