19:22 Hakyda: Biz gulmy? / dowamy | |
9.
Segseninji ýyllaryň ikinji ýarymynda Aşgabatdaky türkmen döwlet teatry Figereýdo diýen daşary ýurt awtorynyň Ezop hakynda ýazan pýesasyny sahnada goýdy. Ezop biziň eýýamymyzdan öň altynjy asyrda ýaşan grek basnýaçysy, basnýa žanryny edebiýata girizen adam. Onuň ýaşaýan şäheri basyp alnanda gul edip sürlen ilatyň arasynda Ezop hem bardy. Ol örän baý adamyň maşgalasynyň guly bolýar. Gul eýesi Ezopyň ýiti akylyna, dana sözüne sarpa goýýar, onuň owadan aýaly bu bigörk, tagaşyksyz guly halaýar. Günleriň bir güni hojaýyny Ezopa azatlyk berýär. Aýalynyň welin, Ezopy goýberesi gelenok. Hile gurýar. Azatlyk hatyny alyp, azat adam hökmünde gije ybadathana baran Ezopyň torbasyna ybadathananyň altyn kürüşgesini bildirmän salyň diýýär. Ogurlandy diýip goh turzulanda gymmatbaha ýitgini Ezopyň torbasyndan tapýarlar. Ezopyň başyna ölüm howpy abanýar. Ölümden ýeke-täk çykalga bar, Ezop azatlyk hatyny hojaýynyna gaýtaryp bermeli, ýene gul bolmaly. Şeýle eden halatynda oňa hojaýynyň özi jeza bermeli, bu ýerde ölüm howpy ýok. Ezop bu çözgüde razy bolmaýar. Sen ölümden başyňy gutar diýip ýalbarýarlar. Ezop aýgytly sözüni aýdýar: gul bolup galandan, azat adam hökmünde ölenimi özüme mynasyp görýärin diýýär. Bu merdana çözgüdiň hakyky manysy türkmen tomaşaçysyna ýetendir öýdemok. Munuň üçin gul bolmagyň aýylganç kemsitmedigine düşünýän erkin adam ýa-da şol erkinlige ymtylýan adam bolmalydyk. Biz Ezopyň tragediýasyna kesekiniň bize asla dahyly bolmadyk tragediýasy hökmünde garaýardyk, hatda ýakyn taryhymyzda aramyza gul-gyrnak edilip getirilen biçäreleriň ykbaly hakynda-da birdem oýlanjak bolmaýardyk. Eýse, Ezopyň gözgyny ykbalynyň emosional tarapyna göz-görtele üns berip, sentimentallyga ram eden tomaşaçyny gynandyrjak bolan aktýoryň özi bir gahrymanyny lerzana getiren apata düşündimikä? Bu sowalyň jogaby maňa on ýyldan soň, SSSR dargap, Türkmenistan garaşsyzlykda ýaşaýar diýlen döwürde belli boldy. Hawa, aktýor duýman ekeni, düşünmän ekeni. Ol töwerekden serhedini ýapyp, öz donuna bürenen ýurduň täze serdarynyň gaşynda bil büküp durdy, onuň gulagyna ýarajak şelaýyn sözleri tapyp, şeýle bir ýeserlik görkezdi welin, halys maýmyn boldy diýmekden gaýry meňzetme tapmak hem kyn. “Adamlaryň arasyna agzalalyk salýan demokratiýanyň ýüzüne tüýkürýän men! – diýip, gygyrdy. – Serdarym, siziň başyňyzyň dikliginde, men maşgalamyň arasynda arkaýyn ýatyp, ýag iýip, ýüpek geýip gezýän bolsam, munuň özi demokratiýa diýilýän ýüzüne köz degmişden has belent dälmi näme! Maňa dawa-jenjeliň gepbaşy bolýan söz azatlygy derkar däl-ä! Serdarym, jan serdarym, siziň paýhasa ýugurlan sözleriňizi gypynç etmän, buýsanç bilen aýdyp bilýän bolsam, maňa şondan gaýry söz azatlygy gerek däl. Men diňe şahsy islegimi aýdamok, halkymyň ýürejigindäki islegini aýdýaryn, serdarym!” diýdi. Ol beýik Türkmenbaşydan “halk artist” diýen at aldy. Serdary onuň boýnuna altyn zynjyr dakdy. Boýny demir zynjyrly guldan – Ezopdan onuň parhy boýnundaky zynjyryň altyn çaýylandygymy? Ýok! Ezopyň azat adamlygy, aktýoryň bolsa, kemsiz gula öwrülenligi! Ine, olaryň parhy! Ol aktýor kolhoz obasynda önüp-ösüpdi. Türkmen intelligensiýasy diýilýän topar aglaba kolhoz çagalarydy. Olar ýurduň sowet imperiýasyndan garaşsyzlygyny her bir raýatyň şahsy azatlygy, erkinligi bilen ölçemelidir hem öýtmediler, bu zerurlygyň özenine düşünmäge ukypsyzdylar. Öwrenen endiklerine ram edip ýaşamak olara amatlydy. “Bir günüm – hoş günüm!” Olar şu düşünjä eýerýärdiler. Diktatoryň kultuny gadyrýan köpçülik şagalaňlaryny gurnamaga işjeň gatnaşýardylar. Köpçüligiň baýramy, şagalaňy üçin azatlygyň derkary bir barmy? “Il bilen gelen toý-da – baýram!” Garaşsyz Türkmenistanyň “pygamber sypatly serdar” derejesine göterlen Türkmenbaşysynyň altyn gümmezli köşgüne hyzmat edýän ýazyjy-şahyrlaryň, aktýorlaryň, sazandalaryň, aýdymçylaryň, alymlaryň, žurnalistleriň hemmesi diýen ýaly sowet imperiýasynda ýetişen adamlardy. Saparmyrat Nyýazow hem şol ideologiýa ýaran, hyzmat eden emeldardy, dogrusyny aýtsaň, onuň sadyk guludy. Gullar azat bolsam diýmeýärler, olar hem gul eýesi bolmagy küýseýärler diýlen pikiriň danalygyny düýnki kommunist Nyýazowyň syýasy ýoly, häkimligi ykrar edýär. Karl Kautskiniň ýazmagyna görä, eger häzirki zaman kapitalistleri pul toplamagyň hyjuwy bilen ýaşaýan bolsalar, hristiançylygyň ýüz berip başlan döwründäki rim imperiýasynyň baýlary keýpi-sapanyň girdabyna düşüpdiler. Olar wagşy hasaplanýan taýpalaryň gul edip sürlen adamlaryny magdan gazmaga, daş köwlemäge kowardylar, greklerden düşen bilimli gullary bolsa, baý öýlerde saklardylar. Olaryň arasynda diňe bir hatdatlar, aşpezler, sazandalar, mugallymlar, aktýorlar bolman, hekimler, filosoflar hem bardy. Olar ýer gazýan, daş çekýän bendiler ýaly azaba duçar bolmandylar. Olaryň esasy wezipesi gul eýesine keýpi-sapa bermekdi. Hojaýynyň göwnüni tapmakda sähelçe hata goýberäýen halatynda hojaýynyň gazabyna duçar bolýardylar. Bir mysal getirýär. Wediýa Pollion atly gul seresapsyzlykdan hrustal wazany döwýär. Oňa aýylganç jeza berilýär, muren balyklaryň arasyna zyňylýar, adamhor balyklar ony diriligine tüýdüp ýalmaýarlar. Seljuk soltany Alp Arslan tagtda şady-horram oturyp, köşk şahyrlarynyň waspnamasyny diňleýär ekeni. Göwnünden turan şahyryň agzyna bir çaňňa altyn dykypdyr, göwnünden turmadyklaryň agzyna at tezegini dykmagy buýrupdyr. Özüni beýik seljuk soltanlarynyň mirasdüşeri hasaplan kommunist Nyýazow Alp Arslana aýratyn sarpa goýýardy, belki, waspçylar babatda ondan görelde almaga çalyşandyr. Onuň ýalkany ýaza çykýardy, garganynyň başyndan gara gyş inýärdi. Gazaba duçar bolanlaryň ýekesi-de närazylygyny duýdurmazdy, takdyra boýun bolmagyň çydamyny görkezerdiler. Bu gullara mahsus häsiýetdi. Ol egindeşlerini onuň kultuny galdyrmakda, ýa-da halka birehim daraşmakda sähelçe gowuşgynsyzlyk görkezäýen halatynda wezipeden kowardy, tapgyr-tapgyr türmä ýollaýardy, olaryň maşgalalaryna, garyndaşlaryna talaň salardy. Ol muny beýik kommunist serdary Stalinden görelde alyp edýärdi. Emeldarlar welin, ertirki ykballarynyň düýnküleriňkiden enaýy gutarmajagyna düşünip duran-da bolsalar, ýene ýokary wezipelere ymtylýardylar, gözden çykma ýalynjaňlyk görkezýärdiler, para berýärdiler. Elbetde, bu hem gula öwrülen süriniň häsiýetidi. Olara erkinlik, ynsan mertebesi derkar däldi, olar gul eýesi bolmaga höwesekdiler. Nyýazow ýaly Moskwanyň düýnki guluna ýeten bagt, belki, bize-de miýesser eder diýen umytdadylar. Nyýazowyň öňünde ile göz bolup, bil büküp, onuň elini ogşap gaýdan emeldar edarasyna dolanyp, Nyýazowa meňzejek bolýardy, golastyndakylara ýaňy köşkde öz oýnan roluny oýnamagy buýurýardy. Birden hem özüni gul eýesidir öýdüp, serdarynyň öňündäki kemsitmäniň agyr duýgusyny unutýardy. Elbetde, bu hem gul häsiýetidi. 10. Gul zähmeti gullary döredýär. Gul zähmeti juda agyrlygy, surnukdyryjy dowamlylygy bilen parhlanýar. Gul zähmetine duçar edilenleriň gula öwrülmedik halatlary-da bar. Iki mysal getirmekçi. Fransuz ýazyjysy, filosofy, Nobel baýragynyň eýesi Alber Kamýunyň “Sizif hakynda mif” atly essesini okaýaryn. Peýdasyz azaby Sizifiň zähmetine deňeýärler. Gul zähmeti welin, peýda getirýär. Peýda getirmese, kim gul saklajak, kim ony ýallajak. Eýýäm Sizif diýen adam gul däldir diýen pikir seriňe gelýär. Sizif hakyndaky mif gadymy Gresiýada döräpdir. Sizif patyşanyň ogly. Ol hudaýlara garşy gidýär, olaryň syryny paş edýär. Ony dowzaha zyňýarlar, dowzahda oňa äpet daş garaşýar. Berlen jeza görä, Sizif şol daşy dagyň depesine galdyrmaly. Ähli güýjüni sarp edip, gerjeşip, daşy depä galdyrýar. Daş togalanyp yzyna gaýdýar, dagyň etegine düşen daşy ýene-de depä galdyrýar, daş ýene yzyna gaýdýar, Sizif ony ýene galdyrýar. Bu azap irginsiz gaýtalanyp dur. Sizif özüne buýrulan azabyň tükeniksizligine düşünýär, şol bir wagtda-da bu jezanyň näme üçin berlendigine akyl ýetirýär. Bu aýdyňlyk onuň hesretine öwrüläýjek ýaly, ýok, gaýta ol Sizifiň ýeňşine, kanagatyna, dabarasyna öwrülýär. Ol hudaýlara garşy baş göterdi, ol muňa buýsanýar, buýsanjynyň juda gymmatlydygyna, ýöne ýere beýle agyr synaga sezewar edilmändigine buýsanýar. Bu jezany özüniň belentligi hökmünde kabul edýär. Elbetde, adaty adama Sizifiň buýsanjyna düşünmek kyn düşer. Ýene bir waka. Şahyr Gurbannazar Ezizow kakasy bilen bagly pajygany gürrüň beripdi. Ol sowet zamanynda köp okalýan “Ogonýok” žurnalynyň täze sanyny alýar. Žurnalda nemes faşistleriniň Mauthauzendäki konslageri hakynda suratly oçerk berlipdir. Gurbannazaryň kakasy Eziz aga uruşda duşmana ýesir düşüp, şol konslagerde saklanan adam. Sahypanyň görnükli ýerinde konslageriň belli gara daşynyň suraty ýerleşdirilipdir. Bu daşyň ýesirler üçin nämedigini Eziz aga öň ogluna aýdyp beren ekeni. Gurbannazar žurnaly kakasyna berýär. Dowzah diýip tanalýan konslager hakynda okamagyň kakasyna ýakymsyz boljakdygyny bilse-de, neneňsi hupbata döz gelendigini ýatlar, bu ýerde ýazylanlara şaýat hökmünde ýene goşjak faktlary bolar diýýär. Gurbannazaryň garaşmadyk ahwalaty ýüz berýär. Suratdaky gara daşa gözi düşende Eziz aga dere batýar, huşuny ýitirýär. Aýylganç daş ýene onuň gerdenine ýüklenen ýaly bolýar. Ýesirler şol daşy günde telim öwre depä galdyryp düşürmeli ekeni. Açlykdan, bimöçber horlukdan ýaňa halys ysgyn-mydardan gaçan ýesir daşyň agramyna sähel entirekläýse ýa-da ýykylaýsa, gapdalda awtomatyny gezäp duran faşistiň güllesi onuň läşini ýere ýazýardy. Bu gara daş adaty daş däldi. Ajalyň görnüşidi, ondan sypyp boljagyna ýesirlerde ynam ýokdy. Gadymy mifdäki daşyň saýlap alnyşyna näme diýersiň! Hudaýlar tekepbirligi üçin Sizifi jeza höküm edipdiler, faşistler hem ýesirleriň öz watanlaryna wepalydyklary üçin agyr jeza bilen olaryň erkini syndyrmakçydylar. Olaryň gul häsiýetli adamlar däldigi duşmanyň myrryhyny artdyrýardy. Sizif hudaýlara gul bolup biljek däl, bu ýesirler-de faşistlere gul bolmakdan ýüz öwrüpdiler. Olaryň çydamy gara daşyň hupbatyndan berk hem güýçli bolup çykdy. Bu güzaplyga gul zähmeti diýip bolmaz. Bu zähmet gullary döretmeýär, ol mertleriň başyndan inen agyr synagyň bir görnüşidi. 11. Gul zähmeti gullary döredýär. SSSR-iň dargamagy bilen garaşsyzlygyny jar etmeli bolan Türkmenistana dolanaýyn. Meniň beýan etjek wakalarymyň mazmunyny düşündirip oturmagyň zerurlygy bolmasa gerek. Bu gadymy mif däl, durmuş hakykaty, onuň gahrymanlary Sizifi ýatladanok, faşistleriň konslagerinde bolan Eziz aga-da meňzänoklar. Onuň gahrymany tutuş bir halk, türkmen halky. Türkmenistanyň jöwza tomusy. Howanyň gyzgyny günüň aşagynda 60-70 gradusa ýetýär. Asfaltdan, betondan göterilýän howur maşynlaryň ajy gazy bilen garyşyp, demiňi tutup gelýär. Mejbur bolaýmasalar häzir adamlaryň daşary çykaslary gelenok. Pyýada ýollarynda-da ötegçi iki-ýeke. Duralgalarda-da adam az, olar hem sähelçe kölege bar ýere kellelerini sokup, gatnawy seýreklän awtobuslara garaşýarlar. Bu mahal ýol polisiýanyň-da köçede görnesi gelenok. Men mejbur edilenler hakynda aýtjak. Köçe süpürýän aýallaryň, öý-ä beýlede dursun, kölegede oturmaga-da haklary ýok. Olar aýak üstünde, birzeýilli hereketde, howur-yssynyň olara täsiri ýok ýaly. Olar kellesine, boýunlaryna letdä meňzeş ak mata orapdyrlar, diňe gözleri görünýär. Ellerinde syza daňylan uzyn saply sübse. Asfalt ýoluň gyrasyna çekilen beton bordýuryň düýbüni süpürýärler, ýok, süpürýär diýilse bärden gaýtma bolýar, gazaýarlar diýmeli. Gazalýan ýerde ne tozan, ne-de bir hapa görünýär, arassa. Olar daň säherden sübse urup başlanlarynda-da asfalt arassady. Olaryň hereketiniň manysy arassalamaly diýen düşünjä gabatlaşmaly däl, olar asfalty gazamaly, irmän-arman gazamaly. Gollary ýadasa-da, gyzgyna beýnileri ýumşasa-da hereket birjik togtamaly däl. Gözleriniň görýäni diňe çal beton bilen gara asfalt bolmaly. Näçe sübse urlanda-da olaryň reňkiniň üýtgemejegi belli, şonda-da dynman gazamaly. Çal beton, gara asfalt, başga zady ünsüňe almak bolanok! Çal beton, gara asfalt, gazaber, gazaber!.. Syza sübse paranok, derrew pytraýar, täze sübse bog-da, ýene gazaber. Soňabaka adam ýüzleri-de asfaltyň reňkinde görner, görnübersin, sen gazaber!.. Hernä, onuň gapdalynda awtomat çenäp duran faşist ýok diýersiňiz, faşiste derek agajyň saýasynda brigadir garap otyr, onuň gözünden sypýan zat ýok, sähel haýal-ýagallyk etseň hasaba alar. Eziz aga konslagerde gara daşy göterende awtomatyň ajal okuna garaşýardy, bu babatda aýallara ölüm howpunyň garaşmaýanyna şükür etmeli diýersiňiz. Agzyň gurasa, biliňden asylgy baklaşkadaky halys gaýnaga dönen suwdan owurtlap bilersiň. Owurtla, ysgyna gel, ýöne hereketiň togtamasyn, sübsäňi işlet, gara asfalty gazaber, ony seniň gazamagyň üçin düşediler diý-de gazaber. Togtasaň kölegede oturan serenjamçy derrew bellige alar, onuň belligini awtomatyň güllesine deňe!.. Eziz aga ganym duşmanyň elindedi, sen öz garaşsyz ýurduňda, bu artykmaçlyga şükür et, guwan! Haýdaber, haýdaber!.. Hol-ha, ýene ýigrenji maşyn göründi. Ol Eziz aga ýaly ýesirlere gezelen awtomatdan enaýy däl. Bu maşyn daşary ýurtdan onlarça müň dollar tölenip getirlen maşyn diýýärler. Ol bir geçende köçäniň tozanyny, hapasyny sorup, asfaltyň ýüzüni çotgalap, ýuwup gidýär. Wagtal-wagtal bu maşyny-da işledýärler. Bu adyýitmiş maşyny görenlerinde sübseli aýallaryň has-da ysgyn-mydary gaçýar. Ol ýüz sübsegäriň etjegini sähelçe wagtda bitirýär. Ony göz üçin çykarýarlar: berilýän hakdan närazy bolaýsaňyz, güm edip kowuljagyňyz ýadyňyzda bolsun! Maşynyň arassalap giden ýerinde ýene aýallar sübse urup ýörler. Maşyna gahar edýän ýaly, olar erjellik görkezýärler. Olar işsiz galmakdan aldajy ýaly gorkýarlar, maşyn olaryň gözüne jan alýan Ezraýyl bolup görünýär. Ýogsam bolmasa, bir aýyň dowamynda jahan ýagtylandan tä garaňky düşýänçä işläp alýan haklary bary-ýogy 40-50 dollar. Dollarda aýdylsa anjaýyn, agramly ýaly bolýar. Beýik serdar Türkmenbaşy baýraklary-da dollarda paýlaýar, müňläp, on müňläp berýär. Sübsegär naçarlarda göriplik ýok, her kimiň alýany özüne nesip etsin. Olar dynç güni, baýramçylyk diýmän, gara asfalty gazamaga ýaltanjak däller, işden kowulmasalar bolany! Kolhoz meýdanlarynda uzakly güni kätmen urup geçiren aýal-gyzlary ýatlaýaryn. Sowet döwri bilen häzirki garaşsyz diýilýän döwrüň zähmetinde parh barmy? Ikisiniň-de azaby ýeterlikdi, ýöne sowet döwrüniň bir artykmaçlygy bardy: surnukdyryjy işden mahrum edilmejegini her kim bilýärdi. Köçelerde sübse urýan aýallar beýle ynamdan mahrumdylar. Iki ýagdaýda-da esasy alada gara bokurdakdy. Bokurdagy deşen hudaýdyr diýilse-de, islän halatynda döwlet ony petikläp bilýärdi. Elbetde, bu gullara buýrulan takdyrdy. 12. Tebigat ynsanyň hakydasynda orun alýan esasy faktorlaryň biridir. Çölüň ýowuzlygy, guraklygy, jöwzasy zerarly türkmeniň gözüne daragt hemişe hossar ýaly mähriban görünýär. Men çagalyk ýyllarymy ýatlamda, dogduk obamda, suwly ýaplaryň boýunda hellewleşip oturan agaçlar bada-bat göz öňüme gelýär. Olaryň salkyn saýasynda uklamak ene hüwdüsi deýin beýniňe, bedeniňe ýakym berýär. Birmahal başdan geçen wakalaryň şol agaçlara baglanany az däldi. Agaçlar biziň terjimehalymyzyň bir bölegini düzýär. Gündogarda agajy esasan saýa ýa-da miwe üçin ekipdirler. On bäş ýyl ozal hem Aşgabadyň köçeleri saýalydy. Tomus güni kölegeden ýöremegiň ýeňilligini türkmene düşündirmegiň derkary ýok. “Garaşsyzlygyň beýik eýýamy geldi!” diýip, jar çekdiren Saparmyrat Türkmenbaşynyň zory diňe “garamaýak” atlandyran halkyna düşmedi, saýaly agaçlara-da düşdi. Paýtagtyň taryhyny emele getiren köne ymaratlar bilen birlikde olary-da çapyp, köwläp başladylar. Köçeler ýalaňaçlandy, sapasyny ýitirdi. Men ýigit çagymda, ol ýigit çagynda şo-ol görnükli daragtyň aşagynda söýgi duşuşygynyň lezzetine maýyl bolupdyk. Şol ýatlamanyň ýakymyny duýduryp duran janly daragty köwläp zyňdylar. Onuň ýerine dag arçasyny, rus ýolkasyny oturtdylar. Olar gyşy-ýazy gök salsa-da, olaryň saýasy ýok. Saýasy, miwesi ýok agaç biziň gözümize önelgesiz aýal ýaly bolup görünýär. “Indi siz Türkmenbaşyny saýalamaly!” diýdiler. Biz diýdimzor Saparmyrat Türkmenbaşa: edýäniň näme?! diýmedik, gorkduk. Ýüz ýyllyk çynarlaryň köwlenýänini göremizde gaharymyz zeýrenmeden aňry geçmeýärdi. Ata-babalardan galan gargyşyň iň aýylganjy: “Öýüň ýykylsyn!” diýen söz. Täze serdar galtamanyň çakganlygynda duýdansyz gelip, öýlerimizi ýykdyrýardy, maşgalalary köçä zyňýardy. Biz welin, diňe zeýrenmek bilen oňýardyk. Zeýrenmek gullaryň paýy. Görnükli rus ýazyjysy Andreý Platonowyň “Takyr” hekaýasynda Eýrana alamana giden türkmen atlylary birgiden bendini Pöwrize jülgesinden sürüp gelýärler. Şeýle setirleri okaýarys: “Atly türkmenler irden ýesirleri Köpetdagyň jülgesinden çykardylar. Kürt hem pürsiýan aýallar nätanyş çöli, öz watanlaryndaka meňzemeýän solak hem geň asmany görenlerinde gam-gussa çydaman agladylar. Ýöne Zerrintäç aglamady. Horasanyň dag jeňňelliklerinde ulalan gyz türkmen düzüniň çalymtyl reňkine bilesigelijilik bilen garady. Bu görnüş onuň kalbyna çaga ölümine kybapdaş tukatlyk salýardy. Zerrintäç bu ýerde adamlaryň näme üçin ýaşaýandyklaryna düşünmedi.” Bu gün Pöwrize jülgesinden dag etegine çykan adam öňi bilen arça hem ýolka agaçlarynyň gök tokaýlygyny görer. Görer göze bu täsinlik Saparmyrat Türkmenbaşynyň emri bilen döredi. Onuň döreýişinden habarly adamlar täsinligiň lezzetini, gözelligini duýmaýarlar. Olar bu tokaýlygyň ilatyň sapasy üçin döremändigini bilýärler. Bu görnüş keseden gelýänleriň öňünde serdaryň magtanmagy, buýsanmagy üçin gerekdi. Uzak ýurtlaryň topragynda emgençsiz bitýän agaçlaryň nahallaryny müňlerçe, millionlarça dollara getirdip, bu klimatyň amatsyz şertlerine garamazdan olaryň pajarlap ösmegini gazanmaly diýdi. Bu işiň hupbatyny bilsediňiz! Iň ýeser ýeri-de, Türkmenbaşy raýatlaryna mugtuna işlemegi buýurdy. Işe sürülýän şäherlileriň gymyldysynda gullaryňka mahsus mejburylyk, höwessizlik bar. Bu agaçlaryň saýasynda oturyp, dynç aljak gümanyň ýok, olar şaha ýaýratmaýarlar, saýasyz. Üssesine-de, peýwagtyna gezelenje gelenler bu meýdana aňsat goýberilmeýär. Ony Türkmenbaşynyň hususy mülküniň ýapyklygynda gör. Ol gapdalky ýoldan geçende öz döretdiren gözelligine guwanmalydy, gözelligi başgalar bilen paýlaşmaga razy däldi. Ilata elýeteri gerek. Gadymdan bu topraga bezeg berip gelen güjümiň, çynaryň, ak deregiň, tuduň goýry saýasynda agynap, ýap boýundaky leýlisaç tallaryň ýuwaş şemala ülpüldeýän gollaryna syn edip, ony söýgülisiniň örüm saçyna meňzedip, halk heňine maýyl bolup dynç almagyň ýakymy başga! Bu, elbetde, erkinligiň küýsegi. Biz welin, zorluga, mejburylyga halys öwrenişip gitdik. Gul zähmeti endige öwrülen halatynda adalatyň gürrüňi adamlaryň ünsüne ýetmeýär. 13. Bu gün Nowruz baýramy. Dynç güni. Daňdandan mekdep okuwçylaryny, studentleri, edara, hassahana işgärlerini, esgerleri daga sürdüler. Döwlet ähmiýetli çärä hökmany gatnaşmak raýatlaryň mukaddes borjuna öwrülipdi. Ýygnanmaly onlarça müň adamyň sanawy emeldarlaryň elinde. Her kim baranda, gaýdanda bellikden geçmelidi. Barmadyklaryň okuwdan, işden kowuljakdygy hakynda iki-üç gün öňünden ýowuz duýduryş berilýärdi, işe ýaraýan ilatyň ýarysy iş tapman ýörkä, bu jeza çäresiniň howpuna düşünmek kyn däldir. Mähelläniň maňlaý diremeli ýerine “Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň saglyk ýoly” diýilýär. Ol paýtagtyň gabat ilersindäki baýyrlardan başlanyp, günbatara, Ýanbaş tarapdaky dag gerşine uzap gidýär. Uzynlygy 25 kilometr. Beton basgançakly, töweregi arçaly, anjaýyn yşyklandyrylan, tutuş boýy arhitektura bezegli, menzilleri seýil bagly, owadan fontanly ýola ýüz milliondan hem köp pul harçlandy diýýärler. Onuň ýeke-täk eýesi diýip bilinýän Türkmenbaşy bu desgany gurduryp, dünýäde ajaýyplygy ykrar edilen taryhy binalara jort atmakçy bolupdy. Ol öz ady berlen ýola gudrat ýoly diýdi. Umuman, ol öz adyna ýöňkelýän eserlere, binalara, ynançlara mukaddeslik alamatyny çaýmagy halaýardy. Olary gudrata baglaýardy. “Men halkymyň saglygyny, ruhy sagdynlygyny gazanmagyň täsin ýollaryny agtarýaryn. Meniň saglyk ýolumy hepdede bir gezek geçen adamyň kesel golaýyna gelmez. Meniň mukaddes Ruhnamamy üç öwre okan adamyň ruhy arassalygyny, ruhy belentligini deňäre ölçeg tapmarsyňyz” diýerdi. Beýik serdaryň bu ynanjyna eýermek raýatlar üçin mukaddes borçdur diýildi. Adatça, mukaddesligiň gapdalyndan borç aýrylmaýar. Häkimler, emeldarlar saglyk ýoluna her günki barmaly adamlaryň mukdaryny bellediler, anyk sanawyny çykardylar. Ony gyşarnyksyz ýerine ýetirmek okuw jaýlarynyň, edara ýolbaşçylarynyň, harbylaryň boýnuna ýüklendi. Serdaryň iş ýoly gapdaldan geçýärdi. Ol birdenkä saglyk ýolunyň çolalygyny göräýse, onuň gussa batmagy, raýatlaryndan nadyl bolmagy ähtimal. Hökümdaryň gussasyndan hudaýyň özi daş edewersin! Gussanyň soňy gahar-gazaba ýazýar, Türkmenbaşynyň gaharyna duçar bolmak dowzaha zyňylan ýaly bir zat. Bu gün beýik serdar özüniň hem gudratly ýola çykjagyny duýdurypdyr. Haçan geljegini, haýsy tarapdan geljegini welin, aýtmandyr. Soramaga kim het edip biljek! Gowusy, adamlary daňdandan şol ýere sürmeli. Bu gün bahar baýramy. Adamlaryň süňňünde ýeňillik, ýüzlerinde şatlyk bolmaly. Serdar şat ýüzlere seretmegi halaýar, şatlygy özüne hormat, söýgi diýip bilýär. Howa sowukdy, asman gara buluda gaplanypdyr. Ýagyş ýagsa gerek, nowruzda ýagmyr ýagsa, gowulygyň alamaty. Türkmenbaşy gudratly ýoluna güler ýüz bilen çyksa, gara buludyň syrylmagy-da, Günüň ýaldyrap görünmegi-de garaşaýmaly hadysa. Bu ýagdaýda emeldarlar serdaryň gudratyna el çarparlar, köpçülik şowhun turzar. Bu ähtimallyk dabaranyň ssenarisine girizilipdi. Çaga göwünli serdar tolgunar, şol mahal onuň ýüzi ekranda uly planda görkezilmelidi. Şemal güýjedi, dag üstündäki ýolda onuň bady has-da güýçlüdi, çagalar serçe kimin ýygryldylar. Olar eýýäm üç sagat bäri aýak üstünde durdular, ýene näçe durmaly bolar, muny serdardan başga bilýän ýok. Çagalaryň akyly gözünde, üşeseler-de, ajygsalar-da bisabyrlyk görkezenoklar. Serdar gelip gidýänçä öýe gaýtmajaklaryny, ony şadyýan garşylamak üçin bu ýere getirlendiklerini-de bilýärler. Birinji gezek däl-ä! Ýagyş ýagyp başlady. Bukulara ýer ýok. Oglan-gyz biri-birine gyslyşdy. Mugallymlaryň käbiri ätiýaçdan ýanlaryna sellofan örtünjek alan ekeni, olary kiçijekleriň depesine atdylar. Şonda-da kese urýan iri damjalardan sypjak gümanyň ýok. Örtünjek ýetmedikleriň eşigi öl-myžžyk bolup barýar. Asmanyň açyljagyna umyt ýok, gara dagyň depesi gitdikçe garaldy. Ýüzlerçe çaganyň sowuklajakdygyna, hatda öýkenlerine sowuk degjegine şübhe edýän ýokdy. Depesinde gara saýawan tutup duran mekdep direktory beýleki emeldarlar ýaly dymmak bilen alajynyň ýokdugyny duýdurmakçy bolýar. Orta ýaşlaryndaky mugallyma biperwaý bolup bilmedi, direktora ýüzlendi: – Ýagyş diňýänçä kiçiler awtobusda oturaýsynlar, äkideýinmi? Direktor onuň ýüzüne-de garamady. – Ýagyş haçan diňjekmiş? – diýdi. Mugallyma janygdy: – Serediň-ä, sowukdan sandyraşyp durlar! Direktor ýene onuň ýüzüne garamady. – Maňa beýle tabşyryk beren ýok – diýdi. – Soramaly ekenik-dä, ýagyş ýagsa nädeli diýip soran bolsak... Direktor ahyry gahar bilen mugallymanyň ýüzüne garady, jabjyndy: – Bu çagalara senden başga-da golaý adam gyt däl! – diýdi, soňra sesini peseldip hüňürdedi. – Ýagyş ýagjagyny ene-atalary bilenokmy? Hersiniň eline zontik bermeli ekeniler-dä, tapylman duran zatmy şol. Belki, çagalarynyň ezilmegini isländirler, serdar ezilen çagalaryň şadyýan ýüzüni görüp begensin diýendirler? Çagalaryň ýadynda galmagy üçin özüm-ä bu ýagşyň peýdasyny inkär edip biljek däl. Türkmenistana Hruşew gelipdi, altmyşynjy ýyllaryň başynda, okuwçydyk, onuň geçjek ýolunda bir gün aç-suwsuz saklapdylar, ölmedik, ýadymdan çykanok. Ahyram alyp gaýtdylar, Hruşewy görmedigem. Arak içip, serhoş bolupdyr, başga ýoldan geçip gidipdir. Ýöne biz Moskwadan gelen ol serdarlary öz mähriban serdarymyz bilen denäp bilmeris-ä! Türkmenbaşy öz ganybir serdarymyz, bize has ýakyn, çyn hossar. Türkmen topragynyň, şu baýyrlaryň, şu daglaryň mähribanlygy ýaly serdarymyzam bize mähriban! Uly-kiçi, ähli adam şeýle belent duýga maýyl bolup duran wagty, sen ýagyşdan alada gözleýäň, ýagyş nämemiş! Ýagyşdan ölen ýok, bäş minutdan diňer, ýalbyrap gün çykar. Serdaryň güler ýüzüni gören bulutly asmanyň açylanyny göre-göre gelýäs-ä! Sen şol gudraty synlamakdan bu çagalary binesip etjek bolýarmyň?! – Direktoryň sözüne mugallymlar el çarpdy. Olar halys lenç edilen sözleri direktoryň juda gerek ýerinde gaýtalandygy üçin el çarpdylar, ýogsa, aýal mugallymyň rehimli boljak bolşundan ýakymsyz many çykarylaýmagy-da ähtimaldy. Şeýle bolan halatynda mugallymlara, tutuş mekdebe ynamsyzlyk bilen garalmak howpy bardy. 14. Men ýalňyşman ekenim. “Hakyda” atlandyran şu kitabymyň 1999-njy ýylda nokat goýlan wariantynyň ahyrynda Ruhnamanyň ýazdyrylmagyndan nähili maksat tutulýandygyny çaklapdym. Ol wagt halka hödürlenmänkä onuň wazaňy asmana göterilipdi. Men çaklamamyň dogry çykandygy üçin begenmeýärin, gynanýaryn. Ruhnama Türkmenistanda ýaşaýan türkmenler üçin zergärleriň elindäki mähekdaşynyň hyzmatyny bitirdi diýmekçi bolýaryn. Ol biziň altyn däldigimizi aýan etdi. Saparmyrat Türkmenbaşynyň: “XX asyr türkmenleriň altyn asyrydyr” diýip jar eden şygary Ruhnama bilen başlanypdy. Ruhnama döwlet derejesinde mukaddeslik möhüri basyldy. Bu kitaby ýazmaga gatnaşanlary häsiýetlendirmeli bolsa, öňi bilen olaryň sowet ideologiýasyny süňňüne siňdiren gul gylykly adamlardygyny nygtamaly. Kompartiýanyň düýnki başlygy Nyýazow bu işi kimlere ynanmalydygyny anjaýyn bilýärdi. Emeldarlary, hyzmatkärleri saýlamakda onuň üşüginiň ýokary bolandygyny inkär edip bolmaz. Türkmenistanda döwlet derejesinde öňde-soňda dünýä belli masgaraçylyk bolupmydy diýen sowala Ruhnamanyň mysalynda hawa diýip jogap berse bolar. Ruhnama on ýyl bäri Türkmenistanda ýaşaýan ilatyň baş derdine öwrüldi. Ruhnamada akyly ýerindäki adamyň serine gelmejek açyş edildi. Türkmenleriň ýaradylyşy adamzadyň döreýişi hakyndaky iki taglymata-da gabat gelmeýär. Darwiniň maýmynlarynyň türkmenlere asla dahylly ýeri ýok ekeni! Hudaýyň gudraty birle gyzyl palçykdan ýasalan Adamatanyň kowmy-da türkmene galtaşanok. Hudaý türkmeni nurdan ýasapdyr! Ruhnamada onuň taryhy senesi bäş müň ýyl diýip aýdylýar. Diýmek, hudaý türkmeni Adamatadan has soň ýasapdyr. Palçykdan ýasan adamynyň kämil çykmandygyna hudaýyň gözi ýetendir-dä, hany, adamy nurdan hem ýasap göreýin diýen bolmaga çemeli. Palçyga kir ýokuşýar, nura kir ýokmaýar. Şol kir ýokmaýan halk türkmenler bolmaly, ha-ha! Şondan soň biz: “Türkmene haram ýokmaz!” diýip, buýsanç bilen gygyrdyk. Hudaý hatasyny düzetmegi özüne peslikdir öýtmedik bolsa, onuň “täze pygamberi” Saparmyrat Türkmenbaşynyň goýberen hatasyny kim düzetmelikä? Ol nur kimin arassa bolmaly Ruhnamany zanny palçykdan bolan adamyň pikirlerini ogurlap, zaýalady oturyberdi! Ruhnama ýazdyrylyp ýörlen mahaly Nyýazow telewizordan ýurda görkezilen çykyşynyň bir ýerinde, golaýda bir kitaby okandygyny, onuň awtorynyň iňlis alymy Boswortdygyny, kitapda musulman dinastiýalary hakynda köp maglumat berilýändigini ýüzugra aýdyp geçdi. Aýdan dessine uly ýalňyşlyk goýberendigine ökünen bolsa gerek. Adatça, elegri adam ogurlamaga göz diken zadyny aýtmaýar. Nyýazowyň özüni köpbilmiş, okumyş adam hökmünde görkezmek islegi üstün çykan şekilli. Näme-de bolsa, Nyýazow ogurlykdan el çekmeýär. Äý, türkmenleriň arasynda iňlisiň şol kitabyny okan hem ýokdur-la diýip, soň jähennemçilige uran bolmagy-da ähtimal. Iki-ýeke okan tapylsa-da, ogurlygy aýtmaga dili ysmaz diýen bolmagy-da ähtimal. Garaz, Ruhnamanyň üçden birini eýeleýän bölüm K. E. Boswortyň 1971-nji ýyldy Moskwanyň “Nauka” neşirýatynda rus dilinde çykarlan “Musulmanskie dinastii” diýen kitabyndan alnyp ýazylýar. Ol kitapda türkmenleriň guran döwletleri, imperiýasy hakynda-da aýdylýardy. Olar Ruhnama geçirlende peşeden pil ýasalan, çişirlen halatlar-da az bolmandyr. Ýöne Ruhnamada bu taryhy maglumatlaryň Boswortyň kitabyndan alnandygy hakynda ýeke söz hem aýdylmandyr. Şeýlelik bilen Türkmenbaşy “mukaddes Ruhnamasyna” haram ýokdurdy. Bu ogurlyk hakynda soňra daşary ýurt habar beriş serişdelerinde aýdanlar tapyldy. Hatda taryhçy alym, Moskada ýaşaýan Muhammet Berdiýew Nyýazowy edebiýat ogrusy hökmünde suda berendigini “Azatlyk” radiosyndan eden çykyşynda aýtdy. Gorawsyz görgüliniň üstüne hüjümler başlandy, telim öwre onuň özüni, ogluny Moskwanyň köçelerinde urup-ýençdiler. Ol Ýewropa gaçyp gitmäge mejbur boldy. Şeýdip, beýik Türkmenbaşy Ruhnamasynyň halallygyny goramagyň ugruna çykdy. Filosofiýa ýykgyn edýänler Ruhnamadan beýik filosofiýa gözlediler, her etmeli-hesip etmeli, şony tapmaly diýen maksat goýdular. Maýdadyr öýdüläýjek zatlara-da içgin seretseň dünýäni haýran etjek açyşlaryň üstünden barsa bolýar. Iň bärkisi, türkmeniň milli geýmini alaý. Ol özboluşly hem owadan, onda agyr durmuş şertlerini ýeňilleşdirýän täsin emeller bar. Meselem, jöwza yssyda başy seleň telpekli türkmeni gören syýahatçylar birbada geň galypdyrlar, gyzgyndan olaryň beýnisi eräp aksa gerek diýipdirler, emma onuň amatyna düşünenlerinde türkmeniň tapýan emeline haýran galypdyrlar. Asyl türkmenler kellelerinde goýun dersinden edilen holodilnigi göterip ýören bolsalar nätjek! Telpek onuň tutuş bedenini sowadyp duran eken-ä! Ýa-da türkmeniň milli balagyna serediň. Göräýmäge onda hiç hili täsinlik ýok ýalydyr, emma Ruhnamanyň gözi bilen seredip görüň, türkmeniň ýaşaýyş tejribesindäki danalygyna haýran galyp, başyňy ýaýkar oturarsyň! Bu syrtyňy ýapýan ýöne bir balak däl, jadyly balak! Uniwersal! Öňüne-de, yzyna-da geýip gidiber. Ýagty bolsun, tümlük bolsun, satanyňa ildirde eňiber. Ruhnamanyň beýik filosofiýasyny halkyň toplan ýönekeý, juda ýerlikli durmuş tejribesinden gözlemeli! Ruhnamanyň köpugurlylygyna, uniwersallygyna dünýä haýrana geldi. Ol tutuş bir akademiýa! Şu hakykata düşünenler Türkmenbaşynyň Ylymlar Akademiýasyny ýapanyny geňlän däldirler. Müňlerçe alymyň bitirjek işini Ruhnamanyň täk özi daş ýany bilen bitirjek ahyry! Ruhnama ylym-bilimiň, danalygyň, edep-ekramyň jadyly gapyrjagydyr diýdiler. Garaz, indi sowet zamanyndaky ýaly ýokary okuw jaýlarynda bäş ýyl bihuda wagt ýitirip ýörmeli däl, Ruhnamany öwrenmeli. Şu görkezmäni amala aşyrmakdan ötri, ýurtda mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynyň okuw möhleti gysgaldyldy. Tutuş ýurt diňe bir kitaby – mukaddes Ruhnamany okamaly boldy. Ruhnamanyň örüsinden çykýan kitaplar zyýanlydyr, Ruhnamadaky pikirleri gaýtalaýan kitaplary okajak bolup ýörmek bolsa, akmaklykdyr diýip, Gurhan barada aýdylypdyr diýilýän tymsaldan ugur alyndy. Sowet eýýamyndan galan kitaplar, kitaphanalar elekden geçirildi. Ýurtda diňe bir kitaby – Ruhnamany neşir etmek ýola goýuldy. Ruhnama Gurhan bilen deň tutuldy, olar metjitlerde bir tekjede durmaly edildi. Türkmenbaşynyň howandarlygyndaky ýazyjy-şahyrlar, kinoçylar, kompozitorlar, hudožnikler, žurnalistler biragyzdan Ruhnama ylham çeşmesi diýdiler. Datly çeşmeden gana-gana içip, beýik howandarlarynyň waspyny ýetirdiler. Howandar sahylyk görkezdi, sadyk gullarynyň kisesine dollar dykdy, boýunlaryna zynjyr dakdy, oňa “altyn zynjyr” diýdiler. Adatça, gullaryň boýnuna zynjyr dakylypdyr. Ol zynjyr agyr bolmalydy, guluň gaçmak howpuny ýoga çykarmalydy. Türkmenbaşy welin, meýletin gullarynyň hiç ýaňa gaçmajagyny bilýärdi, şonuň sebäbine-de ýeňiljek, ýaldyrawuk zynjyr dakýardy, beýik serdaryň elinden alnany üçin oňa “altyn zynjyr” diýmelidi. Beýik Türkmenbaşynyň gelen dana pikirine görä, adamlaryň dürli mazmunly, dürli kitap okamaklary XX asyryň iňňän aýylganç endigi bolupdy. Şol endigi köki-damary bilen ýok etmekden ötri, ol halkyna diňe bir kitap okamagy buýurdy. Ruhnamadan gaýry kitap bardygyny bilmeýän tutuş nesil ösüp ýetişdi. Oňa Türkmenbaşynyň altyn nesli diýdiler. Daňdan turup, türkmen telewideniýesiniň, radiosynyň haýsy programmasyny açaý, Ruhnama okalyp dur. Soňundan Ruhnama hakynda çykyşlar, söhbetdeşlik berilýär. Hemmesiniň aýdýany bir gep: “Ruhnama adamzat paýhasynyň çürbaşy, genji-hazynasy!” Gündiziň dowamynda ýene Ruhnama. Edaralarda, okuw jaýlarynda, harby bölümlerde üýşüp Ruhnama okalýar. Aýdymlar Ruhnamany, ony dörediji, pygamber paýhasly Nyýazowy wasp edýär. Ähli okuw jaýynda esasy ders – Ruhnama. Ony çuňňur öwrenmekden ötri, ony temalara bölýärler: “Ruhnamada taryh”, “Ruhnamada filosofiýa”, “Ruhnamada poeziýa”, “Ruhnamada halk döredijiligi”, “Ruhnamada daýhançylyk”, “Ruhnamada maldarçylyk”, “Ruhnamada harby sungat”, “Ruhnamada lukmançylyk”, “Ruhnamada mertlik”, “Ruhnamada namartlyk”, “Ruhnamada çaga terbiýesi”, “Ruhnamada ylym”, “Ruhnamada dini ynanç”, “Ruhnamada danalyk”, “Ruhnamada gözellik”, “Ruhnamada duşmana ýigrenç”, “Ruhnamada kosmos”, “Ruhnamada syýasat”, “Ruhnamada türkmen imperiýalary”, “Ruhnamada diplomatiýa” we şuňa meňzeşler. Ruhnamany ýörite öwrenýän orta mekdepleri, halkara uniwersiteti açmak karar edildi. Okuw jaýlaryndaky dürli derse berilýän sagat sany ýarpy gysgaldylyp, olar Ruhnama sapagyna goşuldy. Uzakly gün halys Ruhnamadan ýadan halk agşam dynç aljak, telewizora seretjek. Ekranda ýene Ruhnama! Ýapon klassyk ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi Ýasunary Kabawata ýaponlarda gözelligiň üýtgewsiz simwollaryny pasyllara bölüp aýdýar: “Ýazyna güller, tomsuna ikatýok, güýzüne Aý, gyşyna arassa gar”. Özbek şahyry Muhammet Salyh bu aýdylanyň sowet Özbegistany üçin häsiýetli wariantyny getiripdi: “Ýazyna pagta, tomsuna pagta, güýzüne pagta, gyşyna pagta”. Bu aýdylan sowet Türkmenistanyna-da degişlidi. Eger Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyna gabatlaşdyryp aýtmaly bolsa: “Ýazyna Ruhnama, tomsuna Ruhnama, güýzüne Ruhnama, gyşyna Ruhnama” diýmelidi. Mazmun özüne laýyk formany tapýar. Adamyň geýnişine garap, onuň häsiýetini kesgitläp bolýar. Türkmenistana keseden düşen adam paýtagt Aşgabadyň daş keşbini synlan dessine nähili ýurda düşendigini aňýardy. Her ädimde beýik Türkmenbaşynyň portretine, heýkeline, Ruhnamadan alnan şygarlara gözüň düşýär. Köçeden barýan çagalaryň, ýetginjekleriň egninde bir meňzeş reňkdäki, biçüwdäki geýim. Oglan-gyz hemmesiniň başynda keşdeli tahýa, ellerinde Ruhnama kitaby. Türkmenbaşy türkmeniň milli aýratynlygynyň simwoly tahýa bolmaly diýdi. Ony geýmek hemmelere hökman. Türkmenleriň ruhy aýratynlygynyň simwoly hökmünde Ruhnamany berdi. Geljek müň ýylyň dowamynda Ruhnamany okaň, soňuny soň görübereris diýdi. Ymaratlyryň depesinde “Saparmyrat Türkmenbaşy bakydyr!” diýen şygarlar peýda boldy. Türkmenler baky serdaryň: “Agaç köp bolsa, saýa köp bolar” diýen ýaly çuň mazmunly dana pikirleri tapyp bilişine haýran galyp, çapak urdular. “Goý, dünýäde türkmen tahýasy hem Ruhnamasy bilen tanalsyn!” diýip, buýsanç bilen aýtdylar. Tahýalylaryň nesli diňe Ruhnamany okap ulaldy. Milli konserwatoriýada okaýanlaryň konsertine bardym. Konsert görkezýänler hem, diňleýänler hem aglaba şol ýerde okaýanlar, işleýänler. Studentleriň simfoniki orkestri bar. Daşary çykyp tomaşaça konsert bermek gadagan. Simfoniki orkestr türkmeniň milli sungatyna degişli bolmandyr diýip, taryhy açyş eden Türkmenbaşy, opera we balet teatryny ýapanda, döwlet simfoniki orkestrini hem dargadypdy. Bular türkmeniň ruhuna, mukaddes Ruhnamanyň ruhuna çapraz gelýän keseki, del medeniýetiň alamatlary diýipdi. Konsert başlandy. Zalda telewizion kamera goýupdyrlar. Kameranyň ýeňsesinde başy tahýaly ýaş ýigit durdy. Ol Ruhnamanyň neslindendi. Olaryň nähili maksat bilen bu konserti ýazga alýandyklaryny bilmesem-de, orkestriň çalýan sazlaryndan bihabardyklaryny welin, bilýärdim. Olaryň gulagy Türkmenbaşyny wasp edýän aýdymlary diňlemäge ram eden gulaklardy. Konserti alyp barýan talyp gyz sahna çykdy. Onuň hem başynda tahýa bardy. Sen kim bolaý, milletiňe garamazdan türkmen tahýasyny geýäýmelidi. Tahýa geýmäni üçin ýokary mekdepden kowlan talyplar bar diýen gürrüňler ýaýraýardy. Bu talyp gyz welin, Türkmenbaşynyň mejbury diňledýän aýdym-sazlaryndan başga-da, dünýäde saz bardygyndan habarlydy. Gyz orkestriň indiki çaljak sazyny aýtmakçy boldy: – Jüzeppe Werdi... Kameranyň ýeňsesinde duran tahýaly operator haýbat bilen duýduryş berdi: – Orus sözüni aýtma! Ol iki ýüz ýyl bäri dünýä meşhur beýik italýan kompozitorynyň adyny rus sözüdir öýtdi. Nätjek, Ruhnama nesli-dä diýmekden başga alaç galmaýar. Ruhnama – nadanlygyň simwoly. Ruhnama garaşsyzdygyna magtanýan döwletiň täze nesilini gul psihologiýasynyň agyr laýyna batyrdy. Ruhnamany döretdi diýilýän Saparmyrat Türkmenbaşy öldi. Ruhnama ölenok, öljege-de meňzänok. Ýokary mekdebe girmek isleýänler üçin entek hem Ruhnama esasy synag bolup dur. Orta mekdebi gutaran okuwçy giriş ekzamenine gelýär. Onuň maksady geolog bolmak. Bu ýurtda rus dilinde ýokary bilim berilmeýär. Ol Rossiýanyň ýokary okuw jaýyna şertnama boýunça iberiljek topara düşmek isleýär. Türkmen orta mekdepleriniň käbiriniň içindäki rus klasynda okady. Ruhnama rus klaslarynda-da deň derejede okadylýardy... Ol kabul edilişigiň şerti hakynda gazetlerde çap edilen maglumaty okanda juda biynjalyk boldy. Türkmenistanyň ýokary mekdeplerine girjekler mukaddes Ruhnamadan ekzamen bermelidi, Rossiýa gitjekler türkmen taryhyndan ekzamen tabşyrmaly diýip ýazylypdyr. Ruhnamadan başga-da türkmen taryhy barmyka? Ol mundan bihabardy. Oglan öz islegine görä göwün ýüwürdýärdi: men geologiýa ugrundan okajak, okamaly ýerim Rossiýa, dilim rus dili. Beýleki ekzamenlerden gowy bahalar aldym, indi taryh diýip, Ruhnama diýip, ýolumy baglap durmazlar-a! Ekzamen alýan mugallymyň bolşy ony gorkuzdy. Mugallym bulançak gözlerini dikip, onuň ýüzüne salymly seretdi, soňam ýakymsyz äheň bilen: – Türkmen taryhy diýlende sen öňi bilen nämäni göz öňüne getirýäň? – diýdi. Düşbi okuwçy bada-bat diline gelen sözi aýtdy: – Ruhnamany! Mugallym düşünmesi kyn manyda ýylgyrdy. – Mukaddes sözüni galdyrdyň. – Bagyşlaň, mugallym. Mukaddes Ruhnamany göz öňüne getirýän. – Berekella. Indi sen bir sowala jogap ber: Oguz hanyň näçe ogly bolupdyr, atlary bilen aýt. Bu kyn sowal däl, häki ýöne, göz üçin sowal berip görýändir, hä diýmän gowy baha goýup goýberer diýip çak eden okuwçy höwesli jogap berdi: – Oguz hanyň alty ogly bolupdyr: Gün han, Dag han, Aý han, Gök han, Ýyldyz han,.. onsoňam... Deňiz han! Mugallym içki dabarasyny gizläp bilenok, bulançak gözleri ýakymsyz ýylgyrýar. – Umuman alaňda dogry – diýdi. – Ýöne sen tertibini bozduň, bulaşdyrdyň. Okuwçy aljyrady. – Bilýän, bilýän-ä, mugallym... häzir... Birinji aýalyndan: Gün han, Aý han... onsoňam, Dag han. Ikinji aýalyndan: Gök han, Ýyldyz han,.. onsoňam, Deňiz han... – Ýene bulaşdyrdyň, Ýyldyzy Dag bilen çalşyrdyň. Eýýäm Oguz hanyň gahary geldi. – Hä-ä, indi ýadyma düşdi, häzir aýdaýyn, mugallym!.. – Men duýdurmadyk bolsam näderdiň? Düzetmezdiň, ýalňyşanyňam bilmezdiň. Oglanlaryny çalşyrsaň eneleri gan aglarlar, sen Oguz hanyň öňünde ýazykly bolar galyberersiň. Sen ýene bir ýyl Ruhnamany öwrenip gel. Ruhnama ýurdy ýene bir geologdan mahrum etdi. Saparmyrat Nyýazow öldi, Ruhnama hökümini ýöredýär. Fransuz alymynyň aýatolla Homeýni hakda aýdan bir sözüni Ruhnama ýöňkäm aýtmaly bolsa: “Ruhnama orta asyrdan XXI asyr türkmenlerine atylan ok boldy” diýmeli. Ol feodal Nyýazowyň diktaturasynyň ruhuna öwrüldi. XX asyryň ýigriminji ýyllarynda esasan tire-taýpa bölünşiginde ýaşap gelen türkmenleri sowatly etmek üçin bolşewik häkimiýeti ähli ýerde likbezler açypdy. Likbez – sowatsyzlygy ýok edýän mekdep. Soňra onlarça ýylyň dowamynda türkmenler hökmany dört, ýedi, sekiz, on ýyllyk bilim aldylar. Islänler ýokary okuw jaýlaryny gutardylar. Sowada, bilime imrigen halk siwilizasiýa goşulypdy. Zenanlar başlaryndaky agyr topbudan, erkekler çokaý-çäkmenden, silkme telpekden el çekipdiler. Bulara garaňky geçmişiň alamatlary hökmünde garalýardy. Saparmyrat Türkmenbaşynyň başizm ideologiýasynda, Ruhnamanyň ruhy gulçulygynda ýetişen nesilleri siwilizasiýa dolamak üçin ýene bolşewikleriň tejribesini ulanyp, likbezler açmaly bolsa gerek. Bilim alyp, dünýägaraýyşy Ruhnamanyň dar gurşawyndan boşap başlanda ýaşlar bir meňzeş geými, tahýany zyňarlar, azat dünýä mahsus şahsy erkinlikden dem alarlar. Şu ýerde bir hakykata ünsi çekmekçi bolýaryn. Ruhnamanyň nesline gul psihologiýasyndan, gul endiginden ara açmak ýeňil düşer öýdemok. Ýüz ýyl öňki türkmenler bisowat hem bolsalar gul psihologiýasyndan azatdylar. Türkmenleriň ýaşap gelen tire-taýpa düzgüninde adamlary gula öwürmek şerti bolmandy. Türkmenlerde gulçulyk endigini döreden bolşewikçilik ideologiýa boldy, soňra şol ideologiýanyň sadyk guly Saparmyrat Nyýazow öz halky babatda ony gözilginç ýagdaýa ýetirdi. Taryh iki hörpde gaýtalanýar: birinjisi tragediýa, ikinjisi fars görnüşinde diýilýäni türkmenler babatda-da tassyk boldy duruberdi. Maý-iýun, 2009-njy ýyl. Kitabyň soňy. 1998-1999-njy ýyllar. 2009-njy ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |