00:27 Hajy Bekdaş Weli: Hajy Bekdaşyň ömri hakda | |
HAJY BEKDAŞYÑ ÖMRI HAKDA
Edebi makalalar
Hajy Bekdaşyň kakasyna Seýit Muhammet Ybrahym Sani diýer ekenler. Ol Horasan soltanlygynyň soltany bolup, edara, ylym, sungat merkezi hasaplanan paýtagt şäheri Nyşapurda ýaşapdyr. Olaryň asly häzirki Türkmenistanyň Bekdaş diýen ýerinden bolup, soň Gazanjyk töwereklerine, o taýdanam Nyşapura we Rumustana göçen Türkmenlerdendir. Seýit Muhammet Ybraнym döwrüniň ylymly, ýokary medeniýetli, sagdyn adamkärçilikli adamlarynyň biri bolupdyr. Ejesine Hatme hanym diýipdirler. Ol şeýh Ahmet diýen Nyşapurly beýik alymyň gyzy ekeni. Olaryň maşgalasy Horezm töwereklerinden Nyşapura göçüp gelendir diýip käbir türk alymlary çaklaýarlar. Türkmen alymy, akademik A.Jykyýew bekdaşlar diýen bir tiräniň günbatar ýomutlaryň düzüminde barlygyny, olaryň Balkanabat (Nebitdag), Etrek, Gazanjyk (Bereket) töwereklerinde ýaşaýandyklaryny, bekdaşlaryň aňyrsyny yzarlap bermegi özünden haýyş edendiklerini aýtdy. Taryhçy K.Gurbanow hem bekdaş sözüniň tire adylygyny, olaryň ilki günbatar Türkmenistanda ýaşap, soňra bir böleginiň Nyşapura, Rumustana göçendikleri hakda özünde maglumat barlygyny aýtdy. Nohurlylaryň adam atlarynda Bekdaş ady köp ulanylýar. Bu maglumatlaryň üstesine, Ýolöten etrapynda-da bekdaşlaryň ýaşaýandygy mälim boldy. Günbatar Türkmenistanda küşdepdi ady bilen mälim bolan tansyň ýa-da zikiriň Türkiýedäki bekdaşlaryň sema tanslaryna gaty meňzeşligi hem ünsi çekýär. Garabogazda Bekdaş diýen ýer adynyň bolanlygyny hem ýatlalyň. Indi Bekdaşyň ömri hakda. Bekdaş(Türkiýedäki çeşmelerde Bektaş ýazylýar) käbir maglumatlara görä, 1209–10-njy ýylda Nyşapurda doglup, 1270–71-nji ýylda aradan çykypdyr. Bekdaş sözi gadymy seljuklylarda ulanylan söz bolup, bile, meňzeş, deň, mysal manysyny beripdir diýip türk alymlary ýazýarlar. Türkmenistanda Bekdaş diýen ýer, tire, adam atlary bar. Bek daş, ýagny berk daş ýa-da beg daş– begiň daşy, daşlaryň begi, iň gözeli, gymmatlysy diýen manylary bar bolmagy hem mümkin. Uly kabylalaryň özleriniň taryhy daşy, meselem , Gülteginiň ýazgyly daşy. Gaýylaryň daşy ýaly. Başga pikirler-de bardyr. Ýaşajyk Bekdaş Nyşapurda örän çuň bilimlere eýe bolupdyr. Arapçany, parsçany kitap ýazarlyk kämillikde öwrenipdir diýip alymlar aýratyn nygtaýarlar. Bekdaşyň berk, dogruçyl terbiýe almagynda, ylymda yzygiderli ilerlemeginde onuň mugallymy we ýol görkezijisi – rehberi Lokman Perende has ýakyn durýar. Ol bu oglanyň ýöne oglan däldigine, başynda akyl-pikiriň, üşügiň artykmaçlygyna ir göz ýetiripdir hem-de Bekdaşdan uly işlere umyt baglapdyr. Şol irginsiz dersler-sapaklar, edep-ekram hakda özara söhbetler dowam edýän günleriniň bir güni Lokman Perende Bekdaşyň sapak otagynyň gapysyny açanyna mähetdel otagyň üýtgeşik bir nurdan doludygyny, Bekdaşyň sagyndan bir kişi, solundan bir kişi turup, zym-zyýat bolandygyny görüpdir. Bu ahwalaty Bekdaşdan soranda, ol biriniň iki jahan Güneşi Muhammet pygamberdigini, ýene biriniň bolsa Hudanyň arslany Hezreti Alydygyny, olaryň mahal-mahal gelip, Kuran derslerini berýändigini aýdypdyr. Şondan soň Lokman Perende öz yhlasynyň kabul bolýandygyna begenip, işine hasam erjel ýapyşypdyr. Taryhy maglumatlara görä, şeýh Lokman Perende: «Dini-ylmy ýoly Hoja Ahmet Ýasawydan öwrendim. Ýasawy meniň mugallymymdyr, halypamdyr» diýipdir. Başga bir çeşmede bolsa, Lokman Perendäniň halypasy Muhammet Hanefidir. Lokman Perende özüniň ruhy-psihologik hem maddy mümkinçilikleri laýyk gelen halatynda haç towabyny etmäge ugraýar. Käbä ýöne gidibermelidir diýip pikir edýänlerem bar. Käbä gitmegiň dini şertlerinden başga-da päk ynsanlyk ahlak-wyždan borçlaryny ýerine ýetirmegem zerurdyr ahyry. Näme maksat bilen Käbä gidýäň? Diňe hajy adyny edinmek üçinmi? Ýa ony hem ilden saýlantgy görünmek üçin bir zat hasaplaýarmyň? Ýa il içinde alybilmedik abraýyňy Käbeden almakçy bolýarmyň? Hajy Bekdaş bu sowallara bir bentde örän jaýdar jogap beripdir: Yssylyk otdadyr, o sajda däldir, Keramat başdadyr, o täçde däldir, Her näme gözleseň, özüňden gözle, Küdüsde, Mekgede, o Haçda däldir. Ýunus Emre bu meselede özüçe oýlanýar: «Birje köňül ýykan bolsaň, o kyldygyň namaz däldir» diýýär. Döwletmämmet Azady: Käbe weýran etmeden müň mertebe Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý dede. Magtymguly Pyragy: Bir ajy doýurmak Haçdyr, ýaranlar. Ýokarda aýdylanlardan men şeýle many çykarýaryn, ýagny Käbäniň mukaddesligi öz köňlüňdäki mukaddeslikden başlanýar. Şeýh Lokman Perende öz ýoldaşlary bilen Käbä gidýär. Zyýaratyň bir güni ol ýoldaşlaryna: «Ýaranlar! Şu gün-ä biziň öýmüzde pylan nahar bişýändir» diýýär weli, Allanyň gudraty bilen bu söz Bekdaşa aýan bolýar. Bekdaş halypasynyň öýüne barsa, aýdylýan nahar bişýärmiş. Onsoň o nahardan bir tabaga guýup, göz açyp-ýumasy salymda Lokman Perendä eltip gaýdanmyş. Soňra Lokman Perende haç borjuny bitirip öýüne gelende, iller ony gutlamaga gelýärler. Bekdaşam gelýär. Ol: «Hajy bolupsyňyz, gutly-mübärek bolsun!» diýende, halypasy: «Hakyky hajy sensiň» diýip, gaýta ony gutlapdyr hem-de töwereginde oturanlara naharly tabak bilen bagly wakany gürrüň beripdir. Şondan soň Bekdaş adynyň öňüne Hajy lakamy berilýär. Ol şeýdip Hajy Bekdaş bolupdyr. Dürli Welaýatnamalarda we Hajy Bekdaş hakdaky ylmy işlerde Hajy Bekdaşyň keramatlary hakda aýdylýar. Olarda rowaýat öwüşginleri-de, hakykat däneleri-de, elbetde, o zamanalaryň pikir ýörediş däpleri-de özüni görkezýär. Mysal üçin, Hajy Bekdaşyň bir keramaty hakda aýdalyň. Namaz wagty bolanda Lokman Perende Hajy Bekdaşdan täret kylmaga suw getirmegi haýyş edipdir. Hajy Bekdaş hem: «Bir nazar salsaňyz, suw şu taýdan akyp geçäýse» diýipdir. Muňa geň galan halypasy: «Beýle keramata mende güýç ýok» diýipdir. Ana, şo mahal Hajy Bekdaş gol göterip Alladan dileg edipdir. Lokman Perende hem «Omyn» diýenden suw akyp başlapdyr. Başga bir gezekde erenler Lokman Perendäňkä gelenlerinde Hajy Bekdaşyň gudratlaryny görýärler, Lokman Perende hem onuň köp-köp keramatlary hakda söhbet edýär. Diňleýjiler gaty geň galýarlar. Şo pursatda Hajy Bekdaşyň özi peýda bolýar. Ol: «Bu zatlary menden geň görmäň. Men Hezreti Alynyň neslindendirin. Alladan maňa nesip edendir-dä» diýýär. Oturanlar: «Muňa şaýatlyk etjek bir belligiň barmydyr?» diýip soranlarynda, ol eliniň aýasyndaky we alnyndaky ýaşyl meňleri görke¬zipdir. Ýene bir pursatda Horasan erenleri Hajy Bekdaşdan: ”Piriň kimdir?” diýip sorapdyrlar. Ol: Kim künji ýapragynyň üstüne namazlyk ýazyp namaz okasa, şony öz piri hasaplajagyny aýdypdyr. Olaryň hiç biri hem bu işi başarmajagyny aýdypdyrlar-da: “Özüň başararmyň?” diýip sorapdyrlar. Hajy Bekdaş olaryň gözüniň alnynda künji ýapragynyň üstüne namazlyk ýazyp namaz okapdyr weli, erenleriň ählisi, şol sanda Lokman Perende hem başlaryndan telpegini çykarypdyrlar. Hajy Bekdaş olara minnetdarlyk bildiripdir. Şondan soň Hajy Bekdaşyň beýikligine göz ýetiripdirler we oňa aýratyn hormat goýupdyrlar. (Bu aýdylanlar beýik alym F.Köprüliniň «Türk edebiýatynda ilkinji mutasaw¬wyflar» Ank. 1991. diýen kitabyndan alyndy.) Hajy Bekdaşyň keramatlary hakda uly il habardar bolansoň, oňa Weli derejesini beripdirler. Onsoň ol Hajy Bekdaş Weli diýlip atlandyrylypdyr. Türk çeşmelerinde, şeýle hem arapçadan, parsçadan türkçä terjimeleriň ählisinde onuň ady Hajy Bekdaş (Bektaş) Weli diýlip tutulýar. Hajy Bekdaş Welä bu abraýlar, bu şöhratlar gelip ugranda, onuň kakasy, Horasanda näçe ýyllar soltanlyk süren Seýit Muhammet Ybrahym sani o dünýä ýola düşýär. Horasana soltan bolmagy Hajy Bekdaş Welä teklip edýärler. Ol bu teklibi kabul etmeýär we soltan täjini dogany Hasana geýdirmegi maslahat berýär. Hasan Horasana soltanlyk hökmüni ýöredip başlaýar. Hajy Bekdaş Weli bolsa, öz ylmy bilen boluberýär. Emma uzak ýyllardan bäri köňlüniň atygsap duran ýeri bolan Rumustan oňa rahatlyk bermeýär. Ahyry, sähetli günleriň birinde Menteşdiýen dogany bilen ýüzüni Rumustana tutup Nyşapurdan çykýarlar. Olaryň haýsy aýda, näçenji ýylda gidenleri anyk däl, başga kimleriň barlygy hem belli däl. Olaryň Nyşapury iň soňky gezek görýändikleri welin taryhy çeşmelerde ikuçsyz aýdylýar. Hajy Bekdaş Weliniň we Menteşiň giden wagtynda beýik halypa we mährem ynsan, şeýh Lokman Perendäniň ykbaly neneň bolduka? Ýa o döwre çenli amanadyny tabşyraýdymyka, biçäre? Bu sowallar, häzirlikçe, taryhyň syrly sahypalarynda gizlenýär. Ýöne Lokman Perende ady bilen Hyratda bir öwlüýä barlygyny, şo ýere hormatly adamlaryň köp jaýlanandygyny alymlar gadymy ýazgylardan kesgitläpdirler. Emma o Lokman Perendemi, ýa başga bir atdaşymy?! Bu sowalam jogapsyz galýar. Olar Nyşapurdan çykyp, bir maglumatda, Nejep, Mekge, Medine, Küdüs, Halap, Elbistan, Siwas, Kyrşehir, Kaýseri we iň soňunda-da kiçijik bir oba bolan Suwluja Garahöýük diýen ýere gelýärler hem-de şol ýerde hemişelik düşleýärler. Dogany Menteş bilen birlikde şeýh Baba Ylýasyňkyda myhman bolýarlar. Baba Ylýas hem uly sopy hem-de şeýh Dede Garkynyň şägirdi. Olar gönüden-göni Türkmen kabylasyndan. Üstesine-de, Hajy Bekdaş Weli bile Menteşiň, ozaly bilen, Baba Ylýasyňka barmaklaryndan köp many çykarýarlar. Olar öň tanyş, bir şäherden, bir kabyladan ýa-da şuňa meňzeş bir sebäpler bolup biler. Soňra Menteş yza gaýdýar, emma Siwasa gelende ajaly ýetip ýogalýar. Hajy Bekdaş Weliniň Rumustana gidişi hakda başga bir maglumata görä, ol Mekgä baryp, üç ýyllap müjewirligem edipdir. Rowaýatlaryň birinde Türküstandan erenleriň biri tut taýajygyny Anadola baka uçuryp goýberenmiş. Soňra şol tut taýajygy Suwluja Garahöýük diýen oba düşüp, kök uranmyş. Hajy Bekdaş Weli hem şol agajy tapyp, şol ýerde mesgen tutanmyş. Dogrudanam, Hajy Bekdaş Weliniň mawzo¬leýiniň ýerleşýän meýdanynda örän garry, şahalary şahalara çatyşyp giden, elýeterdäki şahalaryna-da, edil Orta Aziýa öwlüýälerinde edilişi ýaly, ak esgiler daňylan bir epeý tut şu mahalam dur. Muny öz gözlerim bilen gördüm. Rowaýaty bir ýana goýup, şu taýda gögeren tuduň bu mukaddes bir ynsany, örän beýik bir alymy görenini görmänini bilesim gelip, o gojaman tuda uzak bakdym durdum. Tutdan owaz çykmady. Bu geçen asyrlar onuň dillerini lal edene çemli. Alymlar tutly meseläni agzanlarynda o tudy simwol hökmünde görýändiklerini ýazýarlar. Miwe bermek, onda-da ýumşak miwe bermek. Ýapra¬gyndan ýüpek döremek. Ýüpegi ýumşaklygyň, mylaýymlygyň we mylakatlylygyň aňladyjysy hasaplaýarlar. Ýüpek ýaly ýumşak adam, ýüpek ýaly ýumşak saçly, ýüpek ýaly göwünli diýen söz düzümleri hem ýokarky pikirimiziň tassyk¬lamasydyr. Hajy Bekdaş Weli başga şekile geçip gezende gögerçin görnüşindemiş diýip hem rowaýat edipdirler. Gögerçinem parahatçylygyň, ylalaşygyň, umytlylygyň we hoşgörmäniň (türkçe – hoşgöri, ýagny hoşamaýlyk, diňe ýagşylygy, hoşlugy görmek, geçirimlilik, pidakärlik, ýamanlygy ýaýratmazlyk we şuňa kybapdaşlar) simwolydyr. Beýik alym hem sopy (tasawwufçy) Anadola baranda Baba Ishak diýen bir türkmeniň öňbaşçylygynda uly bir topalaň turýar. Oňa gatnaşan köp bolýar, emma Hajy Bekdaş Weli bu topalaňa goşulmak däl, gaýta daş durupdyr. Sebäpleri näme? Her bir topalaň zorluk, kanunlary äsgermezlik, ar almak, gahar joşdurma we ahyrda akyl bilen hereket etme däl-de, duýgularyň jylawyna başberme ýaly ynsançylyga laýyk däl hereketler ahyry. Onsoň oňa Hajy Bekdaş Weli hiç-hiç goşulmaz. Ol bu ýere, arzuw çeke-çeke gelen Rumustanyna başga-başga niýetler bilen, has uly maksatlar bilen gelipdi ahyry. Elbetde, adamlaryň bu gan döküşligine, ynsanlygy taşlap, wagşylyga gadam uruşlaryna Hajy Bekdaş Weli gynana-gynana özüni pynhan jebirlere sezewar edendir. Göwnüme bolmasa, adamzat wagtal-wagtal wagşylaşmak, bu dünýäni azyrganmak ýaly hassalygyny, hernäçe össe-de, hernäçe ýokary medeniýete ýeten-de bolsa, gaýtalap bilýär öýdýän. Eger bu şeýle bolsa, bu kanunalaýyklyk bar bolsa, onda adamzada düşen paý örän ýaramazdyr. Adamzadyň halyna «Waý» diýäýmeseň, başga aýdara söz galmaýar. Hakykatda-da şeýlemikä? XX asyryň soňky altmyş ýylynda näçe gyrgynçylyklar boldy ahyry. Diňe Oswensim konslagerinde 4,5 million ynsanyň ýakylyp, diri gömülip, başga dürli gynamalar, wagşy synaglar arkaly ýok edilendigini Adamzat jemgyetiçiligi unudyp bilenok. 1971-nji ýylda Polşanyň bu ýerindäki muzeýe baramda, ol wagşylygyň subutnamalaryny göremde özümiň adamlygyma utandym. Million-million ynsanyň erkini ganly eline alyp, olary dilleri kesilen ýaly ýagdaýa salýan diktatorlara näme diýersiňiz?! Stalin, Çauşesku, Saddam... Süleýman ýaly beýik häkimlere birje garynjanyň hem arzyny diňledýän ideallar bar. Magtymguly döwründe näçe şalar, soltanlar, hökmirowanlar bolup geçipdir, emma nesliň aňyna Magtymguly nur saçyp dur. Bu meseleler Hajy Bekdaş Weliniň zamanasynda-da, gürrüňsiz, bolandyr. Ol zuluma garşy göreşiň özboluşly bir ýoluny düzüp başlaýar: Zulumy çeşmesinde ýok etmeli, köki bilen soguryp taşlamaly. Her ynsanyň köňlünde içki kontrollyk emele geler ýaly ahwal döretmeli. Hajy Bekdaş Weliniň bu ýoluna inçe psihologik ýol diýip bileris. Türk alymlary muny has jaýdar söz bilen aňladypdyrlar, olar «Näzik ýol» diýýärler. Şu taýda pelsepeden biraz çekilip, Hajy Bekdaşyň mesgen tutunan Suwluja Garahöýük obasy hakda, obanyň töwerekleri, tebigaty, ilaty hakda aýdyp geçeliň. Soňra pelsepe dowam ediberer. Oba, dogrusy, öň oba bolup, häzir etrap merkezi halyna gelen bu ýeriň häzirki ady Hajy Bekdaşdyr. Hajy Bekdaş şäherçesiniň taryhy Hajy Bekdaş Welidenem has uzaklara gidýär. Ol Ankaradan Kaýserä gidýän ýoldan takmyn 15 km gyradadyr. Bu şäherçe deňiz derejesinden 1270 metr beýiklikde ýerleşýär, töwerekleri baýyrlyk we uzaklaşdygyňça, ýagny häzirki Newşehire baka gitdigiňçe daglaşýar. Üýtgeşik-üýtgeşik görnüşli, edil ynsan eli bilen ýörite çapylan ýaly äpet daşlar gözýetimi gurşaýar. Gyzylyrmak derýajygy sessiz akýar. Hajy Bekdaş şäherçesi dünýä belli dag gowaklary bolan, şoňa görä-de turizmiň iň ýörgünli ýerleriniň biri gadymy Kapadokiýa (täze ady Newşehir) şäherinden 45 km uzaklykdadyr. Bu ýeriň howa ýagdaýy Türkmenistana çalymdaş, tomsy yssy hem az ygally, gyşy bolsa sowuk hem ygalsyzdyr. Ýerli ilat, esasan, ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanýar, bu taýynyň meşhur kartoşkasy bar, elbetde, Türkiýäniň ähli ýerinde bolşy ýaly, bu taýdaky ilat hem örän üýtgeşik naharlar bişirmäge ökde. Örän güýçli aşhana medeniýetini elden bermeýärler. Häzirki wagtda Hajy Bekdaş şäherçesiniň ýaşaýjysy 10–20 müň aralygyndadyr. O jelegaý¬larda gaýmak daşy diýilýän örän üýtgeşik daşdan dürli zatlar ýasaýarlar, özem görüp gözüň doýar ýaly däl. Keramikadan hem örän nepis zatlar ýasaýarlar. «Bizde toprak sungat bolar» diýen ganatly sözlerem şolaryňky. Şeýle bolansoň, o taýlaryk myhman düşeniň daşdan ýüküni ýetirip goýberýärler. Hajy Bekdaş şäherçesi beýik bir alymyň ýaşap, mazarynyň ýatan ýeriligi üçinem kiçi Käbe derejesinde meşhurdyr. Her ýyl Hajy Bekdaş Weli dabaralary geçirilýär. Köp millet üýşýär. Döwlet ýolbaşçylary hem gatnaşýarlar. Türkiýäni gurujy beýik Mustafa Kemal Atatürk baryp-ha täze döwlet gurýan döwürlerinde, şeýle gyzgalaňly işleriniň arasynda 1919-njy ýylyň 22–23 dekabrynda Hajy Bekdaş Weli mawzoleýine zyýarat etmäge wagt tapypdyr. Umuman, ýeri gelende aýtsam, Türkiýe öz mukaddeslikleriniň gadyryny-sarpasyny saklap bilýän ýurt. * * * Ýene pelsepä dolanalyň. Sebäbi onuň guran ýoly metod taýdan, ýagny ynsana çemeleşiş usulynda örän parhlydyr. Alymlaryň, pelsepeçileriň köpüsi täze pikirleriň, täze ylymlaryň yzynda ser-sepil bolup ýörkä, Hajy Bekdaş Weli hem täze pikirden, täze açyşlardan uzakda däldi. Emma ol pikir energiýasyny täzeler üçin däl-de, esasan, adamzadyň öňki toplan pikir hazynasyny özi üçin ulanmaga, şunda özi üçin ulanarlykly pikirleriň jemgyetçilik pikirine, ösüşine, umumy topluma garşy bolmazlygyny gazanmak arkaly ulanmaga köp üns berdi. Ol şeýle ýol bilen zulum ýoluny kesmek, bentlemek bolar diýen düşünjededi. Zulum ýoluny, zorluk ýoluny kesjek bolsaň, ozaly bilen özüňde hoşgörme-geçirimlilik endigini ösdürip terbi¬ýelemelisiň. Hoşgörme sözüniň neneňsiräk duýgulara, pikirlere degişlidigini öňräk ýatlapdyk. Dünýäni, adamzady, tebigaty hoşgörjek bolsaň, ozaly bilen, ilkinji şert, sen erkin ynsan bolmalysyň. Ynha, pikiri ulanmagyň şu basgançaklar sistemasy Hajy Bekdaş Weliniň beýnisinden mumyýa ýaly gaýnap çykandyr. Hoşgörme ideýasy Hajy Bekdaş Weliden öňem, Kurany Kerimde, hadyslarda, Hoja Ahmet Ýasawy we beýlekilerde, onuň zama¬nasynda, aýtsak, Möwlana Jelaleddin Rumyda, Ýunus Emrede, soňky nesillerde barlygyny hiç-hiç unudyp bolmaz. Ýöne Hajy Bekdaş Weli hoşgörme ideýasyny hemme-taraplaýyn, çuň işläp, kämilleşdiripdir. Soňra bu ýoly Hajy Bekdaş Weliçe baýlaşdyran bolmandyr diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Şoňa görä-de Hajy Bekdaş Weli diýilse, ol hoşgörmäniň sinonimi ýaly eşidilýär. Indi Hajy Bekdaş Weliniň maşgala durmuşy hakda bar bolan maglumatlardan Sizi habarly edeli. O hakda örän az faktlar bize gelip ýetipdir. Bir maglumata görä, Hajy Bekdaş Weli öýlenmän, müjerret geçipdir. Başga bir maglumatda ol Idris hoja diýlen bir adamyň Patma diýen gyzyna öýlenipdir (onuň lakamy Hatynjyk ene), olaryň Ybraýym Seýdi diýen ogullary bolupdyr. Türk alymlary soňky maglumaty ähtibarly görýärler we köp-köp delil getirýärler. Bekdaş Weliniň garyndaş ýoly häzirem dowam edýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |