18:13 Hakyda: Örkümiz | |
HAKYDA
■ AWTORDAN Hormatly okyjy! Meniň “Hakyda” atly kitabymyň saňa juda giç gowuşmagy ähtimaldyr. Ýazylan wagtynda gowşaýan bolsady, oňa ýetesi zat boljakmy! Kitapda gozgan meselelerim bir günüň, bir ýylyň meselesi däl, olar öňem, häzirem, geljekde-de bize degişli meseleler. Türkmenistanda dörän agyr ýagdaý, diktaturanyň zorlugy bu meseleleriň aktuallygyny artdyrdy. Indi halk möçberinde olary seljermek, syýasy hem ahlak nukdaýnazardan aýdyň netije çykarmak biziň üçin taryhy zerurlyga öwrüldi. Eger şuny başarmasak, bu pajyganyň soňam gaýtalanjagy gümansyzdyr. Diktaturanyň mahabatlandyrylyp arşa göterlen, başga garaýyşlaryň bolmagynyň gadagan edilen ýyllarynda ýazylan bu kitap biziň geçmişimiziň mysalynda geljegimize ýüzlenmekdir, herimiziň özümize, ahyr jeminde halkymyza düşünmegimize synanyşykdyr. Seniň şahsy pikiriňe gabatlaşmajak pursatlaryň boljakdygyna-da gözüm ýetýär, sebäbi men öz pikirlerimi beýan etdim. Eger muňa seniň hem garaýyşlaryň goşulsa, onuň agramy artar, manysy çuňlaşar, baýlaşar, şeýlelikde, halk möçberinde taryhy netijä gelmäge amatly esas dörär. Kitabyň başky on bir bölümi 1998-99-njy ýyllarda, iň soňky 12-nji bölümi bolsa, dogry on ýyldan soň, 2009-njy ýylyň maý-iýun aýlarynda ýazyldy. ■ 1. ÖRKÜMIZ “Adam hemişe zynjyr bilen geçmişe baglangydyr. Nähili tizlik bilen nähili daşa gitse-de, zynjyrdan sypyp bilýän däldir”. F.Nisşe. Golaýda ýol ugrunda žurnalist tanşym sataşyp, elindäki kitaba meniň ünsümi çekmek üçin onuň sahypalaryny agdaryşdyrdy, entek pikirini aýtmanka ötünç soraýan ýaly, ýygralyk bilen ýöwsel ýylgyrdy. “Bäý, bi kitaby öwýäler-ow, menem gyzykjak bolup şunça okaýan, hi-iç gyzygybilemok, ýa men düşünemokmykam?” diýdi. Onuň elindäki kitap türki halklaryň meşhur “Gorkut ata” eposydy. Kitabyň uçursyz öwülýäni çyn. Türkmen ýazuw edebiýatynyň başlangyjy hökmünde bu eposyň bir müň bäş ýüz ýyllyk ýubileýine şowhunly taýýarlyk başlanypdy. Men tanşymyň boýun almasyny geň görmedim, sebäbi ýubileý mynasybeti bilen eposy dyngysyz mahabatlandyrýanlaryň aglabasy-da oňa düşünenokdylar. Muny bir alamatdan aňyp bolýar: olaryň äheňi, gepi-sözi, delilleri bir meňzeşdir. Zenan owadanlygyny wasp etmekde halys ülňä öwrülip giden söz galyby ýaly, olaryň aýdýanyny başga bir meşhur kitaby öwmeli bolanda-da gaýtalaýarlar. Gargyş hem şonuň ýaly. Kyrk sekiz ýyl ozal, altynjy klasda okaýarkam, respublikanyň merkezinden üç ýüz elli kilometr uzaklykdaky obamyza ýörite gelen “uly adam” ulyny-kiçini ýygnap, “Gorkut ata” eposyna, ony çapa taýýarlanlara gargap gidipdi. Zähmetkeş halkyň aňyny zaýalamakda mergä deňelen bu kitaba höwes bildirýänler diňe buržuaz milletçileri, pantürkistler, halk duşmanlary, haramzadalar bolup biler diýdi. Ýygnanan mähelle “Gorkut atadanam”, ony ile ýaýratjak bolýan “halk duşmanlaryndanam” bihabardy. Hatda gargyşdan doly doklady okan adamam eposy bilmeýän ekeni. Soň sorap-idäp görsem, ol adam senagata ýolbaşçylyk edýän partiýa emeldary bolup çykdy. Bu täsin kitaby okamadyklar, okasa-da doly düşünmedikler esassyz, ýympyk öwgä ýa-da gargyşa, töhmete ýüz urýardylar. Meniň tanşym ýaly düşünmeýändigini ak ýürekden boýun alýanlar bu sanawa girenoklar. “Gorkut atanyň” ykbaly halkyň ykbaly bilen kybapdaş. Taryhy sahnadan zyňylmak, bütinleý ýok bolup gitmek howpy birnäçe gezek türkmen halkynyň depesindenem inipdi. Adamzat taryhyndan telim halkyň ýitip gidişi ýaly, türkmen halky-da şeýle tragiki pellehana uçran bolsady, barybir onuň hakydasy galardy. Halkyň hakydasy-da onuň taryhy, ýöne hakyda taryhyň gös-göni beýanatlaryna garanyňda has ygtybarly bolýar. Ruh jesetden jyda düşüp ýaşaýan bolsa, onda hakydany ruh diýip atlandyrsa bolar. Halkyň taryhy ýoluny beýan edýän ýazgylar kemterlik eden halatynda, bu boşlugy doldurmakdan ötri, onuň hakydasyna ýüzlenmek zerurdyr. Men “Gorkut ata” eposynyň, türkmen halylarynyň, zergärlik sungatynyň mysalynda gürrüňi dowam etdirmekçi bolýaryn. Eposyň haçan döredilendigi ýa-da takyk haýsy halka degişlidigi baradaky gabanjaňlyk hem emosional äheňdäki jedellere juda şübheli garaýandygymy duýdurmakçy. Bu hörpdäki ýerliksiz dawalaryň hakyky ylmy barlaglardan ünsi sowup bilýändigini gündogar halklaryň çeper ýadygärlikleriniň töwereginde alnyp barlan “söweşler” görkezipdi. Ol beýik nusgalar türki halklaryň köküniň birligine kepil geçýän iňňän ygtybarly çeşmeler, olar garyndaş halklaryň tagallasy bilen döräpdir, käbir gabanjaňlar bu birligi äsgermezlik edip, ýorgany tutuş öz üstlerine çekip, öz halkyny has gadymy, has belent görkezmegiň keýpine maýyl bolýarlar, älem ýaly giňligi dere ýaly dar düşünjeleri bilen ölçemegiň gelşiksiz ýoluna düşýärler. Men türkmeniň “Gorkut ata” eposyna dahyllydygyny ondaky häsiýetleriň, däp-dessurlaryň, çeperçilik serişdeleriniň üsti bilen subut edip biljek, şol bir mahalda-da, öz dahyllydyklaryny öz halkynyň mysalynda teswir edýän doganlyk halklaryň wekilleriniň delillerini äsgermezlik edemok. Eposyň bir halka degişlidigini kesgitlemäge ýykgyn edýän käbir awtor anyk taryhy fakta derek nesilden-nesle geçip gelýän, rowaýatdan tapawutlanmaýan gürrüňlere gol ýapýarlar. Beýle usul bilen taryhy senäni kesgitlejek bolmak, ylmyň talabyna gabat gelmeýär. Häsiýetli bolan bir mysala ýüzlenmek hem ýeterlik. Edebiýatçy alym R. Rejebow “Gadymy türkmen edebiýaty” atly kitabynda Hywa hany Abulgazy Bahadur hanyň “Şejereýi terakime” ("Türkmenleriň nesil daragty”) kitabyna salgylanmak bilen Gorkut atanyň taryhda görnükli türkmen ýaşulysy, parasatly döwlet işgäri hökmünde tanalandygyny, gelip çykan ýeriniň Marydandygyny, Gara hojanyň ogludygyny, üç sany türkmen patyşasyna wezirlik edendigini, örän uzak ýaşap, onunjy asyryň birinji ýarymynda dünýäden ötendigini ýazýar. Abulgazy ady tutulan kitabynda şeýle diýýär: “Gorkut atanyň keramatlary köp erdi. Iki ýüz togsan bäş ýyl ömür tapdy. Üç patyşaga wezir boldy.” Öňi bilen Gorkut ata berilýän ömrüň möçberine üns beriň. Elbetde, bu dini rowaýatlara mahsus ýaş. Galyberse-de, ol wezipesine görä, öz döwrüniň taryhy ýazgylaryna düşmeli şahs. Patyşalaryň wezirleri taryhçylaryň gözüne ilýän adamlar bolupdyrlar. Delil hökmünde on birinji asyrda dörän seljuklar imperiýasynyň üç soltanyna wezirlik eden dana Nyzam al-Mülki getirse bolar. Ol dünýä taryhynda belli adam, “Syýasatnama” kitaby häzirem okalýar. Emma Gorkut atanyň şahsyýeti hakynda, wezirlik eden üç türkmen patyşasy hakynda anyk taryhy fakt barmy? Abulgazynyň boýun almasyna görä, ol bu kitabyny türkmen ýaşulylarynyň haýyşyna eýerip, olaryň dilden aýdan rowaýatlarynyň, gürrüňleriniň esasynda ýazypdyr. Taryh ylmynyň maglumatlaryna salgylanyp aýtsak, apbasylar silsilesiniň halypalyk häkimligine gelmeginde Horasanyň häkimi Abu Muslymyň uly hyzmaty bolupdyr. Bagdat şäheriniň düýbüni tutan halypa al-Mansur ondan ätiýaç edeni üçin aldaw-hile bilen köşgüne çagyryp, Abu Muslymyň başyna ýetendigini bilýäris. Bu wakalar sekizinji asyryň ortasynda bolupdy. 813-nji ýylda bolsa, apbasylaryň bäşinji halypasy Harun ar-Reşidiň ogly, Horasanyň häkimi al-Mamun dogany al-Amyny öldürdip, halypalyk tagtyny eýeläpdi. Oňa doganynyň elinden Bagdady alyp berenem Tahyryň serkerdeliginde Horasandan giden goşundyr. Mamun halypalyga geçse-de, goldaw tapjagyna birbada ynamy bolmany üçin Bagdada barmaga çekinýär. Halypa hökmünde yslam imperiýasyny Maryda oturyp edara edýär. Diýmek, apbasylar silsilesiniň taryhy ykbalynda Horasan aýgytly rol oýnapdyr. Bu anyk taryhy wakalar Abulgazynyň aýdýan üç türkmen patyşasynyň döwrüne gabatlaşýan-da bolsa, biz olaryň döwletiniň atlaryny-da, öz atlaryny-da bilmeýäris. Halkyň dilinden aýdylýan gürrüňler, rowaýatlar entek taryhyň edil özi däldir, ol taryhy anyklygy gazanmakda goşmaça material bolup biler. Esasy fakt “Gorkut ata” eposynyň biziň günlerimize gelip ýetenligi, adamzadyň, ruhy sütünlerini döredýän ajaýyp eserligi. Oguzlardan gaýdan her halk ondan ruhy köklerini gözleýär, dünýä siwilizasiýasyna näderejede degişlidigini takyklaýar. Eposyň esasy gymmaty şu ýerdedir. Sowet ideologiýasynyň emri bilen otuz bäş ýyl dowam eden gargyş segseninji ýyllaryň aýagynda bes edildi. Türkmen alymlary “Gorkut ata” barada položitel söz aýtmaga hukuk aldylar. Indi öňkiniň tersine dyngysyz mahabatlandyrma dowam edýär. Entek ajaýyp eposyň çeperçilik tärlerini, özboluşlylygyny, obrazlaryň täsinligini inçelik bilen açmak bize başardanok. Biz owadan köşge girmän, daşynda haýran galyp ýören synça meňzeýäris. Eposyň ähli syry öz içinde. Hatda onuň ýazylan mahalyny-da rowaýatlardan gözlemän tekstiň özünden gözlenilse has netijeli bolardy diýjek. Onsoň hem derňewde bitaraplylygy saklamaly, meniňki, onuňky diýlen meýli unutmaly, taryhyň özi ýaly dogruçyl bolmaly. Taryh gargyşa-da, mahabatlandyrmalara-da bil berenok, wagty gelende ýene mermer ýaly ýüzi arassalanýar. Gynançly ýeri, döwrüň emrinden döreýän üzňelikler nesilleriň hakydasynyň kütelmegine getirýär. Tanyş žurnalistimiň aýdany üçin oňa igenmek ýerliksizdir. Eposyň poetikasy, ýagny şahyrana ülňüsi onuň nesliniň ram eden ülňüsine gabat gelenok, kyrkdan geçen adama ony kabul etmek juda kyn. Onuň nesli tebigatyň kultuny unudan nesillere girýär. “Gorkut atada” adamlar üçin tebigatyň kulty hudaýdan hem ýokary diýse bolar. Hudaýy-da tebigatyň üsti bilen kabul edýärler. Özlerini tebigatdan aýralanoklar. Tebigatyň, ondaky jandarlaryň häsiýeti olara adamlaryň häsiýetindenem ýakyn, ygtybarly. Pikiriň täsirli, dogruçyl aňlatmasy şolaryň mysalynda gazanylýar. Tebigat bilen ýakynlyk olaryň kalbyna arassalyk, haýran galaýmaly giňlik salýar. Adamlar soňra tebigatdan daşlaşdyklaryça öz intirigalaryna gümra bolupdyrlar, baglanypdyrlar. Eposdaky gahrymanlar bu keselden halas. Epos süňňi bilen çarwadarlaryň häsiýetine, däp-dessurlaryna ýugrulan. Adamlaryň gylygy, görk-görmegi, edermenligi, gaýgy-hesreti çarwalara iň ýakyn haýwanlara, zeminiň keşbini emele getirýän zatlara deňeşdirlip beýan edilýär. Bu örän gadymylykdan nyşan. Mysal: Salyr Gazanyň aýaly Burla Hatyn söwer ogly Orazyň ýitirim bolandygyny görende ýürek nalyşyny aýdýar: Gyzyl düýeler mundan geçdi, Torumlary bozlaýyp bile geçdi, Torumjygym aldyrmyşam, bozlaýynmy? Gara goçda kazylyk at mundan geçdi, Gulanjygy kişňeýip bile geçdi, Gulanjygym aldyrmyşam, kişňäýinmi? Agyldaky akja goýun mundan geçdi, Guzujygy maňraşyp bile geçdi, Guzujygym aldyrmyşam, maňraýynmy? Ogul diýu bozlaýynmy?! Çarwalaryň tebigata gaýymlygy mal arkaly. Tebigat. Mal. Adam. Şu üçlügiň bütewiligine düşünmek isleýän adamlaryň “Gorkut atany” ünsli okamaklary gerek. Ol ýerde adam durmuşyň bütewiligini Tebigatda görýär. Adamlar özara gatnaşyklaryny-da tebigatdan üzňe göz öňüne getirip bilenoklar. Islendik mesele bolaýsyn, pikiriň agramyny, sözüň täsirliligini tebigatyň häsiýeti, alamaty bilen gabatlaşdyrýarlar. Tebigatyň ýakynlygy bilenem oňman, oňa özüne degişli zat hökmünde garaýar, ondan on iki süňňüniň, öýüniň, ojagynyň, malynyň ýakynlygyny duýýar. Agzyň üçin öleýin, ogul! Diliň üçin öleýin, ogul! Garşy ýatan gara dagyň Ýykylypdy. Beýgeldi ahyr. Akyndyly görkli suwuň Sowulypdy. Şaglady ahyr. Gaba agaçda dal pudagyň Gurapdy. Ýaşardy ahyr. Bu sözler diri ýitgisi dolananda Enäniň begenjiniň beýany. Eposda gahrymanlar daglara, agaçlara, suwa, haýwanlara adama ýüzlenen ýaly ýüzlenýärler, olara derdini aýdýarlar, maslahat soraýarlar. Beýle hadysalar adamzat siwilizasiýasynyň örän irki döwürlerine häsiýetli. Çeper döredijilikde daga ýüzlenmek, ony özüňe syrdaş tutunmak däbi soňra klassyk poeziýamyzda-da dowam edýär. Ariel Golan “Миф и символ” atly fundamental işinde daglaryň kultunyň greklerde Olimpden, ermenilerde Araratdan, ýaponlarda Fudziýamadan, hindilerde Gimalaýlardan gözbaş alýandygyna ünsi çekýär. Bizem öz gezegimizde Çandybildäki Ýyldyz dagyny aýdyp bileris. Dagyň kulty gadymy ýewreýlerde-de juda hormatlanýar. Musa pygamber Sinaý dagynda hudaýa ýüzlenipdi. Alym daga hormat goýmagyň global hadysa öwrülendigini bellemek bilen, daglaryň başynyň asmana direlýändigine, üstünde hudaýlaryň ýaşaýandygyna ynanylandygy üçin mukaddes saýylandygyny delil getirýär. Daglary Zemin hudaýynyň obrazy bilen gabatlaşdyrypdyrlar. Häzir agaja ýüzlenip, ýürek nalasyny aýdyp duran adama duşaýsaňyz, onuň gapdalyndan ýylgyryp geçersiňiz, bendäniň akyly biraz üýtgäýen ýaly-la diýersiňiz. Indi eposdan Salyr Gazanyň ogy Orazyň duşman elinde ölüme garaşyp durka, agaja ýüzlenip aýdýan sözlerini ýatlalyň: Agaç-agaç diýsem saňa, arlanma agaç, Beýik-beýik suwlaryň köprüsi agaç, Gara-gara deňizleriň gämisi agaç, Başyň ile bakar olsam, başsyz agaç, Düýbüň ile bakar olsam, düýpsüz agaç, Meni saňa asarlar, götermegil, agaç, Göterjek olsaň, ýigitligim seni tutsun, agaç, Biziň ilde gerek idiň agaç! Eýse, bu sözler janhowluna her çöpden dalda gözleýän adamyň aljyraňňylygynyň alamatymy? Ýok, bu adam kalbyndaky gadymdan gelýän ynanjyň beýany. Dünýä meşhur alym Jeýms Frezer “Altyn şaha” kitabynda agaja sejde etmegiň Ýewropada, arileriň dininde uly rolunyň bolandygyny ýazýar. Agajyň kulty döredilipdir. Häzirki hramlar-ybadathanalar gadymy mukaddes, keramatly saýylan jeňňelleriň ruhy dowamydyr. Adamlar öz durmuşlaryny, etmişlerini agaçlaryň ruhy bilen baglapdyrlar, olarda tebigatyň danalygyna mahsus gudratyň bardygyna ynanypdyrlar. Şol gudrat bilen hudaýyň keramatyny gabatlaşdyrypdyrlar. Bu ynanja dünýäniň ähli künjünde gabat gelse bolýar, bu alamat adamzadyň köküniň birliginden habar berýär. “Gorkut atada” şol birligi aňladýan hadysalar näçe diýseň bar. Geliň, eposyň poetikasyndan mysal alalyň. Dogry, eposa häsiýetli bolan şahyrana stiliň ölçegini, äheňini türkmenler soňky döwürlerde ýitiripdirler. Şonuň sebäbine-de, meniň tanyş žurnalistime oňa gyzygmak kyn düşýär. Eposyň poetikasynyň üýtgewsiz äheňine türkmenleriň ýas ýerinde aga goşup aýdýan sözlerinde, heňlerinde duşsa bolýar. Aşakdaky iki mysaly deňeşdirip görüň, olaryň äheňindäki, owazyndaky meňzeşligi inkär etmek mümkin däl. Oraz enesine garap aýdar: Hatyn ene, garşym alyp, ne bögürer sen? Ne bozlar sen, ne aglar sen? Bagrym bilen ýüregim ne daglar sen, Haý, ene! Araby atlar ölen ýerde Bir gulany ölmezmi olur? Gyzyl düýeler ölen ýerde Bir köşegi ölmezmi olur? Akja goýunlar ölen ýerde Bir guzujygy ölmezmi olur? Sen sag bol, hatyn ene, Atam sag bolsun, Bir meniň kibi ogul tapylmazmy olur? Häzirki türkmenleriň ýas aýdymyndan: Ýakasyz, ýeňsiz köýnekler geýen, Geýjek däl diýdiň, käbäm. Ýansyz, ýeňsiz donlar geýen, Geýjek däl diýdiň, käbäm. Uýansyz, gamçysyz atlar gelýär, Münjek däl diýdiň, käbäm. Işiksiz, tüýnüksiz öýler geler, Girjek däl diýdiň, käbäm. Repbim diýip takdyr okasalar, Sylaba suwun goýsalar, Goýynça gözlär men, käbäm! Günbatar ýomutlarda bolaýmasa, ýas aýdymlaram türkmenleriň arasynda unudyldy diýen ýaly. Hemişeler ýasda ýörite agy aýdýan adamlar bolar ekeni, olara dadywanlar diýlip at berlipdir. “Gorkut ata” eposynyň poetikasy bilen bagly ýene bir täsin deňeşdirme. Jeýms Frezer ady tutulan kitabynda babilonlaryň dini edebiýatynda tebigatyň güýjüne erk edýän Beýik Ene hudaý Iştaryň söýgüli ýeri hökmünde Tammuzyň ykrar edilendigini ýazýar. Her ýyl Tammuz ýagty ýalançyny taşlap, zeminiň teýindäki garaňky dünýä gidende Iştar onuň gözlegine çykýar. Şol mahal adamlar ýas tutupdyrlar. Kitapda Tammuzyň hatyrasyna “tüýdügiň nalyşy” ady bilen meşhur bolan ýas aýdymyndan setirler getirýär: Она поднимает плач, подобны плачу семьи по хозяину, Она поднимает плач, подобны плачу города по владыке. Её стенание – это стенание о растении, которое не растет на грядке. Её спальня – это владение, которому не дать прироста. Утомленная женщина, утомленный и чахлий ребенок. Она стенает о большой реке, у которого не растет ни одной ивы. Она стенает о поле, в котором не растет ни хлеба, ни растений. Она стенает о водоеме, в котором не плодится рыба. Она стенает о зарослях, в которых не растет камыш. Она стенает о лесах, в которых не растет тамариски. Она стенает о диких местах, где не растут кипарисы. Она стенает о чаше древосного сада, что не дает ни меда, ни вина. Она стенает о лугах, на которых не растут растения. Она стенает о дворце, из которого ушло долголетие. Indi ýokarky setirleriň ritmini, sazlaşygyny, äheňini unutmankaňyz aşakdaky setirleri okaň. Bekeliň ogly kakasyna ýüzlenýär: Baba, ne söýlär sen, ne aýdar sen? Bagrym bilen ýüregim ne daglar sen? Galkyban ýerimden turmagym ýok, Ýaly gara kazylyk aty münmegim ýok, Är gorly ala dagy awlyban aşmagym ýok. Gazan kimdir? – Men onuň elini öpmegim ýok. Astyndaky al aýgyry maňa bergil, Gan derledip çapdyraýyn seniň üçin. Egni bek demir donuň maňa bergil, Ýeňi-ýaka tikdireýin seniň üçin. Gara polat uz gylyjyň maňa bergil, Gapylja başlar keseýin seniň üçin. Gargy dilli süňüni maňa bergil, Göwsünden är sanjaýyn seniň üçin. Ak ýelekli ötgür okuň maňa bergil, Ärden äre geçireýin seniň üçin. Ala gözli üç ýüz ýigidiň maňa bergil, Ýoldaşlyga döwüşeýin seniň üçin. Äheň meňzeşligini duýduňyz gerek? Eýse, “Gorkut ata” dünýäden bihabar, diňe öz donuna dolanyp oturan halkyň zehininden çykan esermikä? Ýokarky mysalyň üstüni ýene iki fakt bilen doldursak, belki, anyk jogap bermäge esas dörär? Birinji. Ýalançy ogly Ýalynjaň Bugra begiň ogly Bamsy Birek ýitende, onuň söýlän gyzyny almak maksady bilen aýylganç hilä ýüz urýar. Biregiň kaftanyny tapyp, gana bulap, Baýandyr hanyň öňüne taşlaýar, ony Garaderbentde öldüripdirler diýip, ýalan sözleýär. Meniň ýadyma Töwratda, soňra Andalybyň “Ýusup-Züleýha” dessanynda beýan edilen Ýusup pygamberiň taryhy düşýär. Agalary Ýusuby gul hökmünde Müsüre satyp, soňam onuň köýnegini geçiň ganyna bulap, kakalary Ýakup pygambere ogluňy böri iýdi diýipdiler. Ahy-zar çekip, gözýaşdan kör bolan Ýakup Ýusubyň ganly köýnegini gözüne sürtüp batyllykdan açylypdy. Bugra bege diri ýiten ogluň geldi diýenlerinde: “Oglumdygyny ondan soň bilerin, barmagyny ganatsyn, ganyny ýaglyga çalsyn, ony men gözüme sürteýin, eger açylsa, oglum Birekdir – diýdi, sebäbi aglap-aglap, onuň gözleri görmez bolupdy. Ol ýaglyga gözüni sürtdi, gözi açyldy.” Ikinji. Döwe meňzeş äpet, gorkunç, ýeke gözli Depegözüň garşysyna çykan Beset gowakdan goýun derisine girip, Depegöze al salýar, onuň penjesinden sypýar. Eýýäm Gomeriň meşhur gahrymany Odisseýiň ýeke gözli Siklopdan goýun derisine ýapyşyp sypyşy göz öňüne gelýär. Belki, bu mysallar tötänlikdir, çarwa halklaryň durmuşynda beýle-beýle meňzeşlikleriň bolmagy ähtimaldyr diýjekler tapylar. Ýöne Töwratyň, Gomeriň meşhurlygynyň ýaýrawyny gözden salmalyň. “Gorkut ata” ýaly dürdäne esere dahylly zehinleriň älem ýaly giň garaýyşly adamlar bolandyklaryna özüm-ä şübhe edemok. “Gorkut ata” haýsy halka degişli diýen dawa gümra bolman, gaýta ýokarky faktlary yzarlap, olara öz halkymyzyň baglylyk derejesini içgin öwrenip, aýdyň edip bilsek, galan netijä akyly ýerindäki okyjynyň özi jogap tapar. Türkmen halkynyň adamzat taryhynyň örän irki döwürlerine dahyllydygyny äşgär edýän täsin sungaty bar. Men muny halylaryň, şaý-sepleriň mysalynda gysgaça tekrarlap geçeýin. Halyçylyk, zergärlik türkmenler üçin senetçiligiň, hünärmentçiligiň önümi bolmandyr. Şu ýerde beýik Leonardo da-Winçiniň dana sözi ýadyma düşýär. “Meniň pikirimçe, sungat hünärmentçilikden näçe daşlaşdygyça ol şonça-da kämillige eýedir” diýýär. Türkmeniň zergärleri, halyçylary geçmişde öz sungatlaryny bazaryň emrine baglamandyrlar. Ol diňe beýik sungatyň nusgasy hökmünde dünýä ýaýrapdyr. Türkmen halylarynyň, şaýlarynyň ýüzünde halkyň hakydasynyň syrly ýazgysy ýatyr, gynansagam, entek onuň manysyny ýaýmakdan biz ejiz, umumy sözler bilen öwünmekden aňry ätlemek kyn düşýär. Adamzat ösuş ýolunda hatyň dürli görnüşlerini synagdan geçirdi. Hat ýönekeý aýak yzlaryndan başlanypdy. Soň adam zatlaryň suratyny çekmek arkaly informasiýa bermegi öwrenýär. Wagtyň geçmegi bilen ol şekiller belli bir düşünjäni, sözi aňladýan nyşanlara, belgilere öwrülýär, hatyň ieroglif görnüşi emele gelýär. Munuň gapdaly bilen gudratly güýçleri, käbir umumy ideýalary aňladýan grafiki belgiler ýüze çykýar. Döwürler aýlanýar, dürli kultlar hakyndaky düşünjeler üýtgeýär, täze dinleriň, ynançlaryň döremegi, agalyk ýagdaýyna geçmegi bilen öňki kult nyşanlary täze many alýar. Soňra olar kult manysyny-da ýitirýärler, ornament şekilinde ulanylyp başlanýar. Daş asyrlaryndan başlap, bürünç eýýamynyň aýagyna çenli, ýagny on bäş-ýigrimi müň ýylyň dowamynda adamzadyň ruhy, medeni ösüş ýolunyň degerli alamatlaryny türkmen halylaryna, şaýlaryna salnan nagyşlarda, ornamentlerde görse bolýar. Munuň manysyny açmaga bir adam ömri ýetmese gerek. Hatdatlaryň gadymy tekstleri üýtgetmän göçürip, asyrlardan aşyryp gelişleri ýaly, türkmeniň ussatlary-da ornamente öwrülen kult belgilerini üýtgetmän biziň günlerimize ýetirdiler, olary sungatyň ýokary nusgasyna öwürdiler. Olar hala, kümüş şaýlara salynýan nagyşlara özleriçe at berseler-de, olaryň asyl manysyny unudypdyrlar. Men bu ugry öwrenýän alym däl, ýazyjy hökmünde halkyň taryhy, medeni, ruhy ösüş ýoly bilen gyzyklananym üçin höwesekleriň ünsüni çekmek maksady bilen käbir zatlary habar bermekçi. Goý, nepis halylarymyza, şaýlarymyza seredenlerinde täsin ornamantleriň ýöne bir owadan nagyş bolman, olaryň adamzat hakydasynyň koda öwrülen syrly alamaty ekendigine üns bersinler. Iň ýönekeýinden, gadymysyndan başlalyň. Zenanlaryň döşündäki gün şekilli gülýakany synlaň. Onuň şelpeleri edil günüň şöhlesi ýaly bezegiň ýaýrawyny artdyrýar. Irki daş eýýamynyň ynanjyna görä, bu tegelek Güni däl-de, Asmany aňladypdyr, iň gudratly Beýik Aýal hudaýynyň nyşany bolupdyr. Şelpeler Asmandan Zemine inýän ýagşy alamatlandyrýar. Aýal hudaýynyň saçy-da ýagyşyň simwoly. “Миф и символ” diýen kitapda Asmanyň, bütin Tebigatyň hökmürowany Beýik Aýal hudaý diňe diriligiň çeşmesi bolman, ölümiň hem onuň erkine baglydygyna ynanylypdyr diýlip ýazylýar. Şonuň üçinem aýallar ýas ýerinde saçy ýagyşyň simwolyna öwrülen Aýal hudaýyna meňzejek bolupdyrlar. Ýasda aýallaryň saçlaryny ýaýyp aglamaklary-da şundan döräpdir. Belki, türkmenlerde merhum jaýlanylan mahaly ýagyş ýagmagyny gowulyga ýöňkemek ynanjy hem şol gadymyýetden gelýändir? Zergärler kümüş şaýlaryň ýüzüne dürli geometrik nagyşlar salýarlar, olara umumylykda islimler diýip at berýärler. Olaryň asyl manysynyň nämedigini bilmeýärler. Emma irki döwürlerde dörän kultlaryň aňlatmasy şol islimlere degişli. S ýa-da Z şekilli islime gabat gelersiňiz. Elbetde, bu belgiler latyn harplaryny aňladanok. Ariel Golanyň düşündirişine salgylanyp aýtsak, neolit, ýagny, täze daş eýýamynyň (biziň eramyzdan 8-4 müň ýyl ozal) şekillerinde ýokarky islimler adamlaryň, haýwanlaryň, daglaryň, depesinde goýulmak bilen olar asmandaky Guşy aňladypdyr. Bu kompozisiýa Müsürden tä Türkmenistana çenli ýurt tutunan dürli halklarda gabat gelýär. Onuň düýbünde Asman hudaýy bilen Zemin hudaýynyň arasyndaky baglanyşyk ýatyr, bu many irki çomrularyň dini ynançlarynyň hamyrmaýasydyr. Şundan soň türkmen halylaryndaky, şaýlaryndaky guş şekillerine üns beriň. Olar gölleriň içinde has-da köp. Olar dürli döwürde dürli mana eýe bolupdyrlar. Günorta yssy ýurtlarda guşlar jana şypa berýän suwuň simwolyna öwrülýärler. S görnuşli nagyş halylaryň, haly torbalaryň ýüzünde-de bardyr. Neolit simwolikasynda onuň has irki manysyna-da gabat gelse bolýar. S – ýylanyň şekilini aňladypdyr. Dünýäniň döreýişi hakynda Müsüre, Mesopotamiýa, Hindistana, Gresiýa, Hytaýa ýaýran gadymy mife görä, dünýä okeandaky ýylanyň ýumurtgasyndan döräpdir, ýa-da ilkinji suwlaryň güýji bilen kosmos ýumurtgasy ýasalýar, ondan ýylan çykýar, ýumurtga ikä bölünýär. Bir böleginden Zemin, beýlekisinden Asman döreýär. Başga warianta görä, ýumurtgany guş guzlaýar, ondan çykan ýylan ony ikä bölüpdir. Ýene bir mysal. Türkmen halylarynda üçburçlygyň şekili örän köp gabat gelýär. Doga-da üçburçlygyň şekilinde. Üçburçlyk Zeminiň simwolyny aňladýar. Zeminiň hudaýy ýaşaýyş jaýlaryny goraýar diýen ynanç bolupdyr. Şu pikirden soň türkmenleriň öýleriň maňlaýyndan doga asmaklary düşnükli bolsa gerek. Indi romb (pişme) görnüşli ornament hakynda. Muňa-da köp duş gelinýär. Düýehalyk romblardan düzülýär. Gursakçanyň ýüzüne-de goşa romb çekilen. Ildirgiçler, çaňňalar romb görnüşinde. Salyr halylaryndaky sekme, ýa-da çemçe göle rombyň şekili berlipdir. Munuň manysyna düşünmek üçin ýene “Миф и символ” diýen kitaba ýüzleneliň. Romb ýeriň simwoly bolmak bilen, ol uçastogyň şertli belgisine öwrülipdir. Hakykatda, gadymy müsürliler Zemini dörtburçluk görnüşinde göz öňüne getiripdirler. Gadymy Hytaýda-da dörtburçluk - Zeminiň, tegelek Asmanyň simwolyna aýlanypdyr, romby erkekligiň, tegelegi aýalyň nyşany hökmünde şertlendiripdirler. Gadymy greklerde, rimlilerde kwadrat, ýagny, dörtburçluk hem tegelek görnüşli ojaklarda ot ýakylypdyr. Türkmenleriň gara öýleriniň ortasyndaky ojaklaryň kwadrat şekildedigine, tamdyrlaryň tegelekdigine üns beriň. Türkmen gölüniň ortasynda-da kwadrat bar. Göldäki guşlaryň geometrik şekillendirilişi hindileriň agajy şekillendirişleri bilen juda meňzeş. Umuman, göl agaçly, suwly, lälezar meýdany aňladyp bilýär. Gadymy hindi grafemasynda daragty aňladýan bilgilere teke halysyndaky gulýaýdy, gölçe, çemçe göl ýaly nagyşlarda-da gabat gelýäris. Haç bilen bagly adamzat taryhynda bolan many öwrülişikleriniň hemmesine türkmen halylarynda duş gelse bolýar. Häzirki zamanda haç esasan diniň simwoly hökmünde tanalýar, emma biziň halylarymyzdaky haçlaryň bu din bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur, olar has irki zamanyň nyşanlarydyr. Hajyň başdaky manysyny çaklaýan adamlar onuň Günüň simwolyny aňladandygyny aýdýarlar, Güni ot bilen baglylykda alyp, çakmak üçin ulanylan atanak taýajyklaryň şekilinde görkezilipdir. Emma haç guşy şekillendirmekden dörän nyşandyr diýýän alymlar daş hem bürünç eýýamyna häsiýetli grafemalara ýüzlenýärler. Barybir gadymy dünýäde Guş bilen Gün biri-birine golaý durupdyrlar. Meselem, meşhur Rigwedada Gün guşa meňzedilýär. Güni guş hökmünde göz öňüne getirmek slawýanlara, gadymy germanlara, Amerikanyň hindilerine-de mahsusdyr. Täze daş eýýamynda haç ýeriň dört tarapyny aňladýan grafema bolupdyr. Onuň şu manysy bilen bagly täsin simwollary türkmen halylaryndan tapsa bolýar. Garaz, getirere mysal örän kän, olary özbaşyna kitap etse boljak. Biz ýokarky mysallary getirmek bilen halkymyzyň hakydasynyň juda gadymyýetden gözbaş alandygyna ünsi çekmekçi bolduk. Golaýda ýaş alym Sähetmyrat Muhammetberdiýewiň türkmenleriň haly ornamentlerindäki proporsiýalar hakyndaky makalasy bilen tanyşdym. Ol meselä matematik hem filosofik jähetden çemeleşip, biziň kellämize gelmedik hadysa, ýagny, proporsiýalary ylmyň kanunalaýyklyklary bilen derňäp, onuň aňyrsynda ýatan takyk ölçegleri açýar. Bu işde-de arifmetikadaky goşmak manysyny aňladýan atanagyň halylarda gabat gelýän şekilinden söz açylyp, onuň Günüň simwoly bolandygy tassyklanýar. Minus, ýagny, aýyrmak alamaty Aýa ýöňkelýär. Goşmak – Gün, aýyrmak – Aý. Gün – gündiz, Aý – gije. Gündiz goşýar, gije aýyrýar. Ýaş alymyň bu makalasyny türkmen ornamentlerini, nagyşlaryny öwrenmekde çynlakaý ylmy çemeleşmäniň oňaýly başlangyjy diýip bilýärin. Türkmen halylarynyň dünýä meşhurlygy bu gün hiç kimi geň galdyranok. Baryp-ha on bäşinji asyrda onuň Ýewropa korollarynyň köşklerine ýetendigini bir faktyň üsti bilen aýdyp biljek. Italiýanyň Galkynyş döwrüniň atly hudožnikleriniň biri bolan Bernardino Pinturikkonyň 1458-nji ýylda Piý II ady bilen Rim papalygyna saýlanan görnükli ynsanperwer Eneý Silwiniň Şotlandiýanyň korolynyň ýanyna barşyny görkezýän freskasy Siýen soboryna bezeg berýär. Korolyň belent tagtyndan aşak gaýdýan basgançaklara düşelen haly türkmenleriňki. Halynyň ortasyna üç sany uly göl çitilen. “Gorkut ata” eposynyň diliniň obrazlylyga, wakalaryň gysgadan çeper suratlandyrylyşy hakynda oýlanyp otyrkam halylarymyzyň nepisligini hakydama getirýän, bu ýerde hiç hili tötänlik ýok. Olar biri-birine mynasyp, ikisi-de kämil, gutarnykly. Eposyň her jümlesinde halynyň çitimlerine kybapdaşlyk bar. Şu jümlä üns beriň: “Tozan ýakynlaşdy, gün kimin şöhlelendi, deňiz kimin ýaýkandy, tokaý kimin garaldy. 16 müň duşman atlysy gelip ýetdi.” Bu jümläniň öwüşgininden, täsirinden soň halydaky äleme, goçaklara, hantoza, erikgüle, göle seredýän. Bularyň diňe owadanlyk üçin tapylan bimany nagyşlar däldigine düşünýän. Bular tebigatyň adam duýgulary siňdirlen, beýik sungat derejesine göterlen obrazlary. Ikinji tarapdan, bular nesilleriň çeper nusga öwrülen hakydasy. Oňa ymykly düşünmezden, ony döreden halka akyl ýetirdim diýmek bolmaz. Täsin syrlary açýançak bizem öz halkymyzy bilýändigimize ynam edip bilmeris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |