22:32 Hajy Bekdaş Weli: Geliň, janlar, bir bolalyň, iri bolalyň, diri bolalyň | |
GELIŇ, JANLAR, BIR BOLALYŇ, IRI BOLALYŇ, DIRI BOLALYŇ
Edebi makalalar
Hajy Bekdaş Weliniň bu öwüdiniň syryny hem her kim özüçe açyp biler, özüçe düşündirer, özüçe ulanar. Ýöne netije welin bir bolar. Beýik akyldarymyz, ynsanlar bir-birden dünýä inse-de, toplum bolup, jemgyýet bolup, jem bolup ýaşamak üçin ýaradylanyny göz öňünde tutan bolsa gerek. Bu zerurlyk haýwanat, ösümlik dünýäsinde-de şeýledir. Hatda asman-zemin, planetalar, ýyldyzlar üçinem şol bir kanundyr. Adamzadyň ýaşaýşynda maşgala, garyndaşlar, jemgyet (millet, döwlet) ýaly üçburçluk emele gelýär. Olaryň hem bir-birege bagly, kökenlidigi, azdan köplüge, köplükden azlyga täsirlidigi, aýtmasak hem bellidir. Normal, adaty maşgalanyň rahat ýaşamagy, dowam etmegi üçin maşgala agzybirligi zerur. Äriň aýalyna, aýalyň ärine hormaty, bir-birege geçirimlilik, ikisiniň bir hörpde gopmagyna ýardam berýär. Är-aýal birleşip çaga-bala ýetişdirýärler. Şol çagalaryň il deňinde ulalmagy, jemgyete goşulmagy üçin är-aýalyň agzybirligi ilkinji şertdir. Mydama çar ýana egilip-galyp duran agaçda guşlaryň höwürtge gurmaýşy ýaly, agzala maşgalada-da oňly nesil ýetişmeýär. O nesiliň ilkinji ýetmezi – durmuşa ynamsyz, geldi-geçer bakyşdyr. Ata-eneden çaga şeýle bir köp zat miras geçýär weli, oýlanyp-oýlanyp aklyň haýranlar galýar. Köçe-köçe, öýme-öý syryp, selpilläp ýören bir ganjyk itiň güjügini hem-de häsiýetlije, bir öýden ýal iýip, bir eýäniň gözüne bakyp ýören bir ganjyk itiň güjügini alyp, deň şertde idedip başlapdyrlar. Näme bolandyr öýdýärsiňiz? Hälki gezegen itiň güjügi aýak bitenden ygyp başlapdyr, degmesiz zatlara agyz urup, girmesiz ýerlere girip başlapdyr. Dogry, kähalatda şerte görä hem bolýar, emma, köplenç, her zat aslyna çekýär. Bäý, bäý, çekýär-ä. Hut şonuň üçin bolsa gerek, beýik Magtymguly: Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk, Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk - - diýen örän synçy setirleri ýazypdyr. Asyl yzarlamak, aslyn soramak diýen düşünje şundan çykandyr. Agzybir maşgala terbiýeliligiň hem alamatydyr. O maşgalanyň ulalmak, köpelmek, örüsini giňeltmek, ýagny jemgyýetde abraýly orunda durmak umydy güýçlüdir. Iki ynsanyň, ýagny är-aýalyň agzybirligi üçünji bir ynsanyň agzybirlik tapmagyna, ahyrda maşgala agzybirligi, soňra o maşgalanyň beýleki maşgalalar bilen agzybir ýaşaşmagyna mümkinçilik döredýär. Sagdyn maşgalalaly jemgyetiň ýokary ösýänligi, maşgala meselesine jemgyetiň aýratyn bakmagynyň zerurlygy hakda gürrüňem bolup bilmez. Agzybirlik elmydama ikitaraplaýyndyr. Agzybirlik dymmagy, zor bilen dil baglamagy, galplaşdyrmagy we ýalan şowhuny kabul etmeýär. Maşgala, sagdyn, pugta hem aýak üstünde gowy durup bilenliginde, garyndaşlara-da täsiri örän uludyr. Tutuş garyndaşlaryň uly bir toparyny öz ganatynyň astynda saklap, olary dogry ýola ugrukdyryp, agsanyny eýerdirip duran maşgalalary obalardan, şäherlerden synlap bilersiň. Şeýle maşgalalar bilen garyndaşlyk açmak meýilleri hem artyberýändir. Agzybire – Taňry biýr, Agzalany gaňrybiýr. Agzybirlik – ähli işiň seresidir. Agzybirlik ähli zatdan güýçlüdir - diýen nakyllar, durnukly söz düzümleri bilen birlikde Magtymgulynyň: Agzy ala bolan iliň Döwleti gaçan ýalydyr ýa-da: Agzy ala kowumlara baş bolmaň - - ýaly sözlerini hem ýatlatsak kem bolmaz. Ynha, ýokarky mysallar Hajy Bekdaş Weliniň ýalbaryplar, özelenipler aýdan sözleriniň tassyklanmasydyr. “Geliň, janlar, bir bolalyň, iri bolalyň, diri bolalyň” diýleninde birleşmek, bir bolmak – iriligiň, ululygyň ýoludyr. Irilik bolsa – diriligiň, ýaşaýşa, şu dünýäniň keşigini çekmäge taýýarlygyň başlangyjydyr. Hajy Bekdaş Weliniň öwütleriniň gowy tarap-larynyň biri – ol öwütleriň uniwersal¬lygydyr, köp meseleleri öz içine alybilýänligidir. Şoňa görä, ýokarky öwüdi din, jyns, dil, milletara gatnaşyklar meselesine-de degişli ulanyp bileris. Hiç bir ynsanyň, milletiň haýsy dini ynanjyna garamazdan, olaryň ak beden, gara beden, ýa gyzyl derilidigine parh goýmazdan, haýsy dilde sözleýändigini tapawutlandyrmazdan agzybir ýaşaşmak, bir-birege hemaýat etmek we şeýlelikde diri galmak, aýakda durmak, ýaşaýyş ukybyňy ýitirmezlik zerurdyr. Tebigat adamzat jemgyetiniň bu duýgularyny wagtal-wagtal synag terezisine mündürip görýär. Ýer titremeler, suw joşgunlary, dürli epidemiki keseller we şuňa meňzeş beýleki howplar älem möçberinde alanyňda toz-tozanja hem bolmadyk bu kiçijik Ýer planetasynda uly aladalara, gowgalara uçrap ýören adamlary synamagyň gazaply usulydyr. Ýol ugruna aýdyp geçsek, Adamzat Ýer şarynda köpeldigiçe tebigata zyýany has artýar. Onsoň ekologik problemalary çözmek mümkinçiligi azalýar. Eger Adamzat häzirki ýaşaýyş usulynda ýaşamagyny dowam etdirse, onda has beter ekologiki betbagtlyklaryň tiz geljekdigini dünýäniň ekolog alymlary howsala bilen ýazýarlar. Şeýle ýagdaýda Ýer şarynda ýaşaýan her bir ynsan dünýäniň depesinden garamagy başarmalydyr. Şol ýyllarda, on üçünji asyryň şo tümlüginde “Geliň, janlar, bir bolalyň, iri bolalyň, diri bolalyň” diýip bilmek dünýäniň depesinden garamakdyr, örän uly açyş derejesindedir. Muny Hajy Bekdaş Weli aýdyp bildi. Şeýle pikiri şol ýyllarda Möwlana Jelaleddin Rumy hem şygyr bilen aýtmaga kuwwat tapypdy: Gel, gel! Ne olsaň ol, ýene gel! Kapyr, butparaz, otparaz bolsaň-da ýene gel! Biziň dergähimiz umytsyzlyk dergähi däldir, Tobaňy ýüz gezek bozan bolsaň-da gel! Diýmek, şo zamanalarda şeýle ruhy böküşler-ösüşler üçin toprak taýýarlanan ekeni. Hajy Bekdaş Weli hem, Jelaleddin Rumy hem birden-bire beýle beýik pikiri aýdyp goýberen däldir. Şol pikire ýetmek-barmak üçin jemgyetçilik pikiriniň aňyrdan akyp gelşi batly bolandyr. Aňyrdan gelýän pikir-akyl, many-ruh silleri hakda ýazmaga bu kitabyň sahypalary ýetmez, aýratyn kitap ýazmak zeruryeti direnip dur. On üçünji asyryň ikinji ýarymynda ähli pikir-many ojagynyň Rumustana göçenligini ýatlalyň. Möwlana Jelaleddin Rumy – pikir ojagy boldy. Hajy Bekdaş Weli – pikiri ulanmagyň usuly ojagy ýa-da mähremlik ojagy boldy. Ýunus Emre – şahyrlyk ojagy bolup, pikir-manylary, olary ulanmagyň usullaryny dünýä ýaýdy, her köňüle gapy açdy. Bu köki bir üç çynaryň bir-biregi neneňsi bezeýändigini, neneňsi goldaýandygyny we neneňsi beýgeldýändigini synlamanyň öz lezzeti bar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |