19:17 Hakyda: Biz gulmy? | |
12. BIZ GULMY?
1. Türkmenlerde aňyrdan gelýän söz bar: “Gula gul diýseň ölesi geler, ige gul diýseň gülesi geler”. Bu sözüň jemgyýetçilik manysyny, ondaky dürli öwüşgini doly aýan etmek aňsat iş däl. Her bir türkmeniň ig bolasy gelipdir. Bu statusa degişlidigine bolan ynamy onda buýsançly arkaýynlyk döredipdir. Altyna kir ýokanok, ol gumda, dersde ýatsyn, ýüzüni sypasaň ýene lowurlap dur. Ig adam horluga, kemsitmä sezewar bolanda-da tohumynyň, süňňüniň arassalygyny altyna barabar görüpdir. Beýle bir buýsançly adama gul diýseň, elbetde. gülesi geler. Emma gul diýlen adamyň namysdan ölesi gelýändigine ünsi çekmek has gyzykly bolsun gerek. Gulçulyk hem dünýä ýaly gadymy. Men “gul” sözüni haçan eşitdimkäm? Çagalykdan, adam atlary gulagymda galan pursatyndan bu söz maňa tanyş. Ony uly adamlaryň käbiriniň adynyň yzyna goşup aýdýardylar: Çary gul, Oraz gul, Mommat gul, Şamma gul... Adynyň yzyna “kel” sözi goşulýanlar-da bardy: Anna kel, Durdy kel... Olaryň keldigini kellelerine seredeniňde bilýärsiň, emma “gul” sözüni aňladaýjak göze görnüp duran alamat ýokdy. Adamyň görkünde gul sypatyna mahsus alamatyň bolýandygyna soň, ulalamda düşünip galdym. Iki ýagdaýda-da olaryň öz ýanynda atlary tutulanda “gul” ýa-da “kel” diýilmezdi. Çary gula Çary aga, Oraz gula Oraz aga diýerdik. Şol adamlar üçin “gul” sözünde “kel” diýlen kemsitmä meňzeş manynyň bardygyna çaga-da bolsak düşünipdiris. Kämahal “kelhan” diýip, degişmä salnyp ýüzlenilýändigini eşidýärdik. Gulhan diýen adam adynyň bardygyny-da geň görmezdik. Obamyzda Gul Garry atly traktorçy bardy. Gulmyrat, Gulnazar, Gulgeldi diýip, çagalara at dakýardylar. “Gul” sözünde aýyplyk bar bolsa, ony adam adyna öwürmezdiler-ä? Onda näme, adamyň ýeňsesinden Çary gul, Oraz gul diýmeli-de, göni ýüzüne aýtmakdan çekinmeli? Ulaldygymça, ylym-bilim aldygymça “gul” sözüniň manysy giňedi, çuňlaşdy. Ýetmiş ýaşdan soň bu hakda esse ýazmaga oturdym. 2. Magtymguly: “Gul diýip ýigidiň aslyny sorma, Hojasy bar, belki, guluna degmez – diýýär. Halk apalaýan şahyrynyň dana sözlerini häli-şindi diline alyp, şolar arkaly öz pikirini berçinlemäge endik edinen hem bolsa, hemişe onuň ündän akyl-paýhasyna eýerip ýaşapdyr diýip bolmaz. Häzir hem şeýle. Her adam ony kişiniň tutumyna degişli bolan pursatynda diline almagy gowy görýär, özüne gezek gelende dymýar. Ýokarky sözleriň aýdylaly bäri iki ýarym asyr geçdi. Meniň oglan ýyllarymda-da ýigidiň asly soralýardy, “ig”, “gul” sözi şonda maňa äşgär bolupdy. Bu meselede Çary guluň kolhozyň 20 müň goýunly fermasyna müdirliginden, Mommat guluň obadaky ýeke-täk magazini sürýänliginden, Şamma guluň telim obanyň magazinine haryt goýberýäninden peýda ýokdy. Gowusy, häli-şindi ýüz beren wakalaryň birini beýan edeýin. Söze başlamazymdan öňinçä bir zada ünsüňizi çekeýin, muny şu günki ýaşlaryň bilmeýän bolmaklary ähtimal. 1962-nji ýylda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň neşir eden “Türkmen diliniň sözlüginde”: “Ig (i:g) köne söz. Arassa ganly, garnuwsyz (türkmen halky barada)” diýen düşündiriş berlipdir. “Gul köne söz. Kapitalistik jemgyýetden öňki gul eýeçilik we feodalçylyk jemgyýetinde önümçilik gurallaryna we hiç zada hukugy, ygtyýary bolmadyk, zähmeti we ýaşaýyş durmuşy eýesiniň ygtyýarynda bolan adam” diýilýär. Indi A. Meredowyň, S. Ahallynyň 1988-nji ýylda “Türkmenistan” neşirýatynda çykarlan “Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi” atly kitaba seredýärin. “Gulambeçe” diýen asly arap-pars sözi berlipdir. Onuň “hyzmatkär oglan” diýen manysy bar. Diýmek, “gul, gulam” sözleriniň manysy bir, “hyzmatkär adam” diýildigi. Musulman rowaýatlarynda Iblisden dörän urkaçy jynlar-da “gul” diýlip atlandyrylypdyr. Indi bolan waka ýüzleneýin. 1951-nji ýylda obamyzdaky ýediýyllyk mekdebiň altynjy klasynda okap ýörkäm Esen guluň agtygy, Togta guluň ogly Mergen üçin Nurly çopanyň aý ýüzli gyzy Kümüşe gudaçylyga bardylar. Sawçylaryň sözüni diňlejek hem bolmandyrlar, kowup goýberipdirler. Gep-gürrüň oba ýaýrady. Olaryň süňňi deň däl-ä, Nurly çopanlar igiň orta barmak ýerinden, gula gyzyny berip bilmez-ä diýip janygýanlar tapyldy. Bu ýörelgä aç-açan garşy bolanlar tapylmasa-da, zamana üýtgedi, durmuşa görä bolubermeli diýýän adamlar hem öz delillerini getirýärdiler. Mergen kolhozyň ökde hasapçysy, bir ýyl Baýramaly şäherinde ýatyp okady, başlyk ony baş buhgalteriň ýerine peýleýärmiş. Görk-görmegi allanäme. Ýene bir anjaýyn zat bar: olar söýüşýärmişler! Gije tuduň aşagynda duranlaryny iki gezek görenler bar diýdiler. Mergeniň elinden köp zat gelýär. Ýylahyrda girdeji paýlananda hojalyklaryň nobatyny düzýän diňe Mergeniň özi! Onuň etjegi içinde. Iki öwre ýalbaryp barsa-da, sanawa binobat düşüp bilmedik goňşymyzyň käýinip oturanyny özüm gördüm: “Sewet höküwmeti düýnki gullary depämize çykardy, how! Esen gul dilini düzedip bilmän ölüp gidendir, men ony gören adam-a! Tagan baýyň guly bolmaly. Bäş sany kel tokla satyn alnan gul-a! Esen diýen türkmen adyny oňa Tagan baý beripdir, oň aňyrdaky ady Huseýin ekeni” diýdi. Mergene gul diýýän ýokdy. Gul diýilse, burunlak, tüýlek, satany egri biten adam göz öňüne gelýär. Mergen welin, syrdam boýly, görmegeý ýigitdi. Buhgalterçiligi gutaryp geleli bäri hasam gabaryldy, ýöräp gelýärkä uly köçä sygmajak bolýardy. Baş bugaltir bolaýsa dagy Mergen bilen gepleşmegem hyllalla bolar diýýänler bardy. Onuň Nurly çopanyň gyzy Kümüşe öýlenjegine şübhe edýän azdy. Şol mahal Mergen Togta guluň ig aýalyndan bolupdyr diýen gürrüňem ýaýrady. Beh, Togta gul haçan ig maşgala öýlenmäge ýetişdikä diýdiler. Obadakylar onuň bir aýalyny bilýärdiler, Sakarçägedäki gullaryň gyzydy. Ondan öň şäherde ig gyza öýlenen ekeni, ol pakyr çaga üstünden ölüpdir, Mergen şondan galan ogul bolmaly diýip, gümürtik gürrüňi delillendirinler hem tapyldy. Togta gul barada gümürtik zat ýeterlikdi. Onuň obada ýaşap, kolhoza hezil beren wagty ýok. Ömrüni şähere gatnap ötürdi. Şäherde-de öýi, orus aýaly barmyş diýdiler. Bir gezek woýennileriň ýany bilen gelip, kolhozdan bede alyp gidipdir, şonda Togta gul batalýonyň at ýatagynyň hojaýynymyş diýenler hem tapylypdy. Soňam bazara gidenler Togta guluň eşek saraýda petekçi bolup işleýänini aýtdylar. Gudaçylygyň çözgüdi Kümüşiň kakasy Nurly çopanyň aýgydyna baglydy. Ol: “Gul üçin gyz ulaltmadym” diýipdir. Mergeni halamaýan goňşymyz heşelle kakdy: “Şeý diýjegini bilýädim, ýaş-şa, Nurly çopan! Weý, Nurly aga bägül ýaly arassa gyzyny gula berermi diý! Eýdäýse, gyzy gyrnaga öwrülen ýaly bolaýmazmy!” diýdi. Nurly çopany raýyndan gaýtarmak üçin kolhoz başlygy ony ýanyna çagyrypdyr. Ilki ýalbarypdyr, soňra haýbat atypdyr: “Sowet hökümeti gul-ig diýen köne düşünjä düýpden garşy. Ýaşlar arz etseler, maňlaýyňdan sypalmaz, gowusy, gyzyň bagtyny baglama” diýipdir. Nurly çopanyň başlyga beren jogabyny aýdanlarynda Mergeni halamaýan goňşymyz ýene bir öwre heşelle kakdy: “Nurly çopan garadan gaýtmaz mert adam!” diýdi. Onuň gaýduwsyzlygyny bir mahallar alamana giden türkmenleriň gaýduwsyzlygyna deňedi. Nurly çopan gypynç etmän göni başlygyň gözlerine garap: “Gula beriljek gyz bagtly bolýan bolsa, şol bagty öz gyzyňa mynasyp göräý” diýipdir. Ig süňňüniň arassalygyny dünýä malyndan ileri tutýan Nurly çopan gyzynyň gul çagasy bilen halaşýandygyndan heder edeni üçin goňşy etrapda ýaşaýan garyndaşlarynyň ýanyna göçdi, barşyna-da Kümüşi durmuşa çykarypdyrlar. Kolhozyň baş buhgalterligine bellenen Mergen Kümüşiň mysalynda oba gyzlarynyň namartlygyna gahar edip, kakasy Togta guluň şäherden tapyp beren gyzyna öýlenipdir. Gyz ig ýeriň maşgalasy diýdiler, gelniň gaşlakdygyny, gözleriniň aladygyny, burnunyň ulurakdygyny synlanlar onuň ig ýerden çykandygyna şübhe etdiler, süňňi ýarym bolaýmagy-da ähtimaldyr diýdiler. Türkmenleriň ynanjyna görä, ýedi arka geçenden soň guluň gany doly arassalanýar, ig bilen deňleşýär. 3. Men birgiden adama sowal berdim: türkmenler gullara äsgermezlik bilen garan bolsalar, onda näme sebäbe ogullaryna Gulmyrat, Gulnazar, Gulgeldi diýen ýaly at dakýarlar? Men kanagatlanar ýaly anyk jogap eşitmedim. Bir ýyl öň ýazyp gutaran, okyjylara haçan ýetjegi näbelli “Ýiten yurt” kitabymda bir fakt getiripdim. Gullara gatnaşygy aňladýany üçin şony bu ýazgymda-da getirsem artykmaçlyk etmezmikä diýýärin. Ýetmişinji ýyllarda Maryda at alan doktor tanşym Gulman aga diýen döwletli adamyň öýüne myhmançylyga barýar. Adatça, ýaşulylar tanyşanlarynda niredendigiňi, haýsy tiredendigiňi soraýarlar. Doktor obasyny aýdýar, tiresine gezek gelende: “Men bal gullardan” diýýär. Ýaşuly gülüpdir, başyny ýaýkap: “He-eý, inim, gul bolarsyň-da bal bolarmyň! Sen beli gullardansyň” diýýär. “Beli” diýmegiň “lepbeý” diýen manysy bar. Geçen asyryň ortasyndaky Gulman aga ýaly köpbilmiş ýaşulylar, belki, meniň ýokarky sowalyma takyk jogap tapardylar. Indi maňa özümçe oýlanyp jogap agtarmak galýar. Tutaryk hökmünde obadaşlarymyň geçmişi hakynda eşiden wakalarymyň ýene birine ýüzleneýin. XIX asyryň ikinji ýarymynda alamandan olja bilen gelenler Durdymyrat baýa owadan gyrnak berýärler. Baý ony öýünde saklaýar, ýorganyna salýar. Gyrnak baýdan gyz dogurýar. Dogan çaga indi gyrnak diýip bolmaýar, ony gyrnak dogursa-da, kakasy Durdymyrat baý! Gyza mynasyp at dakmaly. Täzegül diýýärler. Täzegülüň ýarpy süňňi arassa. Baý gyzy! Onuň gyrnakdan bolany göze dürtülip durmasyn diýendir-dä, baý Täzegülüň ejesini Hywa barýan söwdagäre satyp goýberýär. Täzegül ýetişýär, görmegeý, allanäme gyz, onda-da Durdymyrat baýyň dölünden önen gyz! Näçe gynansa-da baý ony öz deňine berip biljek däl. Wah, baý berermen, ýöne gyzyň ejesiniň gyrnakdygyny bilýärler-ä, süňňi arassa ig adam ony almaz. Şol bir mahalda-da ony gyrnak hökmünde satyp biljek däl. Hojaýynyň öýünde bolan gyrnak çagasy satylmaýar diýen ýazgyny özbek alymy R. Mukimowanyň: “15-16-njy asyrlarda Özbegistanyň şäher ilatynyň sosial tapawutlary” diýen kitabyndan okapdym. Gullar, gul söwdasy meselesinde Hywanyň, Buharanyň bazarlaryndan türkmenleriň köp zat öwrenendiklerini inkär edip bolmaz. Şol kitapdaky bir fakt meni gyzyklandyran sowala jogap boldy diýse-de boljak. Azat adam gula öwrülende onuň adyny üýtgetmek endik bolupdyr. Özbekler olara Döwlet, Döwletgeldi, Taňryberdi, Hoşgadam diýen ýaly atlar dakypdyrlar. Belki, türkmenleriň Gulmyrat, Gulnazar diýen ýaly atlary dakmaklarynyň düýbünde şol many ýatandyr? Durdymyrat baýyň gapysynda düşbi, işjanly guly bar ekeni. Ol oglanka getirlipdir, Gulam (hyzmatkär) diýen täze at beripdirler. Onuň baýa hyzmaty zor bolupdyr. Baýyň kellesine bir hyýal gelen bolmaga çemeli, baý oňa sen azat diýýär. Baý guluna azatlyk berse-de, ony sypdyrasy gelenok. Onuň hyzmatyny bitirjek adam görenok. Oňa gyrnakdan bolan gyzy Täzegüli berip, aýagyny duşaklajak bolýar. Gulam göwnemeýär. Ol ajy aýralykdan dynjak, hossarlaryna, watanyna gowuşjak. Bu höwesini owadan gyzyň gujagynyň ýylysyndan ýakymly, ygtybarly görýär. Gulam watanyna, Eýrana gidýär, sähelçe wagtdan hem Durdymyrat baýyň gapysyna dolanýar. Bu sapar ony zora ýanap getiren ýokdy, öz aýagy bilen meýletin gelipdi. Oňa ölen agasynyň dul galan aýalyny dakjak bolupdyrlar, Gulam yzyna dolananyny amatly bilipdir. Täzegüli Gulama berýärler, baý oňa öz golaýyndan öý dikýär. Gulamyň ogluna Şan diýip at dakýarlar, onuň şöhratly diýen manysy bar. Türkmenler köplenç bu pars sözüniň yzyna “şöhrat” sinonimini tirkäp, “şan-şöhrat” görnüşde ulanýarlar. Şandan Mülkaman bolýar. Mülkaman watançylyk urşuna gatnaşýar, ýaraly bolup gelýär. Ony kolhozyň pagtaçylyk brigadasyna brigadir belleýärler. At-abraý alýar, döwletden orden-medal sylag alýar. Şöhratam ýokary, alýan hakam ýokary, Emma onuň atasynyň Durdymyrat baýyň guly bolandygyny unudanoklar. Öýlenmekçi bolanda “ig-gul” meselesi öňde keserip durýar. Damaryndan akýan ganyň Durdymyrat baýyň arassa diýilýän ganyndan gatanç alandygyny-da hasaba alanoklar. Onuň ganynyň kemsiz arassalanmagy üçin Gulam bilen Täzegülüň nesilleri ýedi arka öwrüm etmeli diýýärler. Mülkamana goňşy etrapdan owadan gyz alyp berdiler. Ol il arasynda tanalýan Durduly guluň gyzydy. Durduly gul köp ýyl bäri oba şurasyna başlykdy. Gör, adat-düzgüniň ýeserligini! Ol sowet hökümetiniň deňlik syýasatyna-da per bermejek bolýar! Ideologiýa tarapdan ýepbeklenýän köne baý-feodal gatnaşyklaryň ýitip gitmegi üçin wagt gerek ekeni. Mülkamanyň alty ogly boldy. Olary öýlendirmek üçin gul maşgalasyny gözläp ýörmäge zerurlyk galmandy. Häzir onuň ogullary ogullaryny öýli-işikli edip ýörler. Olaryň bu günki nesilleri dört arka aňyrdaky Gulam aganyň taryhyny oňly bilýändirler hem öýdemok. Şony bilmegiň geregi bir barmyka diýersiňiz. Belki, şeýledir, ýöne meseläniň ýene bir tarapy bar. Döwürler öwrülse-de, gulçulyk ýitip gidenok. Bu gün gulçulygyň nähili hörpde, nähili dona dolanyp dowam edýändigine hakykatdan hem göz ýetirmek isleýän bolsak, onuň taryhy köklerini yzarlamak üçin bilmeli. 4. Türkmenlerde “gul” sözi bilen utgaşdyrylyp dakylýan atlar meni oýlanmalara, jedelli görnäýjek pikirlere-de iterýär. Şol kysmy atlary ýerli-ýerinde goýup, bir ülňä salyp otyrkam: beh, türkmenlerde gul bolmaga isleg, ymtylyş bolan ýaly-la? diýýärin. Elbetde, gul sözüne hyzmatkär, onda-da ähli tarapdan wepaly hyzmatkär bolmak manysynyň berlendigini inkär edemok, eýsem-de bolsa, degişliligiň, baglylygyň ýaýrawynyň juda giňdigi ýokarky sowalyň döremegine sebäp bolýar. Olaryň anyk mysaly: 1. Hudaýa gul bolmagy aňladýan atlardan: Hudaýguly, Taňryguly, Allaguly, Kadyrguly, Jepbarguly... 2. Pygambere gul bolmak: Muhammetguly, Pygamberguly... 3. Öwlatlara gul bolmak: Hojaguly, Seýitguly, Magtymguly, Işanguly, Ataguly... 4. Pirlere, öwlüýälere gul bolmak: Pirguly, Ýahýaguly, Öwlüýäguly, Hydyrguly... 5. Hökümdarlara gul bolmak: Şaguly, Patyşaguly, Hanguly, Emirguly, Mälikguly... Hatda hökümdaryň diwanyna-da gul bolmak islegi bar: Diwanguly. 6. Aý atlaryna gul bolmak: Orazguly, Rejepguly, Meretguly, Saparguly, Aşyrguly... 7. Garyndaşlyga, birek-birege wepaly, rakyp bolmak islegi-de “gul” sözüni goşmak bilen aňladylypdyr: Babaguly, Ataguly, Berdiguli, Myratguly... Eger şu ýörelgä eýerilip aýdyljak bolsa, soňky döwürde mukaddes diýlen Ruhnamada türkmenleriň asyl köki diýlip mahabatlandyrylan Nuh pygambere-de, Oguz hana-da gul bolmak islegi halkda bolaýjak ýaly, emma biz muňa gabat gelmeýäris. Nuhguly, Oguzguly diýen ýaly atlar öň hem bolmandyr, häzir hem ýok. Ýa-da bolmasa, seljuklar, olaryň soltanlary häzirki türkmenleriň taryhy aňynda, Ruhnamada aýdylyşy ýaly, öçmejek yz galdyran bolsadylar, onda Soltanguly, Seljukguly, Togrulguly, Çagryguly, Arslanguly, Sanjarguly diýen atlara gabat gelerdik ahyry! Şular ýaly atlara taryhy ýazgylarda-da gabat gelmedim, häzir il arasynda-da ýok. Şuňa meňzeş faktlar Nyýazowyň emri bilen ýazylan taryhda türkmenleriň şöhrata beslenen geçmişini emele getirýär diýlen hökümdarlaryň şu günki türkmenleriň taryhy hakydasynda orun almandyklaryna güwä geçýän bolmasyn? Eger gul wepalylygyny aňlatmaga öňki ýörelge sowet häkimiýeti döwründe-de dowam etdirilen bolsady, onda Şuraguly, Leninguly, Stalinguly, Bolşewikguly diýen atlar dakylardy. Otuzynjy ýyllarda biziň obamyzda Bolşewik atly adam ýaşapdyr, soňra bolşewikler onuň emeldar agasynam, özünem ýitirim edipdirler. Sowet atly tanşym bar. Marlen (Marks-Lenin) atly adamlary tanaýardym. Emma olar “gul” sözi bilen aňladylmaýardy. Sowet häkimiýeti gulçulyga garşy göreşi şygar derejesine götereni üçin atlaryň “gul” sözi bilen sepleşdirilmegine ýol berip biljek däldi. Eýse, bu ýagdaý sowetler döwründe gulçulygyň ýok bolandygyny aňladýarmy? Ýok! Gulçulyk başga hili terzde dowam etdirilipdi. Bu hakda biraz soň aýdarys. 5. Türkmenlere tanyş bolan gulçulygyň sakasynda alamançylyk dur. Türkmen klassyk poeziýasynda: Alaman öňüni serdary başlar, Goç ýigitler naýza urar, gylyçlar – diýen setirler bar. Bu sözlerden many alynsa, alamançylyk garakçylyk, galtamançylyk däl-de, baryp ýatan gahrymançylyk. Men alamana diňe duşmana gaýtawul bermek, ýesirleri boşatmak üçin gidilipdir diýip biljek däl. Talaňçylyk, mal, gul-gyrnak üçin giden dyzmaçlar az bolmandyr. Eger şol dyzmaçlar il arasyndan goldaw tapan bolsalar, munuň özüne ýeterlik sebäbi bolmaly. Zorluk zorlugy döredýär. Asyrlar dowamynda Garagumda tire-taýpa pytyraňňylygynda ýaşan türkmeni berk gabawda göz öňüne getiriň. Töwerekdäki döwletler onuň erkinligini syndyrmaga, gula öwürmäge tagalla baryny edipdirler. Obalaryna talaň salnyp, ilatyň gul edilip sürlen halatlary az bolmandy. Daşynyň gabawdalygyny duýan halatynda haýwanam ýöne duranok, gabawy böwüsjek bolýar, başarsa gaçjak, depjek-gapjak. Alamançylyk türkmenleriň başyna atylan mejburylyk diýilse, ýalňyş bolmaz. Sowet mekdeplerinde Türkmenistanyň taryhy dogruçyl, göwnejaý okadylan bolsady, men alaman diýen hadysanyň manysyna ir düşünerdim. Alaman hakynda türkmenleriň özlerinden galan anyk taryhy ýazga duş gelmedim. Ýazuw edebiýatyna imrikmedik türkmenlerden beýle bir ýazga garaşmak bolmajak zat. Soň türkmenler hakynda keseden gelenlerden galan ýazgylary okadym. Olaryň bu halka garakçy, galtaman diýenleri az bolmandyr. Hatda türkmenleri “taryhyň gara tegmili” atlandyranlar-da bar. Olaryň halkyň ýagdaýyny seljermän, olaryň durmuşyna juda birtaraply çemeleşendiklerini bu ýerde subut etjek bolup oturmaýyn, ol indi äşgär edilen zat. Alamançylyk uruş hem däl, seýrek ýüz beren waka-da däl, ol belli bir döwürde türkmenleriň ýaşaýyş şertinden dörän alada. Kyn iş diýseň-de bolman durmaz. 1860-njy ýylda Eýran şasy Nasreddiniň buýrugy birle, Horasanyň hany Hemze mürzäniň goşuny Maryda ýaňy mekan tutunan tekeleriň üstüne ýöriş edýär. Uruş tekeleriň ýeňşi bilen gutarýar. Eýran goşuny bilen Mara baran fransuz ofiseri Gulibef de Blokwil 14 aý tekeleriň arasynda ýesirlikde bolýar. “Eşiden deň bolmaz gören göz bilen” diýilişi ýaly, Pereňli ýesiriň, onda-da Günbataryň bilimli adamynyň, has beteri-de, sebitdäki halklaryň özara duşmançylygyndan ýokarda duran adamyň şaýatlygy onuň dogruçyllygyna ynamy artdyrýar. “Men tekeleriňkide ýaşan wagtym olaryň arasynda urşa, alamançylyga gidilende serkerdelik edip, il içinde uly abraýa eýe bolan iki sany serdar bardy: olaryň biriniň ady Mämmet şyh, beýlekisine-de Aman Seýit diýerdiler. Tekeleriň alamana gitmek üçin görýän taýynlyklaryny şeýleräk suratlandyrsa bolar. Serdar bellenen gün goşdan çykyp, alamana ugraljak ýere bir gün öňünden baryp garaşjakdygyny jar çekdirýär. Onsoň şol gün bellenen ýere serdaryň at-owazasyna göräräk adam ýygnanýar. Alamanbaşy nökerlerini yzyna tirkäp ýola düşýär. Serdaryň etsem-petsemini, hatda onuň haýsy ugra, haýsy ýurda gitjekdigini nökerleriň biri-de bilmeýär. Ol zerur hasap eden ýagdaýynda öz planyny gapdalyndakylara aýdýar, olar hem kerwen talamak bolsun, ýa-da bir oba çozmak, ýa-da mal sürüp gaýtmak bolsun, taýyndyklaryny görkezýärler. Şular ýaly alamançylyga gidilende türkmenler ellerine ilen zady sürüp, ýa-da alyp gaýdýarlar, garşylyk görkezeni öldürip, alyp gaýdyp bolmajak zatlary döwüp-ençýärler” diýip ýazýar. Soňra Mämmet şyh hakynda şeýle setirleri okaýarys: “Mämmet şyh diýen serdar altmyşy arka atan, kyrk ýaşyndan bäri alamana serdarlyk edip, özüniň paýhaslylygy we edeni ugruna bolýandygy bilen tapawutlanýardy. Şu häsiýetleri üçin Mämmet şyhy ähli türkmen sylaýardy, ony diňe bir edermen, batyr serdar hasaplaman, hakyky gahryman edip görkezýärdiler”. Alamanyň soňy hemişe diýen ýaly pajyga bilen gutarypdyr, Mämmet şyh hem nökerleri bilen eýranlylaryň güllesinden ölýär, olaryň kellesini kesip, derilerine saman dykýarlar, ile göz edip asyp goýýarlar. Türkmenler ýazmadyk hem bolsalar, alamany çeper eseriň temasyna öwren ýazyjylar bar. Mysal hökmünde täjik sowet ýazyjysy Sadreddin Aýnynyň “Gullar” romanyny, rus ýazyjysy Andreý Platonowyň “Takyr” hekaýasyny getirip biljek. Sadreddin Aýny “Gullar” romanyny XX asyryň otuzynjy ýyllarynyň birinji ýarymynda ýazypdy. Bolşewikler, olaryň berkarar eden sowet häkimligi asyrlaryň dowamynda gulçulyk zulmunyň garaňkylygynda ýaşap gelen gündogar halklary azatlyga çykardy diýen syýasy şygaryň esasynda ýazlan bu kitabyň birinji bölüminde türkmenleriň Hyrat sebitlerine eden alamançylygy suratlandyrylýar. Ony okan adamyň, eger ol türkmenleriň hakyky ýaşaýyşyndan bihabar bolsa, şeýle bir netijä geläýmegi ähtimal: ä-hä, XIX asyrda türkmenleriň işi-pişesi gul satmak bolan ekeni. Alamana ýörişiň iňňän taýýarlykly guralmagy, berk kada-düzgüni, iň ýamany-da, alamançylaryň rehimsizligi, olara berilýän ýörite tälimiň harby düzgüniň derejesine ýetirilmegi, bu hadysanyň tötänleýin, ýa-da haýsydyr bir ar almak çäresinden has giň, has düýpli bolandygyny äşgär edýär diýer. Hamala, Orta Aziýanyň gul bazarlaryny janly haryt bilen üpjün etmek diňe türkmenleriň paýyna düşen ýaly. Elbetde, geçmişe synpy nukdaýnazardan garamagy ýeke-täk ýörelge edinen sowet ýazyjysyndan bu birtaraplylygy geň görüp oturmaly däl. Her neneňsi bolanda-da türkmenleriň alamana gidip, gul-gyrnak getirendigini inkär edip bolmaz. Gul zähmetinden, gul söwdasyndan eklenç gözlän türkmenleriň ony iňňän inçelik bilen amal edendiklerini okanymda men henize-bu güne çenli eşitmedik faktlarymyň üstünden bardym. Olaryň ildeşlerime ozaldan aýan bolmagy-da ähtimaldyr, emma ideologiýa türkmen taryhçylaryna-da alaman hakynda dogruçyl bir iş ýazmaga rugsat bermändi. Alamançylaryň arasynda olja paýlaşylanda gul-gyrnagy diňe bir bazara çykarmak oňlanmandyr. Bir bada köp gul eltilse, olaryň bahasynyň aşak düşjegini bilýärler. Ýene bir düzgün: üleşikde är-aýal ýa-da erkek-gyz dogan bir adama düşmeli däl. Är aýaly bilen bile satylan halatynda ärine baha tölärler, aýalyny urna hökmünde sähelçe pula aljak bolarlar. Gyrnagy çagasy bilen satyn almak amatsyz görülýär. Gyrnagyň ünsi çagasynda bolar, gul eýesiniň hojalygynda doly güýjünde işlemäge päsgel berer. Gyrnagy satyn alýan adam bu ýagdaýy gowy bilýär. Şonuň üçin hem äri aýalyndan, aýaly çagasyndan, dogany dogandan aýra satmaly. Biri Hywadan, beýlekisi Buharadan, ýene biri Garşydan çyksyn. 6. Gul söwdasynda din tarapdan nähili problema, kynçylyk döräp biler? Türkmenler yslamyň sünni mezhebine degişli. Sünniniň sünnini gul edip satmaga haky ýok. Munuň üssesine-de Buhara bilen Owganystanyň arasynda şertnama bar. Bu döwletleriň ikisi-de sünnileriňki. Hyrat tarapyna alamana gidip, gul-gyrnak getirýän türkmenlere çykalga ýok ýaly, emma Aýnynyň romanynda onuň çykalgasy inçelik bilen suratlandyrylýar. Türkmenler sünni gullary bazara çykarmazdan öň olara pürsiýan atlaryny dakypdyrlar, pars dilini ýüzleýräk öwredipdirler. Parslar şaýy mezhebine degişli, olary gul bazaryna çykar-da satyber, hiç hili gadaganlyk ýok. Mundan başga-da türkmenleriň öz däplerini, bähbitlerini yslamyň ýörelgesinden hem ýokary tutandyklaryny belli syýahatçy alym Arminiý Wamberi-de ýazypdyr. Olaryň Eýrana edýän çapawulçylygynyň sebäbini parslaryň şaýy mezhebine eýerýändikleri bilen düşündirýänleriň gödek ýalňyşýandyklaryny aýdýar. Eger Eýranyň ýerinde sünni türkleriň döwleti bolan bolsady, türkmenler çapawulçylykdan ýüz öwürmezdiler diýýär. Öz pikiriniň dogrudygyny türkmenleriň Owganystan, Hywa, Buhara ýaly sünnüleriň ýaşaýan ýurtlaryna häli-şindi edýän çozuşlary bilen düşündirýär. Soňra Orta Azyýadaky gullaryň uly böleginiň sünni mezhebine degişli musulmanlardygyny subutnama hökmünde getirýär. Elbetde, Buharada ýaşan, soňra “Buhara” atly uly kitaby ýazan täjik Sadreddin Aýny bu ýagdaýlary gözi bilen görüpdi. “Gullar” romanynda suratlandyrylýan wakalara toslama diýip bolmaz. XIX asyryň otuzynjy ýyllarynda Buhara syýahat eden Aleksandr Bornsyň gul bazarynda Suwhanberdi atly türkmen bilen eden gürrüňi has-da mojuk. Borns ondan: “Eger seniň ýesirleriň arasyna mukaddes pygamberiň kowumy seýitlerden biri düşen bolsa, sen ony gul edip satmaga milt etmezdiň-ä?” diýip soraýar. Suwhanberdi gypynç etmän: “O näme üçin! Gurhany kerimi bazarda satyp otyrkalar, näme üçin men seýitleri satmaly däl?!” diýýär. Aleksandr Bornsdan otuz ýyl soň Buhara baran Wamberi-de gul bazarynda söwdagär türkmen bilen eden gürrüňini getirýär: “Sen: her bir musulman azatdyr diýip, pygamberiň aýdan sözünden soň öz sünni doganyňy gul edip bazara çykarmaga nädip het edip bildiň?” diýýär. Türkmen haýran galaýmaly biperwaýlyk bilen jogap berýär: “He-eý, hudaýyň sözi keramatly Gurhan, elbetde. adamdan has gymmat, gör-ä, şonam, hol-ha, gyran pula alyp-satyşyp ýörler. Mundan soň siz näme aýdyp, näme diýersiňiz! Ýene aýtmaly zat bar: Ýakubyň ogly Ýusubam pygamberdi, şony-da satdylar, satylany üçin ol, eýse, erbet boldumy?!” Aýry mahalda, aýry-aýry ýurtdan Buhara baran syýahatçylaryň ýazgylaryndaky jogaplaryň meňzeşdigine üns beriň. Muňa näme diýersiň? Ýa-da ony inkär edip oturybermelimi? Elbetde, bu has aňsat ýol, ýöne ygtybarly däl. Türkmen sowet taryhçysy, türkmeniň tire-taýpa bölünişigini, olaryň aýratynlygyny öwrenmekde köp material toplan Ata Jykyýewiň “Orta asyrlarda türkmen halkynyň döreýişinden hem kemala gelişinden oçerkler” ady bilen 1991-nji ýylda Aşgabatda rus dilinde neşir edilen kitabyna gaýtadan seredip otyryn. Ol alamançylygyň peýdaly taraplary-da bolupdyr diýýär. Gowusy, awtoryň tekstine ýüzleneliň: “Geň-taň görülse-de, türkmenleriň Eýranyň ilaty bilen ysnyşmagynda bu garakçylyk niýeti bilen edilen çapawulçylyklar položitel, oňyn rol oýnapdyr. Alamana giden türkmenler Eýrandan diňe mal däl, ilatyň hem bir bölegini sürüp gaýdypdyrlar. Şol adamlaryň köp bölegi türkmen obalarynda galdyrylypdyr. Olar suw desgalaryny bejermek, käriz gazmak, ekine, mala seretmek ýaly işlerde ulanylypdyr” diýip ýazýar. Şu ýerde taryhça sowal bermekçi bolýaryn, Şol gula öwrülen bendileriň arasynda özüň bolaýan bolsaň näme diýerdiň? Ýa-da öz gezeginde türkmenleri ýesir edip sürüp giden eýranlylaryň etmişinde nähili oňynlyk görýärsiň? Zorlukdan peýda, oňynlyk gözlemek hebesdir. Elbetde, gul zähmetiniň gul eýelerine peýdaly bolandygy gadymy dünýä taryhyndan belli. Müsür piramidalary, Gresiýanyň, Rimiň dünýäni haýran eden ymaratlary esasan gullaryň jepaly zähmeti bilen bina edilmedimi näme! Telim ýurdy basyp alan imperiýalar olaryň ilatyny gula öwrüp, metropoliýa sürüpdiler. Millionlarça guluň mugt zähmetinden doýup, kaşaň köşklerde keýpi-sapadan başy aýlanan gul eýeleriniň biperwaýlygy Rim imperiýasynyň çagşamagyna getiripdi. Bu taryhyň beýik sapagy. Şol sapagy äsgermediler diýip, türkmenleri günärtlemek, elbetde, gülkünç bolardy. Alamana baş urmaly bolan pytyraňňy türkmeniň özbaşdak döwleti-de, taryhyň sapagy bilen tanşyp, ondan baş çykarar ýaly ylmy-bilimi-de bolmandy. Dünýäniň birgiden ýurdunda bergisini wagtynda üzüp bilmedik adamyň algylynyň guluna öwrülen pursatlary-da bolupdyr. Bu-da türkmenleriň arasynda bolup bilmejek ýagdaýdy. Türkmenler tire-taýpa özbaşdaklygynda ýaşapdylar. Başga bir tirä, taýpa bergili bolmak, bolaýan ýagdaýynda-da onuň gul derejesine düşmegine bergiliniň dogan-garyndaşlary, tiredeşleri asla ylalaşyp biljek däldiler. Muny öz tireleri üçin aýylganç masgaralyk, kemsitme diýip biljekdiler. XIX asyryň aýagynda türkmenler rus imperiýasynyň garamagyna geçdiler. Owganystan, Eýran bilen serhet goralyp başlandy. Alamançylyk gadagan edildi. Hywa hanlygy, Buhara emirligi-de rus patyşasynyň emrine tabyn bolupdy. Gul bazarlary ýapyldy. Türkmenleriň arasynda galdyrylan gul-gyrnaklar özbaşdak koloniýa döredip biljek däldiler, ýerli ilat bilen eýýäm olaryň gany garyşypdy. Azat bolan gullar gyrnaklara öýlenip, olaryň kowmundan “gullar” ady berlen maýda tireler döräpdi. Özlerini arassa ganly ig hasaplaýanlaryň hem gyrnakdan çagasy bolýardy, ol çagalar eýýäm arassa gul däldiler, olara “süňňi ýarym” diýerdiler. Gullaryň tiresinden-de arassa gul tapmak kyndy, ganlar garyşýardy. Soňra ak patyşanyň imperiýasy bolşewikleriň eline geçdi. Olar baý synpa, gul eýelerine barlyşyksyz uruş yglan etdiler. Sowet hökümeti gullaryň, garyplaryň, ýoksullaryň häkimligidir diýdiler. Ýurduň ähli baýlygy, ýer-suwy zähmetkeşiň eline geçýär diýip jar edildi. Täze ideologiýa görä, gul bilen igiň arasynda çigit ýaly-da parh bolmaly däldi. Elbetde, adamyň aň-düşünjesi, däp-dessury syýasy gurluşa garanyňda haýal özgerýär. Tire-taýpa düzgüni, düşünjesi adamlaryň psiologiýasyndaky özgerişlere aýakbagy bolýar. Kowmunyň gatançsyz igdigine buýsanýanlara indi gul çagalarynyň hökümet wezipelerini eýeleýändiklerini görmek, ylalaşmak aňsat düşmändi. Şonuň sebäbine-de olar mümkin bolan halatynda öz artykmaçlyklaryny ýatladýardylar. Nurly çopanyň gyzyny Togta guluň buhgalter ogluna bermändiginiň düýp sebäbini şu ýerden gözlemelidi. Ýetmişinji ýyllarda türkmenleriň arasynda, hatda gul-ig tapawudyna has köp üns berlen tekeleriň arasynda-da parhlandyrma ýitdi diýse bolar. Bu gün gudaçylyga barýanlardan sen gulmy, igmi diýip soraýan ýok. Eýse, bu alamat gulçulygyň tutuş ýitip gidendigini aňladýarmy? 7. Gullar gul zähmetini döredipdirler, onuň tersine, gul zähmeti gullary döredip bilermi? Türkmenlerde gul eýeleri diýen gatlak döremändi. Patriarhal düzgünde, tire-taýpa pytyraňňylygynda ýaşan çarwalaryň onlarça, ýüzlerçe guly saklamaga ýeri-de, güýji-de ýokdy. Ekin ekip, oturymly ýaşaýyşa geçen türkmen illeriniň alamançylyga meýli bolmandyr. Olar neneňsi kyn hem bolsa, goňşy ýurtlar bilen oňşup, dil tapyp ýaşanlaryny kem görmändirler, asudalygyň hatyrasyna hanlara, emirlere salgyt töläpdirler. Entek ymykly oturymly ýer tutmadyk teke, ýomut çarwalary alamançylygy dowam etdiripdirler. Ýesir alnanlaryň bir bölegini Hywanyň, Buharanyň gul bazarlarynda satsalar, galanyny hojalykda işçi güýji hökmünde ulanypdyrlar. Gullary maşgala hyzmatynda ulanmak gadymy Gresiýada-da, Rimde-de ýörgünli bolupdyr. Gul zähmetiniň bu görnüşiniň magdan gazmak, ägirt uly ymaratlary bina etmek işlerindäki ýüz beren rehimsizlik bilen deňeşdireniňde has ýumşak bolandygyny Karl Kautskiý “Hristiançylygyň döremegi” atly kitabynda belläp geçýär. Maşgala hyzmatyndaky gul-gyrnak hemişe öý eýelerine golaý, wagt geçdigiçe olar öwrenişýärler, ysnyşýarlar. Gul eýesi başdaky ýowuzlygyny unudyp başlaýar, guluň ykbalynyň özüne doly baglydygyny, ony satmaga, öldürmäge-de haklydygyny bilip duran-da bolsa, maşgala asudalygynda pikir öwrende gul-gyrnaga-da hudaýyň bendesi hökmünde garamalydygyny, rehimsizligiň üçin ahyretde jogap soraljakdygyny ýada salýar. Gyrnagyny aýal edip alýan mahaly-da bolýar. Guluny gyrnagyna öýlendirýär. Sadreddin Aýnynyň “Gullar” romanynda Buharada ýaşaýan özbek baýy Abdyrahman şeýle diýýär: “Şerigatyň rehimine görä, meniň öýümdäki gul bilen gyrnakdan çaga ösňäp biler. Men ýaşy kyrkdan geçen gullary gartaşan gyrnaklara öýlendiresim gelýär... Eger 25 jübütiň başyny çatsam, hudaý berse, on ýyldan olardan dogjak gul-gyrnagyň sany ýüz ellä ýeter. Meniň hojalygyma uly baýlyk bolar... Ýaş mahaly guluň tüýs işlejek wagty. Eger men ony ýaş ýigitkä öýlendirsem, küýi aýalynda bolar, ýarpy güýjüni aýalyna sarp eder”. Beýle rasionallyk, bähbit türkmen baýlaryna-da mahsus, ýöne çarwalarda Buharanyň döredýän mümkinçiligi ýok. Eýsem-de bolsa, türkmen guluny urjak bolanda, öňürti ony naharlaýar, onuň ysgynsyzlykdan ölmeginden gorkýar diýip, bir ýazgyda okanym ýadymda. Sowet hökümeti gul zähmetini gadagan etdi. Baýlar synp hökmünde ýok edilmeli diýdi. Türkmenler synpyň nämedigine düşünmediler, ýönekeý dilde düşündirdiler: garyplar garyp gatlaga, baýlar baý gatlaga degişlidir, baýlar garyplary ezip, horlap geldiler, sowet häkimiýeti eziji baýlaryň ganym duşmany, ezilen garyplaryň söwer dosty diýildi. Garyplar muňa hä diýmediler, geňirgendiler. Täze hökümetiň ganym duşman diýeni her tiräniň atly-abraýly adamy bolup çykaýdy-la? Äý, ýok, bu ýerde başga bir düşünmesi kyn mesele bolmaly. Ýene aňsatja düşündirdiler: mundan bu ýana baýlyk at-abraýyň ölçegi bolup bilmez, garyplyga buýsanmagyň döwri geldi! Garyp bolanyň üçin saňa ýer beriljek, suw beriljek! Baýlaryň ýerini al-da ekiber, malyny al-da bakyber! Tire arasyndaky garyndaşlyk, raýdaşlyk garyby ýaýdandyrdy. Baýyň gözüniň alnynda onuň emlägine el urup biljek däldiler, artyp zat nesip etmez diýip oýlandylar. Ä-hä, baýy görüp durka garyp töwekgellige gidip biljek däl, baýlary çaltrak ýitirim etmeli diýen karara gelindi. Karary ýerine ýetirdiler, Emlägini, mertebesini gorap, ýaraga ýapyşan baýlar ýok edildi, serhetden aňry kowuldy, ümsümje oturyp, rehime garaşlaryny bolsa, Russiýanyň uzak ülkelerinden çykardylar. Gözi gorkan halk ak patyşany agdaran bolşewigiň güýjüni saklajak ýok diýen akyla geldi. Bolşewikler baýlyk bilen deňligi gazanyp bolmaýar, deňligiň ygtybarly nyşany garyplykdyr diýdiler. Olaryň bu ölçegini inkär etjekler ýene tapyldy. Olar ýekebara hojalyklardy. Ýekebaralar baýamagyň arzuwynda, olardan ýigrenji baýlaryň gaýtadan döräýmegi ähtimaldy. Ýene bir howp bar: garyplar ýer-suw alsalar, der döküp işleseler, olaryň hem barly adamlar bolaýmaklary ähtimaldy, Hususy eýeçiligiň gara nebisi oýandyrýany aýdyň zat, soňra olary agyzdyryklamak aňsat düşmez. Garybyň agzy süýjemänkä munuň alajyny tapmaly. Bu çärede bolşewigiň başarnygyna haýran galaýmalydy. Ýeser böwet tapyldy. Onuň adyna “kolhoz” diýdiler. “Kollektiwnoe hozýaýstwo”, türkmençe “köpçülik hojalygy” diýen manydan adygan kolhozda emläk, ýer-suw, iş guraly, girdeji ortalyk bolmalydy. Bolşewikler kolhozyň süňňüne antik zamanynda gullaryň zähmetini guramakdaky häsiýetli alamatlary-da siňdirdiler. Olar döwletiň berk kontrollygynda bolsalar-da, käbir özbaşdaklykdan peýdalanyp bilýärdiler. Kolhozçy daýhany ykdysady taýdan höweslendirmek, plandan daşary önüme az hem bolsa, goşmaça hak bermek... ýöne kolhozyň öndürýän önümine diňe kolhoz baha kesýärdi. Näme öndürmeli, näçe öndürmeli, önümi kime satmaly – bu meselelerde-de döwletiň berk görkezmesine eýermelidi. Has gönümel aýtsaň, kolhozyň eýesi döwletdi. Gadym zamanyň ülňüsi bilen aýtmaly bolsa, gul eýesidi. Näme sebäbe sen “gul” sözüni dile getirdiň, eýse, sen kolhozçylary gul hasabyna goşýarmyň? diýip, gatyrganjaklar hem tapylsa gerek. Men olara biraz köşeşiň diýjek. Bu meseläniň gürrüňi öňde. Häzirlikçe başga bir ýagdaýa ünsi çekeýin. Hawa, kolhozyň emlägi ortalyk bolmaly diýildi. Şol mahal aýallar hem ortalak bolmaly diýen myş-myşlar ýaýradylýardy. Muny eşiden garyp il heýjana geldi. Aýal-gyz olar üçin namys ölçegidi, garyba maşgaladan gaýry mukaddes gymmatlyk galmandy. Namys imandan hem ileri tutulýardy. Hudaýy inkär edýän bolşewik hökümeti, hernä, garybyň ar-namysyna tokunmady, ýaramaz myş-myşlary paş etmegiň uguryna çykdy, günä baýlaryň, baý guýruklarynyň, mollalaryň üstüne ýüklendi. Maşgalanyň mukaddesligi kanun üsti bilen tekrarlandy. Kolhoz ähli ýerde guruldy. Ýekebara hojalyklaryň soňuna çykyldy. Indi gatyrganjaklaryň sowaly bilen bagly gürrüňe geçeýin. 8. Men kolhozy taryhy ýazgylary, dokumentleri okap öwrenmeli däl, Urşuň öň ýanynda kolhozçy maşgalasynda dünýä indim. Ýedi ýaşymdan kolhozyň pagta meýdanynda işläp başladym. Ömrümiň 70 ýylynyň depesinden geçilen döwri seljerip görýärin, Gullaryň, gul psihologiýaly adamlaryň döremegi üçin gul zähmeti zerur ekeni. Bolşewikleriň gurnan kolhozyna gul zähmetiniň guraly diýjek. Bu akyla men giç, juda giç ýetdim. Biz, sowet ideologiýasyna tabyn döredijilik işgärleri, kolhozy wasp edýärdik. Her kimiň dogduk obasy, maşgalasy kolhoz bilen bile biten göwredi. Begenjimiz, gynanjymyz, doklugymyz, açlygymyz kolhoz bilendi. Şäherleriň kolhoz däldigine geň galardyk, ol ýerde adamlar nähili ýaşaýarkalar diýerdik. SSSR-den başga ýerde döwlet bardygy-da bize geňdi. Ol döwletlerde kapitalizm, baýlaryň zorlugy hökümini ýöredýär, sada zähmetkeş halk kapitalizmiň gulçulygynda ýaşaýar, jebir çekýär diýerdiler. Ynanardyk. Biziň ynanyşymyz hem geňdi. Biz ynanýan zadymyzyň nämedigini göz öňüne getirip bilmezdik. Kapitalizmdäki gullar azat bolsalar, biz ýaly olar hem kolhozda ýaşarlar diýerdik. Gözýetimimiz kolhozyň çäginden daş çykmazdy. Asyrlara çeken pytraňňylyk, tutda-baslyk türkmen halkyna ýok bolup gitmek howpuny salypdy. Goňşy ýurtlar bilen garpyşyk, çapawulçylyklar rus patyşasynyň ýurdy eýelemegi bilen galypdy. Iliň baýyna, mollasyna zorluk eden bolmandy. Rus patyşasyna “ak patyşa” diýerdiler. Bu meňzetmede adyllyk manysy bardy. Halys asuda ýaşaýyşa suwsan türkmeniň patyşany howandar tutunjagyna ynanmak kyn däldi. Soňra ýurdy bolşewik aldy, onuň ýagysy baý-molla boldy. Bolşewigiň gazabyndan, hudaý jan, özüň daş edeweri diýdiler. Baýlaryň tepbedi okalanda ejiz türkmen: äý, maňlaýa ýazylanydyr-da diýdi. Garyplygyna buýsanyp orta çykanam özüni aklamaga delil tapdy: “Dok çaýkanman aç doýmaz” diýdi. Eger ata-babalardan şeýle akylly söz galan bolsa, diýmek, bu ýagdaýlar bola-bola gelýändir. Indi olary kolhoz doýurmalydy. Bu närse türkmeniň gören düzgüni däldi. Bir oba, bir iş, bir bokurdak, bir başlyk. “Kolhoz zady kimiňki, kim işlese şonuňky” diýip, täzeje sowet nakylyny tapdylar. “Işlemedik – dişlemez” diýen köne nakyly-da dolanşyga girizdiler. Ýer-suw daýhanyňky diýilýärdi, kolhozyňky diýilmedi, sebäbi syýasy kanuna görä, kolhozyň eýesi-de daýhanlardy. Hakykatda welin, ýer döwletiňkidi. Kolhozlara, daýhan hojalyklaryna döwlet ýer salgydyny salýardy. Kolhozçynyň hojalygyna öý diker ýaly sähelçe mellek ýer bölünip berildi, bäşdir-üçdür mal saklamaga, odur-budur ekmäge hakyň bar diýdiler, ýöne malyna-da, bagyna-da salgyt tölemelidi. Salgyt ýygnaýanlar kolhozyň emeldarlary däldi, olar döwlet edaralaryndan gelýärdiler. Ýer-suw, kolhoz daýhanyňky bolýan bolsa, biz näme üçin döwlete salgyt tölemeli? diýip, iki-ýeke dyzmaç-da tapylýardy. Olar bilen ýörite edaralarda düşündiriş geçirýärdiler. Ähli emlägiň işçi-daýhan döwletine degişlidigine mazaly düşünmäge mejbur bolanlaryndan soň düşnüksiz sowal gutarardy. Kolhozçy daýhana-da düşündirdiler: mellegiňe göz dikme, kolhoza göz dik, mellegiňe suwy köp sarp etmeli ekin ekme, suw kolhozyň pagta meýdany üçin gerek. Mellegiňde artykmaç hasyl öndürip, bazara çykaryp, goşmaça gazanç etmek kolhozça gelişjek pişe däldir, ol kolhoz işinden seniň ünsüňi sowar, bazara gerek önümi kolhoz öndürer diýdiler. Kolhozlar-da öndüren önümlerini göni bazara çykaryp bilmeýärdiler, berlen plana görä döwlete tabşyrýardylar. Döwlet kolhozdan bäş köpüge alan harydyny bazarda on bäş köpükden satýardy. Satuw bahasyna goşulyşmaga kolhozlara hukuk berilmeýärdi. Türkmen kaýyldy. Belli bir derejede ol görmedigini gördi! Sowet hökümeti ilaty uçdantutma sowatly etmegiň aladasyny edýär. Aladanyň çynlakaýdygyna likbezler açylanda düşündiler. Soňra kolhoz obalarynyň ortasyndan ak mekdepler salyndy. Başlangyç dört ýyllyk bilim almadyk adam galmaly däl diýildi. Soňra ýediýyllyk bilim hökmany boldy. Men 1952-nji ýylda obamyzdaky ýediýyllyk mekdebi gutardym. Onýyllyk mekdepde orta bilim alasym gelýärdi, soňra ýokary okuw jaýynda okamak arzuwyndadym. Şol mahal biziň Mary raýonymyzda orta mekdebiň ýekesi-de ýokdy. Diňe Mary şäherinde türkmen dilinde iki orta mekdep bardy, olaryň birinde oglanlar, beýlekisinde gyzlar okadylýardy. Men şähere gitmelidim, gitmek diňe meniň islegime bagly zat däldi. Meseläni kolhozyň başlygy çözýärdi. Başlykdan rugsat hat bolmasa, baran ýeriňde seniň ýüzüňe-de seredilmezdi. Başlyk obanyň hojaýynydy, hanydy diýseň hem bolman durmaz. Ähli gymyldy onuň emrine bagly. Kolhozçy bende ogul-gyz toýuny tutjak bolsa-da, sadaka-hudaýýoly berjek bolsa-da başlykdan rugsat almalydy. Gowaça ekişiniň, bejerginiň, pagta ýygymynyň gyzgalaňly wagtynda başlyk ýygnanyşyga rugsat bermez. “Sen adamlary işden goýjak bolýarmyň?” diýip, heňkirip ugrar, it ýaly kowup goýberer, dadyňa ýetişjek ýokdur. Meniň klasdaşlarymdan başlygyň rugsadyny almaga baranlaryň sany ona ýetýärdi. Obamyzyň uludygyny göz öňünde tutsaň bu san ujypsyz. Başlyk ilki hemmämizi kowup goýberdi. “Siz okuwa diýip gitseňiz, bu kolhozyň işini kim etmeli?” diýip gygyrdy. Ýeri, nähili alaç etmeli? Başlykdan birugsat biz nirä gideli! Elimizde hiç hili dokument ýok. Biz diňe kolhozyň içinde hasaba geçýärdik. Biziň elimizde dogluş hakyndaky şahadatnama-da ýok ahyry. Kolhozça pasport diýen dokument asla-da berilmeýärdi. Kolhozçyny ýurduň graždany hem hasap etmändirler! Muňa biziň aklymyz ýetmese nätjek! Soňra başlyk biraz raýyndan gaýtdy, bäş-alty oglana rugsat hatyny berdi, şol bagty çüwenleriň içinde men hem bardym. Kolhozçy üçin şäheriň işi ýapykdy. Ädim uran ýeriňde başlygyň rugsady soralýardy. Obanyň içinde-de düzgün şeýledi. Tomusda çagalar ýabyň güzerinde suwa düşüp ýören bolsalar, başlygyň gelýänini duýan dessine gizlenerdiler. Oba getirilýän kinony, teatry başlygyň kowýan mahaly az bolmazdy. Kolhozça dynç almaga päsgel berýärsiňiz, ol gün dogmanka işe çykmaly diýerdi. Kolhozçy ýylboýy işläp, ýylahyrda bergili çykanda, başlyga närazylygyny duýdurmaga het edip bilmezdi. Biz bu düzgüne adaty bir ýagdaý hökmünde garaýardyk. Erkinlik, azatlyk, adam hukugy diýen düşünjeler asla bize degişlidir hem öýtmändiris. Bu zatlaryň ýoklugyndan kapitalistik ýurtlarda ýaşaýan garyp halk ejir çekýär diýerdiler, biz aýdylana ynanýardyk. Ýeri, biziň nirämiz artykmaç diýen sowaly, iň bolmanda, öz ýanymyzdan özümize bermelidiris hem öýtmändiris. Sowal bermek üçin şol zatlaryň gymmatynyň bardygyna düşünmelidi, biz ondan bihabardyk. Biz gulçulyga mahsus baknalykda ýaşaýandygymyza, gul psihologiýasy bilen ulalandygymyza göz ýetirmäge ukypsyzdyk. Şu sebäpli-de ynsan erkinliginiň, azatlygynyň zerurlygyny duýmandyrys, olaryň nämä derkardygyny bilmändiris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |