16:34 Hajy Bekdaş Weli: Soňlama | |
SOŇLAMA
Edebi makalalar
Hajy Bekdaş Weli Rumustana barmak bilen o taýdaky milletiň agzybirligini, ruhubelentligini we gelejege umydyny artdyrmaga, başgaça aýtsak, türkmenleriň täzeden doguşyny amala aşyrmaga uly goşant goşupdyr. Alym Edhem Ruhy Fyglaly bu ýagdaýy synçylyk bilen suratlandyrypdyr: “Biziň düşünişimizçe, Hajy Bekdaşyň häkimlikleriň çalyşmasy we soltanlaryň täji bilen işi ýokdur. Ol bir gahrymandyr, emma eli gylyçly topalaňdan topalaňa ýüwürenlerden däldir. Eli kätmenli, eliniň azaby we alyn deri bilen dag başlarynda ýer açyp ýerleşen, bag we bakja ýetişdiren, şonuň bilen çarwa ruhuny şäherleşdirip, medenileşdiren, olardan imanly, üşükli, özüni bilen, täp-täze bir türkmen jemgyýetini döreden gahrymandyr”. Hajy Bekdaş Weliniň ynsan beýnisine eken tohumlary gelejekki Osman imperiýasynyň ideýalary bolup gögeripdi. Bu beýik ynsanyň baş maksady – adamyň ruhundaky wagşy janaweri ýok etmekden ybaratdyr, ýagny adam özüni berk kontrolda saklamalydyr. Adamyň iň uly söweşi – özündäki nebsewürlik, ýaman niýetleri we gahary bilendir, iň uly ýeňşi hem – özüni ýeňmesidir. Özüni ýeňen adamyň hökman hoşgörüşli boljak¬dygyna Hajy Bekdaş Weli ynanypdyr. Bekdaşy tarykatyna eýerijileriň dürli milletlidiginiň bir sebäbi hem şol hoşgörme bolsa gerek. Aýratyn bir nygtamaly zat: Hajy Bekdaş Weli beýle pikirleri adamzada hödürlemek bilen özi çetde galan adam däl. Öz aýdanyny durmuşda özi berjaý edenligine hiç şübhe ýokdur. Hajy Bekdaş Welini yslamdan daşarky bir adam edip görkezjek bolmak meýilleriniň hem barlygyny aýtmaly, emma alymlaryň aglabasy onuň dini ynanjynyň yslamdygyny tassykla¬ýarlar. “XIII asyrdaky pikirleriň XXI asyr üçin neneňsi täsiri bolup biler?!” diýip güman etjeklerem bardyr. ADAM haýsy asyrda ýaşasa-da ADAM bolup ýaşamalydyr. Soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |