16:46 Hajy Bekdaş Weli: Bekdaşiýa we beýleki tarykat silsilesi | |
BEKDAŞYÝA we BEÝLEKI TARYKAT SILSILESI
Edebi makalalar
Türkmen taryhçylaryna, edebiýatçylaryna amatly bolmagy üçin şu taýda bekdaşy tarykatyna eýeriji, emma başga atlar bilen agzalýanlar hakda-da aýtmak isleýäris. Bu maglumatlar türk alymy Abdylkadyr Sezginden alyndy. 1. Tahtaçy – türkmen tiresiniň biriniň ady hem-de bir hünäriň ady, şeýle hem esasan Bekdaşylyga eýerijilerdir. 2. Gyzylbaş– XVIII asyrda we soňra fanatik eýranly şaýylar üçin ulanylan sözdür, bekdaşy tarykatyna giren obaly diýen manysy hem meşhurdyr. 3. Çepni – oguzlara degişli bir topar türkmenleriň şiwe adydyr we bekdaşylyga eýerijilerdir. 4. Syraç – türkmenleriň bir şiwesi, olar bekdaşy tarykatyna ýürekden bagly we joşgunly ynsan¬lardyr. 5. Alewi – bu söz bütin yslam ülkelerinde ulanylýan bir sözdür. Ýöne her ülke muňa özüçe düşünýär. Anadolyda bekdaşy manysyndadyr. Indi silsilelere geçeliň. Her bir tarykaty gurujy ýa-da onuň ady bilen gurlanlar özünden öňki halypalaryň haýsylaryna eýerýän bolsalar, şolaryň atlarynyň nobat bilen ýazylmagyna silsile diýilýär. Türkiýede iň meşhur, iň giň ýaýran mewlewiýa we bekdaşiýa tarykatlarydyr. Mewlewiýa tarykatynyň silsilesi Möwlana Jelaleddin Rumy Burhaneddin Muhakkyk Termezi Huseýin Bekri Balhy Ahmet bin Ömür Haýrany Ammary Ýaser Muhammet Suhrawerdi Omar Bekri el-Kady Wasiýeddin el-Kady Muhammet Bekri Muhammet Dineweri Mümşad Dineweri Jüneýd Bagdady Ymam Ali Ryza Hezreti Aly Muhammet pygamber Bekdaşyýa tarykatynyň silsilesi (Ebubekir goly) Hajy BekdaşWeli Lokman Horasany (Perende) Ahmet Ýasawy bin Muhammet Hanefi Ýusup Hemedany Ebu Aly Farmidi Ebul Hasan Harkani Baýezidi Bistami Jaferi Sadyk Kasym bin Muhammet bin Ebubekir Selmani Farisi Ebubekiri Syddyk Muhammet pygamber Nagyşbendi tarykat silsilesi (Ebubekir goly) Muhammet Bahaýeddin Nagyşbendi Emir Külal Muhammet Baba Semmasi Ali Ramiti Muhammet Çagnewi Arif Riwegeri Abdylhalyk Gijduwany Ýusup Hemedany Ebu Ali Farmidi Ebul Hasan Harkany Baýezidi Bestamy Jaferi Sadyk Kasym bin Muhammet bin Ebubekir Selmani Farisi Ebubekiri Syddyk Muhammet pygamber Umuman, silsile gan garyndaşlygy däl-de her bir beýik adamyň mugallymlaryny, ruhy halypalaryny öwrenmek üçin örän zerurdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |