12:28 Hajy Bekdaş Weli: Hiç bir milleti we ynsany aýyplamaň | |
HIÇ BIR MILLETI we YNSANY AÝYPLAMAŇ
Edebi makalalar
Hajy Bekdaş Weliniň bu öwüdi öwütleriniň naýbaşydyr. Näme üçin? Birinjiden, şeýle gadymy asyrda şeýle täze pikiri aýdyp bilmek ynanylmaz derejede geňdir. Ikinjiden, bu öwüt hut şu gün ýazylan ýalydyr we biziň döwrümiz hem-de gelejek üçinem ähtibarlygyny hiç ýitirmejek öwütdir. Baýezid II-niñ zamanynda Osman imperatorlygy daşary ýurtlarda zulum görüp, oturymly ýerini terk eden her milleti öz saýasyna alar ekeni. Onuň ganatly sözi taryha giripdir: «Dünýäniň niresinde zulum gören ynsanlar bar bolsa, meniň ülkämiň gapylary olar üçin açykdyr». Taryhyň habar berişi ýaly, dürli ýurtlarda zorluk gören jöhitler we beýleki milletler Osman imperatorlygyna sygynypdyrlar. Diňe bir jöhitleriň däl, köp-köp ýerlerde başga-başga milletleriň hem ýekirilen, gysylan, zorluga duçar edilen halatlary seýrek bolmandyr. Munuň aslynda milleti ýigrenmek ýaly adamzada gelişmeýän bir gylyk ýatyr. Öz milletiňi özgelerden artyk görmek (şowinizm), öz milletiňi aşa öwmek – ahyrda özge milletleri ýigrenmeklige alyp barýar. Öz milletiňi iň arassa millet, iň gadymy millet edip görkezmäge ýykgyn etmegiň soňy nämeler bilen tamamlanandygyny taryh ýatladyp dur. Gitler nemes milletini şeýle aldawa salypdy we ýigriminji asyryň iň gan döküşikli urşuna sebäp bolupdy. Aýdaly, bir millet gaty gadymymyş. Adam atadan hem öňräkden bäri ýer ýüzünde garzynyp ýörenmiş diýeli.Häzirki ýaşaýşynda bolsa gaty yzdamyş. Şu günüň derwaýys meselelerini çözmäge gadymy şöhradyň, hi, nepi degjekmi? Şuňa göz ýetirmän, şowhuna goşulyp gidibermek aýp bolmazmy? Millete, gadymylygy üçin däl-de, hut şu günlerde neneňsi gudratlar döredip bilýänligi bilen baha berýärler ahyry. Gadymylyk keseliniň ýanynda arassalyk keseli hem bardyr. Arassa milletdiris diýip aldawa düşmek mese-mälim betbagtlykdyr. Ýer şary milletleri bir gazanda gaýnadýar ahyry. Ylmy dolanyşykda: “Normal syýasat ýöredip bilmeýänler milletçilige ýüz urýarlar” diýen bir pikir bar. Sebäbi milletçilik öz syýasatyňdaky nogsanlyklardan halkyň ünsüni sowmagyň örän arzan we pes ýoludyr. Şoňa görä haýsy döwletde milletçilik meçew-lendirilýän bolsa, o döwletiň içerki we daşarky syýasatynda ýalňyşlyklara, ykdysady kynçylyklary basyrmaga ýol berilýänliginiň alamatydyr. Bir millet akýagyz, garaýagyz, gyzyl derili bolup biler, her tüýsli dini ynançly, dürli dilli bolup biler, emma onuň üçin milletde näme günä bar?! Hajy Bekdaş Weli Horasanda ýaşanda-da, Mekgä, Medinä zyýarata baranda-da, ahyrda Suwluja Garahöýükde ömrüni ötürende-de köpmilletli märekäni köp görüpdir, diliňem, milletiňem, beýleki aýratynlyklaryňam ösüp, ulalyp, kiçelip, dargap, birleşip, üýtgäp durandygyna, diňe adamzadyň ynsanlyk gymmatlyklaryny saklap bilýändigine ylmy tejribesi hem-de taryhy çeşmeler arkaly göz ýetirip, şu pikiri aýtmaga kuwwat tapypdyr. Ol adamlaryň mahal-mahal millet aýyrmaklyga, millet kemsitmeklige ýol berýändigini gamly synlan bolsa gerek. Dogrudanam, hiç bir millet hiç bir zaman günäkär däldir. Milletiň adyndan hereket edýän dürli-dürli, uly-kiçi toparlar başga mesele. Şeýle toparlar, adamzadyň ösmegi bilen, has uly, has kuwwatly güýje eýe bolýarlar hem-de diňe bir milletiň däl, eýsem milletleriň ykballaryna täsir etmäge, olaryň gelejekki ýollaryny zor bilen kesgitlemäge çenli baryp ýetýärler. Millet hakynda ýokarda aýdanlarymyz milleti düzýän ynsanlara-da degişlidir. Her bir ynsan öz dinini, ynanjyny saýlap seçmäge, pikir-garaýyşlaryny hiç bir päsgelçiliksiz aýtmaga hukukly bolmalydyr. Ynsanyň ruhy erkinligi, onuň maddy baýlygynyň eldegrilmesizligi birleşip, ynsan hukuklary diýlen belent bir düşünjäni emele getirýärler. Ynsan hukuklary örän näzik bir zatdyr, örän ünsli garalmagyny talap edýän bir duýgudyr. Hajy Bekdaş Weliniň pikir-duýgularyna Näzik ýol diýilmeginiň bir sebäbi hem onuň bu meselelere örän seresaply, töwerekleýin we çuň bakýan¬lygydyr. Türkiýäniň belli adamlarynyň biri Ysmaýyl Hakky Baltaçy ogly özüniň “Hajy Bekdaşa salam” diýen makalasynda: “Ynsan erkinligini, tebigata söýgini özüňe köňül ýoly hökmünde seçen sen dälmisiň?!” diýip, Hajy Bekdaşyň özboluşly ýoly hakda söz açýar. Hajy Bekdaş Weliniň “Hiç bir milleti we ynsany aýplamaň” diýen öwüdi şol zamanlarda neneňsi garşylandyka? Bu sowala anyk jogap bermäge mende maglumat ýoklugyna garamazdan, näçe asyrlar öňinçä aýdylan bu pikiri goldaman¬dyklaryny, açyk garşylyk hem bolmandygyny, ünsden düşürilendigini çaklasa bolar. Sebäbi adamzat jemgyetçiligi gürrüňini edýän meselämize ýakyndan üns bermäge diňe ýigriminji asyryň ikinji ýarymynda bişip ýetişdi. 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda ynsan hukuklarynyň ählumumy beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edildi. Bu Deklarasiýa şahsyetiň hukuk¬laryny, raýatlyk we syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny (kanun öňünde hemmeleriň deňligi, her kimiň erkinlige we şahsy eldegrilmesizlige hukugy, wyždan azatlygy, şahsy emlägiň eldegrilmesizligi we beýleki köp-köp hukuklar) yglan etdi. Kanunlaryň öňünde patyşa-da, pukara-da des-deň jogap bermelidir. Kanunlar şeýle kämillikde bolmalydyr. Ynsan hukuklary hakynda gürrüň edýärkäk, beýik Magtymgulyny ýatlamazlyk mümkin däl. Onuň döredijiliginiň esasy ugurlarynyň biri ynsan hukuklarynyň iň ýokary derejede goýulmalydygy hakdadyr. Ol Hajy Bekdaş Weliniň, Möwlana Jelaleddin Rumynyň we beýleki halypalarynyň ynsan mertebesi barada ýazanlaryny örän çuň öwrenendir hem-de beýnisinde gaýnada-gaýnada, öz pikirleri bilen täzeden ýugurandyr. Görüň, bakyň, Rumy bir setirde örän ullakan bir meseläniň jogabyny berýär: Adalat – her bir zady laýyk ornuna goýmakdyr. ýa-da Ynsany söýmek – Allany söýmekdir. Hajy Bekdaş Weli bolsa: “Taňra dostluk etmek – halka ezýet etmezlikdir” diýýär. Üns beriň, Magtymguly neneňsi belent owaz bilen söz açýar: Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |