14:50 Gysgajyk kyssalar | |
GYSGAJYK KYSSALAR
Sözler
• Hudaý bolmak isläp, zordan Lew Tolstoý boldum Lew Tolstoýyň oglundan: “Geljekde kim bolmak isleýäň” diýip sorapdyrlar welin, ol: “Kakam Lew Tolstoý bolmak isleýän” diýipdir. Muny eşiden Lew Tolstoý ogluna: “Men Alla bolmak isläp, zordan Lew Tolstoý boldum, sen öňüňde men bolmagy maksat edinen bolsaň, alan galaň bolmaz” diýip ogluna käýäpdir. • Hudaý bar ýöne... Bir gezek Lew Tolstoýdan “Hudaý barmy” diýip sorapdyrlar welin, bu sowala akyldar şeýle jogap beripdir. “Men Älem-Jahan öz-özünden dörändir diýip pikir edemok. Dünýäde haýsydyr bir güýç gudrat bar. Eger şol güýje, gudrata Hudaý diýmeli bolsa, Hudaýyň bardygyna şübhelenemok. Emma men pygamber diýilýänem bolsa adamlaryň döreden Hudaýyna ynanmaýaryn. Sebäbi adamlaryň döreden Hudaýy belli bir bähbide hyzmat etdirilýär”. • Hudaý gözleginde... Lew Tolstoý dinleri düýpli ilkinji çeşmeden öwrenjek bolup, dünýä din merkezlerine “Hudaý näme?! diýen sowal bilen ýüz tutupdyr, Osman soltanlygyna hem “Yslam dini we Alla näme?!’ diýen sowal bilen bu akyldar hat ýazypdyr. Gelip ýeten taryhy maglumatlara görä, Lew Tolstoýyň haty Osman soltanlygyna gowşupdyr. “Aý, bir rusdan hat geldi” diýip, rus akyldarynyň wajyp sowally hatyna bu soltanlykda jogap bermäge adam tapylmandyr. Sebäbi XX asyryň başynda Osman soltanlygy uly krizisi başdan geçirýärdi. • Nemes takyklygy XIX asyryň meşhur nemes filosofy Immanuil Kant şeýle bir anyk hereket, takyk hereket edýär eken welin, onuň işe gidýän-gelýän, iden-agşam gezmeleýän, ýatýan-turýan, hatda jajathana gidýän wagtlaram şol bir wagtda, minutda bolýar eken. Bu filosofyň tanyş-bilişleri, goňşy-golamlary bu akyldaryň her bir hereketini wagtyň haýsy döwründe edýändigini ýat tutup gidipdirler. Kantyň edýän hereketini nazarlap sagadyny düzenlerinde hem, wagt gaty takyk bolýar eken. Nemes takyklygy diýilýän jogapkärçiligi Kantyň takyk hereketleri doly düzgüne saldy diýýärler. • Din adamlaryň jany-özüdir Nemes akyldary Gýote: “Din-ynanç-ygtykat däl. Ol halkyň-her bir halkyň wekilleri bolan adamlaryň haýsy dine ynanýandygyna garamazdan, din adamlaryň janydyr-ganydyr, özüdir” diýip ýazypdyr. Şol sebäpli islendik halk haýsy dine ynanýandygyna garamazdan, şol din her bir halkyň mukaddes ynanjydyr. iýun, 2011 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |