16:29 Hajy Bekdaş Weli: “Makalatdan” parçalar | |
"MAKALATDAN" PARÇALAR
Edebi makalalar
Hajy Bekdaşyň “Makalat”, “Risalei Besmele” (türkçe), “Şathiýe”, “Kitab-ul Fewäid” kitaplary hem-de onuň adyna berilýän kitaplar: “Makalati Gaýbiýe”, “Kelimati Aýniýe”, “Hurdename”, “Üssül hakika”, “Fatiha süresi teswiri” bellidir. Bilşiňiz ýaly, Hajy Bekdaş Weliniň “Makalat” kitaby arapça ýazylyp, soňra türkçä terjime edilendir. Bu kitap awtoryň iň çuň, iň giň pikirli kitaby hasaplanýar. Türkiýe medeniýet ministrliginiň başda durmagynda professor, doktor Esat Joşan tarapyndan 1990-njy ýylda neşire taýýarlanan we Hüseýin Özbaý tarapyndan teksti sadalaşdyrylan kitapdan peýdalandyk hem-de kitaby tutuşlygyna Size ýetirip bilmeýänimiz üçin ötünç soraýarys. Horasanly Hajy Bekdaşyň ”Makalat” kitaby ...O esrar sözli, datly we hoşdilli, güler ýüzli, “Makalatyň” eýesi, şerigat suwy, terbiýe we bilim doly hakykat hazynasy, tarykat ähliniň basgançagy, şerigat kowmynyň müftüsi, ylymlar hazynasynyň mäligi, o bilinen älem, horasanly Soltan Hajy Bekdaşyň eziz syryny Alla mukaddes kylsyn. O diniň yşygy, iman nurunyň ýagy, hakykat äleminiň bagy we erenler duralgasy şeýle diýer: Birinji bölüm Hak Subhanehu we Tagalla Adamy dört dürli zatdan ýaratdy, dört bölege böldi. Dört bölegiň hem dört dürli ybadatlary, dört dürli arzuwlary we dört dürli hallary bardyr. Şoňa görä, ynsanyň ýaradyldygy dört dürli zadyň ilkinjisi toprak, ikinjisi suw, üçünjisi ataşwe dördünjisi ýeldir... ...Birinji bölek – abidlerdir. Olar şerigat kowmudyr we asyllary ýeldendir. El (Howa) hem şypa hem-de kuwwatdyr... Bular awam (halk) taýpasydyr we işi-güýji bir-birlerini ynjytmakdyr. Ulumsylyk, husytlyk, kineçillik, gysgançlyk we duşmanlyk bularda her wagt görüler... ...Ikinji bölek – zahidlerdir. Olaryň asly ataşdandyr we olar tarykat taýpasydyr. Şu sebäpli gije-gündiz ýanmaklary, özlerini ýakmaklary lazymdyr. Her kim bu dünýäde kendisini ýaksa, ertir-ahyretde dürli azarlardan gutularlar. Şuny ýagşy biliň: bir gezek ýanan soňra ýanmaz. ...Zahidleriň ybadatlary: gije-gündiz Taňryny zikir etmek, bismillähi-rahmanir-rahymy her işde ýat etmek, gorky we umyt içinde bolmak, dünýäde ahyret üçin ýararly işler etmegi arzuwlamak. Hallary-da ylmy leduna (gaýyp ylmyna) ýetmekdendir hem-de öz bilgilerinden minnetdar galmyşdyrlar. Nireden gelip nirä gitdiklerini bilmezler. Çünki, olara dogry ýol gapysy açylmady. Ýeten her bir mertebesine öz gaýratlary bilen ýetendirler... ...Üçünji bölek – aryflardyr. Olaryň asly suwdandyr we olar maryfet taýpasydyr. Suw, özi-de tämizdir, hem-de tämizleýjidir. Bu sebäpden aryf hem tämiz bolmaly, hem tämizleýji. Aryflaryň ýanynda her sözüň üç ýüzi, öňi we bir arkasy bardyr. Kütekler, jahyllar, bilmeýändikleri üçin, kelemäniň arkasyny söýlärler-de özlerini ataşa atarlar. Emma aryflar her kelemäniň ýüzüni söýlärler we ataşdan gutularlar... ...Indi ynsan suwa gerek, suw täret kylmaga gerek, täret kylmak namaza gerek, namaz Alla ýaramak üçin gerek... Şu sebäpli, ezizim, ýagşy düşünmek gerekdir, kişide ýaramaz işbolmasyn. Kişi her zaman tämiz bolmalydyr. Ynsanyň tämizlenmedik (pis gatyşykly) bolmasyna sebäp – içinde şeýtan işiniň bolmasydyr. Eger ynanmasaň, bir gaba içgi (alkogol) guý we agzyny ýap, deňize taşla. O gabyň daşyny on ýyl ýuw. Gabyň içindäki içgi öňki içgidir we murdardyr (ýene pisdir)... ...Eger içiňde ulumsylyk we husytlyk, gysgançlyk, jümrilik, duşmanlyk, tamakinlik, öýke, gybat, kelçiklik, lakgylyk we masgaralyk bilen şular ýaly ýene şeýtan işi bar bolsa, waý saňa, suwa ýuwunyp nädip tämizlenerkäň?! Şeýle bolsa, hakykatdan-da bilgin, tämizlen¬mersiň. ...Ezizim! Aryflaryň asly suwdandyr we içlerinde pis zat bolmaz. Suwuň asly-da ýaşyl jöwherdendir we o jöwheriň asly-da Taňrynyň öz gudratyndandyr. Munuň üçin Taňry tebareke we Tagalla aryflaryny söýer. Çünki aryflaryň asly Taňrydandyr; asyllynyň aslyny söýmesi geň zat däldir... ...Aryflaryň hallary bolsa, bütin barlyga hormat görkezmekdir we ýaramaz düşünjä gapylmaz¬lykdyr... ...O halda indi toprak topraga, suw suwa, ýel ýele, ataşataşa öwrüler... Aryf muhipden sorarmyş: – Eý, muhip! Asylda atamy ýa-da ene ähmiýetli? – Köpüsi şeýle diýer: ene asyldyr, ata kökdür. Emma biziň ýanymyzda ata asyldyr, ene kökdür. Çünki asyl – tohumdyr, ýere ekilende kök bolar... Eger muhiplere Allany nädip bildiň diýseler, olar şeýle jogap bererler: – Allany özümizden, özümizi-de Alladan bildik. – Sözümiziň delili – Hezreti Aleýhissalamyň aýdan şu hadysydyr: “Her kim özüni bilse, şübhesiz Allany-da biler”. Ikinji bölüm ...Ýagny, biziň sözümiz şudur: Rahmanyň we şeýtanyň asly nedir? Muny bilmek gerek. Indi şu-da bilinmelidir: Rahmanyň asly iman, şeýtanyň asly şübhedir. Ýagny, imana şübhe garmak kyndyr. Çünki, iman akyldan gelýändir, akyl soltandyr we ten içinde imanyň naibidir. Soltan gidäýse, naib neneň durup biler?! Meselem: Iman bir hazynadyr. Allanyň näletledigi Iblis bir ogrudyr. Akyl bolsa hazynadardyr. Şeýle ýagdaýda hazynadar gidäýse, ogry hazynany näder?! ...Eý, biçäre misgin! Iman seniň içiňde başyboşdyr. Indi Alla ynanmak, buýrugyny tutmak, saklanyň diýdiginden saklanmak imandyr. Taňry Tebareke we Tagalla buýurdygyny tutman, saklan diýdiginden saklanmazlyk Taňra ynanmazlykdyr. Taňrynyň meleklerine ynanmak imandyr. Indi, diňle, ezizim! Her bir kişini üç ýüz altmyşmelek gorar. Munça melekler arasynda edepsizlik edersiň-de, sen özüň ýaly kişi ýanynda edepsizlik etmersiň. Hany, meleklere ynanjak bolmaň nirede? Bäşinji bölüm Bu bölüm maryfetiň basgançaklaryny beýan eder. Indi, diňle, ezizim! Maryfetiň birinji basgançagy edepdir, ikinji basgançagy gorky, üçünji basgan¬çagy tygşytlylyk, dördünji basgançagy sabyr we kanagat, bäşinji basgançagy utanmak, altynjy basgançagy jomartlyk, ýedinji basgançagy ylym, sekizinji basgançagy misginlik, dokuzynjy basgançagy maryfet, onunjy basgançagy özüňi bilmekdir. Ýedinji bölüm Bu bölüm maryfetiň bilinen jogabyny beýan eder. O älemiň gupbasy we ynsan oglunyň guwanjy Horasanly Hajy Bekdaş (Alla oňa rahmet etsin) şeýle diýýär: Köňül, beýik bir şäherdir, Hak Subhanehu we Tagalla arşdan ýeriň astyna çenli her näme ýaradan bolsa, o şäherde bardyr hem-de o şähere sygar. O şäherde iki soltan bardyr: olaryň biri rahmany, beýlekisi şeýtanydyr. Rahmany soltanyň ady akyl, naibi iman we goragçysy misginlik (pakyrlyk). Ýüregiň sag gulagynda ýedi gala bardyr. Hak Subhanehu we Tagalla her bir galada bir goragçyny wekil kylmyşdyr. O goragçylaryň ady birme-bir aýdylmyşdyr: Birinji goragçynyň ady ylymdyr. Ikinji goragçynyň ady jomartlykdyr. Üçünji goragçynyň ady haýadyr. Dördünji goragçynyň ady sabyrdyr. Bäşinji goragçynyň ady tygşytlylykdyr. Altynjy goragçynyň ady gorkydyr. Ýedinji goragçynyň ady edepdir. ...Çünki, bütin zatlar jan bilen direler, ýagny jan hem maryfet bilen direler. Indi, diňle, maryfetli jan-erenler janydyr, maryfetsiz jan bolsa haýwanlar janydyr. ...Çünki, gök aglar, ýer güler, ýagny gökden ýagar, ýerden biter. ...Indi, diňle, ezizim! Jan – bossan, maryfet bolsa suwdur. Teşne bossana suw näme edýän bolsa, maryfetem jana şeýder. ...Çünki, maryfetli köňül – erenler köňlüdir. O Hak Tagallanyň uly hazynasy we nazargähidir. Maryfet o köňülleri diri kylar we köňül gözi açylar. ...Indi, diňle, iň beýik ybadat: “Ýa, Alla” diýmekdir. Yhlas bilen, ägirt yhlas bilen “Ýa, Alla” diýmek ýeňil däldir. Sekizinji bölüm ...Jomartlyk dört görnüşlidir: Birinjisi, mal jomartlygy, bu baýlaryňkydyr. Ikinjisi, ten jomartlygy, bu gazylaryňkydyr. Üçünjisi, jan (ruh) jomartlygy, bu aşyklaryň¬kydyr. Dördünjisi, köňül jomartlygy, bu aryflaryň¬kydyr. ...Edep dileýän gorkyny, gorky dileýän tygşytlylygy, tygşytlylyk dileýän sabry, sabyr dileýän utanjy, utanç dileýän jomartlygy, jomartlyk dileýän misginligi, misginlik dileýän ylmy, ylym dileýän maryfeti, maryfet dileýän jany, jan dileýän akly, akyl dileýän Allany söýer. ...Akyl Aýa, maryfet Güne, ylym-da ýyldyza meňzär. ...Ýedi gat gök bar, ten hem ýedi gatdyr. Ilki – deri, soňra et, gan, damar, siňir, süňk we ilik. Ynha, bular ýedi gat göge meňzär. Dünýäde bulut we ýagmyr bar. Gaýgy buluda, gözýaşy ýagmyra meňzär. Dünýäde gark ediji ýedi deňiz bar. Tende-de gark ediji ýedi deňiz bar: Birinjisi gözdür – görmekden gark eder. Ikinjisi dildir – sözlemekden gark eder. Üçünjisi gulakdyr – eşitmekden gark eder. Dördünjisi gursakdyr – eretmekden gark eder. Bäşinjisi garyndyr – ajykmakdan gark eder. Altynjysy agyry, syzlamadyr, ölüm bilen gark eder. Ýedinjisi söýgidir, dälilik bile gark eder. Dünýäde derýalar hem bar. Gözýaşy derýalara meňzär. Dünýäde obalar hem bar. Tenler obalara meňzär. Dünýäde agaçlar bar. Barmaklar agaçlara meňzär. Dünýäde otlar, ösümlikler hem bar: tüýler otlara, gollar ösümliklere meňzär. Dünýäde dört dürli suw bar: birinjisi sap suw, ikinjisi ajy suw, üçünjisi şor suw, dördünjisi porsy suwdur. Tende-de dört dürli suw bar: birinjisi agyz suwy, süýjüdir, ikinjisi göz suwy ajydyr, üçünjisi burun suwy şordur. Dördünjisi gulak suwy pisdir. ...Dünýäde duşman we söweş bar. Nebis duşman, nebsewürlige garşy gitmek söweşdir. ...Döwletli kişi – janyny gaflatdan oýaran, halyny bilen kişidir. ...Adam (A.S.) sag ýanyna bakdy: üç gözel şahs gördi we sorady: – Adyňyz kimdir we ornuňyz nirededir? Birinjisi jogap berdi: – Adym akyldyr we ýerim başdadyr, beýnidedir. Ikinjisi şeýle jogap berdi: – Adym utanç we haýadyr, ornum ýüzdedir. Üçünjisi hem şeýle jogap berdi: – Adym ylymdyr we ornum köňül içindedir. Mundan soň Adam (A.S.) şeýle diýdi: – Geliň, indi ýerli-eriňize giriň. Şo wagt üçüsi-de ýerli-erine girdiler. Adam rahatlandy. Soňra sol tarapyna bakdy, o ýanda-da üç şahs gördi, ini jümşeşdi we sorady: – Adyňyz kimdir we ýeriňiz nirdedir? Beýle ugursyz taýpasyňyz. Olaryň biri şeýle jogap berdi: – Adym öýkedir, ýerim başda-beýnidedir. Adam garşy çykdy. – Baş aklyň ýeridir, seniň başda ýeriň ýokdur. O şahs şeýle jogap berdi: – Men geldigim akyl gider. Ikinji şahs hem şeýle diýdi: – Meniň adym tamakinlik (açgözlülik), ýerim ýüzdedir. Adam garşy çykdy. – Ýüz, bütinleý, utanç we haýa ýeridir, seniň ýüzde ýeriň ýokdur. – Men geldigim, utanç-haýa gider. Üçünji şahs hem şeýle sözledi: – Meniň adym husyt (gysgançlyk), ýerim köňül içidir. – Köňül – ylym ýeridir. – Men geldigim, ylym gider... ...Yerde agajy dik tutýan kökdür. ...Döwlet – edep, akyl we gözel ahlakdyr. ...Şu sebäpden akyl beden içinde soltan, köňül içinde rahatlykdyr. Allanyň ynsana beren munça beýikligi, munça nury, munça keramaty, munça halady – akyl bereketindendir... ...Kimiň köňlünde akyl nury bar bolsa hoşdur. Kimde ýok bolsa, özüne haýry ýokdur, Hudaýyň ýanynda-da ýeri ýokdur. ...Ylmyň aýna meňzeşdigini aýdypdyk. Aýna bakan öz ýüzüni görer. Ýagny, kişi öz ýaman taraplaryny-da görer. Öz aýplaryny gören kişi hiç kimiň aýbyny dile getirmeli däldir. ...Her kime kapyrdan-da has ýaman üç duşman bardyr: birinjisi –nebsewürlikdir, ikinjisi – ulumsylyk we egrilik, üçünjisi – ýalançylyk we hilegärlik. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |