13:57 Hajy Bekdaş Weli: Gözle, tap | |
GÖZLE, TAP
Edebi makalalar
Hajy Bekdaş Weliniň bu öwüdi-de gyzykly. Durmuş bir soňsuz okuw, synagdadyr her bir gul. Alla yşgy bile, dost, hakykaty gözle, tap!(bul) Bu öwüdi seljerip geçeliň. “Gözle, tap”. Elbetde, ynsan gözüni açandan bir zatlar gözläp başlaýar. Kämillige ýetende we ýaşy galňadygyça onuň gözleýän zady köpelýär. Umuman hem, zamana, döwürler üýtgedigiçe ynsan barha köp zat talap edýär. Emma biziň her birimiz: Gözleýän zadyň näme? Näme üçin gözlemeli? Haçana çenli gözlemeli? Tapan zadymyz biziň gözleýän zadymyzmyka beri? diýen ýaly soraglary garşymyzda keserdip goýup, dogry jogabyny berip bilýärmikäk? Hajy Bekdaş Weli: “Gözle, tap” diýende, özüňe zerur zady gözle, tap diýen manyda sözledimikä diýýärin. Ömrüňi neneňsi geçirjegiň – seniň näme gözlejekdigiňe baglydyr. Şol gymmatlygy, şol mukaddesligi dogry kesgitlemekde-de iş bar. Ýalňyş oriýentirler sebäpli bir ynsan, maşgala, jemgyet uly tragediýalaryň üstünden barýar. Biz muny öz gözlerimiz bilen gördük. Kommunizm gözleýjilik ahyrda ençeme halklary umytsyzlyk gorpuna taşlapdy. Haýsy kenara çykjagyny bilmän, ikiýana urunýan halklaryň baş ýetmezi–gözleýän zadyny tapyp bilmeýändikleridir. Maddy, material gözleglerini ikinji derejeli gözleg hasaplasa-da bolar, hakyky gözleg – dini, ahlaky-ruhy gözleglerdir. Hajy Bekdaş Weliniň bu öwüdini “Gözle, tap” görnüşinde alsak, ol ynsany tijenmäge, aktiwlige, maksada okgunlylyga çagyrýar. Eger bu öwüdi: “Ylalaşyk tap” manysynda okasak hem ýalňış bolmasa gerek. Bu ýagdaýda-da köp meseleleriň üsti açylýar. Ozaly bilen bu öwüt ylalaşyklylyga, ýagny kompromise çagyrýar. Sen geçirimlilik edäý, sen çekiläý, sen jogap bermän goýaý, sen aýtman geziber, öýkeli bolsaňyz, sen ilki öýkäni-kinäni ýok etmäge dyrjaşaý. Eger iki adamyň, ýa goňşy-goňşynyň arasynda sowuklyk, agzalalyk, düşüniş¬mezlik bar bolsa, sen araçy bolaý, sen olaryň öýkesini ýazaý. Ana, şonda sen öz sogap eden işiňden özüň göwnühoş bolarsyň. Iki adamy salamlaşdyryp bolsa, uly iş bitirdigiň ahyry. Ýagşylyk etmekden göwün şeýle bir lezzet alýandyr weli, ony beýle işlerde synap görmek gerek. “Garşydaşa ýamanlyk edip göwnüm ynjaldy” diýip pikir edýänler özüni aldaýarlar. Garşydaşa ýagşylyk edeniňizde göwnüňiziň, hakykatda-da heziller edýändigini bilýänsiňiz. Ynsan köňli ýagşylyk etmekden, ýagşylyk görmekden kuwwat alýan bolsa gerek. Ömriboýy adam köňlüni öwrenip geçen inçe psiholog Hajy Bekdaş Weli “Ylalaşyk tap” diýende şeýle ahwallary göz öňünde tutandyr. Hormatly okyjy! Beýik akyldar hem ynsanperwer Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri hakda pikir alyşdyk. Elbetde, durmuş her bir ýazgydan baýdyr, çylşyrymlydyr. Durmuşyň öz kanunlary bar, şolary bilip hereket etmek elmydama zerur. Hajy Bekdaş Weliniň bu öwütleri on üçünji asyrda we ondan soňraky asyrlarda täsirli, güýçli bolupdyr. XXI asyr has çylşyrymly, has çuň gatnaşyklaryň asyry. Şunda hem şol öwütleri ýerini, pursatyny bilip ulanmagy öwrenmek zerur bolsa gerek. Umuman hem her bir hakykat öz ýerinde we aýny wagtynda aýdylanda ýaşaýşa hukuk gazanýar ahyry. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |