17:18 Hajy Bekdaş Weli: Aýal-gyzlary okadyň | |
AÝAL-GYZLARY OKADYŇ
Edebi makalalar
Beýik akyldaryň aýratyn nygtap: “Aýal-gyzlary okadyň” diýmesinde näme syr gizlenýärkä? Ol muňa ýörite üns çekmek isläpdir. Yogsa Kurany Kerim, hadyslar aýal-gyzlaryň ylym almalydygyny gadagan etmän, eýsem olaryň okadylmalydygyny aýdýarlar ahyry. Şeýle-de bolsa, köp-köp ýerlerde, ençeme asyrlarda dini ýoýluşlar zerarly, aýal-gyzlara erkekler bilen deň derejede bakylmandyr, olar diňe çaga öndüriji, öý hyzmatyny bitiriji hökmünde görlüpdir. Onsoň bu çäklendirmeler diňe bir aýal-gyzlaryň durmuşyna, gelejekki ösüşine agyr zyýanlar ýetirmek bilen durman, eýsem tutuş jemgyetiň ilerlemegini asyrlarça bökdäpdir. Bütin türk dünýäsiniň yslamlaşmagynda kesgitli rol oýnan we Kubrawiýa, Bekdaşiýa, Nagyşbendiýa ýaly uly tarykatlaryň köklerine öwrülen Hoja Ahmet Ýasawy hem-de Ýasawiýa tarykaty aýal-gyzlary çetleşdirmändi, olary elmydama bile zikir çekmäge, bile nalyşlar, hikmetler aýtmaga, söhbetler diňlemäge çagyr¬ýardy. Meýdan diýlip atlandyrylýan dini ybadat tanslarynyň ýerine ýetirilýän ýerine bile çykýardylar. Umuman, türk halklarynyň öňe çykan, aýratyn saýlanan aýal-gyzlarynyň uly taryhy heniz doly ýazylman ýatyr. Biziň taryhymyzda olaryň orny, ähmiýeti hiç zat bilen deňäp bolmajak derejede beýikdir. Ýol ugra aýdyp geçsek, baryp on üçünji asyrda Ahi Ewren (Hajy Bekdaşyň pikirleri hakda aýdanymyzda Ahi Ewreni ýakyndan tanadarys.) diýen bir şeýhiň aýaly Patma hanym «Bajyýany Rum», ýagny Rumustan bajylary atly uly bir jemgyet gurupdyrlar hem-de öz döwrüne uly täsir edipdirler. Maşgala ojagynyň öçmän, yssy saklanmagynda, nesliň dowam etdirilmesinde, ozaly bilen, aýal uly rol oýnaýar. Öý-içeri bilen bagly, çaga terbiýe¬lemek bilen bagly, maşgalanyň beýleki maşgalalar we umumy jemgyet bilen gatnaşyklaryna bagly meseleleriň köpüsi aýalyň başyna düşýär. Şoňa görä aýalyň ylymly-terbiýeliligi, ne derejede medeniýetliligi, hojalygy dolandyrmakda tejribesiniň barlygy-ýoklugy we ýene ýüz müň meseleler netijesinde maşgalanyň ahlak-moral, medeni we ylmy durky emele gelýär. Şoňa görä ýola düşüp, ugrugyp başlaýar. Gelejekki nesli, çaga heniz ene göwresindekä, ene terbiýeläp başlaýar. Ilkinji zehin ene gany bilen geçýär. Ata garanda çaga enä köp yhlas edýär. Enäniň aýdany-diýeni köp diňlenýär. Çaga bilen, esasan, ene meşgullanýar, sebäbi erkek kişi öýüň eklenji, gazanç bilen has ýakyn gyzyklanýar. Adaty maşgala däpleri şeýle ösýär. Diýmek, aýal öýüň, maşgalanyň baş sütünidir diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Şeýle bolsa ýene bir hakykaty oýlanyşmagymyz gerek: jemgyetde aýal neneňsi derejede, orunda goýlan bolsa, jemgyetiň ösüşi hem şoňa görädir. Ýowropada, beýleki faktorlar bilen bilelikde, aýallaryň siwilizasiýasy güýçlenen halatynda tutuş jemgyet ösdi. Ösüşiň dowamynda aýallaryň tebigy zerurlykdan aşa siwilizlenmegi netijesinde maşgalalar öňki durkuny saklap bilmediler we dargamak bilen boldular. Munuň ilkinji alamaty nika bozýan är-aýalyň artmagydyr. Maşgala ýumrulyşygy jemgyýetiň umumy ösüşine öz ýaramaz täsirini uzaga çekmän ýetirip başlar. Bu ýagdaý ösen Ýewropa ýurtlaryna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna degişlidir. Ýaponiýanyň, Hytaýyň we günorta-gündogar Aziýanyň ösen ýurtlarynyň häzirki ýagdaýynda hem aýal faktory uly rol oýnaýar diýip pikir edýärin. Olaryň ösüşiniň neneňsi boljagyny gelejek görkezer. Yslam ýurtlarynyň köpüsiniň ylmy-tehniki ösüşde yza galmaklygynyň bir sebäbi–aýal-gyzlaryň jemgyetdäki rolunyň pesligidir. Aýal-gyzlar ösen medeniýetli, çylşyrymly tehnologiýaly durmuşdan daşda galýandyklary üçin olaryň öz nesline geçirýän, berip bilýän zatlary hem ýokary däldir. Elbetde, çaga ulalandan soňra ýokary medeniýeti, çylşyrymly ylmy alyp biler diýilmegi mümkin. Dogry, emma her bir medeniýetiň, terbiýäniň fundamenti çagalykda beýnä siňse ol başgaça bolýar. “Zehin eneden, gayrat atadan” diyen nakyly hem yatladaýyn. Bu taýda gürrüň aýratyn bir şertler döredilendäki ýagdaýlar hakda däl-de, tutuş jemgyetçilik medeniýeti, jemgyetçilik aňy hakda barýar. Är-aýallyk ýaşaýşynda ylymly, okuwly aýal ärine başgaça, has içgin bakyp biler, ony özüne imrindirmäge, erkegiň başga aýallara köňül bermeginiň öňüni almaga ýol tapar. Sebäbi ylymly-okuwly aýal seksologiýa ylmyndan hem habarly bolýar. Olar öý durmuşyny alyp gitmegiň inçe syrlaryny açýarlar, dürli naharlary, tagamlary taýýarlamaga ökde bolýarlar. Bilşiňiz ýaly, erkekleriň köpüsi ilki garny bilen oýlanýar. Ylymly-bilimli aýal-gyz öz hukugyny, öz hakyny talap etmäge kuwwat tapýar, bu hem onuň öz mertebesini belentde saklamaga sebäp bolýar. Ynha, aýal-gyzlaryň ynsan durmuşyndaky şeýle kesgitleýji roluna aňry ýany bilen göz ýetiren Hajy Bekdaş Weli “Aýal-gyzlary okadyň” diýip, ýörite öwüt edipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |