16:36 Hajy Bekdaş Weli we Osman imperiýasy | |
HAJY BEKDAŞ WELI we OSMAN IMPERIÝASY
Edebi makalalar
Türk alymlarynyň bir topary Hajy Bekdaş Weliniň 1209–10-njy we 1270–71-nji ýyllar aralygynda ýaşanlygyny tassyklap, şoňa görä-de onuň Osman imperiýasy, osmanly soltanlary, patyşalary bilen hiç bir gatnaşygynyň ýokdugyny ýazýarlar. Gadymy çeşmelerden hem XV asyrdaky «Aşyk paşa oglynyň taryhy» diýlen çeşmä, Ahmet Eflakiniň (XIV asyr) we wakfiýeleriň maglumatlaryna salgylanýarlar. Alymlaryň başga bir topary bolsa Hajy Bekdaş Welini Osman imperiýasyny gurujy Osman we onuň ogly Orhan bilen baglanyşdyrýarlar. Bu topar alymlar Hajy Bekdaş Weliniň 1248–1337-nji ýyllar aralygynda ýaşanlygyna ynanýarlar. Bularyňam öz delilleri bar. Jon Kingsleý Börç Ystambyl uniwersitetiniň kitaphanasyndan Ýunus Emräniň bir diwanyny tapyp, şondaky bir ýazgynyň ebjet hasabyny edip, Hajy Bekdaşyň 1248-de doglup, 1281-de Horasandan Anadola gelip, 1337-de bolsa aradan çykanlygyny ýazypdyr. Olar şu maglumaty we Ewliýa Çelebiniň (XVII) “Syýahatnamasynda”: “Olaryň (Osman, Orhan – O.Ya.) zamanynda beýik atalarymyzdan türk türkmen hoja Ahmet Ýasawy hezretleriniň Horasandaky şägirdi bolan Hajy Bekdaş Weli üç ýüz adama ygtyýar berip, deprek, küdüm, baýdak we ugur berip, Bursany söweşip aldylar” (Ewliýa Çelebi “Syýahatnama”, 10 tomluk, 1-nji tom, 60 sah.) diýip ýazmasyny, şeýle hem başga maglumatlary esas edinýärler. Biz birinji topar alymlar bilen pikirdeş bolsak-da, ikinji topar alymlaryň aýdýanlaryny, olaryň goldanýan çeşmelerini bilmekden gaýra durmak meýlimiz ýokdur. Ynha, gadymy ýazmaça rowaýatlaryň biri: Ärtogrul begiň bu dünýädäki wagty-sagady tamamlanansoň, Haka baka ýöreýär. Beglige Ärtogrul begiň uly ogly Gündiz beg geçýär. Gündiz begiň Osman diýen bir inisi ýere-ýurda sygma¬ýarmyş, däli diýseň däli, şeýle bir kuwwatly, batyr, edermen ýigitmiş. Osman beg wagtal-wagtal dost-ýarlaryny, deň-duşlaryny ýygnap, Wizantiýa imperiýasynyň araçäklerinden geçip, wizanti¬ýalylara gylyjyň oýnuny görkezip gaýdar eken. Şo wagtlar bolsa Wizantiýa döwleti bilen seljukly begligi arasynda goňşuçylyk, bir-biregiň araçäkle-rinden geçmezlik hakda şertnama bar ekeni. Onsoň wizantiýalylar seljuk hökümdaryna hat ýazyp, ýagdaýy aýdýarlar. “Eger çäre görmeseňiz, onda bizem şertnamany bozarys we siziň ýerleriňize atly-gylyçly çapawulçylyk ederis» diýipdirler. Osmany tutup, el-aýagyny baglap Konýa getirip¬dirler. Goşun komandirleri Osman begi görüp, «Hi-de beýle ýigidi jezalandyryp bolarmy?!” diýipdirler hem-de bu ýigide jeza bermezlik hakda hökümdara arz edipdirler. Şonda hökümdar: «Beýle bolsa, Osmany Suwluja Garahöýüge, Hezreti Piriňkä äkidiň. Pirimiz näme diýse, şony etmeli bolarys» diýip buýrupdyr. Eli-goly bagly Osmany Hünkär Hajy Bekdaş Weliniňkä getiripdirler weli, ol gaty tolgunyp-gynanyp, «Derrew ýüpden boşadyň« diýipdir. Osmana dürli-dümen naharlar, miweler hödürläpdir. Osmany getirenlere bolsa: «Men bu taýda näçe ýyllar bäri Osmanyň gelerine garaşyp ýaşadym» diýen Hajy Bekdaş Weli sandykdan bir täç çykaryp, Osmanyň başyna geýdiripdir. – Biz saňa hünkärlik berdik. Seljukly soltanyna salam aýdyň. Olam beglik bersin! – diýýär. Onsoň Gündiz beg aýrylyp, ornuna Osman beg bolýar. Şondanam gaýylaryň uly döwlet gurmasy başlanýar. Ynha, ýene bir rowaýat: Osman beg ölenden soň, Orhan beg tagta münýär we özüne “soltan” adyny alýar. Soltan Orhan täze, berk düzgün-nyzamly, mydamalyk goşun düzýär. Bir bölek goşuny yzyna düşürýär-de Suwluja Garahöýüge gelýär. Hyzmatçylar: “Munça adama nädip nahar bererkäk?” diýşip, howsala düşýärler, emma Hajy Bekdaş Weliniň şol öňki rahatlygymyş. Kiçeňräk gazanda bişirilen palawdan tabak-tabak alyp, ähli halaýyga paýlapdyrlar weli, gazan şol öňküligine palawdan dolup durmuş. (Şol gazan häli-häzirem Hajy Bekdaş muzeýinde saklanýar.) Soltan Orhan Hajy Bekdaşdan hümmet we ýardam isleýär. Şonda pir elini bir esgeriň başyna goýup, mydama ýeňiji we ýeňişli bolmagy üçin doga okapdyr. Şol döwürler guralan ýeniçeri goşuny bekdaşylyga gol beripdirler we öz pirleri hökmünde Hajy Bekdaş Weliniň adyny arşa göteripdirler. Şoňa bir nusgany şu taýda Siziň dykgatyňyza ýetirýäris: Mümin biz dünýä gurlaly bäri, Hakyň birligine eýledik ykrar, Bu ýolda bermiş biz seri, Nebimiz bardyr – Ahmedi Muhtar. La-ezal mestanalar biz Sanalmarys barmak bile. Kimse bilmez ahwalymyz, Daşymyzdan sormak bile. On iki ymam, on iki tarykat, Ählisine diýdik beli. Üçler, bäşler, ýediler. Nury Nebi, Keremi Ymamy Aly. Pirimiz, ussadymyz – Hajy Bekdaşy Weli. Demine, döwranyna Hü diýeliň, Hüü... Hajy Bekdaş Welini näme sebäpden Osman imperiýasynyň başlangyjyny goýujy Osman bilen, goşunyň üýtgeşik tipi bolan ýeniçeriçilik bilen baglanyşdyrýarkalar? Bu sowala professor, ylymlaryň doktory, Edhem Ruhy Fyglaly jaýdar jogap tapypdyr: “Çünki sahawatlylyk däpleriniň meşhur bolan bir döwründe, her meslek we senet golunyň bir piriniň bolmalydygy hakda köpçülikleýin ynanç bilen ýeniçeriligi erenler serweri we ýeňijiler serdary hasaplanan Hajy Bekdaş Weli ýaly bir din beýiginiň ruhy we kuwwaty bilen utgaşdyrmak isläpdirler...” Alym Fyglalynyň sözi bilen aýdaň¬da: “...Ähmi¬ýetli bolan zat bolsa, o döwrüň ynsanlarynyň, soňraky wagtlarda döwletiň başyna bela bolmagyna garamazdan, başky goşun guralyşynyň aslyna Hajy Bekdaş Weli ýaly Türkmen gazynyň (Ýeňijiniň) ýerleşdirilip, onuň hem pir saýylmagydyr”. Hajy Bekdaş Weli Osman imperiýasynyň soltanlary bilen görüşmedik bolsa-da, bu imperiýanyň ruhy esaslaryny taýýarlamakda, şol nokada gelýänçäler ruhy garşylyklary ýeňmekde ummasyz uly işleri, dogrusy gahrymançylykly işleri bitirenligini unudyp bolmaz. “Hajy Bekdaş Weli ölenden soň, diriligindäkiden köp iş bitirdi» diýip, türk alymlary ýazýarlar. Ýokarda adyny agzan alymymyz oňa: “Türkmen toplumyny döreden bir gahrymandyr” diýýär. Osman imperiýasy bolsa dünýä taryhynda iň uly we iň uzak dowam eden imperiýa hasaplanýar. Yslam dünýäsi we Osman imperiýasy köp-köp asyrlap sinonim ýaly ulanylypdy. Şoňa görä-de günbatarly alym Bernard Lewis özüniň “Modern Türkiýäniň doguşy” diýen kitabynda: “Günbatar dünýäsi XVI asyra çenli yslam dünýäsiniň yzyna düşdi we ondan köp zat aldy. Başynda türkler duran yslam dünýäsi hristian dünýäsinden alar ýaly hiç bir zat ýok diýip, tekepbirlige berlip, günbataryň bilimini we tehnologiýasyny kabul etmedi” diýip ýazýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |