13:42 Hajy Bekdaş Weli: Eliňe, diliňe, biliňe eýe bol! | |
ELIŇE, DILIŇE, BILIŇE EÝE BOL!
Edebi makalalar
Bir ýuwdumda aýdylýan şujagaz sözlemiň manysyny doly açmak üçin bir kitap ýazyp bolardy. Ynsan tebigatyna çuň beletlik bilen aýdylan o sözler Bekdaşa täze ruhy ýeňişler getiripdir. Adam bolmak üçin ilkinji şert-eliňe eýelik etmekdir. Eliň häsiýeti – ol egilende mydama özüňe baka egilýär. Şonuň üçin diňe öz zadyňy almak gerek. Özgäniň ýa döwletiň zadyna el ursaň, muny hiç kim bilmese-de, eliň muňa öwrenişýär. Onsoň ýene, ýene alasy gelýär. Eger-de eli egrilik häsiýetiň ýüze çykjak bolsa, şobada eliňe kakmalysyň, eliňi çekmäni öwrenmelisiň. Eliň saplygy uly baýlykdyr. Eliňe eýe bolmak – eliňi dek duruzmazlyk, eliňi işsiz goýmazlyk diýmegi hem aňladýandyr. “Göz gorkak, el – batyr” diýen sözem bardyr. Adamyň gahary eline geçse, garşysyndaka el salyberýär. Güýç orta çyksa, adalatsyzlyga garaşyber. Özge adama ýaman niýet bilen uzan gol, irde-giçde almytyny alman dynmazmyş. Ikinji şert – diliňe eýe bolmakdyr. Bu aňsat däldir. “Dagy-daşy ýel bozar, il arasyn dil bozar” diýlipdir. Diliňe mydama hoş, mylaýym sözlemäni öwretmeli. Sygyr janawere haýwan diýjeksiňiz, emma uzyn guýrugyna eýelik edäýşini görüň. Şeýle bolsa, adam dagy dilini gaty pugta saklap bilmelidir. Adamyň dili mydama geplejek bolup, gijär durarmyş, şo sebäpli diş gysmany hiç-hiç unut¬maly däldir. Bir işi bitirmek üçin diliň güýjüni ulanyp bolar. Şonda-da ýaman sözläňden ýagşy sözleseň has bähbitli bolýar. “Ynsanyň iň güýçli zady – dilidir” diýlenini ýatlalyň. Adam ähli synasyna erk etmelidir weli, diline has berk erk etmelidir. Bent ýykylsa böwetläp bolar, emma dil säwligi ummasyz uly ýumrulyşyklara eltýär. Hajy Bekdaş Weli dil hakynda “Ynsanyň jemaly – sözüniň gözel¬ligindedir” diýipdir. Özüňi jemgyete gowy görkezjek bolsaň, gözel sözleri saýlap sözlemelidir. Bu hem diliňe eýelik etmegiň bir görnüşidir. Üçünji şert – biliňe eýelik etmekdir. Bil – güýjüň jemlenen ýeri, jynsy hyýallary ýerine ýetiriji. Biliňe görä hereket etmeli. Biliň göterjek ýüküni çekmeli. Biliňi her ýetene ynanyp bolmaz. Bil bir äre, bir aýala mynasypdyr, o san köpelse biliň omuryldy hasap edäý. Biliňi her ýetene egibem ýörmeli däldir. Merde egilseň, olam egiler, eselmez, emma namarda egilseň, yeňsäňden basar, maňlaýyňy ýere degiräýjek bolar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |