19:07 Hakyda: Milli ideýa gözlemelimi? | |
11. MILLI IDEÝA GÖZLEMELIMI?
“Türkmenleriň öz ýoly bolmaly. Şu günki günde ýeke-täk türkmen döwletinde elini serip ýören adam ýokdur. Munuň ýaly döwleti görmersiňiz, oglanlar!” Saparmyrat Türkmenbaşy. Türkmeniň milli idealy bolupmydy diýen sowala bolupdy diýip jogap beripdik. Ideallar, ideýalar tarpdan gözläp tapylanok, olar halkyň ösüş ýolundaky zerurlyklardan döreýär. Zerurlygyň gözbaşyndaky alamatlary jemgyýetiň ähli agzasynyň duýmagy, bilmegi hökmanam däl, bilibem bilmezler. Olary öňi bilen ezber şahslar, akyldarlar duýýarlar. On sekizinji asyryň ortasynda dörän böwşeňlik Döwletmämmet Azadynyň kalbynda türkmeniň bir döwlete birleşmek idealyny oýarýar, “Wagzy-Azat” traktatyny ýazmagy talap edýär, keseden talap eden ýok, zerurlyga özi düşünip, özi ýazýar. Türkmen illeriniň arasynda agzybirlik, hoşniýetli gatnaşyk, ykdysady hyzmatdaşlyk durmuş kadasyna öwrülmedik ýagdaýynda bir döwlete birigip bolmajakdygyna düşünen Magtymguly şygyrlarynyň üsti bilen şahsa elýeterli bolup biljek idealy öňe sürüpdi: her bir türkmeniň ynsanperwerlige, ruhy sagdynlyga gol ýapmagyny arzuwlap, ony hakyň ýolunda ruhy azaplara döz gelmäge çagyrypdy. Adamzadyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny ildeşleriniň kalbyna guýmak isläpdi, nesihatyna ten berilmedik ýagdaýynda ýanyp-bişipdi, nalapdy. Ýigriminji asyryň aýagynda türkmeniň bir idealy amala aşdy, özbaşdak döwletli boldy. Ol ýigriminji asyryň dowamynda munuň üçin göreşmändi, soňky nesiller döwlet gurmagyň ideal bolandygyny-da unudypdylar, sowet imperiýasynyň gurnap beren respublikasyndan gaýry garaşsyz bir döwletiň zerurlygyny-da duýanokdy, ony gurup boljagyny oýuna-pikirine getirmese natjek! Eger özbaşdaklygy gudrat hasap etmeli bolsa, bu gudrat dünýädäki ägirt öwrülişikleriň zarbyna duýdansyz pille türkmeniň başyndan inen alamat boldy diýmeli. Uly maşgala darganda, öň atasynyň ojagynda ümsümje iýip-içip, gulagy dynç, üleşikden sähelçe zada kaýyl bolup ýaşan ogul üçin birden öz eli, öz ýakasy bolmagyň gümürtikligini, ätiýajyny göz öňüne getiriň, indem şol ogluň ornunda türkmeni goýuň. Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň partiýa-sowet ýolbaşçylary imperiýada galmak umytlaryna palta urlandygyna halys göz ýetirenlerinden soň, emeldarlygyň islendik situasiýadan bähbit aramak endigine eýerip, bu bulaşyklygy haýal etmän syýasy zerurlyga öwürdiler, hamala, halkyň idealy dabaralandy diýip, şowhun turuzdylar. Döwlet möçberinde ony kanunlaşdyrdylar. Halk bolsa, bu ýagdaýy nobatdaky syýasy kompaniýadan parhlandyryp bilmän, gulagyny ýapyryp ätiýaçly garaşýardy: ýene bir hileli oýna baş goşulan bolmasyn?.. Has dogrusy, düýnki güne gaýdyp gelinjegine umyt baglaýardy. Ýüz beren alan-aldylykdan öňki sowet emeldarlarynyň ertekidäki ýaly tiz baýamagy başaran ýokary gatlagy bolsa, sowet propagandasyndan öwrenilen endik bilen, gulak asylýanyna-asylmaýanyna üns berip durman, taryhy öwrülişigi öz ýeňşi hökmünde beýan edip, gerek ýerinde zorluga ýanap, gorkyny has-da artdyryp, milli ideýalara dalaş edýän çärelere ýüz uruberdi. Göze dürtülýän etmişlerini, säwliklerini geçiş döwrüniň dünýä tejribesinde ykrar edilen gutulgysyz nogsanlyklary hökmünde düşündirmäge indi halys ram etdiler gitdiler. Dogrudan hem häzirki geçiş döwri diýilýän zamanda peýdalu-peýdasyz gözleglere ýüz urulýanyny geň görmeli däl, olaryň köplenç peýdasyz gutarýandygyny öňde goýulýan maksadyň nirä geçiljek bolunýanynyň aýdyň däldigi bilen düşündirse bolar. Şonuň üçinem halkyň uzak geçmişine romantiki öwüşgin berip, ondan häzirki jemgyýete kabul ederlik ideal ýasamaga synanşyklaryň edilýändigi hakynda-da aýdyp geçdik. Eger jemgyýet hakykatdanam dünýä siwilizasiýasynyň ösüş ýoluna ygrarly bolmak isleýän bolsa, geçmiş oňa ideal bolup bilmez. Her bir ideal özüni döreden döwrüň önümidir. Taryhy yza serpikdirip bolmaýşy ýaly, geçen döwrüň idealyny-da üýtgewsiz dolap bolanok. Eger geçmişe dolanmaly diýilýän bolsa, bu ýagdaý täze ýoly tapmaga, ukypsyzlykdan gelip çykýar. Geçmiş milli ideal bolup bilmez, ýöne islendik idealyň döwrebaplygyny seljermekde oňaýly sapak bolup biler. Men ýazyjy hökmünde halkymyzyň taryhy bilen gyzyklanýaryn, ony magtanmak üçin öwrenemok, halkyň taryhy ykbalyna, durmuş ýoluna düşünmek, şu günki ýagdaý bilen baglanyşygy yzarlamak, hemaýat berjek delilleri ýüze çykarmak maksady bilen öwrenýärin. Türkmeniň geçmişini juda mahabatlandyrýan, ony ideal derejesine götermek isleýän adamlaryň, badyhowalygyny göremde, dogrusy, serine neşäniň keýpi uran adamlaryň göçgünliligi ýadyma düşýär. Olara gulak assaň, asyl dünýä türkmenden döräýen bolsa natjek! Amerikany, Kanadany açanlaram türkmenler ekeni. Türkmeniň atyndan başlap itine çenli, balagyndan başlap, possunyna çenli, ähli zady artykmaç, deňsiz-taýsyz, dilleriniň aýdýanyny gulaklary eşitmeýän bu kişileriň şahsyýetine üns berip görüň, olaryň köpüsi düýn: “Lenin pygamberim, Marks hudaýym” diýýärdiler. Olar düýn proletar internasionalizminiň deňzinde gulaçlap ýüzen bolsalar, bu gün milli dona dolanýarlar. Öňde biri eşegini ýitirenmiş. Il-güne ýüzlenip: “Eşegimi tapana göleli sygyr berjek” diýip gygyrýarmyş. “Akmak, göleli sygryň ýanynda haram eşek nämemiş, agzyň aýdýanyny gulagyň eşidýärmi?” diýenler. “Işiňiz bolmasyn, men entek hudaýy aldaýan” diýip jogap beripdir. Olaryň pozisiýasy şu anekdotdaky morala gabat gelýär. Sowet Soýuzynyň dargandygyna garamazdan, öňki sowet respublikalarynyň köpusinde “halk intelligensiýasy” diýilýän topar häkimiýete garaşlylygynda galdy. Geň-taňlyk ýok. Ol gatlak öňem ideologiýanyň emri bilen kemala getirlipdi. Oňa totalitar düzgünde ýaşamak amatly, öwrenen gylygy, düşünjesi şol düzgüniň tebigatyna gabat gelýär. Ideologiýanyň ülňüsinden çykyp, garaşsyz pikir etmäge synanyşýan şahslar ol gatlagyň gözüne döwletiň garşysyna baş götermäge meýilli bozgaklar bolup görünýär. Olaryň hyzmatyna gol ýapylýan jemgyýetde milli ideýa diýlen meseläniň orta atylmagy negatiw hadysalara getirip biler. On dokuzynjy asyryň alýmyşynjy ýyllarynda türkmenler özleri hakynda wenger syýahatçysy Wamberä şeýle diýenler: “Biz bir belsiz-başsyz halk, ol bize derkaram däl, biz bir hörpdaki gyradeň adamlar, her kim özüne patyşa.” Bu ýerde hakykatyň beýanyndan başga-da, öz erkinliklerine buýsanç duýgusynam aňsa bolýandyr. Wamberi türkmenleri galtamançylykda, garakçylykda aýyplan hem bolsa, olara mankurt häsiýetli adamlar diýmandir, milli hem şahsy mertebeleriniň, adatlarynyň basgylanmagyna kaýyl boljak ýeke türkmeni-de görmändir. “Türkmenler hemişe batyr hem gaýduwsyz garaýyşlary, buýsançly hem söweşjeň sypatlary bilen parhlanýarlar” diýip ýazýar. Hawa, türkmenler alamançylyk edipdirler, gul-gyrnak satypdyrlar, ýesirleri horlapdyrlar, biz bu taryhy faktlary inkär edip bilmeris, ýöne ynançlaryndan aňsat-aňsat dänmändirler, halal bilen harama parh goýupdyrlar, haramdyr öýden zadyna el urandan, janyny berenini amatly görupdirler. Iliň öňüne düşýän adamlardanam şu ýörelgä eýermegi talap edip bilipdirler. Biziň günlerimizde etraplaryň birinde, uly öwlüýäde telim mal öldürilip sadaka berildi. Mähelle bary üýşdi, olaryň arasynda emeldarlaram, ýaşulularam, mollalaram bar. Sadaka ýygnanmak bu günki türkmen durmuşynda adaty ýagdaý. Bu sadakany aýratyn dile getirýändigimiziň sebäbi, ili ýygnan adamyň kimdigi bilen bagly. Ol adam ýurduň uly emellerinde işlän, galplykda, ogurlykda ýakasyny tanatdy diýlip, Prezidentiň permany bilen wezipesinden kowlupdy, garşysyna jenaýat işi gozgalyp birnäçe ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, ýeke gün bendilikde oturdylman, ýene Prezidentiň permany bilen günäsi ötülen kişi. Ol indi ýygnan haram malyndan ile göz edip, sadaka berýär, ýitirilen ynamy dolamagyň aladasyny edýär. Etrapdan ýygnanan mähelle hakynda aýdaly. Olar sadaka berýäniň kimdigini, onuň sadaka çykarýan harjysynyň haramdygyny bilýärler ahyry! Olar duz-tagam iýip, aýat okap, hudaýdan näme dileg edendirler öýdýärsiňiz? Öňi bilen sadaka berýäne bereket, rowaçlyk, jan saglygyny diländirler, özlerem merhumlaryň baş ujunda oturyp dileg edýärler, bu dilege gabyrda ýatan bendeleri-de dahylly edýärler. Eýse, bu adamlara mankurtlar diýseň gelişmezmi?! Sadaka ýaly mukaddes sahawaty köpçüligi mankurtlaşdyrmak üçin ulanmak, ideologiýanyň hyzmatyna kybapdaş emele gol ýapmakdyr. Şol mankurtlardan: sadaka beren kişä ýene wezipe, il-günüň ykbalyny ynanalyňmy diýip sorasaň, “elbetde!” diýip jogap beriljegine güwä geçse bolar. Ine, öňki türkmen bilen soňky türkmeniň parhly ýeri! Ýöne 150 ýyl ozal Wamberiniň duşan türkmenleri bilen şu günki meniň aralarynda ýaşap ýören türkmenlerimiň mentalitetleri başga-da bolsa, olaryň, ikisine-de mahsus bir alamat bar: olaryň töwerekden üzňeligi, ykballaryna keseden garap, halka mahsus giňlikde analiz bermäge ukypsyzlyklary. Öňki türkmenlere ýaşaýyş şertleri, ylym-bilim babatda ýüzleýlik päsgel beripdir diýsek, häzirki türkmenlerde ýeterlik bilimem bar. Emma mankurt derejesindäki adam ylym alany bilen şahsyýet derejesine göterlip bilmeýär, özbaşdak, erkin pikir etmäge, şoňa kybapdaş ýaşamaga endigi ýok. Oňa ylym-bilim köpüň içindäki bellenen çäklije ornuny saklamak üçin gerekdi. Köpçülikden, kollektiwden çykyp, ýekelikde, öz başarnygyna baýrynyp gün görmek onuň üçin ölüme barabar. Şahsy pikir, şahsy inisiatiwany ilden çykmak ýaly edepsizlik görýär, ölse-de, galsa-da köpçülik bilen boljak. Onuň eý görýän köpçüliginiň, rusçalap aýtsak, tolpasynyň erkini kimler özüne tabyn edip biler? Şol tolpanyň içinden çykan, onuň psihologiýasyna düşünýän adam tabyn edip biler. Mähelle aglaba özünden çykan adama gulak asýar, ygtybarly görüp, şonuň yzyna düşmäge höwes edýär. Mankurt hasiýetli bu köpçülik üçin demokratiýanyň, köppartiýalylygyň, söz azatlygynyň böwedini birden açyp goýbermek jemgyýetde başly-baratlygy, haosy-da döredip biler. Türma höküm edilen, haram maldan sadaka bermäge utanmaýan emeldaryň köplügi yzyna tirkäp, öz partiýasyny düzüp biljegine şübhe edemok. Häkimligi almak üçin zerurdyr öýden ýerinde haýsydyr bir milli garyndyly ideýany öňe sürmekdenem, tire-taýpa patriotizmine gol ýapmakdanam çekinmez. Hany, onuň syýasatyndaky çyna berimsiz ýalany, hiläni bada-bat seljerip biljek köpçüligi nireden aljak? “Sen köpçüligi beýle tüntdir öýdýärmiň, olar sowet mekdeplerinde bilim alan adamlar-a!” diýersiňiz. Dogry, ýöne ýüze çykan ikinji bir hakykaty-da unutmalyň. Sadaka ýygnanan köpçülik gün-güzeran jähetden elgarama ýagdaýa düşen adamlardan ybarat. Sadaka baryp, teýli nahardan bir gezegem bolsa, garynlaryny doýurmak olaryň hantamaçylyk instinktine häsiýetli zat. Garamaýak köpçülik gara bokurdagyň aladasy bilen sergezdan. Gara garnyň aladasyna maýyl adamlar seniň milli ideýaňa, demokratiýaňa bokurdagyň nukdaýnazaryndan garaýarlar. Beýle ýagdaýda olaryň başyny aýlamak kyn däldir. Aslynda türkmen söz azatlygy diýen düşünjäniň nämedigini bilmeýärdi. Döwleti bolmadygy kim sözden kesjek bolup dur. Her kim tiresiniň, taýpasynyň içinde göwnündäkini açyk aýdyp bilipdir, ony azatlykdyr hem öýtmändir, tebigy bir endik ýaly görüpdir. Gazetiň, radionyň nämedigini sowet zamanynda bildik, näme aýtmaly, näme ýazmalydygy ideologiýanyň undewine görä kesgitlenýärdi, başga hili bolup biljekdigi köpçüligiň paýhasyna-da gelenokdy. Söz azatlygy diýen düşünjäniň ýakymyny Gorbaçewyň jar eden üýtgedip gurmak, aç-açanlyk syýasatyndan soň ýaňy duýup başlapdyk, hemmämiz diýsem juda ýalňyşaryn, az sanly topara ýetipdi. Dogry zada dogry diýeliň, biz, türkmenler, sowet döwründe-de şol sistema mahsus demokratiýanyň çäginden çykmalydyr öýtmändik, köp halatda şonuň gerimine-de ýetip bilmändik. Rus awtorlarynyň merkezi neşirlerde çap edilýän eserlerinde problemalaryň batyrgaý goýulşy türkmen awtorlaryna elýetmez çäkdi. Her birimiziň senzorymyz kalbymyzda sarsman otyrdy, onuň syýasy hüşgärligi döwlet senzorynyň tagalla etmegine zerurlygam goýanokdy diýse-de bolar. Biz milli ideýalary ýazgaryp, hatda “milli” diýen söze iňňän hatyrjem garap ulalan adamlar-a! Türkmeniň aňly-düşünjeli diýilýän uly bölegi henizem demokratiýa diýen düşünjä baş-başdaklygyň, anarhiýanyň şerbaşyçysy hökmünde garaýar. Bu garaýyş demokratiýanyň duşmanlary üçin tapylgysyz zat. Men türkmen jemgyýetini demokratiýa uýgunlaşdyrmagyň taýyn modelini hödürlejek bolamok. Bu ugurda kelle döwýän adamlara sähel wagtda kommunizm gurjak bolşumyz ýaly ham-hyýaldan ägä bolmagy maslahat berilse diýýän. Hakyky daýhanyň tohum taşlaýan topragynyň häsiýetine beletligi bilen parhlanýandygyny ýatlatmaly. Agzybir, rowaç diýlip ýörlen uly maşgalanyň owsaryny mäkäm tutup gelen adam ölenden soň döreýän dawa-jenjele häli-şindi gabat gelse bolýar. Agzalalyga getiren sebäpler maşgalabaşynyň ölmezinden has öň döreýär, ýöne dowam eden despotizm olaryň ýüze çykmagyna ýol berenokdy. Sowet respublikalarynyň agzybir maşgalasyndan döredi diýlen SSSR-de totalitar häkimiýet sähel gowşan dessine ýüz beren konfliktler ýadyňyzdadyr. Soňra konfliktler aýry-aýry halklaryň içinde dowam etdi. Sowetleriň düzüminde ýaşalan soňky parahatlyk ýyllarynda käbir halkyň wekilleri mümkin bolan ýerde öz halkynyň ruhy hem milli bütewiligini mazamlap, garaşsyzlygyň berilmeýäninden zeýrenýärdiler. Garaşsyzlyk jar edilen dessine şol ýerde-de graždanlyk urşy ýüz berdi, öňki magtanmalyryň esassyzdygyny aýan etdi. Milli bütewilik hakyndaky ynam günbatar demokratiýasyna häsiýetli ugurlaryň zarbyna çydamady, düýn milli jebisýilik barada agzynda aş gatyklan adamlar toparlara, partiýalara bölünip, häkimiýet kürsüsini eýelemek üçin biri-birleri bilen ganly çaknyşyklara baş goşdular. Ýüze çykan tragediýanyň esasy sebäpleriniň biri, olar halkyň buýsançly geçmişini ideallaşdyryp, geçmişiň romantikasyndan özleriniň şu günki sypatlaryna häsiýetli bolmadyk mertebe ýasajak bolmagyň ýoluna düşmekleri, iň ýamany-da, şoňa özleriniň hem ynanmaklary. Emma gum böwet sil saklamaýar. Real durmuşyň döreden dartgynly synagynda olar ideallaşdyran geçmişlerine kybapdaş şahslar hökmünde hereket etmegi başarmadylar, sowet totalitar režiminiň döreden sürä çalymdaş, kollektiw diýlip atlandyrylan köpçüliginiň agzasy bolandyklaryny bildirdiler. Depesinde ýumrugyň zoruny duýmadyk halatynda kollektiwde döreýän tekepbirlik şahsy egoizmi öjükdirýär, onuň derbi-dagyn ediji energiýasyny milli bähbide tarap ugrukdyrmak juda müşgil problema öwrülýär. Halkyň paýhasyna daýanýan bir güýjüň zerurlygyna düşünip, dürli toparyň wekilini birleşdirip biljek, bir topar öz bähbidini iliň bähbidinden ýokarda goýmak hyýalyna baş uran halatynda onuň garşysyna kanunyň diktaturasyna mahsus berk çäreleri ulanmaga ukyply guramany döretmezden jemgyýetde asudalygy saklamak başardar öýdemok. Bu wezipäni berjaý etmek öňi bilen milletiň içki gaýymlygyna baglydyr. Eger ýalňyşmaýan bolsam, bu synag pursaty entek türkmenleriň öňünde dur. Türkmenistanda ýaşaýanlar hem sowet mentalitetindeki adamlar. Olar döwletiň hossarlygyna, onuň emläginde öz paýlarynyň bardygyna, deň hukukly raýatdyklaryna ynanyp ösüpdiler. Ykdysady taýdan gyradeňlik olaryň buýsanjydy diýseň bolar. Elbetde, bu günki urdumşalykda talaňçylyk, peýdakeşlik, para bilen kaşaň jaýlar saldyryp, gymmatbaha maşynlar münüp ýörenleriň tutumy olary kemsidýär, onda-da dulundaky emläkleri zora ýanalyp alynýan ýaly kemsinýärler. Şeýle-de bolsa, mertebelerini goramakda esasy roluň ahyr pellede özlerine degişlidigi barada oýlanjak hem bolanoklar, bu wezipäni ýene döwletiň üstüne atýarlar, ýene ondan çyn hossarlyga garaşýarlar. Häzirki döwletiň başgadygyna-da, onuň kanunlarynyň üýtgändigine-de paýhas bilen göz ýetirjek bolanoklar, gaýta sowet sistemasynyň dolanyp gelerine göwün ýüwürdýärler. Kesesinden garanyňda olarda biwagt ene-atasyny ýitiren çaganyň bialaçlygyny duýsa bolýar. Olar depelerinde oturan emeldarlara ynanmasalaram, şolary emeldar hökmünde ulanyp ýören hökümete, döwlete ynanaslary gelýär. Olaryň bu ynançlaryna juda belet emeldarlar ýene olary döwletiň adyndan aldaýarlar. Günbataryň ösen ýurtlarynda şahsy erkinligiň çäksizligi, maddy baýlygyň aşa artmagy, ony gazanmagyň juda pragmatik ýollary adamlary ruhy jähtden hem şol derejede baýlaşmaga getirmeýär ekeni diýen pikir Gündogarda demokratiýanyň daşardan täsir edip biljek gymmatlyklaryny inkär etmeli diýen işeňňir çagyryşlaryň döremegine sebäp bolýar. Günbataryň demokratiýasy ruhy sütüne direg bolýan milli däplere, her bir halka mahsus özboluşly psihologiýa ýok bolup gitmek howpuny döredýär diýýärler. Bu howpuň öňüne böwet bolmakdan ötri öňe sürülýän modelleriň, milli ideýalaryň, goý, olar yslamyň prinsipleri bilen bagly bolaýsyn, bu olaryň bärden gaýdýan tarapydyr, dünýä möçberindäki syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklara bolan zerurlygyň inkär ediljek bolunmasydyr. Bu ýagdaý döwlet möçberinde feodalizme mahsus ýapyk galada ýaşamaga islegdir, onuň simwoly hökmünde başy çadraly aýallary görkezse bolar. *** 1999-njy ýyl başdan-aýak Türkmenistanda Ruhnamanyň gürrüňi edildi. Onuň zaňy geldi, özi gelmedi. Ilki sentýabrda, soňra ýylyň aýagynda ýaşulylaryň maslahatyna hödürlener diýip, Prezident söz berdi. Hödürlenmedi. Emma ýazylmadyk kitap hakynda ýazylan mahabatlandyrmalary bir ýere toplasaň onuň möçberiniň ençeme toma ýetjegine güwä geçse bolar. Eýse, Ruhnama näme? Ol milli ideýamy? Ol näme maksat bilen ýazylýar? Geliň, Ruhnama hakynda ilki dil ýaran adamyň, Prezident Saparmyrat Türkmenbaşynyň düşündirişini okalyň: “Ruhnama millete gerek, jemgyýete gerek. Ruhnamanyň umumy halk bähbidi bar. Ruhnamanyň umumy millet bähbidi bar, Ruhnamanyň umumy döwlet bähbidi bar. Şahsyýetler Ruhnamany kabul eden mahalynda, jemgyýet gowy tarapyna özgerer. Döwlet – Ruhnama, döwlet – jemgyýet, döwlet – millet, millet – şahsyýet, şahsyýet – Ruhnama, şularyň özara gatnaşyklarynam biz Ruhnamada doly kesgitlemeli. Ruhnama döwletiň çykaran resmi kanunlary däldir. Ruhnama – ol türkmeniň kalbyna erkin siňjek, türkmeniň kalbyny baýlaşdyrjak bir uly gudrat bolmalydyr! Keramatly kitaplar diniň, üsti bilen adama täsir edýärler. Olar Hudaýdan gorkmagy, Taňra çokunmagy, haramlyk etmezligi ündeýärler. Ruhnamanyň olardan tapawudy – Ruhnama türkmeniň kalby bolmaly, türkmeniň ykbaly bolmaly, her bir adam ony okanda özüniň ýoluny görmeli – tapmaly”. Ruhnama meselesini orta atan adamyň bu beýanaty birgiden sowal döredýär. “Tapmaly” diýlende ýitirlen zat ýadyňa düşýär. Belki, halk Ruhnamadan Wamberiniň üns beren gudratyna, ýagny göze görünmän dagynyk türkmeni asyrlap edara eden, ýok bolup gitmek howpundan dyndaran häkimligiň – adatyň gudratyna dalaş etjek gudrata garaşmalydyr? Sowet ideologiýasynyň agalygynda kemala gelen nesiller adatyň emri bilen ýaşamaga boýun bolarmyka? Belki, Ruhnama häzirki zamanyň häsiýetli aýratynlyklaryny-da inkär etmeýän ortalyk bir ýoly salgy berer? Şahsyýet derejesine ýeten adamlara mahsus erkin pikirlere hormat goýmagy jemgyýetçilik kadasyna öwrer? Eger şahsyýetler Ruhnamany kabul etmeseler, olara jemgyýeti gowy tarapa özgertmäge päsgel berýän adamlar hökmünde garalmazmy? Ruh adamyň şahsy ynanjy bilen bagly ahyry. Moraly, ahlagy jemgyýetçilik kanunlary bilen baglap bolýar, emma ruh örän inçe, ony jemgyýetçilik faktory hökmünde duýmak kyn. Din adam ruhunyň hudaýyň ruhundan şöhlelenýändigini nygtaýar, ýöne bu garaşlylyk şahsyýet derejesine göterilmäge adama päsgel bermeýär, şahsyýet hudaýa ynanjyny öz etmişlerini seljermekde zerur ölçegiň biri hökmünde ulanýar. Hudaý şahsyýetiň pynhan syryna, ygtybarly söhbetdeşine öwrülýär. Adam ondan ruhy güýç alýar. Diniň keramatly kitaplarynyň ruhy gymmatlyklaryndan tapawutlanmaly, türkmeniň kalby, ykbaly, geljegi bolmaly diýilýän gudratly Ruhnamanyň üýtgeşikligi, belki, onuň niýet edilen halkyna mahsus haýsydyr bir özboluşlylygy, artykmaçlygy bilen baglydyr? Gudrata garaşmaga adam hemişe höwesli bolýar. Ol haçan, kim tarapyndan hödürlenerkä? Bu çaka çenli keramatly, gudratly kitaplar pygamberler tarapyndan hödürlenipdi, ýa-da olaryň mazmuny pygamberleriň ömür beýany bolupdy. Adamzat soňky iki müň ýyllygyň ahyrynda yzdaky iki müň ýyllyklaryň aýagynda bolşy ýaly täze bir gudraty göräýjekmikä? Türkmenbaşy biziň bilesigelijiligimizi has-da gyjyklady. Ol: “Çaga enesiniň göwresinde galan we dünýä inen pursatyndan başlap, tä şu jahandan geçýänçä adamyň ykbaly Ruhnamada öz beýanyny tapmalydyr. “Bu mesele her bir adamyň şahsy işi” diýjeklerem tapylar. Ýok, beýle däl. Geljekki nesilleriň saglygy, geljekki nesilleriň ykbaly şahsy mesele däldir.” Beýle üzül-kesil aýdylan sözi eşidip, beh, biz ýene-de öz ykbalymyzyň eýesi bolmaly däl-dä! diýeniňi duýman galýarsyň. Birdenem: gudratly Ruhnama eýýäm biziň Prezidentimize gowşan bolmaly, ol asmandan inderilen gudrat bolsa gerek diýýärsiň. Saparmyrat Türkmenbaşy ýörite çagyran maslahatynda ýokarky sözleri aýdan dessine ýeteşikli, ezber şahyr Baýram Jütdiýew gudratly kitabyň eýýäm ýazylandygyny tolgunyp habar berdi: “Saparmyrat Türkmenbaşy, biz Ruhnama bilen ýaşap ýörüs. Özem eýýäm näçe ýyl bäri ýaşap ýörüs. Meniň pikirimçe, türkmeniň beýik Ruhnamasy 1990-njy ýylyň maý aýynda Siziň ýolbaşçylygyňyzda, Siziň adyňyz bilen döwlet serhetleri açylanda başlandy. Şondan bäri biz Ruhnama bilen ýaşap ýörüs. Ruhnama eýýäm biziň ganymyza siňdi. Ruhnama eýýäm türkmeniň täze bir neslini ýetişdirdi. Biz şol Ruhnamany baýdak edinip, beýik Serdarymyzy diňläp, özboluşly döwlet gurup bildikmi? Gurup bildik! Bitarap bolup bildikmi? Bolup bildik! Derejeli türkmenler bolup dünýa çykyp bildikmi? Çykyp bildik! Adama bagtly bolmak üçin mundan uly nähili Ruhnamanyň gerekdigini men bilmedim. Meniň pikirimçe, Saparmyrat Ataýewiçiň ähli aýdanlaryny, bütin uzyn taryhymyzdan şu güne çenli, şu günden ertirlere çenli dahylly ähli pikirlerini bir kitaba jemläp, orta goýmaly. Şol kitabam ýetirmeli derejesine ýetirmeli. Şonda ol türkmeniň hakyky beýik Ruhnamasy bolar. Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň ruhudyr. Şonuň üçinem biziň çykarjak kitabymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasydyr!” Şahyryň bu sözleri ençeme toma ýetjek mahabatlandyrmalaryň özenidir. Häzirki türkmenleri esasan iki topara bölse bolar. Birinji topar, gepleýänler, has takygy, geplemäge rugsat gazananlar. Ikinji topar, geplemeýänler. Birinji topar köplenç ýalan sözleýär, ýa-da agzyna salnyp berlen sözleri aýdýar. Bu topar ynsaba däl-de, bähbide gulluk edýär. Ikinji topar geplemegi özüne uslyp bilenok, ýa-da çekinýär. Dil ýaran halatynda çynyny aýtmaly boljak, belanyň iki barmak dilden gelýänini bolsa bilipjik dur. Birinji toparyň çyny-da ýalan bolup eşidilýär, ikinji toparyň ýalany-da çyn ýaly. Ýöne çynçylaryň sanynyň köpdügine garamazdan, ses çykarýanlarynyň juda azlygy, üssesine-de sesleriniň gulaklara ýeterden ýuwaşlygy zerarly, olaryň hyşy-wyşysy birinji toparyň galmaglynyň arasynda bütinleý ýitip gidýär. Iki topara-da mahsus bolan umumy alamat barmy diýilse, hawa diýmeli, ol alamat biperwaýlykdyr. Birinji topar aýdýan sözleriniň manysyzlygy, ýa-da many bolaýanda-da onuň sözlerine dahylsyzlygy üçin biperwaý. Söwdagärem satan harydynyň soňky ykbaly bilen gyzyklanmaýar, unudýar, bular üçinem söz satuwa çykarylan haryt mysaly. Geplemeýänler bolsa, dogry sözleriniň ýer almajakdygyna ynanýandyklary üçin biperwaý. Iki biperwaýlygyň jeminden türkmeniň mentalitetine mahsus biperwaýlyk, jähennemçilik döreýär. Juda sadalaşdyryp aýtsak, türkmeniň “bolýa-da” diýmesiniň gözbaşy şu ýerden gaýdýar. Gepleýän topar bütin ýyly ýazylmadyk Ruhnamanyň şowhuny bilen geçirdi, geplemeýänler bolsa, olara tomaşa etdiler. Olar üçin bu şowhun oýun kemi ýok, emma ykballarynyň şol oýna baglydygy barada oýlanmaga olarda höwes duýlanok, biperwaýlyk olaryň erkini ysmaz edipdir. Olar hatda birinji toparyň jar edýän geňliklerini hasaba almaga-da ýetişenoklar. Birinji topar türkmeniň müň ýyl ruhy ýörelgesi bolmaly diýlen Ruhnamany ikinji Gurhan diýip atlandyrdy. Olar iki Gurhanyň bolup bilmejekdigini magat bilýärler. Olar Saparmyrat Türkmenbaşyny Allanyň ýerdäki wekili, pygamber ornundaky adam diýip başladylar, çykyş edýärler, gazetlere ýazýarlar, Prezidentiň ýüzüne göni aýdýarlar. Nyýazow muňa ýok diýenok. Hatda ýaşulylaryň maslahatynda ony pygamber diýip jar etmeli diýen teklip hem orta atyldy. Gygyrýanlaram, Nyýazowyň özi-de musulmanlaryň iň soňky pygamberiniň Muhammetdigini bilýär, täze pygamber hödürlemegiň geçirimsiz günädigine-de belet. Zoroastrizmiň keramatly kitaby Awesta, ýehudylaryňky Töwrat, hristianlaryňky Injil, musulmanlaryňky Gurhan. Zarduşt, Awraam, Iisus, Muhammet keramatly kitaba güýç beren taglymaty döretmekde zerurlyk duýupdyrlar. Halklary bir hudaýa ynandyryp, bir hudaýa bakdyryp, butparazlygyň, taýpa pytraňňylygynyň soňuna çykýarlar, güýçli döwletleriň döremegini, öz halklarynyň, dünýäniň ykbalyny çözmäge gatnaşmaklaryny üpjün edýärler. Ýeri, indi ýigriminji asyryň aýagynda düýnki Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynda pygamber döredip, şol pygamberiň ady bilen müň ýyllyk Ruhnama diýen gudratly kitaby hödürläp, türkmenleriň gazanjak bähbidi näme diý!? Gepleýän topar muny türkmeniň hiç kimiňkä meňzemeýän ýolunyň barlygy bilen düşündirmekçi bolýar. Watana, Prezident Saparmyrat Türkmenbaşa wepalylyk hakynda kanunyň güýjündäki Kasama-da türkmeniň öz ýoluna mahsus çäre diýdiler. XXI asyr türkmeniň altyn asyry diýip yglan edildi, eýýäm biz altyn asyrda ýaşap ýörüs diýip ýazýarlar. Türkmen üçin kasamyň nämedigini öňde aýdypdyk. Indi altyn asyr barada. Rus ýazyjysy Dmitiriý Merežkowskiý “Dirilen hudaýlar. Leonardo da-Winçi” atly romanynda 1497-nji ýylda Milanyň hökümdary gersog Moronyň uly dabara gurap, on altynjy asyry Italiýanyň altyn asyry diýip yglan etjek bolşuny ussatlarça suratlandyrýar. Altyn asyryň simwoly hökmünde bir oglanjygyň bedenine altyn çaýýarlar. Çaganyň saglygy üçin munuň örän howpludygyny duýdursalaram, oglanyň kakasy telpegi agan, garyp çörekçi sähel pula razy bolýar. Dabara gidip durka, hökümdaryň aýaly betbagtlyga uçraýar, märeke “altyn çagany” taşlap gidýär. Soňra tenine çaýylan altynyň aýylganç täsiri zerarly altyn asyryň simwoly bolmaly neresse oglanjyk beýik hudožnik Leonardo da-Winçiniň elinde jan berýär. Yz ýanyndanam Milany fransuzlar basyp alýar. Elbetde, men öz ýurdumyň, ilimiň, üstüne beýle betbagtlyk iner öýdemok, ýöne “altyn asyrlaryň”, kasamlaryň dünýäde köp gezek gaýtalanandygyny, pygamberleriň, gudratly kitaplaryň bizden öň tapylandygyny, iliňkä meňzemeýän öz ýolumyzy tapmagyň bize kyn düşjekdigini aýtmakçy bolýaryn. Bir esseçi ýazyjynyň örän ýerlikli aýdan sözi hakydama gelýär: “Diňe garyp durmuşdan döreýän kembahalygyň örän agyr kompleksi öz ýolumyz diýip gygyrmaga mejbur edýär” diýýär. Türkmeniň gepleýän toparyndan özüni ýazyjy atlandyrýan bir kişi Ruhnamanyň maslahatynda şeýle diýdi: “Türkmeniň Ruhnamasy mukaddes kitap. Aslynda ony biziň ýazyjylarymyz, akyldarlarymyz ýazyp bilerlerem öýdemok. Sebäbi taglymat akyldarlar, şahyrlar tarapyndan döredilenok. Taglymat, mukaddes kitaplar hudaýyň nazar salan adamlary tarapyndan döredilýär. Muhammet pygamberden bäri näçe asyr geçdi, näçe akyldar geçdi, ýöne ol akyldarlar jem bolanlarynda-da, islänlerinde-de hiç hili mukaddes kitap döredip bilmediler. Ruhnamanyň türkmeniň mukaddes kitaby bolmagy üçin ol Siziň sözleriňizden çykmaly diýip pikir edýärin.” Soňra Saparmyrat Türkmenbaşy telewideniýede çykyş edip, gudratly Ruhnamany özüniň ýazmakçydygyny, esasy ugurlary öz durmuş ýoly bilen utgaşdyryp beýan etjekdigini, ony halkyna hödürländen soň ýaşulylar geňeşiniň kabul etmelidigini aýtdy. Eger ýaşulylar geňeşiniň ýurduň iň ýokary döwlet organy bolan Halk maslahatynyň düzümine girýändigini hasaba alsak, onda Ruhnama kanuny güýje eýe bolar. Şundan soň Türkmenbaşynyň keramatly dini kitaplar bilen gudratly Ruhnamanyň arasyndaky tapawudy düşündirişine mazalyja üns beriň, logiki netije çykarjak boluň. Din – ynanç, diniň güýji ynançda. Din ynanýanlaryň kalbynda hakyň ýoluna ynanjy döredip, ornaşdyryp bilýär. Olaryň takdyryny, ykballaryny hudaýyň ýoluna, keramatyna baglaýar, Gurhan – kelamulla, Allanyň sözi. Diýmek, onuň awtory Alla. Türkmenbaşynyň düşündirişine görä, Ruhnama türkmeniň kalbyna öwrülmeli, türkmen ykbal çözgüdini Ruhnamada görmeli. Her bir türkmen öz durmuş ýoluny diňe Ruhnama görä kesgitlemeli! Ruhnamanyň awtory “hudaýyň nazar salan adamy” – Saparmyrat Türkmenbaşy bolmaly. Diýmek, türkmen awtoryň, görkezmelerine doly boýun synmaly. Boýun synmaly diýenimizi Türkmenbaşynyň düşündirişine salgylanyp aýdýarys, sebäbi, ol öz ýazýan kitabynyň diniň üsti bilen adama täsir edýän kitaplardan tapawutly bolmalydygyny aýtdy. Keramatly kitaplaryň güýji dini ynançlarda bolsa, Türkmenbaşynyň gudratly kitabynyň güýji nämedekä? Elbetde, ynanja bil baglanmadyk halatynda kanunyň mejburylygyna bil baglamak galýar, başga ýol ýok. Görüň-ä, biz bu ýerde-de öz ýolumyz diýdik-de, ýene diktaturanyň ýoluna gol ýapýandan bolduk duruberdik! Ýöne her näme-de bolsa, bu diktaturany türkmençe atlandyryp başladylar, oňa türkmenbaşyzm diýdiler. Täze bir syýasy-filosofik ugur dünýä ensiklopediýalaryna türkmeniň ady bilen girse gerek diýip, guluň gomalyşyna meňzeş buýsanç bilen gabarylmaga-da oňly ýetişmedik, alagadan “türkmen” sözüni zyňdylar-da, diňe başyzm diýip başladylar. Ýa-da başyzmy türkmeniň döredip biljegine ynam edilmedimikä? Eýse, başyzme milli ideýa diýip bolarmy? Halka dahylly ediljek bolunýan islendik ideýanyň döwrebaplygy, durnuklylygy onuň gündelik durmuş akymyna oňyn täsir edip bilişine baglydyr. Başyzm täsir etmegiň degerli faktorlary hökmünde esasan iki ugra üns berýär: 1. Uzak geçmişi propagandistik maksat üçin ulanmak. 2. Watana wepalylygy serdarçylyk ideologiýasyna baglamak. Meniň çakyma görä, hödürlenmeli wagty eýýäm üç gezek yza süýşürilen Ruhnamanyň esasy ugry-da ýokarky iki faktoryň töwereginde jemlense gerek. Soňky alty-ýedi ýylyň dowamynda Türkmenistanda garaşsyzlygy gaňryp alyp berdi diýilýän Saparmyrat Türkmenbaşynyň zamanynda döredilen ideologiýa kem-kemden iki faktora labyryny atyp, indi hem olary, hamala, jemgyýetiň gutarnykly, jedelsiz netijesi hökmünde Ruhnamanyň üsti bilen kanunlaşdyrmagy niýet edinen bolarly. Bu niýet başardarmyka? Gürrüňsiz! Döwlet maşynynyň bir adamyň islegine tabyn edilen ýurdunda bu sowaly berip oturmagyň asla geregi-de ýok. Onsoňam, gepleýän topar ýazylmadyk Ruhnamany okuw jaýlarynyň programmasyna girizmegi aýak diräp talap edýär ahyry! Ikinji sowal ýüze çykýar: Ruhnama täze milli ideýa hökmünde başyzmyň halkyň aňyna, ruhuna gaýym ornaşmagyny gazanarmyka? Bu örän kyn sowal. Munuň kynlygyny nygtamakdan ötri, meselä öz garaýyşymy beýan etjek bolaýyn. Birinji. Haýsydyr bir ideýanyň, ideologiýanyň, onuň propagandasynyň bähbidi bolan ýerde taryh real, çynlakaý öwrenilmeýär, ol geçmişden özüne gerek sahypany sogrup alýar, öz haýryna faktlary galplaşdyrmakdan hem gaýdanok. Bu ugurda sowet ideologiýasynyň tutumy ýeser görelde bolup biler. Häzir geçmişde türkmeniň beýik halk derejesine göterilip bilendigini mazamlamagyň ýoluna düşüldi. Bu niýet bilen gurnalýan propagandistik şowhunlaryň, baş awtory, baş režissýory, baş aktýory Prezident Saparmyrat Türkmenbaşynyň özi. Diňe şonuň görkezmesi, meýli, niýeti esasynda geçmişe aralaşylýar, taryhy şahslar diňe şonuň beren bahasynyň ölçeginde, ülňüsinde öwrenilýär. Biri anyk öwrenilmän, çakdanaşa mahabatlandyrylýar, beýlekisiniň üstüne atanak çekilýär. Ylmy taýdan öwrenilmedik, ýa-da ýaňy öwrenilip başlanan döwürlere degişli, biziň günlerimize esasan rowaýatlaryň, eposlaryň gahrymanlary hökmünde ýeten atlaryň töwereginde türkmeniň real taryhyny döretmegiň aladasy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Beýle edilmegi ýöne ýerden däl. Milletçiligiň, milli aýratynlygyň humary serine uran adamlar legenda äheňindäki gürrüňlere ýeňil ynanýarlar. Dilden aýdylyp gelnen eposlaryň, dessanlaryň täsirem onuň üssesine. Iň degerli, iň gerek tarapy-da çynlakaý öwrenilmedik uzak geçmiş romaýntiki duýgulary artdyrýar. Ol duýgular döwür, şahsyýet bilen bagly ýiti, agyr sowallaryň döremegine ýol berenok. Hakykat doly aýan bolanda romantikanyň ýelgini peselýär, adamlary aldamak kynlaşýar. Türkmenleriň telim imperiýany gurandygy bilen bagly mahabatlandyrylýan zamanlar taryhy hakyda hökmünde bu günki türkmen nesilleriniň aňyna ornamandy. Şonuň üçinem Oguzhanyň, onuň ogullarynyň, Salyr Gazanyň, Göroglynyň, Seljuk soltanlarynyň gahrymançylygy, olaryň guran imperiýalary halkyň milli buýsanjyna öwrüldi diýsek dogry bolar öýdemok. Sebäbi sowet ideologiýasy bizde taryhy geçmişimize biperwaý garamak endigini döredip bilipdi. Ol biperwaýlygy aradan aýyrmak häzirki tutuma başardar diýmäge mende ynam ýok, sebäbi häzirki tutumyň hem esasy ugry, usuly sowet ideologiýasyna häsiýetli bolan usula gabat gelýär. Sowet taryhy öwreniş ylmy ideologiýanyň göwnüne görä diňe synpy göreşiň frontyndaky gündelik ýeňişleri täze eýýamiň beýik taryhy hökmünde görkezmegiň aladasyny edeni üçin halkyň geçmişini äsgermezlik edýärdi, taryhda aýgytly rol oýnan wakalaryň, döwürleriň üstüne atanak çekýärdi, ýa-da olary nädogry düşündirýärdi. Häzirki tutumyň geçmişiň uzak gözýetimlerine hyrydar garap, düýnki güni, ýagny, rus hem sowet imperiýalarynyň düzüminde ýaşalan taryhy döwri duýmajak bolmagy, ýa-da oňa diňe otrisatel äheňde baha berjek bolmagy şol döwrüň öňe çykaran görnükli şahslaryny diňe garalamagyň ýoluna düşülmegi medalyň beýle tarapy dälmi näme!? Ulanylýan çäreleriň tapawutly ýeri ýok. Kommunistler täze diýlen zamanyň hatyrasyna köne döwri halkyň hakydasyndan süpürip aýyrmak üçin, meselem aýdaly, geografik atlary ideologiýanyň mazmunyna görä üýtgeden bolsa, Türkmenbaşy öz başyzm ideologiýasyny total ornaşdyrmak aladasy bilen öňki “arassalaýyşdan” sypyp galan gadymy atlary-da aýryp, olary jar eden “altyn asyryna” kybapdaş boljak atlar bilen çalşyrmaga perman berdi. Bularyň ikisi-de bir usul. Türkmenbaşy düýn Nyýazow atly kommunistkä wepalylyk görkezen usulyna şu günem wepaly bolup galýar. Şol ideologiýanyň içinden geçen adamlar muňa gowy düşünýärler. Täsirini entek ýitirmedik sowet döwrüni unudan kişi bolmagyň aňyrsynda şol döwür bilen bagly jogap talap edýän sowallardan gaçmak islegi ýatyr. Ýa-da görnükli şahslaryň mertebesini püçege çykarmak Saparmyrat Türkmenbaşynyň täk özüniň beýik bolmalydygyndan ugur alnyp edilýär, şu maksada eýerilýändigine halk köpçüligi düşünip otyr, şonuň üçinem ol uzak geçmiş barada şol bir äheňdeki ýüregedüşgünç mahabatlandyrmalara biperwaý. Ikinji. Başyzm Watan düşünjesini ideologiýanyň ülňüsine tabyn etmekde tagalla baryny edýär. SSSR döwründe watan hakynda ürç edilip aýdylan meşhur sowet aýdymynda: “Watan nämeden başlanýar?” diýen sowal berilýär. “Watan seniň harplygyňdaky suratlardan başlanýar” diýlen jogap bardy. Harplykdaky suratlar Sowet Soýuzynda önüp-ösenlere mälimdir. Harplyklaryň dürli dilde ýazylandygyna garamazdan olardaky suratlar bir meňzeşdi. Ýer togalagynyň altydan birini tutup ýatan SSSR-iň gyzyl reňke boýalan kartasy hem-de gyzyl ýyldyz bilen alamatlandyrylan Kreml – Moskwa, beýik Sowet döwletiniň beýik paýtagty! Soňra halklaryň çyn howandary, biziň halklarymyzyň, şol sanda türkmen halkynyň-da beýik serdary Leniniň portreti. Watan öňdemi ýa-da beýik serdarymyz Lenin? Bu sowal gönüden-göni berilmedigem bolsa, Leniniň öňdeligini biziň çaga kalbymyz aňýardy, duýýardy. Bize Sowet Watanymyzy Lenin babamyz berdi diýip, mugallymlar häli-şindi gaýtalaýardy. Ideologiýa Watandan öňe düşüpdi. Türkmenistanda ideologiýa häzirem Watandan öňde. Garaşsyz Watany bize beýik serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy berdi diýilýär, çagalara öwredilýar. Kremliň ornunda Türkmenbaşynyň altyn gümmezli köşgi goýuldy. Türkmenbaşynyň portretleriniň, heýkelleriniň umumy sany sowet serdarlarynyňkydan ýüz esse köpdür. Hamala, bu ugurda Sowet Soýuzynda ýetmezçilik duýup, indi ony öz serdarymyzyň hasabyna duzetjek bolýana meňzeýäris. Türkmenbaşy: “Biziň Watanymyz nähili bolmaly, biziň özümiz nähili ýaşamaly, çagalarymyz we nesillerimiz nähili ýaşamaly, indi muny biziň özümiz çözmeli” diýdi. Türkmenbaşynyň öňde goýan bu wezipesini çözmekde zehinini gaýgyrmaýan ideologlaryň iň görnüklisi Durdymuhammet Gurbanow türkmene serdaryň zerurlygyny düşündirýän makalasynda şeýle ýazdy: “Biziň umumysowet serdarlarymyz kändi, ýöne biziň öz ganymyzdan hem janymyzdan, öz ruhumyzdan hem emer-damarymyzdan syzylyp çykan SERDARYMYZ welin ýokdy. Garaşsyzlyk bize diňe bir Döwletli, Konstitusiýaly, Baýdakly bolmagy däl-de, eýsem bize hakyky SERDARLY, hakyky BAŞLY bolmaga-da şert döretdi. Elbetde, bu zatlaryň barysy Allanyň emri bilen bolýandyr.” Ideologyň bu sözlerini inkär etmek asla mümkin däl. Bu garaşylmadyk pursaty Allanyň emrine baglamak bilen, ol taryhy öwrülişigiň halk tarapyndan, Türkmenbaşy tarapyndan amal edilmändigini, gudratyň duýdansyzlygy ýaly bir zadyň bolandygyny boýun alýar. Allanyň emri bilen serdarly, başly bolnandygyny tekrarlaýar. Soňra-da materialistligini edip, Allanyň emrinden dörän gudratyň ýene bir eýesiniň-de halkdygyny aýtmaga howlugýar: “... bu ýerde ýönekeýje bir logika bar, eger tutuş halk, tutuş millet bolup, şol adamy özüňe BAŞ saýladyňmy diýmek, şol BAŞA-DA gulak asmak gerek, çünki ol BAŞ seniň Döwlet BAŞYŇDYR. Dünýäde bolsa öz döwletiňe, öz Watanyňa gulluk etmekden kämil gulluk, megerem, ýok bolsa gerek” diýýär, soňra halkyň öňünde anyk wezipe goýýar: “Biziň her birimiz üçin indi öz türkmen döwletimize gulluk etmek, öz SERDARYMYZYŇ diýeni bilen bolmak döwri gelip ýetdi. Bu döwür beýik döwürdir, ajaýyp döwürdir, türkmenleriň asyrlar boýy arzuw eden döwrüdir”. Işeňňir hem düşbi ideologynyň takyk tekrarlamasynyň özi üçin nähili gymmatlykdygyny Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle düşündirdi: “Adamlar Watanyny söýse, ýurduny söýse, bir başa hormat goýsa, meniň iň uly demokratiýam şol!” Soňra Türkmenbaşynyň “iň uly demokratiýasy” kanun derejesinde ýurduň ähli raýaty üçin hökmany edilen Kasamda öz beýanyny tapdy: “Eger-de men Türkmenistan Watanyma, Prezidentim Saparmyrat Türkmenbaşa dönüklik etsem, goý, meniň ömrüm kül bolsun!” Ählihalk möçberindäki mejbury Kasam demokratiýanyň alamaty bolup bilmez, ol totalitar düzgüniň alamatydyr. Serdarçylyk ideologiýasyny türkmeniň geçmişine häsiýetli gymmatlyk hökmünde görkezmäge, başyzmyň taryha çuň kök uran daragtdygyny ynandyrmaga juda jan eden D. Gurbanow ýene şeýle ýazýar: “Gorbaçýowyň eýýamynda SSSR diýen ägirt imperiýanyň iň günorta hem garaňky künjünde XX asyryň aýagynda syýasy arena Saparmyrat Türkmenbaşynyň çykmagynyň özem asla tötänlik däldi. Türkmen halky şeýle adamyň döremegini ilki bilen-ä Beýik Türkmen imperiýasy ýykylandan soňra gaty köp asyrlap, ondan soňra bolsa orus patyşasy tarapyndan kolonial süteme sezewar edilenden tä häzirki güne çenli garaşypdy”. Öni bilen-ä Gurbanow “Beýik Türkmen imperiýasy” diýende anyk döwletiň adyny aýtmaly ekeni, ýogsa, biziň bilýän taryhymyzda Beýik Türkmen imperiýasy diýlip, hiç döwletiň ady tutulmaýar. Onsoňam, türkmeniň serdarçyl halk bolmandygyny onuň soňky telim asyryň dowamyndaky durmuşy, jemgyýetçilik gatnaşygy, mentaliteti subut edýär.Türkmenleriň arasynda bolan syýahatçylar, taryhçy alymlar hem şu ýagdaýy belläpdirler. “Türkmeniň hersiniň özüne patyşadygyny” Wamberä aýdan türkmeniň sözünden başga-da, XIX asyr-da Günorta-Günbatar Türkmenistana aýlanan P. Lessaryň maryly tekeler hakynda ýazanyny mysal getirip biljek: “Hanlaryň hem ýaşulularyň maslahaty her haçan hiç zatsyz gutarýar. Gepleýärler, gygyrýarlar, şonuň bilenem dargap gidýärler. Islän-ä hanyň buýrugyna boýun bolaýýar, islemedigem özüne peýdalysyny edýär. Duşmançyl meýilli adamlar ýa-da maslahata atylan meselä biperwaýlar barjagam bolanoklar, sebäbi gelinjek kararyň hiç kimi borçly etmeýändigini gowy bilýärler”. Dogrusyny aýtsaň, türkmenlerde “serdar”, “beg” diýen titullaryň mazmuny türki halklaryň idealy bolan “batyr” sözüne golaýdyr. Serdar, beg diýlende ýurdy edara edýän adam, häkim göz öňüne-de gelenok. Olar köplenç taýpanyň, iliň üstüne ýagy dökülende öňe çykypdyrlar. Howpdan dynylandan soň hukuk taýdan tiredeşleri bilen deňleşipdirler, artykmaç hukuga dalaş etjegem bolmandyrlar. Soňky birnäçe asyr ählitürkmen serdarynyň orta çykmandygyny halkyň taýpa pytraňňylygynda, döwletsiz ýaşandygy bilen düşündirse bolar. Başyzmyň tekrarlaýan serdarlyk ideologiýasy türkmenleriň aňyna bolşewizmiň serdarlarynyň kultuny ornaşdyrmak arkaly girizilipdi. Täze ideologlar şol ýörelge bilen gitmegi amatly gördüler. Başyzm milli ideýa däldir, hatda ol milli ideologiýa-da däldir. Milli ideýa ideologlaryň tagallasy bilen döredilmeýär. Ol durmuşyň, halkyň süňňünden syzylyp çykýan zerurlygyň jemgyýetçilik aňyna edýän täsiriniň jeminden döreýän faktordyr. Başyzm türkmençiligiň tebigatyna düýbünden çapraz gelýän hadysa. Onuň düýp mazmuny-da, propagandistik usullary-da sowetçilik döwrüniň mirasydyr. Oňa stalinizmiň aýratyn alnan kiçijik bir ýurtda dikeldiljek bolunmasy hökmünde garasa bolar. Stalinizmiň uly imperiýanyň möçberindenem daş çykandygyny, adamzat siwilizasiýasyna täsiriniň bolandygyny nazarda tutsaň, başyzm onuň gurjak görnüşinde sahna çykaryljak bolunýan kopiýasyna meňzeýär. Ol keseden garanlarda diňe gülki döredýär. Meniň çakyma görä, Türkmenbaşy tarapyndan ýazylmaly, “halkyň müň ýyllyk ruhy ýörelgesini kesgitlemeli” Ruhnama-da kiçijik sahnada çeper höwesjeňler tarapyndan dowam etdirilýan belli syýasy oýnuň fars görnüşine niýetlenen goşmaça bolar. Saparmyrat Türkmenbaşa halkyň atasy, beýik serdary, beýik mugallymy, howandary diýilmegi, garaşsyz ýurtda mazamlanýan Esasy kanundan çykylyp, onuň ömürlik Prezident edilmegi, bäş ýylyň dowamynda dört gezek Gahryman diýen adyň berilmegi dowam edýän farsyň zannyna häsiýetli alamatlardyr. *** Men ýazgymyň ahyrynda türkmenleriň bir däbiniň ýitirlen gowy taraplarynyň dikeldilmeginiň zerurlygyna ünsi çekmekçi bolýaryn, ýöne oňa nobatdaky milli ideýa hökmünde garalmagyny ýa-da türkmeniň ýene bir artykmaçlygy diýip, onuň mahabatlandyrylmagyny islämok. Gep maşgala, maşgalanyň, mertebesi hakynda barýar. Türkmeniň esasy terbiýesi maşgalada geçipdir. Çaga zähmet endigini, ene-ata, dogan-garyndaşa, ululara, däp-dessura, çyn söze sarpa goýmagy, myhmana, duz-tagama, hakyň ýoluna hormaty, dosty-duşmany tanamagy, söweş endiklerini, mertligi öňi bilen maşgalada öwrenipdir. Türkmenlerde şahsyýeti kemala getirmekde maşgala döwletiň, jemgyýetiň wezipelerini hem öz üstüne almaly bolupdyr. Türkmenler: “Arym köýenden imanym köýsün” diýenlerinde ozaly bilen maşgalanyň namysyny göz öňünde tutupdyrlar. Türkmenler maşgalasynyň abraýy, goragy üçin pida çekmäge, zerur ýerinde janyny bermäge-de ýaýdanmandylar. Dogrusyny aýdaly, türkmene maşgalasy watandan ileri bolupdyr. Watan diýen mukaddes düşünjäni öňi bilen maşgalasynyň rahatlygy, ösňemäge mümkinçiligi bilen baglapdyr. Bu ýagdaýa has içgin düşünmek isleýänler türkmenleriň düşen taryhy, syýasy şertlerine üns bersinler. Bu günki türkmen maşgalasy hemişeki mukaddesligini ýitirdi. Ogul-gyzy ahlak kemsidilmelerine duçar edilende türkmen ölümden gaýry ylalaşygy juda kyn görüpdir. Bu gün tenini satmaga mejbur bolan gyzlarymyz, neşäniň derdeserine maýyl ogullarymyz ene-atalar üçin namys ölçegi bolmaklaryny bes etdiler. Eger biz türkmeniň ykdysady, ruhy galkynyşyny isleýän bolsak, öňi bilen türkmen maşgalasynyň galkynyşyny gazanmaly bolsak gerek. Şeýdilen ýagdaýynda ata-babalarymyzdan galan gowy däplerimizi-de göwnejaý işledip bileris, halkyň mertebesini öz maşgalasynyň mertebesine deňäp, onuň bähbidine gezek gelende şirin janyny orta goýmakdan-da çekinmejek gerçekleri, şahslary ýetişdirip bileris! Beýle agyr pida gitmek üçin ýene bir şert zerur: jan bermäge mynasyp Watanyň bolmalydyr. Bu zerurlygy raýatlarynyň duýmagyny isleýän döwlet, häkimlik öňi bilen maşgalanyň, onuň agzalarynyň erkinligini, graždanlyk hukuklaryny goramagy özüniň esasy wezipesine öwürmelidir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |