19:47 Gyz gülküsi / hekaýa | |
GYZ GÜLKÜSI
Hekaýalar
- Ha-ha-ha!... Ha-ha-ha!... Açyk äpişgeden bir gyzyň yzy üzülmeýän gülki sesi gelýärdi. Iki dost bu näzik duýgulary oýarýan irginsiz gülki sesini eşidip, tapba seslerini kesdi. Dostlar içip oturan çaýlaryny goýup, iki ellerini eňeklerine diräp, açyk äpişgeden ummasyz giňişlige seretdiler. Emma olar näçe seretseler-de, hiç zat görüp bilmediler. Diňe äpişgäniň öňündäki leýlisaç tal özüniň näzikden gelen uzyn pürlerini aşak sallap, tomsuň asuda şemalyna çalaja yraň atyp,, dostlaryň pikir sallançagyny hüwdüleýärdi. Käte hem gözel gyzyň näz edişini edip, äpişgeden assyrynlyk bilen jyklaýardy-da, ýene yza tarap çekilýärdi. Dostlar bolsa henizem diň salyp otyrdy. Ol gyz hem yzyny üzmän gülýärdi. - Ha-ha-ha!... Ha-ha-ha!... Gyz gülküsini kesen wagty tomsuň atyr ysly şemaly äpişgäniň öňünden asuda akyp ýatan salmanyň sowujak suwunyň şirrildisini, nirededir bir ýerdäki buzawyň jürrüldisini hem-de irginsiz heň edýän bir bimaza gurbaganyň gurruldysyny äkelýärdi. Onsoňam şol uzagrak bir ýerden zawodyň ýer sarsdyryp çykýan güňleç sesi eşidilýärdi. Bularyň hemmesi birigip, heniz orkestriň düzülmedik saz gurallarynyň seslerini ýadyňa salýardy. Emme ol gyzyň gülküsi welin, bu sesleriň hemmesinden belent çykýardy. Ol gülküden gülüň ysy, balyň tagamy, bilbiliň owazy gelýärdi! Dostlar üçin bolsa bu gülki sesi hassany sagaldyp, gussany kemeldip, jana şypa berip, ýüreklerde teselli ündeýän ýalydy. Birdenkä gülki sesi az-kem saýhallaşdy. Şol wagt olaryň biri beýlekisine seredip: - Gurban, näme pikire gitdiň? – diýdi. Gurban dogrudanam pikire gidipdi... “Ine, gijäniň ümüş-tamyş wagty... Ol garaňkyda söýgülisi Aýlara garaşýar. Bu gün ilkinji duşuşyk. Onuň ýüregi tora düşen serçe ýaly bökýärdi. Gaýta-gaýta töweregine seredýär. Sähel şagyrdy bolsa, diň salýar. Iki gözi Aýlaryň geljek ýolunda. Ol dymýar. Äpet agaç ony özüniň garaňky goýnuna alyp, gizläp dur. Ol agaç ony näme üçin gizleýärkä? Ýa-da ol Aýlar bilen onuň duşuşmagyna bahyllyk edýärmikä? Ýok! Beýle däl! Ol agaç ony Aýlardan gizlänok. Gaýtam, sesini çykarman, oňa duýgudaşlyk edýär. Göm-gök pudaklar, ýapraklar Aýlaryň gelerine onuň bilen deň garaşýar. Ine, Aýlaram geler welin, Aýlaryň ýüpek köýneginiň şowurdysyny pessaýja şemal ondan öňürti getirer-de, şol äpet agaja habar berer! Agaç hem şahalaryna, şahalar hem pürlerine, pürler hem ýapraklaryna habar berer! Ýapraklar hem çalaja pyşyrdaşyp, bir-birlerine habar bererler. Şeýlelikde, hemme agaçlardan ýokary saýlap, gulagyny üşerdip duran “gepçi” ak derek bu wakany eşider-de, beýleki agaçlar ýaly utanç-haýanam bilmez-de, ellerini çarpyp gülmäge başlar! Şeýlelikde, bu söýgä bütin janly tebigat tomaşa eder. Emma näçe el çarpsa-da, ak derek bu duşuşygy ynsana welin jar edip bilmese gerek!.. Ine, aýdylyşy ýalam, Aýlar ýeriň gaýmagyny bozman, ýuwaşja ädimläp gelýär. Anha, Aýlaryň gelýäni eýýäm ak derege baryp ýetipdir! Ol ellerini çarpyp, ýuwaşja başyny yraýar!.. Aýlar şol äpet agajyň ýanyna geldi-de, aýak çekip, iki elini göwsüniň üstünde goýup, boýnuny uzadybraga-da, diň saldy. Onýança, Gurban agajyň aňyrsyndan ýuwaşlyk bilen çykdy-da: - Aýlarjan, geldiňmi? – diýdi. Aýlar barmagyny dişläp, ýere seretdi-de: - Geldim... – diýip dymdy. Gurban uzak saklanyp bilmedi-de, baryp onuň goşaryndan tutdy. Şol wagt ömür elinden erkek göbekli tutmadyk gyz şeýle bir tisginjiräp elini çekdi welin, Gurban tas özünden gidipdi. Şol tisginjirände, Aýlaryň şaýly tahýasy şaňňyrt edipdi. Ol ses bolsa Gurban üçin ýyldyrym çakyp, gök gübürdänden bir-de kem bolmandy. Gurban şondan soň başy aýlanan ýaly bolup, esli salym dymyp, gyza seredip durdy. Gyz sandyraýardy, içi-içine sygman, alýan demi sandyrap çykýardy. Şol wagt, Gurbanyň göwnüne bolmasa, gyzyň dakynan apbasylarynyň her biri bir äpet göz bolup, özne gahar bilen alarlyp seredişýän ýaly bolup duýuldy. Soňra ol ýene özüni dürsäp, baryp Aýlaryň goşaryndan ikinji gezek tutdy. Emma ol bu gezek berk tutupdy. Aýlar näçe tolgunsa-da, goşaryny sypdyryp bilmedi. Ol uçjak bedene ýaly bolup durdy. Gurban soň aýdara-da söz tapman, Aýlaryň bilinden gujaklap, özüne tarap çekdi. Aýlar başyny aşak salyp dymdy. Şonda Gurbana ilkinji gezek söýginiň heseri çalypdy. Ol Aýlaryň daş ýaly göwsi kükregine degende, edil tok urandan kem bolmandy. Teşne dodagyny onuň al ýaňagyna basanda welin, ol özüni bütinleý ýitiripdi. Tä mähri ganýança, onuň beýhuş ediji ýaňagyndan agzyny aýryp bilmändi. Birwagtlar özüne gelende, söýgiden serhoş bolan Aýlar öňki häsiýetini düýpgöter üýtgedip, ümüş-tamyşlygy böwsüp, ömründe ilkinji gezek älemi sarsydyryp, birdenkä gülüp goýberipdi. Şolbada hem özüniň gödeklik edendigini aňyp, dilini dişläp dymypdy. Emma ol gülki sesi welin uzak ýerlere çenli gidip, soň şol durşuna howada doňup galypdy... Ine, häzirki eşidilýän gülki sesi hem şol gülkä çalym edýärdi...” Gurban dostunyň soragyny eşiden badyna özüni ele aldy. - Aý ýok-la. Pikir edemok-la. Ýöne dymaýypdyryn. Soňra ol köp çarşenbeleri başdan geçiren ýylçyr kellesini sypalady-da: - Ah, ýaşlyk! Geçdim gitdim diýsene – diýip, uludan demini aldy. Ýoldaşy hem tikeç ýaly gyrçuw sakgalyny sypalap: - Hawa-la, Gurban. Ýaşlyk bir gyzyl güldür. Indi welin diňe ýatlama bilen oňaýmaly boljak öýdýän. - Indi çagalarymyzyň saglygyny diläbermeli – diýip, Gurban onuň üstüni ýetirdi. Şol wagtam hälki irginsiz gülki sesi ýene-de eşidilmäge başlady. Iki ýaşuly bu gülkä ýene bir gezek diň salyp, soňra bir-birlerine seredişip ýylgyryşdylar... Bu gülki ýönekeý bir gülki däldi. Bu gülki bagtly ýaşlygyň, sapaly durmuşyň, parahat älemiň, dostlugyň, doganlygyň şadyýana gülküsidi! Azat söýginiň simwolydy. Anha, ol gyz ýene-de gülýär!.. - Ha-ha-ha!... Ha-ha-ha!... Gadyrly okyjy, hany senem başyňy galdyryp bir diň sal! Sen ol gülkini hakyky eşitmeseň-de, hyýalyňda hökman eşidersiň! Hany, diňle! Goşjan SEÝITMÄDOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, mart 1961 ý. | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |