16:22 Hajy Bekdaş Weliniň Magtymgula täsiri | |
HAJY BEKDAŞ WELINIŇ MAGTYMGULA TÄSIRI
Edebi makalalar
Beýik Magtymgulynyň “At islärin” diýen şygrynda Hajy Bekdaş Weliniň ady bar. Hajy Bekdaş, Abdylkadyr, Hoja Ahmet, Ymam Ryzadyr, Feridun bir öwlüýädir, Baryndan hümmet islärin. Emma Magtymgulynyň sile aldyran, duşmanlaryň zaýalan kitaplary hem-de bize belli bolmadyk beýleki eserleri hakda umytly çaklamalar aýdyp bileris. Üstesine-de iki beýik ynsanyň ylham derýalary deňeşdirilende örän ýakynlyk, bir perdeden gopmak ýaly hadysalara şaýatlyk edip bileris. Hajy Bekdaş Weli: Maňa gol beren her mürid myhman istesin, myhmana hyzmat etsin... Magtymguly: Eger misgin, eger baýdyr – Gelene hyzmaty gerek. ýa-da: Ganly bolsa, geç ganyňdan Bir garyp myhman ýigide. Hajy BekdaşWeli: Maksada sabyr bilen ýetiler. Magtymguly: Sabyr eýlegil, bisabyrlyk hem bikär. Hajy BekdaşWeli: Duşmanyňyzyň hem ynsandygyny unutmaň. Magtymguly: Söweş jaýynda kem jüret, ýüreksiz, Sütemni, jebri kän eýlär, ganymyn natuwan görse. Hajy BekdaşWeli: ...Özüni şeýtan ýaly görmesin, hiç kimiň ýatan itini örüzmesin. Hiç kime gabarylmasyn. Magtymguly: Şere şöhrat bermek – şeýtanyň käri. Gahryn ýutmak erer rahmanyň käri. ýa-da: Sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym. ýa-da: Süleýman sen, mura bir gulak goýgul, Sözüni diňlegil, jowabyn aýgyl, Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul, Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul. Hajy BekdaşWeli: Gördügiňi ört, görmedigiňi söýleme. Magtymguly: Aklyň bolsa, abyraýly kişiniň Ýamanyn örtübän, ýaýyň ýagşysyn. ýa-da: Özüňi bil, özge le ne işiň bar ýa-da: Her kim ýamanlasa deňi-duşuny, Özi müşgil eder asan işini. Hajy BekdaşWeli: Eliňe, diliňe, biliňe eýe bol. Magtymguly: Ýa lal otur, ýa dür saçgyl. ýa-da: Sözlemän oturmak, bilseň, akyldyr. ýa-da: Hoş sözüň diý, gahryň gizle. ýa-da: Akylly az gürlär, gorkar tilinden. Hajy BekdaşWeli: Geliň, janlar, bir bolalyň, iri bolalyň, diri bolalyň. Magtymguly: Agzalalyk aýrar ili dirlikden Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý. Hajy BekdaşWeli: Indi, ezizim! Hakykatyň birinji basgançagy – toprak bolmak, ikinji basgançagy – ýetmiş iki milleti aýplamazlykdyr. Magtymguly: Ýetmişiki millet bölek-bölekdir, Bir bölekden goşma özge bölege. Hajy BekdaşWeli: Ylymdan gidilmeýän ýoluň soňy tümlükdir. Magtymguly: Egri ýoldan gitseň, ýamana geler ýa-da: Bilmez bir beladyr, bilenler – jandyr. ýa-da: Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny. Är yzynda ýörseň, är dek bolar sen. Iki awtory deňeşdirip okasaňyz, beýle mysallary gaty köp taparsyňyz. Hajy Bekdaşyň öwütleriniň ählisi jemlenip hoşgörme pikirini emele getirýär. Magtymguluda-da hoşgörme bilen sazlaşyp çykýan şygyrlar, bentler, setirler ýeterlikdir. Özem örän originaldyr. Her kes özige soltandyr, hanu-soltan gerekmes. ýa-da: Bir atada alty atanyň soýy bar. Elbetde, Hajy Bekdaş Weli ýaly nähak unudylan beýik ynsan türkmen edebiýatynyň häzirki pursatynda ilkinji gezek agzalýanlygy üçin bu barada ähli edilmeli işler öňdedir, şol sanda onuň Magtymgula täsirleri hakda aýratyn ylmy işler öz nesibesine garaşýar. Köneden bäri arzuwlap ýören bir pikirimi-de, ýeri gelende aýdaýyn: Türkiýe taryh, gadymy edebiýat boýunça örän baý kitaply ýurt. Yslam ensiklopediýasy hem durşuna bir hazyna. Şolar türkmençä terjime edilip, kitap bolup çykaýsa, Amerika açylança begenjek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |