11:43 Hajy Bekdaş Weli: Özüñe agyr geleni özgä ýükleme | |
ÖZÜÑE AGYR GELENI ÖZGÄ ÝÜKLEME
Edebi makalalar
Tokaýyň örän gazaply kanunlary bar: ösüşde özge agaçlardan yza galdymy, onda gutardy hasap edäý, güneş alyp bilmän, barha iglär, mör-möjeklerem daşyndadyr. Adamzadam şeýle kanunlar boýunça ösýärmikä? Juda oňa meňzeş dälmikä öýdýän. Her niçigem bolsa, öz aladaňy, öz ýüküňi özüň çekjek bolmaly. Hajy Bekdaş Weli tamakinligi utançsyzlyk bilen bir hasaplaýar. Özgelerden haýyş edip, ýalbaryp bitirilmeli işiňi, aňrujy ýagdaýy bolsa, öz güýjüň ýetjek wagtyna çenli goýmaly ýa-da başga bir ýollar gözlemeli. Käbir adamlar, sähelçe zat bolsa-da, özgelerden haýyş etmäge çekinmeýärler. Şol adamlaryň jemgyýetdäki ornuny synlasaňyz, olaryň abraýdan gaçýanlygyna göz ýetirersiňiz. “Ýene bir haýyş edäýmesin” diýip, özüni çeke tutýanlar köpeliberer. Bu näme ýeksürünlikmi? Ýok. Adam adama elmydama zerurlykdadyr. Oňa söz ýok. “Altyn gapylynyň agaç gapyla dilegi düşermiş” diýilmänmi, näme?! Emma haýyşyňy saklamaly, soňa goýmaly, gijikdirmeli, iň gowusy, başga çykalga gözlemeli. Bu bir durmuş-da. Ýagşy günlerem, ýaman günlerem adamyň başyna düşüp dur. Şonuň üçin şu gezekki haýyşyňy başga bir gezege goýup bilseň, öz utuşyňdyr. Sebäbi bir haýyşeden adamyňa ikinji gezek ýene haýyşetmäge aýaklaryň ädilmese gerek. “Her zadyň çaky ýagşy” diýip içki duýgularyň seslener. Özgä haýyş etmän ýaşajak bolsaň, özüňde uly hazyna bolmaly. O hazynanyň ady – Kanagatdyr. Kanagatly ynsana sataşanyňyzda ýüregiňiz rahatlanyp, deriňiz giňäberýändir. Alaýyn, sataýyn, ýeteýin, gaçaýyn diýilýän ýagdaýyň ynsany neneňsi külpetlere salýandygyna göz ýetirip başlarsyňyz. Eger baýlyk deregne kanagat alsaňyz – bu dün¬ýäniň syry düşnükli bolar. Kanagat edinmedikleriň güni kyndyr. Olar ömriboýy aldym-gaç durmuşda kösenerler ýörerler. Ynha, Hajy Bekdaş Weliniň “Özüňe agyr geleni özgä ýükleme” diýmesiniň bir syry şeýlemikä diýip pikir edýäris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |