18:40 Hakyda: Nä zamana nä hyýal | |
8. NÄ ZAMANA NÄ HYÝAL!
“Ýigit söweşde, garry geňeşde belli.” Halk pähimi. Halkyň geçmişini ideallaşdyrmak meýilleri jemgyýet syýasy hem ykdysady krizise batyp, ondan çykmagyň aýdyň ýoly tapylmaýan halatynda has-da aşgär bolýar. Sowet zamanynda, durgunlyk diýlip atlandyrlan ýyllarda agalyk edýän ideologiýa bu meýillere juda gabanjaň garapdy, ony milletçiligiň ýüz bermeginden bir alamat hökmünde basyp ýatyrmaga çalyşýardy, şol bir mahalda-da inisiatiwany öz eline almak maksady bilen, halkyň däp-dessurlaryna täzeçe many bermeli diýen şygar astynda işewür propaganda başlapdy. Bu çäräniň garaşylan netijäni bermändigini aýdyp geçipdik. Sowet häkimiýeti ýykylsa-da, adam ölende onuň ruhunyň ýitmeýşi ýaly, sowet ideologiýasy hem ýok bolup gidenok, ol öňki sowet respublikalarynyň jemgyýetçilik durmuşynda häli-şindi duýlup dur. Totalitar imperiýanyň ägirt giň ýaýrawynda belentlige dalaş etmek endigi, ýagny, gigantomaniýa indi garaşsyzlygyny heçjikleýän kiçi döwletiň çägine sygdyryljak bolanda gülküli ýagdaýlar döreýär. Kommunistik partiýanyň serdarlyk ideologiýasyna tabynlykda kemala gelen täze serdarlar beýik taryhly beýik halkyň serdarlary bolmagy küýsediler. Şu jähetden olar milli dahyllylykdan ýokarda duran sowet ideologiýasyna millilik duýgusyny garyp, sowet halky diýilýäniň unikallygyny hem öz milletine ýöňkemäge göwün ýüwürdýärler, palto diýlip tanalýan geýime milli donuň ýeňini, ýakasyny oturdyp, ajaýyp bir geýim tikjekler. Taryha-da täze mazmun, milli öwüşgin bermegi talap etdiler. Beýik serdara mynasyp täze taryh ýazmaly! Halkyň sanyny bada-bat köpeltmäge gudratlary ýetmese-de, beýik taryhy ýazdyrmaga erkleri ýetýär, bu ugurda sowet serdarlarynyň taryh ylmynyň başyna salan oýunlary birkemsiz nusga bolup biljek. Diňe synpy nukdaýnazary milli nukdaýnazar bilen çalşyraýmaly. Gaýtadan ýazylmaly köne täze taryhda-da serdarlar öz orunlarynda, depede galmaly. Olar ruhy bendilikden halys göýdük bolan halky imperiýanyň ganly penjesinden “halas edenleri” bilen oňman, oňa köne däp-dessuryny-da gaýtaryp berýänden bolýarlar: alyň, hezil ediň, ýöne bu eşreti kimiň berendigini unudaýyjy bolmaň! Elbetde, halkyň serdary iň belent şahs bolmalydyr. Halk şahs derejesine göterlip bilen erkege är diýipdir, diýmek, serdar ýöne-möne är däl, belent är! Ýigit köp, emma är ýigit az. Öýlenen erkege-de är diýýärler, eger onuň aýalyna erki ýetmese, maşgalanyň keşigini çekmegi başarmasa, ony “är jan” diýip kiçeldýärler, ýeser ýeri-de aýallar şeý diýýärler. Magtymgulydan bir setir: “Döwletli är gerek söweşde serhoş”. Iki goşun ýüzbe-ýüz gabatlaşanda orta çykan batyr: “Är dileýän” diýip gygyrar ekeni, özüne mynasyp duşman sorapdyr. Magtymguly: “Eý ýaranlar, är ýigidi är tapar” diýen bolsa, halk: “Ärden är dörär” diýipdir. Umuman, Magtymgulyda är diýen düşünjä berlen alamatlar halkyň garaýyşy bilen doly gabatlaşýar. Sowet döwrüniň, ösdürimleri är sözüne aglaba bir manyda, ýagny, aýalyň äri manysynda düşünýärler. Şonuň üçinem, serdara beýik är diýseň ýylgyrjaklaram tapylman durmaz. Är sözünden şahsyýet diýen manynyň ýitmegi totalitar režimiň tutumy bilen bagly. Ol režim şahsyýet derejesine göterlen adama, türkmençeläp aýtsak, är çykan adama juda ätiýaçly garaýar. Ärleriň, kalbyna mahsus bolan erkinlik duýgusyndan ýokanç kesel ýaly gorkýar. Är bolmak meýilleri milletiň durmuşynda zerurlyga öwrülmedik halatynda är sözi, onuň manysy bilen bagly däp-dessurlar etnografiýanyň, folkloryň, düşündirişli sözlügiň çäginde galyberýär. Halk owadan rowaýatlar döredipdir. Mysal. Bir ötegçi çarwa obasynyň üstünden gelýär, gabat gelen öýüň gapysyndan baryp, myhman alaýsaňyz diýýär. Myhman ýeriň ýeke gara öýi bar ekeni. Öý eýesi darykman, geleni güler ýüz bilen garşylaýar, tapdygyndan hezzetläp, gije çagalarynyň gapdalyndan ýer salyp berýär. Myhman ýigit öý eýesiniň ýetişen gyzy bilen ýanaşyk ýatmaly bolýar. Ertesi hoşlaşyp gidip barýarka ýolda pikir edýär, gül ýaly gyz gapdalymda ýatdy, men akmak lak atjagam bolmandyryn diýýär-de, aýlanyp gün ýaşanda ýene dolanýar. Ýene myhman alýarlar, ýöne gyzyň gapdalyndan düşek salanoklar. Ertesi ýigit munuň sebäbini soraýar. Öý eýesi: “Sen ikinji gezek ýaman niýet bilen geldiň” diýýär. Bilse-de, myhman almakdan ýüz öwürmändir, ýüz öwürse, halkyň myhmanparazlyk däbine şikest ýetirdi diýjekler. On dokuzynjy asyrda türkmenleriň arasynda bolan syýahatçylar, şol sanda alym P. Ogorodnikowyň ýazgylaryna salgylanyp aýtsak, eger ötegçi nätanyş obanyň üstünden gelip, birinji öýüň deňinden geçägeden, ikinji öýde myhman düşäýse, birinji öýüň eýeleri gaty kemsiner ekeni. Halkda: “Myhman ataňdan uly” diýen söz bar. Myhmanparazlyk döwletliligiň alamaty. Türkmenler bir adamy tanajak bolanlarynda: “Döwletli maşgaladan çykanmy?” diýip soraýarlar. Maşgalanyň ýagdaýyna garabam onuň terbiýesini kesgitlemäge çalyşýarlar. Asyryň ortalarynda-da: “Ojak gyzyp bilmeýän bolsaň, saňa gyz berip bolmaz” diýip, öýlenjek ýigide gyjyt bererdiler. Bu sözüň allegoriki manysy bar, ojak gazyp bilmeýän ýigit maşgalany-da oňarmaz diýen ynanjy aňladýar. Ojak maşgalanyň simwoly. Elbetde, bular patriarhal zamanyň rituallary, bu gün olaryň durmuşylyk manysyna üns berip ýören ýok, olar bilen köplenç etnograflar, folklorçylar gyzyklanýarlar. Ýa-da türkmençiligiň artykmaçlygy hökmünde mazamlanýan myhmanparazlyga döwür öz möhrüni basmadymy näme! Ýigriminji asyrda oturymly durmuşa ymykly öwrenişen türkmenleriň gulagyna ýokarky owadan rowaýat ata-babadan galan öwüt-ündewiň obrazlaşdyrylan çeper beýany bolup eşidilýär. Häzirki zamanyň ulag ýagdaýynda, myhmanhanalaryň köplüginde şäherler-ä beýlede dursun, kolhoz obalarynda-da bimahal çagy myhman alyň diýip, gapy kakýan seýrekdir. Bir bendäniň dar jaýynda gijesini geçirjek myhman tapylaram öýdemok, dogan-garyndaş bolsa başga gep. Bu gün ýurduň, halkyň myhmana bolan gatnaşygy bir mahalky gara öýünde gyzynyň gapdalyndan myhmana düşek atmaga çekinmedik türkmeniň sadalygy, açyklygy bilen kesgitlenmeýär, myhmanhanalaryň anjaýynlygy, her kime elýeterli bolmagy, keseden gelenleriň arkaýyn gezmegini üpjün edip biljek düzgün-tertibiň ýola goýulsy bilen kesgitlenýär. Hakyny töle-de ýaşaber! Dünýäniň ähli ýerinde şeýle. Patriarhal döwre häsiýetli bolan däp-dessurlary ozalky bolşunda dikeltmeli diýip gygyrýan ideologlar munuň başa barmajak synanyşykdygyna düşünýärler, ýöne häzir şol kompaniýa olara ýeser ýapyşalga. Daşky forma bilen içki mazmunyň bütewi bolmalydygyny olar leninçilik taglymatdan öwrenipdiler. Gyrmyzdon, ak telpek, aýallaryň milli lybasy, gara öý – bular daşky formanyň elementleri, olarsyz däp-dessurlary görkezmek, propagandirlemek gelşiksiz boljak. Ertekiniňem özüne laýyk beýan ediş stili bolýar. Däp-dessurlaryň teatrlaşdyrylan şagalaňy ruhy, medeni garaşsyzlygyň zannyna laýyk arassa milli sungatyň täze bir badalgasy bolmalymyş, git-gide onuň gerimi artyp, köpçülik, soňra tutuş halk bu oýna gatnaşmaly, halkyň özi artistlik etmeli, perman bilen halk artisti diýen at berip, aýry-aýry adamlary parhlandyrjak bolmagyň zerurlygy-da bolmaz. Köpçüligiň bir ýüzi bolýar, bir ýüze gabat gelmejek sungata üns bermegiň derkary-da ýok, diýmek, Şekspire, Çehowa, Molere, Gogola zerurlyk ýok. Halka öz döreden ertekileriniň has ýakyn bolşy ýaly, oňa öz paýhasyndan çykan pähimleri aýdyp bermeli, onda-da köpçüligiň aňyna ýarajak, onuň gaýymlaşmagyna ýardam etjek pähimleri saýlamagy başarmaly, goý, adamlar köpüň beýnisi bilen pikir etmäge, köpüň ugry bilen gitmäge endik etsinler! “Köprüden il geçdimi, senem geç”, “Dinden çyksaň çyk, ilden çykma”, “Ýeke bolup ýol tapandan il bilen azaşanyň ýagşy” diýlipdir-ä! Bu meselede häzirki görkezilýän ýeserlige haýran galaýmaly. Gazetlerem pähimden doly, radioda-da, telewideniýede-de näçe diýseň okalýar! Men halk pähimleriniň gymmatyny peseltmek hyýalyndan daşda duran adam, ýöne olaryň doga ýaly jedelsiz hakykata öwrülmegini unamok. Durmuşda täze ýüz berýän ahwalatlary könäniň ülňüsine gabat getirjek bolnup juda azara galynýar. Beýle synanşyklaryň nämä alyp barýandygyny rus filosofy Nikolaý Berdýaýew baryp asyryň başlarynda jaýdar aýdan ekeni. Paýhas ölçegi hökmünde hemişe diňe halk pähimleriniň öňünde baş egmek endigi Rossiýada täze pikirleriň döremek mümkinçilikleriniň öňüni alýardy diýip ýazýar. Halk pähimleri uzak tejribäniň jeminden döreýär, her bir tejribäniň bolsa anyk döwrüň önümidigine üns beriň. Onda sowetler döwründe: “Bagly kolhoz – ýagly kolhoz”, “Agitatory adamsyz ýerden gözleme” diýen ýaly pähimleriň dörändigini mysal getirmek bilen, döredijiligiň bu görnüşi nähili dowam etdirilýär diýip sowal berse bolar. Elbetde, garaşsyzlyga çykylany bilenem uzak tejribäniň jemine garaşyp oturmaga wagt ýok. Adatça, bu zerurlygyň çözgüdini sowetler zamanynda-da, häzirem beýik serdar derejesinde görülýän partiýa, döwlet ýolbaşçylary öz üstlerine almaly boldular. Pähim döretmegiň klassyk nusgasy hökmünde Staliniň aýdanlaryny getirse bolar: “Adam ýok, problema-da ýok” ýa-da: “Däne bolsa nan bolar, däne bolmasa, nan bolmaz”. Durgunlyk ýyllary esasan Brežnewiň pähimleri hödürlenipdi. Mal semredilýän fermanyň öňünde onuň: “Oty köpüň maly dok” diýip, gysgadan aýdylan, jedel edip bolmajak pähiminiň asylyp goýlany ýadymda. Garaşsyz Türkmenistanyň beýik serdary Saparmyrat Türkmenbaşynyň gysga döwre garamazdan, pähimleriniň iki tomy çykdy. Onuň: “Agaç köp bolsa, saýa köp bolar” diýen pähiminden soň ýurdy tutuş çarbaga öwürmegiň zerurlygyna düşünen garamaýak halk haýdan-haý pile ýapyşdy diýip habar berildi. Pähim eşitmäge halys ram eden köpçüligi ondan mahrum etmegiň özi ýaramaz faktlaryň ýüz bermegine getirip biler diýen ätiýajyň bolmagy-da ähtimaldyr. Meselem, aýdaly, agzyboşlaryň, okumyş ýekeçanaklaryň sözüne gulak gabardylsa nätjek? Zerur bolan halatynda halk pähimlerini serdarlaryň pähimi bilen çalşyryp ýa-da utgaşdyryp bolar. Pähime juda öwrenişen gulaga nähili bolanda näme, parhlandyrmaga onuň ukybam ýetesi ýok, ýetäýende-de pikir etmäge onda höwes bardyr öýtmäň, sebäbi taýýar pähim barka pikir näma derkar! Onsoňam pikir diýen aýylganç zat hökman dili herekete getirer. “Bela iki barmak dilden geler” diýenem bir halk pähimi bar-a! Äý, ýaşasyn pähim! Arada köpçüligiň bir wekili telewideniýeden çykyş edip: “Türkmeni ýaşulysyndan tanaň! Türkmen ýaly ýaşula sarpa goýýan başga bir halky gözläbem oturmaň, tapmarsyňyz, asyl tapmarsyňyz!” diýdi. Ol pähim aýdýarmy ýa-da öz sözi bilen öz pikirini aýdýarmy, bilip bilmedim. Köpüň wekili bolsa, elbetde, köpüň pikirini aýdýandyr diýdim, şol bada-da dilime halk pähimi geldi: “Ulusy bolmadygyň kiçisi bolmaz”. Aýdýan-a, endik gursun! Türkmeniň patriarhal durmuşyny görmedigem bolsam, Wamberi aýtmyşlaýyn, onuň diktatura dalaş eden adat-däplerini arzuwlap, onuň galyndylaryna diş-dyrnak ýapyşan adamlary bilýän. Muny bir gojanyň mysalynda aýdaýyn. Ony ellinji ýyllaryň dowamynda golaýdan synlapdym. Ol goja patriarhlaryň klassyk tipine gabat gelýärmidi diýen sowaly özüme berip görýän. Daşky alamatlaryna garanyňda hawa diýse boljak. Uzak ýaşady. Ölinçä eşek mündi. Ybraýym halylyň, Ýakup pygamberiň eşekli gezeninden habary bolupmydy, ony bilemok, ýöne onuň üçin eşek juda amatly ulagdy. Ol herki zadyň amatyna garaýardy, bazardan arzan bahasyna hor mal alyp, bakyp, semredip, ýene ak bazaryň göteren ýerinden satýardy, hojalygynyň hurşuny, sowjak puluny gazanýardy, hemem ýaşlykdan oglanlaryna çöregiň nähili gazanylýandygyny öwredýärdi. Aýalyna hemişe gyrnak diýip gygyrardy. Bu alamançylyk döwründen galan nysak bolmaly. Özi alamana gitmäge ýetişmedigem bolsa, guly-gyrnagy görüp ulalandyr, belki, olary özleri-de saklandyr. Gojanyň öýde mahaly tiräniň aýal-gyzy köçä çykmaga, ara saklap gep atyşmaga zardy. Erkeklere arakdyr gaýry neşeler, çagalara warsaky, bihuda entemeler gadagandy, entäsleri gelse, malyň yzynda entesin diýerdi. Töwerekden eşidilýän ýaramazlyklar oňa maşgalasyny galtamandan goraýan adamyň hüşgärligini beripdi. Onuň gabanjaňlygy keseden synlaýanlarda ýaňsylaýjy ýylgyrma döredýärdi. Çyn söz, halal çörek, hudaýa sygynmak – bu üç närse goja üçin adamçylygyň esasy ýörelgesidi, jemgyýetçilik pikirine görä, goja feodalizmiň çagşan arabasyndan gaçyp galan ötegçidi. Möwritiniň ötendigini duýmaga goja ukypsyzdy diýmäge çakym ýok, dünýewi bilimi bolmasa-da, patriarhlara mahsus paýhasy bardy. Adam ykbalynyň ahyr pellede Allanyň emrine baglydygyna ynansa-da, kolhoz başlygyny äsgermezlik etmek onuň tutumyna girenokdy. Kolhoz başlygy ýalkasa – ýaz, gargasa – gyş. Başlyk betine tutsa, gojanyň-da hojalygyny işden kowup bilýar, oturan mellegini alyp, obadan göteril diýip bilýar. Oglanlaryny okuwa iberjek bolsa, kolhoz başlygynyň rugsady gerek. Garaz, başlyksyz obada çöp başy gymyldanok. Özüne, maşgalasyna zerur diýip bilýän üç närsäniň kolhoz başlygyna-da degişlidigini aýtmaga ýa-da ondan talap etmäge het edip bilenok, çagalarynyň aladasy dilini baglaýar, ýogsa başlygyň edýän adalatsyzlygyny, haramlyklaryny häli-şindi görüp ýör. Wah, sözüň doly manysynda çagalaryna erki ýetýärmidi diýsene! Ol ýalan sözden, haram gazançdan, hudaýsyzlykdan öz maşgalasyny bir gorap bilsedi! Oduň içinde galyp, neneň uzak aman saklanarsyň sen! Mekdepde hakyň ýoluny öwretmeden geçen, gaýta Alla diýen gudrat ýokdur diýip, çagalaryň gulagyna guýýarlar. Mekdebe goýberjek däl diýseňem hökümet ýakaňdan tutjak. Özüniň iki oduň arasynda galanam ýeterlik, janserek ýagdaýa çagalaryny duçar etmäge ynsaby çatanok. Goja zeýrenip başlady. Patriarhlara zeýrenç gelişmeýärdi. Ol ýokary okuw jaýynda okap ýören oglunyň (gün-güzeran ýagdaýy üçin ylymyň amatyna goja düşünýärdi) öňünde şert goýdy: “Eger bile okaýanlaryň arasyndan halal çörek iýip ulalan maşgala tapsaň, sorag-ideg ederis, hä-ä, biý-ä bolaýjak ekeni diýen halatymyzda aýdyljak sözi diňle. Başy boglandan soň o gyrnagyň daş örüsi tamdyr bilen mal ýatagy bolar, äý, ýok, öýde oturyp kararym ýetenok diýse, kolhoz işine garşylygymyz bolmaz, gatnar işläberer, gözümiziň alynda” diýdi. Gojanyň bu illýuziýasy patriarhal mertebesini saklajak bolmagyň soňky emelsiz synanyşygydy. Atasynyň emrine tabyndygyny aňladýan ýaly oglunyň dymyp oturşy goja ýakymlydy, entek tapylmadyk maşgalanyň şerte boýun boljagy-bolmajagy ony alada goýanokdy, onuň aladasy beýle synanyşyga oglunyň höwesini gaçyrmakdy. Maşgaladan daşardakylaryň onuň emrine dahylsyzdyklary bilen ol bireýýäm ylalaşypdy. Bir hakykata gojanyň paýhasy ýetipdi, onuň gabanjaňlyk bilen gorap gelen adatdyr däp-dessurlarynyň il arasynda täsiri, arzysy gaçdygyça alaçsyzlygyň jebri ony barha beter köseýärdi. Şolaryň güýji bilen ol güýçli bolup biljekdi. Olaryň arzysy bolmadyk ýagdaýynda ýaşuly diýen sözüň manysy püçege çykyp barýardy. Beýle kemsitmeden sypmagyň ýeke-täk ýoly çaltrak ýagty ýalançy bilen hoşlaşmakdy, hudaýa şükür, togsanyň onuny ortalady. Men bu mysaly durmuşyň emrinden dörän ikilige ünsi çekmek üçin getirdim. Gojanyň ölüminden esli wagt soň obalarda, raýonlarda ýaşulular soweti ady bilen täze jemgyýetçilik guramalary döredildi. Ol ýaşulularyň islegi, inisiatiwasy bilen döredilmändi, däp-dessurlara döwrebap täze many bermegiň aladasy bilen döredilipdi, oňa partiýanyň ideologlary beýemçilik edýärdiler. Ýaşulular sowetine kimler agza bolup biler? Partiýa guramalarynyň berk kontrollygyndan geçip biljek, edilýän talaba gep-gürrüňsiz boýun synjak, özbaşdak pikire, inisiatiwa höwessiz adamlar gerek. Olar ýokary guramalarda saýlap-seçilýärdi. Telpek-don geýip, sakgal goýberdip ýörmek hökman däl, ýöne ýaşyň bir çene baran bolmaly, partiýa agzalygynda durup, öň jemgyýetçilik guramalarynda işlän bolsa-ha juda-da amatly, olar|yň ateistlikde uly stažlary bolýar, tejribeli hudaýsyzlar. Ýaşulylar sowetine maslahatçylyk roly berilýärdi, has takygy, partiýanyň kararlarynyň ilat arasynda biragyzdan gollanýandygyny, halk demokratiýasyna gol ýapylýandygyny ýaşulylaryň tagallasy bilen görkezse bolar. Ýaşulylaryň sözüne ynanylmasa bolmaz-a! Olar haýsy meselede nähili geplemelidigini gowy bilýärler. Ilatyň durmuşynda ýüz berýän pajygaly hadysalaryň sosial sebäplerini derňemek welin, olaryň aladasyna girenok, hatda dil ýarmagam gadagan. Berk görkezmä ýaşulylar sowetiniň ygrarly bolmagyny bir fakt bilen delillendirip biljek. Ýetmişinji ýyllarda aýal-gyzlaryň özlerini otlamagy has-da köpelipdi. Men bu tragediýany öwrenip, çeper eser ýazmakçy bolupdym. Material toplan mahalym bu sosial heläkçiligi döredýän hakyky sebäpleri ýüze çykaryp biljek düýpli derňewe duş gelip bilmedim. Öňi bilen obalardaky kynçylyklary gözi bilen görüp ýören ýaşulylar howsala düşäýmeli ýaly. Ýok. Partiýa-sowet guramalary, hukuk derňewçileri kolhozyň agyr işinden ýaňa halys surnugan, üssesine-de maşgaladaky konfliktden çykalga tapyp bilmän, ahyry üstlerinden benzin guýup, şirin janlaryndan geçmäge mejbur bolýan aýal-gyzlary köne urp-adatlaryň, baý-feodal garaýyşlaryň pidasy saýmak bilen derňewe nokat goýýardylar. Bu başdansowma netijäni ýaşulylar sowetem biragyzdan tassyk eder goýberer. Şeýle birtaraply ýeňil garaýyş galyň meselesinde-de dowam edipdi. Gyzlaryň ynsançylyk mertebesini kemsidýän bu dessuryň garamaty-da tutuşlygyna könäniň üstüne atylýardy, ony gözçykgynç ýagdaýa ýetiren nogsanlaryň ýaşaýyş şertlerinden döreýändigine ünsi çekmek halanmaýardy. Şuňa meňzeş wawwaly problemalar babatda çyn söz aýdyp bilmändigi üçin-de, ýaşulylar sowetiniň il arasynda abraýy bolmandy, ýaşulylara hormat azalypdy. Umuman, adata, däp-dessura daýanmak arkaly geçmişde ýokary jemgyýetçilik statusyna eýe bolan ýaşulyçylyk instituty roluny, möwritini tamamlapdy. Indi oňa partiýa-sowet guramalarynyň direg boljak bolmasy gözboýagçylykdan başga zat däldi. Ýaşuly diýlende täze ösdürimler esasan onuň bir manysyna, köp ýaşan adam diýen manysyna üns berýärdiler. Onuň hezzet-hormaty, abraýlylygy aňladýan ikinji manysy indi wezipeli adamlara geçipdi. Ýaşyna parh goýmazdan, wezipedäkilere ýaşuly diýip ýüzlenmek moda, kada öwrülipdi. Hatda bir adam raýkomyň sekretary bolup işleýän oglunyň kabinetine baranda oňa ýaşuly diýip ýüzlenipdir diýýärdiler. Sowet döwletiniň dargamagy bilen Türkmenistanda ýaşulylar sowetinden el çekilmedi, “sowet” sözi “geňeş” sözi bilen çalşyryldy. Öňki sowetleri düzmäge işjeň gatnaşan emeldarlar häzirki geňeşiň agzalary boldular. Garaşsyz ýurduň millilige bolan işjeň meýillerine görä, olar seleň telpek, don geýdiler, sakgal goýberdiler. Diniň moda öwrülendigi üçin olar hudaýsyzlykdan ýüz öwrendiklerini namaz okap, oraza tutup, metjitlere gatnap, jemagata görkezmäge jan edýärler, bir näçesi eýýäm Käbä gidip, hajy adyny aldy. Däp-dessurlar babatda düýnki gara diýenlerine bu gün ak diýdiler, däp-dessuryň zyýanlysy ýokdur diýip, berk duýduryş alypdylar. Asyl galyň diýilýän däbiň hem diňe peýdasy bar ekeni, aýal-gyzlarymyzyň sarpasynyň ýokarydygyny, bahalarynyň gymmatdygyny aňladýan bolsa nätjek! Hawa-da, bazar ykdysadyýetiniň nukdaýnazaryndan garasaň-a düýbünden geň görerlik zat ýok ekeni, çynyňy etseň, jelepçiligem sülä getirse boljak! On-on bäş ýyl ozal çagaňy sünnet etdirdiň diýip, adamlara ezýet baryny beren emeldarlar bu gün sünnet toýlarynda gägirýänçäler tagam iýýärler, erkinligi halka biz gaýtaryp berdik diýmekden hem çekinenoklar. Ýazyklarynyň, sowet hökümeti bilen jähenneme gidenine şükür edýärler. Garaz, ýaşasyn garaşsyzlyk! Indi garaşsyz Watanda ýaýnap-ýalkanyp, garnyňy suwa atyp gezibermeli. Ursa-da, sögse-de, horlasa-da öz Watanymyz! Bu gün durmuş biraz agyr diýip, Watandan öýke etmek hebes işdir! Kynçylyga döz gelip bilmän, öz janyna kast edýänler bar bolsa, olaryň akmaklygynyň gürrüňini edip ýörmek nämä gerek! Hudaýa şükür, indi olara urp-adatyň pidalary diýip aýtjak ýok. Olaryň belasy, derdi başga, garaşsyz Watanyň, milli özbaşdaklygyň beýik energiýasyndan kuwwat almaga syýasy düşünjeleri, erkleri ýetenok. Olar sowetler döwründen galan nogsanlyklaryň pidasy. Garaşsyz Watanyň garaşsyz ýaşulularynyň garaşsyz geňeşi şu nukdaýnazardan ugur alyp netije çykarmalydyr! Sosial derňew diýip, adamlaryň başyny agyrtjak bolmagyň geregi ýok. Hezil ýeri, geňeşiň agzalaryna bu ýörelgäni düşündirip oturmaly däl, sowetler döwründe olar kileň öwredýänleriň hatarynda bolupdylar. Garaşsyzlygyň datly miwesi hökmünde ýaşulular geňeşine döwlet organynyň ygtyýarlylygynyň berlendigi nygtalýar. Ol döwletiň iň ýokary organy bolan Halk maslahatynyň duzumine girizildi. Halk maslahatynyň başlygam, ýaşulular geňeşiniň başlygam Prezidentiň özi. Şeýlelikde, ýene häkimiýetiň monolit birligi gazanyldy. Ýaşulular öz atlaryndan geplemek gezegini höwes bilen sarpasy belent Prezidente bagyş etdiler. Sen bir zat aýdybilseň biragyzdan tassyklamak biz bilen diýdiler. Garaşsyz Watana agzybirlik gerek, ony diňe pikiriň birligi bilen gazanyp bolar! Taryhçy, ýazyjy Ýazmyrat Mämmediýew muňa türkmeniň etnodemokratiýasynyň dabaralanmasy diýdi. Garaşsyzlygyň sähelçe ýylynda beýle uly ýeňşiň neneňsi gazanylandygyna onuň aşaky setirlerini okap göz ýetirse bolar: “Asla köp zada düşünýänleriň ählisinden çuňňur düşünýän, ähli watançylardan watançy, halkyň ykbalyna ähli janköýerlerden janköýer Saparmyrat Nyýazowdy. Şonuň üçin hem ähli halk bolup onuň yzyna düşüberdik. Ýöne beýik Serdarymyzyň tutan ýoly örän çarkandakly, uçut gaýalardan we düýpsüz gorplardan doly ýoldy. Oňa diňe atyň kellesi ýaly ýürek bilen çykmak boljakdy. Şeýle ýagdaýda iň beýik wezipe bolan, doly syýasy we ykşysady Garaşsyzlyk üçin bütin barlygy bilen öňe çykan adama ýerli-ýerden kömek etmek zerur. Ol kömegi bolsa diňe bütewilik, syýasy birlik bilen berip bolar. Baş arzuwymyz şony talap edýär. Şu günki ýagdaý täze içki jedelleri, jenjelleri ýöretmek-hä beýlede dursun, öňküleri hem ýedi gat ýeriň astyna dykmagy talap edýar. “Ýagy gören itiň agzy bir bolar” diýip, ýöne ýere aýdylmandyr ahyryn. Şu gün Watanym, garaşsyzlygym diýip çykan her bir watandaş şu Baş programmadan gaýry nähili programmany öňe sürerkä? Hakyky watançynyň milli bähbitlere ters gelýän ýollar bilen ýöremejegine her kimiň hem akyly ýetýär.” Awtoryň mamla bolandygynyň degerli fakty hökmünde ýaşulular geňeşinde biragyzdan kabul edilen, Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin hökmanylygy kanun bilen berkidilen, din hadymlary tarapyndan bada-bat mukaddeslik möhri basylan Kasama salgylansa bolar. Kasamda şeýle sözler bar: “Eger-de men Türkmenistan Watanyma, Saparmyrat Türkmenbaşa dönüklik etsem, goý, meniň ömrüm kül bolsun!” Dini ynançlara eýermek hukugyny halkyna gaýtaryp berendigi üçin kommunistleriň öňki ýolbaşçysy, garaşsyz ýurduň Prezidenti bolan Saparmyrat Türkmenbaşydan baky minnetdar ýaşulular, geňeşde hormatly orunlary eýelän ulamalar häkime wepalylygyň peýdasyna hakyň ýolundan biraz daş düşendiklerini-de duýmadylar öýdýän. Gurhany kerime salgylanyp aýtsak, bendeleriň takdyry diňe Allanyň çözgüdine baglydyr. Allanyň belent emrini jemgyýetdäki ornuna, wezipesine garamazdan, Onuň islendik bendesiniň bähbidine dahylly etjek bolmak islegi Allanyň işine gatyşjak bolmagy aňladar. Eger men nädogry düşünýän bolsam bagşylamagyňyzy towakga edýärin. On dokuzynjy asyrda ýaşan türkmenleriň arasynda ýaşulylaryň tutan orny, mertebesi hakynda keseden gelen syýahatçylar, alymlar birgiden pikir aýdypdyrlar. I. Blaramberg ýomut türkmenleriniň mysalynda däp-dessurlary gyşarnyksyz berjaý etmekde maşgala, tire aksakallarynyň tagallasynyň jedelsizligini belleýär. N. Murawewyň pikiri has-da gyzykly. Asyllylygy, paýhasy bilen tiredeşleriniň ynamyny, sarpasyny gazanyp bilen ýaşulynyň ygtyýarlylygy taýpanyň hany diýilýän adamyňkydan belent bolmasa, pes däldir diýýär. Bu gün ýaşulylygyň mertebesini kesgitlemek häkimiýetiň ygtyýarynda. Patriarhal durmuşdan bireýýäm ara açan köpçülik üçin bu ýerde geň görerlik zat ýok. Prezident “Hormatly il ýaşulusy” diýen at döretdi. Serdaryň permany bilen berilýän bu ady almak geňeşiň agzalarynyň umydy, arzuwy. Men häzirki ýaşuly diýlip öňe sürülýän adamlary synlamda olarda patriarhlyk alamatlary duýamok, ýogsam bolmasa, olara daýanç bolmaly däp-dessurlara gadagançylyk hem aradan aýryldy ahyry. Däp-dessur syýasatyň oýnuny götermeýär, muny sowetler döwrüniň tejribesi-de äşgär etdi. Däp-dessura, adata döwrüň, jemgyýetiň häsiýetine, içki mazmunyna laýyk gelýän zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda olar kem-kemden ýitmek bilen bolýar. Olary emeli bir ýol bilen dikeltjek bolmak netijesiz synanyşykdyr. Onda patriarhal diregini ýitiren ýaşulyçylyk hakynda näme diýmeli bolar? Onuň häkimetler tarapyndan bähbit arap dikeldiljek bolnuşy däp-dessurlaryň folklor baýramçylygyndaky görkezilişine meňzeýän-ä däldir? Goý, bu sowala her kimiň özi jogap bersin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |