22:43 Hajy Bekdaş Weli: Duşmanyňyzyň hem ynsandygyny unutmaň | |
DUŞMANYŇYZYŇ HEM YNSANDYGYNY UNUTMAŇ
Edebi makalalar
Umuman, hoşgörme ideýasy duşmanlygy aradan aýyrmagyň alajyny gözleýän bir ideýadyr. Emma durmuşda müň bir sebäpler arkaly, özüňize bagly bolmadyk ýagdaýlarda, duşmanlydygyňyz belli bolsa, o duşmana duşman bolup daraşmak gaharyň alamatydyr. Ony bir ýollar bilen ýumşatmak, oňa duşmanlygyňyzyň ýoklugyny anyk görkezmek, duşmanlykda ýaşaşmagyň iki tarap üçinem pesligi aňladýandygyny ýüze çykarmak, eger bu bir-birege duşmanlyk uzak dowam etse, onda ýaş össürimleriňem bu duşmanlyga gatyljakdygyny bir ýollar bilen beýleki tarapa ýetirmek zerurdyr. Hajy Bekdaş Weli “Duşmanyňyzyň hem ynsandygyny unutmaň” diýende duşmanyňy özüňden pes adamdyr öýtme diýen pikiri hem göz öňünde tutandyr. Sendäki bar zat, seniň ýetmeziň-artykmaçlygyň onda-da bardyr. Özüňi adam hasaplaýan bolsaň, duşmanyň hem edil şoň ýalydygyny unutmaly däldigini aňladýar. “Duşmanym eken-ow” diýip çäkden çykybermek bolmaz. Ony haýwan derejesinde görmek hiç bolmaz. Sebäbi bu gün duşmanam bolsaň, erte bolmasa-da, günleriň birinde ýaraşmaly boljagyňy, şo sebäpli çökder gitmegiň ummasyz uly gödeklikdigini ýatdan çykarmaly däl. Köplenç, bu düzedilmez, öwezini dolup bolmajak çäklere baryp ýetýär. “Pylana ýamanlygymy görkezeýin, menden eýmener ýaly” diýen pikiriň düýpden ýalňyşdygyny durmuş her ädimde görkezip dur. Bu hereketler duşmanlygy oýarýar, öjükdirýär. Beýleki tarap özünde duşman barlygyna wehim edýär, özüni tijeýär, gaty birahatlyk tapynýar. Ýok, bu ýoluň soňy gorp, uçut gaýalar. Her ýollar gözlemeli, emma duşman edinmejek bolmaly. Duşmanly ýaşamak ruhy ejirlerden başga, uly maddy çykdajylara baryp ýetmegi hem mümkin. Duýman durkaň, degirmen ters tarapa aýlanyp başlapdyr diýeli. Şony dogry aýlanar ýaly etmek üçin sen, eýýäm, duşmanyňdan haýyş edip bilmeýäň. Duşmanyň garyndaşlary, ýakyn goňşy-golamlary, dost-ýarlary we oňa ýakyn adamlar hem duşmançylykda ýaşaşýanyňy bilseler, kömek edeninden etmänini gowy görerler. Diýmek, gör, biri bilen duşmanlyk gapylaryň näçesini ýapýan ekeni?! Beýik psiholog Hajy Bekdaş Weli adam gatnaşyklarynyň inçe syrlaryny örän ýakyndan bilýänligi üçin, ynsan ruhundaky garaşylmaýan, duýdansyz hem örän tiz geçýän öwrülişikleri syzýandygy üçin “Duşmanyňyzyň hem ynsandygyny unutmaň” diýendir. Duşmanlygy aradan aýyrmak üçin edilýän her tüýsli hereketler şol adamyň beýikliginiň, terbiýeliliginiň, uzakdan görüjiliginiň, medeni-ýetliliginiň nyşanydyr. O hereketleri ejizlik, ýallaklamak diýip düşünýänler ýalňyşýarlar hem-de öz terbiýesizligini ýüze çykarýarlar. Bu meselä degişli taryhdan köp mysallar getirip boljak. Beýik Alp-Arslan Wizantiýa imperatory Roman Diogen IV-niň boýnuna syrtmak atyp getirenlerinde, oňa uly hezzet-hormat edipdir hem-de mylakatly söhbetdeşlik gurapdyr. Öz döwrüniň iň beýik şäher-galasynyň biri bolan Ystambyly 21 ýaşynda boýun egdiren Fatih Soltan Mämmet şäheri alanda ýerli ilata azar bermezligi we olaryň öňki dinlerini tutmaga erkinligini höküm edipdir. Bir adamyň durmuşda neneňsi orun tutup biljegini onuň duşmanynyň barlygy-ýoklugy, azlygy-köplügi bilen ýa-da onuň häsiýetinde konfliktlilige neneňsi garaýşyň barlygy bilen doly ýa-da takmyn kesgitläp bolsa gerek. Häsiýeti konfliktli ynsany türkmenler gödek, dikdüşdi, üşüksiz, mylakatsyz, duýgusyz, öz peýdasyny bilmeýän we şuňa meňzeş manylarda sypat-landyrýar. Ynsan häsiýetindäki çeýelik, maýyşgaklyk, ýumşaklyk, geçirimlilik, ýagşy niýet we ýagşy umyt duşmanlygy ýok ediji dermanlaryň güýçlüsidir. Daş öz gatylygyna hernäçe öwünibersin, ýumşak suw ony ýuwa-ýuwa un edýär ýa-da damja-damja dama-dama galyň daşlary deşýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |